22:32 Hekaýatlar ýygyndysy: Kyýanlylar - Keýkubat | |
KYÝANLYLAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
KEÝKUBAT Tahmasbyň döwletiniň ody öçensoň, Keýkubadyň döwletiniň şemaly öwüsýär. Onuň kämil ukyplylygy we gözel asyllylygy şeýle bir ýokary derejede bolup, dil ony taryplamakdan kem gelip, pähim-paýhas onuň beýiklik mertebesini wasp etmegi başarmandyr. Ol adalatlylyk düşegini düşäp, adamlara rahatlyk saýasyndan ýer berýär. Afrasyýap Tahmasbyň wepat bolandygy baradaky habary eşidensoň, öz ýörelgesini gaýtalaýar we ýene bir gezek Eýran welaýatyna çozmagy ýüregine düwýär. Ol şeýle bir köp leşger taýýarlapdyr welin, jahan sahnasy bu leşgeriň ulaglaryndan darygyp, onuň ýyndam atlarynyň aýaklarynyň tozanlaryndan ýaňa howada güneşiň öňüne perde tutulypdyr. Onuň hüjüm etjekdigi baradaky habar Keýkubada baryp ýetende, ol leşger jemläp, raýaty çagyrýar. Onuň gelýändigi baradaky habar Zal we Sama hem baryp ýetýär. Olar gaty ynjaýarlar. Zal Zabulyň, Kabulyň we Hindistanyň emirlerini we pälwanlaryny jemläp şeýle diýýär: – Afrasyýabyň pitnesi ýene-de täzelendi. Ol ýene bir gezek zulum ýoluny we jebir-sütem ýörelgesini ulandy, meý-danda topalaňçylyk ulagyny sürdi. Biz özümizi Keýkubadyň belasyna galkan edip, bu pitnäni dep etmegimiz gerek. Men indi garrapdyryn, emma meniň Rüstem atly oglum edermen we gaýduwsyzdyr. Her bir at ony göterip bilmeýär. Meniň mynasyp atym ýok. Eger siziň içiňizde biriňiziň oňa mynasyp aty bar bolsa, onda merhemet edip, aty ogluma bagyş etsin. Şonda men ondan minnetdar bolaryn. Olaryň ählisi şeýle diýýärler: – Jan, mal we atymyz onuň pidasy bolsun, biz ähli zadymyzy oňa hödürläris. Şeýlelikde, Hindistanyň uzak ýerlerinden tä, Zabulyň çäklerine çenli ýerlerden elli müň töweregi at getirip, Rüsteme hödürleýärler. Ol hiç bir aty saýlamaýar. Ahyrynda bir baýtaly ýanyndaky tulpar taýçanagy bilen onuň öňünden geçirýärler. Rüstemiň gözi şol taýy görüp açylýar, ýüregi güýçli joşup, şeýle diýýär: – Şol taý kimiňki? Getiriň göreýin. Olar taýy onuň ýanyna getirip: – Bu taýy seniň adyň bilen atlandyrýarlar we oňa «Rüstemiň Rahşy» diýýärler. Häzire çenli hiç kime el beren däldir we hiç bir baş öwredijiniň eli onuň arkasyna degen däldir – diýdiler. Rüstem: – Ine, şu meniň atym – diýýär. Soňra kement salyp, ony tutýar we onuň ýanyna baryp, elini arkasynda goýýar we oňa erkin daraşyp başlaýar. Rüstem şatlanyp, onuň arkasyna eýer oklaýar we atyň üstüne münýär. Şeýdip, leşger bilen bilelikde Keýkubadyň huzuryna barýarlar. Keýkubadyň gözi Rüstemiň jemalyna düşende, onuň berdaşlylygyndan we kämilliginden ýaňa haýrana galýar. Beýt Don egninde, serwi diýersiň boýy, Jyga başynda, ýüzi ýatladar aýy, Hem Aý, hem serwi, ýöne beýle däl, Aý-ha jyga geýmez, serwi geýmez don. Keýkubat Rüsteme gowy sylag-hormat edýär we ony özüne ýakynlaşdyrmakda we tagşetmekde hiç bir zady hem elden bermeýär. Olar birnäçe gün şol ýerde mesgen tutýarlar. Afrasyýap leşger bilen gelip ýetýär we olaryň golaýynda leşgergäh gurýar. Garpyşyk we jeň güni hatarlary düzýärler. Afrasyýap leşgeriniň merkezinde durýar. Rüstem oňa: – Afrasyýaby maňa görkeziň. Meniň gözüm oňa düşdügi ol meniň elimden sypyp bilmez – diýýär. Haçanda naýzalar naýzalar bilen garpyşyp, leşgerler biri-birleri bilen çaknyşanda, Rüstem ýalyn-ot kimin hüjüm edip, ýel deýin Afrasyýabyň yzyndan eňýärdi, peleň kimin arlaýardy. Ýöne gözüni Afrasyýapdan aýyrmaýardy. Ol birnäçe adamy atdan agdaryp, Afrasyýabyň ýanyna ýetýär. Afrasyýap gaçmakdan başga çäre tapman, gaçyp başlaýar. Rüstem hüjüm edip, onuň yzyndan ýetýär we atdan agdaryp, boýnuna kement salyp, süýräp başlaýar. Eýran leşgeri Rüstemi gutlamaga gelýärler. Rüstemiň ünsüni Eýran leşgerine berip, gyzygan wagty Afrasyýap hilegärlik bilen ýüpüň daňysyny çözüp, öldürilenleriň birini oňa daňýar we özi gaçyp, leşgergähine ýetýär. Rüstem şol ölini süýräp, Keýkubadyň ýanyna getirýär. Ol getiren adamynyň Afrasyýap däldigini bilip utanýar. Keýkubat onuň ýüzünde utanç alamatlaryny görüp, oňa şeýle diýýär: – Bu günki ýeňiş we üstünlik seniň gujur-gaýratyň, edermenligiň sebäpli boldy. Eger Menuçehr agalaryna garşy söweşmedik bolsa, beýle müňlerçe pitne emele gelmezdi. Belki, onuň seniň eliňde öldürilmezligi maslahatdyr. Onuň özüni tanap, öz çägini biläýmegi ähtimal. Rüstem edep bilen boýun egip: – Bu meniň ýaşlygym we kem tejribeliligim zerarly boldy. Mundan beýläk beýle kemçilik bolmaz – diýýär. Afrasyýap şol gije ýeňlip, Jeýhundan geçýär we Mawerannahra barýar. Soňra ol ýerden ilçi iberip, ylalaşyk teklip edýär. Ýene-de Peridunyň Tura welaýat berende bellenilen ilkinji çäkleri bilen çäklenýärler. Pitneler ýatýar, jahan parahatlaşýar we ýollarda erkin gatnawlar başlaýar. Hökümdarlyk Keýkubadyň ygtyýaryna geçýär, ýurdunyň ähli duşmanlary ondan ýeňilýärler. Onuň patyşalygyna ýüz ýyl bolanda, ol uly ogly Keýkowusy mirasdüşer belläp, özi ahyret älemine ýüzlenýär. Onuň durmuş gündeligini panylyk eli ýapýar. Beýt Zamananyň jebri, garry pelegiň öwrümi bolsa-da, Hem Keýkubadyň ýurdunyň ählisi ýele sowrulsa-da, Wezirleriň şasynyň tagtynda Nyzamylmülk galsyn, Ömrüň ahyryna çenli ähli halk oňa şat bolsun. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |