15:43 Hekaýatlar ýygyndysy: Kyýanlylar - Syýawuşyň hekaýaty | |
SYÝAWUŞYŇ HEKAÝATY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Aýtmaklaryna görä, Keýkowusyň Sudabadan başga bir aýalyndan akylly, parasatly we hüşgär ogly bolup, onuň ady Syýawuş eken. Ejesi çagany dogran wagty öz janyny ogluna bagyşlaýar we bu älem bilen hoşlaşýar. Ony terbiýelemäge adam bolmansoň, Keýkowus ony terbiýelemek üçin Rüsteme berýär. Rüstem oňa gözel ahlaklary we gowy häsiýetleri hem-de patyşalara laýyk ähli hünärleri iň gowy we gözel görnüşde öwredýär. Onuň jemaly we kemaly älem-jahana ýaýraýar. Onuň şan-şöhratynyň owazy Keýkowusyň gulagyna degýär. Atalyk mähremligi we pederlik mähri ony çagyrmaga sebäp we esas bolýar. Ol Syýawuşy getirmeklerini buýurýar. Rüstem aňrybaş hormat-sylag bilen ony Keýkowusyň huzuryna iberýär. Ol alyhezretiň huzuryna ýetensoň, kakasy onuň jemalyny görüp, hereketlerine we sypatyna aşyk bolýar we ony hormatlaýar. Bir adamyň ýa-da aýalyň gözi oňa düşse, yşk eli kalp öýünden sabyr eşigini çykarar eken. Onuň jemaly baradaky gürrüň Sudaba ýetýär we onda Syýawuşy görmek höwesi döreýär. Ol Keýkowusa şeýle diýýär: – Seniň ogluň Sistandan gaýdyp gelendigini hem-de onuň husny-jemalynyň, danalygynyň we mähremliginiň şeýle derejede bolup, älemde nakyla öwrülendigini eşitdim. Men onuň ejesi, meniň oňa bolan mähribanlygym güýçli. Ol perzendiň jemalyny görüp, oňa guwanasym gelýär. Men oňa enelik mährini görkezmek isleýärin. Eger rugsat berseň, men bir gün ony çagyraýyn. Ol bu patyşalygyň kämil derejesini görkezer. Keýkowusa bu söz ýaraýar we oňa rugsat berýär. Sudaba gaty täsin mejlis gurýar. Keýkowus ogluna ýüzlenip: – Bu gün biziň haremhanamyzyň eziz bikeleri seni görmek meýdanyna gadam goýmak isleýärler. Sen şol ýere barmaly – diýýär. Syýawuş bu işi halamaýan hem bolsa boýun bolmakdan başga çäre tapmaýar. Ol haremhana barýar. Sudaba onuň gelendigini eşidip, onuň öňünden çykýar. Ol ony ilkinji gezek gören badyna, keşbine göwün baglap, yşk dili bilen şeýle diýýär: Bagtly gün, bagtyýar men, çünki gülüstany gördüm, Janymy seçgi edeýin, rahaty jany gördüm. Gözellik desterhanyndan aýrylypdyr perdesi, Şol gören duzgabymdan ýüregimde şoryň ysy. Soňra Sudaba haremhanadaky gyzlary we Keýkowusyň perzentlerini, ýagny Syýawuşyň aýal doganlaryny ugradýar. Ol Syýawuşy oturdyp, gepiň tanapyny çöşläp başlaýar. Ol söz jümleleri we üm-yşaratlary bilen ýürek syrlaryny beýan edip başlaýar. Syýawuş onuň maksadyna düşünip, derhal turup gidýär. Sudaba Züleýha kimin şol wagtyň Ýusubynyň yzyndan ylgaýar we şeýle diýýär: Ýüregime rahat, sen ýanyma gelsene, Islegim seniňki deý goý, bolmasyn bolmasa, Ýanynda men deý dertliň – heser zaryň başynda, Sendigiňi bilýänçäm, gel, otur sen gaşymda. Syýawuş beýle işiň birinji gezek bolýandygyny, özüniň hem ondan utanýandygyny we heniz öňde pursatlaryň bardygyny bahana edýär. Soňra haremhanadan çykýar we Sudabany yşk söwdasynyň ataşynda goýýar. Ol haremhanadan çykansoň, Keýkowus girýär we Sudabadan: – Meniň bu oglumy neneňsi gördüň?! – diýip soraýar. Sudaba oňa: – Eger onuň seniň perzendiňdigini bilmeýän bolsamdym, onda jennet perişdesi ony behişt bagyndan getiripdir ýa-da gün belent asmandan ýere inipdir ýa-da aý peleklerden ýer düşegine düşüpdir diýip şeklenerdim. Emma Allatagala özüniň kämil pazly-keremi, enaýaty bilen bu deňsiz-taýsyz şany ähli jahan patyşalaryndan saýlady. Haktagalanyň ony beýgelden häsiýetleriniň biri bolsa şu mynasyp perzent bolup, onuň älemde deňi-taýy ýokdur. Men ol barada oýlanyp gördüm. Mende onuň halyny tertipleşdirmek barada pikir döredi. Eger patyşa ony maslahat bilse aýdaýyn – diýýär. Onda Keýkowus: – Seniň aýdýan zadyň hak bolar. Sen oňa degişli işlerde günäkär hasaplanmarsyň. Sebäbi sen onuň öweý enesisiň – diýýär. Sudaba: – Onuň ýüregi aram tapyp, göwni rahat bolar ýaly oňa bir ýar gerek. Men häzir jahanda hiç kimi oňa taý görmeýärin. Eger maslahat bilseňiz onuň döwleti düzgünleşip, ondan dünýä inen çaganyň iki tarapy, ata-enesi sahawatly bolar ýaly gyzlarymyzyň birini oňa nikalamaly – diýýär. Keýkowus bu pikiri halaýar. Şol wagt Sudaba: – Patyşa oňa haremhana girmegi buýursyn. Men oňa gyzlary ýekän-ýekän görkezip, olaryň artykmaçlyklaryny we kemçiliklerini beýan edeýin. Ol haýsyny islese şony alsyn – diýýär. Soňra Keýkowus Syýawuşa: – Meniň pikir-aladam seniň işiň üçin sarp edilýär we meniň yhlas-tagallam seniň işleriň düzgünleşmegi üçin harç edilýär. Men seniň jemalyňy görüp, şatlykdan paý alşym ýaly, seniň perzendiň jemalyny görüp, rahatlyk paýyny almak isleýärin. Bu gün jahanda öz gyzlarymdan, ýagny seniň doganlaryňdan başga saňa taý bolup biljek ýok. Olary seniň öňüňden geçirerler. Sen olardan haýsy birini halasaň, şony-da saňa bereris, şagalaňly toýdan şatlyk paýyny alarys – diýýär. Syýawuş bu işiň Sudabanyň mekiridigini we onuň bu iş bilen ony haremhana girizmek maksadynyň bardygyny aňýar. Şonuň üçin ol: – Men bir gul. Guluň ygtyýary ýok. Patyşa her kimi halasa şol halanylar – diýýär. Patyşa: – Seniň akyl-huşuňdan we parasatlygyňdan şeýle jogaba garaşsa bolar. Emma nikalaşmak ömürlik iş. Başgalaryň göwni bilen dost saýlap bolmaýşy ýaly, başgalaryň gözi bilen hem aýal isläp bolmaz – diýýär. Syýawuş haremhana gidýär. Sudaba onuň gelenini bilip, başyny gadam edip, onuň öňünde durýar we ony sylag-hormat bilen oturdýar. Soňra bezenen, beslenen gyzlary oňa görkezýär. Ol başyny aşak salyp oturan eken. Soňra Sudaba hyzmatkärlere ýüzlenip: – Siz aýrylyň, oglum sizden utanýar we gyzlaryň hünärleri we kemçilikleri barada sorap bilmeýär – diýýär. Şeýlelikde, hyzmatkärler we kesekiler çykyp gidýärler. Sudaba onuň ýanyna gelip, oňa: – Eger patyşa meniň gyzymy saňa berse neneňsi bolar? – diýýär. Syýawuş: – Ondan ýokarda-da döwlet bolarmy?! – diýýär. Şol wagt Sudaba: – Bularyň hemmesi bahana. Gepiň gysgasy şeýle. Meniň dil-u janym seniň yşkyň kemendine baglanan. Hiç ýagdaýda ondan halas bolmak mümkin däldir – diýýär. Beýt Seniň bilen janymy humara goýmak pikiri bardyr mende, Başyňy yra, eger-de meniňki dek pikir bar bolsa sende. Syýawuş: – Patyşa bu pikiri gowy görmez. Men kakamyň haremhanasyna hyýanat edýän erbet perzentlerden däldirin – diýip, daşary çykjak bolanda, Sudaba oňa aslyşyp: – Sen meniň syryma ägä bolanyňdan soň, indi men senden el çekmerin we seniň janyňa we ganyňa kast ederin – diýýär. Syýawuş: – Menden arkaýyn bol. Men hergiz seniň syryňy paş etmerin we seniň syryňy hiç kime aýtmaryn – diýýär. Ol Sudabanyň elinden sypyp, gapa barýar. Sudaba perýat edip, şeýle bir gygyrýar welin, Keýkowus onuň sesini eşidýär. Ol ýerinden turup, bu gykylygyň nämedigini bilmek üçin adam iberýär. Ilçi Sudabanyň ýanyna gelip, bolan wakany soraýar. Sudaba oňa garap: – Ol betpäl näkes maňa kast etdi we kakasynyň harem-hanasynda erbetlik etdi – diýip, jogap berýär. Ilçi baryp, bu sözi patyşa aýdýar. Patyşa Syýawuşy ýanyna çagyryp: – Maňa sen barada ýürege ýakmajak gürrüň aýtdylar. Men seniň başda haremhana gitmegi islemeýändigiňi we ýigrenç bilen gidendigiňi bilýärin. Indi saňa şeýle töhmet atypdyrlar. Eger ýöňkelýän töhmet çyn bolsa boýun almak almazlykdan gowrakdyr. Eger çyn bolmasa, onda meniň bilmegim üçin hakykaty beýan et – diýýär. Syýawuş bu wakany bolşy ýaly beýan edýär. Patyşa oňa ynanýar we aýalynyň aýdanyna üns bermeýär. Sudaba bir hyzmatkäre iki hamyla aýaly tapyp, olaryň çagalaryny düşürmegi we gizlinlikde oňa getirip bermeklerini buýurýar. Hyzmatkär şol gijede onuň buýrugyny bitirýär. Iki sany dört aýlyk çagany düşürip, gije oňa gowşurýarlar. Sudaba gijesine ýene-de perýat edip, arlap, şol iki çagany öz eşiginiň arasyndan çykarýar we: – Indi Syýawuşyň maňa uran zarby şeýle netije berdi we meni şeýle renje duçar etdi. Ol patyşadan bolan iki çagany düşürdi we heläk etdi – diýýär. Kenizleriň ählisi bu ýagdaýy görüp, perýat edýärler. Keýkowus ukudan oýanyp, Sudabanyň ýanyna gelýär we ony şeýle halda görýär. Ol çagalary altyn legende goýýarlar we Sudabanyň eşigini gana bulaşan halda görkezýärler. Keýkowusyň ýüreginde ogly barada şek peýda bolýar we güman ynamdan üstün çykýar. Ol müneçjimleri we bilgiçleri çagyryp, çagalary olara görkezýär we olara çagalar barada maglumat bermeklerini, olaryň täleýini çykarmaklaryny we başardyklaryndan olaryň halyny aýan etmeklerini buýurýar. Olar ätiýaçlyk bilen bu çagalaryň Keýkowusdan we Sudabadan däldigini aýdýarlar we olaryň haýsy aýaldandygyny çak bilen aýdýarlar. Olaryň göz öňüne tutýan aýalyny getirip, haýbat atmak we gorkuzmak bilen dogrusyny aýtmaga mejbur edýärler. Sudaba aglamaga durýar we: – Ilki maňa ynanmadyň, indi men şaýat getirip, çagalary saňa görkezenimden soň hem meniň sözümi tassyklamaýarsyň. Meniň bu kynçylyklarym diňe kakamy terk edip, jandan el üzüp, seniň bilen ugurdaş bolanym üçindir. Ol aýala onuň ýalan sözläp, Rüstemden gorkup şeýle zady boýun almagy üçin köp altyn-zer wada edilipdir. Hudaýtagala zulumy söýmeýär. Men özümiň hukugym batyl bolmaz ýaly, kakamyň ýanyna gidip, ondan öz hakymy talap etjek – diýýär. Keýkowusyň Sudaba haýpy gelip: «Meniň elimde näme bar, bu barada men näme edeýin?» diýip, oý-pikire batýar we öýüne gaýdýar. Soňra ylym eýelerini çagyryp, bo¬lan wakany ola¬ra beýan edýär. Olar: – Bu işde otdan başga hiç zat çözgütçi bolup bilmez. Bi-ziň maslahatymyza görä, sen güýçli ot ýakyp, olaryň ikisini hem oduň içinden geçirmeli. Şonda günäkär ýanar, bigünä bolsa halas bolar – diýýärler. Keýkowusyň olaryň eden yşaratyna görä, beren permanyna laýyklykda, uly ot ýakyp, onuň arasynda geçer ýaly ýol ýasaýarlar. Soňra Syýawuşa we Sudaba ýüzlenip: «Allatagala dogruçyly ýalançydan saýgarar ýaly şu ýoldan geçiň» diýýärler. Sudaba: – Men şaýat getirdim we çagalary görkezdim. Indi her kim meniň şaýadymy ret etjek bolsa, öz delillerini getirsin – diýýär. Keýkowus ogluna: – Eger günä iş eden bolsaň ýalkaw dilemek haýyrlydyr. Biz ikimiz hem masgara bolarys, bu ar kyýamata çenli bizden galar. Eger bigünä bolsaň, ýürek karar tapyp, adamlar saňa dil uzatmaz ýaly delil getir – diýýär. Syýawuş: – Allatagala günäkäri, bigünäni we ýagşy-ýamany gowy bilýär. Eger men günäkär bolsam, onuň şumlugy maňa ýeter. Eger men bu günäden päk bolsam, dogruçyllygym meniň gözegçim bolar – diýýär. Soňra Syýawuş gara ata münüp, ak don geýip, kakasyna tagzym edýär we asmana seredip: – Eý, gizlinlikleri we syrlary biliji, Sen meniň bu günäden päkdigimi bilýärsiň. Meniň bigünäligimi görkez we meni dogruçyllaryň delili et – diýýär. Ol şu sözleri aýdyp, atyna gamçy urýar we ony oda tarap sürýär. Oduň uçgunyndan özüne hiç hili zyýan ýetirmedik we dony tüsse zerarly garalmadyk halda oduň beýleki tarapyndan çykýar. Soňra Eziz we Beýik Hudaýa şükranalyk hökmünde sejde edip, kakasynyň ýanyna gelýär we öz ornunda oturýar. Kakasy ýerinden turup, onuň ýanyna gelýär we ony gujaklap: – Allatagalanyň meni şeýle perzent bilen hormatlany üçin oňa haýsy dil bilen şükür etjegimi bilemok – diýýär. Soňra ol Sudabany jezalandyrmak isleýär. Emma Syýawuşyň araçy bolmagy bilen, ol betpäliň janyny almakdan geçýär. Syýawuşyň dogruçyllygy sebäpli, oduň uçguny oňa zeper ýetirmedi. Bu bolsa ýakyjy oduň, «ýaşaýşy düzüji» suwuň, öwsüp duran ýeliň we berk topragyň Beýik we Päk Ýaradyjynyň permany we takdyry bilendigini aňladýar. Eger ol höküm etse, olaryň her haýsysyny öz amalyndan boşadýar we biri-birlerine meşgul edýär. Ot-ataş ýakýandyr, örän gorkuly, Emma Ybraýymy ýakyp bilmedi. Suw hem howply, bilýär ahyr gark edip, Ýöne, Musaň kowmy heläk bolmady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |