08:52 Hekaýatlar ýygyndysy: Rüstemiň dogluşy | |
RÜSTEMIŇ DOGLUŞY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Birnäçe wagt geçensoň, Rudaba bilen Zaldan bir oglan dünýä inýär. Ol oglan ýöne bir oglan bolman, belki bir lowurdap duran aýdy, ol diňe bir begzada bolman, eýsem bir şirzadady. Onuň adyna Rüstem goýýarlar we ony terbiýeläp başlaýarlar. Ululyk we merdanalyk alamatlary onuň alnynda görnüp durdy. Şygyr Sallançakda atasynyň bagty hakda aýdýar ol, Asylzadalyk keşbin has-da äşgär edýär ol. Onuň dünýä ineninden birnäçe wagt geçip, gözellik aýy kiçilik halkasyndan çykyp, gunça gül bolup, çaga ýigitlige ýetensoň, Sam gözüni onuň jemaly bilen röwşen edip, agtygynyň ýüzüne seredip, ähli gaýgy-gamyny ýüreginden aýyrmak üçin Hindistandan Sistana barýar. Sam ony görüp, onuň jemalyna ýetenine begenip: – Gözellik aýynyň asmanda günüň batan wagtynda görnüşi ýaly, bossanda güller açylyp nerkes gülüniň solan wagty ýaly, indi biziň nobatymyz geçdi we siziň döwrüňiz gelip ýetdi – diýýär. Şeýdip, Sam ogly we agtygy bilen hoşlaşyp, Hindistana dolanýar. Menuçehriň patyşalyk edip başlanyna ýüz ýigrimi ýyl bolandan soňra, ýurduň daş-töwereginde bulaşyklyk emele gelip, işler kada-kanunyndan çykýar. Menuçehr ogly Nowzeri oruntutar edip bellemegi makul bilýär we ony tagta geçirýär. Soňra her hili kesellere we syrkawlyklara duçar bolýar we ahyrynda bu dünýä bilen hoşlaşýar. Nowzer patyşa bolýar. Menuçehr gidensoň, pitneler oýanyp başlaýar. Afrasyýap güýçli goşun we sansyz leşger bilen onuň ýurdunyň çar tarapyna gowga salýar we perişanlyk döredýär. Taryhçylaryň arasynda Afrasyýabyň Eýran ülkesinden bir ýeri basyp alandygy ýa-da almandygy barada dürli gapma-garşylykly pikirler bar. Bu babatda dürli-dürli gürrüňler köpdür. Emma Abu Mansur Sagalyby «Gurar we siýär» («Saýlantgylar we başdan geçirmeler») atly eserinde ýazan bu rowaýaty dürs maglumatlaryň biridir. • NOWZER Menuçehr özüni toprak perdesi bilen örtüp, ogly Nowzer kakasynyň ýerini alansoň, pitneler köpelýär. Edil gündiz gidip, gije gelen ýaly ýa-da saglyk gidip, syrkawlyk gelen ýaly bolupdyr. Afrasyýabyň döwletiniň şemaly öwsüp, azamaty we haýbaty eýranlylarda kynçylyk döredipdir. Goşun Nowzer bilen ylalaşman, onuň huzuryndaky pälwanlar ondan ýüz öwrüpdirler. Ahyrynda Nowzer Sama hat ýazyp, ondan medet soraýar we onuň edermenligine bil baglaýar. Sam onuň huzuryna howlugyp, ähdine wepaly bolup, Menuçehriň ýagşylygynyň şükranasyny onuň perzendine kömek etmekde görýär. Onuň gelip ýetdi diýen habary Nowzere ýetensoň, leşgeriň ählisi Samyň öňünden çykyp, hyzmat borçlaryny ýerine ýetirýärler. Sam agzalalyk döredip, wepalylygy saklamaýandyklary üçin olara käýinýär. Olar Nowzeriň işleri pes alyp barýandygyny, laýyk dälleri götergiläp, abraýlylary peseld-ýändigini, hiç işde oýlanmaýandygyny we patyşalyk işlerinde parasatlylyk görkezmeýändigini ýatlap, ondan arza-şikaýat edýärler we erbet düzgünlerini ýatlaýarlar. Olar şeýle diýýärler: – Biz onuň pederleriniň hormatyna şu wagta çenli tabyn bolduk, ýogsa ol şalyga mynasyp däl. Sen patyşalyk işinde ökde. Biziň ählimiz saňa tabyn we boýun bolmagy, saňa tabyn bolmak guşagyny guşamagy we seniň bilen soňky demimize çenli ähdi-peýman baglaşmagy maslahat bilýäris. Patyşalyk täji saňa ýetýär. Patyşalyk täjini başyňa geý, şonda saňa boýun bolup bilimizi mäkäm guşap, duşmany ýok etmek üçin elde baryny ederis. Nowzeri durmuşyny maksatmyradyna görä geçirip, aýşy-eşret bilen ýaşar ýaly owadan we şady-horram ýere iberip, islän zadyny ygtyýarynda goýmak gerek. Şeýtsek, patyşalyk we döwlet seniň hemaýatyň saýasynda aman galar, Afrasyýap maksadyna ýetmez, biziň aýal-çagalarymyz ýesir düşmez. Sam bu gürrüňleri eşidip, howsala düşýär we: – Siziň aýdýan zatlaryňyz gowy, emma ony düzetmäge we ýola salmaga çalyşmak gerek. Sebäbi öňküler: «Zaýalanan zady zyňyp goýberip, ony ýok etmek akyla we parasata bap gelmeýär, emma zaýalanan zady gowy çäre bilen düzetmek akyla we parasata laýyk gelýär!» diýip aýdypdyrlar. Biziň oňa käýinip, ýaramaz işlerini aýan edip, iş gören we tejribeli ýaşululary hyzmatynda goýup, oňa mähribanlyk we süýji söz bilen nesihat bermegimiz gerek. Şeýtsek, belki Allatagala ony ýola salyp, bize rehmet eder – diýýär. Şeýdip, Sam Nowzeriň hyzmatyna barýar. Nowzer oňa tagzym etmek şertlerini berjaý edip, ony özi bilen tagtda oturdýar. Onuň ýaşululyk hakyny we hormatyny saklaýar. Samyň haýbaty we saýasy az wagtlap onuň üstünde bolansoň, işleri gowulaşyp, kemçilikleri düzelip, patyşalyk işleri tertibe girýär we ýurt Menuçehriň hem-de Peridunyň eýýamynyň şuglasy gaýdyp gelen derejede ösýär. Emma asmandan höküm edilişi ýaly, ynsanyň zähmeti peýda bermeýär. Sam Sistandaky wakalar üçin gamlanyp başlaýar. Şeýdip, mejburlykdan dessur alyp, şol sebite ugraýar. Ol giden badyna ýene-de patyşalyk işi doly perişanlyga düşüp, onuň döwletiniň güneşi batýar. Afrasyýap böwsüji goşun bilen Eýranşähre ýüzlenýär we bu ýeri weýran edýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |