01:56 Hekaýatlar ýygyndysy: Syýawuş we Afrasyýap | |
SYÝAWUŞ WE AFRASYÝAP
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Syýawuşy päkligini bilmek üçin otdan geçirensoňlar, Afrasyýabyň Eýrana tarap söweşe gelendigi we onuň birnäçe müň atly toplap, Balhy basyp alandygy baradaky habar gelip ýetýär. Keýkowusyň özi bu pitnäni dep etmek üçin ýola düşmek isleýär. Emma Syýawuş töhmet zerarly gamgyn we perişan bolandygy hem-de şanyň ýüreginden bu pikiriň aýrylmagy üçin kakasyndan özüni bu işe bellemegini soraýar. Keýkowus onuň haýyşyny kabul edýär we oňa: – Leşger we hazynadan näme gerek bolsa bererler – diýýär. Soňra Syýawuş oňa: – Rüstem goşunyň arkadagy we leşgeriň ýüzi hasaplanýandygy üçin ony ýoldaş tutunmakdan başga çäre ýok. Şonuň ýaly-da, meniň güýjüme güýç goşulyp, şonuň bereketi bilen bu işi amala aşyrar ýaly maňa käwiýanlylaryň baýdagy gerek – diýýär. Şa onuň islegini berjaý edýär we oňa Sistan ýolundan gi-dip, Rüstemi özi bilen alyp gitmäge rugsat berýär. Syýawuş batyr edermenlerden we meşhur gahrymanlardan on iki müň atlyny we on iki müň pyýadany saýlap alyp, Sistana ugraýar. Rüstem ony garşylamaga çykýar we hormat goýmak, tagzym etmek şertlerini berjaý edýär. Ol kyrk günläp, Sistanda saklanýar. Soňra ol ýerden Talykan şäheriniň üsti bilen Balha gidýär. Şol wagt Afrasyýabyň dogany Gersiwez Balhda eken. Ol leşgeriň gelip ýetendigi baradaky habary eşidip, olaryň garşysynda durup bilmejegini bilip, gaçmagy makul bilýär. Ol Termizde Jeýhunyň üstünden geçip, Afrasyýaba goşulýar. Afrasyýap oňa: «Näme üçin uruşman gaçdyň we duşmany görmän oňa ýeňsäňi görkezdiň» diýip käýeýär. Şonda Gersiwez oňa: – Rüstemiň we Syýawuşyň güýjüni we haýbatyny bilendigim üçin sebäpsiz özümi bela meýdanyna we leşgeri panylyk oýnuna ibermäýin diýdim – diýýär. Şeýlelikde, Afrasyýap onuň günäsini geçip, goşun toplamaga durýar. Afrasyýap bir gije Zahhagyň gören düýşi ýaly düýş görüp, diýseň gorkýar. Ertesi düýşüni beýan edýär we doganyndan: – Näme etmeli, bu işi nähili çözmeli we bu düýşi nädip ýormaly? – diýip soraýar. Gersiwez oňa garap: – Bu gorkuly düýş. Emma düýşüň birnäçe ýorgudy bar diýipdirler. Onuň haýyr getirmegi hem mümkin. Indi biziň olar bilen ýaraşyp, ylalaşmagymyz gerek. Şonda duşman biziň ýurdumyzdan el çeker – diýýär. Afrasyýap bu pikiri halaýar. Ol Syýawuşy we Rüstemi mertebelilik bilen ýatlap, ylalaşyk sözlerini aýdyp hat ýazýar we ony adatdan daşary sylag-serpaý bilen bilelikde Gersiwezden iberýär. Gersiwez Eýran leşgerine gelip ýetýär. Ony atdan düşürýärler we onuň getiren sylag-serpaýlaryny görüp: – Ýaraşygy ret edip we ylalaşyk ýolundan daşlaşyp bolmaz – diýýärler. Olar bilelikde şeýle hat ýazýarlar: «Eger Eýranyň welaýatlaryndan alan ýerleriňi yzyna berseň, weýran eden ýerleriňi abadanlaşdyrsaň we belli ýakyn-garyndaşlaryňdan ýüz adamy biziň ygtyýarymyzda girew goýsaň biz ýaraşyk ederis. Eger şeýle karara gelinse, ylalaşyga bil baglap bolar». Olar şeýdip Gersiwezi gaýtarýarlar. Afrasyýap olaryň hatyny görüp: – Ahyrynda ogul pul bilen aldandy – diýýär. Soňra ýüz adamy girew hökmünde olara iberýär we bellik edilen zatlary doly berjaý edýär. Şeýdip, äht we ýaraşyk pugtalanýar. Syýawuş Rüsteme: – Bu iş Keýkowusdan perman bolmazdan ýerine ýetirildi. Birden bizden ynjap, onuň bize bolan garaýşy üýtgäýmesin! Onuň huzuryna gidip, bolan zatlary beýan etmek gerek – diýýär. Rüstemiň özi alyhezretiň ýanyna barýar. Afrasyýabyň iberen köp sowgat we pullaryny görkezýär. Ol Keýkowusa eden ýaraşyklary barada gürrüň berýär. Keýkowus onuň gür-rüňini eşidip, ýerinden turýar we gaty ynjap: – Ahyrynda Afrasyýabyň hilesi we mekirligi bilen aldandyňyz. Onuň mekirlik ýalyny täsir edipdir. Ol başlary bir sany gan alyjynyň muzduna hem ýaramaýan ýüz sany näbelli adamy girew hökmünde size iberipdir. Ol olaryň zähmet hakyny bermekden dynmak üçin size iberipdir. Siz aldanypsyňyz. Ulular öz işlerini çagalara tabşyrsalar şeýle bolýar. Şu wagt iş-işden geçipdir. Siz häziriň özünde gidip, meniň gylyçlarymy barlap görmegim üçin şol ýüz adamy meniň ýanyma ibermeli we leşger çekip, Turan ülkesiniň bir garyş ýerini hem goýman basyp alýançaňyz ýaraglaryňyzy gynyna salmaly däl. Ol ýurdy weýran et, olardan öňki ar-kinämizi al we olaryň milt edendikleriniň jogabyny ber – diýýär. Rüstem Keýkowusa garap: – Eý, patyşa, bize garşy söweşe başlamadyk bilen neneňsi söweşmek bolar?! Olar ýaraşyk gapysyny kakýan wagtlary biz nähili söweşiň gürrüňini edeli?! Biz ähdi-peýman baglaşdyk we bu işi berkitmek üçin girew aldyk. Afrasyýap biziň elimizde. Ähdi bozmagyň patyşalara we patyşalaryň hyzmatkärlerine mynasyp iş däldigini patyşa bilýändir. Eger Syýawuş bu buýrugy eşitse, gaty ynjar we işler perişanlyga düşer – diýýär. Keýkowus bu sözleri eşidip gaharlanýar we oňa: – Bu perişanlygyň seniň gapyllygyň we perwaýsyzlygyň üçin bolandygyny men bilýärin. Ýogsa, bu iş beýle bolmazdy – diýýär. Rüstem oňa: – Men haýsy zat gowy bolsa şony aýtdym. Eger patyşa bu işe özdiýenli çemeleşjek bolsa, onda bu permany başga bir adamyň üsti bilen Syýawuşa ýetirsin. Sebäbi men hergiz bu sözi oňa aýdyp bilmerin – diýýär. Onda Keýkowus: – Kabul edildi, sen bu ýerde biziň hyzmatymyzda bol. Jahan diňe bir adam arkaly abadan däldir. Eger sen bolmasaň, başgalar seniň işiňi ýerine ýetirerler – diýýär. Beýt Jahanda Hudaýdan enaýat bardyr, Eger Zeýt bolmasa, Amr taýýardyr . Keýkowus Tusy iberýär we Syýawuşa şeýle habar berýär: – Şol girew edip alnan topary maňa iber. Men bolsa olary öldüreýin. Soňra Türküstana gidip, ol sebitiň ähli ýerlerini weýran et. Eger bu permana boýun egmejek bolsaň leşgeri, hazynany we käwiýanlylar baýdagyny Tusa ber we özüň yzyňa dolan. Onsoň seniň eden işiň jezasy şu ýerde berler. Tus Balha ýetip, Keýkowusyň permanlaryny ýetirensoň Syýawuş ynjap: – Men äht etdim we Allanyň adyndan kasam içdim. Allatagalanyň permany maňa Keýkowusyňkydan rüstemdir. Men onuň malyny, hazynasyny hem-de leşgeri saňa bererin, emma girew alan jemagatymy saňa bermerin. Sebäbi olary saňa bersem, men sebäpli birnäçe adam öldüriler. Dünýäde we ahyretde bu günä meniň boýnumda galar – diýýär. Soňra ol leşgeri, hazynany we beýleki zatlary Tusa tabşyrýar we girewdäkileri Afrasyýaba iberip, oňa şeýle mazmunda hat ýazýar: «Kakam bilen meniň aramda sen sebäpli agzalalyk we terslik döredi. Ol eden işim üçin meni ynjytdy we menden leşgeri we hazynany alyp, başga birine tabşyrdy. Men aladaly. Men myradyma ýetmedik we duşman güldüren halda onuň ýanyna baryp bilmerin. Men bialaç bir çet ýere gitmeli. Men seniň öz eden ähdiňe wepaly boljagyňy ýa-da bolmajagyňy bilmeýärin. Eger sende şol äht-peýmanlara bolan wepalylygyň bar bolsa, onda maňa Türküstanyň üstünden Keşmire gitmegime rugsat berseň, saňa zyýan ýetmez. Men şol ýerde bir çet ýeri saýlap, Allatagalanyň hökümine garaşyp durmak isleýärin». Bu hat Afrasyýaba ýetende diýseň şatlanyp, özüni bagty açylan, bagtyýar hasaplap, döwlet ýaşulusy, ýurt weziri we ugur tapyjy maslahatçysy bolan Pirany çagyryp, bu mesele barada ondan pikir soraýar. Piran oňa: – Sen Syýawuşy sylamaly, ony özüňe ýakynlaşdyrmaly, bu üstünligiň gadryny bilmeli, oňa ýagşy jogap bermeli. Sen anyk bilgin, hiç bir ene Syýawuş ýaly oglan dogran däldir. Şol arkaly sende we seniň ahwalyňda köp oňatlyklar bolar we ony garşy almak bilen köp üstünliklere ýetersiň – diýýär. Şeýlelikde, Afrasyýap mähremlik we göwünlik bermek bilen hatyň jogabyny ýazýar. Ol hatynda şeýle setirleri ýazyp-dyr: «Eger sen Türküstana gelmegi höwes edýän bolsaň, biz ikimiz bir jan bilen ýaşaýan iki ten ýaly ýa-da bir garaýyş bilen seredýän iki göz ýaly bolarys hem-de meniň mülkdarlygym we ýerlerim seniň ygtyýaryňda bolar». Ol şeýle wadalar bilen kasam edýär. Bu hat Syýawuşa ýeten badyna, eglenmezden, Termiz suwundan geçip, ýola düşýär. Ol Mawerannahra ýetende, Piran ony garşylap, bezegli pilleri we zer esbaply ideg atlaryny peşgeş berip «Hoş geldiň» diýýär. Olar Samarkanda çenli ähli şäherleri bezäp, toý tutup, dürli merhemetleri edýärler. Şeýle şagalaňly ýagdaýda Afrasyýabyň ýaşaýan şäheri bolan Gang şäherine ýetýärler. Afrasyýap köşgünden çykyp, pyýada Syýawuşyň öňünden çykýar. Syýawuş ony pyýada halda görüp, özi hem atdan düşýär we Afrasyýaba tagzym edýär. Afrasyýap ony gujaklap, hal-ahwal soraşyp: – Öz öýüňe gelipsiň, batyrgaý bol, men seniň myhmanyň. Eger saňa päsgel berýän bolsam, onda bir çet ýere gidip, patyşalygy saňa tabşyraýyn – diýýär. Syýawuş oňa köp alkyşlar aýdýar. Syýawuşy behişti ýatladýan bir köşkde ýerleşdirip, oňa rahatlyk, erkinlik we aýşy-eşret esbaplaryny bagyşlaýarlar. Keýkowus eden işinden puşman edýär. Onuň işleri perişanlyga düşýär. Adamlar oňa käýinç dilini uzadýarlar. Rüstem hem ondan ynjapdyr, Syýawuşdan aýrylany üçin gam-gussa çekip, älem-jahan gözüne garaňky bolup, aýralykdan ýaňa günler ýyla dönüpdir: Ömrüme aýralyk ýüz berdi indi, Sensiz gijäm ýyldan uzak göründi. Syýawuş Afrasyýabyň hyzmatynda emin-erkin ýaşapdyr. Ahyrynda iş myhmançylykdan giýewlige ýetýär. Afrasyýap özüniň gyzlarynyň birini Syýawuşa bagyşlap, Çyn paýtagtyna ýetip duran ýerleriniň bir bölegini onuň ygtyýaryna berýär. Syýawuş şol ýeriň bir böleginde beýik-beýik ymaratlar galdyryp, ol ýeriň adyna Syýawuşabat goýýar. Soňra ol Turan welaýatynda hiç kimde bolmadyk bir köşk gurýar. Ol köşgüň bir tarapynda kakasynyň, Rüstemiň we Eýran döwletiniň sütünleriniň suratyny, beýleki tarapynda bolsa Afrasyýabyň, Gersiweziň, Piranyň we Turan döwletiniň sütünleriniň suratyny goýýar. Ol ýerde öz parasatyna görä düzgün, kada-kanun ýöredýär. Bularyň habary Afrasyýaba ýetýär. Afrasyýap görip adamdy. Şol sebäpli gazaba münüp, Syýawuşyň kemçiliklerini we ýalňyşlyklaryny yzarlap başlaýar. Duşmanlar ikiýüzlüligiň ösenligini we şugullygyň rowaç tapandygyny görüp, Afrasyýabyň töweregine üýşüp, her gün Syýawuşyň kemçiliklerini oňa beýan edip: «Seniň leşgeriňi özüne çekýär, olara köp baýlyk berýär, pitne turuzjak bolýar» diýer ekenler. Afrasyýap bu sözleriň käbirine ynanyp, bir toparyna ynanmandyr. Ol Syýawuşy barlap görmegi ýüregine düwýär. Şeýlelikde, ol Gersiwezi ilçi edip, Syýawuşyň ýanyna iberýär we mähribanlyk we mylaýymlyk bilen: – Biz seniň jemalyň arzuwynda. Eger sen merhemet edip, eý görýänleriň bilen biziň ýanymyza gelseň, seniň bilen bilelikde bolup hem-de seniň jemalyňy görüp, şatlansak gowy bolardy – diýmegi buýurýar. Gersiwez Syýawuşy duşman saýyp, hemişe oňa göriplik eder eken. Ol Syýawuşyň ýanyna gelip, onuň tagzym edişini we boýun bolşuny görüp, ony Afrasyýabyň ýanyna äkitse, özüniň hormatynyň peseljekdigine we Syýawuşy betnam etmek ugruna edýän mekir-hileleriniň we şugullyklarynyň puç boljakdygyna hem-de patyşanyň oňa hiç zat diýmejekdigine göz ýetirýär. Şoňa görä, ol Syýawuşa: – Bilgin, birtopar kişiler patyşanyň saňa bolan garaýşyny erbetleşdiripdirler. Häzir patyşa saňa gaharlanyp ýör. Eger häzir sen onuň ýanyna barsaň, birden onuň çäre tapyş eli gysga hökümi beräýmegi mümkin. Men seniň boýun egijiligiňi we yhlasyňy gördüm. Men senden öňden gidip, seniň patyşa şeýle yhlaslydygyňy gürrüň bereýin. Soňra sen gelseň gowy bolar – diýýär. Syýawuş onuň jadyly owsuny bilen duzaga düşýär we duşmanyň gepine aldanýar. Syýawuş ony gaýtaryp, özi şanyň rugsadyna garaşýar. Gersiwez Afrasyýabyň ýanyna ýetende, ol Syýawuş barada köp gybat edip, ony ýamanlap şeýle diýýär: – Eger bu işiň pikirini tiz etmeseň, iş elden gitmegi mümkin. Her kim duşmana ynam etse, oňa hiç tebibiň düzedip bilmejek ýarasy ýeter. Afrasyýap bu sözi dogry hasaplap, özi atlanýar we Syýawuşabada barýar. Onuň gelýändigi baradaky habar Syýawuşa ýetende, ony garşylamaga çykýar. Afrasyýabyň gözi Syýawuşa düşen badyna oňa azgyrylýar. Onuň buýrugyna görä, Syýawuşy atdan düşürip, başy açyk, aýagy ýalaňaç halda Afrasyýabyň ýanyna getirýärler. Syýawuş hernäçe ötünçler sorap, özüniň bigünädigini beýan etse-de, oňa üns berilmeýär. Ahyrynda ony çadyra eltip, Afrasyýabyň buýrugy boýunça ýatyryp, goýun kimin kellesini teninden jyda edýärler. Şygyr Saňa bolsun Hakyň baky salamy, Sahawata bagyşlasam senamy. Şalyk çarbagynda açylan güldi, Emma ömri gülden has gysga boldy. Afrasyýap eden işine ökünýär. Şol bada ýaramaz iş edendigine düşünýär we ol Gersiweze nälet okap: – Sen meni şeýle günä işe iterdiň, bu işiň soňunyň nähili boljagyny bilmeýärin – diýýär. Bu elhenç habar Eýranşähre ýetýär. Olar şeýle bir derejede ahy-nala edipdirler welin, olara asmanyň ýüregi awapdyr. Keýkowus ýas tutmaga oturýar we başyndan täjini aýryp, kellesine toprak seçýär. Rüstem zöwwe ýerinden turup, aýak ýalaň, baş açyk Keýkowusyň ýanyna barýar we: – Patyşalygyňa we bize müň duşmanyň edip bilmejek zadyny etdiň. Bu betgylyklaryň ählisi Sudaba we onuň bedasyllygy sebäpli boldy – diýip, rugsatsyz onuň haremhanasyna baryp, Sudabany daşary çykarýar we Keýkowusyň öňünde onuň kellesini kesýär. Keýkowus oňa böwet bolmaýar. Eýranlylaryň her biri ýürek awamakdandyr gam-gussasyndan ýaňa dil bilen düşündirip bolmajak işleri edipdirler. Şeýlelikde, Rüstem leşger toplap, Afrasyýaba garşy sö-weşmek üçin ýola düşýär we Syýawuşyň aryny almak ugrunda guşagyny biline berk guşaýar. Afrasyýap hem olaryň öňünden çykýar. Olar uruş esbaplaryny taýýarlaýarlar. Urşuň birinji güni Afrasyýap öz ogly Surhany üpjün leşger bilen olara garşy iberýär. Rüstem ilkinji hüjümde onuň oglu-ny agdaryp, leşgeriň köpüsini ýere ýazýar. Urşuň ikinji güni Afrasyýabyň özi urşa girýär. Haçanda uruş degirmeni aýlanyp başlanda, söweş tamdyry tutaşyp, ajal ilçisi atylyp duran peýkamyň ujy bilen ölüm habaryny adamlara ýetirip, mawy gylyjyň ýalkymyndan suw oduň uçguny ýaly bolup görnüpdir, ýer adamlaryň ganyndan ýaňa gülgün lybas geýnipdir, gylyçdyr naýzalar akyl deýin esgerleriň beýnisinde ornaşypdyr. Olaryň oklarynyň uçar guşy ýaýyň gysymyndan sypyp, uçup gidýärdiler. Afrasyýap duşmanyň güýjüni we leşgeriniň gowşaklygyny görüp, öz zulumynyň jezasyny tapýar hem-de nämyratlyk eli bilen uruşdan jylawyny sowup gaçýar. Ol gaharjaň şiriň sesinden ürken sugun ýaly gaçýardy, uruşdan yza çekilende, ýel kimin toprak düşelgelerinden geçýärdi, Rüstemiň okunyň haýbatyndan keýik deý iki ýana bökýärdi, hyýalynda ömür kesjek gylyçdan gorkusyna ýylan ýaly her hine sümýärdi. Rüstem eli aždarhaly we asty läheňli halda onuň yzyndan kowýardy. Şeýdip, Gang Behişte çenli kowalaşyp gidýärler. Afrasyýap Çyna gaçýar. Olar onuň paýtagtyny talap, hazynalaryny alyp, esgerlerini gyryp, mülkdarlara we garyp-biçärelere mähremlik we mähribanlyk görkezýärler. Rüstem Keýkowusyň hem ýürekde, hem tende ejizdigini bilip, pitne döräp, perişanlyk köpeläýmesin diýip, mejburlykdan yza dolanýar we hazynalaryň hemmesini Keýkowusyň ýanyna eltýär. Afrasyýap ähdi bozmagyň ýaramaz kötegini iýýär we wadada durmazlygyň jezasyny dadýar. Bu hekaýat akylly adamlara duýduryşdyr, ýagny adamlar wadalaryna we ähtlerine wepaly bolup, şony ýörelge etmelidirler. Eger wepalylyk ýolundan daş düşseler, şol günäleri zerarly jezalandyrylýandyr. Beýt Bakma işin ökde alyp barşyna, Seret onuň öz ähtinde durşuna. Eger dursa adam eden ähtinde, Çakyňdan belentdir, duýarsyň şonda. _______________________________ 1). Bu ýerdäki söz düzüminiň manysy « Sen bolmasaň senemjan» diýen aýtgy bilen gabat gelýär. 2). Gadymy döwürde köp şäherler şu at bilen tanalypdyr: 1. Zahhagyň Babyl şäherinde gurduran bir galasynyň ady. 2. Daşkent şäheriniň ady, oňa Çäç hem diýlipdir. 3. Beýtil-mukaddes, Iýerusalim. 4. Pehlewi kitaplaryna görä, Gang şäheri ýa-da Gang Behişt gadymy Eýranyň gündogar serhedindäki daglyklarda ýerleşipdir. «Bündehiş» kitabynda: «Gang şäheri Horasan sebitinde Ferahkert deňzinden birnäçe parsahlykda ýerleşýär» diýilýär. Gang şäherini käbirleri Buhara ýa-da Horezm hem diýip çaklaýarlar. Käbirleri bolsa ony Samarkant diýip hasaplaýarlar hem-de «Gadymy Hytaý dilinde Samarkanda «Keheng» diýipdirler» diýýärler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |