15:40 Hekaýatlar ýygyndysy: Zal-Dessan | |
ZAL-DESSAN
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ajamlylar bu barada akyla sygmajak hem-de kabul ederlikli ýörelgeden we endik edilen röwüşden daş bolan bir hekaýaty aýdýarlar. Bu hekaýatyň meşhurlygy hem-de «Şanamadyr» beýleki kitaplarda rowaýat edilendigi üçin ony aýtmaklykdan başga çäre ýok. Aýtmaklaryna görä, Symrug ol oglany öz höwürtgesine äkidip, jüýjeleri bilen bilelikde terbiýeläpdir. Ol ýedi ýaşyna ýetende, Sam ony düýşünde görýär. Düýşünde bir adam Sama: «Seniň ogluň diri we pylan ýerde» diýýär. Ol oýanyp, oglunyň gözlegine çykýar, düýşünde görkezilen ýere barýar. Symrug onuň çaganyň kakasydygyny bilip, ony kakasyna berýär we öz teniniň ýeleklerinden birnäçesini ýolup: – Eger seniň işiň şowuna bolmasa, şu ýelegi oda taşlap köýdür, şonda men saňa kömege gelip, seniň hakyňy alyp bererin – diýýär. Bu gürrüň akyldan diýseň daş, ýalana ýakyndyr. Emma meşhur bolany üçin getirildi. Kepilligi rowaýat edeniň boýnunadyr. Oglanyň adyna Dessan goýýarlar. Sam bu çagany maşgalasynyň arasyna getirýär. Kän wagt geçmänkä, ululyk alamatlary oglanyň alnynda äşgär bolup, onuň merdanadygy we parasatlydygy baradaky habarlar älem-jahana ýaýraýar. Menuçehr bu haldan habar tapyp, Sama gutlag hatyny iberýär we: «Biziň synlamagymyz bilen bagt tapyp, terbiýämiziň yzzat-hormatyna eýe bolar ýaly, meniň ýanyma geleňde, perzendini hem alyp gelgin» diýýär. Sam Menuçehriň ýanyna oňa hormat we tagzym etmek üçin barmagy ýüregine düwýär. Ol Zaly hem özi bilen äkidýär. Sam ýaş we bagtly Zal bilen Menuçehriň ýanyna baranda, Zal patyşalara laýyk hyzmat şertlerini berjaý edýär. Menuçehr onuň görmegeýligini, berdaşlydygyny, mylaýym keşplidigini, hereketleriniň ýerliklidigini we sözleriniň jaýdardygyny görüp, haýrana galýar. Ony öz tarapyna çekmek, hormatlamak hem-de sylag-serpaý etmek üçin hiç hili kemkärlik etmeýär. Beýik patyşalaryň adatlarynyň biri bendelerine sylag-serpaý bermekdir. Olar bu işleri bilen ony göz-gulak boluş sallançagynda üns beriş süýdi bilen şeýle bir idedýärler welin, Dessan süýdüň täsiri bilen wepalylykda jandan geçmäge we ýaýdanmazdan jan bermäge razy bolýar. Şeýlelikde, Menuçehr müneçjimlerden onuň dogluş täleýini bilip, oňa degişli hökümleri çykarmaklaryny talap edýär. Hekimleriň we akyldarlaryň her haýsysy çola ýer saýlap, gyra çekilýärler we aşakdaky täleýi çykarýarlar: «Bu çaganyň güýçli täleýi we geň bagty bar. Ol bu nesilşalygyň duşmanlaryny ýok etmekde we garşydaşlaryny dargatmakda janyny gaýgyrmaz, ýatda galyjy meşhur işleri amala aşyrar». Soňra Menuçehr oňa gymmatbaha sylaglar berýär. Sam Zal bilen welaýatyna dolanýar. Birnäçe wagtdan soň Sam Hindistana sapar etmeli bolýar. Ol Zaly oruntutary edip, ony ýurt dolandyryş tagtyna geçirýär. Ähli hazynalaryň açaryny ogluna tabşyryp, çözmekdir baglamak, çäklendirmekdir ýaýbaňlandyrmak işlerini ygtyýarynda goýup, halka hyzmat etmegi, adalatlylygy ýöredip, ýagşylygy ösdürmegi wesýet edýär. Ol gidensoň Zal ömrüniň pursatlaryny her hili hezilliklere we lezzetliklere paýlap, patyşalyk işlerinden boşansoň, şerap içmäge we aw awlamaga meşgul bolar eken. _____________________________ Ol oglanyň hakyky ady Dessan bolsa-da, soňra ol saçynyň alalygy üçin «Zal» diýen at bilen tanalypdyr. Pars dilinde zal diýmek «garry, ýaşuly» diýen manylary aňladýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |