22:32 Hekaýatlar ýygyndysy: Zal we Rudaba | |
ZAL WE RUDABA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bahar paslynda bady saba özüniň gök düşegini ýaplaryň töwereginde ýazyp, bulut bezegçileri gülleriň açylyş zynatyny we bezegini agaçlaryň gulaklarydyr eginlerinden asyp, her ýerde her hili şekil ýasap, her daşa özboluşly reňk berende hem-de ekin meýdanlary behişt kimin bolup, läle asmana tarap şaha ösdürip, Zöhre ýyldyzy gül ýüzüni ýaplaryň üstünde şöhlelendiren wagty bir gün Zal aw-şikara çykýar. Zal ülkäniň daş-töwereginde aýlanýar. Ol ýuwaş-ýuwaşdan Nimruzyň serhedinden aşyp, Kabulyň çägine geçýär. Şol wagt Kabul Mehrabyň ygtyýarynda bolup, ol her ýyl Sama köp baýlyk geçirip, onuň diwanyna salgyt töleýän eken. Ol Zalyň bu ülkä gadam basanyny eşidip, ony garşylamaga çykýar we köp sylag-hormat edip, şeýle diýýär: – Biziň döwletimiz we hökümetimiz seniň atyň jylawyny biz tarapa gönükdiripdir. Kämil ululygyňyz bilen bir duz da¬dyp, gün we aý kimin asmana seýr etmegimiz üçin bize gelip, gadamlaryňyzyň bereketi bilen öýümizi mübärekleseň we bir salym bile oturmak bagtyny biziň ygtyýarymyzda goýsaň gowy bolardy. Onda Zal: – Seniň ata-babalaryň meşhur we sylaga mynasyp adamlar bolandyklary belli. Myhmanlara hyzmat etmek ulularyň resim-adatlaryndandyr. Seniň biziň dinimizde bol¬manlygyň üçin seniň huzuryňa barsam, dost-ýarlarymyň, garyndaşlarymyň we taýpamyň içinde käýinje galaryn. Sen ululygyň bilen meniň bu makul ötünjimi kabul et we meni öz öýüňe çagyrmakdan el üz. Ötünç ulularyň ýanynda kabul edilýändir – diýýär Mehrap butparaz bolup, Sam we Zal Ýezdanparaz (Hudaýparaz) eken. Mehrap onuň sözleriniň mylaýymlygyny eşidip, onuň müňlerçe kabul etmelerden hem süýji bolan ret etmesini diňläp, ötünjini kabul edýär. Soňra Mehrap öýüne gelip, Zalyň syraty we ululygy barada aýalyna gürrüň berýär. Onuň aýalynyň ady Sinduht bolup, ol diýseň akylly, parasatly we düşünjeli zenan eken. Ol dogry, ugurtapyjy pikirlerdir çözgütleri bermekde «akyly kemlerden» bolandygyna garamazdan, erkekleriň kämil akyllarynyň «üstünden gülýän» eken. Sinduhtdan bir gyz bolup, Gudrat nakgaşy aýyň nun şekilini onuň gülen şekilinden çekip, Gözellik soltany gara meňiň müşküni onuň gözel ýüzünde ýerleşdiripdir. Beýt Onuň mar deý zülpi jim-u jimde dal, Dodagy mim-u mimde müşkden hal. Ol kakasyndan Zalyň keşbi we onuň başarjaňlygy barada eşidýär. Şeýle ýakymly dessan onuň gulagyna baryp ýetensoň, güle ony ýygmak üçin uzadylan müň el we üzüm suwuna meýil eden meýparazlar ýaly, Zaly görmegiň yşgyna düşýär. Gulak diňlemekde gözüň ornuny tutup, yşk gulagy ýanýan şemiň şemdanyna öwrülýär. Şeýle diýipdirler: – Adam perzentleriniň ýürek köşgüniň iki gapysy bar. Biri gulakda, beýlekisi bolsa gözde. Muhabbet-söýgi käte göz gapysyndan girýär, ýagny göz görüp, ýürek ezilýär, aşyk hem mejnun bolýar: Eger ugrukdyryjy bolsa göze ýüregiň, Ýürek ganym boýnuna bolar iki garagyň. Käte bolsa muhabbet gulak bendiniň gapysyndan ýürek gursagyna girýär. Munuň alamaty şu aşakda aýdyşlary ýaly, eşiden badyna aşyk bolmaga başlaýar: Gulagym gyz-gelinleriň käbirine aşykdyr, Käwagt gulak gözden öň aşyk bolup bilýändir. Gulagym lebleriniň waspyn eşden pillede, Görmezden, ýürek oňa gulakhalka bolýandyr. Şeýdip, Rudabanyň nerkes gözi Zalyň semen ýaňagyny görmän, onuň jemalynyň gül-gunçasynyň waspyny eşiden badyna kalby köýýär. Ol bir hile-pikir oýlap tapyp, şeýle pirim düzýär. Onuň bäş sany kenizi bolup, olar Rudabanyň husny-jemal meýdanynda gözellik nardyny oýnaýardylar, ýüregi awlamak jamynda gözellik daşlary bilen üç-altylygy oklaýardylar. Gözellikde saýlantgy güneş bilen alty-üçlükde bäsleşýärdiler. Rudaba öz syryny kenizlerine aýan edýär we özüniň bu derdine derman talap edip: – Gowusy, bu ýüreksiziň habaryny şol jana ýetiriň, belki, jan ýürek tarapyna nazar salar – diýýär. Soňra bu bäş keniz gül ýygmak bahanasy bilen Zalyň leşgergähiniň ýerleşen ýerine, ýabyň aňry kenaryna barýarlar. Olar Rudabanyň husny-jemalynyň gülüstanyndan dessanlar seçip, gül ýygan kişi bolýarlar. Zal olardan: – Siz kim? – diýip soraýar. Olar: – Biz ýeriň aýy we zamananyň güneşi, Mehrabyň gyzy Ru¬dabanyň kenizleridiris. Onuň husny-jemalyna gözi gidip, onuň serwi kamatyndan, aý ýaňagyndan, keman gaşyndan, «ussat peýkamçylygyndan», sowutly gamzasyndan we şeker satyjy lagl lebinden mehr aýynyň gözleri ýaşlydyr – diýip jogap berýärler. Şygyr Bilmän haýsy üç zatdan etjegin arz-şikaýat, Hasap edip görse-de, ol köp gezek, köp halat. Serwi kamatyndanmy ýa awçy bakyşyndan, Ýa-da onuň zülpüniň özüne çekişinden?! Köşgüň içinde but bar, mejlis-meýlisde bahar, Eýwany hem görmegeý, meýdanda atly çapar. Ýüzi müşk-anbar kimin, dodagy meý satyjy, Gül lebler-ä sowutly, gözler – keman çekiji. Olar Rudabanyň husny-jemalyny wasp edip, ony şeýle çendenaşa öwüpdirler welin, Zal müň kalp bile onuň jemalynyň perwanasy we wysalynyň aşygy bolupdyr. Zal olara: – Meniň gözümiň onuň jemalyny görüp, röwşen bolmagy üçin hem-de habardan didara, beýandan aýana ýetmegim üçin heý bir ýol barmy? Eger siz meniň üçin şu ýagşylygy berjaý etseňiz, siziň hormatyňyzy tutup, köp sylag-serpaý bererin – diýýär. Olar: – Biz bu işi başararys. Rudaba biziň permanymyzdan çykyp bilmez, biziň razylygymyzy saklamak üçin hernäme diýsek ýerine ýetirer. Biz siziň araňyzda wysal-duşuşyk ýoly açylýança elde baryny ederis – diýýärler. Şeýdip, kenizler yzlaryna dolanýarlar we Rudaba bolan walany gürrüň berýärler. Rudaba köşgünde hylwathana gurýar. Haçanda saýýaralaryň patyşasy we ýyldyzlaryň şasy günbatar haremhanasynda gizlenip, jahan humardan ýaňa uka meýil eden tatardyr türkleriň gara gözleri barada hekaýat edip, pelek berber gözelleriniň müşkli gara zülpünden jahan etrabyna müşki-anbar seçende, Zal şol juwanlar bilen bilelikde, Rudabanyň köşgüne gelýär, örtügli we gizlin ýoldan ha¬rem¬hana girýär. Olaryň gözleri biri-birine düşýär. Beýt Biri-hä Aý gördi, biri – Gün gördi, Biri – bitap, biri tapyndy derdi. Habarlaşyk didara öwrülip, ikisiniň hem ýüregi yşkdan ýaňa astyn-üstün, agdar-düňder boldy. Iş eşitmekden didarlaşmaga geçensoň, olaryň yşgyň howrundan ýaňa «lam» harpy ýaly egrelen «elip» deý kamaty, «lam-elip» kimin biri-birlerini gujaklaýarlar we biri-birleriniň jemal gülüstanyndan wysal gülüni ýygýarlar. Käte aşyk gujagyndaky magşugyň bilinde iki goluny altyn guşak edýärdi, käte-de magşuk mähir-muhabbetden ýaňa aşygyň agzyna dodagy bilen möhür goýýardy. Beýt Bir göz bilen duşmana seresap bakýardylar, Beýleki gözler bilen reýhan ekýärdiler. Meýil-meýile çekende olar golaýlaşýarlar, Bir-birekden tiz-tizden posa ogurlaşýarlar. Şeýdip, olar wysal döwletiniň ýatlamasy bolan bu gijäni ahyryna ýetirýärler. Şygyr Zamanaň atan daňy aýralyk boldy bize, Batyrmaýan nygmaty barmy onuň çaň-toza. Haýsydyr bir hadysa bolmak üçin äht gerek, Şonda iki adamyň şerti bolar örän berk. Dogruçyllyk wysaly üçin goýlanda binýat, Zamananyň yzasy zerarly düşer bidat. Aşyklara azap beriji we kalbyny ogurladanlaryň gapysynyň perdesi bolan daň atansoň, olar biri-birlerini gujaklap, ýü-reklerini biri-birlerine tabşyryp, aýrylyşýarlar. Soňra Zal Zabula dolanýar. Hindistanda bolan kakasyna hat ýazýar. Ol öz hatynda şeýle diýýär: «Göz günä iş etdi, ýürek bagly boldy, akyl yşkdan ýeňildi, gözde ukyň ýerine suw peýda boldy, gam leşgeri sabyr-takat goşunyny ak gursakdan çykardy. Eger elimden tutmasaň heläk bolaryn». Ol bu haty bir çapara berip, Hindistana, Samyň ýanyna iber¬ýär. Sam ol haty okap, diýseň gynanyp: – Guşuň terbiýeläninden mundan başga zada garaşyp hem bolmaz – diýýär. Şeýlelikde, Sam hyzmatyndaky müneçjimlerden we hekimlerden bir toparyny çagyryp, wakany olara gürrüň berýär. Olar: – Bu iş hökman amala aşar. Bu gudaçylyk siziň beýige galmagyňyza sebäp bolar. Zalyň bu aýalyndan bir ogul dörär. Jahan pälwanlygy senden oňa geçer, onuň merdanalygydyr danalygy älem-jahana äşgär bolar – diýýärler. Sam bu söýünjiden şat bolýar we oglunyň hatyna şeýle jogap ýazýar: «Men akyldarlygyňdan, danalygyňdan we sabyr-takatlylygyňdan bu işi senden geň görýärin. Bu iş biziň betnam bolmagymyza we duşmanyň mak¬sa¬dy¬na ýetmegine sebäp bolar. Menuçehriň bu işe razy bolmajakdygyna garamazdan, seniň razylygyň üçin patyşanyň huzuryna ýüzlenerin hem-de yhlas etmekde ýekeje pursaty hem gözden salmaryn. Belki, patyşa bu işiň amala aşmagyna rugsat berer». Şeýdip, Sam Nehrwaladan Tir we Mekran ülkelerine gidip, ol ýerden hem Tabarystana barýar. Menuçehr Sam gelmezinden öň, habarçylar arkaly Zal we Rudabanyň aşyklyk hekaýatlaryny eşiden eken. Ol Samyň gelýändigi baradaky habary eşidip, onuň bu işler babatda rugsat soramak üçin gelýändigini aňsa-da, onuň hormatyny saklaýar. Ogly hem-de oruntutary bolan Nowzeri hal-ahwal soraşyp, hoş geldiň diýip, ony görmäge höweslenýändigini bildirmek we oňa: «Sen biziň üçin Peridunyň ornundasyň» diýmek üçin ony garşylamaga iberýär. Nowzer onuň ýanyna ýetende, Sam atdan düşýär, Nowzer hem atdan düşýär. Olar biri-birlerini gujaklaýarlar. Nowzer şanyň habaryny ýetirýär. Sam çuňňur şatlyk we guwanç bilen hyzmat wezipelerini berjaý edýär. Olar atlaryna münüp, Menuçehriň huzuryna gelýärler. Menuçehr oňa diliň taryplamakda hötdesinden gelip bilmejek sylag-hormatlary edýär, ýanyndaky zer kürsüde oturdýar, ýol ýadawlyklary hakda soraýar. Menuçehr oňa öz hümmetine we Samyň mertebesine laýyklykda, menzil-mesgen berip, ony sylaglaýar. Sam Menuçehriň Zal we Mehrabyň gyzy Rudabanyň aralaryndaky bolan wakany eşidendigini we ony halamandygyny eşidip, bu hekaýatdan bir syr we bu gürrüňden bir keleme aýtmakdan utanýar. Ol bu ýerde kyrk gün mesgen tutansoň, maksadyny ele salman yzyna dolanjak wagty Menuçehr oňa: «Sen Zabula ýeteniňden soň, Kabula leşger çekip, Zahhagyň perzentlerinden bolan Mehraby agdarmalysyň. Birden pitne ýüze çykaýmasyn» diýýär. Sam oňa: «Boýun bolýaryn, şeýderin» diýýär. Sam Zala özüniň gudaçylyk bilen bagly şu iş üçin Menuçehriň ýanyna gidýändigi barada hat ýazansoň, Zal hem Rudaba aýralygyň oduny we şowkunyň köplügini düşündirip bir hat ýazýar we pöwrize daşly ýüzügini iberýär. Ol hatynda şeýle diýýär: «Bu meniň ýadygärligim. Eger sen onuň halkasynyň gaşyna seretseň, meniň ýüregimiň darygýandygyny bilip, aýralyga döz gelersiň. Soňra senden aýralygyň derdine meniň ähli zadym, hatda ýüzügimiň gaşy hem ýaşyl lybas geýendigini anyk bilersiň». Ýene-de ol hatynda şeýle diýýär: «Iş jana ýetip, ýüregi jandan çekip alanymdan soň öz halymy hat üsti bilen kakama beýan etdim. Ol alyjenabyň ýanyna gidip, haýyşymy ýerine ýetirjekdigini aýdyp meni begendirdi. Biziň ikimiz hem aýralyk renjinden halas bolar ýaly kakam alyjenabyň ýanyna baryp, onuň hakyny doly berjaý eder we ony sylar, şa bolsa bu gudaçylyga razy bolar diýip umyt edýärin». Rudaba bu haty okap, oňa jogap ýazýar we oňa lagl ýüzük iberýär. Ol hatynda şeýle diýipdir: «Ýüregimiň ataş şuglasy bu ýüzügiň gaşyndan hekaýat edýär. Bagrymyň gany bilen reňklenen gözýaşym şu lagl ýaly. Sensiz jahan meniň üçin şu ýüzügiň halkasyndan hem dardyr. Seniň hatyň maňa gowşansoň, şol zeriň lagly gujaklaýşy ýaly, men hem bir gün seni bagryma bassam diýip umyt edýärin». Olaryň hatlarydyr sowgatlaryny gatnadýan we Rudabanyň haremhanasyna hem gelip-gidýän bir garry bardy. Şol garry Zalyň ýadygärligini getirip, Rudabanyň ýüzügini alyp barýarka, birden Sinduhtyň gözi oňa düşýär we oňa garap: – Sen öň her ýylda biziň ýanymyza iki gezek gelýärdiň, emma indi yzygiderli gelýärsiň, Rudaba bilen hylwat edýärsiň! Onuň sebäbi näme? – diýýär. Garry aýal bir gowşak delil getirýär. Sinduht ony ynjydýar we onuň eşigini ýyrtýar welin, Rudabanyň haty we ýüzügi çykýar. Ol haty görýär, onuň mazmunyny okaýar we Rudabanyň ýanyna barýar. Soňra ol Rudaba şeýle diýýär: – Eý, gahba betpäl! Eý, bişerim we bihaýa, seniň ýola goýan bu düzgüniň näme?! Beýt Şerim suwundan – zerre haýadan – damja ylla, Gözüňde hem kalbyňda ýok şaýat muňa Alla. Seniň bu döreden resmiň näme! Biziň aslymyzda kim betkär bolupdyr. Biziň ata-babalarymyz diňe päklik we ýag-şylyk görkezipdirler! Seniň tutuşlygyna masgaralyk we ryswalyk bolan bu näz-kereşmäň näme? Rudaba kirpiginden merwerit damjalaryny akdyryp, ötünç hökmünde gözýaşyň göwher suwlaryny ejesiniň aýagyna sepip, şeýle diýýär: – Eý, eje, käşgä sen meni dogurmasadyň, emma indi dogrupsyň, käşgä mundan öň panylyk jamyndan suw noş eden bolsadym. «Wah, şundan öň ölüp, unudylyp giden bolsadym». Şonda bu bela maňa ýetmezdi. Indi bu bela maňa ýetensoň, şu gezek meniň perdämi ýyrtma we bu sözi kakamdan gizläp sakla. Sebäbi ol gaýratly we edermen adam. Birden, onuň gaýrat ody meni ýele sowrup, seni menden aýralykda topraga garaýmasyn. Meniň halas bolmak ýagdaýym bar. Sam şu gudaçylyga rugsat almak üçin Me-nuçehriň hyzmatyna gidipdir. Wagt gelip, ýapyk gapa açar we garaňky gijä çyra peýda bolmagy mümkin. Eger mundan başga zat emele gelse, Zalyň hijrany meniň üçin kakamyň gylyjyndan ýaman bolar: Beýt Gylyç bilen ganymy dökseler çekme ahy, Seniň hijranyň soňy ondan beter ahyry. Soňra Sinduht perişan kalby bilen gyzynyň ýanyndan gaýdýar. Ol oý-pikire batýar we bu işiň soňy barada oýlanýar. Şol wagt Mehrap onuň ýanyna gelýär we onuň pikire batyp oturandygyny görüp, Sinduhtdan: – Pikire batmanyň sebäbi näme? – diýip soraýar. Ol ilki dürli bahanalar getirip, her hili sözler aýdýar. Ahyrynda tabagyň gapagyny açmaly bolýar. Mehrap bu sözi eşidip, gany gyzýar we gylyjyny alyp: – Men gylyç ýaly kömekçimiň ýok wagty gam iýýärdim. Häziriň özünde şu gylyç bilen ony ýere süýndürerin we bu günäkäriň hapasyny özümden we öz maşgalamdan janalyjy «bir damja suw» bilen ýuwaryn – diýýär. Sinduht: – Köşeş, jylawuňy çek, bu işde gowy oýlan, birden peý-dasyz iş edip ökünmeli bolaýma. Eger Allatagala bu işi ýazgyt eden bolsa, onda biz onuň hökümini we ýazgydyny üýtgedip bilmeris. Sam Narymanyň ogly, onuň bilen guda bolmak ar we namys däl. Eger şeýle bolýan bolsa, Sam bu işe rugsat soramak üçin gidipdir. Eger ol bu işe rugsat alyp gelse, owadanlygyň nyşany bolan Zaldan başga kim bize giýew bolup, bize abraý we döwlet getirer? – diýýär. Mehrap: – Menuçehriň: «Biziň oňa kömek etmek we ondan ýar-dam islemek üçin bu işi edendirler» diýip güman etmezi ýaly, bu gyzy öldürsem, Menuçehr hem menden razy bolar hem bu işde meniň hiç hili niýetimiň ýokdugyna düşüner – diýýär. Sinduht oňa garap: – Diri adamy islän wagtyň öldürip bolar, emma öldürileni direltmek ynsanyň güýjüniň çäginde däldir – diýýär. Şeýdip, Mehrap ony öldürmekden saklanýar. Az wagtdan soň Sam alyhezretiň huzuryndan gaýdyp gelýär. Zal ony garşylaýar. Atalyk mähri we kakalyk duýgusy oýanýar. Zal kakasynyň ýanyna barýar. Kakasy ony ýanynda oturdýar we ondan hal-ahwal soraýar. Zal edep zeminini ogşap, ýüreginiň derdine aglap: «Yşk gowgasy sabyr eşigini gursagyndan sogran hem-de rahatlyk onuň ýanynda rahat, arkaýynlyk, onuň ýanynda arkaýyn bolup bilmeýän kişiniň ahwaly nähili bolar» diýýär. Beýt Ne kalp galdy mende, ne-de bir dilber, Ýa dilberim galsyn, ýa-da kalbym ber. Samyň oňa rehimi gelip: – Gam iýme, men alyjenaba hat ýazaryn. Seniň hut özüň bu haty alyp git. Şonda meniň hormatym we seniň mertebäň arzuwymyzyň hasyl bolmagyna we maksadymyza ýetmegimize sebäp bolar – diýýär. Sam rugsat sorap, hat ýazýar we Zaly taýýarlaýar. Zal ýyndam ata münüp, tizlik bilen alyhezretiň ýanyna barýar. Ol Menuçehriň elini ogşamak bagtyna mynasyp bolýar. Oňa tag-zym edip, haty gowşurýar we ondan rugsat alyp, yzyna dolanýar. Mehrap öň Menuçehriň ýanyndan Samyň netijesiz hem-de maksadyny aýdyp bilmän gaýdandygy we Menuçehriň Sa-ma «Leşger çekip, Mehraby agdar» diýeni gulagyna degensoň, ol Sinduhta ýüzlenip: – Men saňa şu gyzy häziriň özünde öldürmegimiz ýagşy diýmänmidim? Indi iş işden geçdi. Eger birden Sam bize tarap goşun çekse, biz onuň elinden janymyzy gutaryp bilmeris – diýýär. Sinduht oňa: – Eger sen meniň diýenimi ýerine ýetirseň, bu derde derman tapaýyn we bu işi düzedeýin – diýýär. Mehrap oňa: – Sen näme etseň şol dogrudyr. Işi ele alyp, näme maslahatyň bolsa şony etmek gerek – diýýär. Şeýdip, Sinduht köp sylag-sowgatlary alyp, Samyň gaýdyp gelenini gutlamak üçin Zabulystana barýar. Sam onuň gelýändigini eşidip, ony özüne çekmekde we garşylamakda elde baryny edip, ýakynlaryny öňünden iberýär. Sinduht Samyň hyzmatyna gelip, sowgatlary gowşurýar. Sowgatlaryň içinde gaşy lagldan ýasalan bir ýüzük bolup, bu ýüzük gijäni gündiz, gündizi bolsa ýürek ýagtyldyjy, göwün göteriji eder eken. Sam bu ýüzügi özi alyp, galan sowgatlary Zalyň köşgüne äkitmeklerini buýurýar. Soňra ol Sinduhta ýüzlenip: – Seniň bu ýere gelmekden maksadyň näme? Näme arzuw bilen beýle zähmete galdyň? – diýýär. Şonda Sinduht oňa: – Seniň nurana duýgyň biziň halymyzdan habarly bolan-soň, bize ony aýtmak nämä gerek? Sen meniň halymy gowy bilýänsiň we meniň maksadymy hiç kim senden ýagşyrak bilýän däldir – diýýär. Bu söz Sama diýseň ýaraýar. Ol: – Seniň işleriň we sözleriň gözellikde we şirinlikde didaryňa mynasyp eken. Indi arkaýyn bol, men Menuçehr hezretlerine hat ýazyp, onuň ýanyna Zaly iberdim. Onuň gaýdyp gelmeli wagty ýakyn. Ol maksadyny hasyl edip, gaýdyp geler we üstünlik daňy atar – diýýär. Sinduht birnäçe gün galyp, dolanmaga rugsat soraýar. Sam Mehrap üçin göwnejaý donlar we nepis göwherler berip, başga-da köp sylag-serpaýlar gowşuryp, onuň getiren sowgatlaryndan birnäçe esse köp sowgatlar iberýär. Sinduht gidensoň köp wagt geçmänkä, Zal maksadyna ýetip, dolanyp gelýär. Olar derhal bu haldan habarly etmek üçin Mehraba hat ýazýarlar. Sam hatyň soňunda özüniň bu işi etjekdigini we toý tutup, her hili şagalaňlyklary ýola goýjakdygyny ýatlaýar. Şeýdip, Sam Zal bilen Zabuldan Kabula tarap ýüzlenýär we iki ýurduň ähli ýerlerini bezäp, her hili taýýarlyklary görýärler. Sam ogly bilen Kabula ýetenlerinde, Mehrap olary garşylaýar we beýik köşge eltýär. Olar toý esbaplaryny taýýarlaýarlar. Sam oňa: – Men siziň perzendiňizi görmegi we gözümi onuň jemaly bilen röwşen etmegi arzuw edýärin – diýýär. Soňra rugsat alyp, köşgi bezäp, Rudaba¬ny şol ýerde oturdýarlar we Samy onuň ýanyna eltýärler. Sam onuň ajap jemalyny we çäksiz görmegeýligini görüp, haýran galýar. «Haçanda ony görenlerinde alkyşladylar we öz ellerini kesip başladylar hem-de: «Eý, Päk Alla, bu adam perzendi däldir, bu asyl perişdäniň özi-le!» diýenlerini duýman galdylar» . Maňa käýän adamlar söýenim üçin seni, Seniň ýüzüňi görüp, hakly saýdylar meni. Soňra ogluna ýüzlenip: – Ykbal seni şeýle jemala ýetiripdir, saňa şeýle gözellik döwleti nesip edipdir – diýýär. Şeýlelikde, baýramçylyk geçirip, toý edýärler. Olar birnäçe günläp hoşallykda gezip, şatlyk jemalyny bulgur aýnasynda görýärler. Baýramçylyk gutaransoň, Sam bu ýeňşiň we üstünligiň penasynda Hindistana gidýär. Zal bolsa Rudaba bilen Zabula gidip, aýşy-eşretde ýaşap, aýralyk renjinden halas bolýar. Her kim öz maksadyna ýetmek üçin güýçli dalaş etse we doly zähmet çekse, hökman myradyna ýeter we maksadyny kesp ediner. Beýt Hiç umytsyz galmagyl umytsyz galsaň munda, Baky galan ýok ahyr bu dünýäniň gamynda. _____________________________ Bu ýerde «akyly kemlerden» diýen jümlede aýallar göz öňünde tutulýar. Bu barada hadyslarda gürrüň edilýär. Gudrat nakgaşy – bu ýerde Allatagala göz öňünde tutulýar. Gözellik soltany – bu ýerde hem Allatagala göz öňünde tutulýar. Hal – meň. Nerkes – kiçijik, owadan we hoşboý ysly gül. Semen – gülüň ady, jasmin. Nard – oýnuň ady. Üç altylyk – nard oýnunyň daşlary. Alty üçlük – bu hem nard oýnunyň daşlary. Saýýara – planeta. Berber – Demirgazyk Afrikada ýaşap, araplar bilen garyşan bir taýpa. Arap ýazuwynda «lam» harpy bilen «elip» harpy bile gelende üýtgeşik şekilde, ýagny «elip» harpy «lam» harpynyň içine girizilip, has ýakyn, «gujaklaşdyrylyp» ýazylýar. Bu ýerde çeper söz oýnatma bilen şol ýagdaý göz öňünde tutulýar. Tur we Mekran – häzirki Eýranyň günorta-gündogary, Päkistan bilen serhedi. Bu ýerlerde buluçlar köp ýaşaýandyklary üçin soňlar «Buluçystan» diýipdirler. Gurhanyň 19-njy (Ýusup) süresiniň 23-nji aýaty. Gurhanyň 12-nji (Ýusup) süresiniň 31-nji aýaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |