13:43 Heýkellere we köçe atlaryna garşy söweşmek | |
HEÝKELLERE we KÖÇE ATLARYNA GARŞY SÖWEŞMEK
Publisistika
Ukrainada rus medeniýetiniñ wekilleriniñ we olaryñ adyny göterýän köçeleriniñ didiwana mündürilmegi SSSR-iñ dargan günlerini ýadyma saldy Milletçilik urşy, uruş hem milletçiligi tutaşdyrýar. Russiýanyñ 16 aý mundan öñ başlan urşuna dergazap bolan ukrainalyar rus we dünýä medeniýetiniñ meşhur wekilleriniñ galdyran yzyny ýurdundan köwläp aýyrýarlar. Şeýtmek bilen olar ruslardan ar alýandyrys öýdýärler. Häzire çenli Puşkin, Turgenew, Nekrasow, Dostoýewskiý, Krylow, Lermontow, Gorkiý, Mendeleýew, Repin, Çaýkowskiý ýaly birgiden rus medeniýetiniñ, edebiýatynyñ, aýdym-sazynyñ wekilleriniñ, alymlarynyñ adyny göterýän köçeleriñ we ploşadlaryñ atlaryny üýtgetdiler. Şu we şuña meñzeş taryha giren rus şahsyýetleriniñ heýkellerini we býustlaryny ýykyp aýyrdylar. Olaryñ bolşy hamala indi Ukrainada rus taryhyna we medeniýetine dahylly hiç zat goýmaly däl, diñe ukrain ýarlykly atlar bolmaly diýýän ýalydy. Ýogsam bolmasa, iki doganlyk halkyñ taryham, medeniýetem biri-birinden aýryp bolmajak derejede umumy. Ukrainada millionlarça rus ýaşaýar. Meniñ tanaýan köp sanly ukrain tanşym rus dilinde öz dilinden has gowy gürleýär. Nähili gynançly ýagdaý! Uruş diýlen bela nähili gorkunç ýaralary salýar... Gagariniñ Kiýewdäki heýkeli * * * Ýakynda iki habar okadym. 1961-nji ýylyñ 12-nji aprelinde kosmosa çykan birinji adam bolmagy başaran we kosmos eýýamynyñ başyny başlan sowet kosmonawty Ýuriý Gagariniñ Kiýewdäki býusty sökülip aýrylypdyr. Gagarin 1966-njy ýylda Kiýewe barypdyr, şonda halkyñ oña bolan söýgüsiniñ nyşany hökmünden birküç ýyldan soñ býusty dikilipdir. Şol wagtlar sowet raýaty bolsañ, Soýuza girýän ähli halklara degişli bolýardyñ. Sen rus bol, ukrain bol, azeri bol, gazak bol, tapawudy ýokdy. Sowet taryhynda Ikinji jahan urşunyñ agramly bölegini öz içine alýan Beýik Watançylyk urşunyñ başlanan 1941-nji ýylyñ 22-nji iýun gününiñ her ýyl Russiýada bellenip geçilýän gününde bu uruş bilen baglanyşykly ýadygärlikler ýykylyp aýryldy. Mundan öñ Kiýewdäki rus-ukrain dostlugynyñ hatyrasyna dikilen ýadygärlik ýykylyp aýrylypdy. Geçen ýylyñ ahyrky günlerinde Odessada imperatrisa Ýekaterina II-niñ we marşal Suworowyñ heýkelleri ýykylyp aýrylypdy. Şular ýaly mysallary köpeltseñ köpeldip oturmaly. Imperatrisa Ýekaterina II-niñ Odessadaky heýkeli Suworowyñ Odessadaky heýkeli * * * 1991-nji ýylda iñ soñky sowet lideri Gorbaçýowa garşy döwlet agdarlyşygyna synanyşyk bolup geçende, köçä bary-ýogy birnäçe ýüz adam çykypdy. Ýylyñ ahyrynda Sowet Soýuzy dargady. Şol wagtlar mende "dünýäniñ iñ köp okaýan halkynyñ nädip beýle syýasata gyzykmaýan bolup çykandygy" hakdaky soraglar döräpdi. Kitaphonlar howply göreşlere girmedi. Soñra bir seretdiler, hemme zat kiparlaşdy welin, "batyrgaý ädimler" bilen öñe çykdylar. "KGB-niñ atasy" saýylýan Dzeržinskimiñ Lubýanka meýdanyndaky heýkelini dik başaşak gaýtardylar. Döwlet wezipelerinde oturanlaram olardan kem galmajak bolup, ploşadlaryñ, köçeleriñ, şäherleriñ atlaryny üýtgetmäge girişdiler. Munuñ üçin milliardlarça rubl harçlandy. Şol sebäpli Moskwa metrosynda täze duralgalaryñ atlaryny bilmeýän raýatlar ýitmäge başlady. Soñra ýel tapba ýatdy. Köçe atlarynyñ we heýkelleriñ ýakasy goýberildi. Leniniñ Аşgabatdaky heýkeli * * * Moskwada meşhur Gorkiý alleýasynyñ ýanynda hiç kimsäniñ aýak basmaýan heýkel gonamçylygy bar. Ol ýerde taşlanan heýkeller we býustlar düñderilişip ýatyr. Poslap, heñläp ýatan heýkelleri göreniñde nebsiñ agyrýar. Şondan birnäçe ýüz metr ilerde Kaluga (Kalužskaýa) meýdanynda Leniniñ Moskwadaky iñ uly heýkeli şindizem al-asmanda howalanyp dur. Sowet Soýuzynda Leniniñ 14 müñden gowrak heýkeliniñ ýasalandygy aýdylýar. Onuñ köplenç 5-7 metr uzynlykda, köpüsi biri-birini gaýtalaýan birtopar heýkeldir býusty bar. Iñ ulusy Wolgogradda. 1973-nji ýylda ýasalan bu heýkeliñ boýy 57 metr. Daşkentde 1973-nji ýylda açylan 31 metrlik Leniniñ heýkeli ikinji orunda. Üçünji ýeri 1955-nji ýylda Bakuda dikilen 27 metrlik heýkel bar. 1991-nji ýylda Bakudaky, 1992-nji ýylda Daşkentdäki heýkel sökülip aýryldy. Leniniñ Moskwanyñ Kaluga meýdanyndaky heýkeli Ýañy agzap geçdim. Leniniñ Moskwadaky heýkeli 8,5 metr uzynlykda we 38 ýaşynda. Soñky gezek Russiýa gidenimde bu heýkeliñ ýanynda säginip geçdim. Lenine seretdim. Onuñ ýüzi ýaşlyk ýyllarymda görenimdäkiden hemme zadyñ nädip beýle çalt üýtgeýändigine geñ galýan we indi ýüzüne äñedilmeýän lagşan ýaşulylara çalym edýärdi. Heýkeliñ öñünden başlap, tä şäheriñ soñuna çenli uzaýan prospektiñ şindizem Leniniñ adyny götermegi indi ony begendirmeýän ýalydy. Hakan AKSAÝ. "T24" internet gazeti, 24.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |