20:31 Hezreti Gylyç işan | |
HEZRETI GYLYÇ IŞAN
Taryhy şahslar
Biziñ neberelerimiziñ köpüsi häzir Eýranda ýaşaýar. Aslynda-da, hojalaryñ oturymly ýeri Astrabat, Mazendaran bolupdyr. Soñ gaýra süýşüp, Arkaçda mekan tutunypdyrlar. Hojalaryñ şejeresini yzarlasañ, añyrsy Pygamberimiz Muhammediñ (s.a.w) neberelerine baryp ýetýär. 1994-nji ýylda men garyndaşlarymyz bilen görme-görşe Eýrana gidip geldim. Şonda XIX asyryñ ahyrynda, XX asyryñ başlarynda ýaşap geçen, Eýran türkmenleriniñ arasynda tanymal bolan Gylyç işanyñ ykbaly meni has hem özüne çekdi. Biz baranymyzda dogan-garyndaşlarymyz uly hormat bilen garşyladylar. Ýeñil maşynlara münüp, Kümmethowuzyñ üsti bilen Garabalkan jülgesindäki Kerim işan obasyna tarap ýola düşenimizde, garyndaşlarymyz ata-babalarymyzyñ ýaşan ýurdy bilen tanyşdyryp başladylar. Üsti uly gümmezli Gylyç işanyń mazaryna, onuñ saldyran metjitdir medresesine eltdiler. Üsti gat-gat halydyr mahmallu mazaryñ baş ujunda aýat okalanda, gözüme ýaş aýlanyp gitdi. Ata-baba gezen ýerleri görüp, dogan-garyndaşlar bilen didarlaşmak ömür arzuwymdy. Şol arzuwyma ýetiren S.Nyýazowa, öz ýurdunyñ işigini biziñ üçin giñden açan Eýranyñ Prezidenti Rafsanjana ýüregimden alkyş okadym. Olaryñ mertebesiniñ belent bolmagyny Alladan diledim. Meniñ baran wagtun Muhammet pygamberiñ (s.a.w) doglan wagtyna gabat geldi. Ertesi Gylyç işanyñ medresesine ýene-de toý märekesi ýaly adamlar ýygnandy, dogalar, aýatlar okaldy. Şol ýerde Gylyç işan hakda köp gowy gürrüñler eşitdim. Gylyç işan meniñ garry atam Selim ahunyñ gyzyndan bolan. Gylyç işanyñ metjit-medresesiniñ gurulmagyna meniñ atam hem goşant goşupdyr. Bezeg daşlaryny Gylyç işan Buharadan Hywa, ondan hem Gyzylarbada çekdiripdir. Meniñ atam şol daşlary Gyzylarbatdan düýe bilen Garabalkaba aşyrypdyr. Gylyç işanyñ medresesine Eýranyñ şasy Nasyreddin hem kömek edipdir. Ol Tährandan gatyr bilen bezeg daşlaryny iberipdir. Gylyç işan onuñ bilen gowy gatnaşykda eken. Şa işana bir gajar gyzyny peşgeş beripdir. Şol aýalyndan Kerimguly diýen ogly bolýar. Kerimgulynyñ ogly Haýrylla häzir şol metjit-medresä ýolbaşçylyk edýär. Meniñ atam Hojamuhammet Gylyç işan bilen Mekge-Medinä haja gidip gelipdir. Gylyç işan Eýranda sözi ýöreýän, güýçli düşünjeli adam bolupdyr. Ol Eýran türkmenleriniñ ählisini öz daşyna ýygnamagy başarypdyr. Oña Hezreti işan diýen mertebeli at berlipdir. Onuñ hakyky ady Muhammetgylyç. Ol 97 ýaşynda aradan çykypdyr. Britan muzeýinde onuñ göçüren Magtymgulynyñ şygyr diwany bar diýýärler. Gylyç işanyñ kakasy Nasyr han, onuñ özi asly türkmen bolan eýranyñ şalary, hanlary Agamämmet gajar, Fetaly, Muzaffereddin, Nasyreddin bilen ýygy gatnaşyk saklapdyrlar. Sowet hökümeti gurulmazdan öñ, Russiýanyñ delegasiýaay Eýrana gepleşik geçirmäge baranlarynda, Gylyç işan hem şol gepleşige gatnaşypdyr. Baran delegasiýany öz öýünde hem myhman alypdyr. Men "Astrabadyñ aragatnaşyk kitaby" diýen kitapdan Gylyç işan hakdaly maglumatlary okadym. Onda 1909-njy ýylyñ wakalary hakda aýdylýar. Şonda Gylyç işan gökleñ, ýomut hanlaryny daşyna ýygnap, olara baş bolýar. Gylyç işanyñ gökleñ, ýomut hanlary bilen ýygy gatnaşykda bolandygyny onuñ 100 ýyldan gowrak wagt mundan öñ aldyran suratam subut edýär. Magtymgulynyñ goşgularynda atlary tutulýan Kasym Hojam, Habybylla, Selman işan dagy biziñ añyrky neberelerimizdir - ata-babalarymyzdyr. Biziñ ata-babalarymyz Döwletmämmet Azady, Magtymguly bilen bir döwürde, bir ýerde ýaşap, gatnaşypdyrlar. Gylyç işan, ýegeni Abdyrahym, ogly Halyl, meniñ kakamyñ agasy Annamuhammet dürli wagtlarda Buhara medresesinde okapdyrlar. Kakamyñ inisi Abdyrahym bolsa Hywanyñ Şirgazy medresesinde okapdyr. Eýrandan men Gylyç işanyñ ýazyp giden nesil-şejeresini alyp gaýtdym. Şonda ol Şahymerdan Alydan gaýdan 38 arkany ýazypdyr. Men Eýrandan gaýtjak bolanymda, Gylyç işanyñ guburynda doga okap gaýtdym. Guburyñ töweregi jeññel. Daş atsañ, ýere düşjek däl. Şeýle bir sülgün köp. Men guşlaryñ köplügine haýran galdym. "Bu guşlara el gatýan ýokdur. Olar Gylyç işanyñ guşlary" diýip, maña aýtdylar. Meniñ ýokarda agzan suratymda ortada oturanlaryñ çepdäkisi Gylyç işan. Onuñ daşyndakylar gökleñ hem ýomut baýlary, hanlary. Belki, olary tanaýanlar bardyr. Şonuñ üçin men olaryñ atlaryny sanap geçeýin. Olar: Muhammetgeldi sopy, Allanazar baý, Abdyagar baý, Şyhy han, Ataguly han, Çarwaý Döweji, Ödekden Garadagly, Hajy Şelpebaý bähelke, Satlyk Mergen, Mämmetgeldi sopy, Hesen han, Gylyç baý, Annageldi baý, Musa han, Abdyhajymuhammet han, Abdykör ahun, Molla Hüseýin, Nurberdi han gökleñ dagy. Şu adamlar hakda maglumat bilýän bar bolsa, maña ýazmagyñyzy haýyş edýärin. Meniñ adresim: Serdar (öñki Gyzylarbat) şäheri, Hywaly Babaýew köçesiniñ 7-nji jaýy, tel: 2-32-33. Seýdylla DÖWLETOW, Serdar şäheri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |