20:13 Hommadyñ gyzy / hekaýa | |
HOMMADYÑ GYZY
Hekaýalar
Hommadyň gyzy Bägül şeýle bir gyz bolup ýetişdi, ony görmäge göz gerekdi, synlamaga gaýrat. Ol Bägül diýseň bägüldi. Onuň gabadyndan gyza nazar salman geçýän ýokdy. «Perileriň görkem Hommadyň gyzy Bägüliňkiçe ýa bolandyr, ýa bolan däldir» diýşip, gyz babatda gürrüň çykan ýerde aýdýardylar. Hommadyň gyzy Bägüliň görk-görmegine obanyň diňe bir ýaş ýigitleri maýyl däldiler. Oňa bakan gyzlar-da, aýallar-da, garry adamlar hem onuň hoş suratyny synlap ganmaýardylar. «Nähili görmegeý gyz» diýşip, ony görenler misli jadylanan ýaly, hiç bir söz-de diýip bilmän, ýöne gyza bakar durardylar. Ogullary ýetişenler Bägüli görenlerinde öz ogullaryna-da şeýle hoşsurat maşgalanyň gelin bolmagyny hudaýdan dilärdiler. Gyzlar oňa bakyp, öz görkleriniň Bägüliňkiçe ýoklugyna arman çekerdiler. Ýigitleriň bary onuň ugrunda ser-sepildi. Misli obada başga gyz ýok ýaly, olar gijesi bilen Hommadyň gyzy Bägüle ýetmek arzuwyna çümüp çykardylar. Daň atýança, Bägül hakda pikir öwürýärdiler. Bütin gije düýşlerinde Bägüli görüp çykýardylar. Öz gyzynyň ýetişdigisaýy görklenip, hemmäniözüne maýyl edip barýanyny Hommat-da duýýardy. Ol özüniň şeýle gyzynyň baryna begenip-begenip, ganat bekläýjek bolýardy. Gyzy hakda pikir öwrende, öňem belent başy ýene bir gez beýgelen dek bolýardy. Göwrümi giňäp, dünýeler oňa gyzykly görünýärdi. Daýhan birleşiginiň hasapçysy bolansoň, uzadan ýerine eli ýetip duran Hommat gyzyny gurjak kimin bezeýärdi. Oňa täsinden täsin matalardan köýneklik alyp berýärdi. Owadan-owadan matalar öňem görmegeý gyzy has-da görklendirip, oňa aşyk bolanlary dagy dälilik hetdine ýetirýärdi. Onsoň hiç hili magazin, klubyň ugry bolmasa-da, ýigitler Bägüli iň bolman birje gezek görüp galmak üçin uzakly gün Hommatlaryň köçesinden ibirt-de-zibirt gatnaşar durardylar. Görk-görmegi günsaýyn artyp, ýetişip barýan gyzyny ahyr bir gün birine berip goýbermeli boljakdygy hakdaky pikir heniz Hommadyň ýatsa-tursa oýuna-da gelenokdy. Ol özüni hamala ýetişdiren çagasyny başga birine berip goýbermek ýaly, durmuşyň kyn pursady öz başynda ýok ýaly duýýardy. Misli bu zatlar özüne degişli bolmajak ýalydy. Şonuň üçin ol goňşy-golamlaryň gyz çykaryp, perzent aýralygyna çydaman, aglaşyp-eňreşip ýörüşlerine-de biperwaý garar goýardy. Olaryň derdini duýmazdy. Hommat üçin gyzy mydama ýaşajyk bolup, öz gapysynda gezip ýörjek ýalydy. Şol sebäpli bolsa gerek, bir gün poçta ýaşşiginden eline ilen hat Hommat üçin ölüm habaryny getiren ýaly boldy, Ol hat Hommady başyna gök ýumrulana dönderdi. Ol hat Hommada gapysyndaky peri ýaly Bägüliň ile gitmelidigini ýatlatdy. Gyzynyň mydamalyk özüniňki däldigini ýatlatdy. —Ýok! Ýok!—diýip, eline ilen haty öýüne alyp girenden, dik duran ýerinden okap çykan Hommat gaplaň kimin arlap gygyrdy. Gyzyny öňde-soňda kimdir birine bermeli boljakdygyny ýatlanda, dünýe ony gysyp-gowurdy. Dört diwara sygman, ylgap daşaryk çykdy.—Gel, gel, meň gyzymy seň ýaly haramzadalar alyp gidermi elimden! Ol däli ýaly bolup, elindäki haty düýt-müýt edip zyňdy-da, süýt reňk «žigulisine» atlanyp, tozan turzup gitdi. Adamsynyň tüýsüniň bozukdygyny bilip, sygyr sagyp oturan ýerinden hasanaklap galyp, ylgasa-da, Ogulhajat ony saklamaga ýetişip bilmedi. Ogulhajadyň: —Gyýw! Kakasy-y! Nirä?—diýen sesi maşynyň güýçli gazynyň sesine garyşyp ýitip gitdi. Hommat aýalynyň öz yzyndan ylgap çykanyny görmedi. Ol maşynyny aldygyna sürýärdi. Öňünde adam-gara baryna-da seredenokdy. Adamlar onuň ýolundan zordan sowlup ýetişýärdiler. Hommadyň misli gözi gapylan ýalydy. Onuň göz öňüne diňe kolhozyň suwçusy Çary aganyň ogly Geldi gelýärdi. Beýnisinde onuň Bägüle ýazan haty gaýtalanýardy. «Bägül! Sen diýip, ýanyp-bişip ýörenime näçe ýyllar boldy, klasdaş! Saňa söýgimi duýdurman, mundan bu ýana ýeke günem ýaşamaga takat edip biljek däl. Eger ýokary okuw jaýynda okamak isleseň, ikimiz okuwa bileje gideli. Eger okamak islemeseň, ejemi size gudaçylyga iberjek. On sekiz ýaşymyzyň dolan güni toý tutaly» diýip, Çary suwçynyň ogly Geldi Hommadyň gyzyna iberen hatynda ýazypdy. «Men saňaşeýle bir toý görkezerin, haramzada!» diýip, Hommat ýigidiň ýazan setirlerini beýnisinde aýlap barşyna öz ýanyndan oňa sögünýärdi. Gany çogup, kellesi gyzyp-gyzyp gidýärdi. «Ömrüňboýy toý ýadyňa düşmez ýaly ederin. Gel, gel, indi Hommat hasapçynyň gyzy bir garamaýak suwçynyň ogluna mynasypmyşmy!» Hernäçe batly sürýärmikäm diýse-de, Hommadyň göwnüne maşyny ýerinden gozganmaýan ýalydy. Gaza basa-basa, onuň aýaklary gurap gitdi. Wazlap, uçaýjak bolup, gapdallaryndan geçýän Hommat hasapçynyň yzyndan hemmeler zähre ýaryp seredip galýardylar. «Näme bolduka? Eýgilikmikä?» diýşip, aýallar alada galyp, ýakalaryny tutýardylar. Hommat hasapçynyň maşyny beýle batly sürenini heniz gören adam ýokdy. Şonuň üçin bir belanyň gopanyny hemmeler çen etdiler. Hommat baranda, Çary suwçularyň bütin maşgalasy öýde eken. Agaç sekiniň üstüne geçip, ýaňy guşluk çaýyna oturan maşgalanyň arasyna salam-heliksiz baran Hommat hasapçy misli goýna daran aç gurdy ýada saldy. Ol ses-üýnsüz oturan, heniz süňňi bekemedik, ýaňyja burnunyň aşagy garalyp ugran, söýgi diýen zady ilkinji gezek duýup gören, agajetje, garaýagyz ýigit Geldini ýakasyndan ebşitläptutup, ýerinden galdyrdy-da, tumşugynaýelmäp goýberdi. Ýigit ýüzinligine ýykyldy. Hommat onuň arkasyndan penjeläp, ýene galdyrdy-da, ýene urdy. Ýene. Çem gelen ýerine-de depdi. Çary suwçy Hommadyň öňünden çykmady. «Bir sebäbi bardyr, ýogsa urmazdy»diýip pikir öwürdi. Aýaly wägirip galanda-da, ony haýbat bilen ýerinde oturtdy. Hommat bolsa tä däli öküziňki ýaly güýji gaçyşýança, Geldini urup-urup, keýpden çykyp, ýigidiň agyz-burnuny gan edensoň, gelşi ýaly ýene sessiz yzyna dolandy. Gahary birneme ýatyşyp, öýüne gaýdanda, maşynyny rahat sürüp gaýtdy. «Ine, saňa söýgi gerek bolsa, haramzada!» diýip, ýolboýy öz ýanyndan Geldä sögündi. Geldi Hommadyň özüni näme üçin uranyna derrew düşündi. Ýöne kakasydyr ejesi hernäçe sorasa-da, onuň gyzyna hat ýazanyny aýtmady. Gyzyna hat ýazany üçin Çary suwçynyň ogly Geldini uranyny Hommadyň özi ile ýaýratdy. «Meniň gyzymyň deňimidir, ol gyzyma hat ýazar ýaly. Gaýdyp gyz ýadyna düşmez ýaly etdim ony» diýip, Hommat Geldini uranyny ilki aýalyna, soň bolsa gepi-sözi alyşýan işdeşlerine gürrüň berdi. Aýaly Ogulhajat adasynyň eden işine aglap-aglap haldan düşdi. —Men indi nädip il ýüzüne çykaýyn!—diýip, Hommada igendi.—Heý, günde görşüp duran obadaşyň çagasynam bir şeýdäýmek bormy! Gyzly ýerdir. Hatam ýazarlar. Gudaçylyga-da gelerler. Gyzyňy ahyr bir gün biri alybam gider! —Ýok!—diýip, aýalynyň bu sözlerine Hommat zähresini ýaryp gygyrdy.—Ýatlatma maňa şoň ýalybolgusyz zatlary! —Nämesi bolgusyzmyş onuň!—diýip, Ogulhajat adamsy bilen deň eňekleşdi.—Gyzyň dilenip durlanam bagtdyr bilene! «Eý, hudaý jan! Şeýle görmegeý perzendimi ahyr bir gün biri elimden alypjyk gidibermeli bolaýarmyka?!» diýip, Hommat aýalynyň geplerini häli-şindi hakydasynda saldarlap görüp, howsala bilen pikir öwürýärdi. Bu zatlar ýadyna düşende, däliräp, düze çykyp gidiberesi gelýärdi. Bägül bolsa kakasynyň öz klasdaşyny urany üçin gaýdyp mekdebe-de gitmedi. «Bu ýagdaýdan soň klasdaşlarymyň gözüne görnüp biljek däl» diýip, ekzamene-de gatnaşmady. Gyzyna çen-çak bilen baha goýduryp, onuň orta mekdebi gutarandygy hakdaky attestatyny alyp gaýtmak üçin, Hommat direktora ýalbaryp, hupbat baryny gördi. Öz gyzyna hatýazan ýigidi urany üçin işdeş ýoldaşlary Hommadyň bolşuny makullamasalar-da, seslerini çykarmadylar. Gaýdyp onuň gyzyna hat ýazan-a bolmady, ýöne il bägül mysaly Bägülden elem çekmedi. Hommatlara gudalar dökülip başlady. Kimler gyza habary joralarynyň üsti bilen ýetirýärdiler. Kimleriň özi gelýärdi. Düşewüntlije käriniň arkasyndan köşk ýaly haýbatly jaý salyp, özi jaýyndanam beter haýbatly görünýän Hommatdan adamlar indi çekinmän duranokdylar. Şonuň üçin olar Hommat işde wagty Ogulhajadyň ýanyna gelip gidýärdiler. Gyzy üçin adamlaryň öýüne dökülip başlamasy Hommada Geldiniň hatyndanam agyr degdi. Ol birki ýyllab-a kim gapysyndan gelen bolsa, olaryň öýüne ýörite baryp, «Barjak gapyňy tana! Sen meniň deňimmisiň!»diýip gykylyklap gezdi. Soň-soňlar birneme demi düşüşip, «Şolar biziň deňimizmidir!» diýip, gudaçylyga gelenleri halaman, aýalyna gygyryp oňdy. Hiç kime gyzyny bermäge razy bolmady. Ýyllar geçdigisaýy Hommat öz gyzynyň-da keseki öýe gitmelidigine ýuwaş-ýuwaş boýun bolup başlady. Ýöne ol şonda-da gyzyny her geldi-geçere beräýjek däldi. Pulluja, maşynlyja, wezipelije, jaýlyja giýewi peýledi. Dünýede dokuzy düzüw adam barmy! Puly barynyň wezipesi ýokdy. Wezipelisi pulsuzrakdy. Jaýlysynda maşyn ýokdy, maşynlysynda derekli jaý. Hommat adamlary saýhallaýança, ara ýyl bary düşdi. Şeýdip, gyzy ýigrimi bäş ýaşa bardy. —Gyzyň ýaşy geçip barýa, bazary sowulmanka, kim bolsa-da, birine bereli—diýip, aýaly Ogulhajat gijesi bilen Hommadyň gulagyny gazap çykýardy.—Jigileriniň öňüni baglap otyr. Eýýäm kiçi çagalaryňy öý-işik etmeli bolup dur-a, bir sered-ä! «Dogrudanam, şuň diýenini başda edäýmeli ekenim» diýip, aýalynyň öňki-soňky diýenlerini makul tapyp, Hommat ahyry akylyna aýlanyp ugrady. Aýaly bilen razylaşdy: —Indi gapydan kim gelse-de, al habaryny! Gapydan il «Bägül» diýip, henizem gelip durdy. Ýöne indiki gelýänleri Bägüliň özi yzyna gaýtaryp başlady. Ol biriniň ogluna «gaýky» diýdi, biriniňkä «küýki». Biriniň ogluny gysga gördi, biriniňkini uzyn. Kimsiniň sypatyny halamady, kimsiniň kärini. —Sen näme indi şeýdip meniň dulumy alyp oturjakmy?—diýip, gyzynyň gabadyndan geçirýän her bir gününe howsala bilen garap ugran Hommat bu meselede gyz bilen kaka gepleşmek aýyp hem bolsa, bir gün gyzynyň ýanynda dil ýardy.—Öň-soň biriniň gapysyndan barmal-a borsuň! Bägül kakasyndan çekinip durmady: —Bu zatlar hakda Çary aganyň ogly Geldini urmankaň, pikir eden bolsaň, hemmämiz üçinem bähbitli bordy, kaka. Hana, gör, onuň senden niresi kem eken! Hommat ol ýakymsyz wakanyň ýatladylmasyna başyny ýaýkap, hyrçyny dişledi. Geldini uranyny ýatlanda, bir ýakymsyz duýgy kalbyny gysyp-gowurdy. Agzyndan süýt ysy gitmedik çepiksije ýigdekçäniň agyz-burnuny gana bulan pursady göz öňüne gelip: «Samsyk ekenim şol wagt» diýip, içinden öz-özüne käýindi. Çary suwçynyň ogly Geldi paýtagtda uly okuwy okap, sülçi bolup geldi. Ol raýon prokuraturasyndaky abraýlyja orunlara-da süýşdi. Okaýan ýerinden getiren kärdeş gelniniň boý-syraty-da, görk-görmegi-de Hommadyň gyzynyňkydan kem däldi. «Tüweleme, eýýäm bir topar ogly-gyzy-da bar» diýip, Hommat Geldini ýatlap, içini gepletdi. «Paňkelle diýsä!» diýip, ýene özüne käýindi. «Şol wagt oňa gyzymy beren bolsam, sülçi giýewli bordum!» Indi Hommadyň özi Çary suwçynyň ogly Geldiniň gabadyndan zagyrdap-zagyrdap geçýärdi. Ol özüne seredäýse dagy «Bir kemçiligimi duýaýdymyka» diýip, aladadan gara jany galmazdy. Bägül gözüne ýaş aýlap, igenjini dowam etdi: —Ýigrimi bäş ýaşyma çenli men diýip, gapyny nähili adamlar kakdy. Hemmesini menden soraman, yzyna gaýtardyňyz. Mende jinnek ýaljak göwün bardyr öýtmediňiz. Meniň näme, öz deň-duşlarym ýaly, ile goşulasym gelenokmydy?! Ile meňzeş maşgala bolasym gelenokmydy! Siziň şeýdeniňiz üçin indi menem tä öz diýenim gelýänçä, hiç kime-de gitjek däl! Oturjak! «Eý-ho!» diýip, Hommat gyzynyň bu sözlerinden soň kellesini tutdy. Gör, men nämeler edipdirin! Men näme üçin bu zatlary aýdylmanka duýup bilmedimkäm?! Ol gapysyndan gelýän gudalary kowup, özüniň nähili ters iş edenine soňy bilen has-da göz ýetirdi. Gyzy Bägül geleni gaýtaryp oturyşyna otuz ýaşa ýetdi. Indi onuň bilen deň-duş öýlenmedik ýigitler-de galmady. Hommat indi gyzyny ýerlemäniň gaýgysy bilen gijelerini çirim etmän çykýardy. Köçelerinde del aýal gördügi «Bize gelýämikä?» diýip, hantama bolup, kürtdürer durardy. Öz öýüne sowulman geçilip gidilende, ýa-da geleniň mellek, pul-sul meselesi bilen gelenini eşidende, gahary gelip, keýpi bozulýardy. Hommat ykballary uly gyzynyň ykbaly kimin keç bolmaz ýaly, kiçilerini adam saýlaman, öý-işik etdi. Gyzlaryny çykardy, ogullaryny öýerdi. Bägüle gudaçylyga gelýänler üçin Hommatýene bir gezek däliremeli boldy. Soňa baka onuň gyzyny aýalyndan aýrylan ýa-da aýaly ýogalan dul galan erkek kişiler üçin sorap gelip başladylar. Hommat gyzyna dul ýigit üçin gelen ilkinji gezek gudaçylyga gelnende, bütin gijesi bilen ses edip aglap çykdy. Soň bolsa «Meniň gül ýaly gyzym dula barmalymydyr!» diýip, gygygyryp, düwläp, ýene gudalary gapysyndan kowup başlady. Şeýdip oturyşyna, Hommat Bägüliň ýaşynyň kyrky nädip tegeläninem duýman galdy. Hommadyň özem altmyş ýaşy arka atyp, pensiýä çykyp, öýde dynça alyp başlady. Indi onuň uzakly gün öýde garry gyzyny synlap oturmakdan başga pişesi ýokdy. Ýyllar geçip, Bägüliň uly ili intizar eden görk-görmeginden nyşan galmady. Alkym etleri sallanyp, eňekleriniň töweregi, maňlaýy ýygyrt atyp ugrady. Saçlarynda ak görnüp başlady. Häli-şindi diş agyrysyndan jebir çekip, doktora gidip, dişlerini sogurdyp gelýärdi. «Görkem adam üçin wagtlaýyn zat eken» diýip, Hommat gyzynyň garrap barşyny aýylganç gorky bilen synlap pikir öwürýärdi. «Näme üçin men bu zatlary öň bilmedimkäm? Näme üçin?» diýip, ol içerde bir özi galan wagty kellesine ýumruklaýardy. Şu çaka çenli üns bermedigem bolsa, gyzy garrap ugraly bäri Hommadyň nazarlary gapdalyndaky goňşulary Şeker kempirlerde kän eglenýärdi. Kempir soňky döwürler has-da bükülipdi. Ýörände eňekleri ýere ýetäýjek bolýardy. Girende-çykanda, oňa agtyklary söýget berýärdi. Gözleri syçanyň gözi ýaly bolup, kiçelip galypdy. Kellesi saňňyl-saňňyl edip durdy. Geplände, dili düzüwli aýlanman, gepini zordan düşündirýärdi. Bazzyk-buzzuk edip, dil çykarmadyk çaga ýaly bolup otyrdy. «Aý-gün ötüp dur. Ölmän otursa, bir gün meniň gyzym Bägülem Şeker kempiriň ýaşyna-da ýeter. Gyzlygyna şeýdip, garrap galar» diýip, Hommat birsyhly gyzynyň aladasyny edip, arman bilen pikir öwürýärdi. «Ýöne gyzymyň çagasy-da ýok. Onuň hiç wagt agtygy-da bolmaz. Şonda kim oňa söýget bererkä? Gelinler-ä munuň hyzmatynda çagalaryny goýaýmazlar. Olar häzirem gyzymyň öýde oturanyny halap duranoklar. Entegem olarmen bolamsoň, seslerini çykaranoklar. Ejesi-kakasy bolmasa dagy, gelinler Bägül jany äsgerjek däller» Bägül gelinleriň çagalaryny göterişýärdi, arlyklaryny ýuwuşýardy. Uzakly gün gelinleriň hyzmatyndady. Şonda-da ony görenlerinde, gelinleriň gaşy çytylyşyp durdy. Gelinler garry gaýynekejilerini yzlaryna tirkäp, toý-tomga gidenlerinde, ondan aýryrak ýerde duranlaryny kem görenokdylar. Ak giren saçlaryny goşa örüp, öňüne atyp, ýüzleri ýygyr-ýygyr Bägül oral aýallaryň arasynda bolmaly halyna ýaş gyzlaryň arasynda çekinjirän bolup durup, uly ilde gülki, gürrüň döredýärdi. Kimler gyzyň gürrüňini heşelle kakyp etse, kimler oňa ýürek awadýardylar. Bir gün agşam, gijara öz sakgaldaşlarynyň biriniňkiden gümür-ýamyr edip gelýärkä, Hommat öýleriň biriniň deňinden geçende, iki sany aýalyň jammyldaşýan seslerini eşitdi. Hommat aýallaryň gep-sözünden olaryň gürrüňleriniň gudaçylyk hakdadygyny duýdy. —Sorap gelen bolsalar, ber gyzyňy—diýip, aýallaryň biri beýlekisine akyl satýardy.—Hommadyň gyzy ýaly bolup galaýmasyn! Bu sözleri eşidende, Hommadyň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Gahardan başy aýlanyp, tas ýere ýazylypdy. Öýüne baryp, bir özi jaýa girip, aglamak aglady. Çary suwçynyň ogly Geldini urşy, gapydan sap-sap bolup gelen gudalar göz öňünden kerwen gurady. «Şol günleriň birjejigini bir yzyna dolap bolsady!» diýip, ol ahmyr bilen zol-zol gaýtalady. Ýöne hernäçe gynanylsa-da, geçen günler yzyna dolanmaýar! Soňy bilen millet barha garrap, tapdan düşýän Hommat hasapçydan çekinmäni büs-bütinleý goýdy. Sögüşýän aýallaryň biri-birine: «Hudaýym, gyzyň Hommadyň gyzy ýaly bolup galsyn!», «Sypatyň gursun, Hommadyň gyzynyň sypaty ýaly!», «Hommadyň gyzy ýaly bolmakdan hudaý saklasyn!» diýşip gygyryşýan sesleri-de Hommadyň gulagyna mese-mälim eşidilip ugrady. Indi Hommat üçin bu dünýede durarlyk galmady. Onuň gyzynyň deň-duşlarynyň bary çagaly-çugalydy. Olaryň irräk öý-işik bolanlarynyň ogul öýerip, gyz çykaryp ýörenleri-de bardy. Hommadyň gyzy bolsa günbe-günden saçynyň agyny köpeldip, kakasynyň duluny alyp otyrdy. —Meni şu beladan dyndar! Kime berseňem, gyzyňy birine ber-de,güm et ony öýden!—diýip, ahyry Hommat ýagdaýa çydaman, aýalynyň üstüne arlap başlady.—Çagalam bolsa ber, dulam bolsa ber. Bäş çagasy bolsa-da ber, on çagasy bolsa-da! —Adam gelmese, men ony kime bereýin!—diýip, Hommatdan janyýangynly Ogulhajat hem adamsy bilen deň gygyryşdy.—«Gyzymy äkit» diýip, köçeden geçeniň ýakasyndan ýapyşaýynmy men!—Şeý diýensoň, Ogulhajat aglap başlady.—Kim günäkär şu zatlaň şeýle bolmagyna! Gyzyňa gudaçylyga gelinmegini betbagtçylyk saýypdyň! Men näçe gezek aýdypdym «Däliräp durma, gyzyň soralmasy bagtdyr» diýip! Diňlediňmi?! Gyz maşgala erkek oglan ýaly hem bolmaýar. Ogluň üçin islän gapyňy kakyp bolýar. Ýöne gyzyňy hödürläp, il gapysyny açarmyň sen?! Dili gysga bolansoň, Hommat gaýdyp sesini çykarmady. Uzak dymdy oturdy. Birhaýukdan soňam: —Indi Bägül jan Şeker kempir ýaly bolanda-da, şeýdip oturarmyka?—diýip pyşyrdady. —Maňlaýy açylmasa, oturar, dagy näme etsin ol!—diýip, Ogulhajat ýene gözlerini ýaşlady. Hommat üçin toý-tomgynyň, durmuşyň-da gyzygy gaçdy. Bägüliň ykbaly sebäpli ol her gün ýas tutýan ýalydy. Günleriň bir güni oba şum habar ýaýrady. Çary suwçynyň ogly Geldiniň aýaly ýogaldy. Bu habary eşidip, hemmeler gynansa-da, Hommadyň ökjesi ýeňledi. «Öňem gowy görýädi. Indi hökman ýygnar Geldi gyzymy» diýip, ol içini gepletdi. Geldiniň ýasly günleriniň birneme könelişerine sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Ýöne aýalynyň ýogalanyna kyrk gün geçse-de, iki aý geçse-de, dört aý geçse-de, Geldä aýal gözläp, Hommat hasapçynyň gapysyny kakan adam bolmady. Ahyry bir gün bolan ajy wakadan bäş aýa golaý wagt geçensoň, Hommat hasapçy şäher bahanasy bilen Geldiniň iş ýerine gitdi. Onuň gapysyndan çekine-çekine girdi. —Gel, Hommat aga! Nädip bu ýerlere düşdüň? Menlik näme ýumuş bar?—diýip, Geldi ony ýitirip-tapan ýaly garşylady. Asyl Hommat hasapçynyň özüni çagalykda urany onuň ýadyna-da düşmeýän ýalydy.—Geç, otur, Hommat aga! Şeý diýip, Geldi oňa kürsi süýşürdi. «Ýigitde adamçylygam zor eken-ow! Köne kine dagy ýadyna-da düşenok muň. Maňa nähili gadyr edýä!» diýip, Hommat hasapçy Geldiniň özüni mylakatly garşylaýşyna begenip, duran ýerinden içini gepletdi. —Aýalyň pahyram şeýle bolaýypdyr—diýip, Hommat hasapçy görkezilen oturgyja çökensoň, bimahal çag Geldiniň derdini gozgady. Garrap, kempire dönüp barýan gyzy göz öňüne gelip ejizledi. Jübüsinden reňki üýtgän elýaglygyny çykaryp, gözlerini süpürdi. Hommat hasapçynyň häzirki ýagdaýy tapdan düşen näsagyň hossaryny görüp ejizleýşine çalym edýärdi. Geldi häzir Hommat hasapçy üçin ony il gepinden dyndarjak howandardy. —Aý... boljak iş bolansoň, ejizläniňden haýyr ýok, Hommat aga, gynanma—diýip, Hommat hasapçy öz aýalynyň ýogalany üçin gözüni ýaşlaýandyr öýdüp pikir eden Geldi oňa göwünlik berdi.—Indi bir ölüm belasynyň yzy kesildigi bolsun! —Hawa, şeýle bolsun—diýip, soňky wagtlar gyzynyň gaýgysy sebäpli halys ejizläp, aglama keseline ýolugan Hommat hasapçy sojap-sojap, içini birneme egisdi.—Çagalaryň ýetim galdy, indi saňa-da aňsat däl. Geldi uludan dem aldy: —Aý, nätjek-dä. Aňsat bolmasa-da, çekmeli-dä! Hommat ýüregini birneme gowzadansoň, ýüz-gözüni, burnunyň suwuny mazaly süpürdi. Soň ýene Geldä ýüzlendi: —Bolmasa, Geldi jan, öýlenäýerler. Öleniň yzynda ölüp bolmaz. Çagalaryňa eje-de gereg-ä seniň. Geldi Hommadyň bu sözlerinden soň biraz dymdy. Äpişgesinden daşaryk syn saldy. Ýene uludan dem aldy: —Öýleneniňde gowy boljakmy, öýlenmäniňde, biler ýaly däl, Hommat aga. Bi zamanyň öweý ejesindenem seň çagaňa mähir boljakmy! Onsoňam, indi çagalar ulalyşdy hem. Gyzjagazlam öýüň nahar-şoruny, kir-çägini oňarýarlar... Ogullarymyň ulujasyny öýererin nesip bolsa. Gelnim-de hemaýatçy bor... Hommat hasapçynyň beýnisinde Geldi diňe öz gyzy Bägüle öýlenmeli diýen pikir at çapansoň, ol onuň sözlerini makullamady: —Çagalaryňa mähir bolar, işalla, Geldi jan. Geldi Hommat hasapçynyň içki harasatyndan bihabar bolansoň, onuň sözlerine gulagam gabartmady. Hommat hasapçy öz ýanyna bir iş bilen gelip, aýaly hakdaky gürrüňem gepiň gerdişine görä gozgaýandyr öýdýärdi. Şonuň üçin Hommat hasapçynyň soňky sözleri onuň gulagynyň düýbünde bomba ýarylan ýaly etdi. —Men saňa Bägüli bereýin, Geldi jan, al şony sen—diýip, Hommat hasapçy birden öz wawwaly meselesini orta atyp goýberdi.—Ýygnasaň bolýa. Meni iliň gürrüňinden dyndarsaň bolýa. Galyňam gerek däl, zadam. Çagalaryňa-da mähir bermäbilşinden bermesin şol! Mähir bermese, kellesini alaryn men onuň! Geldi gop berlen dek bolup, ýerinden zöweldi. Gulaklarynyň eşidýän zatlaryna ynanman, dili tutulan dek boldy. Bägüliň ugrunda ýanyp-bişen günleri, Hommat hasapçynyň özüni uran pursady göz öňüne geldi. Geldiniň öz sözüne hiç hili jogap bermän, dymyp durmasyny razylykdyr öýden Hommat hasapçy ýene sözleriniň üstüni ýetirdi: —Sen ony bir wagtlar gowam görüpdiň-ä, Geldi jan. Sen meni bagyşla. Men şonda samsyk bolupdyryn. Saňa el göterenimi bagyşla. Geldi birdenem özüni oturgyja goýberip, ekezlendi. Hommat hasapçynyň içini ýakmak isledi: —Ýaşlyk-da, Hommat aga. Men-ä seniň gyzyňy beýle bir gowam görüp baramokdym. Eger ýürek bilen gowy gören bolsam, sen ursaňam, öldürseňem, her edip-hesip edip, öýlenerdim oňa. Sen meni urup gaýdaňsoň men: «Şeýle bikemal, gylyksyz adamyň gyzy bir dereklimikä» diýip oýlandym-da, akylyma aýlandym. Geldiniň sözleri Hommat hasapçynyň ýüregine ok bolup çümdi. «Şeýle sözleri eşidenimden, ölenim müň paý gowy dälmidir!» diýip, ol ýüregini sançdyryp-sançdyryp oýlandy. «Döremän geçen gyz, döremeseň bolmadymy sen! Seň üçin kimlere ýüzümi saraltmaly boldum!» diýip, Bägüle gargynjyrady. Birdenem onuň gulagyna aýalynyň «Bu zatlar üçin kim günäkär!» diýip gygyrýan sesi gelen ýaly boldy. Geldi sözüni dowam etdi: —Meni urup gaýdan günüň agşamsy men seniň öýüňi otlamakçy boldum, Hommat aga! Geldiniň bu sözlerine Hommat hasapçynyň gözleri hanasyndan çykaýjak boldy. Ziňkildäp gitdi. Ýüzi ýedi ýuwlan ak esgä döndi. —Gorkmasana, ol bir gögele ýetginjegiň ar alma duýgusynyň möwjemegi—diýip, Geldi Hommat hasapçynyň gorkýanyny duýup ýylgyrdy.—Şonda kakam pahyr maňa: «Oglum, Hommat baý adam. Ol bütin birleşigi sorup otyr. Bu gün sen onuň öýüni otlasaň, ertir ol öňküsindenem gowy öý diker. Iň gowusy, ony Allatagala tabşyr-da goý. Azana temmisini hudaý berende, bendesiniňkiniň çeni bolýan däldir. Hommat gyzyna gowy söz aýdyp, gadyr goýýan adama jebir edip gitdi. Hudaý onuň gyzyny, belki, bigadyr eder. Şonda Hommada kyn bolar» diýipdi... Menem kakamyň diýenini etdim... Ýokary okuwy tamamlap, sülçi bolup gelemsoňam, men saňa köşk ýaly jaýy gurduryp, tumşugyňy göge tutmagyňa, ili äsgermezlik etmegiňe sebäp bolýan baýlygyň nireden gelýäninem subut edip bilýädim-ä ýogsa... «Sülçi bolup gelemsoňam» diýen bolýa, haramzada!» diýip, Hommat hasapçy Geldiniň näme diýjek bolýanyna düşünip, içinden pikir öwürdi. «Seni tutubam bilýän!» diýjek bolýa bi maňa». Ol Geldiniň özüne welin başgaça jogap gaýtardy: —Seň kakaňam, senem akylly ekeniň, ogul. Hudaý meniň öýümi däl, ömrümi ýakdy. Gyzymyňam, aýalymyňam ömri köýdi... Geçen günlerimiziň mazasyny bilen däldirin...—Şeý diýip, ol ýoluna rowana boldy. Geldi onuň hoşlaşmasyna-da jogap bermedi. Hommat hasapçy Geldiniň ýanynda peselip gaýtmasyna-da kemsinip, öýüne girip, aglamak aglady. Ýöne Geldä gyzyny hödürlänini welin, gyzyna-da, aýalyna-da duýdurmady. Ol indi özüniň hiç kimiň igenjine, iňirdisine çydap bilmejegini bilýärdi. Hommadyň aladasynyň üstüne alada goşup, tigirlenip duran günleriň biri onuň gapysyndan ahyrsoňy ýene bir sawçyny getirdi. Gelenler Bägüli sekiz çagaly dul ogullary üçin soraýardylar. Hommadyň gözüne giýew boljagyň çagalarynyň sany görünmedi. Ol kempir bolmanka, gyzy gapysyndan ýygnalsa oňdy. Bägül ilden utanyp, toýam etmedi, tomgy-da. Başyna atylan köne kürtä çümüp, ýat kişiler bilen gijäniň garaňkylygyna çümüp gitdi... Onuň durmuşa çykanyny illerem soň eşitdiler. Hommadyň aýaly gyzynyň yzyndan ses etdi: —Hudaý jan Bägül jana perzendem berermikä ýa indi giç bolup, ol ömri ötýänçä, iliň çagasyny bagryna basyp ötmeli bormuka?! Hommat aýalyna haýbat atdy: —Hany, goý-aýt sesiňi! Gyzyň gapyňdan ýygnalanyna şükür et! Ogulhajat sesini öňküdenem batlandyrdy: —Seniň şu akylyň mundan ýigrimi bäş ýyl öň nirededi-eý... OGULSENEM TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||