14:12 Hoşamaý söz daş ýarar | |
HOŞAMAÝ SÖZ DAŞ ÝARAR
Edebi makalalar
Bu durmuşda her dürli ýagdaýlar gabat gelýär. Ynha, çagalarynyň üstünde ene-ata dawalaşyp, biri-birine ters bakýandyr. Çagalary bolsa birwagt ýaraşyp gidendir... Ynha, iki goňşy sähel zadyň üstünde dawalaşyp, dawa hem ula ýazyp, iň ahyrynda iki goňşy arasynda “Görmesem, göwnüm hoş” diýip, beýik diwar galdyrylýar... Dawa diýlende, birwagt telewideniýede görkezilen şeýle mazmunly sahna oýny ýadyma düşýär. Är-aýal bir zadyň üstünde dawalaşyp, öz arzyny üçünji bir goňşusyna aýdýarlar. Ol goňşusy olaryň ikisini hem diňläp, “Seniňki dogry” diýýär, köşeşdirýär. Şol bir wagtda hem işläp ýadap gelen adamsyna, bazardan gerek zatlaryny alyp gelen aýalyna nähili hoş söz bilen ýüzlenmelidigini öwredýär. Aýala: “Wah-eý mähribanym. Ýadap geldiňmi? Gel, geç, ynha, çaý demläýin, nahar iýersiň, ýadawlygam aýrylar gider” diýen ýaly, adamsyna hem şonuň ýalyrak hoşamaý sözi öwredýär. Ärem, aýalam şeýle sözleri aýtmagy başarmarys öýdip ýaýdanýarlar. Iň ahyrda är-aýal ýaýdana-ýaýdana bu hoş sözleri bir-birine aýdyp, ýaraşýarlar. Soň bolsa şol sözleri öwreden adama barmaklaryny çommaldyp: “Bu biziň aramyza çöp atjak boldy” diýýärler. Hoşamaý sözleri öwreden adam bolsa iň ahyrda: “Siz agzybir bolsaňyz bolýar, men erbet adam bolsam bolaýyn” diýýär. Muhammet pygamber hadyslarynda: “Meniň ymmatym biri-birinden üç günden artyk öýke saklamasyn” diýýär. “Bir günki dawanyň kyrk gün rysgal-döwletiňe zeleli ýeter” diýen aýtgy hem bar. Şonuň üçin dawanyň däl-de, düşünişmegiň ýoluny gözlemeli. “Gözlän tapar” diýipdirler. Bu babatda “Hoşamaý söz daş ýarar” diýen aýtgydan ugur alynsa gowy bolardy. Ýaşlaryň biri bir ýaşulynyň ýanynda zeýrenýär: “Gaçgynym dawa weli, bolanok. Dawa edip hem hiç bir adama gep düşündirip bolanok. Her kim özüniňkini dogry hasaplaýar. Nätjegiňi bileňok”. Şonda ýaşuly degişmä salyp şeýle maslahat berýär: “Onuň birje alajy bar. Bir gezek söz bilen düşünişjek bol. Bolmadymy, “Seniňki dogry” diýip sowul. Soň hem dawalaşylýan ýerden ep-esli daşlaşyp, eşidiler-eşidilmez: “Seniňkem dogry, meniňkem dogry. Dogruda, walla” diýersiň weli, sen dawa etmedik ýaly bolarsyň. Göwnüňem giňäp hezil edäýersiň”. Amanberdi ALLABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |