22:34 Iki çatrykdaky öý / satiriki hekaýa | |
IKI ÇATRYKDAKY ÖÝ
Satiriki hekaýalar
Bu waka täze öýe göçüp gelen günümiziñ ertesi bolupdy. Sagymyzda goñşymyzyñ öýi gös-göni köçä çykýardy. Ana şol öýüñ äpişgesinden bir garryja adam kellesini çykaryp: - Wah, inim bu öýi kireýine almaly däl ekeniñiz - diýdi. Bu söze meniñ gaty gaharym geldi, bar keýpime sogan dograldy: - Adam täze göçüp gelende, şu çaka çenli: "Ýurt garşy alsyn!" diýlerdi welin, siziñ munyñyz nähili boldy? O näme üçin bu ýere gelmeli däl ekenik? Heý, goñşa-da beýle-beýle söz aýdylarmy, agam? - diýdim. - Meniñk-ä, häki bir duýdurmak, inim - diýip, ol göwni bir ýaly jogap berdi. - Şu öýe ýygy-ýygydan ogrular gelýär, şony aýdaýaýyn diýdim. Eger gaty görýän bolsañ, aýtmadygym hasap edäý. - Ogrular şu ýere gelip, beýleki öýlere gelenoklarmy? Gaharyma nätjegimi bilemokdym, içim ýanýardy. Çilim çekesim geldi, onsoñ bakgalçynyñ dükanyna tarap ýöneldim. Bu dükan edil biziñ jaýymyzyñ burçunda ýerleşýärdi. - Şeýle bir sypaýyçylyksyz adamlar bar welin, näme diýip, näme aýtjagyñam biler ýaly däl! - diýip, bakgalça ýürek nalamy beýan etdim. - Ýeri, näme boldy, dost? - diýip, ol meniñ derdimi bölüşmäge kaýyl bolup aýtdy. - Aý, duldegşir bir garry goñşym bar. Doga samsyk adam öýdýän. Ýañy geçip barýakam, sen ýok, men ýok yzymdan gygyryp: "Ýagşy ýigit, seniñ şol göçüp gelen öýüñ ogrularyñ mesgenidir. Bu ýerik göçüp gelmedik bolsañ gowy bolardy" diýdi. - Nämesini gaty gördüñ, ol dogrusyny aýdypdyr - diýip bakgalçy hem ýañky garrynyñ sözüni tassyklady. - Dogrudanam şol öýe gelmedik bolsañ gowy bolardy. Şol öýden wagtal-wagtal ogrular habar tutup durýarlar. Şundan soñ ýeke sözem diýmän, onuñ ýanyndan gaýtdym. Uzyn gün keýpim bolmady. Agşam çep tarapymyzda ýaşaýan adamlar bize myhmançylyga geldiler. Ýarygijeler uçurlary, dagaşmakçy bolanlarynda, goñşym dile geldi-bile geldi diýen ýaly edip: - Öýüñ kemi ýok, allanäme jaý, ýöne bir ýerjagazy bar: kä ýarym bu ýere ogrularyñ geläýmegi bar-da - diýdi. Gijäniñ bir wagty bolansoñ, hemem bu sözleriñ edil bosagada aýdylandygy üçin men: - O näme üçin olar size girmän, ala-böle bu öýe gelýärler? - diýip, soramaga het edip bilmedim. Aýalym meniñ ynjalykdan gaçanymy duýup: - Añdyñmy goñşularyñ niýetini? - diýdi. - Olar her hili ýol bilen bizi şu öýden kowjak bolýarlar. Ogry diýdiler, jümri diýdiler, bizi gorkuzyp, suwalla gaçyp gider ýaly etjek bolýarlar. Düşündiñmi indi? Kärende bahasy arzan bolany üçin, ýa özleri aljak bolýarlar, ýa garyndaşlarynyñ birini göçürip getirjek bolýarlar. Olaryñ tutan guşuny men birwagt ütüp iýdim. Muny añmasyna añdym, añyrsyna-da geçdim, ýöne, her näme diýseñem, uzynly gün gözüme çiş kakylan ýaly boldy. Uklaýsañ dagy nädersiñ. Edil gelmeli ogry bilen öñünden dilleşen ýaly şo-ol onum gelerine garaşdym ýatdym. Şeýdip ýatyşyma ahyry ymyzganypdyryn. Bir şygyrda oýandym. Ýassygymyñ aşagynda goýan pistoletimi garbap alyp: - Gymyldama! Gymyldadygyñ atýan! - diýip, garañkynyñ içinde bogazyma sygdygymdan gygyrdym. Şunça sermensemem, hiç çyrañ ýakylyp-söndürilýän iligini tapmadym. Sebäbi ýañy göçüp gelen adam özüñe belli, nämäñ nirdeligini bir bada bilip bolýarmy? Iki-baka urundym. Diwarlary sermeläp çykdym. Şol barmaşa-da büdredim welin, ala şakyrdy bolup bir zat gaýtdy. Ogry zalym, aýagyma kakandyr öýdüp, tas ähli okumy onuñ garnydyr-da diýip boşadypdym. Ýöne ýykylamda, pistoletimi elimden gaçyrdym, şunça gözlesemem tapyp bilmedim. Garañkyñ içinde biri: - Ha-ha-ha! - edip bir güldi welin, deýýusda utanç-haýa-da ýok. Men nädendirin öýdýäñiz? Gorkymdan ýaña saçlarym dim-dik boldy. Onda-da ýüregi bire baglap: - Äý, deýýus! Saña diýýän, ýa bu taýda dedektiw filmi surata düşürýäñizmi? Näme işleýärsiñiz? Erkek bolsañ, çyk, güýç synanyşaly, mahluk diýsäni! - diýip, bogazyma sygdygymdan gygyrdym. - Siz, görýän welin, çyrañ ýakylýan ýerini gözlediñiz öýdýän, dogrumy? Edil gapym sag ýüzündedir. Bu öýe täze göçüp gelen adamlaryñ hemmesi ilki şony tapman kösenýärler - diýip, garañkyñ içinde biri maslahat berdi. - Elime düşäýseñ, näme iş etjegimi bilýärmiñ, nejis diýse! - diýip, men hasam beter gygyrdym. Garañkylykdan nätanyş ses ýene maña jogap berdi: - Aý, agam jan, nätjegiñi men näbileýin. Ýöne rugsat etseñ, çyrany ýakyp berip, kömek edeýin saña. Ol şeýle diýdi-de, şyrkyldadyp çyrany ýakdy. Jaýyñ içi gündizlik boldy. Görüp otursam, men ýykylyp, asyl stoluñ aşagynda ýatan ekenim, aýalym bolsa krowatyñ aşagynda mekan tutupdyr. Öñümde äpet bir pyýada durdy. Boýy iki esse dagy menden uzyndy. Turaýamda-da, elbetde, ony gorkuzyp bilmejegime bada-bat düşündim. Şoña görä-de ýatan ýerimden bogazyma salybrak: - Kim borsuñ? - diýip, haýbatly soradym. - Ogry. - Diñle, aldaýjaksyñ welin, arkaýyn bol, aldatman. Sendenem bir ogry bormy. Gorkuzypjyk, şu öýden bizi göçürmekçi bolýam aga diýerler saña. Hany, meniñ gözüme dogry seret... - diýdim. - Men ogrumy, ogry dälmi, häzir görersiñ! - diýip, ol edil öz öýünde däldirin öýtmän çem gelen zady dörüşdirmäge başlady, göwnüne ýaran zatlary bir ýere üýşürişdirdi. - Indi bu otagy ýatakhana edipsiñiz-ow! Öñki eýeleri muny myhmanhana hökmünde ulanýardylar. Olardan öñem şonuñ ýalydy - diýip, ol öz işi bilen meşgul bolup ýörkä hüñürdedi. - Ogrulyk edýäniñi bilýäñmi sen, şonuñ üçinem aýdylmaly ýerine aýtmaly bolaryn, düşündiñizmi? - diýip, men haýbat atyp gorkuzjak boldum. - Eliñden geleniñi et, özem eglenme! - diýip, ol goşlarymyzy agdar-düñder edip ýörşüne arkaýyn jogap berdi: - Ýöne bir haýyş: olara menden salam aýdarsyñ, bolýamy? - diýip, sözüniñ üstüni ýetirdi. - Polisiýa uçastogyna baryp gelýänçäm gaçyp gidersiñ ahyryn? - Gitmen! - Öwlüýä kessin, gaçarsyñ! Öýümdäki ähli zadymy alyp, ýoguñy çekersiñ. Şonuñ üçinem öñürti seni gowuja dañaýyn, onsoñ polisiýa uçastogyna gidip aýdyp geleýin. Şuny niçik görýäñ? - Kömek ediñ-ä! Kömek ediñ! - diýip, aýalym hem öz borjuny berjaý etmek üçin gygyryp galdy. Kwartalymyzyñ adamlary çozuşyp geldiler. Göräýmäge kömege gelene-de meñzeýärdiler, öýümiziñ işigini alşyp durdular. Olar hiç zada geñ galanokdylar, käbirleri bolsa ogry bilen köne tanyşlary ýaly arkaýyn gürrüñ edýärdiler, ondan saglyk ýagdaýynyñ, işleriniñ niçikdigini soraýardylar we ş.m. Ogry bolsa gorky-ürküni bilmän, henizem goşlarymyzy döküşdirip, özüne geregräk zatlary gözläp ýördi. - Eziz goñşular, gaýrat ediñ, şu ogryny dañmaga kömek ediñ! Men häzir gidip, bölüme habar etjek! - diýdim. Goñşularymyñ biri: - Aý, ony özüñ gowy bilýäñ, ýöne munyñ biderek azap bolarmyka öýdýän - diýdi. Haýran galdym. Nirä gelipdiris? Aýalym bir ýerden ýüp tapyp geldi, bu ýüpde öñ kir serýärdik. Ogry garşylyk görkezmedi. Ony pugta dañyp, otagyñ birine dykdyk. El-aýagyny dañyp, daşyndan gulplap, aýalym ikimiz polisiýa bölümine ylgadyk. Aýalym komissara bolan işleri birin-birin gürrüñ berdi. Komissar onsoñ bolan işleri birin-birin gürrüñ berdi. Komissar onsoñ adresimizi sorady. Bizem aýtdyk. - Hä-ä-ä, wah, şol öými asyl? - diýip, ol geñ galyp sorady. - Hawa, şol öý! - diýip, men jogap berdim. - Wah, ol öý bize degişli däl-dä! Ol biziñ raýonymyzyñ serhedinden daşarda ýerleşýär, agam. - Onda biz näme iş etmeli? Görgülini biderek dañypdyrys-da, şeýlemi? - diýdim. - Bir öý ýokarrakda bolaýan bolsañyz, biziñ raýonymyza girerdiñiz. Onda biz bu iş bilen meşgullanardyk. - Bizden sag tarapky öý boş däl ekeni-dä, oña biz günäkärmi näme?!. - diýip, aýalym saklanyp bilmän aglamjyrady. Görüp otursak, biziñ göçüp baran öýümiz edil iki raýonyñ serhedinde ýerleşýän eken, şonuñ üçinem bu öýe göz-gulak bolmak dürli polisiýa uçastoklaryna dahylly eken. - Siziñ öýüñiz, hany göreýin, haýsy nomerli uçastoga degişlikä? - diýip, komissar biziñ ýüz tutmaly uçastogymyzyñ nomerini aýtdy. Onuñ salgy beren bölümi gaty uzakdady. Ol ýere barýançak mazaly dañam agardy. Baryp, bolşy-bolşy ýaly aýtdyk. Ol taýda-da nireräkde ýaşaýanymyzy soradylar. Bizem şeýle-şeýle diýip, adresimizi aýtdyk. - Hä-ä-ä, ol öý diýseñizläñ! - diýip, poliseýleriñ biri aýtdy. - Hawa, şol öý bolmaly. - Wah, agasy, birje öý aşakda bolanlygynda, şol öý bilen biz gyzyklanaýmaly ekenik. Ýöne siziñ jaýyñyz raýonymyzyñ serhedinden daşda galýar. - Waý-waý-eý! - diýip, aýalym aýtdy: - Ol adamy biz gaty bek dañyp gaýtdyg-a! Onsoñ men: - Indi biziñ öýümiz haýsy uçastoga degişli bolýa? - diýip soradym. - Siziñ öýüñiz žandarm uprawleniýesine garaşly. O ýerik howpsuzlyk bölümi gatyşmaýar. Siz žandarm uçastogynajyk ýüz tutuñ, bolýamy! Aýalym ikimiz ýene boýnumyzy sallap, ýeñsämizi tüññerdip ýola rowana bolduk. Emma ol birden maña "dur" diýdi: - Näme diýsene, ilki öýe bir sowlaly, birdeb o betbagt ölen bolaýmasyn? Elbetde, aýalym mamla, her iş bolsa bolaýmaly, kim bilýär. Ajyndan hem ölüp biler, ganynyñ doñup, heläk bolmagy hem ahmal, sebäbi onuñ dañylyşy gaty berkdi. Ogryny tutduñ, tañ etdiñ. Üstesine ýene ganhor hem boljakmy ahyry! Öýe gitdik. Gelsek, ogry şo-ol goýup gidişimiz ýaly güýlüngije ýatyr. - Ýagdaýlar niçik? - diýip, men ondan soradym. - Gül ýaly welin, birazajyk ajykjak bolýan - diýip, ogry derdini aýtdy. Aýalym oña iýer-içer ýaly zat getirip berdi. Emma näme diýip, näme aýdarsyñ, öýde noýbadan başga hiç zat ýok bolsa nädersiñ, ogram asyl noýba iýmeýän eken. Onsoñ aýalym etek alty, ýeñ ýedi bolup, etçiñ ýanyna ylgap, bäş-alty sany bifşteks alyp geldi-de, derrew gowrup, ogryñ agzyna tutup berdi. Ondan soñ žandarm uçastoguna arz etmäge gitdik. Ähli bolan işleri bolşy-bolşy ýaly edip aýtdyk. Žandarmeriýanyñ naçalnigi öýümiziñ nirdeligini sorady. Adresimizi aýtdyk. - Hä-ä-ä... Wah, şol öýmüdi? - diýip, ol gen galyp sorady. Hawa, biziñ öýümizi uly il bilýän eken. - Siziñ öýüñiz žandarm uçastogyna girmeýär, ol polisiýa bölümine garaşly - diýip, žandarmeriýanyñ naçalnigi edil şänik döwen ýaly edip aýtdy. - Nätdiñ-äý, jenap! - diýip, men azm urup aýtdym. - Bu nähili boldugy bolýa? Biziñ şo taýdan gelşimiz ahyryn! O taýda bize žandarm uçastogyna baryñ, siziñ öýüñiz şolara degişli diýdiler, sizem beý diýýäñiz, heý beýle-de bir zat bormy? Ýeri, indi biz nirä ýüz tutmaly? Biziñ öýümize kim äñetmeli? Kimem bolsa biri seretmeli dälmi näme? Hökman bir ýere dahylly bolmaly ahyryn. Žandarmeriýanyñ başlygy bir köne kartany çykaryp: - Heý, kartadan başyñyz çykýamy? - diýip sorady. - Ine, görüñ, bu taýda suw prowodynyñ diñi bar. Ine bu baýyr hem 208 metr diýlip bellenipdir. Biziñ žandarm uçastogymyzyñ serhedi hem ine şu ýerden geçýär. Eger siziñ ýaşaýan öýüñiz iki metr demirgazyk-gündogarda ýerleşen bolaýanda, bize degişli boljak ekeni. - Başyña döneýin, eziz agam! Indi şu iki metriñem gürrüñini edýäñizmi? Iki metr dagy biderek dälmi ahyryn? - O nähili biderek bolýamyşyn? Siz üçin, elbetde, biderekse-de biderekdir, ýöne onuñ nähili uly manysynyñ bardygyny özümiz gowy bilýäs! Ol kartany dürtekläp, ýene düşündirip ugrady: - Ine, görüñ, siziñ öýüñiz nirede ýerleşýän eken? Edil ol žandarm uçastogy bilen milisiýa bölüminiñ ikisiniñ serhet aralygynda ýerleşýän eken. Indi düşdüñiz gerek? Dogry, bagçylyk iki ýarym metr dagy biziñ raýonymyza süsñäp girýän eken, ýöne ogurlygyñ bolan ýeri bagçylykda däl ahyryn. Ýene polisiýa uçastogyna gitmekden başga alaç galmady. - Ýöne öñürti öýe baryp, ogryny görüp gideli. Hudaýjan, ölmedik bolsa-da biri, öläýse, şonda bardyr işimiz! - diýip, aýalym ýüregindäkini aýtdy. Öýe geldik. - Ýagdaýyñ niçik? - diýip, ogrudan soradym. Ol: - Suwsuz ölüp barýan, çaltrak suw beriñ! - diýip, jogap berdi. Suwdan ganandan soñ bolsa: - Eşitdim-eşitmedim diýmäñ, azatlygyma hyýanat etdiñiz diýip arz ederin. Hakyñyz ýok! Boşadygym, sizi suda bererin! - diýip, haýbat atyp başlady. - Wah, inim jan, nä gürrüñ edýäñ - diýip, men onuñ diýenine hä berdim. - Biz näme iş etmeli? Biziñ öýümiziñ haýsy raýona degişlidigi anyklananok, şonuñ üçinem seni nirä aýtmalydygyny tapamzok. Heý, şunuñ ýaly hudaýgargan ýerdenem bir jaý gurarlarmy, iki uçastogyñ arasy - tüýs "iki aralyk iç ýakan" diýilýänleri-dä? - Häli aýtmadymmy size? Iñ gowusy, meni boşadyñ, ýogsam azatlygyma el garanyñyz üçin suddan-suda entederin. Gaty heläk ederin! - Agşama çenli ýene bir sapar polisiýa baryp gelmäge rugsat et - diýip, men özelenip haýyş etdim. - Elbetde, gidip bilersiñ. Ýöne aljak galañ bolmaz, şonam aýdaýyn. Bujagaz işlere gaty beletdiris. Olar ilki siziñ öýüñiziñ haýsy raýona degişlidiguni anyklarlar, ýa-da bolmasa, uçastoklaryñ serhedini üýtgetmeli bolar. Şoña deñiç eliñden geljek zadyñ ýokdugyny aýdýan. Biz onsoñ ýene polisiýa tarap gitdik. Polisiýanyñ naçalnigi hem karta çykaryp: - Serediñ ine - diýdi. - Žandarm uçastogynyñ serhedi ine şu ýerden geçýär, görýäñizmi? Bagçylyk žandarmeriýa girýär. Şeýlelikde, siziñ ýaşaýan öýüñiziñ bir bölegi-hä bize degişli, beýleki bölegem žandarmeriýa degişli. - Ýatylýan otag edil siziñ uçastogyñyza girýä. Ogurlygam şo ýerde edildi! - diýdim. - Dogry, ýöne muny anyklamaly bolar - diýip, polisiýanyñ naçalnigi garşylyk görkezdi. Üstesine-de ogry asmandan inen däldir ahyryn, ol bu ýere aralaşjak bolsa, hökman bagçylygyñ içinden gelen bolmaly. Bagçylyk bolsa, belli bolşy ýaly, žandarmeriýanyñ uçastogynyñ çyzygyna girýär. Umuman aýdanda, bu işi biz ýañy görmeli däl. Munuñ bahym aralykda çözülmegi ahmal. Siziñ öýüñizi nirä goşmaly bolsa - göreris, onsoñam derñewe başlarys. Şeýdip öýe hiç bir iş bitirip bilmän gaýdyp geldik. Ýene şol sag tarapky goñşym äpişgeden: - Başyñyza düşen külpete gynanýandygymyzy aýdýan. Hernä düzelişip gitsin-dä, size ogry giripmiş diýýäler - diýip gygyrdy. - Hä, girdi - diýip, jogap berdim. - Şo öýde hiç kimem ýaşabilmez. Sebäbi gaty arzan berýärler. Eýesi görgülem ýaşap bilenok; kireýine ýaşaýan adamam tapanok. Iki metr añryk süýşürjegem bolup synanyşdy. Şo wagtam siz gabat gelip, size berdi. - Siziñ bu ýerde hiç günäñiz ýok - diýip, gojanyñ aýaly hem gürrüñe goşuldy. - Günä öýüñ eýesinde, bar günä şonda! Öý gurunýarkalar suwunam, elektriginem, gaz prowodynam, alynky eýwanynam göz öñünde tutýarlar, haýsy raýona girjekdikleriniñ bolsa pikirinem etmeýärler. Heý, göni iki sany poliseý uçastogynyñ aralygynda-da bir jaý salarlarmy? Akmak diýerler olar ýalaka! Näme iş etmeli ahyry? Jaýy taşlap-ha gidip biljek däldik, sebäbi bir ýyllyk kärende tölegini öñünden beripdik. Öýe gelip, ogryny güýlen ýüpümizi çözdük. Ogry zaññar utanman, haýa etmän biziñ bilen bir stoluñ başyna geçip oturyp, biz bilen bileje agşam naharyny iýdi. Soñam hoşlaşyp: - Häzirlikçe sag oturyñ, ýene gelerin - diýip, çykyp gitdi. Indi eýýäm bir däl, telim ogry biziñ öýümiziñ hemişelik müşderisi. Kwartalymyzyñ olary tanamaýan adam ýok. Özümizem olar bilen arkalaşyk edip başladyk. Agzymyzy bir edip, başga, ýat ogrulardan öýümizi gorap saklaýarys. Beýleki ogrularyñ şeýdip içini ýakýarys. Ölmän gezip ýörsek, neneñ-niçik bolar bu zatlar, görübereris-dä. Ýa-ha şertnamañ möhleti dolýança şu öýde sekiz bolup, ýagny alty ogry, bizem iki adam bolup ýaşabereris, ýa-da bu öýi ahyry bir raýona berkiderler-dä. Ana şonda ogrulary gapjap, aýdylmaly uçastogynajyk aýdarys. Ýöne birek-birek bilen şeýle bir öwrenişipdiris welin, şunuñ ýaly iş edýärler diýip ýamanlamaga, arz etmäge biziñ-ä indi dilimizem barjak däl, sebäbi olaram kireýiñ ep-esli bölegini çekişýärler. Mugt ýaşanoklar. Eziz NESIN, türk ýazyjysy. Terjime eden: Kemal YKLYMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||