IT BILEN PIŞIK
Bile ýaşaýar,
It bilen pişik,
It-ä horlanýar,
Pişigem çişik.
Etmeli zady,
Öwredýär oňa,
Pişik myr-myrna,
It gelýär heňe.
Şeýdip agzybir,
Ýaşaýar olar,
Heý oýlan barmy,
Bu beýle bolar.
Itler pişige,
Meňzejek bolýar
Möjekler muny,
Geňlejek bolýar.
Ýöne özlerem,
Bolupdyr heňdeş,
Uwlaýar olar,
Şagala meňzeş.
Bu bar haýwana,
Ýoň bolup barýar,
Gör edenlerem,
Oň bolup barýar.
Çagalar edebiýaty