JADYLY KÖK
Ýyrtyjylaryň şasy — ýolbars, guşlaryň şasy — bürgüt hasaplanyşy ýaly, ösümlikleriň şasy hem ženşen hasaplanýar. Hytaý dilinde «jen—adam» «şen—kök» diýlen manyny aňladýar.
Ženşen adam aýagy sekmedik gür tokaýlyklarda bitýär. Ol ýiti güneşli ýeri halamaýar. Çygly, kölegeleç, imisalalyk ýerleri gowy görýär.
Ony ýörite gözleýän adamlar bolup, olaryň arasynda bütin ömrüni ýekeje ženşen tapyp bilmän geçirýänleri-de barmyşyn. Eger tapaýsalar welin, ol ýeri gizlin goraglap saklap, ženşen kämillik ýaşyna ýetýänçä ondan habar alyp durýarlar.
Ženşen hakyky ženşen bolýança azyndan üç ýüz elli-dört ýüz ýyl ösýär. Şonuň üçinem ženşen tapan adam ony özünden soňky ogluna, ol hem indikä, şeýdip, nesilden nesle gizlin syr—gizlin miras hökmünde gowşuryp gidýärler.
Teýahyr, ženşen ýetişip, bir sähetli gün ony köwläp alýarlar. Bu uly taýynlygy talap edýär. Bir hepde – on gün öňünden dirilik köküni köwlejek adam ýuwnup-ardynyp, tämiz eşiklerini geýip, däp bolan dogalary okap, ženşeniň ýanyna baryp, onuň bilen «gürleşýär». Köwläp almak üçin rugsat soraýar, jogaba garaşyp, ýanynda bolýar.
Eger-de şol wagt haýsydyr bir ýaramaz alamat ýüze çyksa, ýel tursa, ýagyş ýagsa, golaýdaky agaçlaryň şahasy döwülse, gaplaňdyr aýy ýaly wagşy haýwanlar peýda bolsa, «Ženşen rugsat bermedi» diýip, köwlemek işini başga bir sähetli güne goýýarlar.
Ahyrsoňy oňaýly gün arap, ženşen «göwneýär». Ženşeni köwlemek işi iňňän usullylygy talap edýär.
Köwlenýän wagty ženşeniň ýekeje kökjagazy ýa-da baldagy çapylsa-da bolmaýar. Onda onuň güýji peselýär. Ahyrsoňy agramy bary-ýogy üç ýüz – dört ýüz gramlyk köki köwläp alýarlar. Onuň görnüşi iki elli, iki aýakly adama çalym edýär, oňa «adam kök» hem diýýärler. Tebipleriň ynanjyna görä, ol ony ulanýan adamyň bedenini täzeleýär. Soňra ony derman ýasaýan ussat tebiplere örän gymmatbaha ýerleýärler. Tebipler bolsa ondan dirilik dermanyny ýasap, ömrüni uzaltmaga döwtalap baý kişilere, ýurt hökümdarlaryna, patyşa-imperatorlara gymmatdan-gymmat satýarlar.
Ženşen ýöne bir ösümlik bolman, jadyly–syrly, «janly» ösümlik hasaplanýar (Onuň gargyşy siňip, awçylaryň, tebipleriň, şamanlaryň heläk bolýandygy hakdaky rowaýatlary Orsyýetiň Kamçatka ýarym adasynda serker bolup gullyk edenimde, Hytaý bilen araçakdeş Amur derýasyna ýakyn ýerlerde bolanymda köp eşitdim. H.Ş.).
Ženşen ösýän wagty tokaý ot alsa, golaýyndan sil geçip, gurakçylyk bolup, mör-möjek baldagyny iýip ýa-da başga bir düşnüksiz sebäpler dörese, daşyndan seretseň gurana meňzäp, uzak möhletli uka gidýär. Onuň bu mejalsyzlyk ukusy on bäş – ýigrimi ýyl, käte bolsa kyrk-elli ýyllap dowam edýär. Ol birdenem oýanýar, ýene gögerýär. Güýç tapyp, ösüp başlaýar.
Onuň tohumyny alyp, eldeki şertde hem ekip görýärler. Emma güýji hakyky dirilik köküniňki-ýabany ženşeniňki ýaly bolmaýar.
Bu kök meni özüne şeýle bir imrindirdi welin, ürç edip ol baradaky maglumatlary ýygnap başladym. Her gezegem onuň has güýçli, syrly kökdügini tekrarlaýan täze delillere gabat gelýärdim.
Kyrk ýyla golaý dowam eden gözlegimi arada bes etdim. Sebäbi ženşen barada soňky tapan delilim meni haýran galdyrdy: «Bu köki demini sanap ýatana berseň, hatda ölümi hem birnäçe wagtlyk yza tesdirip bolýar».
Hemra ŞIROW.
Ösümlik dünýäsi