13:25 Gybat etmekligiň jezasynyň beýany | |
GYBAT ETMEKLIGIŇ JEZASYNYŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Resul alaýhyssalam bir ýola gazawata (söweşe) bardy. Gazawaty berjaý getirdi. Ondan soň gazawatdan gaýtdy. Eýse ýolda bir baý sahaba myhman boldy. Ýaranlaryny bir öýe saldylar. Olar şol ýerde oturdylar. Nan iýer wagty boldy. Olar: «Bize nan-huruş bersinler» diýip, Selman Parsyny Resul alaýhyssalamyň ýanyna iberdiler (Ýene bir rowaýatda «Bize et ibersin» diýip aýdylýar). Selman Parsy gitdi. Eýse biri aýtdy: — Selman Parsy derýa gitdi. Ol derýany gaýtarýar – diýdi. Selman Parsy Resul Hudanyň öňüne barmazdan öň Jebraýyl hem geldi. Ol sahabalaryň gybat edip oturanyny gördi we ony habar berdi. Ondan soň Selman Parsy geldi. Sahabalaryň sözlerini Resul Hudaýa aýtdylar. Resul Huda: — Eý Selman Parsy, olara aýtgyl. Olar şol sagat hem myrdar eti iýdiler. Indi nan-huruş ne hajat? – diýdi. Bu habary olara ýetirdiler. Sahabalar aýtdylar: — Biz myrdar eti iýmedik. Resul Huda: — Siz Selmanyň gybatyny etdiňiz. Şonuň üçin myrdar eti iýen dek bolduňyz. Her kim bir musulmanyň gybatyny etse hemme doganlarymyz myrdar eti iýen dek bolar – diýdi. Halyt (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy: — Men bir gün metjidiň jaýynda otyrdym. Ýaranlar bir musulmanyň gybatyny etdiler. Men olara ýar boldum. Ýagny, goşuldym. Ol gije ukladym. Eýse, bir gara kişi geldi, golunda doňuzyň bir tabak haram eti. Maňa aýtdy: — Bu haram eti iýgil. Men aýtdym: — Musulman kişi doňuzyň etini iýmez. Ol: — Musulmanyň etini iýenden muny iýen ýagşydyr – diýip, agzyma dykdy. Men gorkup oýandym. Tä kyrk güne çenli doňuzyň etiniň ysy agzymdan gitmedi. Resul alaýhyssalam: — Gybatyň günäsi zyna we beçebazlykdan beterdir – diýdi. Bir gün bir hatyn Resul alaýhyssalamyň gaşyna geldi. Äşe (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy: — Ýa, Resulalla, ol hatynyň boýy gysga eken – diýdi we gybat etdi. Gybatyň azy ol bolar. Kişiniň bar aýbyny aýtsa, ol gybat bolar. Gybatyň azy kişiniň aýybyny aýtmak bolar. Kişiniň etmedik işini aýtmak töhmet bolar. Ol gybatdan hem beterdir. Töhmet kapyrlyga ýakyndyr. Resul aýtdy: — Kyýamat güni her kime amal namasy geler. Her kim amal namasyny eline alar. Hemme tagat ybadaty we ýagşy işleri amal namasynda ýazylgy bolar. Her bende öz namasyny okar. Onsoň ol bende aýdar: — Eý, bar Hudaýa, bu nama meniň namam däl. Men munuň ýaly tagat we ybadat etmedim – diýer. Ol wagt Haktagaladan owaz geler: «Eý, bendäm, halklar maňa tagat we ybadat etdiler. Ýöne seniň hem gybatyňy etdiler. Ol wagtda men olaryň ybadatyny seniň amal namaňa ýazdym. Seniň mundan habaryň ýokdur. Seniň eden günäňi bolsa olaryň namasyna ýazdym. Bu gün mähribanlyk keremim saňa boldy» diýer. Ýene bir para jemagatlaryň namasy sol goluna geler. Görerler, hiç tagat we ybadat ýok. Ol jemagatlar aýdar: — Eý, bar Hudaýa, biziň namamyz bu nama däl. Biziň namamyz başgadyr. Şol wagt Haktagala aýdar: — Eý, jemagatlar, siz tagat we ybadat etdiňiz. Ýöne gybat hem etdiňiz. Şonuň üçin men ol tagatlaryňyzy gybatyň eýesine berdim. Bu gün size mähribanlyk kerem ýokdur – diýip gazap eder. Resul aýtdy: — Gybat üç hilidir. Biri – haram, biri – kapyrlygy peýda eder, biri mübahdyr (zyýansyz hem peýdasyz). Mömin bendäniň gybat etmekligi haramdyr. Bir bende gybat etse we «men gybat etmeýärin» diýip ýene bir kişiniň ýanynda aýtsa kapyr bolar. Ýene biri rugsat berlendir. Ol bozuklaryň we zalymlaryň gybatyny etmeklikdir Ajaýyplyklaryň düri. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||