13:45 Jelaletdin / 1-nji bölüm: Gaplaň çagasy | |
1-nji bölüm: HOREZMIŇ ŞASY MUHAMMET
Taryhy proza
I. Gaplaň çagasy Horezmiň şasy Muhammet Alaeddin öz töweregindäki hormatly adamlary oslagsyz bir zat tapyp, aňk etmegi halaýardy. Ol bir gün şeýle diýdi: – Meniň haýyr-sahawatly, görk-görmekli iki ýüz ýetmiş aýalymyň arasynda azatlyk söýüji, hemişe gahar-gazaby dyňzap duran taýpadan ýekejesi-de ýok. Ähli ýaranjaňlar hökümdaryň türkmenleri göz öňünde tutýanyny bada-bat aňdylar. Köşk gözegçisi hem agtalaryň baştutany bolan garry çekinjeňlik bilen dil ýardy: – Onuň sebäbini siziň paýhasyňyzdan gözlemek gerek. Bu siziň köşkde soňsuz bulagaýlyklardyr gizlin dildüwşikleriň bolmagyny islemeýäniňiz üçindir. – Ýok, bu gepiň telek! – diýip, atly goşunyň baştutany, batyr hem öňden görüji Timur Mälik oňa garşy çykdy. – Biziň hökümdarymyz paýhaslylyk bilen örän dogry netije gelipdir: edenli hem buýsançly taýpadan bolan ter güli sahawatly ýüregine basmak bilen, onuň Alyhezretleri özüne wepaly hem ygtybarly dost tapynar. – Hawa! Men çölüň ajaýyp güllerinden dokuzysyny saýlap köşgüme getirer ýaly, öz tejribeli kömekçilerimi Garagumdaky obalara ugratmak kararyna geldim. Olar erkana at ýaly seýkin basyşly, maral kimin ýeňil, gözleri garaňky gijedäki ýyldyzlar ýaly şuglaly, öz iliniň aýdymlaryny aýdyp bilýän, maňa aýal bolmaga hem perzent dogrup bermäge mynasyp bolmaly... Şa ýüpek ýaly gara sakgalyny almaz ýüzükli barmagyna çolap, oýa batdy. Onuň töwereginde halynyň üstünde oturan ýaranjaňlar öz aralarynda gozgalan tapyp, pyşyrdaşdylar: – Ol gyzlar sana sähra aýdymlaryny aýdyp bererler, ýel ýaly, ýeňil gopup tans ederler. Türkmen tagamlarynyň iň gowularyny bişirerler, özlerindäki türkmen bigamlygyny hem alamana höwesliligi sendäki pähim-paýhas bilen ugtaşdyrýan ogullar dogrup bererler. – Haçan-da türkmenler öz gyzlarynyň seniň ýan ýoldaşyň bolandygyny bilseler, hemişeki bulagaýlyklaryny bes ederler. Hökümdarym, olardan bolan şa aýaly saňa öz halkynyň hal-ýagdaýy, hajatlary hem islegleri barada gürrüň berer – diýip, şyhulyslam söze goşuldy. – Bu paýhasly, öňden görüjilikli hem zerur ädim! – diýip, şanyň töweregini gallap oturanlar bir-agyzdan makulladylar. Tutuş bir aýlap türkmenleriň närazylygy köşeşmedi. Käbir obalar oturymly ýurtlaryny terk edip, Garagumyň jümmüşine siňdiler. Iki obanyň adamlary Horezmiň şasy üçin gyz alyp gitmäge gelenler bilen ganly söweşe girdi. Barybir buýruk ýerine ýetirildi. Kümüş esbaplardyr ýüpek halylar bilen bezelen kerwen «älemiň bezegi» bolan gara gözli, gar ýaly ak dişli garaýagyz sähra gözelleriniň dokuzysyny Beýik Horezmiň paýtagty Ürgenje alyp bardy. Olary gözden geçirip, baha bermek işini şanyň asly gypjak taýpasyndan bolan hökmürowan ejesi Türkan hatyn öz boýnuna aldy. Bu gyzlar gözüne ýek görünýäni üçin ol hasam yrsaraýardy. Öýlenýän özi bolsa-da, Horezmiň hökümdarynyň tä nika gyýylýança gyzy görmege haky ýokdy. Nika gyýmak dabarasy şyhulyslamdyr ymamlara tabşyrylyp, oňa ulamalar hem ses goşup gygyryşýan, towsaklap böküşýän derwüşlerem gatnaşýardy. Türkan hatyn süňňüne ornan ýigrenç duýgusy bilen närazy hüňürdäp, getirilen gyzlary ýeke-ekeden gözden geçirýärdi. Utançdan ýaňa elleri bilen ýüzüni ýapyp, gözýaş edýän ýalanaç gyzlar şanyň ejesi näme buýursa, tabynlyk bilen ýerine ýetirýärdiler. – Aç towuk ýaly hor – diýip. Türkan hatyn gyzlaryň biriniň gapyrgalaryny elläp durşuna ýigrenç bilen hüňürdedi. – Jöwenden başga zat iýmedik bora çemli... Dişleriňem-ä meňki bolsun diýer ýaly däl. Aýaklarynam çöp ýaly. Asyl bütin durkuň gotan ýaly betgelşik... Dokuz gyzyň birem onuň göwnüne ýaramady. Ýöne Horezmiň şasy haýal etmän toýa başlamagy talap edýärdi. Şonuň üçinem Türkan hatyn Aýjäjek atly bir gyzy saýlady-da, oňa iň gowy nika lybaslaryny geýdirmegi buýruk berdi. Beýleki gyzlary öz obalaryna ibermegi tabşyrdy. Kerweniň gandaly bilen gaýdan ak sakgal ýaşulular öz aralarynda närazy hüňürdeşýärdiler: – Şanyň ejesi biziň gyzlarymyza bilgeşleýin göwnüýetmezçilik edýär. Özi gypjaklardan bolany üçin basyp bilmez ýagysy türkmenler. Onuň ala-böle Aýjäjegi saýlanynyňam sebäbi düşnükli. O bir ýetim gyz. Köşkde orun tutup, wezipe eýeläp biljek dogan-garyndaşy ýok. Muhammet gyzlaryň ýany bilen gelenleriň hem gaýtarylan sekiz gözeliň toý dabarasyna gatnaşmaklaryny isläni üçin ýola düşen kerweni yzyna doladylar. Bu toýda Muhammet käte ejesiniň diýeninden çykyp bilýändigini ile göz etdi. Ol türkmen myhmanlarynyň ählisine gymmat bahaly sowgatlar paýlap, hazynasyny mazaly gowzatdy. Edil tomus gijesindäki parlak ýyldyzlar ýaly şugla saçýan türkmen gözelleriniň keşbi, ýylgyrmalary şanyň aklyny haýran etdi. Oglunyň getirilen beýleki sekiz gyzam öz aýallarynyň arasyna goşaýmak hyýalynyň ýok däldigine göz ýetiren Türkan hatyn gypjak hanlary bilen maslahatlaşdy. Olar bu bulagaý taýpadan bolan adamlara mundan ýokary hoşamaýlyk eden halatynda gypjaklaryň türkmen obalaryna çozaýmagynyň ähtimaldygyny şaha duýdurdylar. Muhammet bu duýduryşa: «Watanyň asudalygy meniň üçin ähli zatdan ýokarydyr» diýip jogap berdi-de, «sekiz ýyldyzy» öz obalaryna gaýtarmagy tabşyrdy. Türkan hatyn tekepbirlik bilen dodak çöwrüp, öz meslekdeşlerine şeýle diýdi: – Men ähli zady öňünden mazaly ölçerip-dökdüm... Gyzlaň içinden tomzak ýaly iň garajasyny, arrygyny, ejizjesini saýladym. Oň basym amanadyny tabşyrjagyna gözüm ýetip dur. Ýöne bu çepiksije, garagözlek türkmen gyzy tekepbir şa heleýiň tamasyny ýere çaldy. Aýjäjek edil bars ýaly çeýedi, çydamlydy, dag geçisi ýaly çakgandy. Türkan hatynyň içigaralykly tagallasy netijesinde Horezm şasynyň öňki toýlaryndan has pes geçen toý şagalaňyndan soň Aýjäjek köşge ýanaşyk salnan, töweregi belent diwarly jaýa geçdi. Howluda ýaş şetdaly agaçlary, bägül düýpleri ekilipdir. Dürli reňkli balyjaklar ýüzüşip ýören howuz bardy. Hellewläp oturan äpet garagaç Aýjäjegiň hasam hoşuna geldi. Bu jaýa gelen ilkinji güni ol öz mähriban sährasyny görmek tamakinligi bilen garagajyň depesine çykdy. Muhammet şa täze aýalynyň ýanynda on gün çemesi bolup, soňam ünsden düşürdi. Ýaş gelin şeýdip öz darajyk çygyrly dünýäsinde bütinleý erkana ýagdaýda galyberdi. Onuň ýanyna çölden türkmen aýallary hem gepi geçginli ýaşulular gelýärdiler. Hemişe-de ýanlary sowgatlydy. Olar Aýjäjege akja guzy, diri käkilik, gurt, Köpetdagyň eteklerinde bitýän iri gara üzüm hem kiçijik ýüpek halyça getirýärdiler. Şol halyçanyň üstünde oturyp, türkmen halkynyň abadanlygy hem bagtly bolmagy üçin doga okamagyny sargaýardylar. Aýy-güni dolanda Aýjäjek Horezm şasyna garaýagyz, aglajyk ogul dogrup berdi. Bu wakanyň şanyna şyhulyslam dabaraly doga okady. Türkan hatynyň iberen jadygöýlerem uwlaşyp onuň üstüni ýetirdiler. Çölden gelen türkmen bagşylary sallançagyň ýanynda oturyp, körpeje şazadanyňam şolaryň biri ýaly bolup ýetişmegini arzuwlap, gadymy batyrlaryň edermenlikleri baradaky hekaýatlary aýdym edip aýtdylar. Ýörişlerdir döwlet işleri bilen meşgul bolup, Muhammet şa öz körpeje ogluny uzak wagtlap ýadyndan çykardy. Haçan-da ýedi ýyldan soň Aýjäjegiň: «Öz Jelaletdin atly ogluny gör» diýmesine ol geň galdy. Horezm şasy birnäçe atlyny hem altyn esbaplar bilen kemsiz bezelen gyr aty oglunyň yzyndan iberdi. Iberilenler ogluň bu ata münmekden ýüz dönderýär diýip dolanyp geldiler. – O näme üçin? – diýip, Muhammet şa dergazap bolup gygyrdy. – Aýallaryň terbiýesini alany üçin meň oglum çekinjeň gyz ýaly bolaýypmy? Men oňa bilgeşlin çaga-da münüp biler ýaly ýuwaş at iberdim. – Seň ogluň batyr boljak. Ol siziň Alyhezretleriňiziň iberen aty ýuwaşlygy üçin Türkan hatyna ýa-da garry şyhulyslama mynasyp diýdi. Horezmiň beýik şasy bolan siziň gaşyňyza münüp geler ýaly Onuň türkmen halkyndan sowgat berlen öz aty bar. Ol şol atyny münüp gelmekçi. Şa muňa haýran galdy, gyzyklandy. Ol oglunyň haýal etmän gelmegini buýurdy-da, özi şäheriň çetinde ýerleşýän Tyllaly bagynda garaşmaga başlady. Ýaş Jelaletdin gözleri ýanyp duran, çaksyz owadan, dor türkmen atyny çapdyryp geldi. Atyň egrelip duran çeýe boýnunda ýaly ýokdy. Gulaklarynyň ýanyndan tä gerşine çenli uzalyp gidýän tüýsüz zolak – Onuň seýrek duş gelýän gadymy atlaryň jynsyndandygyny habar berýärdi. Oglan atdan ýeňillik bilen böküp düşdi-de, uýany öz yzyndan atlaryny ak köpük edip ýetip gelen ýigitleriň birine berdi. Ol öz awlan towşanyny elinde tutup, garry garagajyň teýinde haly ýazylan tümmegiň üstünde oturan Horezm şasynyň gaşyna bardy. Soňra çök düşüp, towşany bir gapdalynda goýdy-da, elleriniň arasyndan ýeri öpdi. Muhammet şa tolgunma bilen ogluny ýanyna çagyrdy, gujaklap, maňlaýyndan ogşady-da, öz gapdalynda oturtdy. – Meniň awumy kabul et. Muny öz gowy görýän tazylarym bilen kowalap tutdum. – Saňa at münmäni öwreden kim? – Ejem Aýjäjek öwretdi! – diýende, Jelaletdinin gözlerinde buýsanç uçgunlary ýylpyldady. Şa dessine towşanyň etini çişe düzüp bişirmegi, hamyndan bolsa özi üçin awda geýer ýaly ellik tikmegi buýruk berdi. Ol Jelaletdiniň atyny tutup duran ýigide ata atlanyp, bagyň içinde gezim etmegi tabşyrdy. Aýaklary bilen ýer peşe», uçganaklap duran ata münmek ýigide aňsat düşmedi. Eýere ornaşyp-ornaşmanka birnäçe gezek gazap bilen çarpaýa galan at ony ýere pylçady. Ata münjek bolup synanyşan ikinji, üçünji ýigitlerem öňkiň gününe düşdüler. Bu tomaşa gözleri ýaşarýança gülen şa: «Indi besdir. Aty ugruna goýuň» diýdi-de, ogluna ýüzlendi; – Bu at senem ýykypmydy? – Ýaşulular maňa atdan ýykylyp görmedik – ony çapmany oňarmaz diýip öwretdiler. Indi at men diýenimi edýär. Menem oňa öwrenişdim. Jelaletdin atynyň ýanyna baryp, onuň egrelip duran çeýe boýnuny sypalady. Soňam ýeňillik bilen eýere böküp mündi-de, atyny ösüp oturan bägülleriň üstünden bökdürip, bagyň içinde eýläk-beýläk çapdyrdy. Horezm şasy şol günden başlap ogluny gowy görüp ugrady. Awa gidende hemişe ýanyndan goýmady. Her anna güni beýik Isgender Zülkarneýniň hatyrasyna geçirilýän dabaraly baýramçylyga gatnaşmagyny talap etdi. Şondan az wagt geçensoň şa ejesi Türkan hatynyň erkiniň tersine Jelaletdini Horezm şalarynyň gadymdan bäri nesilden-nesle geçip gelýän tagtynyň mirasdary diýip yglan etdi. Türkan hatyn Muhammediň öz türkmen aýalyndan bolan ogluna edýän mähir-mylakatlary baradaky köşk gybatlaryny diňläp dergazap bolýardy, gözýaş edýärdi. Şeýle-de bolsa ol ýaş şazada üçin gymmatly sowgatlardyr her dürli tagamly miweler iberýärdi. Aýjäjek olary minnetdarlyk bilen kabul etse-de, ýekejesinem ogluna berenokdy. Ol görip Türkan hatyn sowgatlara ajal getirýän doga edendir, miwelere bolsa awy gatandyr öýdüp howatyrlanýardy. Horezm şasy Aýjäjege Jelaletdin bilen haçan göwni küýsen wagty türkmen obalaryna gidip gelmäge-de rugsat berdi. Oglan türkmen obalarynda öz deň-duşlary bilen at çapyşmaga, tazy salyp, tilki, keýikdir möjek awlamaga gatnaşýardy. Onuň çakganlygy, ýadamazaklygy, töwekgel edermenligi çarwa adamlaryňy haýran edýärdi. Oglan bu endikleri ejesinden öwrenipdi. Içigara Türkan hatynyň bir wagt Aýjäjege «Başbermez türkmen barsy» diýip baha bermegi ýöne ýere däldi. Kempir kellesini saňňyldadyp, gahar-gazapdan ýaňa näderini bilmän hüňürdeýärdi: – Oglam edil özi ýaly bolup ýetişjek. Soňabaka bu gypjaklary elheder aldyrar. Entegem giç dälkä, munuň bilen birýaňalyk etmek gerek... Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |