13:50 Jelaletdin / 1-nji bölüm: Ters gelen täleý | |
III. Ters gelen täleý
Taryhy proza
Nähilidir bir möhüm wakalaryň ýüze çykaryna garaşýan Türkan hatyn ir säherden bäri galagoply görünýärdi. Janyna ýaranyp bilmeýän kempir hyzmatkär aýallaryň ikisiniň çekgesine çaldy, ýene iki sanysynam saçyndan süýräp, ýüzlerini ýere urdy. Köşkdäki serenjamçy aýal öz bikesiniň kirpiklerini sürmeledi, gaşlaryny gök reňk bilen tä çekgesiniň ýokary etegine çenli uzaldyp, ýyrtyjy guşuň ganatyna meňzetdi. Ol kempiriň ýüzüni ilki mazaly agardyp, soňam ýaňaklaryna gyzgylt reňk çaldy. Kümüş aýnanyň öňünde oturan Türkan hatyn häli-şindi ýüz-gözüne esewan edýärdi. Ahyrsoňy öz keşbinden hoşal bolan Türkan hatyn ähli kenizlerini kowup, başyna ak leglegiň perleri sanjylan haýbatly şahy börügini geýdi. Soňam şelaýyn ýylgyryş bilen öz oýnaşy Muhammet Ben Salyha girmäge rugsat etdi. Gyzlaryňky ýaly çeýe bedenine, syratyna göwni gidip, Türkan hatyn ozal suw çekip ýören bu ýigidi häzir öz ähli mülklerini dolandyryjy edip belläpdi. Bu hökmürowan kempiriň öz üstünde janserekdigine magat göz ýetirýän Ben Salyh tekepbir hem bihaýa görnüşde içerik etlädi. Ol hemmeleriň edişi ýaly ellerini döşünde gowşurman, guşagyna gysdyrdy, kaddyny dik tutup, gyzyl sagry ädigini şarkyldadyp, şa aýalyň gaşyna bardy. Çytylan gaşlary onuň zoraýakdan gussaly görünmäge dyrjaşýanyna güwä geçýärdi. Sekiz burçly kümüş tagtda oturan Türkan hatyn parçadan tikilen giň köýneginiň epinlerini düzedişdirip, oýkanjyrady. – Eý, gözlerimiň röwşeni, köpden bäri seň ýanyňa geljek bolup alada galyp ýördüm. Ýöne görýän welin, henizem maňa şol bir wagtky suw daşaýjy hyzmatkär hökmünde seredýärler öýdýän. Eý, älem-jahana nur çaýýan ajaýyp ýyldyzym! Saňa şunça ýyllap eden wepaly hyzmatymyň muzdy şu boldumy! Şa aýal dürli reňkli ýüpek bilen nagyşlanan elýaglygyny reňklenen leblerine ýetirip, kepderiňkä kybapdaş sesde şeýle diýdi; – Ezizim, näme beýle dowula düşýäň? Saňa söz beren zatlarymyň ählisi ýerine ýetiriler. Men şu gün bu ýere Horezm II şasynyň geljegini, saňa Adam ataň kowmunyň arzuw edip biljek derejesini berjegini aýtdym ahyryn. – Men seň berýän wadalaryňa ynanmamy goýdum! Eger Horezmiň şasy Muhammet meni şol diýýän ýokary derejeňe bellemese, onda başymy alyp çöle çykjagyma ant içýän. Ol özüni gujaklajak bolup çemlenen şa aýalyň ellerini gödeklik bilen iteledi-de, öz arzysyny has-da artdyrýan görnüşde tiz-tiz ädimläp alagaraňky zaldan çykdy. Özleriniň tutuş otrýaddan ybarat janpenalary bilen gelen gypjak hanlary eýýäm köçeleri, howlyny hem bagy doldurypdylar. Olaryň has at-abraýlylary tagtly zala geçip, yhlas bilen baş egip, Türkan hatyna golaýlaşýardylar. Dabaraly saglyk-amanlyk soraşansoňlar, diwaryň erňeginde ýazylan uzyn inçe halynyň üstüne geçip, gylyçlaryny dyzlarynyň üstüne goýup ornaşýardylar. Öňden gelýän däbi bozup, hanlaryň ählisi ýany ýaragly gelýärdirler, hatda käbirleriniň okdany, tuwulgasydyr sowutlary-da bardy. Horezm şasy mirasdar Jelaletdin hem beýleki birnäçe ýakyn adamlary bilen bellenilen wagtda – göge gezelen peýkam ýaly minaranyň depesinden muezziniň adamlary namaza çagyrýan sesi ikinji gezek ýaňlanandan soň geldi. Şanyň egninde parça halat bardy, bilinden gymmat baha daşlar bilen bezelen altyn gylyjy sallanyp durdy. Ullakan ak çalmasynda almaz sapaklar lowurdaşýardy. Tagtly zala giren Horezm şasy dyzlarynyň üstünde gylyçlaryna söýenişip oturan gypjak hanlaryňy göreninden bir dem aýak çekdi-de, ählisini şübheli, hyrsyz nazaryndan geçirdi. Soň salamlaşmak yşaratyny edip, aýalaryny gara sakgalynyň üstünden ýöretdi-de, doga okady. Ähli hanlar yhlas bilen epilip, onuň hereketini gaýtaladylar. Hanlaryň biri has-da gaty gygyrdy: – Biziň söýgüli, ýeňilmez täze Isgenderimiz Muhammed Allaeddin ýaşasyn hem uzak ýyllar şalyk sürsün! Hanlaryň ählisi dürli sesde onuň bu sözlerini gaýtalap gygyryşdylar. Horezm şasy öňe birnäçe ädim etdi. Şu wagtjyk daşardan gelip, entek gözi öwrenişmäni üçin, ol diwarlary agaçdan bejerilen, penjireleri gözenekli alagaraňky zalyň töründe kümüş tagtda tylla parça çolanyp oturan haýbatly ejesini zordan saýgardy. Muhammet ellerini döşünde gowşuryp, çalaja egildi-de, tizlik bilen ejesiniň ýanyna baryp, pyşyrdady: – Salam, hormatly hem söýgüli, hoşniýetliligiň şuglasy, adalatyň nusgasy! Tylla parçanyň epinleri gymyldady. Bir çugdam per sanjylan şahy börük aşak eglip, pola galtaşdy. Ogluna baş egen şa aýal ýene-de tagtynda ornaşdy. – Seniň biçäre, bagtygara dul ejeň älem-jahanyň iň beýik hökümdaryna tagzym edýär! Maňa hormat et-de, gapdalymda otur! Muhammet kaddyny dikläp, gabaklaryny galdyranda, neçe diýseň reňk urlup, çala gyzardylan kiçijik ýüze, gyzyl uçganaklar gaýmalaşýan içinden geçip gelýän gara gözlere nazary kaklyşdy. Türkan hatyn ullakan ýaýbaň gaba meňzeş sekiz burçly kümüş tagtynda epilen aýaklarynyň üstünde otyrdy. Ýurduň iň uly hökümdary bolan Muhammet düzgün boýunça ejesiniň gapdalynda oturmalydy: ýene tagtyň ähli ýerini Türkan hatynyň köýnegi tutup durany üçin ol gapdaldaky halynyň üstünde çekdi. Kuwwatly Horezm şasynyň özünden pesde oturanyny gypjaklylaryna göz etmek islen kempir niýetiniň başa baranyna diýseň hoşal boldy. Ol pessaý sesine näziklik äheňini çaýyp, kellesini silkeläp, söze başlady: – Belent mertebeli söýgüli oglum, men seni möhüm meseleleri bilelikde maslahatlaşmak üçin ýanyma çagyrdym. Ol meseleler biziň şan-şöhratly Horezm şalary neberemiziň bagty hem abadanlygy bilen bagly. Tagtymyzy, häkimiýetimizi hem olaryň penakärlerini goramagymyz gerek. Diňe gypjaklaryň biziň tagtymyzyň wepaly goragçylarydygyny ýatda sakla. Beýik Horezmiň topragynda ýaşaýan beýleki ähli halklaryň ygtybarsyz, nägile hem pitneçidigini bilip goý. Olaryň bokurdagyndan berk tutup, hemişe gypjak gylyjynyň astynda saklamaly. Kakasynyň yzy bilen zala giren Jelaletdin Türkan hatyna hormat bildirdi-de, ýüpek sapaklar bilen nagyşlanyp, diwary örtüp duran ullakan tuta tarap bir gyra çekildi. Şemal tutyny galgadan mahaly onuň aňyrsyndaky eýwana çykylýan açyk gapy görünýärdi. Şazadanyň egninde çyzmykly gyzyl çekmeni, bilinde gök sagry gynly gylyç sallanyp duran kümüş kemeri, başynda-da zagpyran reňkli hindi şalyndan edilen sellesi bardy. Türkan hatynyň sözlerini eşidip, gypjak hanlaryňyň ähli ýigrençlerini öz başyndan inderjeklerini süňňi syzan Jelaletdin äwmezlik bilen elini gylyjynyň tutaýyna ýetirdi. Horezm şasy ejesiniň aýdan sözlerini öz ýanyndan ölçerip-dökýän ýaly, bir salym sesini çykarman durdy-da, soň şeýle diýdi: – Biziň höwürtgämiziň hem Horezm şalarynyň tagtynyň synmazlygynyň aladasyny edýän paýhasly enem, men saňa gulak asýan. – Men garyp külbäme sen alys ýurtlary boýun egdirmek üçin täze ýörişlere taýýarlanýarmyşyň diýen habarlar gelip gowuşýar... Eger-de din gylyjyny çalyp ýerkäň birden gurban bolaýsaň, bärde seň kuwwatly goluň bolmasa, erbet bulaşyklaryň ýüze çykmagy mümkin. Olardan gudraty güýçli Allaň özi saklasyn! Ýöne tagt mirasdary, meniň tekepbir agtygym Jelaletdiniň türkmenler bilen arasynyň sazdygy, biz-gypjaklaryň ählimizi gylyçdan geçirmege taýýardygy üçin Onuň ýerine häzirden Beýik Horezmi dolandyryp biljek başga birini bellemek barada oýlanmaga wagt ýetdi. – Dana sözler! Almaz ýaly gymmatly sözler! – diýip, hanlar ýerli-ýerden gygyryşdylar. Türkan hatyn sözüni dowam etdi: – Şoň üçinem, eziz oglum, men özümize mähriban gypjak halkynyň wepaly hanlary bilen maslahatlaşyp, seniň gypjaklardan bolan ýaş aýalyňdan dünýä inen iň kiçi ogluň Kutbetdin Ozlag şany tagt mirasdary edip bellemegiňi haýyş etmek kararyna geldik... Jelaletdini öz ýurduň iň çetki welaýatlarynyň birine hökümdar edip ugrat. Ol bu ýerde bolsa saňa-da, bize-de ynjalyk ýok. Muhammet şanyň berjek jogabyna garaşyp, hemmeleriň sesine suw sepilen ýaly boldy. Şa sesini çykarman oýa batyp durşuna ýüpek ýaly gara sakgalynyň bir çugdamyny saňňyldaýan almaz ýüzükli barmagyna çolaýardy. Ýene-de söze başlan Türkan hatynyň sesinde bu gezek gahar gatyşykly haýbat äheňi aýyl-saýyl eşidildi: – Eger bu haýyşymyzy ret etseň, onda gypjaklaryň ählisi Horezmi terk edip, öz sähralaryna giderler. Ýer urup, ýerde galan ýarlykly garyp ýaly, menem olara daklyşyp ýurtdan çykaryn. Muhammediň bir karara gelip bilmän janserek bolup duranyny gören kempir kellesini bir ýana aýlap, tylla bilezikli inçejik elini ýokary göterdi. Onuň edil arkasynda Muhammet Ben Salyh durdy. Ol Türkan hatynyň yşaratyna bada-bat düşündi-de, dessine zaldan çykyp, yzýanyndanam parçadan tikilen uzyn lybasy ýere degip duran ýedi ýaşly oglanjygyň elinden tutup getirdi. – Ine, siziň täze tagt mirasdaryňyz! – diýip, Türkan hatyn hökümli ses bilen gygyrdy. – Şu oglanjygy şahynşahyň öz gadymy hem şöhratly tagtynyň diregi hasap edýändigini hanlara, beglere, bütin halka yglan edýän. Hanlaryň ählisi syçrap ýör turdular-da, oglanjygyň elinden tutup, birnäçe gezek ýokaryk göterip gygyryşdylar: – Biziň gany bir gypjak hökümdarymyz ýaşasyn hem şalyk sürsün! Horezm şasy ýerinden turup, oglanjygy eline aldy-da, şeýle boljagyny bilen ýaly, köýneginiň etegini az-kem ýygnap, tagtdan ýer açan Türkan hatynyň gapdalynda oturtdy. – Hanlar, begler, gulak asyň! – diýip, Muhammet şa söze başlady. – Görşüňiz ýaly, men siziň islegiňizi berjaý etdim. Indi sizem meň erkime tabyn boluň. Öňde ullakan söweş dur. Alys Hytaýa ýöriş etmeli. Ýeňilmezek musulman goşunlaryny söweşe çagyrýan surnaýyň sesi ýaňlandygy, öz ýigitleriňiz bilen ýöriş şaýyny tutarsyňyz diýip umyt edýän! Hanlaryň ählisi gylyçlaryny ýarysyna çenli gynyndan sogrup, ýene-de şarkyldadyp yzyna itdiler-de, ýerli-ýerden gygyryşdylar: – Bizi dünýäň o çetine çenli äkit, teze Beýik Isgender! Biz seň bilen älem-jahany boýun egdiriň! Şa göwnühoş ýylgyryp, Jelaletdiniň ýüzüne seretdi-de: – Indi söýgüli oglum Jelaletdiniň täze mirasdar baradaky pikirini bilesim gelýär. Onuň uzakdaky Gazna hem Toharystana hökümdar bolasy gelýärmikä? – diýdi. Reňki agaran Jelaletdin bir durkuny saklap, sowukganlylyk bilen jogap gaýtardy; – Aladaň üçin minnetdar, kaka. Maňa hiç zat gerek däl. Men erkinligi hem urşuň gyk-bagyny halaýan!.. Ol gylyç sallanyp duran kümüş guşagyny çözmege durdy. – Ondan äge boluň! – diýip, gypjaklar gygyryşdylar. – Serediň, ana, gylyjyna ýapyşdy! Jelaletdin lowurdap duran gylyjyny dyzyna urup, gap bilinden döwdi-de. Türkan hatynyň önüne oklady. – Tagtyň goragçysy hem urşujy hökmünde indi meniň size geregim ýok... Kaka, sen özüňe täze penakärler tapyndyň... Ýöne tagtyň şular ýaly daýançlaryndan Allaň özi saklawersin! Jelaletdin tutynyň çetini bir ýana batly syrdy-da, gün nurunyň boldan düşýän ýerine – eýwanyň gapysynyň öňüne bardy. – Men «öňki mirasdar» diýen ýaramaz ada galyp, bu ýerde ýaşaman. Horezmi terk edip, jahanyň sonsuz ýollarynda, ýat illerde öz bagtymy agtarmaga ugraýan... Gypjaklaryň Beýik Horezmi gorajaklary ýa-da ýigrenji dönüklik etjekleri ýurda duşman çozanda belli bolar. Men Horezmiň mähriban topragynda kemala geldim. Şoň üçinem, howp abanan mahaly onuň azatlygy ugrunda ýönekeý nöker bolup söweşmege geljekdigime ant içýän! – Tutuň ony! – diýip, hanlar gygyryşdy. – Ol guduzlapdyr! Agyr okdanly, başy ýaldyrawuk kümüş tuwulgaly, uzyn boýly daýaw gypjak Jelaletdine tarap ugrady. Jelaletdin bars ýaly çalasynlyk bilen onuň üstüne bökdi-de, diwara gysyp, elindeki gylyjyny gaňryp aldy. Soňam atylyp eýwana çykdy. Bir pursat aýak çekip, şol duran ýerinden Horezm şasyna gygyrdy: – Halkymyzyň duşmanynyň elinden gaňryp alan şu gylyjym bilen men özüme şöhratly at gazanmaga gidýän. Merhemetli Hydyr ata seni öz penasynda saklasyn! Jelaletdin şol duran ýerinden howla bökdi-de, atyna mündi. Üýşüp duran mähelleniň içinden: – Ýaşasyn Jelaletdin batyrymyz! – diýen sesler ýaňlandy. Şol wagt Horezm şanyň gussa hem ökünje ýugrulan sesi eşidildi: – Oglum, eziz oglum! Seni nä güne sezewar etdim?! Men iň gowy oglumdan, tapylgysyz dostumdan jyda duşdum. Goýberen bu hatamyň astyndan nädip çykarkam? Şol wagt tekepbir keşpli, eli ýalpak kümüş gaply Ben Salyh Horezm şasynyň gaşyna bardy. Ol gapda täze tagt mirasdarynyň saýlanýandygy hakyndaky buýruk ýazlan bir tagta kagyz bardy. – Ýeňilmezek, – diýip, Ben Salyh ýakymly sesini ýaňsyly süýndürip söze başlady – şu ýere siziň keramatly goluňyzy, öz belent adyňyzy ýazmaly. – Beýle gürleşmäge neneň het etdiň? – diýip, Muhammet şa dergazap bolup gygyrdy. – Siz şu buýruga gol çekmeli, – diýip, Ben Salyh bir durkuny üýtgetmän ýene gaýtalady. Gahar-gazaby aňry hetde ýeten Horezm şasy bu gedem oýnaşy bada-bat ýere ýazdy-da, elindeki kümüş gap bilen çem gelen ýerine suňşuryp ugrady. Ben Salyk ýüzin duşup ýatyşyna ellerini daldaladyp, ýüzüni urgudan gorajak bolýardy... Şa ony depgiläp durşuna bokurdagyňy harladyp, haşlap, gaharyny daşyna çykarýardy: – Deýýusyň biri, şeýtana sapak beren kezzap diýse! Allanyň ýerdäki kölegesi bolan maňa buýruk getirerçe, sen kim bolupsyň?! Munuň seň ýaly ýeňiýolugyň däl-de, beýik weziriň borjudygyny unutdyňmy, mahluk? Türkan hatynyň ýabany pişigiňki ýaly çirkin sesi nätjeklerini bilmän duran hanlaryň gowuryny basyp ýaňlandy: – Waý, dat, meň oglumy köşeşidiriň!.. Oň gahar-gazapdan ýaňa aklyny ýitirenini görüp dursuňyz-a. Meň wepaly kömekçim Ben Salyhy depgilemäňi bes et! Oň eýýäm ýüzüni gara gan edipsiň, burnuny owradypsyň! Hanlar Horezm şasyny köşeşdirmäge okduryldylar. Uzyn boýly, daýaw Muhammet şa özüne ýapyşan gypjaklaryň hersini bir ýana zyňdy... Ýaşuly hanlaryň üçüsi ýerde ýatan gaby göterip, kagyzy hem öňküsi ýaly edip goýdular-da, hormat bilen şanyň ýanyna baryp, eline galam tutdurdylar. Horezm şasy buýrugyň ýüzüne-de seretmän gol çekdi-de, galamy diwara tarap zyňyp goýberdi. Ol kellesini tutup, şol öňki sözlerini ahmyr bilen gaýtalaýardy: – Nähili oguldan, nähili ajaýyp dostdan jyda düşdüm! Buýrukda tagt mirasdaryny saýlamakdan başga-da, Türkan hatynyň mülklerini dolandyryjy Muhammet Ben Salyhyň yhlasly gullugyny nazarda tutup, ony beýik wezir hem körpe Kutbeddin Ozlag şanyň terbiýeçisi wezipesine bellemek barada-da ýazypdy. Başyny göterip, buýruga gol çekilenini gören Ben Salyh ýüzüniň ganyny süpürip durşuna, gazaply tekepbirlik bilen Muhammet şa garap pyşyrdady: – Men bu gan üçin şahynşadanam, öňki tagt mirasdary Jelaletdindenem arymy ýerine salaryn!.. Türkan hatyn süýnüp ýatan Ben Salyhyň üstüne eglip, gulagyna pyşyrdady: – Hökümdaryňam, agtygymyňam janlaryny jähenneme ýolla! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |