16:03 Jokrama yssydaky ruhy ahwala syn | |
JOKRAMA YSSYDAKY RUHY AHWALA SYN
Publisistika
Fransiýada tarapsyzlyk ýok, ylalaşyk ýok Fransiýa hakykatdanam saga gyşaraýjakmyka? Fransiýanyñ ruhy ahwalatyna üns berilmeli: aýratynam ýurtdaky ýagdaý şu günküsi ýaly bolsa: iş taşlaýyşlar, ýerli konfliktler, Ýewropa gorkusy we hemme ýeri gaplap alan dert-alada... Çak etmek kyn. Fransiýa elmydama gaýgyly-ünjüli we dünýäniñ hemme meselesini alada edýän ýurt. De Gollyñ hökümeti ýurt taryhynyñ iñ gowy hökümetlerinden biridigine garamazdan, köçe demonstrasiýalary bilen häkimiýetden çetleşdirilipdi. Emma bu ýagdaý fransuz "ruhy ahwalatynyñ" iñ esasy mysaly däl. Fransiýanyñ taryhy okalanda çäksiz we ynanyp bolmajak mysallar bar. Meniñ üçin iñ gorkunç tapmaça şu boldy: Wiktor Gýugo Fransiýanyñ iñ görnükli şahyry, ýazyjysy we dramaturgydy. Ol şol bir wagtyñ özünde arhitektordy we syýasatçydy. Heniz 21 ýaşyndaka hormatly atlara mynasyp bolup başlapdy. Emma ömrüniñ 20 ýylyny sürgünde geçirdi we bu "azatlyk, doganlyk, deñlik" prinsipi üçin geñ ýeri ýokdy. Şeýle-de beýik akyldar Wolterdir beýlekiler hem sürgüni görüp ýetişipdiler. Gýugo aradan çykanda fransuzlar edebi ajaýyplyklaryñ awtorynyñ aryny almagy makul bildiler we 1885-nji ýylyñ 1-nji iýunynda onuñ bilen hoşlaşmak üçin taryhyñ iñ uly demonstrasiýasyny geçirdiler. Gussaly atlaryñ çekip barýan arabasyna ýerleşdirilen beýik ýazyjynyñ tabytynyñ yzyndan iki million adam ýöredi. Wiktor Gýugo (1802-1885) "Ýekirilenleriñ" awtoryny soñky ýoluna ugratmak üçin şeýlekin uly demonstrasiýany geçiren fransuzlar 1923-nji ýylda ýönekeý şahyr, ýönekeý ýazyjy we ýönekeý syýasatçy bolan Moris Pariž bilen hoşlaşmak üçin birinji gezekkiden biraz azrak hem bolsa, ýene köçä çykypdylar. Munuñ özi dört asyrlyk edebiýat we sungat mirasyna eýe halkyñ ýalñyş derñewimidi? Ýok, bu diñe ýaramaz ruhy ahwalatdy. Ýurt saga tarap gyşarýardy. Moris Pariž sag ganatyñ ektremistlerindendi. Liwandan gözbaş alyp gaýdýan we Siriýany kesip geçip, Türkiýä guýýan derýa hakda ýazan "El-Asi derýasynyñ üstündäki bag" kitabynda bolşy ýaly Gündogara garşy Günbataryñ tarapdarlygyny edýärdi. Bu ýagdaý şobir joşgun, şobir ynanç, şobir tutanýerlilik bilen bir saga, bir çepe gyşarýan işjeñ, özdiýenli, oppozisioner fransuzlaryñ endigine öwrülipdir. Anuk Eme (1932-2024) Fransuaza Ardi (1944-2024) Bu hepde Fransiýa sungatynyñ we estetiki ýüzüniñ iki wekilini ýitirdi: aktrisa Anuk Eme we aýdymçy Fransuaza Ardi. Bu iki şahs şygryýet eýýamynyñ iki ýüzüdi we ikisi-de syýasata baş goşupdy. Fransiýada tarapsyzlyk ýok, ylalaşyk ýok. Hem kafelerdir troturarlar näme üçin bar? Troturarlar kafeleriñ üstünden geçsin diýip çekilmedimi näme? Anul Eme we Fransuaza Ardi çepçidi, çünki döredijilik adamsynyñ, sungat işgäriniñ sagçy bolmagy juda aýyp hasaplanýar. Jadylaýjy Ardi garyplaryñ ýaşaýan şäher etek çatmalaryndan çykyp, meşhur aýdymçy bolupdy. "Meniñ ýaşymdaky ähli boýdaşlar on sekizine girdi" diýen ýaly jana ýakymly aýdymy bilen birlikde aýdym aýtmaga, ýazmaga we aýdym düzmäge başlapdy. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Çarşenbe, 26.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |