19:28 Jomart we husyt / erteki | |
JOMART WE HUSYT
Ertekiler
Gadym zamanlarda bir daýhan kempiri we agtygy bilen ýaşapdyr. Ol sada, hoş göwün, zähmet çekmegi halaýan jepakeş adam eken. Ýer bejerip, ekin ekip gün-güzeranyny dolarmyş. Kempiri öýüň keşigini çekipdir, agtygy atasynyň yzyndan azyk-suwluk daşapdyr, mamasyna ýardam edipdir. Daýhanyň iş maly bir ýabysy bolup, şonuň bilen ýer sürüp, galla ekýän eken. Döwek döwmek hem şol janawaryň boýnunamyş. Günleriň birinde daýhan ekin ýerini bejerip ýörkä sürüm azaly bir zada ilteşipdir. Gazyp görse ol daşy syrçaly ullakan bir owadan küýzemiş. Ony gazyp çykarmak daýhanyň bir özüne başartmandyr. Onsoň ol agtygyny, agtygy bolsa mamasyny çagyrypdyr. Üç baş bolup iteläp-çekeläp humy zordan bir gyra çykarypdyrlar. Gapagyny açyp görseler onuň içi altyn-kümüş tyllalardan dolumyş. Agyr humy at arabasyna ýüklemek olara kynlyk bilen başardypdyr. Daýhanyň goňşysy husyt, kesekiniň zadyna göz dikýän, ulumsy adam eken. Zerurlyk çykyp iş gurallaryny we enjamlaryny haýyş edip gelýänleriň hiç haçan möhümini bitirmez eken. Gaýtam, maşgalasyndan hem bar bolan zadyny gizläp, diňe baýlyk toplamagyň aladasyndamyş. Goňşusynyň uly bir hazynanyň eýesi bolandygyny eşidende onuň kalbyny bahyllyk gurşap alypdyr. Bahyllyk damarlarynda gany möwç urup, tasdan ýüregi ýarylan eken: - Näme üçin goňşyma hazyna nesip edýär-de maňa şeýle baýlyk ýetdirenok? — diýip, gijelerine uklap bilmändir. Günleriň birinde ekin ýerinden syrçaly hum tapan husyt begenjinden ýaňa tasdan uçan eken. Mäkäm petiklenen küýzäniň gapagyny açmak oňa başarmandyr. Ýöne husyt uly bir mirasyň eýesi bolandygyny hiç kimiň--hatda maşgalasynyň hem bilmegini islemändir. Ol küýzäni döwende onuň içinden ullakan bir ýylan çykypdyr. Ala ýylan husydyň daşyna mäkäm saralyp, ony gysyp başlapdyr. - Waý, bagtym ýatdy-leý, dadu-bidat, ýetişeweriň, adamlar!- diýip, çirkin sesi bilen adamlary ýardama çagyrypdyr. Ýöne şol pursatda daş-töwerekde jemende ýok eken. - Ine, husyt sen kesekiniň baýlygyna göz dikip niýetiňden tapdyň— diýip, ýylan ynsan dilinde gürläp başlapdyr. - Jepakeş adamlara, goňşy-golamlaryňa görüplik etseň heziliňi alaryn! Ýylan husydy azat edensoň ol adam toba gelipdir we arassa zähmet çekip başlapdyr. Häzir ol goňşulary bilen gowy gatnaşyk saklaýarmyş.. Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |