17:08 K... | |
K...
Goşgular
Men seniñ öñüñde asla kiçelmän, Senden ýaña men nähili ynjadym. Indi meñ üstümden hökm edip bilmez Ne seniñ salamyñ, ne-de gyjydyñ. Bilip goý, saýry biz şu günden başlap, Hemem sapak bolsun, goý, başgalara. Sen unudypsyñ: öz erkinligimi asla Çalyşjakdygmy azaşmalara. Gurban etdim näçe ýyllarmy seniñ Ýylgyrşyña hemem röwşen gözlerñe. Umytlarny ähli ýaşlyk günlermiñ Senden tapdym yhlas bile gözlegde. Güýçli söýmek üçin ýürekden seni, Hatda bütin dünýäni hem ýigrendim. Seni söýüp - öwrendim men söýmäni, Seni söýüp - ýigrenmäni öwrendim. Nädip bilip bolar, belki, seniñ şol Aýagña ýykylyp akan pursatlar, Gör, näçe biderek gidendir ylham, Näçe şygyr ýok bolandyr gursakdan?! A sen onuñ deregiñe näm berdiñ? Belki, şol hyýaly oý-pikirlerim Hem öz ruhy güýjüm, hem juwan serim bilen dünýä, uly serpaý ederdim. Deregne bakylyk bererdi dünýä. A sen dünýäñ berjek tylla täjiniñ Deregni tutmaga wadalar berdiñ Hem nyşany bolduñ meniñ öjümiñ. Sen nämüçin owal başda häzirkiñ - Edil şu mahalkyñ ýaly bolmadyñ? Egee şeýle bolan bolaýsa, mümkin Halas bordum saralmadan-solmadan. Men gedem! - bagyşla, sen söý özgäni, Indi söýgi agtar özge gözlerden. Keşt edip giderin men bu dünýäni, Söýgi gözläp daglardan hem düzlerden. Şol günorta asmanynyñ astynda Giderin men dynç bermäge kalbyma. Hem çykmaryn öz-özümiñ kastyma, Ynanyp allara, çapyp salgyma. Has içgin tanadyk birek-biregi, Indi unudardan, ýatdan çykardan. Indi asla tanap bilmersiñ meni Ýa-da tanaýsañam, tanarsyñ zordan. Çünki keýp çekerin öñýeten bilen, Gerek bolsa kasam ederin ýersiz. Her öñýeten bilen gülüşerin men, - Her kes bilen aglanymy görmersiñ. Indi şeýle aldaw başlanar mende! Çyndan söýmen asla, öñkülem ýaly. Öz perişdäñ biwepalyk edende, Hormatlamak mümkinmi ýa aýaly? Seniñ nepis elleñ bir gezek artyk Gysyp, akylymdan azaşmak üçin Ölüme taýyndym kysmatym tartyp. Her hili jebre-de taýyndym men düýn. Bilmän biwepalyk diýilen zady, Öz kalbymy saña berdim, talandym. Päk kalbyñ gadryny bildiñmi, ýa-da!.. Sen bilipsiñ: - men tanaman aldandym! - • K... Eýjejik hem her hil günä çemeje, Söýüp ýörmelije, eziz juda sen! Bagt berip biljek sen ýarym pelege, Ýöne özüñ şol bagtdan jydasyñ: Goşa döwran süren ýokdur täleýde, Görüpmidiñ çasly çaýy sen heý-de? Bark ursa-da ýakasynda ýaz pasly Çuñdur, tümdür, örän sowukdyr asty! Mihail LERMONTOW. Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Gezek ýetirse / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Pursatlar / Goşgular - 13.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |