01:39 Kelleler bulaşyk | |
KELLELER BULAŞYK
Publisistika
Ortada gerimi, çuñlugy, müddeti tükenmeýän strukturalaýyn krizis bar: Krizisiñ köki hakdaky garaýşyñyz... Krizisiñ netijesini gowulaşdyrmak baradaky garaýşyñyz... Ýagny: Sebäp-netije gatnaşygy boýunça pikiriñiz-çözgüdiñiz siziñ çepçidigiñizi ýa-da sagçydygyñyzy belli edýär! Meselem, ykdysady krizisiñ ýüküni zähmetkeşleriñ egnine ýükleýän partiýa sagçydyr... Meselem, iñ depedäkileriñ güýji we baýlygy bilen yzda galan beýleki uly gatlaklaryñ arasyndaky girdeji uçurymyny dowam etdirýän syýasaty öñe sürýänlerem sagçydyr... Global eksplutasiýa düzgüniniñ üstüni "synpy gatlaklar ýok", "imperializm döwri soñlandy" diýip örtmek isleýänler sagçydyr... Beýleki bir ýandan: Bolýan ykdysady problemalaryñ kapital krizisidigini aýdýan çepçidir. Mysal bereýin: 2008-nji ýylyñ maliýe krizisinden soñ "banklar halas edildi, biz satyldyk" diýip, Nýu-Ýorkdaky "Wall Street"-i basyp almak islänler çepçidir. Hawa, boýin sunmaýan öñdebaryjylygy öñe sürýänlerem çepçidir. Ýöne çep gatlagyñ arasynda-da bulaşyklyk ýüze çykdy: Täze jemgyýetçilik düzgünine degişli "resept" babatda çepçiler ýyllaryñ dowamynda ikä bölündi. Alternatiw "reseptler" öñe sürüldi we durmuşa geçirildi. Meselem, sosial-demokratlar "keseliñ" dermanyny kapitalizmiñ öz içinden gözlese, "biz 99%" diýýän beýleki çepçiler çözgüdiñ diñe kapitalizmiñ düýpden aradan aýrylmagy (we üznüksiz rewolýusiýa-üznüksiz öwrülişk bilen) mümkindigini öñe sürdi we sürýär... * * * Marksyñ teoriýasy bilen "tebigatyna mahsuslykda elbetde çagşamaly" kapitalizmiñ her uly krizisi "makiýaž" edip aşmagy we muña garşylyklaýyn Sowet Soýuzynyñ merkezi meýilnamalaşdyryşynyñ çökmegi (Hytaýyñ özüne mahsus kapitalizme ýönelmegi) çepçileriñ kellesini bulaşdyrdy! Mysal üçin: Giñ gatlaklaryñ garşysyna girdeji paýlanyşygynyñ bozulmagyna pitiwa etmeýän, sosial adalaty ýatdan çykaran, halky guşak gysmaga mejbur edýän, guramaçylykly zähmete hüjüm edýän täze konserwatiw neoliberalizmi durmuşa geçiren sosial-demokrat partiýalary şu günki gün çepçi hasaplamak mümkinmi? 1890-1914-nji ýyllarda altyn döwrüni başdan geçiren (Leniniñ özem partiýasyna şu ady goýupdy) "sosial-demokrat" düşünjesi, häzir masgaraçylykly postmodernistik ada öwrüldi. Marks döwründe hapa hasaplaýan "sosialist" sözüniñ ýerini "kommunist" sözüni ulanypdy! Ýone bu adam 1919-1991-nji ýyllar aralygynda belende galdy we soñam pese düşdi. Indi muny "sosial-demokrat" sözi başdan geçirýär! Görýänsiñiz: Dünýäde köp partiýa adyny üýtgetdi, üýtgedýär. Atlary dürli-dürli bolsa-da, dünýädäki sosial-demokrat partiýalaryñ aglabasy lapykeçlik döredip gelýär. Sosial-demokrat partiýalaryñ "saýlaw tutulmasyna" uçramagy we ş.m. syýasy kimliksizlige sebäp bolýar. Ýygynlar şu sebäpler bilen "çep-sag galmady" diýip pikir edýär. Bular ýaly psihologiki propogandanyñ ýaýylmagynyñ sebäbi-de, guramaçylyksyz jemgyýetçilik gurluşyny emele getirmekdir... * * * "Çep we sag taryhy ýolunyñ soñuna geldi" garaýşynyñ özeninde jemgyýetçilik tankydynyñ-hakyky oppozisiýanyñ öñüne geçmek bar. Düşündirmäge synanyşaýyn: Günümizde köçäniñ öñbaşçylygy nähili ýakymsyz metafora hökmünde ulanylýan bolsa, her dürli jemgyýetçilik guramaçylygy-da ýakymsyzlyk hökmünde görkezilýär. Beýleki bir ýanda baýlar iñ soñky derejede guramaçylykly! Meselem: Dünýäniñ geljegine degişli strategiýalaryñ ara alnyp maslahatlaşylýan Dawosdaky Bütindünýä Ykdysady Forumy göze ýakymly görkezilýär... Dawosa alternatiw "kapitalizmden soñky ýaşaýşy gözleýän" Bütindünýä Sosial Forumy hakynda bolsa ýakymsyzlyk propogandasy edilip, guramaçylygynyñ öñüne böwet basyldy... Diñe sosial-demokratiýa däl. Neoliberalizmiñ ideologiki gegemoniýasy bütin çep ganaty agdar-düñder etdi. Meselem: Nostalgiki küýsegleriñ, mälim gaýtalamalaryñ hakyky çözgütler getirmeýän çep ganatda kejeñeklik bilen görülmek islenmeýär. Belli bir döwürlerde başdan geçirilen gahrymançylyklar, goranyşlar, çykyşlar wagtlaýyn ýeñiş gazanyp bildi, emma ahyrynda (Türkiýede bolşy ýaly) "şan-şöhratdan doly ýeñlişler" häzirki konserwatiw status-kwonyñ işine ýarady. Günümizde dünýädäki köp partiýanyñ at-abraýyny ýitirmegi çepçileriñ ýolunyñ soñlanandygyny añladyp bilmez. Öñdebaryjylyk soñlanýan zat däldir. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 28.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |