15:36 Kim duşman? | |
KIM DUŞMAN?
Publisistika
Käbir okyjylarymyz soraýar: - Nämüçin her daşyñ astyndan dowamly ABŞ-ny gözleýärsiñiz? - ABŞ-na duşmanmysyñyz? - Amerikanlary ýigrenýärsiñizmi? Üns beriñ: Meniñ hiç kime, hiç bir topara, hiç bir ýurda duşmançylygym ýok. Ýigrenç, kine maña ýat duýgylar, hiç kimseden öç alma niýetim ýok. Tersine, men özümi amerikan halkynyñ hakyky dosty saýýaryn. Galyberse-de: Men syýasy seljermelerimi "halap-halamazlygymyñ" üstünden beremok. Amerikan taryhyna turuwbaşdan duşmançylygy nädip etse bolar? Iñlis kolonizatorlaryna garşy göreşip, garaşsyzlygyny gazanan ABŞ-na nädip berekella diýmejek? Garaşsyzlyk deklarasiýasynyñ jar edilen 4-nji iýul güni bütik azat adamzadyñ baýramydyr! Beýleki bir ýandan: ABŞ-nyñ imperialist syýasatyna garşy çykmagam ynsanperwer borçdyr. Anketalara görä dünýä ilatynyñ agramly bölegi ýagdaýlaryñ barha ýaramazlaşýandygy üçin näme sebäpli Waşingtonyñ ýöredýän syýasatyny aýyplaýar? Amerikan döwletiniñ eden şu işlerini ýatdan çykarar ýaly däl sebäbi! Gysgaça durup geçeýin: ABŞ birinji gezek Osmanly Tripolisine hüjüm etdi. Meksika degişli Tehasy 1846-njy ýylda, Kaliforniýany 1848-nji ýylda basyp aldy. Meksikada ençeme ýyllap ne ganlary dökdi, ol bu ýurtda bolup geçen ähli harby agdarlyşyklaryñ arkasyndaky ýeke-take güýçdi... 1887-nji ýylda Samoa we 1889-njy ýylda Gawaý adalarynda eden gyrgynçylyklaryny görmezlige salyp bolarmy? Ispaniýany ýeñip Kubane, Guama, Porto-Riko we Aziýadaky Filippinlere çozmagyna degip geçmäliñmi? Bu zatlar halap-halamazlygyñ gürrüñi däl. Ýa bolmasa XX asyrda edenleri? • GLOBAL GOPBAMSYLYK Diñe ABŞ däl, Amerikan Deñiz Güýçleriniñ goldawy bilen azyk läheñleri "United Fruit" we "Standart Fruit" Gondurasyñ bol hasylly ekin meýdanlaryna eýe boldy. Bu kiçijik ýurtda pul üçin neneñsi agdarlyşyklary gurnap, niçiksi pitneleri çykardy... ABŞ Nikaraguada halkyñ saýlan hiç bir hökümetini islemedi, agdarlyşyklar bilen bu ýurdy dolandyrdy. Kosta-Rikada edeni-de şonuñ ýaly. A dökülen ganlar? Agdarlyşyk edip bilmedik ýurduny basyp aldy, Dominikan respublikasyny edişi ýaly... Birinji jahan urşuna goşulyp, Ýewropa geldi. Özüni "Ýewropanyñ goragçysy" yglan etdi! SSSR-iñ ýykylmagy üçin 8 müñ deñizçi pyýada esgerini ugradyp, graždanlyk urşuny goldady - "Polýar aýysy" ýörişi... Yzyndan... Ikinji jahan urşuna goşuldy. Özem urşa girmänkä Gitleri goldanlygy-da gizlin syr däl. Ýaponiýany okkupirledi. Germaniýanyñ Berlin şäherine çenli geldi. Italiýany, Fransiýany, Belgiýany, Gollandiýany, Awstriýany gözegçiligine aldy. Birnäçe ýyllap bu ýerlerden çykmady. "Sowuk uruş" başlap-başlamanka Koreýada uruş turuzdy. Hytaýda Mao Szeduna garşy sagçy Çan Kaýşini goldady. MRU-nyñ ýerde gurnan sabotažlaryny undup bolarmy? Meñzeşini Gresiýada we Albaniýada hem etdi. Pikir etmäñ, Siriýa meselesi soñ çykandyr öýdüp: ABŞ 1948-nji ýylda harby agdarlyşyga goldaw berdi. Saýlanan parlamentiñ soña goýan Transarap gaz geçirijisi agdarlyşykçy Zaim tarapyndan şobada makullandy. ABŞ bu ýurtda 1956-njy we 1957-nji ýyllarda iki gezek operasiýa geçirdi... Müsürde döwletiñ eýeçiligine geçirilen Suweýş kanaly üçinem şol bir strategiýany durmuşa geçirdi. Şeýle-de: Eýranyñ nebitini millileşdiren saýlanan Musaddyk hökümeti MRU-nyñ "Aýaks operasiýasy" arkaly agdaryldy. Hökümet başyna geçirilen General Zahidi Mussadygyñ döwletleşdirme işleriniñ barsyndan el çekdi! Yrakda şoña meñzeşini etdi... Türkiýäni agzajagam däl, özüñiz gowy bilýärsiñiz... Gutarmady: • DÖWLET TERRORY ABŞ-MRU Indoneziýada çepçi Sukarno hökümetini agdarmak üçin milliona golaý adamy öldürdi. Hökümeti durnuksyzlaşdyrmak üçin raýat söwda gämilerini-de bombalady. On ýyl dowam eden Wýetnam urşunda 1,5 million esger, 2,7 million raýat wepat boldy. A Laos? A Kamboja? Fidel Kastro garşy MRU mafiýa bilen bileleşip Kubada şoña meñzeşini etjek boldy. Oñarmady. Wenesuelada-da etjek boldy, hernä oñarmady. Emma: Sandinista garşy Nikaraguada etjegini etdi. Zairde, Kongoda etjegini etdi, saýlanan çepçi Lumumbany öldürdip, agdarlyşykçylary häkimiýete getirdi. Efiopiýada, Angolada, Çadda etjegini etdi. Gepletseñiz, "demokratiýanyñ sopusy"! Ýogsam bolmasa Ispaniýada, Braziliýada, Çilide, Boliwiýada, Argentinada, Gwatemalada, Paragwaýda, Gresiýada harby döwlet agdarlyşyklaryny gurnady. Gynama tilsimlerini "eksport" etdi, sud etmezden öldürmeleri ýola goýdy. "Reñkli rewolýusiýalar" ady bilen raýat agdarlyşyklaryna guramaçylyk etdi. Gündogar Timor, Owganystan, Grenada, Panama, Yrak topraklaryna girdi. A Sudan? A Siriýa? A Liwiýa? Ýurtlara goýýan sanksiýalarynyñ - gyraklatma-izolýasiýalaşdyrma işiniñ yzy kesimedi. Gürjüstanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda edenlerini bilmezden Ukraina-Russiýa urşuna dogry düşünip bolarmy? Päkistanda bolup duran zatlary görüp otyrsyñyz... "Manipulýasiýanyñ koroly" ABŞ-nyñ daşarky syýasaty halkara kanunlary hemişe bozup geldi, bozmagyna-da dowam edýär. Halkara Jeza beriş sudy, Rim statusy ýaly birtopar möhüm halkara ylalaşyklara gol çekmekden ýüz dönderýär. Hatda kämillik ýaşyna ýetmedikleriñ hak-hukuklary baradaky ylalaşyga-da gol çekenok. Özlerini köplenç kowboýdyr öýtmeýän Ak Tamyñ ýolbaşçylary ýarag bilen dünýäni aýalaryna alarys öýdýärler! Jahana hakyky duşmançylygy edýänler şular! Meniñ ýazgarýanym şudur. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 15.04.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |