15:21 Kimiñ aty ozar? / hekaýa | |
KIMIŇ ATY OZAR?
Çagalar edebiýaty
Ekizler Hydyr-Ylýas dynç günlerinde at çapyşyklarynyň telewizorda görkezilýän her bir goýberilişini sypdyrman synlaýardy. Onsoň şol günem olar iki bolup „Kimiň aty ozmaşak!?“ oýnuny oýnardylar. Munuň üçin her kim ýaryşa goýberiljek atlardan birini saýlap almalydy. Çapyşyk başlanansoňam olaryň hersi özüne degişli ata janköýerlik etmelidi. Munuň üçin çapyşygyň başyndan tä ahyryna çenli telewizoryň öňünde gymyldaman oturmalydy. Ahyrynda-da olaryň hersi kimiň atynyň ozanlygyny, kimiň atynyň yza galanlygyny sekundyna çenli takyk hasabyny ýöretmelidi.Bu diýseň gyzykly hem täsin oýundy. Bu oýna synpdaş oglanlaram gyzygypdy. Köp bolup oýnasaň-a hasam gyzykly bolýardy. Munuň üçin olaryň uly goh edip gygyryşan gezeklerem bolardy, kä mahallar atlaryň görkezen netijelerine dawa edip, olar öz aralarynda „jedele“ girýänlerinem bilmän galýardylar. Bu ýekşenbede welin ýagdaý başgaça boldy. Kakalary ogullaryny ýany bilen şäheriň aýlawynda geçiriljek at capyşygyna alyp bardy. Muňa ekizler hem şat boldy, indi olar atlary, çapyksuwarlary öňküleri ýaly mawy ekran arkaly däl-de, has golaýrakdan synlap bilýärdi. Atlar dogrudanam biri-birinden owadandy, görmegeýdi, näzikdi. Olaryň birenteginiň saza goşulyp bökjekläp tans edişini göreniňde, biygtyýar el çarpanyňy duýman hem galýarsyň. Ine-de, çapyljak naýbaşy atlar, olaryň seýisleriniň, çapyksuwarlarynyň, kimiň hojalygyna degişliligi, şeýle hem ýaryşa jemi on sany dört ýaşar atlar goşulyp, baş baýragy almak üçin olar iki müň metr aralygyna çapyşyga goýberilýändigi yglan edildi. Atlar tomaşa gelen mähelläniň öňünden birin-birin geçip gitdi. Hydyr dessine birinji belgili Garlawaç atly gara aty saýlap aldy. Ylýas bolsa Dordepel atly iknji belgili dor bedewi belledi. Atlara aýry-aýrylykda baha berlip, olaryň haýsy atlaryň neslindendigi, ozalky aýlawlarda gazanan ýeňişleri barada tomaşaçylara gürrüň berilýärdi. Basym ýaryş başlandy. Ine-de, ýaryşyň öňüni 9-njy belgili Tulpar atly gysryk bedew çekip, ýaryşdaşlaryndan barha saýlanyp başlady. Tomaşa gelenler hem köpdi. Olaryň arasynda Tulparyň janköýerleri hem bar eken. Onuň berekellasyny ýetirip gygyrýardy. Hydyr Tulpary saýlap almanyna ökündi. Bu ýagdaý atlaryň baryp soňky aýlawyna çenli dowam etdi. Atlar soňky göni ýola düşende, ýagdaý birneme üýtgedi. Indi ýaryşyň öňüni Kerwen atly gyr at çekip gelýärdi. Ylýas şo dem Kerweni saýlap almanyna ökündi. Kerweniň yzyny basyp Garlawaç, Garlawaçdan soňam Dordepel barýardy. Tulpar häzir dördünji bolup gelýärdi. --Kimiň aty ozarka? --Elbetde, meňki. --Ýok, meňki. --Garlawaç diýdimmi Garlawaç! --Seniň Garlawajyň meniň Dordepelimçe ýokdur, bolubam bilmez! --Göreris! Göz açyp,ýumasy salymda ekizleriň ikisiniň hem sesine suw guýlan ýaly boldy. Yzda gelýän atlardan biri ýyldyrym çaltlygynda, ylla ýeriň ýüzünde uçýan ýaly hemmäniň öňüne geçip, pellehana birinji gelmegi başardy. Adamlar pellehana öň gelen aty synlamak üçin ör turdy. Yzýany bilen gepleşigi alyp baryjynyň ýaňlanan sesi hem ýaryşyň netijesini aýan etdi: --Gözüňiz aýdyň halaýyk! Pellehana ilkinji bolup Bitarap atly dor at geldi. Onuň görkezen netijesi 2 minut 14 sekunda deň boldy. Şeýlelikde, Bitarap atly bedew ýaryşyň baş baýragyna mynasyp boldy! Pellehana ikinji bolup Meleguş geldi, üçünji bolup Dordepel... Şol gün ekizleriň keýpi bolmady. Olaryň ikisi-de Bitarap atly dor bedewi saýlamandyklaryna ýürekden ökündiler. „Ertir mekdepde „Bu gezek kimiň aty ozdy?“ diýseler näme diýeris?! „Ikimiziň hem atymyz yza galdy“ diýerismi? Häli görseň, synpdaşlarymyzyň arasynda onunjy belgidäki Bitarapy saýlap alan bagtly okuwçam bardyr“. Şol günüň agşamydy. Maşgala saçak başyna ýygnanypdy. Hydyr kakasyna ýüregindäkisini aýtdy: --Kaka, okuwymy gutarsam,at üstünde oýnamagyň okuwyna girermikäm diýýän, şonda sizem ejem dagylar bolup meniň at üstündäki oýunlaryma hem tomaşa etmäge gelersiňiz. --Nesip bolsa. Aslynda gowy maksadyň bar eken oglum. Ýaşlykdan haýsydyr bir käre höwes etseň, oňa ýetesi zat ýok. Ekiz taýyň Ylýas jan haýsy käri halaýar ýa-da olam ata höwes edýärmi? --Ýok kaka, Ylýas lukman bolmagy arzuw edýär—diýip, Hydyr Ylýasa ýetirmän jogap berdi. --Tüweleme, adam bilen iş salyşmak, onuň saglygyny goramakdan belent zat bolmaz. Ol käriň naýbaşydyr. Ýöne at bilen iş salyşmak hem adam bilen iş salyşmaklykdan ýeňildir öýtmegin. Kyn diýýänim, atdan ýykylýanam, el-aýagyn döwdürip, ömürlik maýyp-müjrüp bolýanam bar. At janawar, adam ýaly syzýar. Dogry, ol üstüne münen adamyň erki bilen hereket edýär.Ýöne seýis bolmak, çapyksuwar bolmak, asyl at bilen iş salyşmak kyn sungat. --Men ony bilýän—diýip, Hydyr öňürtdi.--Çapyşyk atlaryna, sport atlaryna ideg etmegiň aýry-aýry kadasy bar eken. „Ata iým bermezinden öň, ony ine-gana suwa ýakmaly. Olara irden, günortan hem agşam berilýän iýmleriň mukdaryny kesgitlemeli. Her bir ýaryşdan soň aty tämizlemeli, onuň aýaklaryny ýuwmaly. At ýataklar we olaryň iým berilýän ahyrlary her gün arassalanylyp durulmaly. Çapyşyga taýynjak bolsaň hem atlary athananyň içinde ýa-da ýörite meýdançalarda münmeli. Diňe şondan soň uly aýlawlara çykarmak bolýar diýip“ bize bedenterbiýe mugallymymyz haýsydyr bir kitapdan okabam berdi. --Ol kitap hormatly Prezidentimiziň „Ahalteke atlary—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz“ atly kitaby bolmaly. Ol kitapda atlara ideg etmek, olara erk etmek, atlary sport ýaryşlaryna taýýarlamak, başga-da at bilen baglanyşykly örän gyzykly maglumatlar berilýär. Meniň garry atam hem atyň, çapyşygyň ölemen aşygymyşyn. Özi-de belli seýismişin. Men muny atamy görenlerden soradym, özi-de toý-baýramlarda çapar eken, ol atyny hiç kese bermezmişin. Hat-da ogly kakama-da ynanmaz eken. O mahal kakam hem ýaş oglan eken. Özi seýislän, özi-de çapyksuwarlyk eden. Ol hemişe „Çapyksuwar atyň diline düşünmelidir, şonda ýeňiş gazanylar“ diýer eken. Bir gezek welin onuň Meleguş atly aty pellehana golaýlaberende, ur-tut yzyndan gelýän atlardan birini deňinden geçiripdir-de özi ilkinji bolup gelipdir. Şol gün atamyň keýpi bolmandyr, atyndan halys göwni galypdyr. Agşamaralar atynyň otuna-suwuna bakmak üçin onuň ýanyna barypdyr. Görse, at janawer gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp aglaýamyşyn. Atamyň aňlaýşyna görä, onuň aty ýöne ýere aglamaly dälmişin. Haýsydyr bir gödek atyň gopbamsylygyna, göripligine döz gelmän, onuň bilen basdaşlyk etmek islemändir. Ondan ozmagy özüne müwessa bilmändir. Şonda atam atynyň boýnundan gujaklap, onuň eýesine ýürekdeşliginiň, ojagyna wepalylygynyň öňünde dyza çöküpdir. Soňky ýaryşlarda bolsa şol birinji bolup gelen at bilen atam gaýdyp öz atyny ýaryşlara goşmandyr. Basym ähli zat atamyň oýlaýyşy ýaly hem bolupdyr. Meleguş şondan soňky ýaryşlarda öňüne at geçirmändir. Ol ençeme-ençeme ýurtlarda geçirilen aýlawlary baglap, döwletimize abraý yzyna abraý getiripdir. Atam 1935-nji ýylda geçirilen Aşgabat-Moskwa atly ýörişine-de şol aty bilen gatnaşypdyr. Baş öwredilmedik bedewler ýat adamlary golaýyna-da eltmez eken. Atşynaslaryň arasynda „Aty at edýänçäň, eýesi it bolar“ diýilýän pähimiň biziň günlerimize çenli saklanylyp galmagynyňam sebäbi näme? Sebäbi azabyndan, zähmetinden gaçmaly däl, aty taýçanaklygyndan özüňe emrikdirmeli. „Mal eýesiniň gözünden suw içer“ diýilýändir. Onuňam manysy balalam, at bolsun, sygyr bolsun, düýe bolsun, parhy ýok, olary näçe baksaňam, seniň isleýşiňçe semremezem, süýdem bermez. Dilsiz-agyzsyz malam bolsa janawarlar adamyň mährine, hoşgylawlygyna, ünsli bakyşyna mätäç. Atyň özi-hä päkizeligi, tämizligi halaýandyr, häli görseň çem gelen ýerde agnabam durýan däldir. Ony çaga kimin seretmeli, eý görmeli, wagtly-wagtynda otlap-suwarmaly, ýuwundyrmaly. Ýatýan ýerini arassa saklamaly. Eýerini aýyryp erkinlige-de goýbermeli. Ata ilkinji eýer salmagyňam özüne ýetik güzaby bar diýdiler. Ilki bilen oňa ýuwaş-ýuwaşdan gysga aralyklara çapmany öwretmeli. Aýaklarynyň nal kakylyşyna seresaply çemeleşmeli. Ine, şu zatlara gözegçilik eden adamy atam hor etmeýär. Dogrusy, kakam pahyram ata höwesek eken. Ýöne iki-ýeke sakçydyr çopanlarda bolaýmasa, döwletimiz özüniň Garaşsyzlygyny alýança obalarda at saklan hojalyklar hem bolmandyr diýen ýaly. Şeýdibem onuň ata kesbine bolan höwesi gursagynda garrap galypdyr. Üstesine, maşyn ulagynyň peýda bolmagy atlaryň, ýük daşaýan arabalara goşulan gatyrlaryň hojalyklarda o diýen bir zerurlygam bolmandyr. Şeýdip-şeýdibem ýyl geldigiçe türkmeniň tohum atlary hem ýiteňkirläp ugrapdyr. „Her döwür, bir döwür“ diýleni balalam. Durmuş bütinleý özgerdi. Döwletimiz Garaşsyz bolansoň, biziň bedewlerimiz hem özleriniň erkinligini, azatlygyny aldy.Türkmen aty Türkmen aganyň öz gapysynda kişňeýär. Atçylyk indi döwlet tarapyndan ösdürilýär, köpeldilýär,olardan has ýokary hilli nesiller alynýar. Olary sarpalap, olara uly ynam bildirýär. Atlaryň şanyna heýkel oturdan ýeke-täk halk hem meger türkmenler bolsa gerek. Bu günki gün bedewlerimiz toýdur baýramlarymyzyň gelşigine, bezegine öwrüldi.Türkmen „Atym bar, ganatym bar“, „At—myrat“ diýýändir. Indi hojalyk atlaram barmak büküp sanardan köpeldi. Olaram ýeňişleriň öňüni çekip, uly baýraklardyr Şa serpaýlaryna mynasyp bolup gelýär. Dünýede at kän, ýöne owadanlykda, ýyndamlykda, ynsan häsiýetliliginde biziň ahalteke atlarymyza taý geljek atlar bolmaz. Ekizler kakalarynyň at bilen baglanyşykly beren täsirli gürrüňlerine aňalyp galypdylar. Ondan ertirki ýekşenbe gününde-de özlerini aýlawa äkitmegini soramagyň, bu gezekki ýaryşda hem „Bitarap“ atly dor atyň çapyşygynyň barlygyny ýa ýoklugyny bilmekçi bolup içlerini it ýyrtýandyklaryny aýtmagyň ebeteýini tapman durandyklaryny hem unutdylar. Kakasynda bolsa heniz-heniz hem at bilen bagly ogullaryna berjek gürrüňleri kändi. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |