13:50 Kolumbyñ düýp maksady mongol goşuny bilen Beýtulmukaddesi basyp almakdy | |
KOLUMBYÑ DÜÝP MAKSADY ULY MONGOL GOŞUNY BILEN BEÝTULMUKADDESI BASYP ALMAKDY
Taryhy makalalar
Kolumb dünýäniñ haýsydyr bir ýerinden ýola rowana bolan adamyñ ýene şol ýere aýlanyp geljegine ynanypdyr we muny subut etmek üçin gadymy rowaýatlardan delil getiripdir • Hristofor Kolumbyñ ahyrky maksady uly mongol goşuny bilen Beýtulmukaddesi basyp almakdy Amerika materigine sary agyr ýolagçylyk bilen dünýä taryhyny üýtgeden Hristofor Kolumbyñ ahyrky maksady Beýtulmukaddesi (Ierusalimi) basyp alyp biljek uly goşun düzmekdi. Merhum taryhçymyz Halil Inaljyk Kolumbyñ bu pikirini şeýle beýan edýär: "Hristofor Kolumbyñ Täze dünýäni açmagy bir tarapdan Ortaýer deñzinde Ispaniýa bilen Osmanlynyñ arasyndaky göreş bilen baglanyşykly ýaly bolup görünýär. Kolumb "Gündeliginde" ony herekete geçiren hakyky pikiriñ yslam dünýäsini ýeñseden urup, hristianlaryñ Gündogardaky dosty mongol hany bilen göni aragatnaşyk açmakdygyny, Hindistan söwdasy ýola goýmak üçin Hind okeanyñ deñiz ýoluny aşmakdygyny, Günbatar we Gündogar hristianlarynyñ bileleşmegi bilen Beýtulmukaddesi (Ýerusalem) almakdygyny mälim edýär". Hristofor Kolumbyñ ýola çykyş maksady ýaly onuñ Amerika materigine ilkinji gezek aýak basyp-basmandygy-da aýry jedelli gürrüñiñ temasydyr. Muhammet Hamidulla ýaly birnäçe musulman alymy şu temada birnäçe pikirleri orta atýar. Wagtal-wagtal Piri Reisiñ kartasynyñ üstünden çekişmeler möwjese-de, Hamidulla "Musulmanlaryñ Hristofor Kolumbdan öñ Amerikany açmaklary" atly ylmy işinde täsin maglumatlary berýär. • Dünýäniñ togalakdygy baradaky jedeller Kolumby uly tutumly ýolagçylyga çykardan iñ esasy sebäpleriñ birem dünýäniñ togalakdygyna bolan berk ynançdy. Ol muny "Gündeliginde" şeýle beýan edipdir: "Ýer ýüzüniñ, guryýerleriñ, suwuñ sferasynyñ bardygyny hemişe okapdym. Plin suwlar bilen guryýeriñ bir bitewi sferany düzýändigini ýazypdyr. Bu okean deñziniñ iñ uly suw gatlagynyñ bardygyny pikir edipdir: hemişe asmana öwrülip durandygyny, astynda ýer bardygyny we oña daýanç bolýandygyny, hindi hozunyñ daşy bilen içi ýaly biri-biriniñ üstüni örtýär. Orta asyr taryhyñ mugallymy Ýaradylyşdan söz açanda suwlaryñ juda kändigini aýdypdy. Ýaradylyş wagtynda bütin ýer ýüzüni örtüp duranam bolsa - şol wagtlar ümür-dumandyr buga meñzeşdi, jisimleşip bir ýere üýşdülerem welin az-uçuk ýer tutdular diýýär. San-Nikolas hem şu pikirdedir". Amerikanyñ açylmagy / Fotosurat: Wikipediýa Kolumb bu sözleri ikirjiñlenip we Orta asyryñ düşünjesine salgylanyp aýdanam bolsa, baryp-ha 890-njy ýylda Ibn Roşt has anyk we hakykata golaý pikirleri orta atypdy: "Alymlaryñ arasynda guryýer we deñiz bölekleri bilen birlikde bütin ýer ýüzüniñ top ýaly togalak görnüşdedigi barada umumy pikir bar. Günüñ, Aýyñ we ýyldyzlaryñ doguşy, olaryñ dünýäniñ dürli ýerlerinde bir wagtyñ özünde görünmeýşi, gündogar kysymlarda galan ýurtlarda günbatar kysymlardaky ýurtlardan has ir dogmagy bilen bu hususda delil getirilýär. Asman jisimleriniñ bu yzygiderliligi birmeñzeş zerurlygy emele getirýär". Ibn Roşdyñ sözleri diñe dünýäniñ şekiline degişli däldi. Dünýäniñ galaktikadaky ýerleşişine degişli-de haýrana goýujy maglumatlary berýärdi we dünýäniñ togalakdygyny jedele ýer goýmajak görnüşde subut edýärdi: "Ýer ýüzi egremçe (konkaw, вогнутый) şekilde bolan gögüñ (asmanyñ) ortasynda, howada asyl-asyl bolup duran top ýaly togalakdyr. Hem ýokarsyndan, hem aşagyndan, hem gyrasyndan, şeýdibem asman hemme tarapyndan dünýäni deñ derejede gurşap alýar. Asmanyñ içinde dünýä gabygyñ içindäki ýumurtganyñ sarysy ýalydyr". Amerikanyñ açylmagy / Fotosurat: Wikipediýa Kolumb dünýäniñ haýsydyr bir ýerinden ýola rowana bolan adamyñ ýene şol ýere aýlanyp geljegine ynanypdyr we muny subut etmek üçin gadymy rowaýatlardan delil getiripdir. Eýsem-de bolsa, yslam akyldarlaryndan Kahtawi ençeme asyrdan soñ Žyul Werniñ "Segsen günde döwri-älem" kitabynyñ jemleme bölümine-de tema bolşy ýalu, Gündogara sary ýola çulan adam başlangyç nokada baranda çykan nokadyndaky günden bir gün yzdan geljek senä ýetjegini şu sözler bilen aýdypdyr: "Eger biri berilen nokatdan Gündogara, beýlekisi Günbatara sary gitse, üçünji adamam başlangyç nokatda galsa, ikisi-de şol bir sagtda gaýdyp gelen ýagdaýynda dünýäni gezip gelmek üçin gündogara giden adam bir gün artyk, günbatara gidenem günüñ dogşuna-batyşyna görä çözgüde gelip, bir gün kem hasaplar. Günbatara giden adam gün bilen ugurdaş ýöreýär. Şu nukdaýnazardan onuñ güni gündogara gideniñkä garanda mydama az-kem uzyndyr. Netijede döwri-älem (dünýäniñ daşyna aýlanmak) tamamlananda bu tapawut tegelek bir güne deñ bolýar". Mongollary suratlandyrýan surat / Fotosurat: Wikipediýa Ýene bir tanymal musulman alymy Abu Reýhan Biruny dünýäniñ käbir ýerlerinde alty aýlap gün dogmaýandygyny anyklap, Demirgazyk polýusyna yşarat edýärdi. Biruny muny dünýäniñ şekili we ýerleşişi bilen düşündirýärdi. • Amerika ilki berberiler aýak basdymy? Hamidullanyñ iñ esasy öñe sürýän pikirleriniñ birem Amerika yklymyna ilkinji bolup berberileriñ aýak basandygy hakdaky çaklamadyr. Ol bu pikirini delillendirmek üçinem "Braziliýa" adynyñ etimologiýasyndan peýdalanýar: "Berberiler Günbatar Afrika iñ ýakyn ýer bolan Braziliýa baryp ýetipdirler. Braziliýa sözi brazil dilinde-de, ýewropa dillerinde-de gabat gelmeýär. Bu söz dilçi alymlary (etimologlary) geñ galdyrýar. Biziñ gipotezamyz muny añsat düşündirýär. Ýagny, berberi taýpalarynyñ arasynda birzala diýen taýpa bar. Bu taýpanyñ agzalaryna köplük sanda Brazil diýilýär. Şol wagtyñ ýer atlary şol ýerde ýaýranlardan gözbaş alyp gaýdýardy. Musulmanlaryñ okeandaky gözlegleri netijesinde eden ýörişinde birzala taýpasyndan ýygnanan topar bir ýerde ýerleşdiler. Bu ýer megerem bir ada bolmaly. Şeýdibem ol ýeriñ ady Brazil bolup galdy. Soñabaka tutuş sebit şu at bilen atlandyrylypdyr". Hristofor Kolumbyñ syýahaty / Fotosurat: Wikipediýa Hamidullanyñ etimologiýanyñ üstünden eden bu deñeşdirmesi gowşak delillere esaslanýanam bolsa, Kolumbyñ hut özüniñ ýazan "Gündeliginde" üýrmeýän it görnüşinden söz açmagy şübheleri güýçlendirýär, çünki onuñ aýdýan itine meñzeş it Afrikanyñ "basenži" diýen it görnüşinde gaýtalanýardy. Bulam iñ güýçli ähtimallyk bolup öñümizden çykýar. • Hristofor Kolumbyñ düýp maksady Beýtulmukaddesi basyp almakdy Merhum Halil Inaljyk halypanyñ orta atýan bu pikiri hut Kolumbyñ öz sözleri bilen tassyklanýar diýen ýaly. Kolumb Gündogaryñ magnawy-maddy baýlyklary elinde saklaýandygyny "Gündeliginde" aç-açan ýazýar we Günbataryñ ömrüni dowam etdirmegi üçin Gündogarda täsirli güýje eýe bolmalydygyny öñe sürýär: "Mukaddes kitabyñ" şaýatlyk etmegine görä, Hudaý Ýer ýüzüniñ jennetini guranda, ýaşaýyş agajyny onuñ ortasyna dikdi. Ol ýerdäki çeşmeden dört uly çeşme çykýar: Hindistandaky Gang, Mesopotamiýadaky Tigr we Ýewfrat, soñra-da Nil. Emma bu Ýer ýüzüniñ jennetiniñ nirdedigini anyk düşündirýän latynça-da, grekçe-de hiç zat okamok. Hiç bir karta-da ony görmedim. Emma bu boýunça höwessiz çaklamalar bar. Käbirleri-de ony Hebeşistanda Niliñ gözbaşyna ýerleşdiripdir... Ýer ýüzüniñ jennetiniñ Gündogarda bir ýerdedigine biragyzdan ynanýarlar". Halil Inaljyk Gündogarda osmanlylaryñ we mamlýuklaryñ Günbataryñ garşysynda gazanan ýeñişleri aýratynam ispanlaryñ we portugallaryñ deñiz boýunça agalyklarynyñ öñüne böwet basýan ýagdaý däldi. Az wagtyñ içinde Medinedäki Hezreti Muhammet pygamberimiziñem (s.a.w) mübärek guburyna howp abanyp başlady. Afonsu de Albukerki sebitdäki harby-deñiz güýçlerinden peýdalanyp, pygamberimiziñ guburyny Medineden ogrynça alyp gaçyp Watikana getirmek üçin aýylganç meýilnama taýýarlapdy. Taryhçy Myrat Bardakçy bu meýilnamanyñ nähili soñlanyşyny şeýle ýazýar: "Gündogara uzaýan söwda ýollaryny eýelemek islän portugaliýalylar mamlýuklaryñ deñizçilikdäki gowşaklygyndan peýdalanyp; Arabystan ýarymadasynda strategiki nokatlary edinmegi başardylar. Portugaliýaly admiral Afonsu de Albukerki hasam öte geçip, Hezreti Muhammediñ Medinedäki guburyny hristian ýurtlaryna alyp gaçmak ýaly bihaýaçylykly meýilnama işläp düzdi. Admiralyñ tutarygy mamlýuklaryñ Beýtulmukaddesdäki mukaddes ýerlere zyýarata gelýän hristianlardan salgyt almaklarydy we pygamberimiziñ jansyz bedenini ogurlap bilen ýagdaýlarynda yslam dünýäsiniñ keýpine sogan dograp, wagtyñ gevmehi bilen Beýtulmukaddese-de eýelik edip biljekdiklerini pikir edipdi, emma Osmanlylaryñ mamlýuklady taryh sahnasyndan aýryp, Ýakyn Gündogary we bütin mukaddes ýerleri öz ellerine almagy bu betpygylly meýilnamany şowsuzlyga uçratdy. Portugaliýaly serkerde bet pyglyny amala aşyrmak üçin 1513-nji ýylda herekete geçdi, birnäçe musulman ýurduny basyp aldy, emma onuñ ahyrky maksadyna ýetmegine osmanlylar päsgel berdiler. Ýawuz Soltan Selim 1516-njy ýylyñ 2-nji awgustynda Halabyñ ýakynyndaky Merjibadyk diýen ýerde mamlýuk goşunyny derbi-dagyn edenden soñ Müsür bilen Siriýa tutuşlygyna osmanlylaryñ tabynlygyna geçdi. Yslamyñ mukaddes ýerleri-de az wagtdan soñ Ýawuz Soltan Selimiñ golastyna girdi. Emma portugaliýalylar şonda-da niýetlerinden el çekerli däldiler, hatda 1517-nji ýylda Jiddä goşun bölümlerini düşürmäge synanyşdylar, emma yza serpikdirildiler... Bütin bu üýtgeşmeler Hindistana barýan söwda ýollarynyñ agramly böleginiñ mundan beýläk Osmanly häkimiýetiniñ golastyna geçýändigini añladýardy. Arabystan ýarymadasyndaky portugal okkupasiýasynyñ öñüne şeýdip bent basyldy, Hindistandan Ýewropa gidýän haryt gatnawy şol wagtdan başlap Türkiýäniñ üstünden geçmeli boldy we Afonsu de Albukerkiniñ gorkunç meýilnamasy-da amala aşmadyk gury hyýal bolup galdy..." Taryhçy Halil Inaljygyñ aýtmagyna görä bolsa, Kolumbyñ Beýtulmukaddesi mongol goşunlary bilen basyp alma meýilnamasynyñ añyrsyndaky niýet hem Kiçi Ermenistandaky nestury hristianlaryñ Kubilaý hanyñ ilçisi bilen ýola goýan gatnaşygyna goldanýardy: "Eýran mongollary Anadoly türkmenleriniñ we mamlýuk soltanlarynyñ baş duşmanydy. Mongollar haçparaz goşunlaryñ hereket merkezi saýýan Kiçi Ermenistany (Çukurowa sebiti) howandarlygy astynda saklaýardylar. Mamlýuklara garşy mongollar bilen ýewropa köşkleriniñ arasynda ikitaraplaýyn ilçiler gatnaýardy. Argunyñ (1284-1291) hristian-nestury ilçisi Rim papasy Nikola IV-e hanyñ adyndan şeýle diýýärdi: "Han katolikler dünýäsi bilen dostlukda birleşmegi we Siriýadyr Palestinany eýelemegi teklip edýär hem-de Ierusalimiñ basyp alynmagy üçin ýaranlyk etmegiñizi isleýär". Mongollar bilen Günbatar hristian dünýäsiniñ arasynda gatnaşyklar şondan soñam dowam edipdir. Kolumba degişlidigi aýdylýan "Gündelikde" ol ispan hökümdarlary Izabella we Ferdinanda "Grankanyñ (Kubilaýyñ) ýurduna deñiz ýolundan baryp ýetjekdigini, ol ýerdäki butparaz halky hristianlyga çagyrjakdygyny" aýdýar". (Rim papasy pygamberimiziñ jansyz bedenini ogurlatmak üçin Medinä 20 sany içaly pop ugradypdy – "Haber Türk" gazeti). Kolumb we Izabella / Fotosurat: Wikipediýa Hristofor Kolumb Kuba baryp ýetensoñ Ispaniýa ugradan ilkinji habarnamalarynda az wagtyñ içinde Kubilaý bilen görüşmegi umyt edýändigini ýazypdyr. Emma Kolumbyñ dünýä taryhyny düýpgöter üýtgedip taşlajak "Täze materigi açanlygyndan habary ýokdy. Bu materigiñ açylmagy bilen taryhda täze sahypa açylyp, Günbatar Osmanlynyñ garşysynda uly artykmaçlyk gazanypdy. Elbetde, osmanly we käbir musulman deñizçileriñ Amerikany günbatarlylardan öñ bilýän bolmaklary gaty ähtimaldy, emma Günbatar Kolumbyñ bu açyşy bilen baş duşmanynyñ garşysynda güýçli we kesgitli artykmaçlyk edinipdi. *Has giñişleýin okamak isleýänler Hristofor Kolumbyñ "Syýahat depderleri", Muhammet Hamidullanyñ "Musulmanlaryñ Hristofor Kolumbdan öñ Amerikany açmaklary", Halil Inaljygyñ "Hristofor Kolumb we haçparaz syýasaty" atly işlerini okap bilerler. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Penşenbe 26.11.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |