08:06 Kongresiñ oratory | |
KONGRESIÑ ORATORY
Publisistika
Kongres ony diñe diñläbem oñmaz, şol bir wagtda dik duran ýa-da dyzyna çöken ýagdaýda el çarpyp garşylar. Ysraýylyñ premýer-ministri Netanýahu 24-nji iýulda ABŞ-nyñ Kongresindäki umumy ýygnakda çykyş eder / Fotosurat: GPO / Amos Ben Gerşom (Arhiw) Ýetmişinji ýyllarda araplar Ysraýylyñ Günbatar mediýasynyñ üstündäki doly gözegçiligini çäklendirmek üçin çynlakaý synanyşyga baş goşdular. Munuñ netijesinde iñ esasy komitetleriñ iñ esasy wezipeleriniñ birinde Senatyñ Daşary işler komitetiniñ başlygy senator Uilýam Fulbraýtyñ gazanylmagy uçursyz begendiripdi. Waşingtonda bu adamdan interwýu almak maña añsat düşüpdi we ondan ynanyp bolmajak derejede sadalykdaky şu taryhy sözleri eşidipdim: - Senatyñ 100 sany agzasy bar, onuñ 99-y Ysraýylyñ täsirinde we mundan halas bolan ýeke-täk adam men Saýlaw bähbitleri sebäpli Kongresiñ Ysraýylyñ gözegçiligi astynda boýunsunujy guraldygyny hemmeler bilýär. Şonuñ üçinem Kongresde açylan we hiç zady añlatmaýan maýda gädikler hasaba almanda, daşarky syýasatda haýsydyr bir üýtgeşme boljakdygynyñ umydy ýok. Togsanynjy ýyllarda AIPAC-a (jöhit lobbisi) zerurlyk ýokdugyny, edilen çykdajylaryñ başga işlere harç edilse gowy boljagyny aýdyanlar bardy. Emma Kongres taryhy syýasy okaýyş etmek isleýän ABŞ-nyñ saýlama myhmanlaryny garşy alýan birtüýsli ýokary platforma bolmagyny dowam etdirdi. Bularyñ birem ýetmişinji ýyllarda Kanadanyñ premýer-ministri bolan Pýer Elliott Trudeady. Batyrlygyñ we adamkärçilikli düşünjäniñ läheñi kimin ol platformanyñ münberine çykdy we dünýäniñ iñ güýçli ýurdunyñ adaty goñşusy ýaly gürledi. Eden çykyşy eýesi kimin adamzadyñ ösüşiniñ we güýçlüleriñ garşysynda iñ ejiziñ mertebesiniñ bir bölegidi. Trudeau dünýänıñ iñ güýçli parlamentine ýene bir goşmaça status gazandyrypdy: ýurtlaryñ arasynda üýtgewsiz gymmatlyklar basgançagynyñ platformasy bolmak. Häzir bu Kongres Binýamin Netanýahunyñ "24-nji iýulda Kongresde çykyş etme çakylygyny kabul edendigini" mälim edýär. Käbirleriniñ kanalizasiýanyñ suwuny içýän, käbirleriniñem içmäge şol suwy hem tapmaýan Gazada bolup geçýänleriñ jogapkäri bolan Netanýahu nutuk sözlemek üçin çagyrylýar. Ysraýylda çykýan "Haaretz" gazeti Netanýahuny çagyranlaryñ we ony diñlejekleriñ "bir süri ýallakçydygyny" ýazdy. Netanýahunyñ çakylygyny "kabul eden" bu Kongres Pýerr Elliott Trudeauny ynsanperwer deñlikde beýgeltme derejelerini düşündirmäge çagyran Kongres bilen birmi? Ysraýylyñ premýer-ministri Netanýahu çotgasy we galamy bilen çeken arkasyndaky Hirosima kartinasy bilen Kongresde näme diýerkä? Kongres ony diñe diñläbem oñmaz, şol bir wagtda dik duran ýa-da dyzyna çöken ýagdaýda el çarpyp garşylar. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist-ýazyjy. Ýekşenbe, 09.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |