20:48 Köşkler şolardan doly | |
KÖŞKLER ŞOLARDAN DOLY
Publisistika
Ýewropa Marin Le Peniñ karýerasyny synlaýar we onuñ Ýewropanyñ ilkinji faşist prezidenti bolup-bolmajagynyñ gürrüñini edýär. Munuñ özi ýalñyş gürrüñ. Prezident Makrony ýeñse Ýewropanyñ ikinji faşist ýolbaşçysy bolar, çünki adamlar Italiýanyñ premýer-ministri Jorja Meloniniñ eýýäm iki ýyl bäri ýurduñ başynda oturandygyny bilenoklar. Sebäbi-de, Italiýanyñ Fransiýa ýaly däldigi we Ýewropanyñ ony Fransiýa ýaly bilniksizje synlamazlygy. Emma ýewropalylar faşizmiñ Italiýada dörändigini we millionlarça ýewropalynyñ oña eýerendigini, her aý 30 müñ italýan zenanynyñ Duçä (Benito Mussolini) hat ýazyp, oña durmuşa çykasynyñ gelýändigi barada aýdandygyny ýa-da şuña meñzeş teklipleri edendigini elmydama ýatdan çykarýarlar. Meloni iki ýylyk häkimiýeti döwründe örän asuda we ylalaşykçy işleri amala aşyrdy. Italýanlaryñ arasynda bölünişige sebäp bolmady. Hiç bir ugurda faşistik syýasy ugurlary durmuşa geçirjek bolmady. Syýasy hereketlere we ekstremistik sagçylara goşulmak üçin 15 ýaşyndaka mekdebi taşlanyndan bäri badyhowalylygyñ tersine, döwlet dolandyryşynda özüni salyhatly alyp barýar, hyzmatdaşlyk etmek üçin beýleki partiýalara elini uzadýar. Premýer-ministrlik eden döwründe Italiýanyñ uruşyñ soñlanan wagtyndan bäri başdan geçirýän dowamly syýasy çaýkanşyklarynyñ tersine, durnuklylyk we galkynyş döwrüni başdan geçiren özünden öñki ýolbaşçy Silwio Berluskoniniñ syýasy ugurlarynda-da düýpli üýtgeşmeleri geçirmedi. Ýewropany sagçylar we olar bilen birlikde sagdan duýulýan gorky dolandyrýar. Şu manyda sag ganat adamlary dyzmaçlyga, uruşa iterýän partiýalary we pikirleri alamatlandyrýar. Emma edil häzir ýoldaş Meloni diñe geçen ýylyñ dowamynda 445 million turisti myhman alan ýurduñ ýurdy dolandyrýar. Partiýasy bolan "Doganlyk" partiýasynyñ ilkinji gezek häkimiýet başyna gelmeginiñ keýpini görýär. Tötänlige seretseñizlä, onuñ partiýasy "Liwan Güýçleri" partiýasynyñ 90 ýyl gurlanynda kabul eden şygarynyñ birmeñzeşini öñe sürýär: "Hudaý, Watan, Maşgala". "Liwan Güýçleri-de" şol döwürde Ýewropadaky jemgyýetçilik hereketlerinden, aýratynam faşizmden täsirlenipdi. Meloniniñ-de maşgala bitewiligini goramak we ahlak gözegçiligini ýola goýmak, gomoseksual nikalar bilen "narkotiki serişdelere" garşy çykmak ýaly syýasy ugurlary we ynançlary üýtgemedi. Ýewropadaky üýtgeşmeler düýpli we radikal. Bir ýandan saga ýönelmeler bar, beýleki bir ýandanam aýallar tarapyndan dolandyrylýar. Ýagny, Ýewropada we aýratynam "katolik" ýurtlarda häzir aýallar ekstremizme wekilçilik edýär. Feministik syýasatyñ iñ uly sýurprizi birnäçe gün mundan öñ paýtagtyñ şäher sowetiniñ başlygy asly jöhit Klaudiýa Şeýnbaumyñ döwlet ýolbaşçylygyna saýlanan ýurdy Meksikada bolup geçdi. Onuñ saýlawlardaky bäsdeşi-de aýaldy. Prezidentlik sistemasynyñ ýola goýlan gününden bäri, dünýä prezidentiñ erkek, aýalynyñam "Birinji leýdi" ("First lady") bolmagyna öwrenişdi. Emma indi aýal başlyk, erkegem başlygyñ äri. Margaret Tetçer we Dennis, Indira Gandi we onuñ äri muña mysaldy, hem häzir bu dowam edýär. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Duşenbe, 17.06.2024 ý. | |
|