07:13 Kötel ýoda / hekaýa | |
KÖTEL ÝODA
Hekaýalar
Aýnagözel tüýs Aýyň bölegidi. Onuň ak gaýmak kimin näzik ýüzüne bir zat degse, saralyp-solaýjak ýalydy. Egnine geýen lybasy derek boýuna şaplaşyp durdy. Gyz özüniň owadanlygyna diýseň buýsanýardy. Dogrusy, onuň näz-kereşme bilen süýnüp-sarkyp ýörşüni görmäge göz gerekdi. Aýnagözel täk özi galyp, göwün ýüwürtmäni halaýardy. Hyýalynda hemişe süýt kölünde ýüzerdi. Düýşünde-de zyýada görmegeý ýigit bilen duşuşardy. Süýji-süýji söhbet ederdi. Joralarynyň üýşen ýerinde-de, baý, magtanmagy halar-da! «Meni söýjek ýigit juda zyba, owadan bolsun, özem bar zatdan ýüki ýetik bolsun! Aga-ýana ýaýnarym ýaly, hökman maşynjygam edinsin. Ýüpege çolaşyp, ýaga çümeýin. Ine, maňa diňe şeýle ýar gerek!» diýmegi ol örän oňat görýärdi. Gyzlar muny Aýnagözel oýun edip aýdýandyr öýdýärdiler. Dogry, onuň özem öteräk geçýändigini aňşyrýardy. Ýöne nähilidir bir nämälim duýgy munuň hut arzuw edişi ýaly boljakdygyna ynandyrýardy. Ýaşlyk ýelgini täsin zat. Ol döwür edil ertekilere çalymdaş. Sen öz ham-hyýallaryň dyr-pytrak bolup gidenini soň-soňlar duýup galýarsyň. Durmuşyň çarkandakly ýodasy her kimi bir kenardan çykarýar. Kimsi öz täleýinden razy, kimsi nadyl. Ine, Aýnagözelem bir gün biriniň öýüniň dulunda kürtesini bürenip oturmaly boldy. Onuň öz pikiriçe, bagty çüwmändi. Gapdalynda keserilip, çaý süzüp oturan garaýagyz, hortaň ýigit gelniň aňyrsyny bärsine getirýärdi. «Gamyş ýaly. Şemal öwüsse, düňderilip gitjek. Boýuň gurasyn, boýy guramyş. Ikindiniň kölegesi ýaly. Beýle syryk boýy ömrümde birini gezek görýän. Çöpe jan bitdi bolanyna görä, boýy bir gysgarak bolsa bolmaýarmy?» diýip, pikir edip oturyşyna, ol özüniň kemyrsgallygyndan nalaýardy. «Ýylanyň ýigreneni narpyz, olam hininiň agzynda gögär» diýleni! Aýnagözel Soltan daýzanyň ogly Geldini ýaşlygyndan ýigrenýärdi. Onuň bus-bus ýaly bolup, ýeňsesini tüňňerdip, ile goşulman ýörşüni asla ini söýmezdi. Ol şoh, şadyýan ýigitleri gowy görýärdi ahyry! Halamaýan ýigidiniň, gel-gel, öz alnyndan çykaýşyny diýsene! Munda, dogrusy, kakasynyňam ýazygy ýok däl. Nämemiş, ýatan ýeri ýagty bolsun, Soltan daýzanyň adamsy Berdi pahyr onuň jan ýaly dostumyş. Ýeri, dosstum diýip, gyzyňy bir bigänä dakyp goýbermelimi? Soltan daýza ýer urup, ýerde galan, ýarlykly garyp. Üstesine-de, gözem kör diýýärler. Ine, kakasynyň şuňa nebsi agyrypmyş. Onuň ýagşylyk edip, sogap gazanasy gelenmiş. «Eý, kaka jan, kaka jan! Kişä ýüregiň gyýlyp, ne gözel gyzyň ömrüni kül etdiň. Men indi neneň edeýin? Wah, meniň köýen arzuwlarym!..» gelin pikir derýasyna gark bolup oturyşyna kimdir biriniň başyndaky kürtäni emaý bilen çekip alanyny-da duýmady. Aýnagözeliň ary köýen ýaly, alarylyp seredişinden öwzaýynyň bozukdygyny aňan Geldi öňürti dillendi: —Gaty yssy. Kürtäňi aýyraý, Aýnam! Ikiçäk wagtymyz düzgün saklamak hökman däl-le... «Wah, seniň diliňi gömeýinden sogrup bolýan bolsady». Aýnagözeliň içini it ýyrtýardy. Geldiniň her sözi onuň peltesine ýag damdyrýardy. Onuň bar arzuwy bahymrak kyrk günüň geçeridi. Edil häzir kürtesini taşlap gitmäge ol il-günüň gybatyndan ejap edýärdi. Geldiniň ýaňky sözlerem onuň ýarasyna duz sepdi. Ol gödeksi sözüni morta oklady. —«Aýnam» diýen bolup aýnama! Näme, seniň bu ýerde Aýnaň barmy? Kürte bilenem işiň bolmasyn, beýleki bilenem. Yssylasam, özüm yssylaýan, derlesem, özüm derleýän. Bile yssylaly, bile derläli diýýän barmy saňa! Ajysyny pürkensoň, gelniň biraz ýüregi düşüşdi. Dogrusy, özüniň ýoknasyzlygyna, gödekligine ýigidiň gahary geler, üstüne düwlär öýtdi. Asyl, gelne geregi hem şudy. «Sögüşmäge bahana bar. Bir zadyny aýtdygy ikini suňşyryn. Şeýdibem, şu dowzahdan dynaryn. Bes, hälem on gün çydadym...» diýip, Aýnagözel pikir edýärdi. Ýöne, geň zat: ýerden seda çykdy, ýigitden çykmady. Otagyň içi dym-dyrslyk. Geldi ýazgarylan çaga ýaly müýnli halda ýüzüni aşak sallap otyrdy. Onuň naýynjar görnüşi ýürek awundyryjydy. Birhaýukdan soň Geldiniň pyşyrdysy eşidildi: —Göwnüňe degen bolsam, bagyşla... «Haý, seniň mysalaň gursun! Medeniýetlisirän bolaýşyny munuň. Git-de, traktoryňy tarlat-da!». Geldi käsesindäki çaýy owurtlady-da, ýerinden turup gitdi. Az salym geçmänkä, Aýnagözelem daş çykarman boldy. Ol daş işige ýetiberende, kürtdürip duranyny duýman galdy. Hut öz gözlerine ynanmady. Geldi iň soňky kartoşkany ardyp boldy-da, ýuwup, dograp, gazany atardy. Bu görnüşe Aýnagözeliň tas ýüregi ýarylypdy. Ol üç gezek ýakasyna tüýkürip toba etdi. «Heleý jan bol-a! Munça bolanyna görä uzyn köýnek geýip, gyňaçjygam daňynmaly ekeniň! Gör, meniň düşüp ýören ýerlerimi! Eýsem, bir öýde iki heleýiň nämä geregi bar? Wah, wah, gara bagtym... Men bir heleýe baran oguşýam... Aý, oglan, saňa uslypmydyr eýsem? Eneň bar, zadyň bar, nahar bişirmäge gurby çatýandyr ahyry. Baý, bu heleýiň doňýürekdigini! Uzynly gün söw-söw syryp, elini sowuk suwa uranok. Eýsem, bu kempir ogluna nahar bişirtmäge utananokmyka?» Aýnagözel serinde şulary aýlap, arkanjaklap, yzyna tesdi. Beýnisinde garjaşyk pikirler at salýardy. Onuň bu bolýan zatlara hiç akyly çatmaýardy... Gaýyn enesi bir çäýnek çaýy getirip, gapynyň ýanjagazyndaky stoluň üstünde goýup gitdi. Muňa Aýnagözeliň öňküden-de beter kejebesi darykdy. «Garry ülhidiň körsürän bolşuny! Ýeke dikraryna birjigem haýpy gelenok». Nahar iýlip, saçak ýygnalansoň, Geldi küştüni alyp, mallary düzüşdirdi. Çekinjeňlik bilen Aýnagözele seretdi: —Aýna, gel, küşt oýnaly!—diýip, birgeňsi ýylgyrdy. Ýigidiň sada sözlerine Aýnagözel henek edilýändir öýdüp pikir etdi. Bar keýpine sogan dograldy. Ýene kejirligine tutdy: —Küşt oýnap bilýän haýranmy sen?! Muňa Geldiniň gözleri ýandy. Ýöne hiç zada per bermediksirän bolup, ýasama ýylgyrdy: —Näme oýnaman! Ynanmasaň, seret-de göräý. Gel, saňa-da öwredeýin! —Ýitir, ýok et! Aýnagözel munuň bilenem oňman, küşdi eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi. Çöpleriň hersi bir ýerik pyzylyp gitdi. «Şu gezeg-ä gaharyň gelse gerek. Çyban basym ýarylyp dynaýsa... Bir dikleşep, bellisini etsek. Gulatynyň golundan bir azat bolsadym...». Gelin içini hümledip, ekezlendi. Ol Geldiden teýeneli söze, batly şarpyga garaşdy. Emma onuň matlaby ýene başa barmady. Ýigit öüzüni turşartdy-da, küşt çöplerini ýygnaşdyrmaga durdy. Onuň kürşerilip durşuna Aýnagözeliň nebsi agyrjak ýalam boldy. Ýene-de Geldiniň süňklek, uzyn atan-satan aýaklaryny görüp, leňňeji göz öňüne getirdi. Aňyrsy bärsine gelip, ýüregi bulandy. «Beýle bigörkdügini! Mylakatlysyran bolýar-a. Amanat ýaly bolup, gelişmese nätjek?». Geldi gelniniň beýnisinden turýan tupandan bihabardy. Ol küştüni ýygnaşdyrdy-da, ses-selemsiz gazet okamaga durdy. Özüne üns berilmezligi kesir gyza has ýokuş degdi. Ol gaharyna sandyraklap, tapyr-tupur kürtesini ýassandy-da ýatyberdi. Geldiniň: —Näme, ukyň tutýamy?—diýenini eşitse-de, eşitmezlige saldy. Ýigit ýeňillik bilen gopup, düşek düşendi, ýassyklary goýuşdyryp, Aýnagözeli emaý bilen göterip, düşege geçirdi. Üstüne mahmal ýorgany atdy. Gelniniň maňlaýyna dökülişip duran saçlaryny ýygnaşdyrdy-da, ony mähir bilen öpdi. Ýigidiň gyzgyn demi Aýnagözeliň bedenine ýaýrap gitdi. Bu sada, türkana ýigidiň özüni jany-teni bilen söýýändigine gelin şu ýerde göz ýetirdi. Emma şonda-da siltenjiräp, aňyrsyna döndi. Aýnagözel ir ýatansoň, daň bilen oýandy. Ýöne Geldi eýýäm işe gidipdi. Ol daş çykanda, gaýynynyň aşhana ýüwrüp gidenini görüp, assyrynlyk bilen onuň hereketlerini yzarlamaga durdy. Şu öýde geçiren on bir gününiň içinde onuň gaýynyny şeýle içgin synlaýşy ilkinji gezekdi. Oral aýal börüginiň depesine gysdyran otluçöpüni alyp çakdy-da, gazy açdy. Ýanyp duran otluçöp açylan «gözüň» üstüne baranda güpläp gitdi. Kempiriň ýüzüne ot düşendir öýdüp, Aýnagözeliň ini dyglady. Gaýyny kitirini eline alyp, höwruň gelýän ýerini çaklap, ony gazyň üstünde goýdy. —Oglum, turduňmy? Aýnagözel tisginip gitdi. Töweregine ýaltaklady. Hiç kime gözi düşmänsoň, garrynyň özüne ýüzlenýändigini aňşyrdy. —Hawa!—diýip, zordan pyşyrdady. «Be, görmezlige salyp, ýagyrnişligiňi otlaýanlardan bolaýmasyn? Älhepus, adam pahyr ölmese, her haýsyna duşjag-ow! «Oglum» diýen bolup, dilini aýnadaýşyny...» Onýança-da Soltan daýza onuň pikirini böldi: —Şypbyldyňdan biläýdim daş çykanyňy. Çaýam oturtdym. Gaýnadygy özümjik eltip biýrin. Onsoňam, jan balam, menden ýaşynjak bolubam ýörme. Öňem ýekelikden halys bezikdim. Bileje ümmüldeşsek, maňa-da kem däl. Şundan soň kempir gybyrdyklap, öýden düwünçek alyp çykdy. Suwuň ýanyna barybam, ony çözdi. Aýnagözel bu betnyşan garryny ertekilerdäki haýýar jadygöý bilen deňeşdirdi. Soltan düwünçekden her ýeri-her ýeri sapak bilen boglan erkek kişiniň egin-eşiklerini çykardy. Şo barmana-da öz-özi hüňürdemäge durdy: «Bar elimden gelýäni Geldiniň eşiklerini ýuwmak. Ol ýag degen ýerlerini ýüpjagaz bilen şeýdip çatyp berýär, belli bolar ýaly. Onsoň şol daňlan ýerini tutup, ilki ýuwýan...» Aşhanadan kitiriniň lakyrdysy eşidildi. Kempir üşerilip, öwrendikli ýol bilen ýegdekläp ugrady. Ol sermenip, ýanaşyk duran şkafdan çäýnek alyp, çaý atdy. Çäýnegiň agzyna başam hem süýem barmagy bilen halka gurady-da, gaýnagy guýup ugrady. Çäýnek dolup, gyzgyn çaý barmaklaryny ýakansoň, kitirini ýerde goýup, demlenen çäýnegiň agzyny ýapdy. Aýnagözel bu görnüşi synlap, hopugyp gitdi. «Wah, men şormaňlaý bagtygara. Şu düşen ýerimden dowzaham enaýydyr. Beýle-de bir ýazgyt bor ekeni... Ýok... Ýok... Men beýle durmuşda ýaşap bilmen... Bukjamy alyp, bu ýerden göterileýin...» Gelin pikirlendigiçe, ýere siňip barýardy. Ahyram, otaga girip gitdi... Geldi Gün gözýetimde duwlanansoň, öýe köwlendi. Ýyl agyr gelensoň, traktorçylar basa işlemeli bolýardylar. Geldiniň üsti-başy, ýüzi-gözi çaňjaryp durdy. Emma ol argynlygyna garamazdan, bir zatlar taýýarlamak üçin aşhana ýöneldi. Birdenem, ol ýerde nahar bişirip duran Aýnagözeli görüp, doňup galdy... Sentýabr, 1979 ý. Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||