23:13 Kowusnama: Eşret sahyplaryna minnetdarlyk hakynda | |
Üçünji fasyl
Pedagogika we edep-terbiýe
EŞRET SAHYPLARYNA MINNETDARLYK HAKYNDA Oglum, bilip goýgun, eşret sahyplaryna minnetdar bolmek gerekdir, bu hemmeler üçin wajypdyr, özi-de onuň muňa mynasyp bolany üçin däl-de, onuň buýrugy boýunça şeýdilmelidir, sebäbi ynsan ömürboýy minnetdar bolup gezende-de, ol barybir Biribaryň ýagşylyklarynyň müňden birini-de ýerine salyp bilmez. Eger Allatagala her bir eçilýän eşreti üçin ujypsyzja minnetdarlyga garaşaýanynda hem, munuň belli bir möçberi bolmaz, şoňa görä-de, yslam dininde minnetdarlykdyr sežde kylmagyň bäş görnüşi bardyr, olaryň ikisi diňe barlylara, üçüsi bolsa tamam hemmelere degişlidir. Bulardan biri hakyky dilde beýan edip, oňa ýürekden orun bermekdir, ikinjisi bäş wagtyna namaz okamakdyr, üçünjisi bolsa otuz günläp oraza tutmakdyr. Bularyň birinjisi hakdan özge hiç kesi ykrar etmezligiň subutnamasy bolsa, namaz okamak bendeligi ykrar etmek üçin ýürekden aýdylan sözdür, oraza tutmaklyk bolsa Allatagala berlen wadanyň tassyklamasydyr. Şeýdibem sen: “Men bendedirin, boýnum bendilik kemendi bilen baglydyr” diýýänsiň, şeýdibem sen: “Ol hojaýyndyr, hojaýynyň emrine bolsa mydam tabyn bolmalydyr” diýýänsiň. Eger guluň özüňe hyzmat etmegini isleseň, onda senem öz hojaýynyňa hyzmat etmekden boýun gaçyrmaly dälsiň, boýun gaçyrsaň, öz guluňdan hem sadyklyga garaşmagyn, çünki seniň öz guluňa eden merhemediň Allanyň saňa eden merhemedinden artyk bolup bilmez. Hötjet gul bolujy bolmagyn , çünki diýen etmezek gul hojaýyn bolmaga ymtylýandyr, hojaýyn bolmaga ymtylýan guluň bolsa ömür tanapy basym gyrylýandyr. Beýt Ger bolsa köňlünde hanlyk heseri, Gerekdir ol gulnuň kesilsin seri. Sen bilip goýgun, namaz bilen oraza Hudaýyň buýrugydyr. Şonuň üçinem olary berjaý edeňde biweçlige ýol bermegin, çünki Hudaýyň buýrugyna biweçlik etseň, onda sen külli äleme nesip eden zatlardan mahrum bolarsyň, sen ýene bir zady bilip goýgun, biziň şerigat sahybymyz namazy bütin dine barabar edipdir: kimde-kim namazdan el üzse, onuň bütin dinden el üzdügi bolýar... diýipdir. Oglum, seresap bolgun, dünýädäki gende zatlara köňül bermegin, namazy okamasam-da bolar diýip göwün ýüwürtmegin. Eger sen namazy diniň hatyrasy üçin okasyň gelmese, hiç bolmanynda, sagdyn düşünjäň üçin bir okagyn. Bilip goýgun, köneler aýtmyşlaýyn, namazyň ençeme peýdasy bardyr: birinjiden, bäş wagtyny yrman namaz okan adamyň bedeni we geýimi hemişe tämizdir, tämizlik bolsa, her näme diýseňem, hapysalykdan gowudyr; ikinjiden, ol tekepbirlikdir gybatdan daşda bolýandyr, çünki namazyň esasynda pespällik ýatandyr, tebigatyňy pespällige uýgunlaşdyrsaň, bedeniň hem sadalyga werdiş bolýandyr. Kimiň kime meňzäsi gelse, onuň hökman şonuň bilen sataşmalydygyny akylly-başly adamlaryň bary bilýändir. Hoşbagt we barly bolmakçy bolýanlar barlylar bilen baş goşmalydyr, betbagt bolmak isleýänler bolsa betbagtlar bilen iş salyşmalydyr. Akylly-başly adamlaryň pikirine görä, yslam dininden kuwwatly hiç bir häkimiýet, onuň emrinden gudratly hiç bir güýç ýokdur. Diýmek, hemişe döwletli we güýçli bolaryn diýseň, döwlet sahyplaryna golaý durmaga jan etgin we olaryň emrlerini hemişe berjaý kylgyn, olaryň gaňryşyna gaýtmagyn, şeýtseň, sen betbagtlylyga we günä uçramarsyň. Oglum, namazy gözden salmagyn, onuň rekatlarynyň we seždeleriniň doly däldigini ýaňsa almagyn, munuň özi dine-de ýaraşmaz, dünýä-de. Oglum, sen ýene bir zady bilmelisiň, oraza ýylda bir gezek gelýän adatdyr, ony berjaý etmezlik ynsapsyzlykdyr. Dana kişiler beýtmäni özlerine uslyp saýýan däldir, seniňem ony uslyp saýmazlygyň gerek. Oraza aýy gepsiz-gürrüňsiz geçýän däldir. Şonuň üçin, sen hem biderek zatlara ýol bermegin. Gördüň, bäş sany ynamdar, sarpaly kişi oraza tutýan bolsa, senem olar bilen birlikde oraza tutgun, olar orazalaryny iýenlerinde, senem iýgin. Nadanlaryň gepine gitmegin. Allatagalanyň seniň açlygyňa-da, doklugyňa-da mätäç däldigini bilip goýgun. Oraza seniň bar döwletiňe we özüňe Alla tarapyn urlan möhürdir. Bu möhür malyň ýa-da bedeniň belli bir bölegine däl-de, eýsem bütin bedene: el-aýaga, göze, dile, gulaga, garna urulýan möhürdir. Bularuň baryny möhürleseň, sen bedeniň synalaryny bet we aýyp işlerden arassa saklap bilersiň, möhüriň şertlerini berjaý edip bilersiň. Oglum, bilgin we ýatda saklagyn: orazanyň esasy maksady seniň gündizki iýjek çöregiňi agşama goýup, gündiz iýmän goýanyňy mätäçlere paýlaýanlygyňdyr, şeýtmek bilen sen öz zähmetiň peýdasyny görýärsiň, mätäçleriň derdine ýaraýany sebäpli seniň zähmetiň örän gereklidir. Oglum, hemme kişä mahsus bolan bu üç parzy berjaý kylmakda hergiz biweçlik etmegin, çünki bu üç parzy berjaý etmezlige hiç hili sebäpdir bahana ýokdur. Diňe barlylara mahsus bolan iki parz berjaý edileninde, degerli sebäp bolan halatlarynda biweçlik etse bolýandyr. Ýöne bu barada aýtjak bolsaň, gürrüňi uzaga çekmeli boljak, şonuň üçin, men bu ýerde diňe zerur zatlary agzap geçdim. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |