19:58 Künji ekilýär / satiriki hekaýa | |
KÜNJI EKILÝÄR
Satiriki hekaýalar
Näme üçindir bölüm müdiriniñ öñküligi ýokdy. Ol işikden girişine ýüzüni ajan hamyr ýaly turşatdy-da, bize seretdi. "Başlygyñ-a ýüzünden buz gatyşykly gar ýagýar welin, eýgikikmikä beri" diýip, men içimi gepletdim. Onýança: - Muhy Nepesowiç, gaty keýpsiz görünýäñiz-le, eýgilikmi özi? Ýa ýene-de küştde utduraýdyñyzmy? - diýip, meniñ öñ ýüzümde oturan Sapar seslendi. Saparyñ bälçiremesine başlygyñ hasam gahary geldi öýdýän. Ol jogap bermegiñ deregine gatyrak ardynjyrady. Gözüniñ agyny köpeldip, Sapara seretdi. Soñra ýerine geçip oturdy-da: - Bolşuñyz şu bolsa, bahym hemmäñiziñem küşdümizi bererlermikän öýdýän - diýip, ol sag eliniñ süýem barmagy bilen çekgesini dyrmalady. Biz geñ galyjylyk bilen üşerilişip başlyga seretdik. O bedibagt beýle nähili çykgynsyz güne sataşdyka?! Meniñ bilesigelijiligim hasam artdy. Ýöne Muhy Nepesowiç maña gezek bermedi. Ol sözüni dowam etdirdi. - Barymyz bir oýnam welin, häzirkimiz ýaly başymyzyñ jemlenen ýerem ýokmukan öýdýän. Şoñ üçinem, bölümiñ bir ýygnajygyny geçireliñ, düzgün-tertip barada, umuman işleýşimiz hakynda. Nähili görýäñiz? Biz sesimizi çykarmadyk. Bölümimiziñ baýry işgäri Hangeldi aganyñ birhili ynjalygy bolmady. Onuñ häzirki bolup oturyşy nirädir bir ýerik howlugýana meñzeýärdi, yzly-yzyna sagadyna seretdi. - Iş wagty ýygnak geçirsek hiç kim hiç zat diýmez-dä hernä - diýip, ol oturan ýerinde oýkanjyrady. Hangeldi aganyñ gürrüñine hiç kim ünsem bermedi. Ol menden haraý gözledi. Bular ýaly ýagdaýda başlygyñ gañryşyna gaýdyp, men näme, samsykdyr öýdýäñmi, düşünmedik bolaýdym. - Başlyk, onda gapyny içinden petikläýeýin - diýip, Sapar öñki endigi boýunça stolunyñ çekmesinden kiçeñräjik küşt tagtasyny çykardy. Gahardan ýaña Muhy Nepesowiçiñ gany depesine urdy. Sesi sandyrap çykdy. - Näm-ow, içigaragalmyş, küşdüñi somlap, halys ýürege-bagra düşdüñ-le. Küştde-de bir alyp barýan galañ ýok, näme, men saña näbeletmi? Ynha, dek düýnüñ özünde oýnamyzda, lüt utulan sen dälmidiñ? Ýa eýýäm ýadyñdan çykardyñmy? - Ýykylan göreden doýmaz diýipdirler. Kimiñ utup, kimiñ utulýanyny häzir göräýeris. Onsoñam hemedan daş bolsa, başlyk, kädi... - Ýok, ony häzir görmeris - diýip, Muhy Nepesowiç Saparyñ sözüni böldi. Men haýsydyr bir möhüm gürrüñiñ boljagyny añdym. Ony öz ugruna kowmaly diýen netijä geldim. - Dogrudanam, başlyk, tertip-düzgün barada kiçeñräk ýygnak däl-de, iki-üç günlük seminar geçirseñem bolarmykan öýdýän. Başlyk başyny atyp, meniñ bilen razylaşdy. Atan okumyñ nyşana degenine begendim. Muhy Nepesowiç näme üçindir gürrüñini ýene-de küştli meselä syrykdyrdy. - Elbetde, küşt diýilýän zat gaty gyzykly zat. Men oña düşünýän. Bir otursañ, gapdalyndan turasyñ gelenok. Ýöne her bir zadyñ çeni-çaky bar. Umuman, şu günden beýläk iş wagty küşt oýnamak gadagan, ýoldaşlar. Düşnüklimi? Gaty görseñizem, ýagdaý şeýle. Halys oýnasyñyz gelip, ölüp barýan bolsañyz, onda işden soñ bor, ýa öñ bor, geliñ-de, oýnañ. Garşylyk ýok. Hawa, bu mesele-hä şeýle. Indi bölümiñ iş hakynda aýdylanda bolsa, bize uly başlyk igenýä. Özem adalatly igenýä. Az material geçirýäñiz diýýä. Şu wagt şoñ ýanyndan gelýän, çagyryp, walla, it alan sanaja dönderdi. Raýonymyzyñ kolhozlarynda Azyk programmasynyñ durmuşa geçirilişi barada juda az ýazýas. Dogrusyny aýtsak, köplenç ýeriñizden tapyp bolanok, şunky ýaly gonorar güni bolaýmasa. Onda-da ýerlerden ýazylýan material ýeterlik däl. Ýa kolhoza gidýäs diýip öz işiñiz bilen selpeşip ýörsüñiz öýdýän. Giden ýeriñizden boş gelmeli däl. Indiden beýläk hasabat soraljakdyr, ýoldaşlar. Birneme tijeniñ. Hawa, yza galaklaryñ külüni çykaryp ýepbekleýän, öñde baryjylary arşa göterip, mahabatlandyrýan materillar gerek bize. Kolhozçylar bilen gönüden-göni iş ýerinde duşuşmaly, olar bilen meýdan düşelgesinde oturyşmaly, iýmeli, onsoñ içmeli, elbetde, düýe çalyny göz öñünde tutýan, ýoldaşlar. Hal-ahwalyny soraşmaly. Ine, şeýle ýagdaýda döreýän makalalar şu günüñ talapkär okyjylarynyñ göwnüni awlar. Onda näme, gep nokatlap oturmalyñ, mesele aýdyñ. Biz sesimizi çykarman, Muhy Nepesowiçiñ çykyşyny diñledik. Komanda berlenem bolsa, beýle bolmazdy, üçimizem edil bir wagtyñ özünde oturgyjymyzy şakyrdadyp, tarsa ýerimizden turduk. - Näme boldy, ähliñiz zöweliberdiñiz-le? - diýip, Muhy Nepesowiç aljyraññylyk bilen bize seretdi. Her kim öz ýüregindäkini taraşlap şaglatdy. - Žurnalist mydama ýolda bolmaly. Bize ýollar garaşýar, başlyk. "Ekiş meýdany - göreş meýdany" diýen zarisowka taýýarlajak, iki brigadanyñ işini deñeşdirip. - Öñde baryjy brigadirden interwýu aljak. Başlygyñ ýüzi ýagtylyp gitdi. Onuñ sesem mylaýym çykdy: - Berekella, ine, munyñyz bolýa. Şeýdip, aýdylan zady aýdylan ýerinde edibersek, biziñ öñümizde iş galmaz. Hemmejäñize uly üstünlik arzuw edýän - diýip, ol elini owkalaşdyryp ýylgyrdy. Muhy Nepesowiçiñ ýeke özüni goýup, çykyp gitdik. Beýlekileriñ näme işlänini biljek däl, özüm-ä öýe tarap ýeñsämi el ýaly edäýdim. Sebäbi, öýde has gyssaglyrak işim bardy. ... Ertir redaksiýa iki elimi burnuma sokup barmaýyn. Iñ bolmanda, bir informasiýalyk zatjagaz tapmaly. Agşamlyk gijrägem bolsa, telefonyñ başyna geçdim. Elbetde, ilkinji nobatda öz beletje ýerime telefon etdim. - Uf-uf, alýo... Alýo-alýo, bi "Arzuw" kolhozymy? Örän gowy. Gowy eşidilenok diýýäñmi? Trubkany golaýrak tut gulagyña, men raýon gazetinden Giçgeldiýew Ýaran... Salowmaleýkim?.. Salowmaleýkim diýýän. Hany, bi, başlykdan beýlekiden kim bar, kolhozyñ kanturynda?.. Ýañy dargaşdylar diýýäñmi? Bagyşlañ, men kim bilen gürleşýän? Wi, kanturyñ garawuly diýsene. Asyl, Annaguly aga bi özüñmi? Birhili sesiñden tanamandyrynam... Hä? Nirä? ...Künji ekmäge gitdi. Haçan? Gaty gowy zat. Ekin häzirem dowam edýärmi? Ýogsa-da, agam, kyn görmeseñiz, daş çykyp bir diñ salsañyz-lañ, heý, işleşip ýören traktorlañ sesi eşidilýärmi? Bir zadyñ-a sesi gelýä diýýäñmi?! Gijäñ içinde batan maşyn näme işlesin, elbetde, ol işläp ýören traktoryñ sesidir. Bolýar onda, köp sag boluñ, agam! Hoş! Trubkany goýdum. Meniñ häzirki begenjimiñ çeni-çaky ýokdy. Pensiýa ýaşyndaky adamlaram kolhozyñ ekişine işeññir gatnaşýarlar. Özem bu ýerde ýalñyşmaýan bolsam, künji ilkinji gezek ekilýän bolmaly. Bu hakda hökman ýazmak gerek. Şatyr-şutur ýazdym, erbet bolmadyk ýaly. Gazetiñ nobatdaky sanynda "Künji ekilýär" diýen makalam ýalpyldap çykdy. Ýöne soñ, näme üçindir, gonoraryñ ýerine käýinç berdiler. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||