00:02 Kyrk ýylda ýazylan kitap -2: dowamy | |
• ÖZÜM BARADA (“Uruş haçan gutarýaryň” çeh diline terjimesine sözbaşy) Başgalary-ha bilemok welin, men-ä özüm barada ýazmaly bolsa, ýaýdanyberýärin. Belki-de, beýle ýagdaý meniň terjimehalymda agyz dolduryp aýdyp durar ýaly agramly wakalaryň bolmanlygyndandyr. Gyş köşgüne hüjüm etmedim, galtamanlara garşy göreşmedim, kolhoz gurluşygyna gatnaşmadym, kosmosa-da uçmadym, uçurmazdylaram. Her bir adaty adam ýaly faşizmi ýigrenýärin. Ýirgensemem, ondan gan algym baram bolsa, Ý.Fuçigiň boýnundan ilen tanap meniň boýnumdan düşmedi. Ýöne ol tanap meniň göz öňümden gidenok. Sebäbi… Meniň adamçylygy ýumşak, garybam bolsa, sahy, örän ýatkeş garry enem bardy. Men käte betçilik eden wagtym ol: “Sen düňýä ineňsoň, gün gören däldirin” diýip käýinýärdi. Beýle käýinjiň döremeginiňem öz sebäbi bardy. Men 1941-nji ýylyň tomsunda, ýagny Beýik Watançylyk urşy başlanan badyna ýa-da sähel öň ýany düňýä inipdirin. Ýöne garry enem ol uly betbagtçylyga meniň düňýä inmegimiň däl-de, Gitleriň dünýä inmeginiň sebäp bolandygyny welin agzamaýardy. Sebäbi ol Gitleri tanamaýardy, meni tanaýardy. Enemiň dokuz sany ogly bolupdyr. Ýöne olaryň sekizisi hem haýsydyr bir çaga keseline sataşyp, bir ýaşaman ýogalypdyr. Dokuzynjy çaga dünýä inende, ony üç aýakly taganyň aşagyndan geçirip, otda-da ýanmaýan tagan ýaly berk bolmagyny diläpdirler. Adyna-da Tagan dakypdyrlar. Şonuň üçinmi ýa-da başga sebäpdenmi uzagyndan maňa kaka bolmaly çaga bir ýaşaman ölmek belasyndan sypypdyr. Emma şol döwürde, bizde hakyky medisinanyň ýok döwründe tebigatyň keselinden ölmän sypan çaga adam eliniň — faşizmiň getiren ajalyndan sypyp bilmändir. Meniň kakam Tagan Öwez ogly 1943-nji ýylyň 21-nji iýulynda Orlow şäheriniň etegindäki Stepanowka diýilýän obada wepat bolupdyr. Onuň şol mahal 31 ýaşy bar eken. Ol uruş turmanka goşun gullugyna gideni sebäpli, meni bir gezegem görmändir, menem ony. Häzire çenli-hä meniň döredijiligim, esasan, öz terjmehalym bilen baglanyşykly diýen ýaly. Ilki goşgy ýazyp başladym. Türkmen dilinde iki sany goşgular kitabymam çykdy. Ýöne şol goşgulary ýazanyma indi okünýärin. ”Aşgabadyň agşamy”, “Oýar sen meni”, “Düýnden bäri”, “Seni gözleýän” diýen hem başga-da bir topar aýdymlaryň tekstiniň awtory. Emma goşgy ýazmagy birden taşladym. Belkem, ol okyjylar üçin bähbit bolandyr. Talantsyz goşgulary çyrşap ýörmekden ýazýan goşgularyň talantsyzdygyna wagtynda düşünmegi hem talantyň bir görnüşi hasaplaýaryn. 1975-nji ýylda Moskwanyň “Molodaýa gwardiýa” neşirýatynda ilkinji hekaýalar ýygyndym 75OOO tiraž bilen çapdan çykdy. Siziň “Zelenoe drewo” diýen Sowet ýazyjylarynyň proza ýygyndysy üçin saýlap alan “Uruş haçan gutarýar” atly hekaýam hem şol kitapdan. Hekaýanyň baş gahrymany Mamur ene meniň garry enemiň prototipi bolmaly. Hekaýadaky garrynyň uruşda ölen ogly diri diýlip aldananam, onuň derýadan urup geçenem hakykat. Ýöne meniň derýadan urup geçen enem hoş habaryň ýalandygyny bilen badyna ölmedi. Oglunyň dolanmagyna bolan umydy ony ýene telim ýyl ýaşatdy. Men onuň perzendine garaşyşyny durmuşda bolşy ýaly güýçli edip berip bilmedim. Enäniň perzende bolan söýgüsini bolşy ýaly edip, kagyza geçirmek mümkinem däl. Şony başarmanam gahrymanymy öldürmeli boldum Perzendi uruşda galan enäniň, perzendi dolanyp gelmese, urşuň gutarandygyna ynanmajagy çyn ahyryn. Men gahrymanymyň mundan zyýat ezýet çekmegiine dözmän, urşy gutarmaly etdim. Ýoldaşlarym, käbir tanyş okyjylar “agyr” hekaýa ýazýanym üçim maňa igenjek bolýarlar. Men “agyr” hekaýa ýazamok. Men durmuşda bolan ýa-da bolup biläýjek wakany bolşundan “agraldamok-da”, gaýtam, “ýeňledýärin”. Urşuň ynsana getirýän betbagtçylygyny hem hakykatdakysyndan agraldyp bolarmy? Taryhdanam ozal başlanan haýsydyr bir urşuň hiç mahal gutarmajakdygy, onuň ýitip giden mazarlarda, guran agaçlaryň ýer astyndaky köklerinde, söweşe gatnaşanu-gatnaşmadyk adamlaryň kalbynda ýaşaýany, ýaşajakdygy hak zat. . Belkem, urşuň getirýän ezýetiniň haýsydyr bir bölejigini kagyza geçirmek onuň ýene gaýtalanaýmagynyň ahmaldygyny, ondan ägä bolmalydygyny ýatladyp durar. Obada doguldym, kolhozda işledim, Sowet goşunynyň hatarynda gulluk etdim. 1967-nji ýylda Moskwanyň Edebiýat institutyny tamamladym. “Uruş haçan gutarýar”, “Söweşden soňky söweş”, “Lal perişde”, “Mähnet dünýädäki kiçijik jaý”, ”Saragt galasy” ýaly kitaplaryň awtory. Marynyň, Çärjewiň, Oşyň teatrlarynda pýesalarym goýuldy. Hökümet ýolbaşçysynyň elinden sylag-serpaý alyp göremok. Ýöne onuň üçin kemsinmeýärin. Men eserlerimi güýçli döwlet ýolbaşçysy üçin däl-de, ejiz okyjy üçin ýazýaryn. Eserlerimiň birnäçesi düňýä halklarynyň onlarçasynyň diline terjime edildi. Berilýän maglumatlara görä, kitaplarym dükanlarda ýatmaýarmyş. Siziň okyjylaryňyza rowaçlyk arzuw edýärin. Atajan Tagan. 1988. Moskwa şäheri. * * * Watany satyp bolýar, emma satyn alyp bolmaýar. * * * Men öz eserlerimiň gowşakdygyny azap baryny çekip ýazyp gutaranymdan soň bilip galýaryn. Bu meniňem, okyjynyňam başyndan inen towky. * * * Käbir beýik şahslaryň hakyky ýaşaýşy ölenlerinden soň başlanýar. Lermontow, Puşkin, Şukşin, Tarkowskiý—ogly, Rubsow. G.Ezizow... * * * Watanyň bähbidi ugrunda görkezilen edermenlige baýrak, sylag almak özüň üçin eden işiňe töleg almak ýaly bir zat bolmaýarmyka? * * * Aşgabada belli “ýeňil aýal” Käbä gidip gelipdir. Men ozal Käbe diýilse, hormaty belent din merkezidir öýdýärdim. Emma öňki dönük kommunistler, ogry jenaýatkärler, indem “ökjesi ýeňil” aýallar… Käbäni kir ýuwýan hammamdyr öýdýärler. Iň bolmanda, lolulary beri Käbe topragyna goýbermeli däl ahyryn. Umuman, aramyzda öz ynanjyndan tiz ýüz öwürýän adamlaryň sany şeýlebir kän welin, haýran galaýmaly. Bolşewikler gelenden soň metjitlerimizi ýykdyk, namazlygy ýok etdik. Ýogsam, biz bilen bir döwletde ýaşap, bir syýasata gulluk eden özbekler, täjikler beýtmediler ahyryn. Molla-müfti ýaly az-kem sowatly gatlagymyzy eşek guýruklap ýören haramzada meňzetdik. Partiýanyň talap etmedik zadynam özümiz oýlap tapdyk. Indi bolsa, partiýa biletlerini taşlan “ýoldaşlar” kommunistlikden ýüz öwrüp, toba kylmak üçin Käbä gidýärler. Ýap-ýaňy hem uly delegasiýa, şol sanda işan-mollany, yslamy wejera eden messepsiz-wyjdansyz ýazyjylar-da Saud Arabystanyna gidip geldiler. Partbiletini zyňyp, Käbä gidip, “musulmana öwrülen” dönük ýazyjylaryň biri eýýäm özüniň “hajy” bolşy barada makala-da ýazdy. Menem (hiç mahal partbilet edinmändigim üçin bolsa gerek) şol ýazyjylary ýatlap, şu setirleri ýazdym: Ýetmiş ýylky günälerni ýywmaga Kommunitler Mekgä tarap uçdular. Dek düýn namazlygy depip geçenler Bu gün “Eziz partiýadan” geçdiler. Ynanmagyn, Mekge, binamazlarga, Olar pohlap gitdi Aşgabady hem. Ozal olar partbilete çalyşdy Yslamy, imany, ýakyn-ýady hem. Sen olaň günäsin ýuwup bilmersiň, Ol günä ýuwlardan belentdir, belent. Käbä ugran güni partbildi taşlan Dönükleň tobasy galatdyr, galat. Sen olaň günäsin ýuwmakçy bolsaň, Günä gazanarsyň ýuwulmaz ýaly. Hemem igläp gutararsyň ömürlik, Sabynyň kir ýuwup gutarşy ýaly. Dek. 1992. * * * Talantly şahyryň özüniň poeziýa hem hasaplaman, gapdala taşlan setirlerini okasaňam, ony talantly adamyň ýazandygyny saýgarmak bolýar. * * * Iň belent hem hiç mahal gadyry gaçmaýan söýgi ýetilmedik söýgüdir. * * * Eger men ol dili türkmen dilini bilşimiň 70-75% möçberinde bilýän bolsam, eserlerimi rus dilinde ýazardym. Rus dili hakyky poeziýa hem proza ýazmak üçin ýörite döredilen ýaly. * * * Kitap okamaýan adamlar kitap okamagy pişesiz adamlaryň edere iş tapmansoňlar, güýmenje üçin öwrenen endigi hasap edýän bolsalar gerek. * * * Meniň dünýäniň iň beýik ýazyjylarynyň biri bolsa gerek diýip sarpa goýýanym Stendal: “Diňe öz döredijiliginden çuň lezzet alyp bilýän adamyny geniý hasaplap bolar” diýip ýazýar. Ylalaşasym gelenok. Eýsem, öz ýazan dereksiz eserinden lezzet alýan talantsyza-da geniý diýmelimi? Men talantsyzyňam öz ýazýan zadyndan lezzet, onda-da çuň lezzet alýandygyna şübhesiz ynanýaryn. Çünki, ýazýan wagtyň lezzet bermeýän eseri ahyryna çenli ýazyp bolmaýar. * * * Iki eliň her haýsysy bilen aýratyn zat tutup bolýar. Emma iki gözüň her haýsysy bilen aýratyn nokada seredip bolmaýar. * * * Gazetleriň habar bermegine görä, Russiýada täze ensiklopediýa çykypdyr. Onda Puşkine “Beýik rus şahyry” diýilýän ozalky maglumatdan “beýik” diýen sözi aýrypdyrlar. Bu diňe Puşkine däl, “beýik” diýilýänleriň hemmesine-de degişli. Dogry edilen iş. Beýkligi, pesligi ýazyp tekrarlamaly däl. * * * Köne nusga: “Baý halky ýaňra bor, käsip—käýinjeň”. Täze nusga: “Ýazyjy—käýinjeň, şahyr—öwünjeň”. * * * Bilbil saýrap ýadaýança, onuň owazyndan lezzet almaly serçe dymaýmaly ýaly welin, üns berseňiz, bagda bilbil saýraýan mahaly beýleräkden serçäniň jürküldisi hem eşidilip durandyr. Elbetde, adamlarda bolşy ýaly, guşlarda-da öz mümkinçiligine aşa baha bermek endigi bardyr-da. * * * Kän gaýtalanyberse, owadan sözler hem öz gözelligini ýitirýär eken. * * * Gowşak eseriň gowşakdygyny seljermäge biziň köpimizde başarnyk bar. Emma beýik eseriň beýýikligini duýmak hemme kişä başartmaýar. * * * Gün ýokary galdygyça, kölege peselýär, ýöne käbir adam ýokary galdygyça welin, köplenç, adamçylygy peselýär. • PEREŇLINIŇ GÖZLEGINDE “Hormatly professor! Haýpym gelse-de, Gulibef de Blokwiliň çeken suratlaryny ele salmak maňa başartmady. Geçen asyrlaryň medeniýet wekilleriniň işleriniň saklanýan ýeri bolan “Parižiň milli kitaphanasynda-da” Siziň haýyşyňyz boýunça eden gözleglerimden uç çykmady. Kitaphana işgärleriniň nygtamaklaryna görä, gözlenýän suratlar aýatda bar bolsa, şol ýerde saklanmalymyşyn…” Fransuz taryhçysynyň 1979-njy ýylda taryhçy M.Annanepesowa ýazan hatyndan. “Gadyrly Atajan Tagan! Kitabyňyzy okadym. Ol bizi gyzyklandyrýar. Siziň Blokwil hakdaky haýyşlaryňyzy kanahatlandyrmak meýli bilen men öz işgärlerime ýörite tabşyryk berdim. Emma Pariž arhiwleriniň hiç birindenem Blokwile degişli agyz dolduryp aýdar ýaly zat tapylmady. Ele salnan bary-ýogy 18 sahypalyk işde hem Siziň täzeden ýazmak isleýän romanyňyza goltgy bolar ýaly material juda az… Lili Deni.” Terjimeçi. Pariž, 1988. “Düýn biziň redaksiýamyza Keseýap tarapdan bir ýaşuly gelip gitdi. Ady Jümmi aga. Aýtmagyna görä, ol adamda Maryda ýesirlikde bolan fransuzyň sapançasy barmyş. Bizem gazýet çykarmak aladasy bilen mydam ýeteşiksiz bolamyzsoň, ol ýaşuly bilen arkaýyn gürleşip oturmaga-da wagt tapmadyk. Murgap sary ýoluň düşse, bizden habar tut. Belkem, ol gojanyň gorunda seniň fransuzyňa degişli başga-da zat bardyr…” Şahyr Tagan Söhbetiň hatyndan. Elbetde, 130 ýyl mundan ozal bolup geçen wakalardan uç tapmak ýeňil iş däl. Üstesine-de, “Şundan-a bir derek çykaýsa gerek” diýip tutan ýapyşalgaňdanam hiç hili netije bolanok welin, indiki ätjek ädimleriňem bady gaçýar. Mysal üçin, Tagan Söhbediň habary bilen Mary raýonynyň “Prawda” kolhozynda ýaşaýan Jümmi aganyň ýanyna bardym. Görämäge, ol ýaşyly Blokwil hakda heniz eşidilmedik wakalardan habar bermeli tapylgysyz çeşme bolaýmaly. Sebäbi Blokwil Marynyň etegindäki Goňur obasynda, hut Jümmi aganyň garry atasynyň elinde ýesirlikde bolupdyr… Şeýlelikde, “üýtgeşik ýesir” hakdaky täsin gürrüňler nesilden-nesle geçip, Jümmi aganyň “sandygynda” jemlenäýmeli ýaly. Emma Jümmi aga ýesiriň galdyryp giden sapançasyndan başga gep-gürrüň bilmeýär eken. Goşa nilli pereň sapançasyny hem men barmazymdan bäş-on gün ozal oba mekdebiniň taryh muzeýinde eksponat edip goýmak üçin äkidipdirler. Ol ýaragy hem kimdir biri ogurlapdyr. Mekdebiň taryh mugallymy bolsa, taryhy sapança däl-de, sapsyz köne palta ýiten ýaly “Düýn-öňňunam bardy öz-a” diýip, göwnübir jogap gaýtardy. Gepiň keltesi, Blokwiliň Parižden alyp gaýdan, Tähranyň, Maşadyň üsti bilen Mara çenli geçen ýolunda ýanynda göteren sapançasyndanam derek çykmady. Oňa garamazdan, Blokwiliň “Türkmenlerdäki on dört aýlyk ýesirlik” diýen gündeligi esasynda ozal kiçeňräk powest ýazan, indi hem ony düýplüräk esere öwürmek isleýän awtor gözlegi dowam etdirmelidi. Sebäbi, ýesiriň taryhy şahsdygyna garamazdan, iň bolmanda, haçan doglup, haçan ölendigini bilýän taryhçy hem ýokdy. Hatda akademik Myrat Annanepesowyň parižli tanyşlaryny biynjalyk etmegindenem netije çykmansoň-a täze dokument tapylar öýdüp känbir umydam edip ýörmeli däldi. Blokwiliň şahsyýetine degişli ştrihleriň hemmesi diýen ýaly çaklamady. Ýaşuly ýazyjymyz Baýram Gurbanow Blokwil hakynda maňa ýazan hatynda onuň diňe hudožnik bolandygyny nygtaýardy. Berdi Kerbabaýew bolsa ony Gowşut hanyň garşysyna iberilen jansyzdyr öýdüp çaklaýardy. Berilýän habarlarda, hatda taryhçylaryň işlerinde-de käte nätakyklyk bolýardy. Mysal üçin, belli taryhçy A.Ylýasow “Edebiýat we sungat” gazetinde çap bolan düýpli işinde “Gowşut han 1880-nji ýylda aradan çykdy” diýip ýazýar. Ýöne meniň öwrenen materiallarymda, şol sanda taryhçy M.Annanepesowyň berýän maglumatlarynda hem Gowşut han 1878-nji ýylyň baharynda dünýäden ötýär. Emma biziň taryhçylarymyzyň ýetip bilmejek arhiwlerini hem öwrenen belli türk taryhçysy Mehmet Saraýyň “Türkmenistan imperializm zamanynda” diýen doktoryk işinde tekrarlamagyna görä bolsa, Gowşut han ibn Öwezdurdy serdar 1877-nji ýylyň iýun aýynyň soňky günleri aradan çykýar. Blokwil öz gündeliginde döwrüne degişli bahasyna ýetip bolmajak anyk wagt maglumatyny galdyran bolsa-da, öz terjimehaly barada hiç zat ýazmaýar. ”Men Eýrana özüme iş taparyn diýen niýet bilen geldim. Emma harby edaralarda işe duraryn diýip peýlän orunlarym eýeli bolany sebäpli, Ýewropa dolanmaga taýýarlanyp ýörkäm, 1860-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Eýran şasy öz adýutantlarynyň biriniň üsti bilen türkmen iline ugramaly goşunyň arasy bilen gitmegi maňa maslahat berdi…” Şu maglumatdan ugur alsaň, Blokwiliň özüne diňe harby edaralardan iş gözländigi mälim bolýar. Emma onuň sowatly, birnäçe dil bilýän harby adamdygyna garamazdan, öz Watanynda işsiz galmagy hem düşnüksiz hemem Berdi Kerbabaýewiň çaklamasyna tarap çekýär. Blokwil öz biografiýasyna degişli maglumat galdyrmadygam bolsa, men ony öz powestimde “Otuz ýaşlaryndaky inçesagt adam” edip alýardym. Çaklamam meni gaty ýalňyşdyrmandyr. Blokwil Goňur obasyndan ýesirlikden boşanda ýigrimi dokuz ýaşynda eken. Şu ýazgynyň başynda mysal getiren umytsyzlyk döredýän pursatlar kän hem bolsa, men ýagşy niýet bilen Fransiýa ugradym. Maksadym Blokwile degişli bähbitli maglumatlara sataşmasamam, Parižiň köne köçelerini, geçen asyryň ortalaryndan galan ymaratlary, gahrymanymyň gezen ýerlerini öz gözüm bilen görmekdi. 1989-njy ýylyň dekabrynda men turkmenlere ýesir düşen fransuzyň yzyny yzarlamak niýeti bilen Pariže geldim. Parižin “Winon” myhmanhanasynda ilkinji duşuşygym rus klassikasyny, sowet döwrüniň W.Rasputin, Ç.Aýtmatow ýaly läheňleiniň eserlerini terjime edip, özüniň terjimeçilik mekdebini döreden Lili Deni bilen boldy. Saglyk-amanlyk soraşylandan soň, gartaşyp ugran ol aýal maňa: “Öz powestiňizde-de Blokwil hakda roman ýazmaga material tapyljak” diýdi. Dogry, edebiýatyň ody bilen girip, küli bilen çykyp ýören tejribeli aýalyň aýdýanynyň jany hem ýok däldi. Çünki materialyň içinde gaýnap, telim ýyllap maglumat ýygnasaňam. jüpüne düşmese, şowly eser ýazyp bolmaýandygyna özümem şaýatdym. Ol ýazýanyň başarnygyna bagly iş. Buluçlaryň durmuşyndan eser ýazmak üçin olaryň arasynda telim gezek bolsamam, keseden tapylan maglumatlary öwrensemem, ahyry “buluç powestine” derek “Sallançak mukamy” diýen düýpden başga eser döredendigimi ýadyma saldym. Oňa garamazdan, Blokwiliň Watanyna gelenime görä, bir ýerden “uç” tapmak, boş gaýtmazlyk isleýärdim. Alty günüň dowamynda Parižiň köçelerine, muzeýlerine, geçen asyryň aýaklaryndan habar berýän gonamçylyklara aýlandym. Haýsydyr bir mazar daşynyň ýüzünde “Blokwil” diýen ýazga gabat gelerin öýtdüm. Terçimeçiniň aladasy bilen gadymy Sorbonna uniwersitetiniň telim ýüz ýyllyk taryhly baý kitaphanasynyň köp bukjasy dörülse-de, Blokwil hakda täze maglumat tapylmady. Biz Blokwili haýsydyr bir derejede hudožnik diýip hem çaklaýardyk. Çünki onuň galdyryp giden suratlary bardy, taryhçylar şekilleriň dowamyny agtarýardy. Ýokarda ýatladyşymyz ýaly akademik Myrat Annanesepesowyň şol suratlar bilen gyzygyp, parižli kärdeşine hat ýazmagy-da ýöne ýere däldi. Şonuň üçinem fransuz hudožnikleriniň Mekge-Medinesi hasaplanýan Mon-Martere aýlanamda, eşiklerine seretseň, diňe geçen asyry däl, ondanam has aňyrrakky döwürleri ýatladýan hudožnikleriň arasynda eli galamly Blokwil hem bar ýaly bolup durdy. Bolsa-da, men Pariž saparymyň iň ahyrky gününe çenli Blokwil baradaky maglumata sataşmadym. Men Moskwadan ugramankam, rus ýazyjylarynyň biri parižli bir professor aýala hat gowşurmagy haýyş edipdi. Öz ýumşum-ha bitmedi, tanşymyň ýumşuny beri bitireýin diýen pikir bilen professoryň öýüne jaň etdim. Ol aýal metroda duşuşmaga razydygyny aýdansoň, eger öýüne göni baraýsam-a bir bulgur çaý hem hödürläp biljekdigini duýdurdy. Men hem heniz parižlileriň öý durmuşyny görmämsoň, soňky teklibi kabul etdim. Elen Anri orta ýaşlaryndaky aýal. Onuň adamsy hem amerikaly psiholog. Eleniň özi Sorbonna uniwersitetinde rus edebiýatyndan ders berýär. Onuň rus dilini, rus, sowet edebiýatyny düýpli bilýändigine akylyň haýran galýar. Men oňa “Izwestiýa” neşirýatynda rus dilinde çykan birtomlugymy sowgat berdim. Çaý başynyň peýrewe gürrüňinden soň, men Elene näme maksat bilen Pariže gelendigimi, maksadyma-da ýetmän, ertir irden Moskwa uçmalydygymy aýtdym. Ol sowgat berlen kitabyň gatlaryny açyşdyryp otyrka, meniň gahrymanymyň adyny ruslaryň ýalňyş ýazýandygyny, ýagny “Guliugef Blokwil” bolman, “Kulibef Blokowil” bolmalydygyny aýtdy. Şeýle hem ol meniň “ýitigimden” uç tapmak üçin rus dilini gowy bilýän fransuz taryhçysy Wan Regemortere ýüz tutmagy maslahat berdi. Birdenem ol gapdalynda münner bolup duran telefon görkezijileriniň birini açdy-da: —Şu mähnet görkezijide Blokwil diýen ýekeje familiýa bar eken!—diýip ýylgyrdy. —Belkem, ol seniň gahrymanyň neslinden bolup çykar? —Hany mende beýle bagt!—diýip, men Eleniň ýagşy niýetine öňünden ynanmazçylyk etdim. Eleniň jaň eden telegony ilki-hä bent boldy, soňam ony hiç kim götermedi. Şeýlelikde, men agşamara jaňlaşmagy wadalaşyp, professor bilen hoşlaşdym. Hiç hili çaklama, garaşylmadyk tapynda umyt baglaman otyrkam, telefon jyrlady. Jaň eden Elendi. Onuň begenji telefon simlerine sygmaýardy. —Edil özi eken. Meniň telefonda tapan adamym Blokowiliň ýakyn garyndaşy bolup çykdy… Biz Elen bilen ýene bir sagatdan duşuşmagy wadalaşdyk. Parižlileriň iň barly hem sypaýylar gatlagynyň ýaşaýan ýeri bolan 16-njy raýony. Erlanžel köçesiniň 14-nji jaýy. Biz şol jaýyň gapysyna gelenimizde sagat 18 bolmaga dört minut bardy. Men Blokwiliň garyndaşynyň nähili adamdygyny görmäge howlugýardym, tizräk içerik girmesek, ol adam beýleki gapydan çykyp gidäýjek ýaly bolup durdy. Şonuň üçinem men Elenden bosaga ýetip aýak çekmeginiň sebäbini soradym. —Bizde belleşilen möhletden öň gapyny kakmak bolmaýar. Onda-da, sypaýylaryň ýaşaýan ýeri bolan şu raýonda. Belkem, öý eýesiniň ýene birki minutlyk aladasy bardyr. Belkem, belleşilen wagtdan ozal gapyny kakyp, biz ony gelşiksiz ýagdaýyň üstünden eltjek. Men özümiziň iki-üç minut däl, telim sagat wagtymyzyňam gymmatyna baha bermeýşimizi, köp mahal bäri bitirilmegine garaşyp ýatan zerur işimizi taşlap, tanyş -biliş bilen boş warsaky urup ýörşümizi ýatladym. Wagt tygşytlamakda, her minuta biçak eserdeň garamakda parižliler, has beterem döredijilik adamlary meni haýran etdiler. Ilki “Winon” myhmanhanasynyň gapysynda duşuşanda terjimeçi Lili Dini aýyň on bäşine çenli bar bolan wagtynyň iň soňky sagadyna çenli “eýelenip” goýlandygyny tekrarlamak üçin, edilmeli işleri minutma-minut bellenýän depderçesiniň gatyny açanda-da men geň galypdym. Men bolsam dekabryň dokuzynda Parižden gaýtmalydym. “Moskwadan ugramazyňdan bir hepde ozal duýduran bolsaň, saňa sarp etjek birki sagat wagtymy planlaşdyrardym. ” Älhepus! Başaryp bolsa gowy endik welin… —Häzir siz maňa sarp eden on minut wagtyňyzy nireden “ogurladyňyz?”—diýip, men hem Lilä, edil özleri ýaly bolup, sowal berdim. —Her gün kitaphana sarp edýän iki ýarym sagadymyň on minudyny kesmeli boldum—diýip, maşynyna tarap haýdap barýan aýal gara çyny bilen jogap gaýtarýar. Ýene bir gezek “Älhepus!” Wagtyň gadyryny bilmeýän, wagty nämä sarp etjegini bilmeýän adam üçin meniň gürrüňini edýän hakykatym ýalan ýa-da gülkünç bolup görünmeli. Emma ynsan özüniň her minutyna sarpa goýsa, adamyň öz ömründe näçe işi goparyp biljekdigine parižli edebiýatçylaryň arasyna düşeňde göz öňüne getirmek kyn däl. Megerem, Balzagyň, Gýugonyň, Merimäniň, Mopassanyň bir adamynyň galamynyň astyndan çykmagy mümkin däl ýaly bolup görünýän tomluklary-da wagt tygşytlamagy başarmagyň netijesinde peýda bolandyr. Şol zatlar barada oýlanamsoň, Sorbonna uniwersitetiniň professorynyň Parižiň bir çetinden başga bir çetine çenli SSSR-den gelen çala tanşyny yzyna tirkäp, abyrsyz wagtyny ýitirip ýörmegi meniň üçin aşagyndan çykmasy kyn bergi bolmalydy. Gepiň gerdişine görä aýtsam, öýüne baryp gaýdalym bäri geçen dört-bäş sagadyň dowamynda meniň powestim bilen eýýäm tanyşmaga ýetişen Elen hem meniň gözlegim bilen “zäherlenipdi”. Ol öňde duran duşuşyga menden beter begenýärdi. —Nähili täsin duşuşyk bolar! Taryhy duşuşyk!—diýip, Elen pyşyrdady. —Häzir biz taryhyň gapysyndan ätläris… Şol mahalam “taryhyň” gapysy açyldy. Men sagadyma seretdim. Haýran galaýmaly… Gapyny açan zandy biçak daýaw, ýöne ýaşynyň köhelişmegi bilen az-kem çöküşip ugran, uzyn boýly, gerşi tüňňerip başlan çal saç adam “Žak Blokowil” diýip, tanyşlyk berdi. Ozal ÝUNESKO-da işlän, häzirem 83 ýaşly baýry diplomat Žak Blokowil şu mahal pensiýada eken. Daşyndan göräýmäge, oňa 83 ýaşly diýer ýaly däldi. Üçegi kerpiç diwar bilen däl-de, kitaplardan örülen sütün bilen saklanýan ýaly giň kabinetde otyrys. Ýaşyna garamazdan, akyly, aňy birjik-de üýtgemedik, örän sowatly Žak Blokowil Türkmenistan hakda-da kän zat bilýär eken. Ol hatda Garagum kanalynyň birinji nobatdakysynyň uzynlygyna, onuň inženeriniň adyna çenli aýdyp otyr. (Dogrusy, şolary-ha özümem bilmeýärdim.). Ol menden Baýramaly kurorty hakda, ol şäherde Moskwanyň Uly teatryna meňzedilip, (Maşgalasy Baýramala gelende içi gysmaz ýaly) Nikolaý patyşa tarapyndan kiçijik teatr gurlan bolmalydygyny aýdýar. Men ol barada hiç zat bilmeýändigimi boýun aldym. Žak Blokwil gürrüňiniň arasyny bölmän diýen ýaly, jildi gaty köne bir kitaby tekjeden alyp, stoluň üstünde goýdy. Elen onuň sözlerini tolgunma bilen terjime etmäge başlady. ... Arhiwleriň, kitaphanalaryň ýanmagy bilen, megerem, bu kitap 19-njy asyrdaky ilkinji neşirden galan ýeke-täk kitap bolsa gerek. 1866-njy ýylda çap edilen. Özi-de bu Kulibefiň öz elinde saklan kitaby bolmaly… Ol Blokwiliň “Türkmenlerdäki 14 aýlyk ýesirlik” diýen gündeliginiň ilkinji gezek fransuzça çap bolan kitabydy. Kitabyň başynda gür gara sakgally, inçeden uzyn, gündogarlylaryň harby lybasyny geýnen alagöz adamynyň portreti bar. ”Ine, bu hem meniň atamyň süýtdeş dogany Kulibefiň portreti—diýip, Žak Blokowil gürrüň berýär. —Onuň doly ady Žorž Anri Kulibef de Blokowil bolmaly. 1832-nji ýylda Hormandiýada doglup, 1903-nji ýylda Parižde hem dünýäden ötýär… (Bu maglumat maňa juda zerur gerekdi!) 124 ýyl mundan ozal çap bolan kitaby waraklap otyrys. Tekstiň arasyndan surat yza surat çykýar. Geçen asyryň ortalary. Türkmen aýallary keçe gülläp otyrlar. Täze dikilen gara öýüň üzňüsine serenjam berilýär. Ýene bir ýerde düýä ýük urulýar. Adamlar üýşüp bagşy diňleýärler. Toý gidip dur, uly gazanlardan naharyň bugy göterilýär… Diňe tekst däl, suratlaryň özleri hem taryhdan gymmatly maglumat berýär… Meniň Moskwadan ýazyp gaýdan sowallaryma jogap gaýtarýan öý eýesi türkmenlerde ýesirlikde bolan ýakyn garyndaşynyň diňe harby hünärli adam bolup, hiç mahal surat çekmändigini, gündelikdäki suratlary bolsa onuň öz düşündirişiniň esasynda başga bir hudožnik dostunyň çekendigini aýdýar. Bu hem gymmatly maglumat… —Eger-de myhman aman-esen yzyna gowşuraryn diýse, men bu kitaby birki aýlyk berip hem bilerdim—diýip, Elen ýaşulynyň aýdanlaryny rusça geçirýär. Gojanyň göz göreji ýaly edip saklap oturan gymmatly kitabyny alyp gaýtsam, soňam, poçta bilen yzyna ibersem, birdenem ol ýitäýse, bu çal saç adam men hakda hähili pikir eder!. . . Şeýle oýlanma meni kitaby alyp gaýtmakdan ýüz döndermäge mejbur etdi. Meniň depderimde Blokwiliň özüne, döwrüne, döwürdeşlerine, syýasy, harby ýagdaýlara degişli 26 sany sowal bardy. Özi hem taryh sahypasyna meňzäp oturan Žak Blokowil ol taryhy sowallaryň hemmesine diýen ýaly, özünden başga hiç kimiň tapmagy başarmajak jogaplaryny gaýtardy… Men özümi bagty çüwen awtor hasaplap, Elen aýtmyşlaýyn, ”taryhdan çykamsoň”, Parižiň salkyn howasynda gadymy koçe bilen ýeňil basyp ugradym. . . Pariž, 1989. Mary obkomynyň birinji sekretary G.M.ORAZOWA. Hormatly Gurban Myradowiç! Meniň bu haty saňa resmä ogşadyp ýazmagymyň hatyň “Uly jaýa” ýazylýandygyndan gaýry sebäbi ýok. Barybir, hat resmi däl. Merwiň 2500 ýyllyk ýubileýi hakda Moskwa duşuşygymyz mahaly eden gürrüňimizden soň, kabir taryhy maglumatlara seredişdirdim. Agajan Geldiýewiç Babaýew, elbetde, akademik. Onuň uly alymdygyna-da şübhäm ýok. Emma onyň Merw-Mary hakda saňa beren maglumatlary birneme gümürtik ýaly bolup görünýär. Men Merwe degişli gadymy hem iň gadymy arap, pars çeşmeleriniň ýygyndysyna seretdim. Emma Merwe “Mary” diýlen ýerine gabat gelmedim. . Ahli çeşmelerde: Merw, Maru, Marguş, Margiani, Maru-Şahu-Jahan. “Sowet ensiklopediýasynda-da: “Merw (1927-nji ýyla çenli) Murgap derýasynyň boýunda ýerleşýän Mary oblastynyň merkezi şäheri” (775 sah.) diýen ýazgy bar. 1927-nji ýyla çenli bolsa oňa “Hangeçen” diýlipdir. Häzirki Mary 1927-nji ýylda Mary adyny alýar. Hakyky Merw Baýaramly etrabynyň territoriýasynda ýerleşýär. ”Uly Sowet ensiklopediýasynda-da": “Merw, häzirki Mary şäheriniň 1937-nji ýyla çenli tutulan ady” (sah. 800) diýlipdir. Diýmek, A.G.Babaýew az-kem ýalňyşýar. Indi Baýramaly şäheri hakda. Ol Baýramaly hanyň adyna ýanalan bolsa gerek diýip çak edýärin. Gara şahyryň: “Baýramaly handan aldy Welnamy, Türkmen beglerine berdi engamy” –diýen setirlerini sen bilýänsiň. Baýramaly han kim? Ol barada men kän maglumat tapyp bilmedim. Ýöne Mir Abdyl Buharanyň taryhynda şeýle ýazgy bar: “ Merwiň 1785-nji ýylda wepat bolan (öldürilen—A.T.) iň uly hökmürowany Baýramaly han…” (2-nji tom. sah. 197.) Ol iki milletiň wekiliniň nikasyndan doglan. Onuň atasy pars, enesi salyr türkmenlerinden. Hywa hany türkmeniň üstüne çozanda, Amandöwlet baý bilen Baýramaly han duşmanyň tarapyna geçip, türkmenleri gyrmakda “edermenlik” baryny görkezýärler. Olar iki sany türkmen obasyny weýran edip, ilatyny hem gyrgyna berýärler. Ahyry, dönük Baýramaly han Tejen sebitlerinde hut türkmenler tarapyndan öldürilýär. Eger-de, Baýramaly şäheriniň ady, dogrudanam, Baýramaly hanyň adyna ýanalan bolsa, onda biziň belli şäherlerimiziň biri türkmeniň ganym duşmanynyň adyny göterýär. Mary oblastynda taryhy gowy seljerýän sowatly adamlar kän. Saňa şolaryň kömegi bilen hakykaty ýüze çykarmak kyn düşmezdi. Jan saglyk, rowaçlyk dilemek bilen: Atajan Tagan. Moskwa. 5 apr. 1992. * * * Ir säherden tä gün dogýança Gara deňze syn edip oturdym. Täsin gudrat! Ol düýn özüne taşlanan zir-zibilleriň esasy bölegini tolkunyň güýji bilen gije kenara zyňyp, ertire çenli tämizlenen ýaly bolýar eken. Krym, 28.08.89. * * * Adam öz sulhy alýanynyň kemçiligini görmeýär ýa-da görse-de, görmediksirän bolýar. Adam öz sulhy almaýanynyň gowy tarapyny görmeýär ýa-da görse-de, görmezlige salýar. * * * Mugt berlen arzan haryt pul döküp alan gymmat zadyňdanam gymmat düşýär. * * * Tankydyň ýeke gramyny götermegi ýokuş görýän adam öwginiň tutuş bir tonnasyny-da ýük görmeýär. * * * Esassyz tankydyň şahsýeti taryhdan çykaryp bilmeýşi ýaly, esassyz öwgi hem şahsyýeti taryha salyp bilmeýär. * * * Biz gaty maýda adam. Ýöne has maýdalaryň ýanynda bizem irimçik bolup görünýäris. Şol deňeşdirme hem biziň ösmegimize, özümizi terbiýelemegimize päsgel berýär. * * * Men hem meniň deň-duş galamdaşlarym öz döwürdeş okyjylarymyzyň dünýäden ötmegi bilen ýazyjy hökmünde gutarjakdygymyzy öňünden boýun almalydyrys. Çünki bizde geljek nesliň göwnünden turar ýaly eser ýazmaga ukyp ýok. * * * Edebiýatyň, sungatyň, žurnalistikanyň, umuman, ýörite gurulýan ündewiň köpçülige hiç hili täsir etmeýändigine men kommunistik partiýanyň hem Sowet Soýuzynyň ýüzüne atanak çekilen güni göz ýetirdim. Eger-de, ýazyjy, şahyr, žurnalisteriň SSSR-i hem kompartiýany magtamak üçin eden ägirt aladasy adamlarda täsir galdyran bolsa, olary goldap hereket ederdiler ahyryn. * * * Türkmenistanyň çäginden daşarda özümizden müň esse güýçli ýazyjylaryň, biziňkilerden has talapkär okyjylaryň bardygyndan habarsyz diýen ýaly türkmen ýazyjylary bolan biz, ters nukdaýnazardan alanyňda örän bagtly. Sebäbi biz gowy eseriň, talantyň derejesi diňe Prezidentimiziň Permany bilen ölçelýändir öýdüp düşünýäris. Şonuň üçinem “Türkmeistanyň halk ýazyjysy” adyny alyp, “dünýä belli” bolanymyzdan soň, Magtymgulynyň, Şekspiriň, Dostoýewskiniň, Tolstoýyň, Çehowyň, Mollanepesiň “Halk ýazyjysy” diýen adynyň ýokdugynam ýatlajak bolmaýarys. * * * “Köpçülik mal sürüsi ýaly bir zatdyr” diýýärler. Ol çopan hanja sürse, şol tarapa-da gidiberýärmiş. Haýwanlar özlerine akmak çopan saýlanandygyndanam baş çykarmaýar. Köpçülik ahyr ýolbaşçynyň garşysyna baş göterende-de, çopanyň akmaklygy üçin, baş götermeýär-de, özüniň maldygy üçin şeýdýär. * * * Hakyky döredijilik işgäri hiç mahal ýokary orun eýelemek arzuwynda bolmaýar. Ol asyrlar boýy hem şeýle eken. Ýöne çyn döredijilik adamy mydama ýolbaşça oppozisiýada bolýar. Sebäbi ýolbaşçy näçe akylly, näçe adyl bolsa-da, durmuşda doly adyllyk gazanmak mümkin bolmany sebäpli, ol özünden närazylyk döretjek meselä-de hökman uçraýmaly. Döredijilik adamy bolsa köpüň görmeýän säwligini-de görmäge ukyplydygy hem-de ganynda gönümellik bolany sebäpli dymyp bilmeýär. Ýolbaşçy öz goýberen kemçiliriniň göni aýdylmagyny halamaýar. Şunlukda, çyn hudožnik bilen onuň döwürdeş ýolbaşçysynyň jynynyň jyňkyryşýan mahaly seýrek bolýar. * * * El çarpyşmanyň sesi diňe elden çykýany üçin, ony ýürek bilen däl, gulak bilen diňlemeli. * * * Aýna adamyň diňe daş sypatyny görkezýändigi sebäpli, ony iň görnäýjek ýerde asyp goýýarlar. Eger aýna adamyň içki dünýäsini hem görkezýän bolsa, onda ony, umumanam, ulanyşdan aýrardylar. Edil şonuň ýaly hem adamynyň içki hakykatyny gizläp, diňe daşky görnüşini magtaýan kişiler mydama görnükli ýerden orun alýarlar. * * * Daşyňy gurşaýanlar diňe akmaklar bolsa-ha aňsat düşmez welin, gatnaşýanlaryň köpüsi senden akylly bolsa-da, ýeňil däl ekeni. Men ömrümiň agramly bölegini özümden juda akyllylaryň arasynda geçirmeli boldum. Ýöne onuň üçin ykbalymdan asla närazy däl. Akmaklaryň arasynda akylly bolup görünmekden akyllylaryň arasynda olardan pes bolup görünmek bähbitli bolsa gerek. * * * Otrisatel gahrymany durky bilen otrisatel etmek, položitel gahrymany hem durky bilen položitel edip görkezmek eseri ýasamalyga öwürýär. Çünki gowy adamda- da erbetlik, erbet adamda-da gowulyk ýokundysy hökman bolýar. * * * Öz ýurdunyň alymlaryna, wraçlaryna hem mugallymlaryna aýratyn sarpa goýmaýan döwlet ýolbaşçysy eýeleýän ornuna mynasyp däldir. Sebäbi, halkyň bilim derejesiniň, saglygynyň, edep-ekramynyň aladasyny etmeklik birinji derejede goýmaýan ýurt çagşamak bilen bolýar. * * * Diňe öz kalbyň talabyna laýyk eser ýazmaly. Sebäbi, barybir, seniň eseriň awtoryň düňýägaraýşyna golaý dünýägaraýyşly okyjynyň göwnünden turup biler. • MEN UKLAJAK BOLAMDA... Men uklajak bolamda, howp astyna düşýärin. Men ukajak bolamda: çozup gelýän gara-gara zatlara, dag gaýalaryna, aždarhaly jeňňele, joşgunly derýa, deňze… adyn tapan zatlaryň barysyna duşýaryn. Kellämde top atylýar, Kellämde gök gürleýär. Beýnimdäki esgerler maşk etmekden irmeýär. Şuwwuldaýan seçmeler, “fugas” atly bombalar diňe ukudan goýýar, Başga yza bermeýär. Ynsan pikiri dürli, Häsýeti başga-başga. Ukyň öňünden gorkmak Başyma inen towky. Onuňam öz syry bar. Çünki meni gorkuzýar: Dünýäň hem ýagşysyndan, Dünýäň hem ýamanyndan, az salymlyk bolsa-da, Aýra düşmegiň howpy. 1972. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |