02:21 Kyrk ýylda ýazylan kitap -3: dowamy | |
• MILLI BUÝSANÇ HAKYNDA OÝLANMA Türkmenleriň milli buýsanjy hakynda gep açylsa, gürrüňi ýigriminji ýyllardan başlamaly bolsa gerek. Çünki taze döwre gadam basan ülkäniň ýazyjy-şahyr ýaly ündewçileri ilkinji ädimlerini milli däp-dessurlara, milli hüý-häsiýetlere garşy göreşmekden başlapdyrlar. Durdy Gylyç şahyryň: Jykyr, indi seniň haýryňdan geçdik, Görkezen görgüsi kändir jykyryň — - diýen setirlerini okap, täze ideologiýa aňyny aldyran awtoryň, herhal özüni açlykdan halas eden jykyryň “aşyny içip, tabagyny depişine” haýran galýarsyň. Ýa-da “Garyplara indi gara öý gerek däl” diýende, öz döwrüniň iň sowatly adamlarynyň biri bolan Mollamurt türkmen halkynyň gara öýi tebigy şerte hem ykdysady ýagdaýa görä beýleki “öýlerden” amatly bolany üçin asyrdan-asyra alyp gelendiginiň syryna düşünen däldir öýdýärsiňizni? Ol diňe şol döwrüň (häzirem dowam edip gelýän) “öz arrygyňy har etmeli” diýen ideýasyna gulluk edeni üçin şeýle setirleri döredipdir. Milli buýsanjy depgilemek bolsa şol hem şolara meňzeş ündewlerden başlanypdyr. Gözüniň ody alnan halk milli buýsanç näçe kemsidilse-de dymdy. Arap elipbiinden latyna geçirilse-de dymdy. Latyny taşlap, Kirill bilen Mefodiý doganlaryň düzen harplaryny öwrenmeli etselerem dymdyk (Emma gruzinler bilen ermeniler dymmadylar!) Şeýdip, telim nesli sowatsyz goýsalaram, öňegidişlik edendiris öýdüp begendik. Okuw kitaplarymyza Suworowyň 1748-nji ýylda rus goşunynda kapral bolup gulluga başlandygyna çenli goşup, 1860- njy ýylda 22000 Eýran serbazlaryny kül-peýekun etmekde, halka öňbaşçylyk etmekde gudrat görkezen milli gahrymanymyz Gowşut hanyň, Gökdepe gyrgynçylygynyň Orazmämmet han, Garaoglan ýaly onlarça edermenleriniň atlaryny okuw kitaplaryndan aýryp taşladyk. Izmaýyl jeňiniň ýene bir gahrymany Kutuzowyň Borodino meýdanynda görkezen gahrymançylygyny türkmen çagalarynyň beýnisine ornaşdyrdyk. Emma öz milli gahrymanymyz Nurberdi hanyň adyny bolsa türkmen çagalarynyň aňyndan çykarmaga çalyşdyk. Türkmen paýtagtynyň köçeleriniň birine Nurberdi hanyň adyny däl-de, Kutuzowyň adyny daksalaram, dogry edilýändir öýtdük. Öz taryhyndaky öz gahrymanynyň adyny harlap, kişi taryhynyň kişi gahrymanynyň adyna guwanmagam milli buýsanjy ýok halka mahsusdyr. Muny biziň ýaranjaň ideologlarymyz doganlyga sarpa goýmak diýip düşündirselerem, ol desmalçylykdan gaýry zat däldi. Ýolbaşçylarymyz desmalçylyk etselerem dymdyk, özümize desmalçylyk öwretselerem dymdyk. Ogurlyk-jümrülik etmän, öz halal zähmeti bilen dört oýnam geçi, iki sany gotur düýe edinen çarwa türkmeni baý-kulak diýip, Özbegistana, Gazagystana, Sibire sürgün etselerem, halkymyz töhmetçi bolşewikleriň garşysyna kelam agyz söz aýdyp bilmedi. Ahlaklylyk barada ile nusga bolup gelen işan-mollalarymyz ahlaksyzlykda aýplansa-da, biz dymdyk. Gaýtam, biziň örän “öňdebaryjy” şahyrlarymyzyň käbiri: “Sorap görüň Aňňyr hajyň gyzyndan, Sowgat eltmän, her gün baryp yzyndan. Henek edip, ogşamansoň ýüzünden, Toýnak paýyn ykjam aldy mollamyz, Süssenekläp, ýerden galdy mollamyz” - - diýen ymmata sygmajak wejera setirleri döretdi, şeýdip gazanç etdi. Sünnet bahanasy bilen türkmeniň öňdebaryjy milli kadrlarynyň ýüzlerçesi bilgeşleýinden parçalandy. Emma biz şonda-da, partiýanyň adyna bukulyp, türkmeni ösdürmezligiň aladasyny eden hyýanatçylaryň garşysyna gidip bilmedik. Milli buýsanjy, milli medeniýeti depgiläni üçin, din adamlarynyň mertebesini kemsideni üçin, henize-bu güne çenli hem hökümetem, partiýa-da hiç kimden ötünç soranok. Hiç hili etmişi-güňäsi ýok halatynda ýurdundan sürgün edilen, açlyk çekip, sütem baryny gören türkmen çagalarynyň nähak döken gözýaşy üçin, ýat illerde ölüp galanlar üçin töhmetçileriň hiç birine-de çäre görülmedi. Ady dünýä ýaýran beýik hudožnigimiz Yzzat Gylyjow meni otuzynjy ýyllarda Baýramalyda oglan-gyzjagazlara bilim öwredip ýören kakasy Annagylyç ahunyň maýda çagalary bilen Gazagystana sürgün edilenden soň, oba ýazan bir haty bilen tanyşdyrdy. Hatdaky “Çagalar çyp-ýalaňaç, howa bijaý sowyk , öte ýatyp, turýas. Tapsaňyz, nan gatadyp iberiň. Çagalar gury nan tapsa, gaýry sargydymyz ýok. Gaýrat ediň, gaty nan iberiň. Çagajyklar aç öljek. Gatadyp iberseňiz, nan ýolda zaýa bolmaz” diýen sözlerini tolgunman okar ýaly däl. Hut şu mahal, aç-açanlyk döwründe-de, Jüneýit hanyň ele ýarag alyp çöle çykmagynyň, ilatyň belli bir böleginiň onuň ideýasyna gulluk etmeginiň syry, taryhy sebäbi öwrenilmeýär. Belkem, Jüneýit han basmaçy bolman, ony yzarlanlaryň, onuň bilen umumy dil tapmak islemedikleriň özleri basmaçydanam beter bolandyrlar? Belkem, olar türkmeniň milli buýsanjyny basgylamak isländirler? Biziň sosialistik sistemamyzyň bir asyram ýaşaman, iki aýagy bilenem agsap ugramagynyň düýp sebäbi halklaryň özbaşdaklygy, erkinligi diýilýän demokratik düşünjäniň kagyz ýüzündäkisi bilen iş ýüzündäkisiniň biri-birine çapraz gelmeginden hem şol syýasatyň milli buýsanjy äsgermänligindendir. Ýöne milli buýsanç meselesinde biz başga milletleriň wekillerini günälemäge onçakly hakly hem däl bolsak gerek. Milli buýsanç milli ideologiýanyň özeni. Milli buýsanja sarpa goýulmaýan ýerde milli medeniýetem, milli ykdysadyýetem ösmeýär. Dogry, halkymyzyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin düýpli ädim ädilmedi diýip respublikanyň ýolbaşçylaryndan gaty hem görmeli däl. Sebäbi dürs diýlip äden ädiminiň ters bolup çykmagy biziň sosialistik sistemamyzyň edil maňlaýyna ýazylan ýaly boldy. Ýöne sistemanyň ideologlary ýalan zady hem çyna berimsiz edip ynandyrmaga şeýlebir ökdelediler welin, hut söz bilen beýan eder ýaly hem bolmady. Biziň sada ilatymyz bolsa kezzap ýolbaşçylar näme diýse, şoňy hem goldady. Oňa adyň gapdalyna goşulýan, ata-babadan bäri gelýän “ýeňňe”, “halypa”, “ussat”, “uýa-bajy”, “agam”, “jigim”diýen ýaly ýakymly hem hormatly ýüzlenmelere derek “ýewiç”, “ýewna” goşdursalaram abraýly bolýandyr öýtdi. Milliligi ündeýjiler bolmaly alymlaryň, ýazyjylaryň, artistleriň köpüsi özlerine “mam”, “pap” diýdirip, çagalaryny diýseň medeniýetli edip terbiýeleýändiris hasapladylar. Halkymyzy şeýlebir oýnadyk, şeýlebir kemsitdik welin, hut öz ene-atasynyň dakan adyndanam dänip ugran türkmenler hanja ýöreýäninem bilmedi. Oňa: “Sen öz töpragyňda artykmaçlyk edýärsiň” diýip ynandyrsalar, otla münýär-de, Russiýanyň Amur oblastyna doňuz bakmaga-da gidiberýär. Ýogsam, biz respulikamyzda artykmaç hasap edýän adamlarymyzy Amurdan çykaryp ýükümizi ýeňletjek bolmaly däl-de, ol meseläni döwlet kişisiniň aňy bilen çözmeli. Öňi bilen-ä, türkmen topragynyň öz perzentlerini eklemäge gurby çatmaýan bolsa, onda şeýle ýagdaý ýüze çykanda dünýä praktikasynda ulanylýan çärelerden peýdalanmak gerek. Ýagny çaga dogurmagy öz akymyna goýbermeli däl-de, ony ekläp biljek sanymyza görä planlaşdyrmaly. Sosial taýdan yza galan ýurtlarda edilişi ýaly halkyň arasynda düşündiriş işlerini geçirmeli. Ilatyň sanyny köpeltmek ýurdy hökmany suratda öňdebaryjylyga eltmeýär ahyryn. Bu pikiri delilleşdirmek üçin ylmy, medeni, ykdysady ösüş babatda dünýäniň iň öňdebaryjy döwletleriniň biri bolan 4 million ilatly Ysraýyl bilen düňýäniň iň garyp ýurtlarynyň biri —ilatynyň sany 1 milliarddanam geçýän Hindistany mysal getirmegem ýeterlik bolsa gerek. Bizem ilatymyzyň sanyny 10 milliona ýetirip, ýarym-aç ýaşanymyzdan, sanymyzy 3 millionda saklap, deňli-derejeli ýaşasak kem bolmazdy. Harby ýolbaşçylaryň ýazmaklaryna görä, Orta Aziýa respublikalarynda, esasanam, Türkmenistanda soňky 20-25 ýyllykda doglan oglanlaryň köpüsi harby gulluga alynmaga-da ýaramaýar. Alynsa-da, harby gulluk etdirilmän, koplenç, işçi batalýonlarynda gurluşukda işledilýär. Olaryň köpüsi näsag, bir topary neşebent. Şonuň üçinem döwlet hem partiýa ýolbaşçylarymyz respublikamyzyň dünýä ösüşinde eýeleýän 78-nji ornuny (BMG-niň maglumaty) birneme gowulandyrmagyň gamyny iýmeli. Fiziki hem aň derejesi juda pes, diňe pagta ýygmakdan gaýry zada ýaramaýan 12-13 çaga dogurýan aýala “Gahryman ene” adyny dakyp ýörmän, 3-4 sany sagat çaga terbiýeleýän enäniň pozisiýasyny goldamaly. Hemme meselede galp hem gury sana kowalaşa-kowalaşa, ozalam biz medeni ösüş derejesiniň soňky basgançaklaryna çenli gelip ýetdik. Bu meselede jogapkärçiligiň esli böleginiň medeniýet işgärleriniň, öňi bilenem ýazyjy-şahyrlaryň üstüne düşýändigini bellemeli. Gaýtam ýazyjylaryň käbirleri ýokardan inderilen permany berjaý edýän köşk şahyrlaryna meňzäp, medeniýetimiziň görlüp-eşdilmedik derejede ösendigini nygtaýarlar. Ýogsam, ol ykdysady hem medeni derejesi dünýäde tas segseninji orna baran ülkämize “aýy dostlugyny” görkezmekden başga zat däl ahyryn. Öz döwrüniň barometri hasaplanýan ýazyjylar jemgyýetiň kän meselesine örän batyrgaýlyk bilen aralaşar ekenler. Mihail Şolohowyň kazaklaryň bähbidini goramak meýli bilen, kellesini etegine salyp, I.W.Staline ýazan hatlaryny ýatlalyň. Häzir beýleki respublikalaryň ýazyjy-şahyrlary hem öz halklarynyň aladasy üçin açyk göreşe çykdylar. Türkmenistanyň ýazyjylary bolan biz nädýäris? Biz halk bähbidine gezek gelende çetde durýarys, “Namartja olam—sagja olam” edýäris. Döwlet ýolbaşçylarynyň göwnüne degmekden çekinýäris. Häzir magtalýan döwür bolmasa-da, olary magtamakdanam uýalmaýarys. Şeýdibem, 3 otagly jaýymyzyň 4 otagly bolmagynyň ýa-da “Halk ýazyjysy” diýen ady almagyň aladasyny edýäris. Köp halatlarda ýazyjylaryň käbiri ikiýüzlilik etmekdenem çekinmeýär—kalbynda bir zat saklap, dilinde başga zat diýýär. Bu hem türkmeniň milli buýsanjyny kemsidýän täze häsiýet boldy. Men ýene şol amurly meselä dolanyp, wajyp problemadyr öýdýän bir meseläme siziň ünsüňizi çekmekçi. Käbir ýoldaşlaryň tekrarlamagyna görä, respublikamyzda işçi güýji artykmaçlyk edýärmiş-de, işsizlik döräp barýarmyş. Şonuň üçinem ol meseläni türkmenleri Amur oblastyna göçürmek ýoly bilen çözmelimişin. Birinjiden-ä, bizde izçi güýji artykmaçlyk edýär diýmegiň özi düýpden esassyz. Ikinjiden bolsa, biziň öndürýän pagtamyz Iwanowo, Reutowa ýaly şäherlere iberilip, ol ýerde onlarça müň adamynyň işsiz galmazlygyna, fabrikleriň boş durmazlygyna şert döredýär. Şeýle bolsa-da, biz öz adamlarymyzy Amur oblastyna doňuz bakmaga iberip, işsizlik meselämizi çözmelimişik. Beýle hereketi “doganlyk—dostlyk”, “internasionallyk” diýen ýaly pagtabent sözler bilen kebşirlemegi gaçybatalga edinsegem, hernäçe timarlasagam, onuň asyl manysy gülkünçlikden özgermeýär. Şeýle hem biziň öz edýän hereketimiz özümizde senagat kärhanalarynyň döremezligine, işçiler synpynyň ösmezligine getirýär. Milli işçiler synpynyň döremeginiň garşysyna şeýle matlaply işler alnyp barylýan ýerde bolsa milli medeniýetiň, milli, ykdysadyýetiň, milli buýsanjyň ösüşi togtaýar. Nämemiş, türkmenler ýokary hünärli işçi bolmaga ukypsyzmyş, gany çarwa, daýhan ganymyş. Şonuň üçinem Amura doňuz bakmaga gidibermelimiş. Amura göçüp giden türkmen hojalyklarynyň ýaşamak, çagalaryny ene dilinde okatmak, howa şertine uýgunlaşmak meselesinde eýýäm kynçylyk çekip başlandyklaryňyn habary gelýär. Biziň “göçürmek” syýasatymyzyň düýpden galpdygyny, nädorydygyny praktika tassyklaýar. Şeýle-de bolsa, ol meselede meni milletçilikde, “syýasy düşünjesizlikde” aýyplamak üçin “dostluk aýdymçylary” bolan käbir türkmen žurnalistiniň eýýäm galamyna ýapyşyp durandygyny öňünden bilýärin. Şonuň üçinem bitarap adam, geografiýa ylymlarynyň doktory, professor N.Glazowskiniň “Nowyý mir” žurnalynyň 1987-nji ýylyň 7-nji sanyndaky çykyşyndan mysal getirmekçi. “Wariant pereseleniýa çasti naseleniýa… zawedomo I wredniý po ekonomiçeskim, sosialnym, etiçeskim i prirodnym soobraženiýam”. Mundan başga merk gerekmi! Şol mesele bilen baglanyşykly ýene bir gülkünç ýagdaý ýüze çykdy. Geçen ýyl “Türkmenistanyň Amur oblastyndaky günleri” diýen dewiz bilen respublikamyzyň bir topar ýazyjysy, artisti şol ýerdäki “täze türkmenlere”, has takygy “gelmişeklere” medeni hyzmat etmäge gitdiler. Edilen ullakan çykdajyny, ýitirilen wagty, elbetde, dostluk-doganlygyň üstüne atdyk. Amura gidip-gelen ýazyjylaryň biri “Nowyý mir” ýaly abraýly žurnalda çykyş eden alymyň ähli zady öňünden duýandygyny boýun aldy, “Gowusy, meni gepletme” diýip, baş ýaýkady. Eýsem, Türkmenistanyň öz topragynda önýän pagtany öz guran fabriklerinde işläp, ol fabriklere-de diňe milli aýal-gyzlary işe alsaň, mesele iki taraplaýyn bähbit berjek ahyryn. Güýçli himiki dökünler ulanylýan gowaça meýdanlarynda ertirden-agşama işlemegiň adam organizmi üçin örän zyýanlydygyny alymlar bir eýýäm tassykladylar. Türkmenistan pagtany köp öndürmese, öz güzeranynam görüp bilmez diýen galat bahanany tutaryk edinip hem halkymyzy aldaýarys, hemem öz günämizi ýuwmak isleýäris. Eýsem, türkmeniň maňlaýyna ýazylan diňe pagtamyşynmy? Bir gektar ýere ekilen gowaçadan 3 müň manada çenli arassa girdeji alynýan bolsa, bir gektar ýere ekilýän gök önümden 20 müň manada çenli girdeji gelýär. Emma biz ony halkdan gizleýäris. Ýeke hana pagta öndürmeýän Ermenistan ýa-da Gruziýa, eýsem, bizden pes ýaşaýarmy? Ýogsam, şol iki respublikanyň ikisinde-de gaz hem çykanok, nebitem. Iň gowusy, Türkmenistan ýaly baý toprakly ülkäni häzirki zaman talapynda deňli-derejeli aýlar ýaly aňly-başly milli kadrlarymyz ýok diýäýeliň. Kadr meselesine gezek gelende, sadadan-sada bir mysala ýüzleneýin. Milli döwletiň paýtagtydygyna garamazdan, Aşgabat şäheriniň ähli ýerindäki suw, gazýet, moroženoýe satýan dükanjyklaryň ýekejesinde-de milleti türkmen bolan satyjy görmersiňiz. Indi, gel-gel, türkmenler şol işe-de ukypsyzmyka? Oňa garamazdan, şol dükanjyklaryň töwereginde eli uly sübseli zir-zibil süpürýänleriň hemmesi türkmen aýallary. Hany, biziň milli buýsanjymyz? Boris Ýelsin RSFSR-iň milli gazanjynyň 70 milliard manadynyň Bütinsoýuz “gazanyna” her ýyl mugt taşlanyp durlandygyny eýýäm telim gezek nygtady. “Literaturnaýa Rossiýa” gazýeti bolsa, her sanynda diýen ýaly, Russiýa beýleki respublikalary eklejek bolup, özi gedaý galdy diýen pikiri gaýtalaýar. Biz näme üçin hakykaty aýtmaga çekinýäris? Ermenistan respublikasynyň Ýokary Soweti ermeni halkynyň bähbidini arap, SSSR-iň Prezidentiniň permanyny ret edip bilýär. Emma biziň Ýokary Sowetimiz welin, “uly doganymyzyň” göwnüne degmejek bolup, öz hakymyzy özümize-de iýdirip bilenok. Merkezi gazýetlere üns berseň, žurnalistler hälimi-şindi biziň milli mertebämizi kemsitmäge ýykgyn edýärler. Biz-ä internasional respublika bolan bolup, baýlygymyzyň agramly bölegini, şol sanda her ýylda 90 milliard kubometr gazymyzy merkeze mugt diýen ýaly iberýäris. Şonda-da merkezi gazýetleriň biziň milli buýsanjymyzy kemsidip bilseler armanlary ýok. Sözüm gury bolmazy ýaly, onlarça mysaldan diňe birine ýüzleneýin: “I do sih por respubliki Sredneý Azii nahodýatsýa na dotasuýah na obşegosudarstwennogo býudžeta, kotoryý wyplaçiwaýutsýa im glawnym obrazom za sçýot slawýanskih respublik Soýuza SSR”. Men by setirleri “Moskowskiý komsomoles” gazýetiniň 1990-njy ýylyň 24-nji oktýabryndaky “Russiýa Aziýa respublikalary nämä gerek?” diýen makalasyndan aldym. Şeýle töhmetleri eşidibem biz dymýarys. Dogry, S.Nyýazow soňky gurultaýda eden çykyşynda bizde jan başyna 20 million kubometr gaz öndürilýändigini ahyr agzap geçdi. Ondan soň hökümet başlygynyň orunbasary A.Çaryýew hem pagtamyzyň, gazymyzyň gaty arzan berilýändigini nygtady. Ýöne häli-häzirlikçe-hä, merkez ol çykyşlara ünsem berenok. Orta Aziýany ekleýän hasap edýän 140 million ilatyň ýolbaşçysy B.Ýelsiniň kisesinden merkeze 70 milliard manat gidýän bolsa, bary-ýogy 3 milliondan gowrak ilatly Türkmenistandan diňe tebugy gazyň hasabyna ýylda 150 milliard manadyň mugt gidýändiginden ýoldaş Ýelsin bihabardyr öýdýärsiňizmi? Ondanam başga 1 million 400 müň tonna pagta ýygnap, jan başyna pagta öndürmekde Soýuzda birinji ýerde durýan Türkmenistan özbaşdak respublika diýlip at berilse-de, daşary ýurtlar bilen gönümel söwda etmeli bolanda bize diňe 30 müň tonna, onda-da tabşyrykdan artyk öndürilýän hasyldan şonçasyny satmaga rugsat edýändiklerini Ýelsin bilýän däldirmi? Üstesine-de, şojagaz 30 müňden gelýän walýutanyňam ullakan bölegi bize rehimdarlyk edip, öz pagtamyzy özümize satdyrmaga ejaza berýän ýoldaş Maslýukowyň kisesinde galýar ahyryn. Oňa garamazdan, kim şerraý bolsa, halwa şoňa berilýän ýaly. “Pagta halkyň baýlygy” diýýärler. Şonuň üçinem ýeri sandan çykarsa-da, onuň tonna sanyny artdyrdygymyzça, heşelle kakýarys. Tonna artdygyça, abraýymyzam artýandyr öýdýäris. Emma özbek garyndaşlarymyz geçen ýyl pagtanyň mukdaryny 1 million tonna çenli azaldyp, onuň ýerine ilatyň saglygyna ýardam edýän gök önüm, bag-bakja ekdiler. Bize gerek abraý, bize gerek baýlyk özbeklere derkar dälmikä? Bir meseläni ýagşy niýet, bähbit üçin tankyt etseňem, “Tankyt etmek aňsat, işi düzetmek kyn” diýmek ýoň bolupdyr. Aýdýan zatlarymyň täzelik däldigine akyl ýetirsemem, berjaý edilmedik köne teklibiň täze teklibe öwrülýändigini nazarda tutup, kemçiligi düzetmegiň, milli buýsanjy pugtalandyrmagyň mümkingadar ýollaryny salgy bermekçi: 1. Pagta monokulturasynyň tutýan meýdanyny mümkin boldugyça azaltmaly. 2. Öz “işsizlerimize” iş tapylar ýaly pagtany özümiz işlemeli. 3. Respublikamyzyň territoriýasynda mata dokaýan fabrikler açyp, oňa ilkinji nobatda ýerli milletiň aýal-gyzlaryny işe almaly. Pagtany çygrymyzyň çatdygyndan köp öndürmäge dyrjaşyp, Moskwanyň öňünde ýaranjaňlyk edýän ýolbaşçylarymyz gowaçanyň türkmen halkynyň ganyna bejerip bolmajak kesel goşýandygyna, geljek nesillerimiziň saglygyny hem öňünden weýran edýändigine düşünmelidirler. Pagta sebäpli zäherlenen türkmen topragy ýene 10-15 ýyldan hiç hili hasyl öndürmäge-de ýaramasa gerek. Aňyrsy kesgitli wagtdan tebigi gazymyz hem gutaransoň, biz kime gerek. Şu mahal milliardlarça manadymyzy mugt alyp duran pursatynda-da “Biz sizi ekleýäs. Siz ýal ýagysy” diýip töhmet atyp duran “ uly doganymyz” tebigi baýlygymyz tamam bolansoň, bize bir döwüm çörek emlärmi? Niýetimizi ýagşa tutup, ”doganymyza” öňünden ynanalyň. Ýöne oňa garamazdan, “Dost-dost, mamla —rast” diýen pähimden ugur alaga-da, hasaplaşyklyja ýaşalsa, neneň bolarka? Biz häzir günemamyzy ýykma-ýykylma dolýandyrýanymyz üçin, şu mahaldan gelljek asyrlarda ýaşamaly nesillerimiziň aladasyny etmeli. Gazdan, nebitden gelýän girdejiniň haýsydyr bir möçberini halkara banklaryna geçirip, tebigatyň bize eçilen baýlygyndan nesillerimiziňem öz paýyny goýup gitmeli. Eger biziň ýolbaşçymyz şeýtmegi başarsa, onuň öz abraýy hem bir gez galardy welin, iň esasam, tutuş dünýäniň öňünde türkmeniň milli buýsanjy beýgelerdi. Biz öz öňbaşçymyza akyl öwretmekçi däl. Onuň özünde-de akyl ýeterlikdir. Oňa garamazdan, belkem, onuň özüniňem kellesinde aýlap ýören pikirlerini, ýagny çäksiz tokaýyň eýesi bolan Boris Ýelsiniň S.Nyýazowa ýekeje sosnany-da tölegsiz bermeýändigini, bizden merkeze mugt diýen ýaly gidýän gazyň her 1000 kubometriniň dünýä bazarynda 92 dollara durýandygyny, ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar döwletlerinden satyn alýan nebitiniň belli bir möçberini öz ýurdunyň ýerzeminlerinde bukup (Megerem, wagty gelende ýene yzyna ýa-da başga ýurtlara satmak niýeti bilendir?) goýýandygyny ýatlatmakçy bolýarys. “Bu zatlaryň milli buýsanja näme dahyly bar?” diýmegiňizem mümkindir. Gaz, nebit, pagta, garaz, respublikanyň topragynda önýän ähli baýlyk milli buýsanç bilen gönüden-göni baglanyşykly. Olary dogry peýdalanmak, peýdalanmazlyk hem milli buýsanja utgaşýar. Ilatymyzy nadanlyk derejesine ýetirip barýan pagta meselesinde milli buýsanjy goramaly ýazyjylar bolan biz halkyň tarapyny çaldykmy? Ýok. Gaýtam, biziň käbirimiz telestudiýanyň ýyljajyk jaýynda oturup, aňzakly dekabryň aýaklarynda-da mekdep okuwçylaryna ýüzlenip: “Pagta biziň bagtymyzdyr. Ony gar astynda galdyrman ýygnaň!” diýip, hyýanatçylykly wagyz geçirdik. Eýsem, bu ýagdaý käbir ýazyjyda milli buýsanjyň ýoklugyna, olaryň ertirki neslimiziň goragynda durmaýandyklaryna şaýatlyk etmeýärmi näme? Şu mahala çenli-hä bize duşan ideologiýa ýolbaşçylary hem düýnki güni bilen ýaşaýan, inisiatiwasyz adamlar boldy. Olar milli medeniýeti ösdürmäge, tutuş halkyň ezeneginden götermäge derek öz regional toparjyklaryny döretdiler, şolara boş at hem şöhrat alyp bermegiň aladasyny etdiler, çeper höwesjeň derejesindäki aýdymça “Halk artisti”, ortadan pes ýazyja “Halk ýazyjysy” diýen at dakanlary bilen milli medeniýetiň ösmegine ullakan goşant goşandyrys öýtdüler. Ideologiýa işini, köplenjem, medeniýetden başy çykmaýan ykdysadyýetçi ýa-da pioner guramaçylary alyp bardylar. Şeýle bolansoň, olardan nämä garaşjak? Mysal üçin, Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçysynyň medeniýet boýunça orunbasary öz bilim alan hünäri boýunça nebitçi inžener. Men oňa edebiýatdan ýa-da sungatdan asla baş çykarýan däldir diýip bilmen. Ýöne häzir şahyr Baýram Jütdiýewi ýa-da edebi tankytçy Jora Allakowy Gumdaga eltäge-de, nebit çykarmak boýunça inžener edip belläýsek, nebitçiler ol çözgüde niçiksi gararkalar? Emma medeniýetiň ykbalyny welin nebitçä-de, suwça-da, agronoma-da ynanyp ýörüs. Bu gaty geň hem düşnüksiz zat. Ýöne şol düýpden başga hünärli adamlaryň medeniýete ýolbaşçy edilip bellenjek bolnanda: “Men bu işi başarman. Meniň başga hünärim bar” diýip, hödürlenýän wezipeden ýüz öwürmeýänleri welin has-da düşnüksiz. Şonuň üçinem hökümet ýolbaşçysynyň medeniýet boýunça orunbasary Magtymgulynyň akademiki neşirini çykarmagyň aladasyny etmäge derek Magtymgulynyň ýubileýine gelen myhmanlaryň haýsysyny haýsy myhmanhanada ýerleşdirmeli diýen maýda meseläni çözmäge wagt sarp edýär. Bu ýagdaý maňa Mark Tweniň “Şazada hem gedaý” diýen eserindäki sada gahrymanyň uly döwlete ýolbaşçy edilip bellenende, hökümetiň beýik permanlarynyň aşagyna basylmaly döwlet möhüri bilen hoz döwüp oturyşyny ýatladýar. Şeýle hem ol ýagdaý öz hünärine kybapdaş däl orna bellenýän adamynyň öz şahsy buýsanjyny milli buýsançdan belentde tutýandygyna güwä geçýär. Şeýle ýolbaşçylardan milli buýsanjy ösdürmekde bähbitli işe garaşmak bolarmyka? Men bir ahwalata gabat geldim. Tötänden diýen ýaly Aşgabat şäheriniň demir ýoldan gaýra tarapyna ýolum düşdi. Men ol ýere hiç mahal baryp görmändim diýen ýalydy. Meniň haýsy şäherde bolsamam, köçeleriň atlaryna ser salmak, ol adyň gelip çykyşy, näme üçin hut şu köçä dakylandygy bilen gyzyklanmak gylygym bar. (Köçe atlary bilen gyzyksaň, hem güýmenje, hem gözýetimiň giňemegine peýdasy bolýar.) Birden meniň nazarym kaşaň jaýyň gapdalyna owadan harplar bilen ýelmenen köçe adynda eglendi –“Mamasewskiý köçesi”. Aňryrrakda ýene bir köçe—“Lemkulow köçesi”. Aşgabatda, onda-da diňe türkmenleriň ýaşaýan raýonynda Mamasewskiý bilen Lemkulowyň ady dakylan köçe bar ekeni. Men öz gözüme-de ynanmadym. Sebäbi Harby taryhy arhiwde Mamasewskiý bilen Lemkulow diýen iki sany rus soldatynyň 1881-nji ýyldaky Gökdepe söweşinde tekeleri gyrmakda aýratyn “gahrymançylyk” görkezendikleri sebäpli, gymmatbaha serpaýlara myhasyp bolandyklaryny okanym hem olaryň atlaryny depderime bellänim ýadyma düşdi. Öz ýaşaýan köçesiniň indi, megerem 70-80 ýyl bäri göterýän adynyň kimiňkidigini bilmeýän, bilse-de, milli buýsançsyz türkmenler 10-12 ýyl mundan ozal beýik Azadynyň adynyň köçä dakylanyna moňça bolup ýörler. Geň sowal bar. Türkmeni gyrmakda edermenlik görkezen duşmanyň adyny kim türkmen şäheriniň köçesine dakyp bilýär? Beýle ady 70-80 ýyllap kim aýyrman saklaýar? Beýle ýagdaý şol köçelere atlary dakylan ganhorlaryň gylyjyndan ölen neresse çagalaryň ruhuny depelemek dälmi? Milli buýsanjy ýok halkda abraýam bolmaýar, agramam. Beýle halk diňe boş öwünmek bilen meşgullanýar. Türkmen halkynda boş öwünmek bilen ýaranjaňlyk häsýetleriniň bolmandygyny geçen asyrlarda saý-sebäp bilen biziň topragymyza aralaşan daşary ýurtly synçylar belläp geçipdirler. Oňa garamazdan, soňky döwürlerde öwünjeňlige ýüz urýarys. Hatda halk deputatlarynyň käbiri hem öňe çykyp, boş öwnüp durmakdan utanmaýar. Olar bizde söwda kartoçkasynyň ýokdugy, dükanlarymyzda un, gant, çaý we ş. m. harytlaryň bol-elindigi bilen öwünýärler. Şol harytlaryň bol bolmagy hem ýolbaşçymyzyň halkymyzy örän dogry ýol bilen alyp barýandygy bilen baglymyşyn. Birinjiden-ä, häzirki gahatçylyk mahaly käbir respublikalarda söwda kartoçkasyny girizip, halkynyň ýagdaýyna mümkingadar ýardam etmäge synanyşýanlary ýerliksiz tankyt etmegiň hajaty barmyka? Ikinjidenem, öwünýän deputatlaryň bol hasaplaýan harytlarynyň ýekejesini-de biziň özümiz öndürmeýäris. Soňky mahallarda Türkmenistanyň Prezidentini öwmäge tutaryk gözleýän adamlaryň sany köpeldi. Ýöne Prezidentimiz Prezidenti öwýänleriň Prezidentiň dosty däldigine, Prezidenti tankyt edýänleriňem Prezidentiň duşmany däldigine kemsiz düşünýändir öýdüp tama edýäris. Milli buýsanjyň, milli medeniýetiň derejesini öňi bilen kesgitleýän şert milli dildir. Türkmenistanyň syýasy ýolbaşçylary şu mahala çenli-hä milliligiň asyl paýasy bolan milli dilimize birjik-de sarpa goýman geldiler. Ýöne bu meselede-de biz ýene Moskwanyň syýasatyny ýa-da bizde ýolbaşçy bolup işleýän başga milletleriň wekillerini günälemäge haksyzdyrys. Kähalatlarda başga milletlerden bolan ýolbaşçylarymyzyň türkmen dilini oňly bilmeýändiklerinden zeýrenjek bolýarys. Emma ol onçakly dogry däl. Sebäbi özi türkmen bolup, türkmen dilini oňly bilmeýän kadrlarymyz gitdikçe köpelýärkä, ene dili rus ýa-da ermeni dili bolan adamlardan diňe türkmençe geplemegi talap etmek ýerlikli hem däl ýaly. Biz özümizi, dilimizi nähili derejede hormatlaýan bolsak, başgalaram biziň özümizi, biziň dilimizi şol derejede sylar. Men bir öwra respublikamyzyň Hökümetiniň başlygy ýoldaş H.Ahmedowyň telewizorda çykyşyny diňledim. Eý, Hudaý! Asyl ol öz ene dilinde geplände rus sözlerini goşman asla gepläp bilmeýän bolsa nädersiň! Şol çykyş hem biziň milli buýsanjymyzy döwlet derejesinde hormatlamaýanymyzyň hakyky şaýady dälmi? Öz çagalary ene dilini bilmeýän türkmenleri Türkmenistanda ýolbaşçy işe çekmek hem düzüw däl. Çünki öz çagalaryna türkmen dilini öwretmegiň aladasyny etmedik adam türkmen halkynyň aladasyny edip, onuň buýsanjyna ýürekden buýsanar öýdýärsiňizmi? Eger biz özbaşdak milli döwletdigimize sarpa goýýan bolsak, Aşgabat uniwersitetiniň respublikamyzyň mekdepleri üçin mugallym taýynlaýan rus hem çet dili fakultetlerinde müň ýyllyk taryhy bolan edebiýatymyz hakda, tutuş bäş ýylyň dowamynda bary-ýogy 36 sagat sapak geçilermidi? Milli buýsanç barada oýlansak, hyýalymyzda döwlet serhedindenem geçmeli bolýarys. Ýöne biziň islegimiz amala aşmasy gaty çetin, türkmeniň öz ygtyýarynyň çäginden daşda durýan mesele. Gürrüň rus patyşa samoderžawiýesiniň generallarynyň diňe öz bähbitlerini arap, Eýran bilen serhedini, esasan, daglaryň üstünden çekmegi, türkmeniň iň bereketli hem gözel topragy bolan Türkmensährany parslaryň paýyna goýandygy hakda gidýär. Biz arasynda aýralyk dagy keserdilip, iki bölege bölünen halkymyzyň ykbalyny birikdirmek barada oýlanmaga-da milt edip bilmeýäris. Emma geljekki nesillerimiziň arasyndan bizden has edenli, has watanperwer gerçekler dörär diýen umyt bilen Türkmensähraly meseläni soňa goýmaly bolýarys. Diňe Türkmensähra türkmenleri däl, dünýäniň başga ýerlerinde ýaşaýan ildeşlerimiziňem aladasyny etmeli. Bosgun bolup, Owganystandan Päkistana gelensoň, horluk çekip ýören 400 öýli türkmeni Türküýäniň hökümetiniň diläp, Kone welaýatyna göçürip getirendigini, ýer-suw bilen üpjün edendigini Ankarada bolanymda, türk alymlary maňa gürrüň berdiler. Bu örän gowy hereket. Ýöne çet illi türkmenleriň çyn hossary Türkmenistana näme boldy?! Hakyky ýagdaý makalada mesele goýmakdan, elbetde, agyrdyr. Oňa biz az-kem düşünýäris. Ýöne ermeniler, ýewreýler öz ildeşlerini bir ýere jemlemek meselesini dünýä möçberinde goýýarlaram, çözýärlerem. Serhetden aňyrdaky türkmenler hakda gürrüň etsek, juda bir “wawwaly” meseläniňem üstünden barylýar. Ol geçen uruşda ýesir düşen, barmak basyp sanaýmaly türkmenler meselesi. Biz näme üçin olaryň ata Watana dolanmak islegine ýardaam etmeli däl? Olar hakda gürrüň edilse, derrewem “Watan dönügi” diýen aýylganç tagmany ulanýarys. Men olara “ak guş” diýmeýärin. Ýöne olaryň hiç biriniňem öz peýwagtyna ýesir düşmändigi hakda-da oýlanmak gerek. 17 ýa-da 18 ýaşyny hem doldurmanka, ýesir düşen, urlup-ýenjilip, gözüniň ody alnan aç-ýalaňaç ýetginjegiň ornunda özüňi hem goýup görmeli. Uruşda hemme adamynyň bagty çüwüp durmaýar. Kim ýeke ok atmaga ýetişmänkä wepat bolýar. Kim telim ýyl görgi görüp, müňlerçe ok atansoň ýesir düşýär. Käbirleri bolsa, urşa çagyrylsa-da, bir sebäp bilen jeňe gatnaşman, ýeke ok hem atyp görmän, sag-salamat öýüne dolanyp gelýär-de, weteranlara berilýän bähbitlerden peýdalanyp ömrüni ötürýär. Heňňamyň pelsepesi şeýleräk. Ýene bir zat. Şöl ýesir düşen ýetginjekleriň hatarynyň öňünde iki ýana gezmeläp: “Watanyňyza gaýdasyňyz gelýän bolsa, biz garşy däl. Gidiberiň. Ýöne baran badyňyza size dönük hökmünde temmi beriljekdigini, gözüňiziň Sibirde açyljakdygyny, siz zerarly dogan-garyndaşlaryňyzyňam türmä düşjekdigini öňünden biliň. Şonuň üçinem siziň iliňize dolanmagyňyzy öz garyndaşlaryňyzam isläp duranok. Indi sizde Watanam ýok, hossaram…” diýýän wagyz-nesihatçyny hem göz öňüne getirip görüň. Geçen ýyl Türkiýede bolanymda, Adana şäherinde ýaşaýan bir türkmeniň bardygyny eşidip, tanyşlarymyň kömegi bilen onuň öý telefonyny ele saldym. Salam- helik alyşdyk. Çaky, kän ýyllar bäri arassa türkmençe gepleýäne-de sataşmadyk, dili çalgyrt bolup giden ýaşulynyň tolgunýandygy bildirdi. Ol özüniň aslynyň Gyzylarbatdandygyny, adynyň Myrat Hazarydygyny aýtdy. Myrat aga ertir sagat 17-ä meni öýüne myhmançylyga çagyrdy, belleşilen wagtda meniň yzymdan geljekdigini aýtdy. Ol telefonda hoşlaşanda: “1946-njy ýyldan bäri türkmene-de sataşamok” diýdi. Menem ýat ýerde, şeýle ykbally ildeşime sataşjakdygyma az begenmedim. Emma meniň oňa garaşyp, “Sürmeli” myhmanhanasynyň gapysynda geçiren iki sagat wagtym puç boldy. Ildeşim gelmedi, ýaşaýan otagymyň telefonyny ozal ýazyp alanam bolsa, jaň hem etmedi. Emma duşuşygyň başa barmanyna örän gynansam-da, gelmäni ýa-da jaň etmäni üçin Myrat agadan gaty görmedim. Sebäbi agzyndan süýt ysy gitmänkä urşa girip, ýesir düşüp, dogduk mekana-da gelip bilmän, 1948-nji ýylda haýsydyr bir ýol bilen Türkiýä aralaşan Myrat Hazarynyň Sowet Soýuzyndan gelen ýazyjy bilen duşuşandan soň, biziň gazýetlerimizde çap boljak “Watan dönügi bilen duşuşyk” diýen makalanyň gözüniň öňüne gelendigi bellidi. Ýok, Myrat aga! Duşuşaýanam bolsak, men siz hakda ol tetelli makala ýazmazdym. Sebäbi Ene Mekandan aýrylyp, otdan-ýalyndan geçip, “dönük” lakamyny almak üçin Odere ýetilmänine men gaty ynanýaryn. Watana gelip bilmän, dogan-garyndaşlaryň ýüzüni görmäge zar bolup, ýat illerde mysapyrçylyk çekip ýörmek… Indi köpi geçip, azy galan, iň bolmanda, jesediniň Ene topraga düşmeginiň inçe tamasyny edip ýören ildeşlerimize ýardam edilse, gan-hun geçmekde-de giňgursaklyk ede-ede gelen halkymyzyň milli buýsanjyna zeper ýetmejegi hak zat… Men bu makalamda kän gepiň başyny agyrtdym. Milli busanç bilen baglanyşykly başy agyrdylmaly mesele entegem köp. Şonuň üçinem halkymyzyň agysyny aglamaly ýolbaşçylarymyzyň milli buýsanjynyň mundan by ýana-da ösjekdigine umyt baglap, okyjy bilen hoşlaşýaryn. Dek. 1990. “Edebiýat we sungat” EDEBI ÝAŇSYLAMALAR. Goşjan diýdi: “Tagta bizi Garşy aldy batga bilen. Menem diýdim: “Zeleli ýok, Aýrarsyň-da çotga bilen”. Ýöne Tagtaň batgasyna Ýigrenç bilen garamaň siz. Ondan gaçyp ýöremäň siz”. S.Öräýew. Heý-de ýigrenç bilen garap bolarmy? Tagtaň batgasyny ýürekden söýýäs! Ýüzümize, gözümize sürtýäris, Dulumyzda ony haltalap goýýas. Tagtaň batgasyndan gaçyp “ýörýänler”, Adam däldir, haýwandyr ýa akmakdyr. Tagtaň batgasyndan gaçyp ýöremek, Sapar Öräň mertebesin ýykmakdyr. Şoň üçin batgadan sowlup geçene: “Akmak bolma, adam bolawer!”-diýýäs. Aýagyndan tutup, zyňýas palçyga, Penjeläp, agzyna şor palçyk guýýas. Şabadyň suwundan müň paý gowy diýp, Günde iki gezek batga bulanýas. Arman, tomus batgasy ýok Tagtanyň, Tomus düşse, günümiz kyn, elenýäs. “Çotgalasaň bizi kemsitmek bor” diýp, Eli çotgalynyň alýas çotgasyn. Goşjanyňam asla görmers ýüzüni, Eger çotgalaýsa Tagtaň batgasyn. Tagtaň batgasyna erbet garýanlar, Ozal-ahyr hökman gözünden tapar. Goşjana-da ýaryn berersiň diýip, Ýollan batgamyzy kabul et, Sapar! (Tagtalylaryň Sapar Öräýewe ýazan hatyndan). * * * “Mert bol!” diýip, Merdan dakdym adyňa. H.Nurmyradow, “Ogluma”. Merdanlaram gerek, mertlerem gerek, Dogry edipsiň Merdan dakyp adyna. Ondanam haýbatly atlar bar welin, Belki, olar düşen däldir ýadyňa. Batyr dakan bolsaň, gahryman bordy, Ady näme bolsa, şo bormuş çaga. “Bagşy” dakan bolsaň, aýdym diňlärdik, “Kosmos” dakan bolsaň, uçardy göge. Döwlet bilen uzak ýaşasyn ogluň, Adynyň kemi ýok, bolamok küpür. Ikimiz dek goşgujyk-ha ýazmaz-da, “Şahyr” at dakmansyň, şoňa müň şükür! * * * Bir mahalky saçlak gyzyň aýdymy. “Men çözläýin, sen ör saçyň, Örüp-çözüp irmez eller” Gowşut Şamyýew. Ýigrimi ýyl mundan ozal sataşyp, Başdan aýlap urduk işi-pişäni. Ol örüp ýetişse, men saç çözledim, Şeýdip geçirdik biz gündiz-gijäni. Bagtly bir pursata ýetendirs öýtdük, Gara saçy örsek ýa-da çözlesek. Deň-duşlar sorasa kärimiz hakda, Ol diýdi: “Saç örmek”. Menem: “Çözlemek”. Işlemedik, aýlyk-günlük almadyk, Saç örmek, çözlemek çörek, çaýymyz. Gije-de oýansak, saça ýapyşdyk, Şeýdip geçdi ýyllarymyz, aýymyz. Kynçylygam hiç-de, açlygam hiç-de, Çözlänimem hiç-de, örenem hiç-de. Arman, tokmak ýaly saçdan aýrylyp, “Kel aýal” adyny aldym kyrk ýaşda. * * * “Gyýylmaly günler gelse gyýylyň!” B.Jütdiýew. Şahyr pendi asyl bolmaz biderek, Ajygan mahalyň iýmeli çörek. Toýda aglamasyz, ýasda gülmesiz, Gaty suwsan bolsaň, suw içmek gerek. Aýdylmadyk bolsa şeýle pähimler, Walla, ähli zady bulaşdyrardyk. Köwüş diýp aýaga telpek geýerdik, Şeýdip, şahyrlaram gülüşdirerdik. Ýogsam, bizde akyl barmy, aň barmy! Pişik bize görünerdi şir bolup. Gyýylmaly günler gelse gyýylman, “Selbinýaza” gygyrardyk hor bolup. * * * “Daragtyň ýagşysyn miweden soraň, Her ýeten agaja nar diýip ýörmäň” G.Hojanýazow. Sutkada ýigrimi bäş sagatlap ýatmaň, Tapawudyn biliň köşk bilen çatmaň. Gazanyna ýeke çümmük duz atman, Bişirlen nahara şor diýip ýörmäň. Saýgaryň aýagy, agyzy, eli, Saýgaryň tokaýdan bir çöpsüz çöli. Asmandan däl, ýerden ýagaýsa doly, Ýagan zady bilmän, gar diýip ýörmäň. Açaýmasa yssy-sowguň arasyn, Görmek gerek ol nadanyň çäresin. Aňlamazlar şahyrlardan sorasyn, Ýöne garpyz görüp, nar diýip ýörmäň. REPLIKA Döwlet Annamyradowyň ýygyndysyndaky “Söýgi sallançagy” goşgular toplumyny okap, şu replikany ýazmaga mejbur boldum. Gep kitabyň umumy durky hakynda däl-de, awtoryň “Baýyr bilen ýöräp barýan çalaja” diýip başlanýan eserine “nusga” edip alan: “Daglaryň üstünden daglar görünýär. H. Kulyýew” diýen sözleri hakda. “Daglaryň üstünden daglar görünýär” diýen setire ýüzlenmek soňky mahallarda türkmen poeziýasynda däbe öwrüldi. Dogrudanam, ol örän gowy setir. Ony başga şahyrlaryň nusga hökmünde almagy-da gowy zat. Emma biziň adynyň gapdalyndan “professor” diýip ýazmagy halaýan alymlarymyz, edebi tankytçylarymyz agzalan setiriň aslynyň sehinli şahyrymyz Halyl Kulyýewiňki däl-de, Puşkiniňem halypasy, rus klassygy Žukowskiniňkidigini ýeke gezegem okyja ýatlatmadylar. Ýene bir mysal: garagalpak şahyry Ybraýym Ýusubyň altmyşynjy ýyllardan bäri poeziýa antologiýalaryna girip gelýän, kän-kän dillere terjime edilen “Meniň ýigit çagym, seniň gyz çagyň” diýen goşgusynyň edil şol setirini Gowşut Şamyýew öz goşgusyna nusga edip alanda, ony türkmen şahyry Kerim Gurbannepesowyňky diýip görkezýär. Türkmen awtorlarynyň käte-käte rus awtorlaryna “ýüzlenäýýändikleri” iki dilde okaýan okyja gabat gelýär. Mysal üçin: “On woşýol w swoýu kaýutu, tam stoýal swežiý, nežniý zapah duhow, poduşka na koýke byla slegka primýata. Na stole byla zapiska: “Spasibo, kapitan!”. K.Paustowskiý, Cobr. soç, 1957, tom 1. str. 109. “Ýa uşýol i dnýom wernulsýa, komnata pahlo duhami, poduşka byla slegka primýata, na stole ležala sapiska: “Spasibo, doktor!”. R.Esenow, “Hozýain zemli”, 1962, str. 131. Şu iki abzasa üns berseňiz, türkmen ýazyjysy rus prozaçysynyň çekýän suratynyň esasy özenini bolşy ýaly göçüräýipdir. Bu ýagdaýa R.Esenowyň nähili jogap tapjakdygyny bilemok, ýöne edebiýatyň hem arassaçylygy halaýandyny oňa ýatladasym gelýär. Dogry, tötänligem bolýar. Bolsa-da… “Edebiýat we sungat”, 1991 ý. Waleriýa Porohowanyň arapçadan rusça diňe manysyna görä terjime etmeginde çap bolan Gurhany okadym. Elbetde, Gurhan adamzat medeniýetiniň çür depesinde durýan kitap. Emma onuň başga dillere, şol sanda türkmen diline-de terjime edilmegi hökman däl ýaly bolup duýulýar. * * * Sergeý Wladimirowiç Mihalkowa Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen at dakylan güni, gijesi bilen gutlap jaň edýän adamlar onuň ýüregine düşüpdirler. Ertesi daň bilenem haýsydyr bir tanşy bimahal jaň edip, gojany ukudan oýarypdyr. Şondan soň ol gahardan ýaňa gaýdyp uklabam bilmändir-de, sakgalyny syrmaga durupdyr. Ýazyjy ýaňy eňegini sabynlan mahaly ýene telefon jyrlapdyr. Ol trubkany gahar bilen göteripdir-de, jaň edýäni ýazyjy dostlarynyň biridir öýdüp: —Siz, şeýtanllar, meni ýatmaga goýjakmysyňyz? Beýdip ýürege düşmäň ahyryn!—diýip jabjynypdyr. Ýazyjynyň gazabyny eşiden adam aňyrdan: —Näme how, Serýoža, daň bilen garry köpek ýaly häýbat atmaň näme?—diýip gülüpdir.. Bimahal jaň edeni sesinden tanan Sergeý Mihalkow: —Haýbat atsamam, men size gödek ses bilen däl-de, Krylowyň basnýasyndaky pile üýrýän kiçijik Moskajygyň ýakymlyja sesi bilen haýbatjyk atandyryn. Ertiriňiz haýyrly bolsun, gadyrdanym! —diýip, mylaýym gepläpdir. Daň bilen jaň eden adam SSKP MK-nyň baş sekretary L.I.Brežnew eken. (1989-nly ýylda S.W.Mihalkowyň özi gürrüň berdi.) Mihail Şolohowa Nobel baýragynyň berlendiginiň ilkinji habary Kremle gelýär. SSKP MK-nyň Birinji sekretary N. S. Hruşýow Rostow oblastynyň Wýoşenskaýa stanisasyna jaň edip, ýazyjyny hut özi gutlamakçy bolýar. Emma şol pursat Şolohow öýünde ýok eken. Soňra Nikita Hruşýow Rostowa jaň edýär-de, obkomyň birinji sekrtetary Bondarenkony tapyp, tabşyryk berýär: “Men Şolohowy öýünden tapyp bilmedim. Sen ony nirede bolsa-da tap-da, meniň adymdan beýik baýrak bilen gutla!” Şolohowyň öýüne til eden sekretar “Onuň pylan ada öňňunky balyk tutmaga gidişi” diýen jogap alýar. Hem-ä SSSR-iň ýolbaşçysynyň buýrugyny berjaý etmek üçin hemem hemme kişiden öňürti gutlap, beýik ýazyjynyň minnetdarlygyna mynasyp bolmak islän şol döwürler hökmürowan Bondarenko, desbi-dähil wertolýot çagyrýar-da, salgy berlen ada tarap uçýar. Ol entek al-asmandaka, derýa çeňňek taşlap oturan Şolohowy görüp, wertolýotça balykça mümkingadar golaý gonmagy buýruk berýär. Obkomyň birinjisi wertolýotdan düşen badyna: —Mihail Aleksandrowiç, gözüňiz aýdyň! Size Hobel baýragy berildi!—diýip, ellerini kelemenledip gygyrýar. —Kremlden Nikita Sergeewiçiň hut özi maňa jaň etdi. Öz adymdanam, onuň adyndanam sizi çyn ýürekden gutlaýan! Bondarenko otuz-kyrk adimlikden, çöp-çalamyň içi bilen Şolohowa tarap ylgaýar. Elindäki çeňňegini taşlap, obkomyň birinjisine gazap bilen ýumrugyny çenän ýazyjy: —Baýrak başyňy iýsin! Sen öz pohly wertolýotyň tarryldysy bulen ýaňy çekip başlan balyklarymy ürküzdiň. Balygyň bir gezekki çekmesi maňa seň on sany Hobel baýragyňdan keýpli ahyryn!—diýýär. Yzyndanam ol orslaryň ýörgünli hapa sögünjinden birki sanysyny suňşurýar. Obkomyň birinjisi ýüzüne urlan ýaly bolup yzyna gaýdýar. Aýtmaklaryna görä, soňra Bondarenko “Maňa paýyş sögdi” diýp, Hruşýowa Şolohowyň üstünden şikaýat edipdir welin, Hruşýow hem: “Aý, maňa-da sögmedik bolsa bolýa-la!” diýip ýylgyraýypdyr. Şolohow bilen baglanyşykly hut öz şaýat bolan wakamy hem ýatlaýyn. Biz Edebiýat institutynyň üçünji kursunda okaýarkak, 24 studentden ybarat tutuş kursumyzy ýazyjylaryň plenumynamy ýa-da gurultaýyna gelýän Şolohowy garşylamak üçin wokzala iberdiler. Institutyň prorektory hem wokzala gidýänlere ýolbaşçylyk edýärdi. Biziň her haýsymyzyň elimize-de bir desse gül alyp berdiler. Wokzalda ýazyjynyň wagonynyň gelip durmaly ýerinde ony garşylamaga çykan (SSSR Ýazyjylar soýuzynyň jogapkär işgärleri bolsa gerek.) bizden başga-da adam kän ekeni. Garşylaýanlaryň biriniň elinde-hä Şolohowyň portreti hem bardy. Otly gelip durdy. Ähli ýolagçylar wagondan düşüp gitdi. Emma Şolohow welin ýokdy. Şeýlelikde, biz ýazyjyny garşylap bilmän, instituta dolandyk. Soň bilip otursak, wagondan düşüp gelýän Şolohow aýnadan daşaryk seredende, tanyşlaryny görensoň, özüniň garşylanmaga çykylandygyny bilip, wagonyň ters tarapyndaky gapysyny açmaklaryny haýyş edipdir. Şeýdibem, ol garşylaýanlara görünmämn, şähere çykyp gidipdir. 1992. * * * Beýik binalar içinde, Kyrk ýyl şäherde ornadym. Beýik binalar içinde, Günüň doganny görmedim, Günüň ýaşanny görmedim. Saba ýeli, säher çygy Çykyp gidipdir ýadymdan. Şemal ýüzün sypamasa, Adam bolarmy adamdan! Tas kyrk ýyllap görmedim men Günüň ýaşanny, doganny. Tas kyrk ýyllap görmedim men Gapymda gardaş—doganmy. 1993. Moskwa. Şu gün “Türkmenistan” gazýetiniň redaktory meniň bilen açyk gürrüň etdi. Ol “Ýazyjy Atajan Taganyň eserlerini gazet sahypasynda çap etmegiň gadagandygy” hakynda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň (Prezidentiň diýip kabul etmeli) orunbasary O.Aýdogdyýewden gizlin görkezme alandygyny aýtdy. 3.06.94. Ähli ýazan zadyňy “gorkman” çapa bermek üçin Sapar Öräýew ýaly “batyr” bolmaly. * * * Derläp ýatan al ýaňakdan Sorsam, oýanmaz, oýanmaz. Birinjiden-ä, derläp ýatan ýaňakdan sormak… Ikinjidenem, ýaňagyndan sorulýarka-da oýanmaýan perizadyň duýgusy-ha ýokdur welin, jany beri barmyka? * * * Uly şahslar patyşanyň öňünde-de ýaýaplamandyrlar. Mysal üçin: Lew Tolstoý, Aleksandr Twardowskiý, Resul Gamzatow, Gylyç Kulyýew… * * * Resul Gamzatow Mahaçgalada ýaşasa-da, SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň sekretary hem SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygynyň orunbasary bolany üçin her hepdede diýen ýaly Moskwa komandirowka gelýärdi. Ol mydama “Moskwa” myhmanhanasynda şol bir gatda, şol bir otagda düşleýärdi. Bir gezek (megerem, Gamzatowyň özi sebäp bolup) onuň ýaşaýan otagy ot aldy. Şondan soň ol Ýokary Sowetiň başlygy N.W.Podgornynyň ýanyna baryp, özüne Moskwa şäherinden jaý berilmegini haýyş edýär. N.W.Podgornyý oňa: —Resul, seni bütin dünýä tanaýar. Seniň üçin hemme myhmanhanalaryň gapysy açyk ahyryn!—diýende. Gamzatow: —Wah, Nikolaý Wiktorowiç, baran ýeriňde ýaşaýan otagyňy otlap ýörseň, myhmanhana saňa näçe gün ýüz bererkä!—diýýär. —Otlasamam, öz öýümi otlaýyn-da. Resula Moskwanyň merkezinden, Gorkiý köçesinden gowy jaý berildi. . * * * Bir gezek Resul Gamzatow uludan dem aldy-da: “Mahaçgalada Lenin köçesinde, Moskwada Gorkiý köçesinde ýaşaýaryn. Men ölemsoň, ýaşan köçäme adymyň dakyljak gümany ýok” diýip ýylgyrdy. * * * Ýurdunyň kemçiligini görmän, diňe ustünligini görýän, ýurdunyň çökder kemçiligine gynanman, diňe maýdaja üstünligine guwanýan ýolbaşçy Watanyny söýmän, diňe özüni söýýändir. * * * Ertir irden Prezidentiň “orunbasary” meni öz huzuryna çagyrýar welin, ýene näme gep-gürrüň barka? Olar adamlary il-ýurt üçin bähbitli işi maslahatlaşmak üçin çagyrman, gep-gybat, myş-myş yzarlamak üçin çagyrýarlar. 3.07.94. Şu gün ir sagat dokuzda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary O.Aýdogdyýew meni huzuryna çagyryp, telewideniýäniň iki programmasynda çykyş edip, oррozisioner Аbdy Кulyýewiň garşysyna “agras” gürrüň etmegimi sorady. Men oňa Аbdy Кulyýewi tanamaýandygymy, onuň syýasy programmasy bilen tanyş däldigimi, eliňde degerli delil ýok halatynda olar ýaly köpi gören syýasatçynyň garşysyna çykyş etmek iliň öňünde özüňi masgaralamak boljakdygyny düşündirdim. Emma ol: “Aý, sen faktsyzam gepläp bilersiň-le” (!?) diýdi. —Orazgeldi, men tas otuz ýyl başga ýerde ýaşap, öz respublikama hyzmat etdim. Indem Watanyma dolandym. Maňa iş hödürläňzok, ýaşamaga jaý bereňizok. Emma şular ýaly mesele ýüze çyksa welin, çagyrýarsyňyz. Bu nä boluş?—diýdim. Aýdogdyýew ýüzüme mekir ýylgyryş bilen seretdi-de, perdesiz gepledi. —Sen biziň haýyşymyzy goldap, telewideniýede on minut gowy çykyş edip ber. Soň seniň haýyşlaryň hemmesi biter. Men onuň aýdan hem aýtmadyk gepleriniň manysyna aňryýany bilen düşünsemem, Аbdy Кulyýewiň garşysyna çykyş etmegi boýun almadym (Eserlerimiň Türkmenistanda çap edilmeýäniniň telim sebäbiniň biri-de şol boldy). 4.07.94. Bisowat hem ýaranjaň şahyrsumaklaryň boş öwgüsini höwes bilen kabul edip bilýän adamynyň öz derejesi hem şolaryňkydan belent däldir. * * * Döredijilik işi diýilýän zadyň täsindigini! Ilki-hä, tapan temaňdan lezzet alýarsyň, soňra ak kagyzy garalamakdan ýaýdanýarsyň. Ondan soň kagyza geçen gowrak epizodyňa guwanýarsyň. Gutardym eden eseriňi gaýtadan işläniňde, ýene lezzet bar. Iş tamam bolan badyna üýtgeşik bir eser ýazandygyňdan hoşal bolýarsyň. Iň soňunda-da, ýazanyňy ýigrenmekden, onuň dereksizdigine düşüneniň üçin özüňden hoşal bolýarsyň. * * * Mert bolsaň, ölmek aňsat, ýaşamak kyn. Namart bolsaň, ýaşamak aňsat, ölmek kyn. * * * Watan, söýýändigiňi galmagal bilen ynandyrar ýaly, wagşy däl. Ol “Söýýän!” diýip ýalan sözläniňde ynanaýýan kem akyl zenanam däl. Watan sessiz-üýnsiz, diňe ýürek duýgusy minnetsiz, tölegsiz bagyş edilmeli inçe hem näzik gözellikdir. Şol gözelligi, şol näzikligi duýýan adam dilinde Watanyny öwübem bilmez, Watanyny ýürekden ýigrenibem, ondan öýkeläbem bilmez. * * * Iliňe peýdasyzdygyňa düşünmegem iliňe peýda getirmekdir. * * * Beýik peselende, gynanmak, pes beýgelende, begenmek adamçylykdan nyşan. * * * Hormat goýmaga mynasyp adama hormat goýmaga özünde güýç tapmaýan ejizdir. * * * Öwgä mynasyp adam öwgini halamaýar. * * * Sözüň güýji bilen çözüp bolýan düwüni eliň güýji bilen çözýän adam güýçsüzdir. * * * Döwlet ylmy ýok edip bilmez, ýöne ylym welin döwleti ýykyp biler. * * * Kanun işlemeýän ýerde gabahat güýç işleýär. * * * Medeniýetli halk ajy hakykata ynanýar, emma süýli ýalana özüni aldatmaýar. * * * Iliň ykbaly ynanylan, belent derejede oturan ýolbaşçynyň gowy taraplaryny şu gün görüp, kemçiligini ol ölenden soň taryhdan öwrenmegi halkyň iň aýylganç tragediýasydyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |