18:17 Kyrk ýylda ýazylan kitap -4: dowamy | |
• “SÖZ OWADANLAMAK” (“Sowetskaýa kultura” gazetinde çap bolan makalamdan bölekler) Deňlik, adalat, ynsap, sadalyk hakda soňky mahallarda kän gürrüň edýäris. Ýöne ýaşaýşyň şol düzgünleriniň bozulmagyna garşy göreşmeli, ile nusga bolmaly adamlaryň özleri-de ol kadalary bozýarlar. Aňzakly gyşyň örküjinde Moskwanyň “Domodedowo” aeroportundan Aşgabada uçmalydyk. Ara uzak bolmany sebäpli, ýolagçylary samolýota çenli pyýada ugratdylar. Emma ors aýazy gündogarlylara gudratyny görkezip başlady, çagalaryň ýaňaklary dagy derrew gyp-gyzyl boldy. Üstesine, bir sebäp bilen, samolýota-da bada-bat goýbermediler. Towsaklaşýan ýolagçylaryň edil gapdalynda duran “RAF” maşynyna men ýene bir gezek nazar aýladym. Awtobusyň içi gaty ýyly bolsa gerek, on-on lki adamlyk maşynda täk özi oturan aýalyň agyr paltosynyň ýakasy açykdy. Ol aýal üşäp towsaklaýan çagajyklaryň boluşlaryna tomaşa edýän ýalydy, çalarak ýylgyrýardy. Şol mahal onuň näme barada pikir edýändigini bilmesemem, düýn-öňňuna çenli TKP MK-nyň ýolbaçylarynyň biri bolup işländigini, häzirem pesräk işe geçirlendigini, entek Ýokary Sowetiň deputatynyň nyşanyny dakynýandygyny bilýärdim. Ol hut deputat bolany üçinem halkdan üzňe, aýratynja ulag bilen ugradylýardy. Üşäp duran ýolagçylaryňam köpüsi ol aýalyň kimdigini, elbetde, tanamalydy. Emma käbir ýoldaşlara bitiren işi, abraýyna görä däl, eýeleýän orny, döşündäki nyşana görä “hormat” goýulýandygyna öwrenişen ýolagçylar üýtgeşik bir waka bolýandyram öýtmeýärdiler. Biziň adamlarymyz şeýleräk-dä. Ýogsam, çagasyny üşetmejek bolup, alada baryny edýän aýallaryň biri awtobusjygyň gapysyny açaga-da: “Dogan, maşynyň içi boşlag ekeni. Meň çagam halys doňdy. Uçara münýänçäk ýanyňa göýbersene!” diýäýmeli ýaly welin. Beýle sözler diýilmedi, diýilmezem. Ýüregimizde bar hem bolsa, dil ýarmarys. Biz şeýleräk adamlar-da!. . . Aşgabada ýetilensoňam, taýaga söýenip duran gojany (belkem, ol uruş weteranydyr), eli çagaly aýaly ýoldan sowup, ýaňky deputaty ilden öňürti uçardan düşürdiler. Nomenklatura girýän adamlar özlerini halkdan üzňe alyp barmaga ýörite ýykgyn edýärler. Şoňa guwanýarlar, gabarylýarlar. Iň aýylganjy hem şol adamlaryň edýän ýasama, gelşiksiz hereketleriniň döwlet tarapyndan resmi halda goldanýanlygydyr. Emma adaty ýolagçylaryň oturmaga ýer tapmaýan wokzalyna barsaňam, deputatlar üçin ýörite saklanýan içi halyly, ýumşak kürsüli otag taýýar durandyr… …Biz şeýlebir öwünjeň bolupdyrys welin, ýerliksiz öwünmek käte gülkünç ýagdaýa-da baryp ýetýär. ”Ilatynyň her 10000 adamyna Eýranda-1, Türkiýede-3, Angliýa bilen Fransiýada-10, ABŞ-da-10 wraç düşýär. Biziň güneşli Türkmenistanymyzda bolsa 10000 adama 21 wraç düşýär”. Gör nähili bagtlylyk! Şu maglumaty respublikamyzyň döwlet ýolbaşçysyndan başlap, MK-nyň lektoryna çenli gaýtalamaýany ýok. Men ABŞ-nyň ýa-da Fransiýanyň san taýdan az doktorlaryny türkmen doktorlary bilen deňeşdirip görmek meýlinden daşda-da däl. Ýöne ony maňa derek başga bir fakt hasam gowy deňeşdirýär. Ýokarky maglumaty hälimi-şindi gaýtalamagy endik edinen ýolbaşçylarymyzyň özleri ýa-da dogan-garyndaşlary näsaglasa, “güneşli respublikamyzyň” kän sanly doktorlaryna janlaryny ynanman, derrew Moskwa ýa-da Berline uçmak bilen bolýarlar. Hawa, biz kagyz ýüzünde ABŞ bilenem, Fransiýa bilenem ýaryşmaga gaty ökde. Emma çaga ölümi boýunça Türkmenistanyň dünýäde öňden dördünji orunda durýandygyny akademik Çazow ile ýaýýança respublikada gizläp sakladyk. Öwünmäge zat tapmasak, “Türkmenistanyň territoriýasy Angliýa bilen Fransiýanyň territoriýasyny bilelikde alnandakysyndanam uly” diýip öwünýäris. Ýöne kapitalistler mekir bolansoňlar, käte bize ýazylyp-ýaýnap öwünmäge ýol bermejek bolýarlar. ABŞ-da “Halk ýazyjysy”, Germaniýada “Halk artisti” diýen nyşanyň ýokdugy bizi köseýär. Ýogsam biz: “Güneşli Türkmenistanymyzda 28 “Halk ýazyjysy”, 12 sany hem “SSSR-iň halk artisti” bar” diýip, artykmaçlygymyzy deňeşdirip öwnerdik welin. Ýogsam ol ýurtlarda şeýle atlaryň ýoklugy olaryň edebiýatynyň hem sungatynyň biziňkiden “juda yzdadygyna” şaýatlyk etmeýärmi näme! Ili aldajak bolup, öňi bilen özümiz aldanýarys. Üstesine-de, daşary ýurtly myhmanlara üstümizden güldürýäris. Aşgabadyň eteginde “Sowet Türkmenistany” diýen kolhoz bar. Ol kolhozy görmäge göz gerek, taryplamaga söz. Sosialistik Zähmetiň Gahrymany başlygyndan başlap, sada daýhanyna çenli ol hojalyk başga hojalyklardan tapawutlanýar. Tapawutlanmalam. Tot-tozansyz köçeler onda bar, şäheriňki ýaly suw turbalary onda bar, hammam, kaşaň klub-köşk, arassa eşikli çagalary gujagynda saklaýan üýtgeşik bakja, sport meýdançasy… garaz, “pagtabent” atmaga ökde žurnalistlerem ony öwmäge mynasyp söz tapmaýar. Ol kolhozyň surat galareýasam bar, alýan girdejisem iliňkiden üýtgeşik. Hemmesi-de ýasama. Ol görelde kolhozy keseden gelenlere göz etmek üçin ýörite saklaýarlar. Hormatly daşary ýurtlylar, onçakly hormatly däl kapitalistler! Biziň obalarymyzyň ykdysady hem medeni derejesiniň nähili ösendigini öz gözüňiz bilen görüň! Soň ynanmazçylyk etmäň!. . Daşary ýurtlular-a hiç welin, SSKP MK-nyň sekretary Türkmenistana gelse-de, şol kolhoza eltýärler… …Türkmenistanda “Kolhoz başlygynyň medeniýet boýunça orynbasary” diýen geň post döredildi. Başky maksadyň gowudygy bize düşnükli—obada medeniýeti ösdürmeli. Emma aşpeze, hyzmatça öwrülen ol orunbasarlar şu mahala çenli-hä ýokardan gelýän myhmanlary garşylap-ugradýançylar boldular, kolhoz myhmanhanasynda banket guradylar, mynmanlar bilen çaý içdiler, nahar iýdiler, başga iş etmediler. Obada “ýeňil ýöreýän” gelinleriň peýda bolup başlamagyny-da hut şol orunbasarçylygyň döredilmegi bilen baglanyşdyrjak bolýarlar. Şol orunbasarlaryň döremegi bilen obada medeniýetiň derejesi ösendir öýdýärsiňizmi? Tersine. Gaýtam, olar işlemän, gowy ýaşamagyň nusgasyny görkezýän şahsyýetlere öwrüldiler. …Mary şäherinde musulman metjidiniň ýekejesi-de ýok, hristian serkwi işleýär. Bu nämäniň alamaty? Metjit medeniýetiň, terbiýäniň ojagy dälmi? Metjit taryhy ýadygärlik dälmi? Türkmenistanda musulman dinine uýýanlar yzarlanýar, hristian dinine uýýanlar bolsa yzarlanmaýar. Eýsem, bu ýagdaý syýasy körlük dälmi? Türkmen gazýetlerinde “Taňry ýalkasyn!”, “Hudaýa şükür!” diýen sözlere-de hiç mahal gabat gelmersiň. Gülkünç syýasatyň çür depesine çykanlaryň çäklije düşünjesine görä, ol sozler sahypasyna düşse, gazýet musulman dini gazýetine öwrülýärmişin…” Gaty gysgaldyp käbir parçalaryny mysal getiren ýokarky makalam 1989-njy ýylyň başynda “Sowetskaýa kultura” gazýetinde çap edilen badyna onuň “dabarasy dag aşdy”. Kemçiligi görkezilmän, diňe tarypy edilmeli respublikamyzyň ýolbaşçylary “peşeden pil ýasadylar”. Ilki “Azatlyk” radiostansiýasynda çykyş edip, Türkmenistanyň üstünden gum sowran, soňam bärik gelip, “Azatlygy” tankyt eden (oňa şeýtmäge ýol berilmegi-de gaty düşnüksiz hadysa) žurnalist Durdumuhammet Gurbanow “Sowet Türkmenistany” gazýetinde (rus dilli gazýetde-de) “Degenegözüm menden däl” diýen makalasynda agzyndan ak köpük saçdy. Ol öz wyždanynyň (“Wyždan” diýlen zat onda bar bolsa, “Azatlyga” baryp bizi, bize gelip, “Azatlygy” satyp gazanç edermidi!) öňünde ikilik edip, meniň öz makalamda aýtmadyk pikirlerimem “ýüze” çykardy. Baýrak berilmedik eserime baýrak berildi diýip töhmet atdy. Garaz, ol ýokardan berlen tabşyrygy berjaý etmek üçin hiç zatdan gaýtmady, ozal gazýetlerde çykyş edip, özüniň “gara” diýeninem “ak” diýip düzetdi. Geň zat: 1995-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabadyň Mir köçesinden pyýadalap barýarkam, bir ýeňil maşyn deňime ýetdi-de, jygyldap saklandy. Maşyndan çykan D.Gurbanow ylgap ýanyma geldi-de, edil atasyna sataşan ýaly bolup, gara-gadyr salamlaşdy. Ol men entek agzymy hem açmaga ýetişmänkäm: “Agam, şol makalam üçin günämi öteweri!—diýdi. —Men bir ýumuş oglany. Meni merkeze çagyryp, goluňy çek diýdiler. Ozal taýýar makala gol çekmäge mejbur boldum. Ýogsam, seň pikirleriňi özümem goldaýardym ahyryn. . ” diýdi. Men oňa sözsüz, diňe ýaňsyly ýylgyryş bilen jogap gaýtardym. 1989-njy ýylyň 22-nji fewralynda meniň işleýän edarama şeýle mazmunly telegramma geldi: “Moskwa, SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň sekretary ýoldaş Werçenkä. Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň ideologiýa bölümi ýazyjy Atajan Tagany TKP MK-nyň 28-nji fewralda onuň “Sowetskaýa kultura” gazýetinde çap bolan makalasyny ara alyp maslahatlaşyljak býurosyna çagyrýar. TKP MK-nyň ideologiýa bölüminiň müdiri Baýramnur Söýünow”. Telegrammany maňa gowşurdylar. MK-nyň meniň makalama bagyşlanan mejlisinde nähili “tozan” turjakdygyny men çaklaýardym. Şonuň üçinem SSKP MK-nyň medeniýet bölüminiň işgäri A.S.Filine jaň edip, ýagdaýy aýtdym. Çünki A.S.Filin meniň makalam çap bolan güni ir bilen öýe jaň edip, ony okandygyny, örän halandygyny aýdypdy. —MK-nyň býurosynyň mejlisine meniň gitmegim hökmanmy? —diýen sowalyma ol agraslyk bilen şeýle jogap gaýtardy. —Çagyrylan bolsaň, gitmäge-de höwesiň bar bolsa, gidip bilersiň. Ol öz işiň. Ýöne olar seniň partiýanyň agzasy däldigiňi bilmeýärlermikä? Şonlukda, men TKP MK-nyň býurosynyň “hormatly myhmany” bolmakdan boýun gaçyrdym, käbir ýolbaşçy adamlaryň özleri üçin zerur mahallary edişleri ýaly “nasagladym”. “Gynansamam, saglyk ýagdaýymyň ýaramazlaşmagy sebäpli siziň çakylygyňyza baryp bilmeýärin” diýip, B.Söýünowyň adyna telegramma iberdim. Makalama edilen çozuşlar mynasybetli men hem özümiň mamladygymy okyja ýetirmelidim. Ýetirmek bolsa kyndy. Öňümden çykan tanşym: “Gowy makala ýazypsyň. Gaýtalap-gaýtalap okadym”diýse-de, meni açyk goldap bimeýärdiler. Dogry, şahyr Nury Baýramow bilen sungatçy Sähet Öwezberdiýew diňe bir dilde däl, meniň makalamdaky pozisiýamyň dogrudygyny tassyklap “Sowetskaýa kultura” gazýetinde-de çykyş etdiler. Emma türkmen gazetleriniň okyjylaryny welin D.Gurbanow ýalylar zäherlemesini dowam etdi. Ahyry men käbir bulaşyklara düşündiriş bermek üçin gazýete hat ýazdym. Hatyň nusgasyny şu ýazgylaryma goşýaryn: “Sowet Türkmenistany” gazýetiniň redaktoryna. Siziň gazýetiňiziň şu ýylyň 26-njy awgustynda çykan sanynda D.Gurbanowyň “Degene gözüm menden däl” diýen makalasy çap boldy. Makalada meniň “Sowetskaýa kultura” gazýetinde eden çykyşyma baha berilýär. Elbetde, meniň pikirim bilen ylalaşmak ýa-da ylalaşmazlyk onuň öz işi. Meniň “Saragt galasy” eserimiň 1967-nji ýylda çap bolan žurnal wariantyndan soň çapa rugsat berilmedik hem 1986-njy ýylda doly çap bolan wariantyna parh göýmadyksyran bolmagy-da, meniň makalamyň kontekstinden öz bähbidi üçin “söz çekip almagy-da”, žurnalistiň ahlagyna bap gelmeýän gödek sözleri ulanmagy-da D.Gurbanowyň öz ynsabynyň, öz medeniýetiniň derejesi. Ýöne onuň: “A.Tagan ozalky kolhoz başlygy G.Annamuhammedowa barada ýörite kitap ýazdy. Şol kitaby üçinem kolhozyň ýörite baýragyny aldy” diýmegi welin, D.Gurbanowyň öz şahsy ynsabynyň işi bolup bilmez. Sebäbi meniň kolhoz başlygy barada ýazan oçerkim hiç mahal, hiç ýerde baýrak alanok. Men size “Edebiýat we sungat” gazýetinde 1981-nji ýylyň 28-nji martynda çap bolan redaksion habaryň nusgasyny ýollaýaryn. Ine ol: “Türkmengala raýonynyň “Kommunizm” kolhozynyň prawleniýesi oba durmuşyndan ýazylan iň gowy çeper eser üçin baýrak döredipdi. Arada kolhozyň umumy ýygnagy ilkinji gezek 1981-nji ýylyň baýragyny “Uruşdan soňky söweş” powesti üçin Atajan Tagana bermegi karar etdi”. Şeýlelikde, D.Gurbanowyň şyltagyny çap eden gazet goýberen ýalňyşy üçin okyjylardan ötünç sorar diýen umyt edýärin. Atajan Tagan, sent. 1989”. Ozal belleýşim ýaly, gazetem öz awtory D.Gurbanow ýaly namartlygyny görkezdi, meniň hatymy çap etmedi. Ahyr, 1990-njy ýylyň 17-nji fewralynda “Turkmenskaýa iskra” gazýeti Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň şeýle mazmunly hatyny çap etmeli boldy: “Hormatly ýoldaş redaktor! Soňky wagtlarda respublukan metbugatlarynda, şol sanda Siziň gazetiňizde-de iki gezek, Moskwa neşirýatlarynyň biriniň haýyşy bilen ýazylan hem şol neşirýatyň “Biziň zamanymyzyň gahrymanlary” dewizi bilen çap edilen Atajan Taganyň “Gaflat ýapynjasyny syran zenan” kitabynyň Türkmengala raýonynyň “Kommunizm” kolhozynyň baýragyny alandygy baradaky habarlar peýda boldy. Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesi A.Tagana edebi baýragyň prawleniýeniň göçme plenumynda, özi-de ýokarda ady agzalan kitap üçin däl-de, “Uruşdan soňky söweş “ kitaby üçin berlendigini size mälim etmäge özüni borçly hasaplaýar. Mundan bu ýana metbugatlarda şol baýrak barada nätakyklyk gitmezi ýaly, “Turkmenskaýa iskra” gazetiniň biziň şu informasiýamyzy çap etmegini isleýäris”. • GOWŞUT HANYŇ hem “GOWŞUT HANYŇ" TÖWEREGINDE Meniň türkmen taryhynda öçmejek yz galdyran Gowşut han ibn Öwezdurdy serdar barada eser ýazmaga synanyşyk etmegimiň ilkunji sebäbi iki adamyň jedeli boldy. 1960-njy ýylyň tomsunda şahyr Durdy Haldurdynyň howlusyndaky münjäniň üstünde Hydyr Derýaýew bilen öý eýesi çaý içip otyrdy. Menem olaryň gapdalynda gojalaryň gürrüňine gulak asýardym. Hydyr aganyň sebäp bolmagy bilen aw hakdaky (D.Haldurdy ölemen awçydy) gürrüňiň ugry taryha ýazdy. Hydyr aga Gökdepe jeňi mahalynda Gowşut hanyň üç-dört ýüz atlysy bilen Marydan Ahala kömege gelip, ors goşunynyň güýjüne göz ýetirensoň: “Ahally garyndaşlar, ýagyňyz özüňize nesip etsin!” diýip, yzyna gidendigini aýtdy. Durdy Haldurdy oňa garşy çykdy, beýle gürrüňleriň Gowşut hanyň abraýyny kemsitmek, Mary bilen Ahalyň arasynda dartgynlyk döretetmek isleýän nejis adamlaryň çişirýän gepi bolmaly. Gökdepe söweşinden, ýaz ekişini bahanalap,lki Aşgabat obasynyň adamlarynyň, onuň yzy bilenem Marydan gelenleriň gidendigini nygtady. (Onuň edil şeýle bolandygyna soňra men taryhy dokumentlerde gabat geldim). Emma Hydyr aga ýan bermedi. Ol hut Gowşut hanyň öz ýolbaşçylygyndaky nökerleriň söweşmekden ýüz dönderendiklerini ynandyrjak boldy. —Aýatda ýok adam nädip söweşe gatnaşsyn, Hydyr molla? Gowşut han Gökdepe gyrgynçylygy başlanmazyndan iki ýa-da üç ýyl ozal dünýäden ötdi. Özünem poruçik Muhammet Alyhanow öldüren bolaýmasa. Nurtberdi hany öldüreniňem şol bolmagy gaty ahmaldyr —Men ony gowy bilýän—diýip, Hydyr aga dyzady. —Gowşut hanyň köwşüne iýji sepene Aly iflis diýýär ekenler. Şonuň Alyhanow bolmagam ahmaldyr… (Il arasynda, dogrudanam, şeýle gürrüň bar. Gowşut hany öldüren rus goşunynyň ofiseri, “Merw oazisi hem oňa eltýän ýollar”, “Patyşanyňkyda myhmançylykda” diýen kitabyň awtory, milleti awar Muhammet Alyhanow—Awarskidir öýdýärler. Ýöne ol çaklama entek ylmy esasda tassyklananok.) D.Haldurdy Gowşut hanyň Gökdepe söweşinden has öň ölendigini, Hydyr Derýaýew onuň şol jeňden soň ölendigini tekrarlap, esli jedelleşdiler. Men gürrüňi edilýän wakalardan bihabar bolsamam, öz ýanymdan Haldurdynyň aýdýanlaryny dogrudyr öýdýädim. Sebäbi Haldurdynyň tirkeşýänleriniň, öýüne gelýänleriň köpüsi taryhçyd-u—alymlardy. Özi-de köp okaýan hem ýatkeş adamdy. Mende Gowşut hanyň haçan dünýäden ötendigini anyklamak, iki sany uly ýazyjynyň haýsysynyň mamladygyny bilmek höwesi döredi. Moskwa baranymdan soň institutymyzyň rektoratyndan Harby-taryhy arhiwe goýberilmegime rugsat bererleri ýaly haýyşnama alyp, arhiw materiallaryny dörmäge başladym. Öňümden iki sany türkmen ýazyjysynyň jedelindenem has gyzykly wakalar çykyp başlady. (Harby-taryhy arhiwde ilki elime düşen “Türkmen alamany” diýen täsin kitap boldy), 18-19- njy asyrlaryň gyzykly wakalaryna sataşmagym mende Gowşut hana hem onuň döwrüne degişli bir zat ýazmak höwesini oýardy. Gowşut hanyň bolsa 1877-de, iň bolmanda 1878-iň ortalarynda, ýagny türkmenleriň “gözi ganly ýanaral” at goýan rus generaly Skobelýewiň (Onuň hakyky familiýasy erbet manyly Kobel bolmaly) 1881-nji ýylda Gökdepede eden wagşyçylygyndan has ozal düňýäden ötendigi belli boldy. Şeýle hem men Marydan Gökdepä kömege gelenleriň dört ýüze golaýynyň söweşde wepat bolandygyny, Skobelýewiň galanyň içinde 6500, daşynda hem 8000 türkmeni gyrandygyny tassyklaýan maglumatlara gabat geldim. Belli türk alymy Mehmet Saraý “Türkmenler imperializm zamanynda” diýen ylmy işinde öz garşydaşy bolan rus generaly Komarowdan “Beýik Gowşut han” diýen belent baha alan Gowşut han ibn Öwezdurdy serdaryň Gökdepe söweşinden üç ýyl töweregi ozal, ýagny “1877-nji ýylyň baharynyň soňky günleri” dünýäden ötendigini tassyklaýar. Şeýlelikde, men “Gowşut han” ady bilen eser ýazdym. Romanyň käbir bölekleri ýazyjy Naryman Jumaýewiň sözbaşysy bilen “Edebiýat we sungat” gazetinde, “Sowet edebiýaty” žurnalynda çap edildi. Ony 22-23 ýaşly, heniz edebiýat mekdebini geçmedik awtoryň ýazandygyny nazara alyp, eseriň derejesiniň nähili boljakdygyny özüňiz göz öňüne getiriberiň. Meniň awtor hökmünde ol kitaba hakyky garaýşymy bolsa şu gündelik -ýazgynyň ahyrlarynda okarsyňyz. Ýöne şol eseri ýazmagyň hyýalynyňam iki adamynyň jedelinden döreýşi ýaly, onuň soňky ykbaly-da uly dawa sapdy. Onda-da nä derejedäki dawa! Ýaş awtoryň Gowşut han hakynda (nähili-de bolsa) eser ýazmagy Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň dawa-jenjel, gep-gybat tapylsa, keýpleri göterilýän ideologiýa işgärlerine uzak wagtlap güýmenje boldy. Gowşut hanyň hem “Gowşut hanyň” töwereginde bolmaly däl ýerinden döredilen galmagal zerarly olaryň özleriniň garalan, taryhçylara, alymlara garaladan kagyzlary, özleriniň ýitiren hem başgalara ýitirden wagtlary meniň roman ýazmak üçin garalan kagyzlarymdan, ýitiren wagtymdan az bolan däldir. Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň Taryh institutunyň alymlarynyň romana öňki beren položitel resenziýasyny, ”Türkmenistan” neşirýatynyň synçylarynyň golýazma beren ozalky gowy bahasyny tersine öwürtmek, täzeden ýazdyrmak, dürli edaralara hat ýollamak, Gowşut hanyň rus basybalyjylarynyň hyýalyna başdan garşy bolandygyny tassyklaýan taryhy çeşmeleri toplatmak, Gowşut hanyň rusparaz bolan däldigini, şol meselede onuň Ahala-da uly täsir ýetirendiginiň ýatlamalaryny bilýän “rusparazlardan” maglumatlar ýygnamak… Dogry, Gowşut han rusparaz bolmandyr. Onuň hut ruslaryň mümkin bolan çozuşyna garşy durmak üçin Merwde (Hangeçende) “Gowşut han galanyň” gurluşygyna başlandygy hem taryhy hakykat. Ol ruslara topragy bermezlik meselesinde Ahal ýaşulylary bilen pikirdeş bolupdyr, olara uly täsir hem ýetiripdir. Gowşut hanyň beýle syýasaty barada Türkmenistan Kompartiýasynyň ýolbaşçylary hatda eşitmek-de islemeýärdiler.Romanyň awtorunyň pikirine görä bolsa, hanyň eden herekedi watanperwerlikdi, öz topragyňy keseki basybalyjylardan goramaklyga taýýarlykdy. Awtoryň çaklamasyna görä, Gökdepe tragediýasyndan (şol çaknyşykda galanyň içinde 6500, daşynda 8000 türkmeniň gyrylandygy barada maglumat bar) 20 ýyl ozal bolan Merw jeňinde-de gajarlar üstün çykan bolsalar, Ahal hem ýeňillik bilen olaryň eline geçip, tutuş Ttürkmenistan häzirki Türkmensähra ýaly bir welaýat bolup galmalydy. Netijede biz häzir özbaşfak döwlet hem bolmazdyk. Mehmet Saraýyň: “Gowşut han türkmen özbaşdaklygynyň binýadyny tutan arhitektor” diýýp, ynam bilen bellemegi hem şonuň üçin bolsa gerek. Şeýle hem Merw jeňinde türkmenleriň öz taryhynda ilkinji gezek uly ýeňiş gazanmagynda diňe bir Gowşut hanyň däl, eýsem tutuş ilat bilen birlikde türkem baýlarynyň, işan-mollalarynyň hem eden tagallasy örän uludy.Merkezi Komitetiň işgqrleri bolsa hanyň, baýyň, işan-mollanyň položitel edilip görkezilmegine düýpden garşydylar. “Gowşut hanly” mesele bilen meniň özümi hem jemi bäş gezek Merkezi Komitete çagyryp, dürli derejede, ilki Ibragimowa familiýaly instruktor, soňra bölüm müdiriniň orunbasary Sähragül Annanurowa, bölüm müdiri Kerimi, MK-nyň sekretary Maýa Mollaýewa hem başgalar “terbiýeleýji” gürrüň geçirdiler. Olaryň hemmesiniňem bir maksady —eserde položitel edilip görkezilýän hany, baýy, işany ötrisatellige öwürtmekdi. Romanyň ýazylyşy, çeperçiligi hakynda gürrüňem edilmeýärdi. Men bolsam olaryň islegini kanagatlandyrmak islemeýärdim. Ýaş awtoryň “hötjetligi” MK-nyň jogapkär işgärleri üçin hem düşnüksizdi hemem geňdi. Çünki gaty ýalňyşmaýan bolsam, türkmen sowet edebiýatynyň tutuş taryhynda “Gowşut hana” çenli hanyň, baýyň, işan-mollanyň položitel keşpde görkezilen ýeri bolmandy. Edebiýatdan edilýän talaba görä: han—galtaman, halkyň duşmany, baý—iliň ganyny sorýan ogry, işan-molla—ahlak taýdan bozuk adamlar bolmalydy. Men awtor hökmünde ýolbaşçylaryň aýdýanyny ret edýärdim. Dogrusyny dogry aýtmaly, hökmürowan edaranyň işgärleri bolsalaram, talaplary kanagatlandyrylmazlyk olar üçin ýat hem bolsa, meniň bilen sypaýyçylykly gürrüň edýärdiler, haýbat atmaýardylar. Oňa garamazdan, Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komiteti “boýny ýogyn” awtoryň garşysyna syýasy kanallary ulanmaga başlady. Oňi bilen-ä Türkmenistanyň ähli gazet-žurnallarynda Atajan Taganyň adynyň hem zadynyň çap bolmaly däldigi barada “ýapyk” görkezme berildi. Türkmeniň Oktýabr rewolýusiýasyndan öňki taryhyny položitel äheňde görkezmekligi, “ýokary”, umuman, halamaýardy. Şonuň üçinem meni şu günüň syýasatyna garşy gidýän awtor hökmünde görkezmäge synanyşdylar. MK-nyň obalara, şäherlere aýlanýan lektorlarynyň leksiýalarynda meniň entek çap bolup çykmadyk romanym syýasy körlügiň nusgasy hökmünde bellenmäge başlandy. Merkezi Komitetiň plenumynda ilki MK-nyň ideologiýa boýunça sekretary Çary Ataýewiň, soňra hem MK-nyň Birinji sekretary Muhammetnazar Gapurowyň eden çykyşynda “alan obýektini düýpli öwrenmäge güýji çatmansoň, bilibu-bilmän, çokder syýasy ýalňyşlyklar goýberen ýaş ýazyjy Atajan Tagan” berk tankyt edildi. Şonuň bilen birlikde-de aýdylana “hä” diýmeýän awtory işinden boşatmagyň küýüne düşdüler. Ol meselede Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň “suw meýilli gurbaga” öwrülen ýolbaşçylarynyň güýjünden peýdalanmaly etdiler. Olar hem meniň bilen ilki ýüzbe-ýüz gürrüň geçirdiler, işimi taşlap gaýtmagy “maslahat” berdiler. Hatda öz arzam bilen keýpihon gaýdybermesem, meseläniň oňly gutartmajakdygyny hem duýdurdylar, Merkezi Komitet diýilýän edaranyň garşysyna gidilýän edara däldigini “düşündirdiler”. Şonda-da men romany prinsipial üýtgetmejekdigimi aýtdym. Şondan soň Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy Rahym Esenow özüni-de, edarasyny-da gülkünç ýagdaýa salýan tutaryksyz hat bilen SSSR Ýazyjylar soýuzyna ýüz tutdy. Hatda meniň işleýän edaramyň başlyklaryna olaryň öz işgäriniň, ýagny meniň nähili işlemelidigim, nämäni etmelidigim, nämäni etmesizdigim barada sapak öwredilýärdi. Elbetde, Rahym Esenowyň edarasynyň ýokarsynda duran edara öz aýlyk töleýän işgäriniň näme iş etmelididigini, näme edýändigini, işini başarýandygyny, başarmaýandygyny R.Esenowdan gowy bilýärdi. Şonuň üçinem R.Esenow özüni gelşiksiz ýagdaýa salýardy. Rahym Esenowyň azap çekip ýazan haty üçin meniň bilen “terbiýeçilik” gürrüňini geçirenem bolmady. Gaýtam, taryhy hakykaty “batyrlarça açyp görkezeni sebäpli, ýokary ýolbaşçylar tarapyndan ýanalýan awtory” goldaýan adamlaryň sany köpelip başlady. Edilen haýyşa hiç hili jogap alman, haýsydyr bir başlangyç awtory işinden boşadyp bilmeýändiklerine kemsinen R.Esenow hem oňa hat ýazmagy tabşyran ýoldaşlar täzeden, indi has ýokary derejede hüjüme geçdiler. TKP MK-nyň sekretary Ç.Ataýewiň SSSP Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň Birinji sekretary SSKP MK-nyň agzasy G.M.Markow bilen men barada ýüzbe-ýüz gürleşendigi aýan boldy. Şondan soň hem meni işimden boşatmansoňlar, Ç.Ataýew G.M.Markowa hat bilen ýüz tutmagy makul bilýär. Ol hatyň nusgasy bolsa ýazylandan tutuş bir ýyl geçensoň, haýsydyr bir ýol bilen meniň elime düşdi. Ç.Ataýewiň Türkmenistan Kompartiýasynyň haýbatly blankasyna ýazylan resmi hatynyň türkmençä terjimesi şeýle: “Sowet Soýuzynyň Kommunistik Partiýasy. Türkmenistan KP. Merkezi Komiteti. Aşgabat ş. Karl Marks köç. 14. Nomer: 10-2. 6 ýanw. 1975. SSSR Ýazyjylar soýuzynyň başlygy ýol. G.M.Markowa. (Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň Birinji sekretary bolmaly. —A.T.). Çuň hormatly Georgiý Mokeýewiç! SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň türkmen edebiýaty boýunça geňeşçisi Atajan Taganyň işjeňlik hem ahlak babatda bizi kanagatlandyrmaýandygy ny biz size mälim etmäge borçludyrys. Bizde jinnek ýaly-da orun berilmeýän we berilmejek tarapgöýlük etmek tendensiýasyndan ýol. A.Tagan halas däl. Ol häsiýet türkmen ýazyjylaryny partiýamyzyň işine goltgy bermage gönükdirmäge-de uly zeper ýetirýär. A.Tagan türkmen ýazyjylarynyň käbir eserleriniň ideýa-çeperçiligi barada hem SSSR Ýa. S-nyň ýolbazçylaryna obýektiw baha bermeýär. Ýol. A.Taganda syýasy taýdan hem çäklilik bar. Şeýle ýagdaý onuň “Gowşut han” romanynda has-da ýüze çykýar. Şonuň üçinem ol romanyň biziň respublikamyzda çap edilmegine ýol berilmedi. A.Taganyň Türkmenistan Ýazyjylar soýuzy bilen-de aragatnaşygy juda ýüzleý. Kähalatlarda ol biziň Ýazyjylar soýuzymyzyň pikirini hasaba-da almaýar. Ol hem SSSR Ý.S. bilen TSSR Ý.S. -nyň özara gatnaşygynyň gowşamagyna getirýär. A.Tagan mundan bu ýana Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň Moskwadaky wekili bolmaly däl hem türkmen edebiýatynyň Soýuz möçberinde ýaýradylmagyna onuň täsiri ýetmeli däl hasap edýäris. Atajan Tagan moral taýdanam nusga alarlyk ýoldaş däl. Biziň jemgyýetimizde aýal-gyzlara baý-feodal göz bilen garamaklyk köki-damary bilen ýok edilenem bolsa, biz ýaňy-ýakynda onuň aýalyndan aýrylyşmak barada ýiti konfliktli meselesine Merkezi Komitet derejesinde seretmeli bolduk. Biz öz wagtynda Türkmenistan Ý.S. -na Moskwadaky wekilçiligini berkitmegi maslahat berdik. Ol barada hut Siziň özüňiz bilenem ýüzbe-ýüz gürrüň geçiripdik. Emma şu mahala çenli hem biziň haýyşymyz kanagatlandyrylman gelinýär. Hormatly Georgiý Mokeýewiç! Siz biziň A. Tagan baradaky islegimiziň äheňlerine dogry düşünersiňiz hem-de ony eýeleýän wezipesinden boşadyp, Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň garamagyna iberersiňiz diýen umyt edýäris. Hormat bilen: Ç.ATAÝEW, TKP MK-nyň sekretary. ” Ýokarky hatyň ýany bilen TKP MK-nyň bölüm müdiri Begenç Keriminiň goly bilen meniň romanymy kül-peýekun ediji 12 sahypalyk resenziýanyňam iberilendigini bellemek gerek. (Soňra gulagyma ýetmegine görä, ol aýylganç resenziäni Merkezi Komitetiň tabşyrygy bilen edebiýatçy alymlar üýşüp ýazypdyrlar). Ýokary derejedäki resminama hat ýazanlaryň isleýän netijesini beräýmelidi. Emma men ol hatlardanam, özüm barada beýle belentden “alada” edilýändigindenem bihabar bolamsoň, arkaýyn işläp ýördüm. SSSR Ýazyjylar soýuzynyň ýolbaşçylarynyň meni sessiz goldamagy, aýratynam, belent derejedäki hatlara, iň bolmanda, sypaýyçylyk üçinem jogap gaýtarylmazlygy (Şol wakadan dört ýyl geçenden soň, G.M.Markowyň ol haty okansoň, kömekçisi W.Ý.Şororyň “Muňa nähili jogap taýynlaýyn?” diýen sowalyna “Bu haty seýfiň düýbüräginde goýaý!” diýendigini eşidip galdym.) Ç.Ataýewiň gaharyny gaýnadýar. Şonlukda, sadaja bir romandan başlanan gürrüň indi syýasy äheňe geçip başlaýar. Meniň gelip çykyşym, tohum-tijimiň nahili adamlar bolandygy derňelýär. Türkmenistanyň uruş weteranlary komitetiniň başlygy, şol mahal, edilen gürrüňde “näbelli çeşme” bolup galmak islän ýazyjy Seýitnyýaz Ataýew Aşgabada komandirowka gelenimde, meni myhmanhanadan tapyp, öz ýanyna çagyrdy. Ol meniň kakamyň, dogrudanam, Watançylyk urşunda wepat bolanyny-bolmanyny sorady. Men oňa “Kakam wepat boldy hasaplanýan mahaly men iki ýaşymda ekenim. Enem ölmänkä, 1955-56-njy ýyllarda “Indi gelmez” diýlip, kakamyň patasynyň alnanyny bilýän. Başga zat bilemok, Haçan, nirede wepat bolany-da belli däl” diýdim. Ýazyjy maňa kakamyň ykbaly bilen gyzyklanmagymy maslahat berdi. Başga söz diýmedi. Ýöne Atajan Taganyň kakasynyň uruşda wepat bolman, dönük bolup, duşmana tarap geçendigi dogrusynda degişli edaralaryň birine maglumat düşendigi soňra belli boldy. Ondan habarly Seýitnyýaz Ataýew bolsa ol barada maňa açyk aýtmaga, elbetde çekinendir. SSSR Ýazyjylar soýuzynda harby edebiýat boýunça komissiýa bardy. Onuň başlygy polkownik Matweý Krýuçkindi. Men Matweý Abramowiçe ýagdýy bolşy ýaly edip aýtdym. Ol maňa Moskwanyň etegindäki Podolsk şäherinde hem Leningradyň Lazaretniý köçesinde ýerleşýän Harby arhiwleriň ikisine-de hat ýazmagy maslahat berdi. Polkownigiň beren adreslerine şol günüň özünde hat iberdim. Bir aý geçip geçmänkä, meni Moskwa şäheriniň Swerdlow raýonynyň Harby komissariatyna çagyryp, kakamyň ykbalyny beýan edýän resmi haty elime berdiler. Resminamada : “Türkmenistan SSR-niň Mary oblastynyň Stalin raýonynyň Gyzylmeýdan obasynda 1911-nji ýylda doglan Tagan Öwez 1943-nji ýylyň 21-nji iýulynda Orlow oblastynyň Zmeýewsk raýonynyň Stepanowka-2 obasynda geçen söweşde gahrymanlarça wepat boldy hem şol ýerdäki doganlyk mazarda jaýlandy” diýlip ýazylandy. Dogrudanam, Stepanowka-2 diýen rus obasynda wepat bolan esgerleriň atlary ýazylan ullakan ýadygärlikde “Tagan Owez, 1911-1943” diýen ýazgy bar eken. Indi “Gowşut han” romany ýatdan çykyp, onuň awtoryny işden boşatmagyň aladasy birinji derejeli meselä öwrülýär. Men ol barada bir gepiň bardygyny çalarak syzdym. Sebäbi edaramyzda “Birinji bölüm” (Döwlet howpsuzlyk komitetine degişli) diýlip atlandyrylýan, diňe ýeke adam işleýän bölüm bardy. Ol az gepleýän, ‘ýeke adam” A.I.Orýew diýilýän ýaşulydy. Aleksandr Iwanowiç, meni, näme üçindir, gowy görýärdi, gabatlaşanda: “Basmaç, salam!” diýip, ýylgyrýardy. Bir gezek ol, şäherde tötänden gabat gelende, salamlaşdy-da: “Basmaç, ýakyn wagtlarda seniň durmuşyňda gowy özgerme bolaýmagy-da ahmaldyr. Seniň bilen SSSR-iň ýokary ýolbaşçylary gyzyklanyp ugradylar” diýdi. Hawa, ýokary ýolbaşçylar gyzyklanypdyrlar, ýöne ol A.I.Orýewiň aýdyşy ýaly gowy manyda däl eken. Çary Ataýew “syýasy taýdan yrga” ýaş ýazyjyny goldaýandygy sebäpli, SSSR Ýazyjylar soýuzynyň ýolbaşçysynyň üstünden SSKP MK-nyň medeniýet bölüminiň müdiri Wasiliý Filimonowiç Şaura resmi ýagdaýda arz edipdir. W.F.Şauro ol şikaýaty derňemegi özüniň birinji orunbasary A.A.Belýaýewe tabşyrýar. Ol hem beýle ownuk arz bilen SSKP MK-nyň bölüm müdiriniň BIRINJI orunbasarynyň gönümel gyzyklanmagyny özüne kiçilik bilýärmi-nämemi (dogrudanam, şeýle ahyryn), ol aladany instruktorlaryň biriniň üstüne ýükleýär. Şeýlelikde, hiç mahal kommunist hem bolmadyk ýaş ýazyjy kommunistleriň esasy öýüne, Moskwada Köne meýdança diýilýän ýerde ýerleşýän SSKP MK-nyň haýbatly jaýyna çagyryldy. Meni kabul eden medeniýet bölüminiň instruktory G.M.Gusýewdi. Ol gaty gönümel, gödegräk hem gysga gepleýän adam eken. —Bagyşlaň welin, siz ady düňýä belli ýazyjy hem-ä däl. . —Hawa. Ýaňy iki sany ýukajyk kitabym çykdy. —Siz syýasatçy hem däl. -- Olam dogry. —Asyl, kommunist hem däl ekeniňiz-diýip, ol öňündäki kagyza garady-- Näme üçin partiýa girmeýärsiňiz? Men haňk-huňk etdim welin, ýagdaýyma düşünen instruktor: —Partiýa girmek, girmezlik öz işiňiz—diýdi. —Ýurduň ähli raýaty kommunist bolmaly diýen düzgünimizem ýok. Şolam gowy zat… Siz Çary Ataýewiň ozalky körekeni-hä dälsiňiz? —Ol meselede biziň galtaşýan ýerimiz ýok—diýdim. Şol bir mahalyň özünde-de, telim ýyl mundan ozal meniň birinji aýalymdan aýrylaşanymyň habarynyň ol ýerlere-de ýetip ýörşüne geň galdym. —Onuň bilen köneden galan hyrşyňyz barmy? —Ýok. Meniň Çary Ataýewe garyndaşlyk, dostluk-duşmançylyk dahylymam ýok. Biz ýönekeý tanşam däl. —Onda näme üçin ýoldaş Ataýew top bilen serçe atjak bolýarka? Sebäbi näme? —Onuň sebäbini serçeden däl-de, topçudan soramaly. —Umuman, dogry jogap berýäňiz—diýip, instruktor ýylgyrdy. —Topçularam hil-hil-dä. Onsoňam, Gündogar her hili ýagdaýda hem Gündogarlygyna galýar-da. Men indiki hepdede Aşgabada komandirowka gidýärin. ”Topçy” bilen hökman duşuşaryn. Ýörite siziň meseläňiz bilen däl, elbetde. Biziň Çary Ataýewiç bilen çözmeli meselämiz kän… Şol duşuşykdan on gün töweregi geçensoň, meni G.M.Markowyň kabinetine çagyrdylar. Kabinetde G.M.Markowyň ýanynda G.M.Gusýew oturan eken. Men olar bilen salamlaşdym. G.M.Markow biziň gürrüňimize päsgel bermejek bolýan ýaly, uzyn simli “Kremlýowka” diýilýän hökümet telefon apparatyny alyp, çetdäki stoluň başyna geçdi-de, kimdir biri bilen pessaý gepleşmäge başlady. Gennadiý Mihaýlowiç Gusýewiň maňa degişli gürrüňi gysga boldy. —Siz sebäpli Çary Ataýewiç bizdenem öýkelejek bolýar, gadyrdan. Men ondan meseläniň düýp manysyny soradym. Ol men barmazymdan ozal taýynlanan uly papkany maňa tarap süýşürdi-de: “Atajan Taganyň üstünden kän ýazýarlar. Ynha, özüňiz okap göräýiň!” diýdi. Menem öz gezegimde: “Çary Ataýewiç, siziň üstüňizdenem bize kän ýazýarlar ahyryn” diiýdim-de, papkany açman, yzyna süýşürdim. Şonuň bilenem siz hakdaky gürrüň gutardy hasap edildi. Şonluk bilenem ýokary derejedäki arz-şikaýat söweşi tamam boldy. Basym Çary Ataýew işden aýryldy. Ýöne onuň ornuna gelen Maýa Mollaýewa-da öz halypasynyň ýoluny dowam etdi, ”Gowşut hanly” meseläni ýadyndan çykarmady. Hatda ol iň soňky gezek meni huzuryna çagyranda: “Sen barypýatan hötjet ekeniň-aýt!—diýdi. —Beýdip ýörme-de, biziň diýenimizi edäý senem. Biziň aýdýan bellikderimizi kabul etseň, romanyňy iki aýda çykaraýyn. . . ” Men öz gepimden dönmedim. Maýa Mollaýewa-da öz diýenini tutdy. ”Gowşut han” “Saragt galasy” ady bilen “Sowetskiý pisatel” neşirýatynda 30000 tiraž bilen “Izwestiýa” neşirýatynda hem 265. 000 tiraž bilen rus dilinde neşir edildi, soň bolgar dilinde aýratyn kitap bolup çykdy. Emma türkmen dilinde welin okyja ýetirilmejekdigi aýdyňdy. Bir gezek Türkmenistanyň Ministrler Sowetiniň SSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky hemişelik wekili Gök Abaýew meni öz ýanyna çagyrdy. —Şu gün bir gelşiksiziräk ýagdaýa düşdüm—diýip, ol derrew söze başlady. —Sen asyl hemme ýerde okalýan uly roman ýazan ekeniň. Biz oň özüni görmän , diňe galmagalyny eşidip oňaýypdyrys. —Görmedik bolsaňyz, onuň uludygyny nädip bilýärsiňiz? —Ýaňy SSKP MK-nyň işgärleriniň biriniň ýanyna mesele bilen barmaly boldum. Meselämiz gutaransoň, ol maňa “Men siziň Atajan Tagan diýen ýazyjyňyzyň “Saragt galasy” atly romanyny okadym. Ol ýazyjy barada ýokary derejede gürrüň döränsoň, gyzyklanasym geldi. Taryhçy halamsoň, ol kitap mende gaty gowy täsir galdyrdy”-diýdi. Men okadym diýip ýalan sözledim. Ýalanam-a sözledim welin, birden: “Pylan epizod nähili?”- diýäýermikä öýdübem gorkdum. ”Awtor Mogkwada ýaşaýar” diýip, gürrüňi derrew kitapdan sowdum. Gyssanjyma: ”Awtograf bilen size bir kitap iberdäýerinem” diýäýipdirin. Sen oňa bir kitap eltip ber. Şu günüň özünde. Herhal, o jaýda kiçi-girim adam işlemeýär. Ynha, onuň telefony… Maňa-da birini berseň beräý… Men Morozow familiýaly adamyň telefonynyň nomerini alyp gaýtdym. Agşamlyk, gijara Gök Abaýew öýe jaň etdi. —Ýoldaş Morozowyň ýanyna bardyňmy? —Ýok. —O näme üçin? —Aý, ertir-birigün dagy bararyn-da. —Sen nähili adam-aýt, inim!? Akyl-huşuňam-a ýerbe-ýer ýaly—diýip, Gök Abaýewiç gaharlanjak boldy. —Ol adam bazarda çigit satyp oturan adam däl-ä. Ýoldaş Morozow MK-nyň jogapkär işgäri ahyryn. Biz onuň ýanyna üç gün garaşyp barýarys. Ýa sen meniň aýdanyma düşümediňmi? Men saňa ynanyp, oňa “Awtor kitap elter” diýip jaňam edäýipdim. Men ýaşuludan ötünç soradym, ertesi ir bilenem MK-a jaň etdim. Ýoldaş Morozow diýilýän adam meni haçan kabul etjekdigini aýtdy. Belleşilen mahaly men omuň kabinetine bardym. Ol diňe jogapkär işgärem däl-de, ylymlaryňam doktory eken. —Men çeper edebiýaty okamagy gowy görýärin. Edebiýaty durmuşdan, durmuşy hem edebiýatdan öwrenmeli. Siziň romanyňyz maňa türkmenleriň däp-dessury, hüý-häsýetlery barada kän zat öwretdi. . Awtoryň taryha, adamlara, döwrüň syýasy ýagdaýyna berýän obýektiw bahasy bar. Eser gyzykly okalýar… Morozow roman hakda kän-kän öwgüli sözler aýtdy. Ahyr men saklanyp bilmän: -- Ýoldaş Morozow, sizden beýle öwgüli sözleri eşitmek maňa ýakymly täsir edýär. Ýöne şeýle sözleriň, iň bolmanda, üçden biri biziň respublikamyzyň ýolbaşçylarynyň gulagyna ýetäýse, maňa has-da bähbitli bolardy—diýdim. —Roman entek türkmen dilinde çap bolanok. Morozow öňündäki kagyza seretdi. —Şu gün sagat 14-de Maýa Mollaýewa maňa bir mesele bilen jaň etmeli. Şonda men siziň romanyňyz hakda-da aýdaryn. Siz maňa sagat 15-lerde til edäýiň… Men belleşilen mahaly jaň etdim. Aleksandr Morozow şeýle diýdi: —Mollaýewa bilen gepleşdim. Ol maňa “Şol roman barada respublikanyň ýokary ýolbaşçylarynyň pikiri başgarak” diýdi. Pikirem her hiliräk bolmaly-da… Esli mahal geçensoň, men Maýa Mollaýawanyň özüne hat ýazdym: “Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary M.M.Mollaýewa. Hormatly Maýa Mollaýewna! Siz tarapdan adalata garaşmaly däldigine indi ymykly göz ýetirenimden soň, men şu haty ýazmaga mejbur bolýaryn. Ideologiýa ýolbaşçysy hökmünde Sizden razy adamlaram bardyr. Sebäbi, şeýdilmäge mynasyp bolsa-bolmasa, siz käbir adamlary arşa çykarmak üçin azara galýarsyňyz. Käbirlerine bolsa, diňe zelel edýärsiňiz. Siziň näme üçin beýle edýändigiňiziň sebäbi maňa düşnükli. Eger özüm barada aýtsam: 1. Hiç hili esas bolmasa-da, meniň “Saragt galasy” (“Gowşut han”) romanymyň kitap edilmek üçin ýygylan taýyn naboryny hut Siziň bölümiňiziň görkezmesi bilen dökdüler. (Dokument bar.) 2. Heniz dolulygyna çap bolmadyk romanym, şeýtmek bikanun bolsa-da, hut Siziň bölümiňiziň tagallasy bilen üç-dört ýyllap plenumlarda, uly ýygnaklarda, gazet sahypalarynda tankyt edildi. 3. R.Esenowyň, B. Keriminiň, S.Annanurowanyň gepi bilen Siziň bölümiňiz çar tarapa hat ýazyp, maňa şyltak atdy. 4. Meniň hekaýalar ýygyndym komsomol baýragyna hödürlenende, hut Siziň özüňiz “Awtor 36 ýaşdan geçen” bahanasy bilen meniň adymy spisokdan öçürdiňiz. Emma şol bir wagtyň özünde-de, 60 ýaşan Rahym Esenowa-da baýrak berdiňiz. 5. Meniň “Lal perişde” diýen kitabymyň ýygnan 20000 tiražynyň ýaryny kesenlerinde men hut Siziň özüňize haýyş bilen ýüz tutdum. Emma siz haýyşa gulak hem gabartmadyňyz. . 6. Heniz doly gutarylmadyk “Saragt galasynyň” 2-nji neşirine 25. 000 tiraž berlende (magazinlerde alynman ýatmagy üçin) men sizden kitabyň gaýtadan çap edilýänini nazara alyp, tiražynyň azaldylmagyny soradym. Emma, gaýtam, romany 30. 000 tiraž bilen çap etdiňiz. Hudaýa şükür, kitap magazinlerde ýatmady. Hormatly Maýa Mollaýewna! SSSR-iň hemme kanunlaryny bozup, şu mahala çenli maňa atylan resmi töhmetleriň sebäbini Sizden soramaga özümi hakly hasaplaýaryn. Size saglyk arzuw etmek bilen Atajan Tagan. Hoýabr. 1987. ” Maýa Mollaýewa meniň hatyma jogap gaýtarmady. Ýöne, ýazyjylaryň biri huzuryna baranda ol: “Atajan Tagan maňa bir hat ýazypdyr welin, her harpynyň sesi gulagymda ýaňlanyp duran ýaly” diýipdir. (2002-nji ýylda Aşgabatda bir pata ýerinden çykyp barýarkam, M. M. Mollaýewa gabat geldi. Biz gadyrly salamlaşdyk. Men ondan 1987-nji ýylda ýazan gödek hatym üçin çyn ýürekden ötünç soradym. Ol ýylgyrdy-da: “Men döredijilik adamlarynyň psihikasyna gowy düşünýärdim ahyryn—diýdi. —Onsoňam “Jany ýanan Taňrysyna gargar” diýen nakylam men unudamokdym. Seni kän heläk etdiler-dä”. Ýazyjy Berdi Soltannyýazowa. Hormatly Berdi Esenowiç! “Gowşut han” romany barada gymmatly wagtyňyzy sarp edip ýazan telim sahypalyk hatyňyzy aldym. Ýagşy arzuwlaryňyz üçin men size köp minnetdar. Siziň atlaryny agzan taryh materiallaryňyzyň köpüsi bilen men kem-käs tanyş.Siziň ýöredýän pikiriňiz hem meniňkä golaý.Gowşut hanyň ruslara garşy bolandygyny tassyklaýan (meniň elime düşen ) ýekeje ýazmaça dokument bar.Ol hem bolup biläýmegi ahmal rus basybalyjylygyna garşy Merwde (has takygy Hangeçende) “Gowşuthan galanyň” gurluşygyna başlanmagy. Ol hem rus halkynyň däl-de, rus kolonizatorlarynyň gegemonlyk meýlinin garşysyna durmak üçin başlanan iş. Gowşut hanyň öz döwürdeş syýasatçylary-da,şu günüň taryhçylary-da oňa nädogry tutum diýmeýärler Näme üçin öz topragyňy çozup gelýän basybalyjylardan goramagyň aladasyny etmeli dälmişin? Rus aýdymçysy Fýodor Şalýapin hakyndaky pikiriňize-de men goşulýaryn. Ol oktýabr rewolýusiýasyny kabul etmändigine garamazdan, rus halkynyň guwanjy bolupdyr, şu günki ruslaryňam guwanjy bolmagyna galýar. Çeçenleriň henizem sarpa goýýany Şamil barada hem şeýle pikir ýöretmek bolar. Lew Tolstoý hem onuň prinsipine sarpa goýupdyr. Ýogsam, ymam Şamil Tolstoýyň duşmany ahyryn. Siziň agzaýan “Prisoýedineniýe turkmen k Rossii” diýen kitabyňyzy ozal okapdym. Ol kitapda taryhdan göçürmelerden başga ( ýöredilýän nädogry hem gapma-garşy pikirleri hasap etmeseň) hiç hili täzelik ýok. Berdi Esenowiç! Men tapylgysyz roman ýazandyryn öýtmeýärin.Onuň kemçiliginiň bardygyna-da ynanýaryn.Ýöne ýaňy haýsydyr bir parçalary çap bolan esere beýdip “köpçülikleýin çozuş etmek” adamçylyga sygmaýar ahyryn. Men MK-nyň ýolbaşçylaryndanam onçakly närazy däl.Sebäbi birki sany Kerimi ýaly ýasama “rusofil” resenziýaçylar özleriniň taryha bap gelmeýän pikirlerini MK-nyň işgärleriniň boýnuna dakmagy başardylar. Beýle wakalar edebiýatyň taryhynda bola-bola gelýär.Ýöne meni başga bir zat geň galdyrýar. Ol hem “Gowşut hanly” meselede ýazyjylaryň dymmagy. B.Kerbabaýew, A.Kekilow, B.Seýtäkow, G.Gurbansähedow, B.Soltannyýazow ýaly agramly adamlaryň biri hem hiç ýerde öz kalbyndaky pikiri daş çykaryp bilmedi. MK-dan çekindiler. Näme üçin sözi geçäýjek şol adamlar: “Şeýle ýagdaý ýüze çykdy welin, geliň, romany ara alyp maslahatlaşalyň, kemçiliklerini düzetmegiň ýollaryny salgy bereliň,megerem, tankyt gaty ýowuz bolandyr, ony barlalyň” diýip bilmeýärler? Oňa garamazdan, men Gowşut hanly meselede çökder ýalňyş goýberendirinem öýtmeýärin. Siziň diýýän taryhy materiallaryňyz bilen tanyşdym. Muhy bagşy, Güljemal hanyň söwdagäri bolup işlän Muhat tarazçy bilenem duşuşdym. Olar maňa taryhda ýok wakalary-da gürrüň berdiler. Gowşut hanyň hut özi bilen iş salşan adamlaryň dilinden ýazylyp alnan materiallar hem elime düşdi. Siz romany Moskwada rus dilinde çykardyp “ýeňiş gazanmagy” maňa maslahat berýärsiňiz. Juda kyn mesele. Meniň, has takygy Gowşut hanyň garşysyna çykýan, “rysofillikden” oňaýly peýdalanmagy başarýan adamlaryň arkasynda “gudraty güýçli, Onuň Alyhezreti” MK bar. Şony ýeňmek başartmaýar. “Gowşut han” dawa düşüp, Moskwada hem 6 gezek resenziýä berildi.Kitap önümçilik planyna goşulaýmaly pursaty hem ýene öz ildeşlerimiziň “tagallasy” bilen ýatyryldy. Indi hem Türkmenistan KP MK-nyň ýazmaça rugsady bolaýmasa,hiç bir neşirýat romany çap edip bilmeýär. Sizi gyzykdyrýan sowallaryň gysgaça jogaby şulardan ubarat. Jan saglyk,döredijilik rowaçlyklaryny arzyw etmek bilen Atajan Tagan. 30.11.1972. Moskwa ş. Gadyrly Atajan Tagan! Siziň “Saragt galasy” (“Gowşut han”) romanyňyz bilen tanyşdyk. Siziň “Uruş haçan gutarýar” diýen hekaýalar ýygyndyňyz ýap-ýaňy önümçilige iberilendigi sebäpli hem “Türkmenistan” neşirýatynyň ýakyn ýyllarda mümkinçiliginiň ýoklugyny nazarda tutup, golýazmaňyzy yzyna iberýäris. “Tükmenistan” neşirýatynyň direktory B.Halmyradow. “Türkmenistan” neşirýatynyň baş redaktory Ç.Matalow. 18. sent. 1974. Aşgabat. Hormatly ýoldaş Atajan Tagan! Siziň 1975-nji ýylyň 10-njy aprelinde ýazan hatyňyz “Türkmenistan” neşirýatyna gowuşdy. Siz öz hatyňyzda “Gowşut han” romanyňyzy täzeden işländigiňizi, ony önümçilik planyna goşmagymyzy sorapsyňyz. “Türkmenistan” neşirýatynyň Siziň romanyňyzy çap etmäge mümkinçiligi ýok. Sebäbi neşirýatyň redaksion portfelinde şu günüň wajyp meseleleri barada gürrüň berýän romanlar, poemalar, goşgular köp. “Gowşut han” romany barada siz bilen öňki baglaşylan şertnamany ýatyryldy hasap edýäris. “Türkmenistan” neşirýatynyň direktory B.Halmyradow. 4 iýun, 1985. Özbegitan, Termez şäheri, Mukymy köçesiniň 2-nji jaýy. Durdymuhammet Penaýewe. Gadyrly Durdymuhammet! Köp mahal geçse-de, senden jogap bolmany zerarly, öňki ýazan hatym hem iberen kitabym gowşan däldir öýdüpdim. Emma kitabyň gowşandygyny seniň hatyň gelmezinden bir hepde öň bildim. Özbek aksenti bilen türkmençe gepleýän Nazar atly bir ýigit öýe jaň etdi. Kimdigini sorasam, Durdy Penaýewiň ogly bolup çykdy. Ol hatyň hem kitabyň gowşandygyny, jogabyň basym geljekdigini aýtdy. Hatyň geldi. Gowşut hanyň gözleginde tüýs gerekli adama sataşandygymy hatyň ynandyrdy. Hat alyşmagyň ýa-da telefon arkaly gepleşigiň islendik netijäni bermejegini bilemsoň, men Termeze gitmekligi ýüregime düwdüm. Şu hatyň ýany bilen “Uruşdan soňky söweş” atly kitabymy hem iberýärin. Kitapda “Pereňli ýesiriň ýatlamasy” diýen powest bardyr. Ony hem romany okaýşyň ýaly tankydy nazar bilen okamagyňy haýyş edýärin. Sebäbi ol powest “Gowşut hanyň” ýazylyp ýören ikinji kitabynyň bir liniýasy bolmaly. Maňa gerek material kändir. Ýöne mende az. Meniň Termeze gidip, seniň bilen duşuşmakdan maksadym bilmeýänlerimi eşitmek hem öňki eden bellikeriňi bile seljermekden ybarat. Ýaňy başlanan Täze ýylda özüňe, maşgalaňa saglyk, rowaçlyk arzyw edýärin. Atajan Tagan. 10.01.1982. Moskwa ş. Maňa Termeze gitmek miýesser etmedi. Gynansamam, şu hat ýazylanyndan soň, kän mahal geçmänkä, Gowşut hanyň diri gezip ýören iň ýakyn garyndaşy, Gowşut han barada gaty kän wakalary bilýän ýeke-täk adam hasaplanýan, tanymal hirurg, öz wagtynda Türkmenistanyň ýolbaşçylary tarapyndan ýanalyp, Watanyny terk etmäge mejbur edilen, Özbegistanyň Termez şäheriniň keselhanasynyň baş dokrory Durdy Penaýew dünýäden ötdi. Şonluk bilen Gowşut hany öwrenmekde esasy çeşme hasaplanýan adam ähli bilýänlerini öz ýany bilen alyp gitdi. TSSR Ylymlar akademiýasynyň habarçy çleni, taryh ylymlarynyň doktory M.Annanepesowa. Gadyrly Myrat halypa! Gowşut hanyň Hüjrep atly bigörküräk hem onçakly akylly däl ogluny Mary sebitiňiň iň görmegeý gyzyna öýerenlerinde il arasynda: Aýnabada göwher tumar dakarlar, Aýnabady bir Gowşut diýp ýakarlar—diýen setirler peýda bolupdyr. ”Gowşut hanyň” akyly onçakly goýy däl awtory üçinem seni hem az “ýakmadylar”. Seniň soňky ýazan resenziýaň bir nusgasyny neşirýat maňa iberdi. Dogrymy aýtsam, romanyň çap bolmagy indi meni onçakly höweslendiribem baranok. Şol roman üçin seniň çeken azabyňam meniňkiden az däl bolsa gerek. Bellikleriňi halys ýürekden kabul edýärin. Gowşut hanyň Amanýaz serdara ýazan haty, inçe syýasaty (men ony ozal bilmeýärdim) kitaba hökman goşulaýmaly. Konsolidasiýa turkmenskih plemýon! (Türkmen tireleriniň raýdaşlygy). Gepiň keltesi, men saňa çäksiz minnetdar. Atajan Tagan. 5.11.1985. Moskwa. Aşgabat. Änew stansiýasy. Baýram Çommadowa. Hormatly Baýram Çommadow! Maňa ýollan düýpli hatyňyzy üns bilen okadym. ”Saragt galasyny” çynyňyz bilen okanyňyza, kän wagt ýitirip ýazan hatyňyza hem eden degerli bellikleriňize minnetdar. Bellikleriňize giň jogap ýazmaýanym üçin gaty görmeli däl. ”Kim küýkini söýer, kim gaýkyny”. 1. Siz romanda “bary-ýogy 40-50 sany nakyl” ulanylanyny az görýärsiňiz. Eger men şonça kän nakyl ulanan bolsam, ol ýerliksiz. Kitaby atalar sözi bilen nakyldan dolduraýmaly däl ahyryn. Mollanepes şahyryň nakyllary “juda az ulanmagyndan” siz nägile bolýan bolsaňyz, onda biziň edebiýata çemeleşişimiz hil-hil. Atalar sözüni her ädiminde ulanýan gahrymanyň agramy artar diýseler, men-ä ynanjak däl. Agramly gahrymanyň öz agramly sözi bolmaly. Eger men 25 ýyl töweregi mundan ozal, student ýyllarym ýazan şol eserime gaýtadan dolansam, siziň 40-50 hasaplan nakylyňyzyň sanyny 20-25-e getirerdim. Onsoňam, Mollanepes şahyr bolany bilenem ýöne “nakyllap” ýörmez ahyryn. Hakyky şahyrlar, şu zamanyň telewizorda ýaňrap oturan şahyrlary ýaly bolman, edepli, agras, az sözli bolupdyr. Men Mollanepesi şeýleräk göz öňüne getirdim. Siz ony “tribun” edip, biziň edebiýatymyzda ştampa dönen obraz hökmünde görmek isleýärsiňizmi? Men şol “ştampdan” bilgeşleýin daşlaşdym. Siziň hut şondan nägile bolşuňyza gynandym. Men edil siz ýaly taýynlykly okyjyny göz öňüne tutup, şol “ştampdan” gaçypdym. Ýene Mollanepes size gödek bolup görnüpdir. Men ony gönümel, dogruçyl edip aldym. Ol toý-tomaşada “dahan içre asal ezse-de”, iliň başyndan tragediýa inende Höjam Şükür ýaly hanyň kemçiligini aýdany üçin gödek bolarmy? Siz romanyň her sahypasynda şahyra gazal aýtdyrmak isleýärsiňizmi? Ony edibem bolardy. Ýöne men: “Turuň, begler, ar almaga gideliň!” diýýän şowhun gahrymany däl-de, birneme agrasrak agrasrak gahryman döretmek isledim. 2. Amanýaz serdar bilen Bekmyrat teke taryhy şahslar. Men olaryň hakyky obrazyny “owadanlajak” bolmadym. 3. Ýaş ýigidiň işanyň sözüni bölmegi hakda. Gönümellik, ikiliksiz geplemeklik biedeplik bolmaýar. . Men-ä şeýle hasaplaýaryn. Ol türkmeniň milli hasýeti. Ozal türkmenleriň gönümel bolandyklaryny, içki demokratiýanyň saklanýandygyny keseki syýahatçylaram belläp gidipdirler. 4. Men öz eserimde obrazlaryň döredilişinden käbir okyjynyň närazy bolmagyna garaşypdym. Sebäbi men şu mahala çenli dowam edýän hakykatyň tersine:han, işan-molla, baý-begi diňe ötrisatel edip görkezmek “kanunyna” garşy hereket etdim. Başarsam-başarmasam, Gowşut hana, Pendi baýa, Seýitmuhammet işana öz döwrüniň taryhy bahasyny bermäge çalyşdym. Biziň edebiýatymyzdaky garaşylmadyk şol täzeligi diňe bir siz ýaly käbir okyjy däl, respublikamyzyň ýolbaşçylary-da kabul edip bilmediler. Netijede, “Saragt galasy” rus dilinde iki gezek, bolgar dilinde bir gezek çap bolanyndan soň türkmen okyjysyna ýetdi. Eger men hem käbir ýazyjylar ýaly taryhy hakykaty ýoýup, agy gara edip görkezen bolsam, “Saragt galasy” 22 ýyl papkada ýatman, ýazylan badyna-da çykardy. 5. Hawa, Gylyçdurdy Sähetmyradow bilen 20 ýyl töweregi “saçakly” gatnaşdym. Ol meniň golýazmalarymyň ilkinji okyjysydy, talapkär tankytçysydy. Onuň gitmegi bilen men iň ýakyn ýoldaşlarymyň birini ýitirdim. Gepiň gerdişine görä aýtsam, “Sowet edebiýaty” žurnalynyň şu ýyldaky 3-nji sanynda çap bolan “Ýalňyzlyk powestimiň ýokarsynda “Ýegre dostum G.Sähetmyradowa bagyşlaýaryn” diýlip ýazylandyr. Gylyçdurdy neresse agyr näsag halda ýatyrka, şol powestiň golýazmasyna degerli-degerli bellikler edipdi. 6. Baýram, men siziň özüňizi tanamasamam, gazetlerde çap bolýan göşgularyňyzy okaýaryn. Ýöne bir gezek meni siz bilen gaýybana tanyşdyran şahyr: “Ol poeziýanyň ters propagandistidir” diýipdi. Şonuň manysyna düşünmän galdym. Ýakyndan tanyşsak, ol barada hem pikir alşar ýöreris. Sebäbi men gowy goşgy ýazyp bilmesem-de, özümi poeziýa baha berip bilýän okyjy hasaplaýaryn. (“Özüni öwen ýigidiň tanapy çüýrük”. Ine size, nakyl!). Jan saglyk, döredijilik üstünliklerini arzuw etmek bilen, Atajan Tagan. 27 sent. 1987. Moskwa. Wagt diýilýän zat öz diýenini etdi. “Gowşut han” “Saragt galasy” ady bilen rus dilinde 3 gezek, türkmen dilinde 2 gezek, bolgar dilinde 1 gezek jemi 350.000 tiraž bilen okyja ýetdi, gow-u-erbet spektakly hem Kemine adyndaky teatrda goýuldy. Şol döwürler özümiň gaty erjellik edendigime häzir hem geň galýaryn hem begenýärin. Eger men şol mahallar birneme ejizläp ýa-da Türkmenistan KP MK-nyň ýolbaşçylarynyň göwnünden turjak bolup, ýa-da pul bähbidim üçin romandaky Gowşut hany, Pendi baýy, Seýitmuhammet işany, Taçgök serdary, Çebşek batyry, Atnaguly sarygy, Amansähet serdary, Artyk Ärsaryny, Kelhan Kepeläni otrisatel obraza öwren bolaýsam, bu gün okyjy üstümden gülerdi. Iň ýamany-da, taryh gahrymanlarynyň ruhy meni näletlärdi. Gowşut han hem “Gowşut han” maňa ýene bur zady –taryha, hakykata dönüklik etmeli däldigini, olara dönüklik eden hudožnigiň iline, özüne dönüklik edýändigini, hakykata daýansaň, onuň ozal-u —ahyr dürs netije berjekdigini düşündirdi. Mary, 1994. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |