09:22 Kyrk ýylda ýazylan kitap / ýatlama-esse | |
KYRK ÝYLDA ÝAZYLAN KITAP
Ýatlamalar
1943-nji ýylyň 21-nji iýulynda Orýolyň etegindäki Stepanowka obasynda geçen söweşde 31 ýaşyndaka wepat bolan kakam Tagan Öwez oglunyň, meni il sanyna goşan ejem Annagözel Tagan Pürli gyzynyň hem enem Gurbanjemal Öwez Sähetdurdy gyzynyň ruhlaryna bagyşlaýaryn. Awtor. • OKYJA BAŞKY ÝÜZLENME Men 1967-nji ýylyň güýzünden 1994-nji ýylyň güýzüne çenli Moskwada SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesinde türkmen edebiýaty boýunça geňeşçi bolup işledim. Dünýäniň hemme ýurtlary bilen diýen ýaly iş salyşýan, gelim-gidimi kän, abraýly medeniýet ojagynda gulluk etmegim Konstantin Fedin, Georgiý Markow, Ýewgeniý Ýewtuşenko, Sergeý Mihalkow, Konstantin Simonow, Resul Gamzatow, Çingiz Aýtmatow, Berdi Kerbabaýew, Mürze Dursunzada, Nikolaý Tihonow. Mürze Ibragimow, Mihail Dudin, Maksim Tank, Kaýsyn Kulyýew, Wasil Bykow, Mustaý Karim, Ý.Rytheu, A.Alymjanow, W.Sangi ýaly sowet edebiýatynyň wekilleri, daşary ýurt ýazyjylary, edebiýat alymlary bilen ýakyndan tanyşmagyma, olaryň käbirleri bilen dostluk gatnaşygyny etmegime getirdi. Men şol adamlaryň köpüsiini öz mugallymlarym hasapladym, olaryň özboluşly hem manyly mekdebini geçdim. Şonuň üçinem meniň şu ýatlamama-essämde olaryň atlarynyn, aýdan sözleriniň, hatlarynyň gabat gelmegi tötänlik däldir. Olar hakyky resminamalardyr. Ýazgylaryň senenama tertipde gelmezligi bolsa, olaryň peýda bolan mahaly bölek-büçek kagyzlara ýazylyp, soňra hem gündelige gabat gelşine görä göçürileni sebäplidir. Gündelik-ýatlama ХХ-nji asyryň ellinji ýyllarynyň aýaklaryndan, has takygy altmyşynjy ýyllarynyň ortalaryndan yzgiderli ýöredilip başlandy. Şonuň üçinem oňa dürli ýyllarda ”Gizlin depder”, “Ýyllar ýatyr aramyzda”, “Moskwadan Murgaba çenli” diýen ýaly dürli-dürli at goýuldy. Ahyram gürrüň kyrk ýyllyk döwür barada gidýänligi sebäpli, “Kyrk ýylda ýazylan kitap” diýen at saýlanyp alyndy.. Bu kitaba awtoryň hiç kimiň ýüzüne göni garap aýdyp bilmejek pikirleri-de, durmuş, edebiýat, adamçylyk hakdaky oýlanmalary-da, ýatlamalary-da girizildi. Kitaby edil özüňiz ýaly millionlaryň biri bolan sada adamyň durmuş hakdaky, ömür hakdaky, ynsan gatnaşyklary hakdaky oýlanmasy diýip kabul ediň. Ýazgylarymyň käbir bölegi ýazyjylar üçin täzeligem däldir, gyzykly hem bolmasa gerek. Sebäbi beýan edilýän wakalaryň köpüsi ýazyjylaryň dünýäsine degişli, şol dünýäden hem alyndy. Kitaba metbugatda, memuarlarda ozal çap bolan hem döredijilik adamlaryndan eşidilen pikirler-de girizildi. Çünki olar okyjy üçin has-da gyzykly bolar öýdýärin. “Täzelik ýatdan çykarylan könelikdir” diýen pähim bar. Ozal aýdylan pikirleri, okanam bolsam, ýatdan çykaranym sebäbli, başganyňky däl-de, özümiňki diýip ýazga goşan bolmagym gaty ahmaldyr. Hem-ä şol, hemem özümiň özümi gaýtalaýan ýerlerim gabat gelse, ýylgyryp geçiberiň. Ýene bir zat: Döredijilik adamlarynyň käte juda gödek ýaly bolup görünýän degişmelerini, garagolluklaryny beýan edýän setirleri okap, okyjy ony awtoryň öz galamdaşlarynyň mertebesini kemsitmäge synanyşygy diýip düşünmesin. Gülküsiz, degişmesiz durmuş ýok. Döredijilik adamlarynyň ömri bolsa, köplenç, degişmeden hem joşgundan ybarat. Ikinjiden, kitapdaky käbir belliklere, pikirlere olaryň dörän, ýazylan wagtyndaky syýasy ýagdaýyň nukdaýnazaryndan garamaly. Sebäbi şu gün örän batyrgaýlyk bilen gozgap bolaýjak dini, syýasy, ykdysady meselä ol döwürde düýpden başgaça garalýardy. Şonuň üçinem geçmişe şu günüň “batyrlarynyň” däl-de, gürrüňi edilýän döwrüň taryhy nukdaýnazaryndan seretmeli. Şeýle edilse, şu günüň “batyrlary-da”, düýnüň töwekgelleri-de öz degişli orunlaryny eýelärler. Sarpaly okyjy! Ýazgylarymyň, iň bolmanda, käbir ýeri göwnüňden turar diýip umyt edýärin. • SOWAL-JOGAP SAHYPASY Ýigrenýänim - gedemlik, ýaranjaňlyk. Artykmaçlygym - adamlara ynanmaklyk. Kemçiligim - çakdanaşa ynanjaňlykdan gelip çykýan, oýnatgylyga golaý sadalyk. Iň agyr ýagdaý - ýalňyzlyk. Iň gowy görýän ýerim - dogduk obam Gowy görýän adamlarym - esasan, öz obadaşlarym. Halaýan paslym - güýz. Gowy görýän wagtym - säher. Islegim - garaşsyzlyk, erkinlik. Sarpa goýýan ýazyjym - baha berşim ýaşyma görä üýtgäp dur. Öz eserlerime garaýşym - ýazanlarymy halamaýaryn, indiki ýazjaklarym beýik eser bolaýjak ýaly. Emma bolaýanok. Halaýan kompozitorym - Nury Halmämmedow, Ştraus, Çaýkowskiý, Çary Nurymow. Iň owadan at - Öz çagalarymyň atlary—Kemal, Eneş. Umumy ýagdaýym - göwnüçökgün. Geňlik - baý toprakly ýurtlaryň garyp ýaşaýşy. Hakyky dostluk - “ýiti gyzyl” däl dostluk. Ýaňadan dogulmaly bolsa - 2OO-25O ýyl giç dogulmak islärdim. Erbetlik - haýasyzlygyň haýalylykdan rüstemligi. Paradoks - namardyň işiniň rowaçlygy. Ýaňsyly ýylgyrdýan ýagdaý - ýerliksiz orden-medal dakynmak hem şeýtmäge asla ýagdaý ýokka şöhrat üçin uly toý tutmak. Ömür sürmek - sandan galan garrylyga ýetmänkäm azapsyz gaýtmak. Durmuşdaky iň adyl zat - adam dahylsyz ölüm. Artykmaçlyk kitüwüňi kalbyňdan çykarman ýeňmek Betbagtlyk - özüňe mynasyp däl ýokary baha bermek. Göwnümden turýan öz eserim - esasynda çeper film döredilen hem bolsa, onçakly üns berilmedik “Sallançak mukamy” powestim bilen, “Otly geçip barýar" hekaýamdy. Indi olary-da halamok. •ATAJAN TAGAN 1. «On sekiz manat hakynda elegiýa» goşgyň uruşlar baradaky eserleriň antologiýasyna girizilmeli aýylganç элегия. 2. …Şeýlelikde men diňe Ata Salyhyň kömegi bilen pasport edindişiň, «трахом» bilen bagly meseläň (ylaýta-da 26 ýyl göz doktory bolup işlän maryly göz lukmanynyň mertlerçe hereketi)... «» «» «» «»«» «» «» 3. «Dana sözler» derejesindäki pikirleriň kämillik derejesine degişlilikde 2-lik (Onuň iň howply tarapy ýüregindäki ýamanlygy daşyna çykarman saklap bilmeginde), 3-lük (Hakykatdanam mynasypdygy üçin baýrak berilýän, hakykatdanam mynasyp däldigi üçin baýrak berilmeýän eser seýrek bolýar),. 4-lük (Ýaň diýilýän zadyň öz sesi bolmaýar. Ol diňe başga sesi gaýtalap bilýär. Durmuşda-da tä ömri ötýänçä, başgalaryň pikirini gaýtalap ýörenler bar), 5-lik (Hakykatdanam mynasypdygy üçin baýrak berilýän, hakykatdanam mynasyp däldigi üçin baýrak berilmeýän eser seýrek bolýar) (Adam pelsepesi – B. bahalar goýmak mümkin. Meselem, olaryň 2-lik goýlany gowşagam däl-de, логикасы ýalňyş: kişä ýamanlygyny ýaşyrma:n ýören barmy? Onuň howply tarapy ýüregindäki ýamanlygyny gizläp saklaýanlygynda däl-de, ýüreginde ýamanlyk barlygy. Şunuň ýaly, logiki ýalňyşlary başga-da bar. Meselem: «Şöhratdan gaçýan adamyny şöhrat beýgeldýär. Şöhraty özi kowalap tutjak bolýany şöhrat biabraý edýär». Adam balasyny beýik görkezýänem, biabraý edýän-de şöhrat däl-de, onuň öz häsiýeti, özüni alyp barşy, degişlilikde akyllylygy ýa-da tentekligi, dogry ýa-da ýalňyş pikir edip ömür sürýänligi. Umuman alanymyzda, «Dana sözler» öz adyny ödeýär. Daragt-kitabyňdaky many «ýaprajyklaryny» san bilen uçdantutma belgiläp çykan bolsaň, «wagtyň hem janynyň gadyryny bilmeýän» janköýer synçy, meselem, 154-nji «ýaprak» diýip, olaryň hersi barada aýratynlykda anyk gürrüň edip bilerdi. 4. «Maňzyma batan pikirler» gaty gowy. • ÇAKLAMALAR, DELILLER, SOWALLAR – 4 Döredijilk adamlarynyň üç-dört sanysynyň başy çatylyp, edebiýatdan gep açylsa, Magtymgyly Pyragynyň köp goşgusynyň özüniňki däldigi hakda-da jedel edilýär. Ol ylmy esassyz, ýöne howaýy gürrüň bolansoň, aýdylan ýerinde-de galýar. Emma ol gürrüň ýitip gidäýenok. Eger ol ýitip gitmeýän bolsa, ýitip gitmezlige hem sebäbi bolmaly. Biz ol çaklamalar barada oýlanmalymy ýa-da onuň ýitip gitmeginiň tarapynda durmalymy? Her ki işde bolşy ýaly edebiýatda-da arassalyk, dogruçyllyk gerekmi ýa-da ol zatlara üns hem bermän, ýazylana ynanyp oňubermelimi? Iň bolmanda, Magtymguly ýaly beýik şahsyň dünýäsine galplyk bilen aralaşýan adamlardan şahyry goramalymy ýa-da olar näme hödürleseler, Magtymgylynyňky diýip kabul edibermelimi? Magtymgulynyň soňky “tapylan” goşgulary, Gylyç Mülliýewiň guran “oýny” barada men ilkinji gezek 1959-hjy ýylyň awgustynda şahyr Durdy Haldurdynyň öýünde eşitdim. Men ýaş oglan bolamsoň, gepe goşulman (goşulybam biljek däldim), aýdylýanlary diňläp otyrdym. Ýaşulular öz aralarynda jedel edýärdiler. Ýaşuly diýýänlerim bolsa D.Haldurdy, Aman Kekilow, Ata Köpek Mergen, Çary Gyrbangylyç, Hangeldi Garabaýew hemem türkmen dilini ýüzleýräk bilýäni zerarly gürrüňe onçakly aralaşyp bilmeýän Aleksandr Iwanowiç Aborkin-Aborskidi. Ýaşulularyň biri täze tapylan goşgulary Magtymgulynyňky hasaplasa, beýlekisi Gylyç Mülliýewiň hut özüniňkidigini tekrarlaýardy. Umuman, ýagdaýdan baş alyp çykar ýaly däldi, düşnüksizlikdi. Magtymgulynyňky hasaplanyp resmi ýagdaýda kabul edilen goşgularyň tapylanyna ýarym asyrdan gowrak wagt geçenem bolsa şol düşnüksizlik henizem öňki düşnüksizligine galyp gelýär. Henizem iki şahyryň başy çatylan ýerde şol köne düşnüksizlik hakynda täzeden gep gozgalýar. 1972-nji ýylyň tomsunda ýazyjylaryň Moskwanyň etegindäki Peredelkino döredijilik öýünde özara gürrüň edişip otyrkak, meniň Gylyç Mülliýew hem Magtymguly barada beren sowalyma Berdi Kerbabaýew şeýleräk jogap gaýtardy: 1948-nji ýylda maryly türkmenleriň arasynda giňden tanalýan Mülli işanyň Mary obkomynyň söwda bölüminiň inctruktory bolup işleýän oglunyň Magtymgulynyň şol mahala çenli näbelli goşgularyndan abyrsyz setirleri ýatdan bilýändiginiň habary gulagyna ýeten B. Kerbabaýew haýal etmän, Şaja Batyrowyň ýanyna barýar. Ol mahallar Ş.Batyrow Türkmenistanyň bolşewikler partiýasynyň merkezi komitetiniň ideologiýa işlerini alyp barýan sekretary eken. Ol geň habar bilen Ş.Batyrow hem örän içgin gyzyklanýar. Ol Gylyç Müllüewiň ýatdan bilýän şygyrlaryny tizden-tiz ýazyp almaly diýen görkezme berýär. Marydan ýörite çagyrylyp getirilen ýaş ýigit Pöwrizede özbaşdak jaý, çaý- naharyna sereder ýaly aşpez bilen üpjün edilýär. Ol Pöwrizeden çykman, bir aý töwerek wagtyň dowamynda basa oturyp işleýär. Netijede, Magtymgulynyň 216 sany goşgusy kagyza geçirilýär. Şeýlelikde, şol mahala çenli aýatda ýok goşgular Şaja Batyrowyň ýolbaşçylygyndaky resmi topar tarapyndan derňelip, Türkmenistan ýazyjylar soýuzynyň şol meselä bagyşlanan Plenumynda hem Magtymgulynyňky diýlip makullanýar. Meniň: “Şol goşgularyň Magtymgulynyň hut özüniňkidigine siz müňkür bolmaýarsyňyzmy?” diýen sowalyma B.Kerbabaýew “Ýok” diýen gysga jogap gaýtardy. Magtymgulynyňky hasaplanýan öňki goşgulary-da üns berip okadygyňça, logiki taýdan baglanyşygy gowşak, ýerliksiz, nädogry gaýtalanýan sözlere, “arzan” rifmalara, ritm näsazlyklaryna kän ýerde gabat gelinýär. Şahyryň döredijiligine daýanyp terjimehalyny yzarlajak bolsaňam bir topar düşnüksizlige, gapma-garşylyga, göze dürtülip duran nätakyklyga duşýarsyň. Iň beterem, käbir goşgulary inçeden yzarlasaň, beýik şahyryň kitabyna juda ownuk, ýöntem awtorlaryň sokulandygyna-da ynanasyň gelip barýar. Üstesine-de biz Magtymgulynyň özüniňki hasaplanýan goşgularyny çap edenimizde-de olara redaktorlyk nukdaýnazardan onçakly üns hem bermeýäris. Onuň şeýledigini okyjy görýär. Sözüm gury bolmaz ýaly bir mysala ýüzleneýin. Magtymgulyda: Şunça pakyrlyga saldym özümi, Tilkilenip gezdim, adym gurt oldy — diýen (Magtymguly, “Saýlanan goşgular”, Aşgabat, 1977. sah. 75.) setirler bar. Üns berip okasaň, ikinji setirde ýene logika ýok. Tilki hemme halklarda, şol sanda bizde-de, ejizligiň, melgunlygyň, ýalançylygyň simwoly —otrisatel manyda, gurt (möjek) bolsa, batyrlygyň, mertligiň, dogumlulygyň nyşany hökmünde—položitel manyda getirilýär. Onda Magtymgulynyň “Özüm-ä ýaramaz adam welin, il maňa oňat adam diýýär” diýmesi nämedenkä? Gaýtam, ol tilki halyna gurda deňelenine begenmeli dälmi? Bu ýerde bir ýalňyş bardygyny çaklaýandygymy “Magtymgulynama” diýen özboluşly kitabyň awtory Oraz Ýagmyra aýdanymda ol: “Sen Magtymgulynyň goşgularyna gaty tankydy göz bilen garaýarsyň. Beýdip, inçeden yzarlap ýörseň, hemme zatda-da logikanyň bozulýan ýerine gabat gelersiň”—diýdi. Şeýlelikde, ol meniň “tilki” sözüniň başga zat bolmalydygy hakyndaky pikirime goşulmady. Şondan bir hepde geçensoň, Oraz Ýagmyrow jaň edip, meniň “müňkürligimiň” janynyň bar ekendigini aýtdy. Ol Magtymgulyny magtymgulyşynaslardanam gowy seljerýän režissýor Hommat Kakajanowa: “Atajan Taganyň şeýleräk çaklamasy bar welin, şol pikir nähili?” diýipdir. Hommat gysgajyk jogap beripdir. ”Ol söz “tilki” bolmaly däl “telki” bolmaly. “Telki” türkmen dilinde “sada”, “gowşagrak” diýen many berýär”. Asyl Magtymguly pahyr “Dawa-jenjele goşulman, pukara, sada kişi bolup gezsemem, meni dogumly gurda deňeýärler” diýmekçi bolýar eken. Umuman, Magtymgulynyň döredijilinde awtora degişli däl nätakyklyklar gaty kän. Bir käkilik aldyrsa körpe balasyn, Saýraý-saýraý yzlamaýan bolarmy? — diýen setirlerdäki “Yzlamaýan bolarmy?” — sözlerini “Yzlamaýyn bilermi?” sözleri bilen çalşyrsaň, bisowatlyk ýitip gitjek. Ýa-da şahyryň “Ölçerdim, el çoýdum yşkyň oduny” — diýen setirine üns beriň. “Yşkyň odynY” el çoýulmaýar-da, “ yşkyň odunA” el çoýulýar ahyryn. Şol setirdäki “El çoýdum” sözleri “ölçerdimiň” öňüne geçiräýseň, hemme zat ýerbe-ýer bolýar duruberýär. ”El çoýdum, ölçerdim yşkyň oduny”. Eşidenden göçürip, göçürenden eşidip, Magtymgulynyň goşgularyna “düzediş” girizýän adamlar düzediläýmeli ýaly sözleri, setirleri-hä düzetmeýärler. Mysal üçin şahyrda: Har beslän täjige düşse şalyk-at, Palan çeker-sürer, gadryn näbilsin -diýen setirler bar. (Magtymguly Saýlanan goşgular, Aşgabat, ”Türkmenistan” neşirýaty, 1977. 184 sah.) Men goşgudaky “täjik” sözüniň Magtymgulynyňkydygyna ynanmaýaryn. Sebäbi, Magtymguly ýaly sowatly, medeniýetli adam goşguda millet adyny görkezmek zerurýetligi ýok halatynda, “täjik” ýa-da “özbek” diýip, başga bir milleti kemsitmez. Onsoňam, täjik ýaly gadymdan gelýän medeniýetli halkyň wekili näme üçin eşek bilen şalyk-atyň parhyny bilmeli dälmişin? Ol sözüň aslyny “täjik” däl-de, “täjir” bolsa gerek diýip çaklaýanym üçin: “Har beslän täjire düşse şalyk-at” diýip düzedilse, ýerine düşäýJek ýaly bolup duýulýar. Puldan gaýry zat aňynda ýok, bäş manadyň ugrunda selpäp ýören nepkeş täjir satmaly harydyny ýüklemäge ulag tapsa, eşekmi-atmy, elbetde, parhyna garamaz. Meniň “täjir” diýen teklibim oňlanmaýanda-da, Magtymgulynyň adyndan haýsydyr bir milleti kemsitmezlik üçin şol setiri, iň bolmanda: “Har beslän akmaga düşse şalyk-at” diýip düzetseňem, birinjiden-ä goşgynyň ýitirýän zady ýok ikinjidenem, syýasy taýdanam, adamçylyk taýdanam oňat bolardy (Seýdiniň: “Özbek geçebilmez derýadan bäri”- diýen setirini biraz özgerdip gowy etdik ahyryn.) Kä halatlarda biz Magtymgulynyň diýmedigini diýdirip, edeninem tersine öwürýäris. Bir gezek obadaky arhiwimi dörüşdirip otyrkam ýazylan adamdan jogap almadyk bir hatym gabat geldi. Şol haty şu ýerde getirmegi makul bildim. “Hudožnik Aýhan Hajyýewe. Hormatly Aýhan aga! Men özümi hudožnikleriň işlerinden ýa-da Magtymgulynyň poeziýasyndan düýpli baş çykarýan adam hasaplamaýaryn. Şonuň üçinem düşünmedik närsäm bolsa, soramagy kiçilik bilmeýärin. Magtymguly “Alaçsyz” diýen goşgusynda özüniň halamaýan zatlarynyň bir toparyny sanap geçýär. Bir bendii mysal getireýin: Ýigit özün daga-daşa deň eder, Kelhemeç (siňek, çybyn. —A.T.) dek poh üstünde jeň eder. Gysga köýnek, balagyny giň eder, Äri çüri telpek, hatyny başsyz. Size degişli hasaplaýanym—dördünji setire üns beriň. Magtymguly başy açyk (ýaglyksyz, börüksiz) aýallary, çüri telpek geýýän erkekleri halamandyr. E 1971-1999. • DÖREDIJILIK ADAMLARYNYŇ DURMUŞUNDAN Bir gezek Çary Aşyryň garažda duran maşynynyň dört tigri hem ogurlanýar. Şahyr milisiýä ýüz tutmaly bolýar. Milisioner ýigidiň: —Ogrynyň kimdigini, heý, çaklaýarsyňyzmy?—diýen sowalyna Çary Aşyr: —Hydyr Derýaýew diýen goňşym bar welin, şoňa-ha müňkür bolmanam duramok—diýen jogap gaýtarýar. Hydyr Derýaýewiň adyny-da eşitmedik, şol mahallar uly iliň elinden goýman okaýan “Ykbal” romanyndanam bihabar hem sowatsyz milisioner ýene sowal berýär. —Sebäbi näme? Ol adam ozalam zat ogurlap ýörenmi? —Özüm ogrulykda tutdum diýsem-ä ýalançy bolýan welin, Hydyr aga diýilýän adam ozalam 19 ýarym ýyl oturyp gelen. Özem Mary ýa Aşgabat türmesinde-de däl, Workuta diýilýän alys ýerde. Saňa başga nähili tutaryk gerek, inim? (Hydyr Derýaýew 1937-den 1956-a çenli, dogrudanam, “oturypdy”. Ýöne ol ogrulyk edeni üçin däl-de, syýasy töhmetiň pidasy bolup gidipdi.) Hydyr Derýaýewiň ýazyjydygyny-da bilmeýän milisioner ýaşulyny telim gezek soraga çagyrýar. Çary Aşyr bolsa känbir oňa-muňa çykyp ýörmeýän göňşusynyň aýnanyň öňünden geçip barýanyny görýär-de, bir gezek: —Hydyr molla, soňky mahallarda günde-günaşa şu tarapa gatnamagy ýygjamlatdyň welin, näme alada çykdy? —diýip soraýar. —Aý, şu tarapda ýegenimiz ýaşaýardy-da, käte ýanyna baryp gaýdaýýan—diýip, hiç zat çaklanýandyr öýtmeýän Hydyr aga gümmi-sümmi edýär. Soň Çary Aşyryň degişmesiniň üsti açylyp, tertip-düzgün goraýan edaranyň işgärleri Hydyr agadan ötünç soraýarlar. Çary Aşyr bolsa käýinç eşitmeli bolýar. * * * Gylyç Kulyýew Türkmenistanyň Medeniýet ministri bolup işlän döwründe şahyr Anna Kowusow hem onuň orunbasary eken. Ministriň maşynyny sürýän ýaşuly şofýoryňam ady Gylyç eken. Gylyç Mämmedowiç edarada-da, öýüne baran mahalam öz şofýoryna “Atdaş” diýip ýüzlenipdir. Ministriň aýaly Anna Gurýewna hem, türkmen dilini bilşi ýagdaýlyrak bolansoň, hemem adamsyndan her gezek eşidýäni sebäpli, şofýoryň ady şeýledir öýdüpmi-nämemi, oňa “Atdaş” diýip ýüzlenmäge başlapdyr. Günleriň bir güni Gylyç aga ministre ýüzlenip: —Gylyç, inim, öýňüze baramda, gelin maňa “Atdaş” diýip ýüzlenmesin-le!—diýýär. —Ol her gezek “Atdaş” diýende utanyp gidýän. Şondan soň Gylyç Mämmedowiç aýalyna: —Anna Gurýewna, sen meň şofýoryma “Atdaş” diýmäňi goý!—diýipdir. —Ol türkmençilikde gelşiksiz hasap edilýär. Üstesine-de, Gylyç aga seň atdaşyňam däl ahyryn. . . —Onda men kime “atdaş” diýmeli? —Seňem adyň Anna bolany sebäpli, meniň orunbasarym Anna Kowysow öýe gelende, şoňa “atdaş” diýiber… (Bu gürrüňi 1983-nji ýylda Krymda bile dynç alýarkak, Gylyç Kulyýewiň özi aýdyp berdi.) * * * 1983-nji ýylda burnumyň içinden et örüp, dem almak kynlaşansoň, Botkin adyndaky keselhana girmeli boldum. Men keselhanadakam edaramyza gelen Resul Gamzatow: —Atajany görnenok welin, komandirowka dagy gitdimi?—diýip gyzyklanypdyr. Meniň degişgen kärdeşim professor Şawkat Hyýazy: —Ol-a keselhanada—diýip jogap beripdir. —Näme bolýar? —Atajan uly burundanam irdim diýip, burnuny operasiýa etdirdi. Erte-birigün işe çykanda, özüňem görersiň. Biz sorap gaýtdyk. Indi onuň edil ýaponlaryňky ýaly, çala bildirýän nepisje burny bar. Bu habardan soň Resul Gamzatow özüniň mähnet burnuny sypalapdyr-da: —Hydaýa şükür!—diýipdir. —Ozal giň dünýäde iki sany beýik burunly bardy welin, indi täk özüm bolýan. * * * Bir gezek Resul Gamzatow maňa ýazan hatynyň ahyrynda: “Bir mahal men kagyzy zaýalaýardym. Indi kagyz meni zaýalaýar. Şol soňky zaýaçylyk alnyňdan çykmasyn” diýip belläpdir. * * * Bir gezek Günbatar Germaniýada Berliniň “Halklaryň dostlugy” medeniýet köşgünde meniň döredijilk agşamym geçirildi. Şonda her hili sowallaryň arasynda şeýle bir sowal berildi: —Siz özüňizi türkmen edebiýatyna düýpli bir goşant goşan awtor hasaplaýarsyňyzmy? —Gürrüňsiz. Türkmen edebiýatyna menden uly goşant goşan ýazyjy entek ýok. Ony siz bilmeseňizem, taryh biler. —Beýle ynamly geplär ýaly näme iş etdiňiz?—diýip, jogaby geň gören nemes ýene sowal berdi. —Gaty uly gepleýän-ä dälsiňiz? —Men ozal goşgy hem ýazýardym welin, ýazmagymy çürt-kesik goýdum. Gaýdyp hem oňa dolanmajakdygyma ant içdim. Indi on ýyl bäri özüme beren sözümden dänemok. Türkmen edebiýatyna şondan uly bähbit geregem däl. Eger-de türkmen dilinde meniň goşgularym ýaly goşgy ýazýan şahyrlaryň hemmesi goşgy ýazmagyny goýaýsa, onda biziň edebiýatymyzy bütin dünýä tanardy. Uly zaly dolduryp oturan diňleýjiler esli mahallap el çarpdy. * * * Bir gezek türkmen telewideniýesiniň diktory Aman Aşyrow bilen Berdi Kerbabaýewiň iş kabinetine bardyk. Esli oturulansoň: —Kabinetiňizde çilm çekmek bolýarmy?—diýip, Aman ýaşula ýüzlendi. Berdi aga gaşyny çytman: —Tapsaň, tirýegem çekäý—diýdi. * * * Bir gezek juda gowşak goşgularyň awtory bolan türkmen şahyrynyň terjimehaly okalanda: “Ol ýaş mahaly paraşýut bilen samolýotdanam bökýär ekeni” diýen habar gabat gelýär. Şonda şahyr Nobatguly Rejebow ahmyr bilen başyny ýaýkapdyr-da: —Ýeri, böküpdir, taň edipdir! Ýöne şol boş şahyr, gel-gel, türkmen edebiýatynyň üstünden düşäýmelimi!—diýipdir. * * * Şahyr Anna Kowusow, maýyny tapsa, Ukraina komandirowka gitmegi halaýardy. Biziň edaramyzdan on günlük komandirowka alýardy-da, onuň möhleti gutaransoňam, Ukraina ýazyjylar soýuzynyň üsti bilen ýa-da bize jaň edip, ýene Moskwanyň hasabyna komandirowkasyny uzaldýardy. Şeýlelikde, onuň on günlük komandirowkasynyň möhleti bir aýa dagy çekýärdi. Biz komandirowkanyň kagyzy doldurylanda: “A.Kowusow—ukrain topragyny faşist basybalyjylaryndan goramaga gatnaşan şahyr” diýip maglumat berýärdik. Ol okyjylaryň öňünde hem olary faşistlerden azat eden hökmünde çykyş edýär ekeni. Ol, dogrudanam, şeýledi. A. Kowusow ukrain topragyndaky bir söweşde agyr ýaradar hem bolýar. Emma uzak komandirowka bilen ol ýerdäki tanyş-bilişlerini birneme irizýändigini şahyryň özi-de aňýar ekeni. Şonuň üçinem yza gaýtmakçy bolanda, kiýewli dost-ýarlarynyň ony hormatlap guran banketinde hoşlaşyk sözüni aýtmaly bolan Anna Kowusow: —Faşistlerden-ä sizi men azat etdim welin, menden sizi kim azat ederkä? –diýipdir. * * * Bir gezek SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleiniýesiniň jogapkär sekretary Ýuriý Nikolaýewiç Werçenkäniň kabinetine bir mesele bilen girenimde, ol meniň ozal Pariže komandirowka dilänimi ýatladymy-nämemi, sen-men ýok: Duran ýeriňde Fransiýanyň on sany şäheriniň adyny aýdyp bilseň, men seni Pariže komandirowka ibereýin—diýdi. —Pariž, Marsel, Lion, Gawr, Tuluza, Nissa, Strasburg. —Şondan aňryk geçip bilmedim. —Ýaňy meniň özümem diňe dokuz şäherini sanadym-la—diýip, sekretar meni köşeşdirmek isledi. Biz nähili bisowat! * * * Bir gezek Hojanepes Meläýew respublikanyň ýolbaşçylaryna, şol sanda TKP MK-nyň Birinji sekretary M. G. Gapurowa-da täze çykan kitabyny awtorlyk ýazgy bilen berende, Hudaýberdi Diwangulyýew: — Sen beýdip, kitabyňy paýlap ýörme. Birden olaryň biri okaýsa nätjek?!—diýipdir. * * * Kaýum Taňrygylyýew 6O ýaşynyň dolmagy mynasybetli, agşamara öz işiginde çaý içişlik gurady. Myhmanlar ýygnanyp ugranda, men respublikanyň öňki ýolbaşçysy M. Gapurowyň peýda bolanyny gördüm-de, öňünden çykyp salamlaşdym. Soňra Hojanepes Meläýewiň ýanyna gelip: —Sen bu günki gün Muhammetnazar agany görmediksirän bolup otyrsyň. Ol öňki ornunda bolan bolsa-ha, menden öňürti ylgap öňünden çykardyň—diýdim. Hojanepes ýylgyrdy-da: —Saňa durmuşdan yza galýan adam diýerler, dost—diýdi. —Sen henizem “perestroýka” diýen sözüň manysyna düşünmeýär ekeniň. • MAŇZYMA BATAN PIKIRLER: Howanyň üstünden agalyk edip bolmaýşy ýaly, sungaty hem islän ugruňa gönükdirip bolmaýar. Sungat edil çyban ýaly islemeýän gaty oňaýsyz ýeriňde peýda bolýar. Asylly adamlar köp närsäni başdan geçirmelidir, ýöne “seslenme” eserini ýazmaly däldir. Ý.Lýubimow. Pylany gaty biderek adamdy welin, öleninden soň gowy boldy ötägitdi. B.Ussaýew. Ýazyjy işleýän mahaly kapasa dykylan bagtypes haýwandyr. F.Sagan. Millete degişlilik biloňurga ýaly zatdyr. Sag adam ony duýmaýar. B.Şou. Her täze asyryň öz orta asyry bolýar. Ýeži Les. Meniň gamgynlygymyň sebäbi birinjiden-ä, özüm akmak, galyberse-de, akmaklaryň öwüp arşa çykarýan adamlarynyň özleri akmak. “Kowusnamadan”. • BIZNI AÝRA SALGAN ÝOLLAR… Bu ýazgy şahyr Italmaz Nury hakynda. Ömür iki gezek berilmez bize, Bagtymyz getirdi—berlipdir biri. Hany, saklan, biraz söhbet açaly, Mydam ýeteşiksiz, Italmaz Nury. Ýatlaly geçeni, gelsene bäri, Entek köne dostlaň hemmesi diri. Ýadyňa düşýärmi Twer bulwary? Ýadyňa düşýärmi, Italmaz Nury? Nirede aşnalar, oýlan, pikir et, Basym olar bolar daglaryň şiri. Altaýdan S. Pasleý, Bakuwdan Fikret, Ýegre dostlarmyzdy, Italmaz Nyry. Dünýe düýş bolarmyş diňe keýtige, Garramyzok, ýiti heniz göz nury. Ýör, salam bereli Anna Paýtyga, Hem çaýyn içeli, Italmaz Nury. Keşt edeli gözel baglaň käsini, Keşt edip joşmakdyr şahyryň käri. Ysgap görmän ter gülleriň ysyny, Nirä tasap barýaň, Italmaz Nury!? Bu degişme biziň student ýyllarymyzda Italmaza ýazan hatymyz bolmaly. Italmaz Nury diýilýän guýmagursak şahyr sadadan mylaýym, ulumsylygy, gedemligi bilmeýän adamdy. Şonuň üçinem onuň duşmany az, dosty köpdi. Şonuň üçinem ol hakda degişmelerem, şorta sözlerem döräberýärdi. Aramyzda Italmaz bolmasa, oturlyşşyk — gyzyksyz, toý —şagalaňsyz ýalydy. Oňa käte juda gödek hem degýärdiler. Emma ol degişmäni göterýärdi. Käte çydamasa-da, öýkesi uzaga çekmeýärdi. Öýkeläp gidensoň, bäş-on minutdan yzyna dolanyp: “Içiňiz ýansa-da, gelendirin” diýýärdi-de, ýene bizi gyzyl-gyran güldürýärdi. Garaz, onuň baran ýeri ala- ýazdy. Men onuň pespälligini has-da nygtamak isleýärin. Hatda ol jaň edende-de: Kim gepleýär? diýen sowala: “Aý, men-laý, Italmaz-laý” diýip, özüni pes tutup jogap gaýtarýardy. Oňa garamazdan, hiç kim ony kemsitjek bolmaýardy, kemsidibem bilmeýärdi. Çünki ol talantly şahyrdy, wepaly dostdy, mert ýoldaşdy, şahandaz söhbetçidi. Beýle adam durmuşda seýrek gabat gelýär. Ony şonuň üçinem halaýardylar, hormat goýýardylar. Uzak raýonlara, tanyş ýerlere komandirowka baranymyzda, aramyzda Italmaz Nury bolmasa, biz ýürekden kabul edilmeýän ýalydyk. “Aý, Italmaz Nurynam alyp gaýtmaly ekeniňiz-dä!” diýip, nägilelik bildirýärdiler. Italmaz Nurynyň aramyzdan juda ir gitmegi ony tanan, ýakyndan gatnaşan adamlaryň keýpine döwek goşdy. Onuň gaýtmagy bilen biziň belent ýaňlanýan gülkimiziň arasy üzüldi. Çünki ol özüniň çepiksi göwresi bilen dünýäniň täze döremeli degişmelerini, entek ýazylmadyk, özünden gaýry hiç kimiň ýazyp hem bilmejek goşgularyny-da alyp gitdi. Men onuň bilen bir institutda okadym. Biz örän gowy görüşýärdik. Ol bir gezek täze çykan kitabyny maňa sowgat iberende, onuň iç ýüzüne: “Moskwadaky ýeke-täk türkmen, Türkmenistandaky ýeke-täk ýewreý, emma iň gowy dostum Atajan Tagana” diýen ýazgy edipdi. Käte bir aýlap, iki aýlap özi hakda täze degişme döremese, gabat gelende: “Men hakda täze zat döredeňzokmaý?” diýip gyzyklanýardy. Men şu ýazgymda Italmaz Nury baradaky degişmelerden, bolup geçen durmuş wakalaryndan hem käbirini gaýtalamakçy. Emma ol Italmaz Nuryny kemsitmek, onuň üstünden gülmek däldir-de, gaýtam, söwer dostumyzyň, şahandaz adamyň, uly şahyryň ruhuna hormat goýmakdyr, ony edil diriliginde bolşy ýaly görkezmäge synanyşykdyr. * * * Italmaz Nury Moskwanyň Edebiýat institutynyň dördünji kursunda okaýarka, Aşgabatda “Edebiýat we sungat” gazýetiniň redaksiýasynda tejribe geçýärdi. Şol ýyl Berdi Kerbabaýewiň 70 ýaşynyň dolýandygy hem kitabynyň çykýandygy sebäpli, Italmaz Pribaltika respublikalarynyň birine (haýsydygyny ýadymdan çykarypdyryn) redaksiýa tarapyndan komandirowka iberilýär. Italmaz ol ýerde okyjylar bilen duşuşyp, B.Kerbabaýew hakynda oçerk ýazmaly eken. Italmaz komandirowkadan gelýärkä, Edebiýat institutynyň ýatakhanasynda, biziň ýanymyzda düşledi. Ol eýýäm biz ýaly student däldi-de, wagtlaýynça-da bolsa, respublikada şol mahallar söýlüp okalýan gazetiniň komandirowka dagy iberilip ýören jogapkär işgäri bolansoň, hörpi-de birneme ýokarydy, ýany-da pulludy. Şonuň üçinem ol dükana gidip, iýip- içmäge bir topar zat alyp geldi. Ol ertir agşam ugraýan samolýot bilen Aşgabada uçmalydy. Agşamlyk ol biz bilen oturyp, keýpini mazaly köklänsoň, konserwatoriýada okaýan türkmen oglanlarynyň ýanyna gezmäge gitdi. Şol agşam Italmaz biziň ýatakhanamyza dolanmady. Biz ony konserwatoriýadaky oglanlaryň ýanynda ýatmaga galandyr, ertir aeroporta gitmezinden ozal hoşlaşmak üçin geler öýtdük. Emma ol ertir agşamam biziň ýanymyza dolanmady, biz bilen hoşlaşman, Aşgabada uçan bolmalydy. Biz çalarak gatyrgansagam, “Aý, Italmazdyr-da!” diýip, derrewem öýkämizden ýazyldyk. Ertesi irden Ýokary edebiýat kursunyň diňleýjisi ýazyjy Arap Gurbanow türkmenistanly studentleriň hemmesini öz otagyna ýygnady. Ol biziň ýaşulymyzdy. Arabyň ýüzi salykdy. Asyl ol aglaýardam. Biz bir ýakymsyz wakanyň bolandygyny aňdyk. —Mydam üstünden güldüňiz. Mydam o neresse hakda bolgusyz anekdot döretdiňiz—diýip, Arap Gurbanow möňňürip goýberdi. Biz zöwwe-zöwwe galşyp, Araba golaý bardyk. Ol gözýaşyny süpürip, zordan gepledi. —Öten agşamky Moskwadan uçan samolýot Aşgabada ýetip barýarka, al-asmanda kül bolupdyr. Iki motory hem birden sandan çykypdyr. Italmaz neresse-de… Barymyz ýas tutduk. Emma iki-üç sagat geçip-geçmänkä, hoş habar geldi. Asyl Italmaz öňki agşam biziň ýanymyzdan keýpi kök halda gidişine, konserwatoriýa-da sowulman, göni “Domodedowo” aeroportyna barypdyr. Ulagda boş ornuň bardygyndan peýdalanan Italmaz erte agşam uçmaly halyna biletini şu gün agşama geçirdipdir. Gaýtam, ol Arap Gurbanowa jaň edip, hiç zat bolmadyk ýaly, ýykylan samolýot hakda dil hem ýarman, ýatakhanada galdyryp giden kitaplarynyň Aşgabada gaýdýan oglanlardan iberilmegini haýyş edipdir. Biz öz ýanymyzdan: “Serhoşlygyňam nepi degýän ýeri bolýar eken-ow!” diýen netijä geldik. Italmaz jaň edende, Arap oňa öz uçmaly samolýotynyň ýykylandyny eşidip, onuň ölümine hemmämiziň gözýaş edendigimizi aýdanda ol: —Indem meň ölmändigimi bileňizsoň, “Bize şondan dynmak ýok” diýip aglaşarsyňyz-da—diýipdir. Şolar ýaly gepi bilen Italmazyň özi hem özi hakda degişmeler döredýärdi. (Soňra biz şol ýykylan samolýotda adyny bilýänimizden teatr režissýory Maşdy Gulmämmedowyň wepat bolandygyny eşitdik.) * * * Italmaz Nury Edebiýat institutyna girmänkä öýlenipdi. Iki sany çagasy hem bardy. Biz onuň öýli-işiklidigini öňräkden, Marynyň “Lenin baýdagy” gazýetiniň ýanyndaky edebiýat birleşmesine gatnaşýan döwrümizden bäri bilýärdik. Emma ol Moskwada okaýan ildeş gyzlarymyzdan özüniň öýlenendigini gizleýär eken. Gyzlar bolsa oňa ynanyp ýörüpdirler. Moskwa şäherinde ýygy-ýygydan komandirowkada bolýan Berdi Kerbabaýew bir gezek Italmazy (B.Kerbabaýew Italmaza “Italmaz” diýmän, mydama “Okalmaz” diýip ýüzlenýärdi.) “Moskwa” myhmanhanasynya nahara çagyrýar. Çagyrylan täk özi bolsa-da, gabarylmak üçinmi, nämemi, Italmaz gatnaşýan gyzlarynyň birini hem ýany bilen alyp gidýär. Ýanyndaky gyzdan Italmazyň syr saklaýanyndan bihabar B.Kerbabaýew salam -helikden soň: —Okalmaz, seň çagaň ikimi ýa üçmüdir?—diýip soraýar. Ýüzi gyzaran Italmaz hakykaty aýtmaly bolýar. Myhmançylykdan gaýdylanda, ýaňky türkmen gyzy Italmaza ýüzlenýär: —Sen “Öýlenemok” diýýärdiň welin, iki çagany nireden aldyň? —Ony, yzyňa gaýt-da, Berdi agadan sora —-diýip, Italmaz gyza jogap berýär. * * * Bir gezek haýsydyr bir medeni çäre geçirmäge Çärjew oblastyna (häzirki Lebap welaýatyna) bardyk. Raýonlaryň birine ugramaly ýazyjylar, olaryň ýany bilen gitmeli ýerli adamlar obkomyň jaýynyň öňünde ulaga garaşyp durdular. Aramyzda obkomyň birinji sekretary Balta Çaryýew hem bardy. Dymyşlygy bozmak islän B.Çaryýew, başga-da bir gep tapman, ilki gözüniň ilen zadyna ünsüni gönükdirdi. Ol gapdalynda duran Ata Atajanowyň çal paltosynyň ýeňine elini degirdi-de: —Gör-ä ýazyjylaryň tapaýýan eşiklerini!—diýdi. —Bizem şular ýaly ýeňiljek hem düşümli paltonyň gözleginde welin… Uly ýolbaşçy tarapyndan paltosy öwlen Ata Atajanow uzak gabarylmaly bolmady. Sebäbi beýleräkde duran Italmaz Nury ýylgyrdy-da: —Balta aga, özüň obkomyň birinji sekretary bolubam tapmaýanyň şolar ýaly paltomy?—diýdi. —Ol-a mende-de bar. Öýde. Bahasam altmyş bäş manat-laý! Balta aga ýagdaýy ýuwmarlamak üçin: —Altmyş bäş manadam bolsa, mallygy gowy ekeni—diýen boldy. Ata Atajanow, soň- soňlaram gabat gelen ýerde şol wakany ýatlap: “Dürrek Italmaz diýsänim! Ýeri, senden o paltoň bahasyny soran adam boldumy?- diýip, başyny ýaýkady ýördi. * * * Edebiýat institutynyň ýatakhanasynyň iki adamlyk otagynda Italmaz Nury bäş ýyllap şol bir adam, diýseň talantly azerbeýjan şahyry Fikret Goja bilen ýaşady. Sebäbi ikisi-de iň gowy görülýän studentler bolsa-da, azarbeýjan oglanlary-ha Fikret bilen, türkmen oglanlary-da Italmaz bilen bile ýaşamaga gatybir döwtalap däldiler. Çünki Italmazam, Fikredem oňat geýinmegi halasalaram, ýaşaýan otaglaryny ýylda bir gezek-de sübselemegi kyn görýärdiler. Jaýyň içi mydama buýr-bulaşykdy, kitap-depder, gazýet bary mydama pytraşyp ýatyrdy. Olar agşam ýatan ýorganlarynam, ertir turansoňlar, ýygnamaýardylar. Ýorgan gaplanýan ak ýapynja, ýatakhananyň ikinji gatyna düşüp, çalşyryp gaýdybermeli bolsa-da, Italmaz bilen Fikret uly baýramçylyk dagy gabat geläýmese, asla çalyşmaýardylar. Şonuň üçinem zandy ak ýapynjanyň haýsy reňkdediginem biler ýaly bolmaýardy. Olaryň gapysy hem hiç mahal gulplanmaýardy. Oňa garamazdan: “Ogurlanaýjak zadyňyz, pul-püçegiňiz bolsa olaryň jaýynda goýyuň!” diýip, studentler anekdot döretdiler. Sebäbi süpürilmeýän, arassalanmaýan otaga öz eýesinden gaýry hiç kimiň giresi gelmeli däldi. Ýatakhananyň aşaky gatyndaky hammam gije-gündiz işläp dursa-da, iki dostuň suwa düşüp gelýän pursadyna gabat gelmek kyndy. Bir gezek men leksiýadan gaçyp gaýtdym-da, ýatakhana geldim. Emma otagymyzyň açary bile ýaşaýan kursdaşym, häzir belli ýazyjy bolup ýetişen Waslaw Mihalskide galan eken. Şonuň üçinem Waslaw institutdan dolanýança, mydama gapysy açyk durýan otagda Italmaz dagynyň jaýynda garaşmaly boldum. Dogrudanam, otagyň gapysyndan garar ýaly däldi. Men bir ýerden sübse tapyp geldim-de, ilki bilen-ä, aýak basarda pytraşyp ýatan kagyzmydyr, çilim galyndylaryny bir burça ýygnadym. Soňra krowatlaryň üstüne-de ýapynjalaryny ýapyşdyryp, ýassyklary “çüňkläp”-owadanlap goýdum, iki stoluňam üstündäki kitaplary tertipleşdirdim. Sklad müdirimiz Nina Akimownadan elektrik lampasyny alyp, otagyň potologyna çyra dakdym. (Italmaz bilen Fikret ýokarky çyra lampa dakmaga ýaltanyp, stol üstünde goýulýan çyra bilen oňup ýördüler). Ýalpyldap çyra-da ýanansoň, otag otaga meňzedi ötägitdi. Men stol başyna geçdim-de, ilki elime ilen kitaba—Samet Wurgunyň “Säçien äsärlärine” güýmendim. Esli mahaldan soň gapy açyldy. Fikretiň gara murty bilen ullakan burny göründi. Birdenem ol: “Bagyşlaň!”-diýdi-de, gapyny aňyrsyndan ýapdy. Kän mahal geçmänkä, Fikret dolanyp geldi. Ol hem gülýärdi, hem başyny ýaýkaýardy. —Ataçan gardaşym, bu bizim otagdy!? Men muny, ýagty hem tämiz bolansoň, özümiziňki däldir öýdüp, yzyma gaýdyberipdirin…Ýok, men beýle arassa jaýa indi Italmazy goýbermen… * * * Döredijilik adamlarynyň köpüsine, esasanam, şahyrlara mahsus bolan şöhraty gowy görmek gylygy Italmaz Nuryda-da bardy. Ol has beterem öz sözlerine döredilen aýdymlary diňlände, hekgeriliberýärdi, aýdym aýdylyp durka, ýeňiňden çekip: “Şujagaz ýerine üns ber! Şu ýeri nädipdir?” diýişdirýärdi. Türkmen kompozitorlarynyň köpüsi Italmaz Nurynyň sözlerine saz ýazypdy. Çünki Italmazyň özi hem belli türkmen sazandasy Han Akyýewiň mekdebinde okan dutarçydy. Şonuň üçinem onuň goşgulary akgynlydy, ýeňildi, saz ýazmaga gaýymdy. Öýüne barsaňam, Italmaz derrew dutaryna ýapyşýardy. Ol studentkä dutarlarynyň birini Moskwa-da eltipdi. Ýalňyşmaýan bolsam, sözlerine saz ýazylan aýdymlardan Italmazyň iň gowy görýäni, özüne has ýakyn hasaplaýany Çary Nurymowyň “Duşurmazmy?” diýen aýdymydy. Ol aýdymda: Öwsüp barýan mymyk ýeller Saňa arzym gowşurmazmy? Bizi aýra salan ýollar Indi gaýdyp duşurmazmy? – diýen setirler bar. “Italmaz Nury ol goşgyny dünýäden öten aýaly Oguljeren pahyra bagyşlap ýazanmyş” diýen çaklama köp ýerde meniň gulagyma degdi. Emma ol çaklamany men nädogry hasap edýärin. Sebäbi ýokarda mysal getirilen bendiň soňky iki setirini goşgy doly ýazylmazyndan, Ç.Nurymow ile ýaran sazyny döretmezinden, on-on bäş ýyl ozalam eşidýärdim, ol setirleriň ilki döreýiş taryhynyňam şaýadydym. Italmaz Nury şol iki setiri Mätäjiniň “Bilen barmy?” diýen şygryna döredilen halk aýdymynyň heňine salyp gaýtalaýardy. Ol setirleriň döremeginiň, ol setirleriň hälimi-şindi awtor tarapyndan gaýtalanyp ýörülmeginiňem özüne ýetik sebäbi, öz taryhy bar. Ol taryh şeýle: Student ýyllarymyz Italmaz Nury Moskwanyň Teatr sungaty institutynyň aktýorlyk bölüminde okaýan türkmen toparynyň arasyndan S. diýen gyza aşyk boldy. Onda-da nähili aşyklyk! Italmaz şol gyz diýip akyl-huşuny ýitirdi. Bir gezek gije sagat on ikidenem soň ol meniň ýanyma geldi. —Kürtüm (Italmaz maňa köplenç “Kürt” diýip ýüzlenýärdi—A.T.) teatrçylaryň ýatakhanasyna gidip geleli-le! —O nähili gideli? Sagadyň näçe bolanyndan habaryň barmy seň? —Aý, sagat nämemiş ol! —Bu mahal awtobusam gatnaýan däldir. —Sen oň aladasyny etme, Kürt. Men taksi tutup geldim. Aşakda garaşyp dur. Sen maňa ýoldaş bolsaň bolýa. “Ýeke özi entäp ýör” diýäýmesinler. —Gidemizde-de sen, barybar “ES”-i görüp bilmersiň. Olar bu mahal düýş görüp ýatandyrlar. —Ýatakhanaň daşyndan bir gezek öwrüm edip gaýdaýaly-la, Kürt. Belkem, ol aýnaň öňünde daşaryk seredip durandyr. Italmazyň naýynjar görnüşi meni ýeňdi. Geýindim. Gitdik. Emma münüp baran taksimiz teatrçylaryň ýatakhanasynyň daşyndan bir däl, iki-üç gezek aýlaw etse-de, aýnanyň öňünde daşaryk seredip duran gyz gözümize ilmedi. Italmazyň “ES”-e bolan söýgüsi çaga söýgüsi ýaly bir zatdy. Ol kalbyndaky joşguny şu mahala çenli “ES”-e aýdybam bilmeýärdi. “ES” onuň söýgüsinden habarsyzdy. Oňa garamazdan, türkmenistanly studentler bir ýere ýygnansalar, üýşüp bir ýere gitseler, Italmaz şol git-hä-gitlikden galmaýardy. Ol mydama “ES”-i görmegiň höwesindedi. Bir gezek ol teatrçylaryň köpüsiniň tomus kanikulyna —Türkmenistana otly bilen gidýändikleriniň habaryny eşidipdir, haýsy gün, sagat näçede ugraýandyklaryny anyklapdyr, “ES”-i ugratmagy ýüregine düwüpdir. Italmaz Kazan wokzalyna meni hem alyp gitdi. Men bile gitmek bilen nähili wezipäni berjaý etmelidigimi soradym: “Sen ýöne ýanymda dursaň bolýar”. —Anha, ol dur!—diýip, wokzala gadam basanymyzdan, Italmaz telim wagon aňyrda duran oglan-gyzlaryň arasyndaky “ES”-i görüp ýetişipdir. Biz olaryň ýanlaryna bardyk. Salamlaşdyk. Olar bize hiç hili ünsem, sowalam bermediler. Italmazyň özi bu ýerde peýda bolmagymyzyň asyl manysyny gizlemäge çalşyp: —Aý, bizem bir tanşymyz gidýärdi welin, şony ugratmaga geldik—diýdi. Hernä, geljekki dili uzyn artist bolmalylaryň birden biri: “Tanşyňyzy ugratmaga gelen bolsaňyz, biziň ýanymyzda durmaňyz näme?” diýmedi. Otly ugrady. Italmaz ikimiz perronda galdyk. Men ony kesesinden synladym. Italmazyň gözi , ýüregi Aşgabada tarap ugran otlynyň yzy bilen gitdi. Perronda ýaş şahyryň diňe boş göwresi galdy. —Wagt baryny ýitirip bu ýere geldik. Ýeri, näme netije çykdy? Alynmadyk myhmana döndük. Sen oňa hatda “Sag bol!” hem diýip bilmediň-ä… —Diýmämde näme? —Şony-da diýip bilmejek bolsaň, näme maksat bilen wokzala gelýäň? —Wah. Kürt, sen oňa düşüneňok-da. Sen kürt-dä. — Sen kürt bolmasaň, düşündir-dä! Barybir, ol ikiňiziň ýoluňyz başga-başga ahyryn. Häzirem ol beýläk gitdi, sen bärik gaýtdyň… —Ýollar aýrylsa-da, ahyr birigýändir, Kürtüm… Şondan kän mahal geçmänkä, Italmaz Nury keýpi çag mahaly: Bizni aýra salgan ýollar Ahyr ýene duşurmazmy? Gaýdyp bir gün duşurmazmy? — diýen setirlere hiňlenmäni tapdy. Belki-de ol goşgynyň galan setirleri soň-soňlar, megerem, zehinli kompozitor Çary Nurymowyň haýyşy bilen ýazylandyr. Çary bilen Italmaz ýegre dostdular. Ýöne “Duşurmazmy?” diýen aýdymy eşidenimde men şindi-şindi hem Italmaz Nurynyň şol görmegeý gyzyň ugrunda ylgap, ýene bir gezejigem bolsa, görmegiň arzuwy bilen Moskwanyň Twer bulwarynda, Sobinow köçesinde selpän ýerlerini ýatlamaga mejbur bolýaryn. Ol söýgi kalby päk şahyryň arassa söýgüsidi. Ol söýgi gözellige, çyn poeziýa bolan söýgüdi, gözellige ýürekden düşünmegi, guwanmagy başarmaklygyň asyl nusgasydy. * * * Bir gezek ýatakhanamyza Ýokary edebiýat kursunyň diňleýjisi ýazyjy Kakaly Berdiýewiň ýanyna “Mugallymlar gazýetiniň” baş redaktory Şirli Durdyýew, “Türkmenistan” neşirýatynyň baş redaktory Çary Matalow, “Tokmak” žurnalynyň baş redaktory Çary Aşyr dagy gezmäge geldi. Myhman gelse-gelmese, mydama gazany gaýnap durýan “duzy zor, duşmany güýçli” diýilýänleriň hilinden bolan Kakaly Berdiýew bu gezek dürli-dümen nahar baryny bişiripdir-de, hemişeki endigine görä, student ildeşlerini hem çagyrdylar. Nahardan soň kitap-depderini alyp haýdap okuwa barýan Italmazy koridorda gören Çary Matalow: —Är ömründe bir gezek myhmançylyga geldik welin… Agalaňňyz gelende dagy bir günjük okuwa gitmänem bolar ahyryn—diýýär. Italmaz oňa: —Wah, Çary aga, biz-ä “Oňat okaýar ekenler” diýdirjek bolup, siz geleňizde okuwa gitmäge hyýallandyk welin, badymyzy aldyňyz. Başga günler asla okuwa gitmesek näme!—diýýär. * * * Instituty tamamlandan soň, Italmaz Nury “Edebiýat we sungat” gazýetine ymykly işe girdi. Gazýetiň baş redaktory, hemmeler tarapyndan sylanýan Baýram Welmyradow işiň hilini hem eli işleýän žurnalisti biçak gowy seljerýän adamdy. Şonuň üçinem “eli-dili ýerbe-ýer” Italmaz Nury, käte aljyraňňy görünse-de, Baýram aga ony bölüm müdirlige belledi. Italmaz Aşgabatda işlese-de, jaýsyzlyk zerarly çagalaryny ýanyna getirip bilmeýärdi. Ol bagşy Nurjemal Adyýewanyň howlusynyň bir burçundaky hütdükde kireýne ýaşaýardy. Bir gezek Italmaz maňa: —Özüm-ä Berdi aganyň ýanyna möhüm bilen barmaga utanýan welin, sen, Kürtüm, maňa bir jaýjagaz diläp bersene!—diýdi. —Çagalarymam getirip bilemok, kişi howlusynda bakna ýaly bolup ýaşamakdanam halys ýadadym. Men dostumyň haýyşyny berjaý etmek meýli bilen Berdi Kerbabaýewiň iş otagyna bardym. Haýyş aýdylyp-aýdylmanka: —Okalmaza jaý aladasyny etmek öz hakydamda-da bardy—diýdi-de, Berdi aga derrew “hökümet telefonynyň” şahyna ýapyşdy, Halmyrat Garaýewiç diýen biri bilen (Şol ýoldaş Aşgabat şäher ispolkomynyň başlygy bolsa gerek) salam- helik alyşdy. —Maňa-ha, üç otaglyja bolsa-da, bir jaý gerekdi, Halmyrat. Gowy şahyrym bar welin, bala-çagasy bilen meýdanda galdy diýen ýaly. Bir bolgusyz tünekde hak-heşdek töläp ýaşap ýör… Şondan bir aý töweregi geçensoň, men ýene Aşgabada komandirowka gelenimde Berdi aganyň ýanyna salamlaşmaga bardym welin, ol gözlerini çalartdy-da, nägile äheň bilen: —Näme, ýene aşnaň üçin jaý dilegçiligini etmäge geldiňmi?—diýdi. —Oňa aşna diýmezler, tüýs sölite diýerler. Iş-ä bitirdi ýigit! Berdi Kerbabýewiň bir zada gaty gahary gelse ýa-da keýpi erbet bozulsa, gözleri çalaran ýaly bolýardy. Bu gezek welin oňa gözüni mazaly “çalartmaga” esas hem bar eken. Asyl Italmaz B. Kerbabaýewiň bir hepdä-de ýetirmän alyp beren jaýyna öz geleňsizligi zerarly mahaly bilen göçüp hem barmandyr. Täze jaýyň gapysyna berkräk gulp hem oturtmandyr. Netijede, eýesiz ýaly bolup, boş duran jaýa köp çagaly bir ene kürsäp giripdir-de, öz goş-golamynam getirip ýaşaberipdir. Kanun gödek bozulsa-da, köp çagaly bolansoň, ol aýaly hiç kim jaýdan çykaryp bilmändir. Şol wakadan soň ýarym ýyl dagy geçensoň, köçeden haýdap gelýän Italmaz özüni B. Kerbabaýewiň çagyrandygyny aýdyp, meni hem ýany bilen alyp gitdi. Eli kagyza dolangy bir zatly Berdi aga bizi kabinetiniň iç işiginde garşy aldy. Biz onuň yzyna düşüp, daş çykdyk. Berdi aga kineli ýaly ýylgyryş bilen maňa ýüzlendi: —Okalmaza ikinji gezek alyp berýän jaýymyzy ýene biri eýeläýmänkä, gapysyndan alaja dakyp gaýdaly, dorogoý drug! Ýaşulynyň “Wolgasy” Hudaýberdiýew köçesiniň 74-nji jaýynyň gapdalyna baryp saklandy. Dört otagly päkize jaý! Biz Berdi aganyň yzyna düşüp, otaglaryň içine telim gezek aýlandyk. Ýaşuly jaýa Italmazyň özündenem beter begenýäne meňzeýärdi. Birdenem ol elindäki kagyzy açdy-da, heniz ýagy hem süpürilmedik gulpy çykardy. —Dorogoý Okalmaz, şu mäkäm gulp menden saňa peşgeş bolsun. Şu gezegem jaýy eliňden gidiräýseň, ýene on ýyldanam tünekli bolaryn öýtmegin. On ýyldan soň berjegem bolsalar, meň özüm şol jaýy saňa berdirmerin. Şuny hakydaňdan çykarma. Berdi Kerbabýew gyssanýandygyny aýdyp, jaýdan çykdy. Ol birdenem, ýene yzyna aýlanyp: —Gapa täze gulp oturtman, ikiňizem meň gözüme görnäýmäň!—diýip gitdi. * * * Italmaz Nury kompartiýanyň hataryna girmegi niýet etdi. Oňa abraýly adamlar hödürnama berip, hakyky kommunist boljakdygyna kepil geçdiler. Ol edilmeli işleri edip, ahyr raýkoma ýetende, şol döwrüň düzgünine görä, partiýa girjekleri seljerýän bir topar işsiz pensionerleriň eline düşýär. Wagt geçirmäge güýmenje gözläp ýören gojalar Italmazyň üstüne sowal baryny ýagdyryp başlaýarlar. Hatda olar ýüzýyllyk urşuň haçan başlanyp, haçan gutaranyna çenli soraýarlar. Italmaz ol sowallaryň bäşisine jogap tapsa, altynjysy jogapsyz galýar. Ahyram jany ýanan Italmaz: —Siz on-on iki adam bolup, meniň ýeke özüme ýüz sowal berdiňiz. Men olaryň 99 prosentine jogap gaýtardym. Indi men siziň hemmäňize ekeje sowal bereýin welin, üýşüp jogap tapsaňyzam, zordugyňyzy bileýin—diýýär. Şeýdibem, partiýa girýänleriň “aklyny derňeýän” gojalary öýkeleden Italmaz Nury tabşyran dokumentlerini yzyna alyp gaýtmaly bolýar. Agşamlyk dost-ýarlaryny öýüne çagyran Italmaz partiýa girmänini dabara bilen belleýär. * * * Göräýmäge, Italmaz özi hakda alada, pikir edýän adama meňzemeýän ýalydy. Emma kitap çykartmaly bolsa-da, konkurslarda baýrak almaly bolsa-da känbir hakyny gidirmeýärdi. Ol göze-başa düşmese-de, gerekli ýerinde öz adynyň bolmagyny gazanýardy. 1974-nji ýylda men Türkmenistan kompozitorlarynyň nobatdaky gurultaýyna bagyşlap bir degişme goşgy ýazdym. Ol gurultaýyň öň ýany “Ýaş kommunist” gazýetinde çap edildi. Ine şol goşgy: AÝDYM-SAZYŇ NURULARYNA Adyň Nury bolsa, ýa Nurum bolsa, Saz çalarsyň ýa-da aýdym aýdarsyň. Degişme bolansoň meniň bu goşgym, Belki, ony ýalandyram öýdersiň. Bagşymyz bar NURberdi Gul, Aýdym aýdýar, hezil berýär. Annaň ogly NURmyradam, Toý-tomguda ykjam duräar. Nabadymyz NURmuhammet, NURjemalmyz ýürek nagşy. Iki sany NURYsy bar, NURýagdyýew Nury bagşyň. NURy Muhat kompozitor, NURy Baýram aýdym aýdýar. Sapar NURum, Durdy NURy, Çary NURUm… Ýöne bular bärden gaýdýar. Kompozitor Halmämmedow. Oňam ady NURY ahyr! Sazçylaryň Nurudygna Sebäpgär däl juwan şahyr. Geň galmaly! Muňa seret! Geçen tomus Moskwadan Okap geldi bir aýdymçy. Tanyş boluň: NURY Meret! Şirin mukam Nurularmyz, Guwanýarys adyňyza. Bizem barars gurultaýa, NURY dakyp adymyza. Degişme gazýetde çap bolansoň, Italmaz gabat geldi-de: —Sen goşgy ýazyp bileňok, Kürt—diýdi. —Prozaňy ýaz-da ýör, goşga goşulma… —Hä, degişmäni halamadyňmy? — Goşguda jemleýji nokat ýok. Ras, goşgy degişmemi, degişme-de bolsun. Ol goşgyny “Siz 10-12 sany aýdymçy, mukamçy Nurusyňyz welin, hemmäňiz birleşseňizem, ýeke şahyr Italmaz NURYça ýoksyňyz” diýen ýaly jemleme bilen gutarmaly… * * * Italmaz Nury özi hakda degişme döredilmegini küýseýärdi, ýakyn ýoldaşlary bolan biz onuň özüni görmegi küýseýärdik. Onuň bilen ýygy-ýygydan duşuşmasak, ara daş bolsa, telefonda sesini eşitmesek, bir zadymyz ýetmeýän ýalydy. Gowşut Şamyýew, Halyl Kulyýew, Tirkiş Jumageldiýew, Saýlaw Myradow, Hudaýberdi Diwangulyýew, Gurbannazar Ezizow dagy Italmazsyz “döwre gurap, käse aýlan” däldirler diýsemem, ýalňyşmaryn. Men Moskwada işlämsoň, ýaňkylara garanyňda, onuň bilen seýregräk duşuşýardym. Ýöne günde-günaşa oňa til edip durardym. Iki-üç gün habarlaşmasam, Italmazyň özi jaň edip: “Aý, men-laýt! Saglygyňy soraýaýyn diýdim” diýerdi. Emma 1980-81-nji ýyllarda onuň özüniň saglyk ýagdaýyndan habar tutup başlamaly bolduk. Ol apgyrtma ýaly bir alkymçişme derde sezewar boldy. Şunlukda, esli mahallap ondan ses-seda çykmady. Şol mahallar Moskwada Ýokary partiýa mekdebinde okaýan, Italmazyň ýegre dosty Hudaýberdi Diwangulyýew oňa üç-dört bentlik degişme goşgy ýazyp, maňa-da telefonda okap berdi. Soňra Hudaýberdi ikimiz birleşip, ony ullakan degişme goşga öwürdik. Ine şol Italmaza iberilen degişme hatyň gysgaldylan nusgasy: Obaň-a terk etdiň, iliň amanmy, Söwer dostlarmyzyň biri, Italmaz? Hat-habar ýok, diriligiň gümanmy, Ynha, birki hepde bäri, Italmaz? Gepleşeýin diýsem, sesiň syrtyňda, Bir eliň nasyňda, biri kartyňda. Nepi ýok Atajan Tagan kürtüň-de, Senden habar bermez Nury, Italmaz. Nuh bilen içişip, gämisin tartan, Ahilles ylganda, ýanynda ýortan, Zewc bilen darkaşyp, köýnegin ýyrtan, Şol zamandan bäri diri, Italmaz. Garaşman mürähet, hödür-kereme, Kürsäp girip gitdiň bagy Ereme. Sen döräliň bardyr goja Ýerem-ä, Zooparkyň meýmuny, şiri, Italmaz. Näçe asyr şerap süzdi dahanyň, Näçe asyr dişsiz gezdi dahanyň. Müň ýyl ozal Maru-ŞahuJahanyň, Tasdanam bolupdyň meri, Italmaz. Napoleony ajy-ajy gägirden, Karfagenleň dynç başyny agyrdan. Kerbabaňam on iki süňňün agardan Ýaşytdaşyň ýeriň şary, Italmaz. Ýaňy ökdelediň teňňe sowmaga, Daglar lerzan urýar gurýan gowgaňa. Jüneýt senden gaçyp gitdi Owgana, Afroditaň intizary, Italmaz. Dömmän senden ýagyr bolan gerşiniň, Haýrany biz dünýäň abat durşunyň. Megerem, üçünji jahan urşunyň Sen bolarsyň sebäpkäri, Italmaz. Nusaý salynanda bolup prorab, Artyk narýad ýazyp, içipsiň şerap. Oks derýasyna syrtyňy diräp, Isgendere saldyň zory, Italmaz. Saglygyň gowumy, oňatmy işler? Sagmy Saýlaw, Tirkiş, Gowşut ýoldaşlar? Ýene duşuşýançak sag bolsun başlar, Bir hat gönder biziň sary, Italmaz. Italmaz bu degişme haty gabat gelene okap berýär eken. Şeýlelikde, ol köp adamyň gulagyna ýetipdir. Bir gezek Italmaz maňa jaň edip: “Hudaýberdä-de til etdim welin, ýerinde ýok eken. Şol goşgyňyzyň ýene bir nusgasyny iberiň!”-diýdi. Asyl goşgyny Italmazdan kimdir biri alyp gidipdir-de, yzyna gaýtarmandyr. Italmaz bolsa ol degişmäni ýitirmek islemändir. Ol sözüniň ahyrynda: “Sizdenem şahyr bolarmy! Men ol goşga ýene iki küplet goşdum welin, Hudaýberdi ikiňiziň ýazanyňyzdan müň esse gowy boldy”- diýdi. * * * Bir gezek iş kabinetimizde otyrkam, moskwaly rus şahyry, Magtymgulynyň, Anna Kowusowyň, Italmaz Nurynyň köp goşgularyny terjime eden ýaşuly Ýuriý Gordiýenko gapyny emaý bilen açdy-da, meni daşaryk çagyrdy. Koridora çykdym. Şahyryň goltugynda kagyza dolangy bir zat bardy. Ol meni has aňyrrak, adamlardan çeträge çagyrdy-da: —Meň-ä senlik bir aladam bar, gadyrdan—diýdi. Özi-de ol uýala-gorka gepledi, — Bir hili ýagdaý-ha bolandyr welin, hiç kime aýtmaweri! On-on iki gün ozal Ýuriý Petrowiçi biz Aşgabada döredijilik komandirowkasyna iberipdik. Şonuň üçinem men ol baran ýerinde bir gelşiksiz iş edendir öýdüp müňkür boldum. —Komandirowka sag-aman geçdi dälmi? Özüňiz-ä aman-esen gelen ýaly. Ýüz-gözüňiz oňat… —Ýüz-gözüm bar bolsun-la!—diýip, ýaşuly utançly ýylgyrdy. —Aşgabatdan gaýtmazymdan iki gün ozal, ilki-hä Anna Kowusowa sataşdym. Soňam ol ikimiz Italmaz Nurylara gitdik… —Gaty gowy-da. Döredijilik gürrüňi bolandyr. Biz sizi hut şeýle maksat bilenem komandirowka ýolladyk-da. —Ol-a dogry welin… —diýip, Gordiýenko goltugyndaky zada tarap ümledi. —Gaýdamda Italmazlardan ugramaly boldum. Agşamam uzagrak oturypdyrys. Ertiriň alasarmyklygynda, men özümüňkidir öýdüp, Italmazyň penjegini geýip gaýdyberipdirin. Men ýaşulyny utandyrmajak bolup: —Aý, onça-onça zat şahyrlarda hälimi-şindi bolup duran zat ahyryn!—diýen boldum. —Şeýledir welin… —diýip, Ýuriý Petrowiç utançly güldi. —Penjegimiň kisesinde jaýymyň açary bardy… Gelemsoň, öýüme-de gapyny döwüp girmeli boldum. Gelen-giden bolsa, Italmazyň penjegini Aşgabada ibersene! Men kagyza dolangy penjegi alyp galdym-da, Gordiýenko gidensoň, Aşgabada jaň etdim. Habarymy diňlän Italmaz: —Asyl kisämde bir del açar bar diýdim-le!—diýip, meni geňirgendirdi. —Ýura ikimiziň penjegimiz-a meňzeş ekeni welin, açardanam aňaýmandyryn-da… * * * Bokurdagynyň çişi üçin Italmazy operasiýa etmediler. Sebäbi onuň üstesine ýokary ganjoşma-da peýda bolupdyr. Böwrekden dörän ganjoşma gitdikçe güýjäp, Italmazy tanar ýaly bolmady. Men ony soramak üçin iki gezek Aşgabada gelip gitdim. …Tomsuň jokrama yssysynda köpüň gowy görýän ýigidi, guýmagursak şahyr Italmaz Nury Aşgabat şäherinde düňýäden ötdi. Ony Mary etrabyna äkidip, öz obasynyň öwlüýäsinde ýerlediler. Italmazyň instituty tamamlap, ilki işe başlan ýeri bolan “Edebiýat we sungat” gazýetiniň redaksiýasy onuň ölüm ýassygynda ýatyrka ýazan iň soňky goşgusyny öz sahypasynda çap etdi. Men ol goşgyny gazýetiň 1985-nji ýylyň 14-nji iýunyndaky sanyndan alyp, öz ýazgyma goşdum: • AÝYRMA Ykbal, ýazym, tomsum ötdi, Ýöne güýzden aýyrma sen. Indi gyşa nobat ýetdi, Garly düzden aýyrma sen. Gülüp, bagrym kebap kylan, Dertli günüm tebip bolan, Müň aýdyma sebäp bolan, Gara gözden aýyrma sen. Buýsanç bilen gezer ýaly, Dosta ganat gerer ýaly, Joşup, nagma düzer ýaly, Şirin sözden aýyrma sen. Ýürek berip bu giň düze, Tohum sepdim ellem bile. Joşdur, gaýrat bersin bize, Hoş owazdan aýyrma sen. Haýry oňlap, şeri geňläp, Seret, barýan ömri soňlap. Ýüzläp-ýüzläp, müňläp-müňläp Tanyş ýüzden aýyrma sen. Ýok durmuşdan doýma, ykbal, Ömri ýolda goýma, ykbal. Gör, gerdende agyr ýük bar, Ilden-günden aýyrma sen. Magtymguly Pyragy aýtmyşlaýyn, ölmegi, aýrylmagy bize Pederiň özi miras goýmuş. Ýöne şol miras boýna düşenden soňam, şahyr Italmaz Nury ýaly mydama ýagşylykda ýatlanmak hemmämize nesip etsin… 1969-89 Mary-Aşgabat-Moskwa. * * * Ýüzüňe öwýäniň duşmançylygy ýüzüňe tankytlaýanyňkydan has çökderdir. * * * Gowy adamlar uçdantutma diýen ýaly sadadan ynanjaň bolýarlar. Ýaramaz adamlar bolsa şol sadalygy, ynanjaňlygy öz bähbitlerine ulanýarlar. Ol taryh boýy hem şeýle bolupdyr, häzirem şeýle. * * * Şu gün Resul Gamzatow maňa üç gezek jaň etdi. Ol içi gysýandygy sebäpli şeýdýär. Dost-ýarlaryňy, deň-duşlaryňy, pikirdeşleriňi ýitirip, ýalňyz galmagyň aýylganç jezadygyna men Resul Gamzatowyň mysalynda anyk göz ýetirdim. Dünýäden ötüp giden Tihonow, Twardowskiý, Kaýsyn Kylyýew, Sergeý Orlow, Tarkowsgkiý, Dudin, Lukonin… onuň ýürekdeş dostlarydy. O5. O3. 92. Adam ýaşap ýörende, Ýalan ýaly öljegi. Ýöne uly ölende, Soň bilinýär ölçegi. Gurbannazar Ezizowyň bu pikiriniň dogrudygyny ýazyjy Gurbandurdy Gurbansähedowyň aradan çykmagy ýene bur gezek tassyklady. Ol türkmen ýazyjylarynyň iň köp okaýanlarynyň biridi, sowet edebiýatyndan, dünýä edebiýatyndan, has-da Gündogar edebiýatyndan türgendi, gönümel hem tapylgysyz maslahatçydy. G. Gurbansähedow özüniň şeýdýändigini-de bilmän, sähel many aňýan diňleýjisine täsin, diýseň wajyp epizodlary-da peýrewe gürrüň arasynda hem aýdar goýberibererdi. Onuň 25 ýaşynda Ýazyjylar soýuzyna başlyk bolmagy-da, 27 ýaşynda Kremlde edebiýat barada doklad etmegi-de, 27 ýaşynda “Sowet Türkmenistany” gazýetine baş redaktor bellenmegi-de düşünjeli adamdygyndan gelip çykýan bolsa gerek. Ýöne onuň özi dirikä biz beýle zatlar barada oýlanmandyrys. * * * “Amerikany Kolumb däl, türki dilli adamlar açypdyr” diýen çaklama kem-kemden ynanasyň gelip barýar. ”El—Altaý” žurnalynyň 1991-nji ýyldaky 2-nji sany tötänden elime düşdi. ”Naukada şinžuler açyltalar” atly makalada amerikaly indeýler taýpasynyň dili bilen türki taýpalaryň dilleriniň gaty golaýdygyna garalýar. Şol makaladan birnäçe mysal: Indeýçe. (maýýalar): Rusça: Türkçe: ýaş molodoý ýaş kun solnse gün iç wnutrennost iç (garyn). uş tri üç koç noşa göç a-aç ohotnik awçy koş ptisa guş imiş frukta iýmiş a-ak belyý ak ik dwa iki çaçak krasiwyý çiçek-gül çilan zmeýa ýylan bagyr peçen bagyr * * * “Oteçestwenen gront” neşirýatynyň çakylygy bilen Budapeşte baranymda, neşirýatyň ýolbaşçylary meni gunorta naharyna çagyrdylar. Nahar mahaly olar maňa Türkmenistan hakda kän sowal berdiler. Ýöne, näme üçindir, üstünliklerimiz hakdaky gürrüňlerimi baş ýaýkamak bilen, kemçiligimiz hakdaky gürrüňlerimi bolsa, baş atyp diňlediler. Agşamlyk myhmanhananyň gapysynda terjimeçi bilen hoşlaşanymda, näme sebäbe gürrüňçilerimiň beýdendiklerini soradym. Asyl wengerler makullanlarynda baş ýaýkap, makullamasalaram baş atýar ekenler. * * * Döwlet ýolbaýçylary öz ýurdunyň raýatlaryna orden, medal, paýlap bilerler. Ýöne olar talant bilen akyl paýlap bilmezler. Şol hem adamlaryň bagtynyň getirdigi. * * * Taryh özüne hiç kimiň beren bahasyny kabul etmeýär. Çünki ol özüne baha berilmegi üçin döredilmän, oňa baha bermäge synanyşýanlara nyrh kesmek üçin döredilipdir. Şol sebäpli-de taryha üýtgeşme girizjek bolmak taryhy akmaklykdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 6 | ||||||
| ||||||