16:15 Kysasyl enbiýa -19: Iwaj ibn Ynagyň wakalarynyň beýany | |
SEKIZINJI KYSSA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
IWAJ IBN YNAGYŇ WAKALARYNYŇ BEÝANY Şeýle rowaýat edipdirler: Nuh alaýhyssalamyň kowumynda Iwaj ibn Ynak atly bir kişi bardy. Onuň enesi Ynak Adam alaýhyssalamyň gyzydy. Iwaj onuň ogludy. Ol ägirt uludy. Ol ýörände bir aýagy bilen beýleki aýagynyň aralygy bir günlük ýoldy. Onuň höregi derýalardaky äheň balyklardy. Ol balygy güne çoýup bişirip iýerdi. Hekaýat. Iwaj tupanda heläk bolmady. Ol kapyr däldi. Onuň hatyny ýokdy. Ol derýanyň kenarynda we jeňňellerde gezerdi. Tupanyň suwy onuň dyzyndan ýokary ötmedi. Iwaj hatyny ýaman görerdi. Ol hatyn almazdy. Emma ol bir gyzy alyp gaçyp, ony dagyň üstünde kişi görmez ýaly ýerde goýdy. Ony guş hem görmedi. Bu gyz ösüp ulaldy. Iwaj är-hatynlyga meýil etdi. Gyz gorkup, ony kabul etmedi. Ertesi Iwaj çykyp gitdi. Gyz dagyň etegine geldi. Onuň bir ýigide gözi düşdi. Gyz ýigide magşuk, ýigit hem gyza aşyk boldy. Emma olar bir ýerde bolmaga hiç ýagdaý tapmadylar. Ýigit bir kempire ýagdaýyny aýtdy. Kempir: «Eý, ýigit! Sen bar-da bir sandyk alyp gel» diýdi. Ol ýigit bir sandyk alyp geldi. Kempir ýigidi sandyga salyp, dagyň eteginde goýup oturdy. Birden Iwaj geldi. Ol kempir ýyglap: «Eý, oglum! Bu sandykda kişiniň amanaty bar, şony sen saklap ber. Meniň başga kişä ynamym ýokdur» diýdi. Iwaj sandygy alyp, baryp ol gyzyň ýanynda goýdy. Iwajyň özi her günde gyzyň ýanyndan giderdi. Gyz bu sandygy açyp, ýigit bilen aýşy-eşret sürerdi. Bir gün Iwaj awdan geldi. Görse, bir adamyň yzy bar. Ol gyzdan: «Bu ýere kim geldi?» diýip sorady. Gyz: «Hiç kim gelmedi» diýdi. Iwaj sandygy açyp, ol ýigidi gördi. Iwaj gaharlanyp ol ýigitden: «Seni bu ýere kim alyp geldi?» diýip sorady. Ýigit alaç tapman dogrusyny aýtdy. Iwaj ol ýigidi daňyp goýup, kempiri alyp geldi. Ol kempiri, ýigidi we gyzy bir ýere daňyp goýup, olaryň üstüne böwl etdi. Olar böwla gark boldular». Ýene bir rowaýat aýdypdyrlar. Iwajyň bir halka gahary gelse, bir aýagyny obanyň bir garasynda, beýleki aýagyny bolsa obanyň ol başynda goýup, bowl etse, obanyň adamlary peşewe gark bolardylar. Hekaýat. Rum serhedinde bir şäher bardy. Şäher adamlary odun daşamak bilen gün-güzeran görerdiler. Birnäçe adamlar odun daşamak maksady bilen Iwajy çagyryp geldiler we oňa: «Eý, Iwaj! Sen bize odun çykaryp ber. Biz seniň höregiňi bereli» diýdiler. Iwaj bularyň sözüni kabul etdi. Ol her gün jeňňelden odun alyp, gelip şäheriň ýanynda goýardy. Ýigrimi-otuz kişi ol oduny şäheriň içine daşardylan. Bu halk maslahat bilen şäheriň öňünde iki howuz köwdüler. Howzuň her biri bir batmanlyk ýerdi. Öý başyna bir tabak aş we bir nan alyp çykyp, bir howza aşy, beýleki howza nany taşladylar. Nan-aş alyp gelen kişiler bir bogdak odun alyp giderdiler. Iwaj hem her gün: aşy bir ýuwdup, nanlary ýygnap bir agyzda iýerdi. Soň onuň nebsi aram tapardy. Emma ol ömründe garny doýar-doýmaz bolup ýörerdi. Ol hergiz doýynça tagam iýip görmändi. Hezreti Nuh alaýhyssalam oňa: «Sen maňa şol çynary getir. Men öýden tagam getirip seniň garnyňy doýuraýyn» diýdi. Iwaj: «Eý, Nuh! Sen meniň bilen ol ýere baryp, haýsy çynary isleseň, ony getirip bereýin» diýdi. Nuh alaýhyssalam: «Men seniň bilen deň ýöräp bilmerin» diýdi. Iwaj: «Men seni göterip gideýin» diýdi. Onsoň Iwaj Nuh alaýhyssalamy göterip, ol ýere alyp bardy. Ol ýere ýetip: «Eý, Nuh! Sen haýsy çynary isleýärsiň?» diýip sorady. Nuh alaýhyssalam bir näçe çynary görkezdi. Olaryň ýogynlygy kyrk gez, uzynlygy bolsa togsan gezdi. Iwaj derýanyň kenarynda durup, bir goluny uzadyp, bir goly bilen ol çynary ýolup aldy. Çynary ýüz batmanlyk laýy bilen sowrup çykardy. Iwaj Nuh alaýhyssalamy boýnuna göte¬rip, çynary bir golunda saklap, Nuh alaýhyssalamyň şäherine getirdi. Ondan bäş tagta öndi. Çynary ýonup bejerdiler. Ol agaçlaryň her birinde bir at ýazylyp çykdy. Olaryň birinde Muhammet alaýhyssalamyň ady, galan dördüsinde bolsa, dört çaryýarlaryň atlary bardy. Nuh alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Bu tagtalarda atlary ýazylan kişiler kimlerdir?» diýip sorady. Allatagaladan: «Eý, Nuh! Muhammet meniň söwer dostumdyr. Ol dört kişi onuň dört çaryýarlarydyr» diýen owaz geldi. Soňra Nuh alaýhyssalamyň ýanyna Iwaj gelip: «Eý, Nuh! Men ýagşy hyzmat etdim, indi sen maňa tagam ber» diýdi. Nuh alaýhyssalam mynajat edip: «Eý, Taňrym! Men muny nähili doýraryn?» diýdi. Hudaýtagaladan Jebraýyl alaýhyssalama: «Iwaj doýynça tagam getir» diýip, perman boldy. Jebraýyl alaýhyssalam iki arpa nany getirip berdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Nany Iwajyň agzyna: «Bismillähi-r-rahmany-r-rahym» diýip salyň we Hudaýtagalanyň gudratyna tomaşa eýläň. Nuh alaýhyssalam: «Eý, Iwaj! Men seni şol iki nan bilen doýraryn» diýdi. Iwaj gülüp: «Eý, Nuh! Sen meniň üstümden güljek bolýarsyňmy? Men her gün müň nany iýsem hem maňa huruşlyk bolmaýar» diýdi. Şol wagt Nuh alaýhyssalam bir nany uşadyp, ony Iwaja berdi we oňa: «Sen muny «Bismillähi-r-rahmany-r-rahym» diýip iý» diýdi. Iwaj: «Bismillähi-r-rahmany-r-rahym» diýip, bir nanyň ýarysyny iýdi. Ol orta garyn boldy. Nuh alaýhyssalam oňa nanyň galan ýarymyny berdi. Ol bu ýaryny iýip doýdy we arzuwyna ýetdi. Bu «Bismillähi-r-rahmany-r-rahym» jümlesiniň häsiýetidi. Nuh alaýhyssalam oňa ikinji nany hem berdi. Soňra Iwaj öňki odunçylygyna bardy» diýipdirler. Rowaýat. Iwaj Nil derýasynyň kenaryna baryp, iki aýagyny derýanyň ol kenaryna uzadyp oturdy. Şol wagt Ezraýyl alaýhyssalam gelip, onuň janyny aldy. Iwajyň iki aýagy derýanyň üstünde köpri bolup galdy. Onuň içini deşdiler. Onuň aýagynyň içinden ençe ýyllap kerwen ýöredi. Bir gün iki tarapdan onuň içine kerwen girdi. Kerwenler derýanyň ortasyna ýetende, olaryň ýüki çaknyşdy. Olar biri-biriniň ýükleri bilen derýanyň içine agdaryldylar. Şonuň üçin derýanyň iki kenarynda hem nagara goýdular. Bir tarapdan kerwen girse, nagara kakardylar. Nagaranyň owazyny eşidip beýleki tarapdaky kerwen garaşardy. Adamlar: «Iwajyň süňki çüýräp galmasyn» diýip, ony ýylda bir gezek ýaglap goýardylar. «Kyýamat güni gelip, tüýdük çalynýança Iwajyň aýagy derýa köpri bolup durar» hem diýipdirler. Rowaýat. Iwaj hezreti Musanyň döwrüne çenli diridi. Ol: «Men Musanyň leşgerini gördüm. Ol leşger dört agaç ýeri tutup durdy» diýipdir. Iwaj bir dagy göterip, baryp ony Musa alaýhyssalamyň leşgeriniň üstünden inderip heläk etmekçi boldy. Allatagala hüthüte: «Iwajyň elindäki dagy deş» diýip, perman berdi. Hüthüt gelip, ol dagy deşdi. Dag Iwajyň boýnuna galkan bolup girdi. Musa alaýhyssalama: «Indi Iwajy hasaň bilen ur» diýip buýurdy. Iwaj Musa alaýhyssalam bilen söweşip bilmedi. Musa alaýhyssalamyň boýy on iki garydy, hasasy hem boýuna deňdi. Musa alaýhyssalam ony hemme möminler bilen urdy. Iwaj ýykylyp ýere düşdi. Musa alaýhyssalamyň kowumy ony ýenjip-ýenjip öldürdiler. Iwajyň bir gapyrgasyny döwüp aldylar. Onuň uzynlygy dört agaçlyk eken. Ony derýa köpri etdiler. Musa dileg etdi. Hüthüt guşlaryň arasyndan saýlandy. «Hüthüt beýleki guşlara höwürtge salyp berer» diýipdirler. Elkyssa, Nuh alaýhyssalam tagtalary ýonup duran wagty kapyrlar gelip: «Eý, Nuh! Sen öň pygamberdiň, indi neçjar bolduňmy?» diýip, ony ýaňsylardylar. Hezreti Nuha gämi ýasamagy Jebraýyl alaýhyssalam öw-retdi. Ol oňa suwdaky ördegi görkezdi. Nuh alaýhyssalam ördege meňzedip, gämi ýasamaga başlady. Nuh alaýhyssalam gämini taýýar etdi. Kapyrlar gelip ondan: «Eý, Nuh! Bu gämi nämedir? Ol näme üçin gerek?» diýip soradylar. Nuh alaýhyssalam: «Bu dünýä suwdan dolar. Her kim maňa iman getirse, «Lä ilähe illalla, Nuhun nebiýýulla» diýse, Hudaýtagalanyň birligine we Biribarlygyna iman getirse, ol şu gämä girer. Ol suwda heläk bolmaz» diýdi. Kapyrlar ony masgaralap, gülüp gitdiler. Nuh alaýhyssalam olara: «Bu wagt siz meni masgaralap gülýärsiňiz. Emma tupanyň azaby gelende men siziň üstüňizden gülerin» diýip, jogap aýtdy. Bir gün kapyrlar gelip, gaýyt kylyp, gäminiň içini nejasatdan doldurdylar. Gäminiň içinde gurtlar peýda boldy. Nuh alaýhyssalam gämini arassalamagyň alajyny tapmady we mynajat edip: «Eý, Taňrym! Kapyrlar bu gämini nejasat bilen doldurdylar. Men gurtlara näme alaç ederin?» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Nuh! Sen onuň gamyny iýme. Ony saňa özleri arassalap bererler» diýen owaz geldi. Birnäçe günden soň kapyrlaryň hemmesi juzam keseline ýolukdylar. Olaryň uly-kiçileriniň gaş-kirpikleri, saç-sakgallary döküldi. Olar bu derdiň agyrysyna çydam edip bilmediler. Nuh alaýhyssalam: «Siz gäminiň içindäki nejasaty iýseňiz, bu keseliňizden açylarsyňyz» diýdi. Kapyrlaryň biri ondan iýip gördi, ol dertden saplandy. Bu habary beýleki kapyrlar hem eşitdiler. Olar gämidäki nejasaty çöpläp aldylar. Ahyrynda olar gämini ýuwup, nejasatyň suwuny içdiler. Elgaraz, kapyrlaryň özleri gämini arassalap berdiler. Elkyssa, Nuh alaýhyssalam obama-oba, şäherme-şäher aýlanyp, adamlary imana çagyrdy. Kapyrlar ony daş we sypal bilen urup kowdular. Ahyrynda Nuh alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Sen maňa: «Men tupan ibererin» diýip wada edipdiň. Ol haçan miýesser bolar?» diýdi. Allatagala: «Eý, Nuh! Haçan seniň tamdyryň içinden suw çyksa, saňa wada beren azabymyň başlangyjy bolar» diýdi. Allatagaladan ýene-de: «Eý, Nuh! Sen hemme jandardan bir jübüt erkek we bir jübüt urkaçy alyp, olary gämä sal. Olaryň nesli kesilmesin» diýen owaz geldi. Nuh alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Men ýalňyzdyryn. Men munça mukdar janawary jübüti bilen nähili tutaryn?» diýdi. Hudaýtagala: «Men taňla hemme janawarlary jübüti bilen gäminiň ýanynda häzir ederin» diýdi. Ertesi hemme janawarlar jübüti bilen gäminiň töweregine geldiler. Nuh alaýhyssalam hemme janawarlaryň başy pil, soňy mürçe, guşlardan we uçýan mör-möjekleriň başy symrug, soňy çybyndan bir jübüt bir jübüt edip gämä saldy. Ol hemme miweleriň tohumyny hem aldy. Segsen sany musulman bolan kişini gämä girizdi. Nuhuň gämisi üç gatdy. Onuň uzynlygy bir müň iki ýüz gary, ini iki ýüz garydy. Gämä ýüz ýigrimi dört müň demir bag bagladylar. Her bir bagda bir pygamberiň ady ýazylgydy. Şeýtan ol ýazgylardan «Muhammen resulalla» diýen ýazgyly bagy ogurlady. Nuh alaýhyssalam ony köp gözledi, emma tapmady. Jebraýyl alaýhyssalam gelip, hezreti Nuha şeýtanyň bu ogurlygyndan habar berdi. Jebraýyl alaýhyssalam şeýtana: «Ony Nuha ber» diýdi. Şeýtan: «Men ony almadym» diýip, ant içip, awy ýalady. Jebraýyl alaýhyssalamyň gahary geldi. Ol gäminiň bir agajyny alyp şeýtanyň başyna urdy. Onuň başy we gözi gana bulandy. Soň şeýtan gorkusyndan bagy Nuh alaýhyssalama berdi. Nuh alaýhyssalam gäminiň ýokarky gatynda guş we gurtlary, ortaky gatynda ogullary Hamy, Samy, Ýafesi, segsen musulmany, aşak gatynda ýylky-garalary we beýleki janawarlary ýerleşdirdi. Nuh alaýhyssalamyň dört ogly bardy. Kengan, Ham, Sam, Ýafes. Kengan onuň uly ogludy. Ol kapyrdy. Galan üç ogly musulmandy. Nuh alaýhyssalam gije tupanyň gelerine garaşdy. Emma daň atýança tupandan hiç hili nam-nyşan bolmady. Daň atdy. Nuh alaýhyssalam mynajat edip: «Eý, Taňrym! Sen maňa: tupany gije ibererin diýip wada edipdiň. Seniň wadaň berjaý bolmady» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Nuh! Bu gije bir kapyr bidar boldy, şonuň üçin bu häsiýeti sebäpli Men belany gije ibermedim» diýen owaz geldi. Şol wagt gün dogup gelýärdi. Nuh alaýhyssalamyň kapyr aýaly tamdyrda nan bişirip durdy. Birden tamdyryň içinden suw çykyp başlady. Soňra suw hemme ýerden çykdy. Asmandan ýagmyr ýagyp ugrady. Kapyrlar gaçyp belent daglara çykdylar. Suw daglardan kyrk gez ýokary galdy. Nuh alaýhyssalamyň uly ogly Kengan gämä girmedi. Ol çüýşegärdi. Ol çüýşeden sandyk ýasap, ýanyna iýim-içim alyp, onuň içine girip oturdy. Nuh alaýhyssalama: «Haýwanlaryň her jynsyndan bir jübütini we ähliňi gämä mündir» diýip, perman bolupdy. Ol Kengany gämä girmäge çagyrdy. Allatagaladan: «Eý, Nuh! Ol seniň musulman ähliňden däldir. Ol kapyrdyr» diýen owaz geldi. Nuh alaýhyssalam: «Eý, Kengan! Sen musulman bol we gämä gir. Seni tupan suwy heläk etmesin» diýdi. Kengan: «Men dagyň üstüne çykaryn. Dag meni suwdan halas eder» diýdi. Elgaraz, onuň çüýşe sandygy bir daşa degip döwüldi we ol gark bolup öldi. Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, hemmeden öň gämä garynja, hemmeden soň bolsa eşek girdi. Çünki eşegiň guýrugyndan şeýtan dartyp onuň gämä girmegine ýol bermeýärdi. Nuh alaýhyssalam eşege: «Eý, melgun! Sen näme üçin dursuň, çaltrak gämä gir» diýdi. Emma eşekden öň şeýtan girdi. Nuh alaýhyssalam gäminiň içinde şeýtany görüp: «Eý, melgun! Sen gämä kimiň permany bilen girdiň?» diýdi. Şeýtan: «Men seniň sözüň, seniň permanyň bilen girdim» diýdi. Nuh alaýhyssalam: «Haçan men saňa gir diýip aýtdym?» diýdi. Şeýtan: «Sen eşege «Eý, melgun, gir diýdiň. Emma melgun mendirin, eşek däldir» diýdi. Mälik ibn Süleýman Hirawy (goý, Allatagalanyň oňa reh-meti bolsun!) şeýle diýipdir: «Nuh alaýhyssalam ýylany we içýany: «Sizden adamlara zeper ýeter» diýip, gämä girizmedi. Olar: «Kim seniň adyňy okasa, ol kişä biz zyýan etmeris» diýipdirler. Kim ýylandan ýa-da içýandan gorksa, ol: «Salämun alä Nuhin fil-älemin, innä kezälike nejzil-muhsinin, innehu min ybädinel-möminin» diýen aýatlary okap ýatsyn. Olary hergiz ýylan-içýan çakmaz diýipdirler. Nuh alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Arslan bilen üý, böri bi-len goýun, pişik bilen gögerçin biri-birine duşmandyr. Men bulary nädip saklaýyn?» diýdi. Taňrydan: «Olaryň arasynda duşmançylygy kim peýda etdi?» diýen owaz geldi. Nuh alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Duşmançylyk we ýagylyk senden geldi» diýdi. Taňrydan: «Eý, Nuh! Duşmançylygy beren ylalaşygy hem berer» diýen owaz geldi. Ýene: «Eý, Nuh! Adam alaýhyssalamyň süňküni getirip, gämä giriz! Oňa azap suwy degmesin» diýen perman boldy. Nuh alaýhyssalam Adam alaýhyssalamyň jesedini getirip, gämide goýdy. Onuň bir tarapynda erkekler, beýleki tarapynda aýallar durdy. Adam alaýhyssalamyň jesedi olara arada hyjap boldy. Ýene bir rowaýatda: Adam atanyň süňklerini Jedi dagynda goýdy» diýilýär. Emma Adam atanyň eti we derisi Sarandipdedir, süňkleri Jedi dagyndadyr. Suw gäminiň gyrasyna geldi. Nuh alaýhyssalam näçe jan çekse hem gämi ýöremedi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Eý, Nuh! Gäminiň dört burçunda dört aýn harpyny goý. Aýdypdyrlar: «Ol aýnlaryň birinjisi Atyk, ikinjisi Omar, üçünjisi Osman, dördünjisi Alydyr». Şondan soň gämi ýöräp ugrady. Aýat: «Gämi biziň gözümiziň öňünde Nuhuň sözüne ynanmazçylyk edenlere jeza hökmünde ýöredi». Nuh alaýhyssalam gämä Yrakda mündi we Mekgä bardy. Ol Mekgede ýedi gezek togap etdi. Magryba, ondan soň Maşryga bardy. Ol rejep aýynyň on üçüne gämä mündi. Ol alty aý gämide ýüzdi. Kyrk gije-gündiz ýagyn ýagyp ýerden suw çykdy. Aýat: «Biz asmanyň gapylaryny yzy kesilmeýän suw bilen açdyk, ýeriň çeşmeleriniň suwlaryny çogdurdyk». Nuh alaýhyssalama pygamberlik inderilende ol ýüz ýaşyndady. Ol dokuz ýüz elli ýyl adamlary imana çagyrdy. Ýene bir rowaýatda aýdylşyna görä, oňa pygamberlik berlende, dört ýüz ýaşyndady. Ol tupandan soň ýene üç ýüz elli ýyl ömür sürdi. Onuň ömri bir müň ýedi ýüz ýyldyr. Şeýle rowaýat aýdypdyrlar: Kyrk gije-gündiz ýagyn ýagdy. Onuň her damjasy degirmeniň daşy ýalydy. Dünýäniň iň beýik dagynyň üstüne suw kyrk gez çenli çykdy. Gämidäki segsen kişiden başga dünýäde hiç kim diri galmady. Olardan başga hemme adamlar öldi. Iwaj bin Ynak diri galypdy. Tupanyň suwy Ynajyň dyzyna ýetdi we oňa zeper ýetirmedi. Onuň diri galmagy iki sebäpdendi. Birinji sebäp, Nuh alaýhyssalam: «Maşgalaly kapyrlaryň biri diri galmasyn» diýip, dileg edipdi. Iwajyň öýi-ili ýokdy. Ikinji sebäp, gämi nirede togtasa Iwaj ony itererdi. Nuh alaýhyssalama pygamberlik habary gelende Iwaj ýüz ýaşyndady. Habarda aýdylşyna görä, syçan gämini kertip deşdi. Deşikden gäminiň içine suw girip, gark bolmak howpy peýda boldy. Nuh alaýhyssalam: «Kim bu deşigi baglasa, men oňa islän zadyny bereýin» diýdi. Ýylan: «Men suw girmez ýaly ol deşigi baglaýyn. Soň gäminiň içine giren suwy çykarsynlar. Ýöne maňa haýsy zadyň eti süýji bolsa, şony berersiň» diýdi. Nuh alaýhyssalam ýylanyň bu şertini kabul etdi. Ýylan suwa girip, deşigi baglady. Ol deşigiň agzyna toplanyp ýatdy. Gämä suw girmez ýaly boldy. Gämi gury ýere çykanda ýylan: «Eý, Nuh! Indi sen maňa wada eden zadyňy ber» diýdi. Nuh alaýhyssalam ara: «Bar, sen nämäniň etiniň süýjüdigini bilip gel. Şonuň etini ýylana bereliň» diýdi. Ol her hili haýwanlaryň, adamyň etinden dadyp görüp adamyň etinden süýji et ýok eken diýip, aýtmaga gelýärdi. Oňa garlawaç sataşyp: «Iň süýji et nämäniňki eken?» diýip sorady. Ary: «Adamyň etinden süýji et ýok eken» diýdi. Garlawaç: «Eý, dogan! Diliňi çykar, adamyň etinden men hem dadyp göreýin» diýdi. Ary dilini çykardy, garlawaç onuň dilini dartyp aldy. Ary güň bolup, wyrryldap bardy. Garlawaç onuň yzy bilen geldi. Nuh alaýhyssalam arydan: «Nämäniň eti süýji eken?» diýip sorady. Ary wyzzyldap durdy. Onuň sözüne düşünip bolmady. Nuh alaýhyssalam: «Ary näme üçin sözlemeýär» diýdi. Garlawaç: «Ary «Gurbaganyň eti iň süýji et eken» diýýär. Emma ol giç gelensoň geplemäge gorkýar» diýdi. Nuh alaýhyssalam ýylana gurbaganyň etini iýmekligi buýurdy. Şol wagtdan bäri ýylan tapsa gurbagany iýýär, ýogsa-da topragy iýýär. Ýylan garlawajyň adam perzendine ýagşylyk edendigini bildi. Elgaraz, ýylan garlawaja duşman boldy. Şol sebäpli garlawaç adam bilen bir öýde bolýar. Eger ol gün garlawaç şunuň ýaly ýagşylyk etmedik bolsa, adamlaryň eti ýylanlara iýmit bolardy. Nuh alaýhyssalam gämidäkilere: «Jübütleriňize gowuşmaň. Siz köpelersiňiz, soň oglan-uşaklaryňyz gämä sygmaz» diýip tabşyrypdy. Hiç kim jübütine gowuşmaýardy. Bir gün pişik itiň jübütine gowşup duranyny gördi. Pişik gelip bu ýagdaýy Nuh alaýhyssalama aýtdy. It: «Men beýle iş etmedim» diýip ýalan sözledi. Pişik: «Eý, Taňrym! Bu it seniň pygamberiňe ýalan sözleýär. Ol eden işinden dänýär. Sen öz gudratyň bilen muny jübüt bolup durşundaky ýagdaýda sakla. Men baryp Nuha habar bereýin» diýip ýalbardy. Hudaýtagala onuň dilegini kabul etdi. It jübütine gowşan ýagdaýynda galdy. Pişik gelip Nuh alaýhyssalama habar berdi. Nuh alaýhyssalam gelip itiň bu ýagdaýyny gördi. It örän uýatly boldy. Bu güne çenli ite bu iş miras galdy. It hem: «Eý, Taňrym! Pişik meni Nuha masgara etdi. Sen ony hem ýüzügara et» diýip dileg etdi. Taňry itiň dilegini hem kabul etdi. Bu sebäpden haçan pişikler jübütine gowuşsa, olar gaty mawlaşýarlar. Muny adamlar bilýändirler. Bu ýerden bir kişi başga bir kişiniň aýybyny açsa, özi hem aýyba sataşýandygy mälim boldy. Adamlaryň we haýwanlaryň nejesatlary gäminiň içini doldurdy. Doňuz bu nejasatlaryň hemmesini iýdi. «Bu gün doňzuň etiniň haram bolmagynyň sebäbi şudur» diýipdirler. Alty aý geçenden soň Nuh alaýhyssalam Iwaja: «Gämini süýre» diýdi. Çünki ondan başga hiç kimiň gäminiň guýrugyndan tutup süýremäge güýji ýetmezdi. Iwaj ony tutup süýremek üçin suwa girdi. Hudaýtagala ony tupanda heläk etmedi. Ondan soň Hudaýtagalanyň: «Eý, Ýer, suwuňy çek! Eý, asman, ýagmyryňy diňdir» diýen permany boldy. Asmandan ýagyn ýagmagy galdy, ýer suwuny çekdi. Aýat: «Gämi Judy dagynyň depesine direlip durdy». Ýeriň suwy muhytlara, deňizlere, köllere we derýalara çekildi. Eger deňziň ýa-da derýanyň suwy ajy ýa-da porsy bolsa, tupanda ölenler sebäplidir. Hudaýtagaladan daglara: «Men Nuhuň gämisini daglaryň birinde togtadaryn» diýen owaz geldi. Hemme daglar: «Gämi maňa gelip togtar» diýip başyny göterdiler. Judy dagy hemme daglardan pesdi. Ol: «Bu keramat maňa nireden miýesser bolsun» diýip, kiçigöwünlik etdi. Allatagala onuň bu häsiýeti üçin Judy dagyny gämini onda togtatmak bilen hormatlady. Nuh alaýhyssalam: «Kim Ýer ýüzünde suwun näçe mukdar galandygyny we Ýeriň açylyp-açylmandygynyň habaryny getirjek?» diýdi. Garga: «Eý, Nuh! Men gideýin» diýdi. Nuh alaýhyssalam oňa: «Özüňe kepil tutun» diýdi. Garga horazy özüne kepil tutundy. Garga uçup gitdi. Ol köp maslyklary gördi we olary iýmäge meşgul bolup gijä galdy. Horaz kepillik üçin gäminiň başyna çykyp, ganatlaryny kakyp gygyrdy. Garga yzyna gaýdyp gelmedi. Nuh alaýhyssalam garganyň deregine horazy alyp galdy. Horaz şol sebäpli uçup bilmeýän boldy. Muhammet alaýhyssalam: «Kepil bolmak melamatdyr, ortasy ökünçdir, ahyry garamatdyr. Kim bu söze ynanmasa ony synap görsün» diýipdir. Nuh alaýhyssalam garga: «Hu-daýtagala seniň ömrüňi horlukda, gorkuda we emgeklikde geçirmegi bersin» diýip ýaman dileg etdi. Garganyň gorkak bolmagy we hapa zatlary iýmegi şu ýerden galdy. Nuh alaýhyssalam töweregine bakyp durdy. Ol: «Tiz habar getir» diýip gögerçini iberdi. Ol suwy siňen bir ýere uçup bardy we ol ýerde gondy. Onuň aýagy palçyk boldy. Soňra ol yzyna gaýdyp geldi we aýagyndaky palçygy Nuh alaýhyssalama görkezdi. Onuň aýagynyň palçyga batan ýeri tüýlek boldy. Bu günki aýagy tüýlek gögerçinler onuň neslidir. Başga bir rowaýatda şeýle aýdylypdyr: «Gögerçin uçup, gelip suwuň çekilip azalan ýerinde: «Ine, gury ýer» diýip, oýlap gondy. Azap suwy porsy bolany üçin onuň aýagy gyzyl boldy». Gögerçin zeýtun agajynyň ýapragyny çüňki bilen tutup geldi we ony Nuha görkezdi. Nuh alaýhyssalam oňa: «Adamlar saňa bagyrsak bolup, öýlerinden orun bersinler» diýip, ýagşy dileg etdi. Gögerçin: «Meniň bir dilegim bar. Meniň guşlaryň arasynda zynatym bolsun» diýdi. Nuh alaýhyssalam: «Allatagala towk bersin» diýip, dileg etdi. Ol sebäpden gögerçiniň boýny bezeglidir. Allatagaladan: «Eý, Nuh! Sen biz tarapymyzdan salamatlyk bilen gämiden düş!» diýen perman geldi. Nuh alaýhyssalam gämiden çykdy. Ol gün segsen adam – kyrk erkek adam, kyrk aýal deňziň gyrasynda, bir obany bina etdiler. Oňa: Karýatul-samanin diýip at goýdular. Olar alty aý gäminiň içinde bolanlarynda ýel dynman öwsüpdi. Ondan son ýel dyndy. Bu dymyklyk olara ýaramady. Olar hassa bolup, ejizlediler. Ýedi kişiden başga olaryň hemmesi öldi. Diri galanlar: Nuh alaýhyssalam, onuň üç ogly we üç gelni. Dünýäde şu ýedi adamdan başga hiç kim diri galmady. Bu günki şunça halaýyk – ýagşy we ýaman adamlar Nuh alaýhyssalamyň ogullaryndan döredi. Onuň uly ogly Samdyr, ortanjysy Hamdyr, kiçisi bolsa Ýafesdir. Bir gün Nuh alaýhyssalam uklap ýatyrdy. Birden, ýel öwüsdi we onuň köýneginiň etegini göterdi. Onuň uýat ýeri açyldy. Ham ony görüp ýylgyrdy. Sam Hama melamat kyldy. Ýafes ýüwrüp gelip dony bilen atasynyň üstüni ýapdy. Nuh alaýhyssalam ukudan oýanyp, wakany sorady. Sam bolup geçen wakany atasyna aýdyp berdi. Nuh alaýhyssalamyň Hama gahary gelip: «Eý, Ham! Samyň perzentleri seniň perzentleriňi gul edip işletsinler. Olar kyýamata çenli hergiz bendeçilikden halas bolmasyn» diýdi. Başga bir rowaýatda: «Hudaýtagala Hamyň oňurgasyndaky nutfany gara etdi. Onuň perzentleri gara doguldy. Ham bu halyndan utanyp, aýalynyň elinden tutup, deňziň gyrasyndaky ada geldi we ol ýerde gamyşdan öý gurundy. Onuň öwlatlary hindiler, hebeşiler we zeňňiler ýaly halklardyr. Emma araplaryň we ajamlaryň atasy Samdyr. Nuh alaýhyssalam Hamy Hindistana, Samy Arap we Ajam welaýatlaryna, Ýafesi Türküstan welaýatyna iberdi. Bu sebäpli türkler eziz we hormatly boldular. Hemme türkler Ýafesiň neslidir. Bu sözler Abu Yshak Nişapurynyň jemlän «Kysasyl-enbiýa» atly kitabynyň içinde hem ýazylgydyr. Başga bir alymlaryň aýtmagyna görä Ýajuç we Mäjuç Ýafesiň neslindendir. Kagbul-Ahbar şeýle rowaýat edipdir: Adam alaýhyssalam uklap ýatyrka düýşürgedi we şeýtany boldy. Onuň nutfasy ýere damdy we topraga ýugruldy. Allatagala bu suwdan Ýajuç we Mäjujy ýaratdy. Olar bize ata tarapdan gatyşýar hem garyndaşdyr, emma Howa tarapyndan bize goşulmaýarlar, olar öweý garyndaş bolarlar. Abdylla ibn Apbas (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) aýdypdyr: «Adam alaýhyssalamyň ogullary on ülüşdi. Onuň dokuzysy Ýajuç we Mäjuçdyr, diňe bir ülüşi adamlardyr». Hekaýat. Nuh alaýhyssalamyň bir gyzy bardy. Oňa dört ýigitden sawçy geldi. Ol olaryň hemmesine: «Gyzymy bere-ýin» diýdi. Bir günde bularyň dördüsi hem gyzy almak üçin geldiler. Nuh alaýhyssalam haýran boldy. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Eý, Nuh! Hudaýtagala saňa salam, perişdeler bolsa alkyş aýdýarlar. Sen gyzyňy, itiňi we eşegiňi bir öýde goý. Soň Hudaýtagalanyň gudratyna tomaşa etgin» diýdi. Nuh alaýhyssalam aýdylyşy ýaly etdi. Ol ertesi baryp görse, dört sany meňzeş gyz otyran eken. Hudaýtagala eşek bilen iti gyzyň keşbine salypdyr, behiştden hem bir hüýri iberipdir. Dör¬dünji bolsa Nuh alaýhyssalamyň öz gyzydy. Nuh alaýhyssalam gyzlaryň içinden öz gyzyny tanamady. Bu dört gyzyň her birini bir giýewä berdiler. Nuh alaýhyssalam gyzynyň haýsy giýewä düşendigini bilmedi. Ol soňra sowgat alyp gyzlaryny görmäge gitdi. Ol birinji giýewisinden: «Seniň aýalyň gylyk-häsiýeti nähili?» diýip sorady. Giýewsi: «Munuň häsiýeti örän gowy. Ýöne ol hiç zat iýip-içmeýär» diýdi. Nuh alaýhyssalam onuň hüýrdigini bildi. Onsoň ol ikinji giýewsiniňkä bardy we ondan: «Seniň aýalyň gylyk-häsiýeti nähili?» diýip sorady. Giýewsi: «Ol iýýär we içýär. Emma eşek ýaly ýatýar» diýdi. Nuh alaýhyssalam onuň eşekdigini bildi. Soňra ol üçünji giýewsiniňkä bardy we ondan: «Seniň aýalyň gylyk-häsiýeti nähili?» diýip sorady. Giýewsi: «Ol maňa it ýaly üýrýär» diýdi. Nuh alaýhyssalam munuň itdigini bildi. Soň ol dördünji giýewsiniňkä bardy we: «Seniň aýalyň gylyk-häsiýeti nähili?» diýip sorady. Giýewsi: «Onuň ýagşylykda hiç bir kemi ýok. Ol permanberdar aýal» diýdi. Nuh alaýhyssalam onuň öz gyzydygyny bildi we özi bilen alyp baran sowgadyny bu giýewsine berdi. «Rowzat-as-safada» we «Siretul-enbiýada» Nuh alaýhyssamyň ömri dokuz ýüz elli ýyldyr diýilýär. Emma onuň ömri: bir müň iki ýüz kyrk iki ýyl diýlen rowaýat hem bardyr. Nuh alaýhyssalamyň ömri ahyr bolanda, onuň ýanyna Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Eý, Nuh! Pygamberleriň içinde seniň ömrüň uzak boldy. Sen bu dünýäni nähili gördüň?» diýdi. Nuh alaýhyssalam: «Men bu dünýäni iki gapyly öý ýaly gördüm. Men onuň bir gapysyndan girdim, indi bolsa beýleki gapysyndan çykyp barýaryn» diýdi. Aýdypdyrlar: Nuh alaýhyssalam ýüz ýaşanda oňa pygamberlik geldi we ol elli egsik müň ýyl adamlary imana çagyrdy diýipdirler. Aýdypdyrlar: Adam alaýhyssalamdan tupana çenli iki müň iki ýüz ýyl geçdi. Nuh alaýhyssalam ölenden soň halaýyk üç ýüz ýyllap onuň şerigatynda durdular. Soň adamlaryň köpüsi imandan dönüp, kapyr boldular. Üç ýüz ýyldan soň Allatagala Hud pygamberi halaýyga iberdi diýipdirler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |