21:52 Kysasyl enbiýa -20: Hud alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany | |
DOKUZYNJY KYSSA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
HUD ALAÝHYSSALAMYŇ WAKALARYNYŇ BEÝANY Onuň doly ady Hud ibn Abdylla ibn Ryýah Jalud ibn Ad ibn Ywaz ibn Yram ibn Sam ibn Nuh alaýhyssalamdyr. Bäş pygamber: Hud, Salyh, Şis, Ysmaýyl we Muhammet alaýhyssalam arap milletindendir diýipdirler. Hud alaýhyssalam: «Biz Hudy özüne garyndaş bolan Ad kowumyna pygamber edip iberdik» diýen mertebe halatyny geýdi. Oňa Taňrydan: «Eý, meniň kowumym! Siz diňe Allatagala ybadat ediň» diýen permany halkyna ýetirmeklik buýruldy. Ol kowumyndan: «Eý, Hud! Sen bize aýdyň delil getirmediň» diýen sözi eşitdi. Ol halkynyň: «Sen bize wada eden azabyňy getir» diýen sözi diňledi. Ol kowumyna: «Men Taňry tarapyndan size özümiň näme zat bilen iberilendigimi düşündireýin» diýdi». Ol kowumyna: «Emma men sizi nadan halk görýän» diýen jogaby berdi. Şygyr Nuhdan kezin Hud ýalawaç boldy üç ýüz ýyl geçip, Ýörer erdi köp halaýyk din-şerigatdan gaçyp. Tünle gündiz Hud diýerdi Taňrymyzyň ýarlygyn, «Sekiz Uçmaha geliň» diýip, hakny batyldan seçip. Rebbe ýazyp, ýoldan azyp, sunmazdan dine boýun, Haka tänip, halka ýanyp, buta sygnyp, hamr içip. Almadylar Hud sözi, bitmediler Möwlaga Hiç kim erse aýmagan söz aýtdylar ýawlak ajyp. Aýtdy: «Ýa kowmi ugbudullaha», andan özge Taňry ýok, Sygyngan hak hezretine – ýyglady ýaşyn saçyp. Umasga degdi, erse üýn getirdi ýalbaryp, Aýtdy eňräp: «Ente rabbi, kadirun, haýýun, mujib». Ýedi tün, sekiz gün içre ýok büzün kyldy Ogan, Igne ýyrtygynça ýelden adylara ýol açyp. Hud pygamber alaýhyssalam dokuz ýaşaýurda ady, Büzüni geldi: «We ilä Adin ahahum Hudan». Bir sözde Ad – ol kowumyň patyşalarynyň ady diýlipdir. Ýene bir sözde bu bir kowumyň adydyr diýipdirler. Beýleki bir sözde ol bir iliň adydyr diýipdirler. Başga bir sözde bu at ol kowumyň atalarynyň adydyr diýipdirler. Emma Ad ibn Ywaz ibn Yram ibn Sam ibn Nuh alaýhyssalamyň ýaşan ýeridir. Ol ýerde Ahnak kowumy ýaşapdyr. Hezreti Hud düýä münüp, olary iman we yslama çagyrardy. Olar Hezreti Huda: «Sen bizi taňrymyzdan aýyrmaga geldiňmi?» diýdiler. Aýat: «Sen bizi hudaýlarymyzyň ybydatyndan dändirmek üçin geldiňmi?» Bu halkyň adamlarynyň hemmesi uzyn boýludy. Dört ýüz gary boýlary bilen ýeri depseler, dyzlaryna çenli gömülerdiler. Güýçlerine, boýlaryna görä but ýasadylar. «Olar güýçlerine guwanyp: «Biz dek güýçli barmy?» diýdiler». Olaryň boýy üç ýüz gary altyn-kümüşden ýasalan butlary bardy. Hezreti Hud olara: «Eý, meniň halkym! Siz Allatagala ybadat ediň. Size ybadat etmäge ondan başga laýyk zat ýokdur» diýdi. Olar onuň bu sözüni kabul etmediler we: «Seniň bu sözüň dogry bolsa, onda sen azap getir, biz ony göreli» diýdiler. Hezreti Hud: «Azabyň haçan geljekdigini Taňrynyň özi bilýär» diýdi. Aýat: «Bilmeklik Allatagalanyň öz dergähindedir». Men azaby size iberderin. Men sözümi size subut ederin». Emma men sizi aňlamaz budun görýärin». Bu halk hemme halkdan özüni buýnagrak tutýardy. Olar uly galalar saldylar. Adiz ýerlerde oýun-tomaşa üçin saraýlary gurdular. Olar ejiz hem azlyk halklaryň üstünden masgaralap gülmäge başladylar. Olara şonuň üçin hem adylar diýip at berdiler. Bular bäş sany zat bilen beýleki halklardan artykdylar: güýç-kuwwat, uzyn boýlulyk, uzak ömürlilik we günä işleri etmek. Hezreti Hud: «Siz Taňrydan gorkuň. Günä işleriňizden toba ediň. Ýogsa, Taňry sizi heläk eder» diýdi. Olar: «Seniň taňryň bizi näme bilen heläk eder?» diýdiler. Hud alaýhyssalamyň dilinde şu söz ýöredi: «Ol siziň üstüňize ýel iberip, baryňyzy heläk eder». Hezreti Huduň bu sözi zaýa bolmady. Wagt geçdi. Adlaryň ogulllary ulaldylar. Olar kyrk ýedi ýyl döwletli ýaşadylar. Hezreti Hud şunça wagtlap olary imana çagyrdy. Adlar onuň sözüni asla diňlemediler. Olar: «Biz seniň sözüň bilen taňrymyzy goýmarys» diýip, şol bir sözlerini gaýtaladylar. Günlerde bir gün olar jemlendiler. Geňeş edip: «Bize ýel belasy geljekmiş. Onuň öňünden ýaragyny tutalyň» diýdiler. Olar ýaraglaryny geýdiler, başlaryna ýaşyk orandylar. Ogul-gyzlaryny, gara-ýylkylaryny daglara girizdiler. Olaryň adaty şeýledi, haçanda bular şeýle bela-betere sezewar bolsalar, Mekgä kişi iberip, ol ýerde gurbanlyk bererdiler, hajatlaryny dilärdiler. Mekgä üç sany atly-abraýly kişini iberdiler. Olar Mezit ibn Sagt, Kaýl ibn Omar we Lukman ibn Ad. Olar başga kişileri hem ýoldaş edip ýola düşdüler we Mekgä gelip ýetdiler. Bularyň içinde Mezit we Lukman ikisi musulmandy. Olaryň Mekgede Mugawyýa atly gardaşy bardy. Ol mally-döwletli we eli açyk adamdy. Olar Mugawyýa myhman boldular. Mekgede bir aýlap iýgi-içgi, şerap içmek, aýdym-saz we raks bilen meşgul boldular. Hud pygamberiň dilegi bilen Hudaýtagala olara üç ýyllap ýagyn ibermändi. Olar giç galdylar we ejiz boldular. Mugawyýa iki sany mutrip hyzmatkärine: «Siz aýdymyňyzda bularyň ýagyn diläp gelenlerini, ýagynsyz bolup giç galanlaryny aýdyp beriň. Olar ony diňläp öýlerine gaýtsynlar» diýdi. Hyzmatkär olara şeýle şygry aýdyp berdi. Bu şygry eşidensoň, olaryň näme iş bilen gelendikleri ýatlaryna düşdi. Olar Käbä gelip gurbanlyk berdiler. Kaýl aýtdy: «Eý, Taňrym! Eger Hud dogry aýdan bolsa, Sen bize ýagmyr ýagdyr!» Hudaýtagala üç dürli Uruň, gyzyl we gara bulut iberdi. Bir owaz eşidildi: «Eý, Kaýl! Bu bulutlardan birini saýla». Kaýl bulutlara bakdy. Ol: «Ak bulutda hiç zat ýok. Gyzyl bulutda näme bardygyny bilmeýärin. Gara bulut ýagynly bolar» diýip, gara buludy saýlady. Bir owaz eşidildi: «Sen gara buludy saýladyň. Ol azap buludydyr. Ol Ad kowumynda bir kişini hem diri goýmaz. Ata-ogul hiç kim galmaz. Ol gara bulut beni Ludiýadyr (Ludiýa urugydyr). Meger bu urug diri galar». Bir sözde: Bular Ad halkynyň başlanýan ýeri däldir, onuň ahyrydyr diýipdirler. Mezit ibn Sagt: «Eý, Taňrym! Men olaryň dininde däldirin. Meni öz diniň içinde et» diýdi. Lukman ibn Ad: «Eý, Taňrym! Maňa uzyn ýaş ber» diýdi. Bir owaz eşidildi: «Sen näçe ýaş dileýärsiň?». Lukman ibn Ad: «Maňa karkasyň ömri gerek» diýdi. Her karkas üç ýüz ýyl ýaşaýar. Lukman karkasyň ýedi balasyny alyp garraýança ekdiledi. Lukman aýdardy: «Haçan bu karkaslaryň biri ölse, olaryň hemmesini dagyň depesine eltip goýuň». Wagty gelip bir karkasyň ölümi ýakyn geldi. Adamlar olaryň ýedisini hem dagyň depesine eltip goýdular. Ol karkas öldi, beýleki karkaslar uçup gitdiler. Luk¬man hem şol wagt jan berdi. Ol gara buluda ýetmiş müň burundyk saldylar. Her burundyk ýetmiş iki perişdäniň elindedi. Perişdeler buludy Hazramawt ýurduna getirdiler. Ol buludy ilki bilen Miz atly bir kurtga gördi. Şonuň üçin ol ýedi gije we sekiz gündüze «eýýamy ajuz» diýip atlandyrýarlar. Jebraýyl alaýhyssalam ýele erkli bolan perişdä: «Eliň gapagyny aç» diýip, Taňrynyň buýrugyny ýetirdi. Ol: «Näçeräk açaýyn?» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Sygryň burnundaky deşik ýaly aç» diýdi. Ol perişde: «Ol mukdarda açsam ýer ýüzünde toprak, daglar, agaçlar, deňizler galmaz» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Onda bir kiçi ýüzükçe aç» diýdi. Ol perişde ýene öňki ýaly jogap diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Beýle bolsa iňňäniň ýyrtygyça aç». Ol perişde ýeliň gapagyny şol mukdarda açdy. Emma ýel gereginden artyk çykdy. Aýat: «Emma Ad kowumy çakdanaşa güýçli öwüsýän sowuk ýel bilen heläk edildi». Arap dilinde «ad» sözi «öte geçmek» manysyny berýär. Perişdeler buýrugy berjaý etmekde öte geçdiler. Hud alaýhyssalam degresine hat tartdy. Ýel ýetip geldi, emma ol hezreti Huda zyýan bermedi. Adylar: «Huduň ýeli bizi titredip başlady» diýdiler. Olar uly garymyň içine girdiler. Olar aýaklaryny dyzlaryna çenli ýere we daşa berkitdiler. Ýel gelip, olaryň aýaklarynyň aşagyna girdi. Ýel olaryň topragyny açdy, ilki olaryň ýarlyklaryny soýdy, soňra etlerini sypyryp aldy. Olaryň diňe süňkleri galdy. Olaryň birnäçeleri dagyň gowaklaryna girip ýaşyndylar. Ýel girip olary gowaklardan dartyp çykardy. Ýel öýde gizlenenleri hem heläk etdi. Ýel adlaryň süňklerini çöpläp, garymyň düýbüne gömdi. Adlar toprak astynda galdy. Halçan atly güýçli bir kişi bardy. Ol: «Men baryp ýeli berkideýin. Hemmäni bu beladan gutaraýyn» diýdi. Ol gelip ýeliň çykýan ýoluny iki eli bilen tutdy. Elini tirsegine çenli daşa berkitdi. Göwsüni ýele tutdy. Ol belent owazy bilen: «Halçandan başga hiç kim diri galmaz» diýdi. Ýel ony daş bilen howa göterdi. Soňra ony daşa urup heläk etdi we beýlekileriň arasyna getirip gömdi. Ol ýel ýedi gije, sekiz gün ösdi we Hoşgün dyndy. Aýat: «Emma Ad kowumy örän güýçli ösýän sowuk ýel bilen heläk edildi. Ol ýeli Allatagala ýedi gije we sekiz gündiz üznüksiz ösdürdi». Hud alaýhyssalam uňurdan çykyp, olaryň ýanyna geldi. Olaryň köpüsi heniz topragyň astynda diriligine eňräp-ýyglaýardylar. Olar biri-biriniň sesini eşidip: «Bu pylany, bu pylany» diýýärdiler. Olaryň bu ýagdaýyndan Allatagala bize şeýle habar berýär: «Eger sen şol wagt ol ýerde bolan bolsaň, olaryň äpet göwreleriniň edil köki bilen goparylan hurma agajynyň ýykylyp ýatyşy, ýaly ölüp ýatyşlaryny görerdiň». Olar kyrk gije-gündiz toprak astynda gynandylar. Mezit we Lukman ikisi diri galdylar we Hudaýtagala şükür etdiler. Kaýl ony eşidip gaýgyly boldy we: «Eý, gögüň Taňrysy! Eger bu söz dogry bolsa meni hem heläk et» diýdi. Ýel geldi we Kaýly howa göterip, soň ýere urup heläk etdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |