11:03 Kysasyl enbiýa -22: Ybraýym alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany | |
ON BIRINJI KYSSA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
HEZRETI YBRAÝYM ALAÝHYSSALAMYŇ WAKALARYNYŇ BEÝANY Ol Nemrut belasyna ilindi. Ol Nemrudyň adamlaryndan: «Ibraýymy oda ýakyň. Öz hudaýlaryňyza ýardam beriň» diýen söz awusyny datdy. Ol: «Eý, Taňrym! Meniň ýagdaýymy özüň ýagşy bilýänsiň» diýip, Allatagala mynajat bilen ýüzlendi. Ol maldan, ogul-gyzdan geçip: «Men älemleriň hökümdary Taňrynyň emrine boýun boldum» diýdi. Ol: «Allatagala Ybraýymy dost tutundy» diýen tarypa mynasypdyr. Ol: «Eý, ot! Ybraýym üçin sowuk bol we parahat dur» diýen perman bilen Allatagalanyň dergähinde hormata eýe boldy. Şygyr Öýde dogan, ernek emen, dagda duran Ybraýym, Ýyldyz aňlap, aýy taňlap, göge aşan Ybraýym. Aýdy bir gün: «Eý, ene! Aýgyl maňa taňrym kim ol?» Aýdy: «Menmen» gel: «Seniň kim?» diýu soran Ybraýym. «Uş ataň ol» diýdi. Aýdy: «Kim atamyň taňrysy?» Aýdy: «Nemrut taňrysy kim?» diýip soran Ybraýym. Ýedi ýer-gögiň hyjabyn açdy Möwlamyz oňa, Astyn-üstün, Arş, Saraga tegru gören Ybraýym. Üý, tiwe, koýlar bogazlap, tä, kyýamatga tegi, Bu gönük tutmak töresin halkga gozgan Ybraýym. Oglyny gurban kylarda gökde otlap semrigen, Goç pidesin Jebraýyldan ýerde bölen Ybraýym, Palta götrüp, tilki siýen butny söýän aç turup, Et iýdiren, ot çykaran, ot öçüren Ybraýym. Onuň neberesi Ybraýym ibn Taryh ibn Saruh ibn Argus ibn Falyh ibn Abyr ibn Salyh ibn Artus ibn Sam ibn Nuh alaýhyssalam. Onuň ady Ybraýym ýa-da Abraham diýip tutulýar. Bu iki sözüň ikisi hem dürsdir, ýagny «Abun rahimun» «rehimdar ata» diýmek bolar. Ybraýym Nemrut ibn Kaws ibn Kengan ibn Nuh höküm-darlyk süren döwründe ýaşapdy. Nemrut hemme dünýä erkli patyşady. Aýdylypdyr: Dört adam bütin dünýä patyşalyk edipdir. Olaryň ikisi musulmandyr, ikisi bolsa kapyrdyr. Ol musulman patyşalaryň biri Süleýman alaýhyssalam, beýlekisi Zülkarneýndir. Ol kapyr patyşalaryň biri Nemrutdyr, beýlekisi Bahtunnasrdyr. Nemrut bir gün düýş gördi. Bir goç gelip, ony süsüp tagtyndan ýykyp taşlady. Nemrut bu düýşden gorkup oýandy. Şol gijäniň ertesi ol müneçjimleri hem kähinleri köşgüne ýygnady we olara düýşüni beýan etdi. Nemrut olardan düýşüniň ýorgudyny sorady. Olar: «Bu ýylyň dowamynda bir ogul dogar. Onuň elinden seniň mülküň heläk bolar» diýdiler. Bu sözi eşidip Nemrudyň köňlüne gorky düşdi. Ol göwreli aýallary göz astynda saklady. Haýsy aýal ogul dogursa, onuň çagasyny öldürdi. Gyz dogran aýalyň çagasyny öldürmän, diri galdyrdy. Nemrudyň Azer atly bir but ýonujy ynagy bardy. Onuň çyn ady Taryhdy. Emma ol buta köp sežde edýändigi sebäpli Azer adyny aldy. Azeriň aýaly Ybraýyma ýükli boldy. Ol aýal özüniň göwrelidigini adamlardan ýaşyryp ýördi. Onuň aýy-güni doldy. Ol aglak (ýaşryn, gizlin) ýere girip, ogul dogurdy. Oňa Ybraýym diýip at goýdy. Ol aýal Nemrutdan gorkup, ony dagyň uňurynda (gowagynda) gizledi. Oňa süýt emdirip doýurdy. Ol aýal: «Nemrut oglumy gözümiň öňünde öldürýänçä, men görmezden ony guş-gurt iýsin» diýdi. Hudaýtagala Jebraýyl alaýhyssalamy iberdi. Ol Ybraýymyň ýanyna gelip, ernegini (barmagyny) onuň agzyna sokdy. Hudaýtagala ol ernegiň içinde süýt ýaratdy. Ybraýym onuň erneginden süýt emerdi. Beýleki oglanlar bir aýda näçe ulalsa, Ybraýym bir günde şonça ulalardy. Enesi hem oňa birnäçe günden gelip süýt bererdi. Ybraýym ýedi ýaşady. Enesi gowaga baryp, ony öýüne getirdi. Bir gün Ybraýym enesinden: «Eý, ene! Meniň taňrym kimdir?» diýip sorady. Enesi: «Eý, oglum! Seniň taňryň mendirin» diýdi. Ol ýene: «Eý, ene! Seniň taňryň kimdir?» diýip sorady. Enesi: «Meniň taňrym seniň ataňdyr» diýdi. Ol: «Eý, ene! Ol näme üçin seniň taňryňdyr?» diýdi. Enesi: «Çünki seniň ataň menden beýikdir» diýdi. Ol: «Eý, ene! Meniň atamyň taňrysy kimdir?» diýdi. Enesi: «Onuň taňrysy Nemrutdyr» diýdi. Ol: «Näme üçin ol meniň atamyň taňrysydyr?» diýdi. Enesi: «Ol ondan beýikdir» diýdi. Ol: «Eý, ene! Nemrudyň taňrysy kimdir?» diýdi. Enesi belent ses bilen gatyrganyp: «Eý, oglum! Ümsüm bol. Onuň ýaly sözi aýtma. Nemrut hemmäniň taňrysydyr» diýdi. Başga bir rowaýatda şeýle aýdylypdyr: Haçan enesi ogluna: «Ataň taňrysy Nemrutdyr» diýende, ogly: «Eý, ene! Nemrudyň taňrysy kimdir?» diýip sorady. Enesi: «Nemrudyň taňrysy butdur» diýdi. Ybraýym ýene: «Eý, ene! Butuň taňrysy kimdir?» diýip sorady. Enesi: «Buty seniň ataň ýasaýar. But biziň hemmämiziň taňrymyzdyr» diýdi. Ybraýym: «Eý, ene! Eýse Halyk mahlugy ýaratman, mahluk Halygy ýaradarmy?» diýdi. Enesi oglunyň bu sowalyna jogap berip bilmedi. Enesi ogly bilen öz arasynda bolan gep-gürrüňleri atasyna aýdyp berdi. Atasy: «Sen muny alyp gelen ýeriňde goýup gel. Birden bu bize bir bela getirmesin» diýdi. Enesi ony ýene öňki gowaga eltip goýdy. Ybraýym: «Meni ýaradan taňry bendämden beýle eýesiz, hyzmatsyz bolaýyn diýip ýaradan däldir. Men haýsy zada taňrym diýip, hyzmat etmelikäm? Men haýsy zada: «Taňry» diýip, sežde etmelikäm? Men kime nähili sežde etmelidigimi bilmeýärin» diýip sakyndy. Ybraýym şeýle pikirlere gümra bolup gündizini geçirdi. Agşam düşdi. Ol gowakdan daş çykdy we Zöhre ýyldyzyny gördi. Ol beýleki ýyldyzlardan ýitidi. Ybraýym: «Meniň taňrym şu ýyldyzmyka?» diýdi. Aýat: «Ol gün ýaşyp garaňky ýyldyzy gördi». Ol: «Ine, şu meniň taňrymdyr» diýdi. Emma Zöhre ýyldyzy ýaşyp gitdi. Ol: «Dogýan, ýaşýan zat taňrylyga ýaramaz. Men munuň ýaly zatlary gowy görmeýärin» diýdi. Aýat: «Haçan ýyldyz ýaşanda ol: «Men ýaşyjy zatlary halamaýaryn» diýdi. Şol wagt Aý dogdy. Aý ýyldyzdan uludy. Ol: «Meniň taňrym şumuka?» diýdi. Aý batdy. Ol: «Bu zat hem dogup-ýaşýar eken. Eger meniň taňrymyň özi meni göni ýola göndermese, men ýolsuzlardan bolaryn» diýdi. Ol gijäni bu sakynç bilen geçirdi. Garaňky gitdi we älem-jahan ýagty boldy. Gün dogdy. Ol ýyldyzdan, aýdan ýarugrak. Ol: «Meniň taňrym bumuka, ol ýyldyzdan ulurak» diýdi. Aýat: «Ol dogup barýan Güni görende: «Ine, şu meniň taňrymdyr. Çünki ol ýyldyzdan, Aýdan ulurak» diýdi. Ol günorta çenli bu pikir bilen durdy. Gün öwrülip aşak düşdi. Aýdypdyrlar: Ol güne sežde edenleri görende: «Men bular ýalylardan bizardyryn» diýip aýtdy. Aýat: «Men siziň taňra şärik edýän zatlaryňyzdan bizardyryn». Olar: «Sen Güne sežde etmeýän bolsaň, onda nämä sežde edýärsiň?» diýdiler. Ol: «Meniň Taňrym asmany, Aýy, Ýeri, ýyldyzlary, hemme mahluklary we älem-jahandaky bar zatlary ýaradyjydyr. Men şoňa sežde edýärin» diýdi. Aýat: «Men hemme ýalan dinlerden ýüz dönderen halymda asmanlary we ýerleri ýaradan Allatagala päk niýet bilen ýüzümi öwürýärin». Ybraýym sekiz ýaşanda enesi ýene ony öýüne alyp geldi. Birnäçe gün geçenden soň, atasy bir but ýasap boldy. Ol ogluna: «Eý, oglum! Sen bu buty bazara eltip sat» diýdi. Ybraýym: «Eý, ata! Bu zat kime derkardyr? Ony kim alar?» diýdi. Atasy: «Eý, oglum! Sen adam ýok ýerinde önüp-ösdüň. Sen bu zatlara düşünmeýärsiň. Bu zat halkymyzyň hudaýydyr» diýdi. Ybraýym butuň boýnuna ýüp baglap, atasynyň ýanyndan çykaryp, suwa salyp, topraga bulap alyp gitdi. Ol ony bazara eltdi. Ybraýym: «Bu görmeýän, eşitmeýän we peýda bermeýän zady kim aljak?» diýdi. Aýdypdyrlar: Günlerde bir gün Ybraýym bir buty bazara alyp barýarka ýazylmaga hajatly boldy. Ol buty ýere taşlap gitdi. Ybraýym ýazylyp gelýänçä bir tilki gelip, ol butuň depesine buşugyp, ony peşewe bulap goýupdyr. Ybraýym muny görüp gaty ses bilen aýtdy: Taňrymy bolar başyga tilki siýse bir sagyn, Gözleri görmez garagu, hem tili onuň agyn. Men bulardan külli ýyrak gul men Allah-Möwlaga, Gurşanyp gulluk guruny, berk tutar men ýarlygyn. Atasy Ybraýyma: «Eý, Ybraýym! Sen näme üçin biziň hudaýymyzy süýräp, palçyga bulap, masgaralap ýörsüň?» diýdi. Ybraýym: «Eý, ata! Bu zat hudaý bolýan bolsa süýreleni bilen süýrelermi, bulanany bilen bulanarmy? Bu but Taňry däldir. Taňry diýen zat hemişe häzirdir. Taňry diýip asmany, Güni, Aýy, ýyldyzlary, daglary, hemme mahluklary, barlyklary ýaradana aýdarlar. Bu zat düýn-öňňün hem bir bölek agaçdy. Indi sen agaçdan but ýasanyň bilen ol taňry bolýarmy? Bu zat ýalan zatdyr. Muňa sežde edýänler hem ýalançylardyr» diýdi. Aýat: «Ybraýym: «Eý, ata! Maňa ylymdan bir mukdar geldi. Saňa ylymdan hiç zat berilmändir. Sen meniň yzyma eýer. Men seni dogry ýola salaýyn» diýdi. Aýdypdyrlar: Hezreti Ybraýymy atasy ýedi ýyl buta sakçy etdi. Hezreti Ybraýym buta sežde edýänlerden: «Siz bulara näme üçin topulýarsyňyz?» diýip sorady. Olar hezreti Ybraýymyň bu sowalyny atasyna aýdyp berdiler. Atasy hezreti Ybraýyma melamat kyldy. Hezreti Ybraýym atasyna: «Eý, ata! Sen bu görmeýän, eşitmeýän zada näme üçin sežde edýärsiň? Sen meniň sözümi diňle. Men seni dogry ýola ýolçylaýyn. Eý, ata! Sen şeýtana gul bolma. Bu şeýtan Taňra duşman bolandyr» diýdi. Atasy: «Eý, oglum! Sen meniň «taňrylaryma» sežde etmersiňmi? Eger bu pikiriňden çekilmeseň, men seni taşlaryn. Sen menden uzakda bol. Sen nirä gitseň, şoňa git» diýdi. Aýat: «Atasy: «Eý, Ybraýym! Sen meniň ýasama «hudaýlarymdan» ýüz dönderýärmisiň? Eger sen meniň «hudaýlarymy» garalamakdan el çekmeseň, elbetde men seni saňsar daş edip öldürerin. Şonuň üçin sen menden mydama uzakda bol. Sen ýaman ogul bolupsyň. Seniň bilen biz beýle ata-ogul bolup bilmeris. Sen nirä gitseň şoňa git» diýdi. Ybraýym atasyna: «Saňa salamatlyk bolsun, eý ata! Men Haktagaladan seniň günäň geçilmegini soraryn» diýdi. Ybraýym şäherden çykdy we bir çöl-beýebana baryp ýetdi. Ol bu ýerde Haktagala gulluk etdi. Onuň atasy öldi. Butlar onuň atasynyň garyndaşy Hazara galdy. Hazar Lut pygamberiň atasydy. Hezreti Ybraýym birnäçe wagtdan soň atasynyň ýanyna gaýdyp geldi we: «Eý, ata! Buta sežde etmeklik hudaýhonlyk däldir. Sen buta sežde etme» diýdi. Atasy: «Biziň taňrymyz Nemrutdyr. Ondan başga hudaý biziň rysgalymyzy berýän däldir» diýdi. Hezreti Ybraýym: «Hudaýtagala birdir we bardyr» diýdi. Atasy hezreti Ybraýyma: «Eý, oglum! Sen çynyňy aýdýarmysyň ýa-da meniň bilen oýun edýärmisiň?» diýdi. Hezreti Ybraýym: «Men Hudaýtagalanyň haky üçin dogrymy aýdýaryn. Men siziň butlaryňyzy ýok ederin» diýdi. Aýat: «Ybraýym: «Siz buthanadan yzyňyza öýe gaýdanyňyzda men siziň butlaryňyzy döwerin» diýip aýtdy». Bir gün kapyrlaryň baýram güni geldi. Hemme halk köçelere çykdy. Bu halkyň şeýle adaty bardy. Olar öýde nahar taýýarlap, ony getirip butlarynyň öňünde goýardylar. Soňra olar köçelere aýlanyp, ýene butlarynyň ýanyna gelip: «Biziň tagamymyza butlarymyzyň bereketi degdi» diýip, tagamlaryny öýlerine eltip ogul-gyzlary bilen iýerdiler. Atasy Ybraýyma: «Eý, oglum! Baýrama bile çykaly» diýdi. Ybraýym: «Men nujum ylmyna bakdym. Maňa hassalyk geljek. Men baýrama çykyp biljek däl» diýdi. Ol wagt nujum ylmy örän meşhurdy. Halk oňa ygtybarlyk bilen ynanardy. Şonuň üçin atasy Ybraýymy öýde goýup, özi baýrama çykdy. Ybraýym bir paltany eline alyp buthana girdi. Ol butlaryň başyny we gollaryny kesip, olary para-para etdi. Bir uly but bardy. Ybraýym paltany onuň egninden aýlap saldy. Ybraýym ol buty ýaňsylap: «Sen öňüňdäki goýlan aşy näme üçin iýmeýärsiň? Sen näme üçin sözlemeýärsiň?» diýdi. Soňra ol butlary sag eli bilen urup çym-pytrak etdi» diýdi. Günorta wagty boldy. Kapyrlar buthana gaýdyp geldiler. Olar butlarynyň goly, aýagy döwükdigini we başlarynyň kesikdigini gördüler. Nemrut hem halky bilen buthana girdi. Olar: «Biziň taňrylarymyz bilen beýle işi kim etdikä?» diýdiler. Aýat: «Biziň taňrylarymyza bu işi kim etdikä? Kim bu işi eden bolsa ol zalymlardandyr». Adamlar: «Biz: «Ybraýym atly bir ýigit bar» diýip eşitdik. Bu işi meger ol eden bolaýmasa?» diýdiler. Nemrut we onuň wezir-wekilleri: «Ony adamlaryň gözüniň öňüne getiriň. Belki, adamlar gören-eşiden zatlaryna şaýat bolarlar» diýdiler. Peýda. Nemrut kapyr adamlaryň sözi bilen Ybraýyma hö-küm etmedi. Aýdypdyrlar: Adyllyk eden kapyr bilen mülk baky galar. Zulum eden kapyr bilen hem, zulum eden mömin bilen hem mülk baky galmaz. Aýdypdyrlar: «Döwlet kapyrlar ýurdunda hem bolsa, adalat bilen gaýym bolar. Döwlet imanly adamyň elinde bolsa, jebir-zulum bilen hiç haçan baky galmaz». Nemrut kapyr hem bolsa: «Adamlar ýygnansyn, eger olar munuň bu işine şaýat bolsalar, ony tutalyň» diýdi. Bu gün kim hem bolsa ýalan söz bilen höküm etse, ol Nemrutdan beter bolar. Ybraýymy alyp geldiler. Olar: «Eý, Ybraýym! Biziň taňrylarymyz bilen bu işi sen etdiňmi?» diýdiler». Ybraýym: «Belki, bu işi butlaryň boýny paltaly ulusy edendir. Siz ony butlaryňyzdan soraň. Eger sözläp bilýän bolsalar olar bu işi kimiň edendigini aýdyp bererler» diýdi. Ol sözüň manysyny butlaryň üstüne ýapdy. Olar many aňlamadylar. Olar bu işi butlaryň ulusy edendir diýip oýladylar. Olar: «Bu butlar sözläp bilmeýärler. Onsoň biz olardan nähili soraly?» diýdiler. Hezreti Ybraýym: «Siz sözlemeýän, peýdasyz zada näme üçin sežde edýärsiňiz?» diýdi. Aýat: «Ybraýym: «Eýse siz özüňize peýda hem zyýan hem ýetirip bilmeýän zada bendeçilik edýärsiňizmi?» diýdi. Bular bu işi Ybraýymdan başga hiç kimiň etmän¬digini bildiler. Olar Ybraýymy gynamak üçin geňeşdiler. Jebraýyl alaýhyssalam gelip oňa: «Eý, Ybraýym! Saňa Hudaýtagala salam iberdi. Ol saňa Nemrudy we onuň halkyny imana çagyrmaklygyňy buýurdy. Ol özüniň ýeke-täkligini, beýikligini, seniň özüniň pygamberidigiňi aýan etmekligi saňa perman berdi. Hudaýtagala saňa: «Ol gorkmasyn, Men oňa mydama ýoldaşdyryn» diýdi» diýip aýtdy. Ybraýym olara pygamberdigini äşgär etdi: «Siz buta däl-de, ýeke-täk Taňra sežde ediň. Maňa: «Taňrynyň resuly – ilçisi» diýiň» diýdi. Olar: «Sen bizi ata-babalarymyzyň dininden çykaryp, başga dine girizjek bolýarmysyň?» diýdiler. Ybraýym: «Siziň atalaryňyzyň hemmesi batyl – ýalan dindedi. Men sizi dogry ýola ündeýärin» diýdi. Aýdypdyrlar: Şol wagtlarda hemme illerde açlyk peýda boldy. Iýmäge aşlyk tapylmady. Nemrut hemme halka aşlyk satardy. Bir gün Ybraýym Nemrudyň ýanyna aşlyk almaga geldi. Nemrut: «Sen maňa sežde etseň, aşlyk bereýin» diýdi. Ybraýym: «Men ölüni direldýän hem dirini öldürýän Taňra sežde edýärin» diýdi. Nemrut: «Men hem ölüni direldýärin, dirini öldürýärin» diýdi. Ol zyndandan iki ýazykly bendini çykardy. Ol olaryň birini öldürdi, beýlekisini bolsa diri goýdy. Nemrut: «Ine, men ölüni direltdim, dirini öldürdim» diýdi. Ybraýym bu kapyryň akmakdygyny bilip: «Eý, Nemrut! Günäkäri zyndandan boşadyp goýbermek ölüni direltmeklik bolmaz» diýdi. Ybraýym: «Indi sen bu ölüni direlt» diýip akmak kapyr bilen hüjjetleşmegi özüne hoş görmedi. Ol: «Men muny bu söz bilen dyndyrmaýyn» diýdi. Ybraýym ýene: «Meniň Taňrym islese asmandaky Güni gündogardan çykarýar, günbatardan ýaşyrýar. Eger sen taňry bolýan bolsaň ony günbatardan dogrup, gündogardan ýaşyr» diýdi. Nemrut kapyr bu sözi eşdip, haýran boldy». Ol öz sözünde tutuldy. Ybraýymyň gudraty şeýle boldy: Allatagala ahyrzamanda Güni günbatardan dogurmaýança kyýamat gopmaz. Ybraýymyň bu sözüni eşiden köp kapyrlaryň köňlüne: «Bu butlar batyl eken. Olaryň hiç peýdasy ýok. Ybraýym dogry sözleýär, biz ýoldan azaşanlardyrys» diýen güman girdi. Aýat: «Olar akyllaryna aýlandylar we: «Siz buta sežde etmek bilen zalym bolduňyz» diýdiler. Nemrut (goý, oňa nälet bolsun!) adamlaryň bu pikirini bildi. Ol: «Halk menden dönüp, Ybraýym tarapa öwrüläýmesin» diýip gorkdy we howsala düşdi. Ol: «Muny tutuň we ony oda ýakyň. Siz öz hudaýlaryňyza ýardam beriň» diýdi. Olar Ybraýymy oda salmagy maslahat bildiler. Nemrut: «Eý, Ybraýym! Meniň taňrymyň tamugy bar. Ol öz günäkärlerini ot bilen gynaýar. Men bu gün seni ot bilen gynaýyn. Onsoň kim seni bu azapdan gutarjakdygyny göreýin» diýdi. Nemrut hemme leşgerine dört aýlap odun ýygdyrdy. Haýsy bir kölüge odun ýüklemekçi bolsa, ol ony götermedi. Düýä ýüklediler, ol çökdi we turmady. Eşek we at bu işi kabul etmedi. Ahyry oduny gatyra ýüklediler. Ol bu işi kabul etdi. Ybraýym bu zatlary görüp durdy. Ol gatyra nälet etdi. Şol sebäpli: «Gatyrdan nesil önmez» diýipdirler. Şu günler hem gatyra ýük ursalar, ony urmasalar we sögmeseler ol ýerinden gozganýan däldir. Garry kempirlere çenli Nemrut bizden razy bolsun diýişip, gijelerine çarhda ýüp egirip, ony bazarda satyp, puluna odun satyn alardylar. Adamlar bir agaçlyk ýere odun ýygnadylar. Onuň degresine deriden tam ýapdylar we onuň daşyny kükürt bilen suwadylar. Ondan soň ony otladylar. Ybraýymy agyr zynjyr bilen baglap zyndanyň içinde sakladylar. Ot on günläp ýandy we güýçlendi. Nemrut: «Indi Ybraýymy oda salyň» diýdi. Oduň adyzlygy olaryň garysy bilen ýigrimi garydy. Ody getirip ýakan Ybraýymyň atasynyň dogany Hazardy. Lut pygamber bu kişiniň ogludy. Garlawaç çüňki bilen suw getirip, ony oda guýardy. Ybraýym: «Eý, garlawaç! Seniň tumşugyňdaky suw bu ody nähili söndürsin?» diýdi we garlawaja ýagşy dileg etdi. Galaz gelip oda çöp daşady. Ybraýym oňa nälet etdi. Ot kyrk gije-gündiz ýandy. Ol oduň dört agaçlyk ýakynyndan hiç kim geçip bilmezdi. Onuň üstünde guş uçup geçse, ganat¬lary köýüp, ýere gaçardy. Nemrut demirden bir minara saldy. Ol oňa agdy. Adamlar: «Biz Ybraýymy nähili oda salaly?» diýdiler. Olar Ybraýymy oda taşlamagyň alajyny tapmakdan ejiz boldular. Şeýtan gelip olara manjanyk ýasamagy öwretdi. Ondan öň ýer ýüzünde manjanyk diýen ýarag ýokdy. Ybraýymyň elini, aýagyny ýetmiş batman demir bilen baglap, manjanyga urdy. Kapyrlar: «Eý, Ybraýym! Sen otdan gorkmaýarmysyň?» diýdiler. Ybraýym: «Kimiň könlünde Taňrynyň ody bolsa, ol mahlugyň odundan gorkmaz» diýdi. Olar: «Eý, Ybraýym! Biz uly ody onuň töweregini kükürt bilen suwap, nebit guýup ýakdyk. Bu oda dagy salsaň hem ol erär» diýdiler. Ol: «Meniň köňlümdäki ot siziň oduňyzdan güýçlüdir. Çünki meniň köňlümdäki ot Taňrynyň odudyr, siziň oduňyz bolsa bu dünýäniň odudyr» diýdi. Olar: «Eý, Ybraýym! Sen Hudaýyňdan özüňi bu otdan halas etmegini dile» diýdiler. Ol: «Ol meniň nämämi halas etsin?» diýdi. Olar: «Hudaýyňdan sen nebsiňi dile. Ol ony halas etsin» diýdiler. Ybraýym: «Meniň nebsim aýyplydyr. Onuň işi ýamandyr. Aýyply zat oda ýakylmaga laýykdyr» diýdi. Olar: «Eý, Ybraýym! Sen Hudaýyňdan janyňy halas etmegini dile» diýdiler. Ybraýym: «Jan mende Taňrynyň amanatydyr. Amanat zat bolsa eýesine gaýtarylýandyr» diýdi. Olar: «Eý, Ybraýym! Sen Taňryňdan köňlüňi halas etmegini dile» diýdiler. Ol: «Meniň köňlüm Taňrynyň öýüdir. Ony köýdürjegini ýa-da köýdürmejegini Taňrynyň özi ýagşy biler» diýdi. Ondan soň ony manjanyga saldylar. Köp adam ýygnanyp ony dartyp bilmediler. Çünki ony perişdeler gelip, saklap dur-du¬lar. Kapyrlar: «Eý, Ybraýym! Sen bu manjanyga münüp nirä bararsyň?» diýip, ony ýaňsyladylar. Ol: «Men özümi ýaradan Taňrymyň ýanyna bararyn. Ol meni öz ýoluna gönükdirer» diýdi. Şeýtan manjanygy perişdeleriň basyp saklap durandyklaryny bildi. Ol bir päk adamyň keşbine girip bu ýere geldi. Ol kapyrlara: «Siz muny atyp bilmersiňiz. Munuň bir hilesi bar» diýdi. Olar: «Onuň hilesi nämedir?» diýdiler. Şeýtan: «Ýoldan çykan bir aýaly getirip, onuň bilen erkek kişini ýakynlyk etdirseňiz, perişdeler bu ýerden gaçarlar. Onsoň manjanyk atylar» diýdi. Kapyrlar şeýtanyň özlerine teklip eden işini bu ýerde etdiler. Perişdeler manjanygy taşlap gaçdylar. Ondan soň olar manjanygy dartyp Ybraýymy howa atdylar. Sowal: Şeýtan manjanyk ýasamagyň tärini nähili bildi? Jogap: Şeýtan manjanygy dowzahda görüpdi. Dowzahda ýazykly bendeleri çukur oda manjanyk bilen atýardylar. Ol çukuryň azaby dowzahyň azabyndan ýetmiş esse güýçlüräkdir. Habarda şeýle rowaýat aýdylypdyr: Resul alaýhyssalam aýdypdyr: «Meniň ummatymdan alty görnüşli kişileri kyýamat güni şol çukura oklarlar. Olaryň birisi, soltanlaryň elinde: «Bu kişi şunuň ýaly ýolda» diýenler, ikinji, ýetimleriň malyna erkli bolup, ony iýenler, üçünji, zalymlaryň işini bitirenler, dördünji, ata-enelerine ýaman söz aýdanlar, bäşinji, bozuk işleri edýän muhannesler, altynjy, Taňrylyk ýoldan mal gazanyp, ony Taňrynyň ýolundan başga ýola harç edenler. Hezreti Ybraýym howada gidip barýarka: «Allatagala bu işde ýardam berijidir. Ol maňa wekilçilik eder. Ol ýagşy hökümdardyr. Ol ýagşy goldaw berijidir» diýdi. Ýedi gat asmanyň perişdeleriniň hemmesi: «Eý, Taňrymyz! Bu gün ýer ýüzünde seni birlän, barlan ýalňyz Ybraýymdyr. Sen ony oda atarmysyň? Eý, Taňrymyz! Sen öz dostlaryňa şeýle azaply iş edermisiň?» diýip üýn gopardylar. Allatagaladan owaz geldi: «Eý, perişdeler! Siz nazzara edip duruň» diýdiler. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam gelip ýetdi. Ol howada oduň duşunda durup: «Eý, Ybraýym! Seniň dilegiň barmy?» diýdi. Peýda. Eger hezreti Ybraýym: «Meniň dilegim ýok» diýen bolsa: «Men dilegsiz» diýmeklik bolardy. Gul hajatsyz bolmaz. Şonuň üçin Ybraýym alaýhyssalam: «Eger seniň menden dilegiň ýok bolsa, onda sen Taňrydan dileg et» diýdi. Hezreti Ybraýym: «Eý, Jebraýyl! Meniň dilegimi Taňrymyň bilmekligi ýeterlikdir. Onsoň dilemegiň näme hajaty bar» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam Hudaýtagala köňül baglady. Şol pursat Hudaýtagaladan: «Eý, ot! Sowa, Ybraýym üçin parahat dur» diýen perman geldi. Alymlar (goý, Allatagala olara rehmet etsin!) aýdypdyrlar: «Allatagala oda: «Sowa» diýip, «Parahat dur» diýmedik bolsa, ot özüniň ýowuzlygy bilen Ybraýymy heläk ederdi. Kyýamata çenli hiç kim otda bişen aşy görmezdi. Manysy: «Eý, ot sowuk bol. Ybraýym ýaly parahat dur» diýmeklik bolar. Muhakkyklar aýdypdyrlar: «Ybraýymyň köňlünde Izi muhabbetiniň ody bardy. Şol wagt onuň muhabbet ody tebreşdi. Ol Nemrudyň oduny peseldip ugrady. Oda: «Muhabbet oduna sowa» diýip perman geldi. Eger Taňry: «Ybraýym üçin parahat dur» diýmedik bolsa, Nemrudy hem, onuň oduny hem goýmazdy, ýagny Nemrudyň ody sowap öçerdi, Nemrudyň özi bolsa sowuk alyp ölerdi». Allatagaladan ýene: «Eý, Jebraýyl! Sen bendäme ýardam bermek üçin tiz ýetiş» diýen owaz geldi. Jebraýyl alaýhyssalam uçmahdan bir musalla getirdi. Ybraýym alaýhyssalam onuň üstünde namaza durdy. Alymlaryň aýtmagyna görä, Nemrudyň Lemken atly bir guly bardy. Nemrut oňa: «Sen baryp minara mün we Ybraýymy gör. Ol nähili kül bolduka?» diýip buýurdy. Lemken: «Eý, patyşa! Dünýäniň hemme daglary bu oduň içinde bolsa köýerdi. Onsoň ol Ybraýymy köýdürmän goýarmy?» diýdi. Ol minara münüp gördi, ondan düşüp gören zatlaryny: «Eý, patyşa! Üç kişi onuň öňünde otyr. Ýigrimi şar ýerde ýaz çiçekleri açylyp dur, çeşmeler akyp dur. Hurma agajy ösüp dur» diýdi. Nemrut taňlady. Onuň özi baryp minara mündi. Ol Lemkeniň aýdan zatlaryny gördi: «Eý, Ybraýym! Sen ýeke özüňdiň. Bu ýanyňdakylar kim?» diýdi. Hudaýtagalanyň gudraty bilen ot dile gelip: «Eý, Nemrut! Olar mendirin. Men özümi bu surata öwürdim. Men Ybraýym bilen seniň akmaklygyň üstünden gülýärin» diýdi. Aýdypdyrlar: Lemken Ybraýym alaýhyssalamyň ýanyna gelip: «Eý, Ybraýym! Seniň ne ýagşy Hudaýyň bar eken. Ol seni şeýle azaply ölümden aman saklady» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, Lemken! Eger sen imana gelseň, meniň Taňrym saňa hem keramat görkezer?» diýdi. Lemken: «Eger seniň Hudaýyň maňa keramat görkezse, men saňa hazynamdaky altyn-kümüşleri bereýin» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Seniň hazynaňdaky zatlar meniň Taňrymyň mülküdir» diýdi. Lemken bu sözden soň yzyna gaýdyp geldi. Ol Nemruda: «Ybraýym otparaz eken. Ot oňa aşnalyk edip köýdürmedi» diýdi. Lemken bu sözi aýdandan soňra, oduň uçguny gelip, onuň tamam bedenini köýdürdi. Ondan soňra ýedi gije-gündiz ýer titredi. Nemrut bilgeleri we hekimleri ýygnap, olardan: «Bu ne ýer titremesidir?» diýip sorady. Olar: «Ýer bu oduň gyzgynlygyndan titreýär»diýdiler. Nemrut: «Onuň ýaly bolsa bu ody söndüriň» diýdi. Adamlar oda suw daşap, guýup başladylar. Köp adam: «Ybraýymy göreli» diýişip geldiler. Allatagalanyň permany bilen ýel gelip, ody olaryň üstüne iberdi. Olar köýdüler.Gije düşdi. Hezreti Ybraýym otdan çykdy we öýüne bardy. Aýdypdyrlar: Nemrudyň on iki müň anbary bardy. Onuň dört müňi undy. Ol uny gytlyk bolanda satmak üçin niýetläpdi. Hezreti Ybraýym dileg etdi. Ol welaýatdaky gollar we gowaklar undan doldy. Hezreti Ybraýym: «Geliň, un alyň» diýip, jar çekdirdi. Hemme welaýatlarda dokluk boldy. Nemrudyň aşlygyna hiç kim bakmady. Bir gün hezreti Ybraýym Nemrudyň ýanyna gelip: «Eý, Nemrut! Sen musulman bol. Sen: «Lä ilähe illalla we Ibrahim resululla» diý» diýip aýtdy. Nemrut: «Maňa möhlet ber. Men wezir-wekillerim bilen geňeşip göreýin» diýdi. Hezreti Ybraýym oňa möhlet berdi. Nemrut wezir-wekilleri bilen geňeş etdi. Nemrut: «Men Ybraýym bilen ýaraşjak. Siz bu söze nähili garaýarsyňyz?» diýdi. Olar: «Eger Nemrut Ybraýym bilen ýaraşsa, Ybraýym onuň üstünden erkli bolar. Onsoň biziň patyşanyň ýanynda hezzet-hormatymyz galmaz. Biz Ybraýyma gul bolarys» diýip oýlandylar. Olar Nemruda: «Sen munça ýyldan bäri özüňe men taňrydyryn» diýdiň. Indi sen men gulduryn diýýärmisiň?» diýdiler. Nemrut: «Meniň gören zatlarym uly işdir. Onuň taňrysy bilen ýaraşmak gerek» diýdi. Olar: «Sen ony näme üçin oduň köýdürmedigini bilmeýärmisiň? Çünki biziň ata-babalarymyz oda çokunardylar. Ot bizi hem, biziň urugymyzy hem köýdürmez» diýdiler. Bu kyssanyň içinde köp peýdalar bardyr: Gatyr odun getirdi, nesli kesildi. Serçe çöp daşady, oglanlar ony tutup, ýelegini ýolup oda taşlarlar. Garlawaç suw daşady. Ol aman boldy. Serçäniň oduny bilen Nemrudyň ody bolşundan uly ot bolmady. Emma adamlar oňa duşmanlyk bildirdiler. Garlawa-jyň suwy bilen ot öçmedi. Emma kyýamata çenli onuň ýagşy ady galdy. Nemrut Hazara: «Biz Ybraýymdan nähili gutularys?» diýdi. Hazar halky ýygnap: «Biz bir çukur gazaly. Ol çukuryň içinde tütün edeliň. Tütün adyny heläk edýändir». Nemrut: «Eý, Hazar! Bu iş üçin näçe harajat gerek bolsa, ony hazynadan al-da, ony bitir» diýdi. Hazar ot ýakylan ýerden çukur gazdyrdy. Ol çukuryň özi teriň, düýbi dar, agzy giňdi. Onuň içini saman bilen, näpäk zatlar bilen doldurdylar. Hemme halk tomaşa etmäge durdular. Hazar ot getirdi. Ody samana atdylar. Hudaýtagalanyň permany bilen ýel gelip, otdan bir kesek aldy. Ony getirip Hazaryň başyna taşlady. Hazar ýykyldy, köýüp başlady. Halk: «Eý, Hazar! Sen ot bizi köýdürmez diýip aýtmanmydyň?» diýdi. Hazar hiç bir söz sözläp bilmedi, ol şol wagt öldi. Ýel ýene geldi. Ol Nemrudyň ýakan odundan kül getirdi. Ony getirip halaýygyň, şeýle hem odun daşanlaryň üstünden dökdi. Olaryň köpüsi garagy kör boldy. Hezreti Ybraýym salamat galdy. Adamlaryň aman galanlary bu ýerden gaçdylar. Şol wagt Sara (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) hezreti Ybraýymyň ýanyna geldi. Sara Hazaryň gyzydy. Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, ol Nemrudyň uly begleriniň biriniň gyzydy. Sara: «Eý, Ybraýym! Seniň Taňryň ýawlak güýçli eken. Ol menden hem bizarmy?» diýdi. Hezreti Ybraýym: «Ol seni dogry ýola gönderer we seni uçmahy eder» diýdi. Sara örän owadan gyzdy. Ol: «Eý, Ybraýym! Men bir şert bilen musulman bolaýyn we saňa baraýyn» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Meniň saňa galyň berer ýaly malym ýok» diýdi. Sara: «Meniň galyňym şeýledir şerigatda we hemme işlerde näme diýsem, sen ony amal et» diýdi. Hezreti Ybraýym Saranyň bu şertini kabul etdi. Rowaýat. Nemrudyň bir gyzy bardy. Ol oda tomaşa etmek üçin minara çykdy. Ol ýagdaýy gözi bilen görüp: «Onuň Hudaýy hak Taňry bolmasa, ol munça oduň içinde beýle mertebä eýe bolmazdy» diýdi. Gyz minaradan düşüp, hezreti Ybraýymyň ýanyna gelip: «Eý, Ybraýym! Men seniň ýanyňa geldim. Ýöne men otdan gorkýaryn» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, gyz! Sen çyn ýüregiň bilen: «Lä ilähe illalla, Ybraýym halylulla» diýip oda gir» diýdi. Ol gyz bu jümläni päk ýüregi bilen gaýtalap oda girdi. Ot oňa täsir etmedi. Ol gyz musulman boldy we: «Eý, Ybraýym! Meniň ömrüm şunça wagt azaşmakda geçdi. Bu gün men yslamy kabul etdim. Indi, siz maňa bir dileg ediň, meniň ömrüm iman bilen tamam bolsun» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam dileg etdi. Ol gyzyň ömri tamam boldy. Başga bir rowaýatda aýdylşyna görä Ol gyz yslamy kabul edenden soň, enesiniň ýanyna baryp, ony imana ündedi. Enesi gyzynyň sözlerini Nemruda aýtdy. Nemrut (goý, oňa nälet bolsun!) gyzyny öldürmekligi jellada buýurdy. Kapyrlar ony tutmakçy bolanlarynda bir bulut gelip, gyzy orap alyp, ony Kuh dagynyň üstüne eltip goýdy. Ol gyz şol ýerde ybadata meşgul boldy. Hudaýtagala günde bir nar iberip, ony iýmitlendirip durdy. Aýdylyşyna görä, ol gyz kyýamat güni Ysrapyl alaýhyssalam tüýdügini çalýança şol ýerde ybadata meşgul bolar. Rowaýat: Nemrut minaradan hezreti Ybraýymy gördi. Oduň içinde dürli reňkli güller açylypdyr. Ol ot gyzyl, ýaşyl, sary güllere öwrülipdir. Oduň ortasyna ýol çykyp dur. Ol ýerde hurma agajy ösüp dur. Nemrut: «Eý, Ybraýym! Ot seni köýdürmeýärmi?» diýip sorady. Ol: «Ýok» diýdi. Nemrut ondan ýene: «Eý, Ybraýym! Bu ody seniň üçin kim sowatdy?» diýip sorady. Ol: «Ony meniň Taňrym sowatdy» diýdi. Nemrut: «Eý, Ybraýym! Seniň Taňryň ýagşy Taňry eken» diýdi. Nemrut musulman bolmaklyga meýil etdi. Emma onuň wezir-wekilleri onuň bu meýlini unamadylar. Olar: «Biz Ybraýymy tütün bilen heläk edeli» diýdiler. Lut alaýhyssalam gelip, hezreti Ybraýymy olaryň bu işinden habardar etdi. Ol ikisi gijäniň garaňkysynda bu ýerden çykyp gaçdylar. Nemrut: «Ybrany dilli kim duşsa, ony tutuň» diýip, ýollara sakçy goýdy. Ol gije Hudaýtagala hemme dilleri öz gudraty bilen bulaşdyrdy. Diller aýnady. Aýdypdyrlar: Ýetmiş iki dürli dil peýda boldy. On sekiz dili Ham urugyndan bolan hindiler, on sekiz dili Sam urugyndan bolan araplar we ajamlar, otuz alty dili Ýafes urugyndan bolan türkler aldylar. Ybraýym bilen Lut ýol sakçylaryndan ötdüler. Olar sakçy-lardan ötmekçi bolanlarynda: «Siz kim?» diýip soradylar. Olar: «Biz Ybraýym bilen Lutdyrys» diýdiler. Sakçylar: «Bu ikisi biz Ybraýym bilen Lut» diýip, biziň üstümizden gülýärler. Biz bulary saklaly» diýdiler. Emma Haktagala bulary öz gudraty bilen olardan sypdyrdy. Bular başga welaýata baryp ornadylar. Nemrudyň gahary öçüşdi. Allatagaladan: «Eý, Ybraýym! Sen Nemrudyň ýanyna bar we ony imana ünde» diýen perman geldi. Hezreti Ybraýym Nemrudyň ýanyna gelip: «Eý, Nemrut! Sen buta tabunma, iman getir. Allatagalany bir diý, meni onuň pygamberi diýip bil» diýdi. Nemrut: «Eý, Ybraýym! Menden başga taňry barmy?» diýdi. Hezreti Ybraýym: «Bar» diýdi. Nemrut: «Ol kim?» diýdi. Hezreti Ybraýym: «Ol seni ýaratdy we saňa mülk berdi. Ol ýeriň, gögüň taňrysydyr» diýdi. Nemrut: «Men hem «taňrydyryn». Ol hem taňrydyr. Meniň seniň taňryňa mätäçligim ýok. Men seniň Taňryň bilen sanjyşaýyn» diýdi. Nemrut bu sanjyşygyň ýaragyny tutup başlady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |