23:18 Kysasyl enbiýa -23: Nemrudyň göge çykmagynyň beýany | |
NEMRUDYŇ GÖGE ÇYKMAGYNYŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Nemrut garaguşlaryň balalaryny tutup ekdi etdi. Olar ulaldylar. Ol bir sandyk ýasatdy. Oňa iki gapy goýdurdy. Olaryň biri ýokarsynda, biri bolsa aşagynda ýerleşýärdi. Onuň sekiz aýagy bardy, dördüsi aşagynda, dördüsi bolsa ýokarsynda goýlandy. Ol sandygyň üstündäki aýaklaryna gara guşlary baglatdy. Özi söweş geýimini geýip, ok-ýaýyny alyp, geňeşçisi bilen sandyga girdi. Sandygyň üstüne et baglatdy. Guşlar eti gördüler we ony almak üçin uçdular. Olar sandygy howa göterdiler. Olar bir gije-gündiz uçdular. Nemrut geňeşçisine: «Sandygyň ýokarky gapysyny aç» diýdi. Ol gapyny açdy. Nemrut: «Sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Geňeşçisi: «Men asmany öňküsi ýaly görýärin» diýdi. Nemrut: «Sandygyň aşagyndaky gapyny aç» diýdi. Geňeşçi ony açdy. Nemrut: «Indi sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Ol: «Men ýeriň ýüzüni görýärin. Ýer, gök öň nähili görünýän bolsa, häzir hem şonuň ýaly görünýär» diýdi. Olar ýene bir gije-gündiz uçdular. Nemrut üstki gapyny açdyrdy. Ol: «Näme görünýär?» diýip sorady. Geňeşçisi: «Bus görünýär» diýdi. Nemrut: «Indi biz gelip ýetdik» diýdi. Ol okuny alyp atdy. Allatagala Jebraýyl alaýhyssalama: «Onuň okuny balyga sanjyp, gana bulap, sandyga sal» diýip buýurdy. Şonuň üçin balyk bogazlanmaz diýipdirler. Şeýle hem howada bir guş bardy. Jebraýyl alaýhyssalam onuň okuny bu guşuň ganyna bulady. Bagzylar aýdypdyrlar: Ok inip Nemrudyň depesine düşdi. Ol gana bulandy. Ol muny geňeşçisinden ýaşyrdy. Ol: «Men gögüň taňrysyny öldürdim» diýip, sandygyň üstündäki etleri onuň aşagyna baglady. Ol aşak inip barýarka sandygyň içine ýel girdi we sandyk gaty ses etdi. Hemme halaýyk bu sesden gorkdular. Aýat: «Olar hak zady nähak etmek we nähak zady hak etmek üçin mekirlik etdiler. Emma olaryň mekirlikleriniň muzdy Allatagalanyň dergähinde taýyndyr». Olar ýere gelip gondular we: «Biz gök taňrysyny öldürdik» diýdiler. Aýdypdyrlar: Nemrudyň kowumyndan ýüz müň adam ondan dänip, Ybraýym pygambere köňüllidi. Nemrut gelip: «Men gök taňrysyny öldürdim» diýip, ganly oky görkezenden soň, olar munuň sözüni dogry tapyp ýene kapyr boldular. Aýat: «Allatagala islän kişisini dogry ýoldan azdyrar we islän kişisini dogry ýola gönükdirer». Hezreti Ybraýyma: «Sen baryp Nemruda aýt. Eger ol meniň bilen sanjyşmaga köňülli bolsa, leşgerini taýýarlasyn» diýip, perman boldy. Hezreti Ybraýym Nemrudyň ýanyna gelip, oňa Hudaýtagalanyň permanyny ýetirdi. Nemrut illerine çapar iberdi. Sansyz-hasapsyz leşger ýygnandy. Olaryň hemmesi başyndan aýagyna çenli demirden kalag geýipdirler. Allatagaladan çybyn leşgerine perman boldy. Hemme çybynlar çykyp geldiler. Olar Günüň ýüzüni tutdular, gelip Nemrudyň leşgerine ýapyşdylar we Nemrudyň leşgeriniň ýaraglaryny, donlaryny, etlerini, süňklerini iýip tüketdiler. Nälet siňen Nemrut gaçdy. Ol gelip, saraýyna girdi. Saraýyň beýikligi bäş ýüz garydy, diwaryň degresi üç müň bäş ýüz garydy. Ol saraýynyň gapylaryny baglady. Hudaýtagala bir ejiz, agsak, çala görýän gözli, ýarty ganatly çybyna perman berdi. Ol çybyn deşikden girdi we onuň beýnisini iýip başlady. Ol Nemrudy kyrk gije-gündiz iýdi. Kagbul-Ahbaryň rowaýaty boýunça, Allatagala nälet siňen Nemruda dört ýüz ýyl patyşalyk mülküni berdi. Ol çybyn Nemrudyň burnuna girdi. Ol dört ýüz ýyl onuň burnunda durdy. Ol ýanyna kim gelse, burnundaky çybyny pitik bilen urdurardy, onuň bilen bolmasa, ýumruk bilen ýeňsesine urdurardy. Hikmet: Nemrut dört ýüz ýyllap taňrylyk dawasyny edendigi üçin bu azaba sezewar boldy. Ol adamlary özüne sežde etdirdi. Ýeňsesine şunça ýumruk iýen kişi taňrylyga nähili ýarar? Onuň bilen Nemrudyň derdi ýeňlemedi. Onsoň, oňa topuz urup başladylar. Ol ejizledi we derdi artdy. Ili-güni emgege düşdi. Bir gün onuň uly ynagyna tokmak urmak gezegi düşdi. Ol ynak: «Men ertir baraýyn. Nemrudy bu dertden gutaraýyn» diýdi. Ertesi gün ynak Nemrudyň ýanyna bardy. Ol tokmak bilen onuň ýeňsesine urmakçy bolup, goluny ýokary göterdi we güýç bilen tokmagy Nemrudyň başyndan inderdi. Nemrudyň başy ýaryldy. Ol çybyn gögerçin ýaly bolup gidipdir. Ol uçup çykdy. Jebraýyl alaýhyssalam bolsa ganaty bilen saraýy göterip, ýere çalyp urdy. Saraýyň asty üstün boldy. Aýat: «Olaryň jaýlarynyň düýbünden ýykylmagyna Allatagalanyň hökümi geldi. Olaryň jaýlarynyň petigi üstlerine gaýtdy». Nemrut dowzaha duwlandy. Onuň ornuna Zularş atly patyşa tagta geçip oturdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |