15:26 Kysasyl enbiýa -24: Ybraýym alaýhyssalamyň Zularş patyşa bilen başdan geçiren wakalarynyň beýany | |
YBRAÝYM ALAÝHYSSALAMYŇ ZULARŞ PATYŞA BILEN BAŞYNDAN GEÇIREN WAKALARYNYŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ybraýym alaýhyssalam Nemrudyň ambarlaryndaky hemme altyn-kümüşleri, beýleki zatlary garyp-gasarlara sadaka berdi. Soňra Lut alaýhyssalam we Sara bilen ol welaýatdan çykyp gitdi. Sara musulmançylygy kabul etdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Indi men nirä baraýyn?» diýip, mynajat aýtdy. Allatagaladan: «Haýsy tarapy göwnüň islese, şol ýere git» diýen owaz geldi. Zularş patyşa ol wagt ýaş ýigitdi. Ol aýal-gyzlara örän meýillidi. Ol bir ýerde owadan zenan görse, ony özi üçin getirderdi. Bu Zularş Ibn Sadyk Hamyry nökerleri bilen ýola sakçy edip goýdy. Olar ötegçileriň harydynyň ondan birini alardylar. Ybraýym alaýhyssalama on bäş sakçy ýolukdy. Olar ondan üşr soradylar. Ybraýym alaýhyssalam: «Bizde üşr berer ýaly haryt ýok. Biziň diňe ogullarymyz bar» diýdi. Sakçylar onuň ogullaryny sanadylar. Olaryň sany dokuz çykdy. Olar: «Biz seniň ogullaryň on bolsa birini alardyk. Emma olar dokuz çykdy. Dokuzdan bize düşýän zat ýok. Biz bu sandygyň içinde näme bardygyny göreli» diýdiler. Sandygyň içinde bolsa Sara bardy. Habarda pygamber alaýhyssalamdan şeýle rowaýat edilipdir: Ol: «Taňrynyň ýaradan zatlarynyň ýolda saklanyp alnan zatdan beterrägi ýokdur» diýdi. Olar Sarany gördüler we onuň görküne haýran galdylar. Olar: «Biziň patyşamyz şunuň ýaly zady halaýar. Sen näme üçin muny gizläp alyp barýarsyň?» diýdiler. Olar Ybraýym alaýhyssalamy bu ýerde adamlary bilen sakladylar we bu habary patyşa ýetirdiler. Patyşa Sarany görmezden oňa köňülli boldy. Ol hajybyna: «Ol kişini meniň ýanyma getiriň» diýdi. Hajyp sakçylaryň ýanyna baryp, Ybraýym alaýhyssalamy patyşanyň ýanyna alyp geldi. Patyşa Ybraýym alaýhyssalamy gördi. Ol görkli hem jemally adamdy. Ol oňa hormat-hezzet etdi. Patyşa ondan: «Seniň adyň näme?» diýip sorady. Ybraýym alaýhyssalam: «Meniň adym Abdylla» diýdi. Patyşa: «Sandygyň içinde näme bar?» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam gorkup öz-özüne: «Eger men: «Ol meniň aýalym» diýsem, patyşa Saradan tamaly bolup meni öldürder» diýdi. Bu sebäpli ol: «Onuň içinde aýal maşgala bar. Ol meniň garyndaşym» diýdi. Ol bu sözi: «Möminler biri-birine dogandyr» diýen sözden ugur alyp aýtdy. Patyşa: «Eý, Abdylla! Bu gün men Müsür patyşasydyryn. Meniň malym-mülküm köp. Sen ol garyndaşyňy maňa berseň? Men seni mülküme ortak (şärik) edeýin» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam gaýgyly bolup, ýüzüni aşak saldy. Patyşa: «Eý, Abdylla! Sen näme üçin dymýarsyň?» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Onuň özünden rugsat sora» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam gaýgy-gama batyp, Saranyň ýanyna gaýdyp geldi. Sara ondan: «Saňa näme boldy? Sen beýle gaýgyly görünýärsiň?» diýip sorady. Ybraýym alaýhyssalam patyşanyň sözlerini oňa aýdyp berdi. Sara ýyglap başlady we: «Eý, Ybraýym! Sen näme üçin patyşa dogrusyny aýtmadyň? Özüňi hem, meni hem bela saldyň» diýdi. Patyşa howlugyp, iki ýüz nöker bilen hajybyny iberdi. Ol: «Sen baryp ol kişini siňlisi bilen meniň ýanyma alyp gel» diýdi. Ybraýym alaýhyssalamy Sara bilen patyşanyň ýanyna alyp geldiler. Sara başyna keteni çadyra oranyp girdi. Patyşa Ybraýym alaýhyssalama tagtyň gapdalyndan orun berdi. Sara Ybraýym alaýhyssalamyň ýanynda oturdy. Patyşa: «Eý, Abdylla! Meniň malymyň, mülkümiň hasaby ýok. Men saňa onuň ýarysyny bereýin. Sen aýal doganyňy maňa ber» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Onuň özi gapdalymda otyr. Goý, onuň özi sözlesin» diýdi. Patyşa Sara: «Meniň soltanlyk urugyndan müň garabaşym (kenizegim) bar. Men olaryň hem-mesini saňa bereýin. Olar saňa hem hyzmat etsinler. Sen me-niňki bol» diýdi. Sara ýyglady, hiç sözlemedi. Patyşa: «Eý, Abdylla! Bu gyz senden uýalyp sözlemeýär» diýdi. Ybraýym alaýhyssalamyň elinden tutup, bu ýerden çykardylar. Ony bir diwaryň düýbünde oturtdylar. Jebraýyl alaýhyssalam gelip, hezreti Ybraýymy Saranyň depesine getirdi we ganatynyň üstünde göterip durdy. Ybraýym alaýhyssalam Sarany görüp, köňli tolgundy. Patyşa näçe sorasa hem Sara geplemedi, elini ýüzüne tutup ýyglap durdy. Patyşanyň sabyr-takaty galmady. Ol Saranyň ýanyna geldi, onuň ýüzüne elini uzatdy. Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Sen öz gudratyňy bu kapyra görkez» diýdi. Patyşanyň iki eli boýnuna çenli gurady. Patyşa: «Eý, Sara! Sen meniň ellerim oňalsyn diýip dileg et. Men saňa rugsat bereýin» diýdi. Sara dileg etdi. Patyşanyň elleri öňküsi ýaly oňaldy. Patyşa ýene Sara kast etdi. Onuň elleri ýene gurady. Sara ýene dileg etdi. Patyşanyň elleri ýene düzeldi. Patyşa oňa üç gezek kast (meýil) etdi. Üç gezek hem onuň elleri gurady. Ýer titredi. Patyşa: «Senden maňa ýeten bu bela nämedir?» diýdi. Sara: «Ol bela menden gelmeýär. Ol seniň kapyrlygyň, şeýle hem güýç degireniň (zorluk edeniň) sebäpli bolýar» diýdi. Patyşa: «Men saňa zorluk etmedim» diýdi. Sara: «Bu bela seniň Taňrynyň pygamberine sütem edeniň üçin gelýär» diýdi. Patyşa: «Men haýsy pygambere sütem etdim?» diýdi. Sara: «Sen Ybraýym pygambere zorluk etdiň. Nemrut onuň elinden heläk boldy» diýdi. Patyşa: «Men Ybraýymy hiç haçan görmedim. Onsoň men oňa nähili sütem ýetirýärmişim?» diýdi. Sara: «Ybraýym pygamber meniň ärimdir. Sen meni ondan aýyrdyň. Saňa bu bela, bu emgek şol sebäpden ýetdi» diýdi. Patyşa: «Saňa hem bu emgek onuň: «Bu gyz meniň aýal doganym» diýmegi sebäpli ýetdi. Eger ol seni: «Bu meniň aýalym» diýen bolsa, men saňa azar bermezdim» diýdi. Sara: «Ol seniň zulmuň, kapyrlygyň, güýjüň sebäpli dogrusyny aýdyp bilmedi. Eger ol: «Bu meniň aýalym» diýse, sen ony öldürderdiň» diýdi. Patyşa: «Men hiç kimden güýç bilen zat almadym» diýdi. Ol hajybyna: «Bar ol kişini bu ýere getir» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam bu arada hezreti Ybraýymy öňki ýerine eltip goýdy. Hajyp Ybraýym alaýhyssalamy patyşanyň ýanyna alyp geldi. Patyşa ornundan turup, Ybraýym alaýhyssalamyň aýagyna ýykyldy. Ol: «Sen Nemrudy heläk eden Ybraýymmysyň?» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Hawa, şol Ybraýymdyryn» diýdi. Patyşa: «Sen maňa öz taňryňy sypatlandyryp ber?!» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Meniň Taňrym ýedi gat gögi, ýedi gat ýeri ýaradan, onuň çäksiz ägirtligi we çäksiz gudraty bar. Onuň hiç kim bilen şärikligi ýok. Ol hiç kimden dogulmady, ondan hiç kim dogmady. Ol hiç mahluga meňzeş däldir. Ol näme islese, şony hem edýär. Ol dirini öldürýär, ölüni direldýär. Emma Onuň özi hiç wagt ölmeýär. Ol bakydyr. Hemme zat Onuň gudratyndandyr. Ol hemme zada hökümdardyr» diýdi. Zularş: «Men ýetmiş ýyldan bäri Zöhre ýyldyzyna çokunýaryn. Men köplenç şeýle pikirdedim. Bu beýik gögi kim diregsiz tutýar, bu gara ýeri suwuň üstünde kim saklaýar, ýyldyzlary kim dogurýar, kim olary ýaşyrýar, gündizi kim düşürýär, gijäni kim getirýär? Bu işleriň hemmesini seniň Taňryň edýän eken. Indi meniň ellerim, boýnum gurady. Men muňa näme alaç edeýin?» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam geldi. Ol Ybraýym alaýhyssalama Allatagalanyň «Zularş hemme malyny, harydyny, altyn-kümüşini saňa bersin. Men onuň ellerini, boýnuny oňaldaýyn» diýen permanyny ýetirdi. Zularşyň Hajar atly kenizegi bardy. Ol Magryp patyşasynyň gyzydy we Salyh pygamberiň urugyndandy. Zularş onuň atasyny öldürip, Hajary ýesir alyp gaýdypdy. Ol hemme garabaşlary (kenizekleri) Hajaryň erkine beripdi. Perman şeýledi: «Eý, Zularş! Malyň, harydyň we hazynanyň açaryny Ybraýyma ber». Ol bu zatlaryň hemmesini Ybraýym alaýhyssalama berdi. Ybraýym alaýhyssalam dileg etdi. Patyşanyň elleri we boýny öňküsi ýaly salamat boldy. Zularş şol wagt iman getirdi. Ol: «Eşhedu ellä ilähe illallahu we eşhedu enne Ibrahimu resulallahi» diýip, musulman boldy. Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, patyşa! Seniň beren malyňy kabul etdim we men seni bagyşladym» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam Hajary hem ondan aldy. Ybraýym alaýhyssalam ýedi gün hazzan bolup patyşanyň gaşynda durdy. Oňa iman we yslam öwretdi. Sekizlenji güni Jebraýyl alaýhyssalam geldi. Ol Ybraýym alaýhyssalama Hudaýtagalanyň: «Indi bu ýer seniň durmaly ýeriň däl. Sen indi bu ýerden git» diýen permanyny ýetirdi. Ybraýym alaýhyssalam Taňrynyň permanyny patyşa aýdyp berdi. Patyşa: «Sen meniň bilen dur. Men saňa Müsüriň patyşalygyny bereýin. Özüm saňa gul bolaýyn» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Maňa dünýä maly gerek däl» diýdi. Patyşa Hajara: «Sen hazynadan bir altyn täç bilen altyn guşak, ýene ýüz müň altyn getir» diýdi. Bu zatlary getirdiler. Olary Ybraýym alaýhyssalamyň öňünde goýdular. Patyşa: «Eý, Ybraýym! Sen bu zatlary kabul et» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam gelip, oňa: «Eý, Ybraýym! Sen ol zatlary kabul et» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam ol zatlary kabul etdi. Oňa ýene ýüz müň düýe, ýüz müň at, ýüz müň sygyr, ýüz müň göle, ýüz müň goýun, dört ýüz garabaş – kenizek berdiler. Patyşa: «Eý, Sara! Bu täç Müsüriň ýedi ýyllyk harajydyr. Bu saňa laýykdyr» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam gelip, hezreti Ybraýyma: «Sen Sara aýt. Ol ony kabul etsin» diýdi. Patyşa: «Dört ýüz garabaşyň hemmesi patyşalaryň gyzydyr. Men olary saňa berdim. Sen kabul et!» diýdi. Sara: «Men Taňrynyň ejiz guludyryn. Meniň ýeke başyma munça garabaş nämä gerek. Emma maňa ýalňyz Hajary berseň ýeterlik bolar» diýdi. Patyşa buýurdy. Oňa on müň altyn, ýene müň goýun, iki ýüz düýe, iki ýüz sygyr getirdiler. Hajar bu zatlaryň hemmesini Sara berdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Eý, Ybraýym! Sen: «Ol bu zatlary kabul etsin diýip Sara aýt» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam Sara bu sözi aýtdy. Ol bu zatlary kabul etdi. Soňra Ybraýym alaýhyssalam hemme zatlary alyp Sara bilen Ahzan welaýatyna bardy. Olar haýsy ýerde düşleseler, bir agaçlyk ýeri ýylky-gara (at, goýun, sygyr) tutardy. Ybraýym alaýhyssalam Ordon (Iordaniýa) ýerine geldi. Ol bu ýerde alty müň ýylky-gara gördi. Ybraýym alaýhyssalam hezreti Luta aýtdy: «Sen bu ýerde düşle». Lut alaýhyssalam bu ýerde gara öý dikdi. Ybraýym alaý¬hyssalam bu ýerde bir guýy gazdyrdy. Ondan süýji suw çykdy. Ol ýeriň kişileri: «Bu är köp ýylky-gara bilen biziň otlugymyzy guradar. Muny ýerimizden çykaraly. Bu guýy bize galsyn» diýdiler. Olar şeýle sözleşenlerinde Zularş patyşa leşgeri bilen Müsüre geçip barýardy. Ol bu ýerde düşledi. Üç kişi Ybraýym alaýhyssalamy patyşanyň ýanyna getirdiler. Patyşa hezreti Ybraýymy gördi. Ol oňa hormat edip ýerinden turdy. Ol tagtyndan düşüp, onuň öňünden garşylamaga çykdy. Ybraýym alaýhyssalam: «Ýeriňde otur» diýip, oňa eli bilen yşarat etdi. Patyşa tagtynda oturdy. Ol kişiler ýükünip patyşa: «Ol gije-gündiz ýylky-garasy bilen gelip biziň otlagymyzy, suwlagymyzy guradýar. Ol bu ýerden çyksyn» diýdiler. Patyşa: «Eý, Ybraýym! Sen näme aýdýarsyň?» diýdi Ol: «Siz men garyba git diýseňiz, onda men bu ýerden giderin» diýdi. Patyşa: «Siziň araňyzda men höküm etsem bolarmy?» diýdi Olar: «Bolar» diýdiler. Patyşa: «Siz on goýun getiriň. Biz ony bişirip iýeli. Hezreti Ybraýym hem on goýun getirsin. Ony hem biz iýeli. Haýsyňyzyň aşyňyz bizi doýurjakdygyny göreli. Soňra öldürilen goýunlary direldiň. Kim olary direltse, bu ýer oňa bolsun» diýdi. Ol kişiler bu sözden gaýgyly boldular. Olar on sany arryk goýun ýetirip bogazladylar. Olardan tagam bişirip öýe girdiler. Patyşanyň leşgeri ony iýdi. Olaryň her birine bir bölek et ýetdi. Olar doýmadylar. Ertesi Ybraýym alaýhyssalam on sany semiz goýny bogazlap, tagam bişirip getirdi. Üç müň nöker ony iýdi. Olaryň hemmesi doýdular. Ybraýym alaýhyssalam ýerinden turdy. Bir dileg etdi. Soýlan goýunlar direldi. Patyşa ýeri we suwy Ybraýym alaýhyssalama bermekligi höküm etdi. Soňra ötünç sorap, atlandy. Ybraýym alaýhyssalam bu ýerde galdy. Ol kişiler Ybraýym alaýhyssalama göripçilik edip, bir gije öli iti guýa taşladylar. Ybraýym alaýhyssalam hezreti Luta: «Biz bu ýerden gideli» diýdi. Ybraýym alaýhyssalamyň on iki süri goýny bardy. Her bir sürüde bir altyn halkaly iti bardy. Mu-kaddes ýere çenli bu ýerden dört agaçlyk aralyk bardy. Bular Mukaddes ýere baryp ornadylar. Bir gün Ybraýym alaýhyssalama Sara: «Men indi garradym. Saňa hyzmat etmäge meniň güýjüm galmady. Sen meniň üçin köp emgekleri gördüň. Men seniň ýagşylyklaryňy gaýtaryp bilmedim. Onuň üçin men bu Hajary saňa bagyşlaýaryn. Ol saňa bolsun!» diýdi. Aýdypdyrlar: Hajar ady şonuň üçin berildi. «Ha ujraka» diýmeklik – «Ine, seniň muzduň» diýmeklik bolar. Sara Hajary Ybraýym alaýhyssalama özi üçin gören köp azaplarynyň muzdy üçin berdi. Hajar Salyh pygamberiň urugyndandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |