00:53 Kysasyl enbiýa -25: Ysmaýyl alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany | |
ON IKINJI KYSSA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
YSMAÝYL ALAÝHYSSALAMYŇ WAKALARYNYŇ BEÝANY Ol: «Eý, ata! Sen özüne näme buýrulan bolsa şony hem berjaý et. Eger Allatagala islese, meniň şol buýruga sabyr edijilerdendigimi bilersiň» diýip, Taňrynyň buýrugyna boýun sundy. Ol: «Biz onuň öwezine uly goçy gurbanlyk etmek üçin berdik» diýen aýat bilen mertebe haladyny geýdi. Ol: «Wadasyna wepaly bendedi, ilçi edilip iberilen pygamberdi» diýen ady bilen meşhur bolandyr. Şygyr Safy Ysmaýyl ýalawaç köňli tolug kad safa, Sadykul-wagdy atanyban, wadasyn kyldy wepa. Depdi ýere iki aýagyn, tapdy ýerde bir guzug, Buldy Zemzemiň suwuny, boldy yllata şypa. Käbäniň daşyn daşap, gurban kylan ol zabyh, Degresinde dag tanuklar Merwa erdi hem Sapa. Halk era artyk bagyrsak erdi, Möwlaga mutyg, Özgelerge wafy erken, özünge degdi jepa. Dogmadyk erdi eneden, dogdy ýalňyz bir ogul, Dogmady ondan ýalawaç, ýalňyz erdi Mustapa. Sara (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) togsan ýaşyna bardy. Onuň ogul-gyzy bolmady. Ybraýym alaýhyssalamyň maňlaýynda Muhammet Mustapanyň nury bardy. Ol: «Bu nur senden bolan oglana ýeter» diýip wada edipdi. Ybraýym alaýhyssalam Hajara gowşanda ol nur onuň rehmine düşdi. Sara ol nuruň Ybraýym alaýhyssalamdan geçendigini gördi. Onuň gahary geldi. Ol nurdan umytsyz galmagy sebäpli Ybraýym alaýhyssalamyň ýakasyndan ebşitläp tutdy. Äriň ýakysyny iň ilki tutan aýal Saradyr. Adam atadan bäri äriniň ýakasyndan ebşitläp tutan hiç bir aýal ýokdy. Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Eý, Ybraýym! Sen Sara aýt. Ol sabyrly bolsun» diýdi. Ybraýym Sara bu habary aýtdy. Sara: «Men nähili sabyrly bolaýyn. Men segsen ýyldan bäri şu umytdadym. Bu gün seniň ol wadaň meniň garabaşyma (kenizegime) ýetdi» diýdi. Ybraýym alaýhyssalamyň Sara bilen tirikligi ynady Sara: «Men Hajaryň endamynyň üç ýerini maýyp ederin» diýip ant içdi. Ol Hajar inek sagyp durka, gelip onuň burnuny, gulagyny kesmäge başlady. Hajar perýat etdi. Jebraýyl alaýhyssalam gelip, hezreti Ybraýyma: «Sen Sara aýt. Goý, ol Hajara sütem etmesin. Çünki Allatagala sütemkärleri halamaýar» diýdi. Sara: «Men Hajaryň üç ýerini keserin diýip ant içipdim. Onsoň men näme edeýin?» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Eý, Ybraýym! Sen Sara aýt. Goý, ol Hajaryň iki gulagyny dilsin, ýene uýat endamyny hatna kylsyn. Şeýdip ol antyndan çyksyn» diýdi. Ol bu permany Sara ýetirdi. Sara: «Bu äre ýaramasyn» diýip, Hajaryň iki gulagyny dildi, uýat endamyny hatna kyldy. Jebraýyl alaýhyssalama perman boldy. Ol uçmahdan iki altyn ysyrga getirdi. Ol ony Hajaryň gulagyna dakdy. Onuň görki öňküsinden hem artyk boldy. Uýat ýerini kesilendigi üçin ol ärine öňküden hem söýgüliräk boldy. Aýallary hatna kylmak Saradan galdy. Käbir rowaýatlarda aýdylşyna görä, Ysmaýyl Hajardan şundan soň dogdy. Başga bir rowaýatda şeýle aýdylypdyr: Hajaryň aýy-güni ýakyn geldi. Sara hiç sabyr-karar tapmady. Ol Ybraýym alaýhyssalama: «Sen Hajary bu ýerden alyp git. Men ony görmäýin. Sen ony meniň gözümden uzakda goý» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Eý, Ybraýym! Sen Hajary başga ýere alyp git» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam iki düýe getirip, onuň birine Hajary mündürdi, beýlekisine bolsa özi mündi. Olar gozgandylar. Sara Ybraýym alaýhyssalama: «Men seniň öňüňde üç şert goýjak. Birinjisi, Hajary adamsyz ýere eltip taşla, ikinjisi, baran ýeriňde sen düýeden asla düşme, üçünjisi, gije düşleme» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam onuň üç şertini berjaý etmeklige ant içdi. Ybraýym alaýhyssalam Beýtilmukaddesden çykdy. Ol ýerden Mekgä çenli bir aýlyk ýoldy. Hudaýtagala perişdelere ýeriň tanapyny dartdyrdy. Bular ol ýere bir günde baryp ýetdiler. Ybraýym alaýhyssalam Hajary bu ýerde birnäçe günlük azygy we suwy bilen taşlap gaýtdy. Ol wagt Mekge adam aýagy basylmadyk bir çöllük ýerdi. Ol ýerde hiç bir adam ýaşamaýardy. Suw ýokdy, ösümlik ösmeýärdi. Ol ýerde Beýtil-Magmuryň ýeri bardy. Aýat: «Ybraýym aýtdy: «Eý, Taňrymyz! Men bu otsuz-suwsuz çölde Seniň keramatly öýüň ýanynda zürýatymy (maşgalamy) ornaşdyrdym». Ybraýym alaýhyssalam Hajary bu ýerde goýup, yzyna gaýtdy. Birnäçe gün geçenden soň, Hajardan aý-günden görklüräk bir ogul dogdy. Onuň elinde Muhammet Mustapanyň nury bardy. Hajaryň suwy tükendi. Ol ogluny gundaglap goýdy. Ol Sapa dagyndan «Ine, suw» diýen bir owaz eşitdi. Soňra ol bu owazy Merwa dagyndan eşitdi. Ol Sapa dagyna, soňra Merwa dagyna bardy. Ol iki dagdan hem suw tapmady. Ol owaz bu iki dagyň her birinden ýedi gezek geldi. Ol her sapar owaz eşidende Sapadan Merwa, Merwadan Sapa tarap ýüwürdi. Emma suw görmedi. Ol ejizledi. Bu iki dagyň arasynda ýüwürmek ol günden bäri hajylara sünnet bolup galdy. Bu ýagdaýda Hajar Hudaýtagala: «Isma’ ýa ilu» diýip mynajat etdi. «Il» sözi sirýany dilinde «taňry» diýmeklik bolar. Bu sebäpden Hajaryň ogluna Ysmaýyl diýip at goýuldy. Ysmaýyl aglaýardy. Hajar onuň sesini eşidip, onuň ýanyna ýetip geldi. Görse, Ysmaýyl öwrülip, ýüzün düşüpdir. Ol iki aýagy bilen ýeri depýär. Onuň aýagy bilen depen ýerinde Jebraýyl alaýhyssalam ganaty bilen urup ýeri öňdi. Ol ýerden suw çykdy. Ol bu günki Zemzem guýysydyr. Ondan suw akyp başlady. Hajar suwuň akyp durandygyny görüp, begenjine: «Suw tükenmesin» diýip, daş-gumy onuň degresine egirdi, suw ýygnady. Ol gün Hajar suw ýygnamadyk bolsa, bu gün Mekgede bir ýap suw bolardy. Ysmaýylyň bereketinden bir gün Beni Jerhem atly argyş Şam welaýatyna Mekgäniň üsti bilen geçmekçi boldy. Olar bu ýeriň asmanyndan guşlaryň uçuşyp ýörenini gördüler. Olar guşlary yzarlap bardylar. Olar Mekgä baryp ýetdiler, Ysmaýyly, onuň görkli oturan enesini ýene suwy gördüler. Olar Hajardan: «Bu guýy kimiňkidir?» diýip soradylar. Hajar: «Ol bu oglanyňkydyr» diýdi. Olar: «Bu oglan kimiňkidir?» diýdiler. Hajar: «Bu oglan Ybraýymyňkydyr» diýdi. Olar: «Ybraýym kimdir?» diýdiler. Ol: «Nemrut onuň elinden heläk boldy» diýdi. Olar: «Biziň suwly ýaýlagymyz ýok. Rugsat berseňiz, biz bu ýere göçüp gelsek. Sen bu ýerde ýalňyzsyň. Ysmaýylyň hem ýeke özüdir. Biz her ýylda maldan-garadan, harytdan ondan birini bu oglana bereli» diýdiler. Hajar olaryň bu teklibini kabul etdi. Bu söze laýyk hat ýazdylar. Ondan soň olar öýlerini, illerini göçürip getirdiler. Bularyň mälikleriniň – serdarlarynyň ady Hanypa ibn Sumanda Huhumydy. Üç müň bäş ýüz öýli gelip, Mekgede ornaşdy. Olar öý gurnadylar we bazar saldylar. Ýyl tükendi. Olar malyň, harydyň ondan birini çykardylar. Ol iki müň goýun, üç müň düýe, ýedi müň sygyr boldy. Ysmaýylyň ýylky-garasy öküş boldy. Ol ýigrimi bäş ýaşady. Oňa Ammara atly gyzy alyp berdiler. Bir gün Ysmaýyl awa çykdy. Hezreti Ybraýym Ysmaýyly görmek üçin Mekgä geldi. Ybraýym alaýhyssalam Saranyň: «Düýeden düşme» diýen şertine ant içipdi. Ybraýym alaý¬hys-salam Mekgä gelip adamlardan Ysmaýylyň öýüni sorady. Olar onuň öýüni görkezdiler. Ybraýym alaýhyssalam Ysmaýylyň öýüniň gapysyna geldi. Ol: «Öýde adam barmy?» diýdi. Öýde bir gelin otyran eken. Ybraýym alaýhyssalam oňa: «Ysmaýyl öýde barmy?» diýdi. Ol gelin: «Ol awa gitdi» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Ol haçan geler?» diýdi. Ol gelin: «Siz nähili köp sözli kişi ekeniňiz» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Eger Ysmaýyl gelse, sen oňa: «Şunuň ýaly sypatly adam gelip: «Gapyň bosagasy aşak düşüpdir. Ysmaýyl gapysyny täzelesin diý» diýip ýoluna gitdi. Ysmaýyl awdan geldi. Oňa aýaly Ybraýym alaýhyssalamyň sözlerini aýdyp berdi. Ysmaýyl: «Ol meniň atamdyr. Sen ony güler ýüz bilen garşylamansyň. Oňa hormat-hezzet etmänsiň. Ol: «Öýüň gapysyny täzelesin» diýipdir. Indi sen maňa gerek dälsiň» diýip, aýalynyň talagyny berdi. Bir ýyldan soň Ysmaýyl beni Harym ulugynyň gyzy Seýýide bint Massas Hurhuma öýlendi. Ysmaýyl awa höweslidi. Ol ýene awa çykanda Ybraýym alaýhyssalam onuň gapysyna geldi. Ol Seýýideden Ysmaýyly sorady. Seýýide: «Ol awa çykdy. Siz ol gelýänçä düýeden düşüp öýde oňa garaşyň» diýdi. Ybraýym: «Meniň düýeden düşmezlige antym bar. Öýde taýýar nahar barmy?» diýdi. Seýýide öýden oňa: «Siz ýere düşmeseňiz, şu daşyň üstüne düşüň» diýdi. Ol ýerde bir uly daş bardy. Ybraýym alaýhyssalam düýesini çökerip, bir aýagyny daşyň üstüne goýdy. Seýýide öýden oňa düýäniň bişen etini we bir bölek nany alyp çykdy. Ol Ybraýym alaýhyssalamyň aýagyny we sakgalyny ýuwup berdi. Oňa tagam berdi. Ybraýym alaýhysalam bu gelniň hyzmatyndan köp hoşal boldy. Ol: «Siziň çagalaryňyz köp bolsun. Mallaryňyza Hudaýtagala bereket indersin. Hudaýtagala size ýagşy perzent bersin» diýip, dileg etdi. Ol ýene: «Ysmaýyl gelse sen oňa: «Ybraýym saňa köp salam aýtdy. Sen oňa ol bu işigi berk tutsun diýip tabşyrdy diý» diýdi. Ysmaýyl awdan geldi. Seýýide oňa Ybraýym alaýhyssalamyň sözlerini aýdyp berdi. Ysmaýyl: «Ol meniň atamdyr. Ol «işik» diýip seni göz öňünde tutýar» diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |