22:35 Kysasyl enbiýa -26: Ysmaýyl alaýhyssalamyň gurban edilmeginiň beýany | |
YSMAÝYL ALAÝHYSSALAMYŇ GURBAN EDILMEGINIŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ulamalaryň arasynda: «Zabyh Ysmaýylmy ýa-da Yshak?» diýen meselede yhtylaf bardyr. Araplaryň hemmesi: «Zabyh Ysmaýyldyr» diýýärler. Emma jöhitler: «Zabyh Yshakdyr» diýip, Töwratdan habar berýärler. Bu ýagdaý jöhütler, tersalaryň Yshagyň urugyndan bolandyklary üçindir. Olaryň käbiri: «Bir gezek Ysmaýyl, bir gezek Yshak gurban edildi» diýen pikirdedirler. Olar: «Men iki zabyhyň ogludyryn» diýen hadysy tutaryk edinýärler. Olar: «Bu hadysdaky iki zabyhdan maksat Ysmaýyl bilen Yshakdyr» diýipdirler. Sowal: Muhammet alaýhyssalam Ysmaýylyň urugyndandyr. Emma Yshagyň urugyndan däldir. Onuň: «Men iki zabyhyň ogludyryn» diýmegi nähili bolýar? Jogap: Olar enebaşga doganyna ata diýip ýüzlenýärler. Alymlardan biri aýdypdyr: «Eger Ysmaýyl zabyhdy diýip üç talak ant içse, onuň öýlügi talak bolmaz. Çünki Allatagala Gurhanyň içinde Ysmaýylyň gurban edilmegi baradaky kyssa ahyr bolanda «Biz Ybraýyma ýagşy bendelerden bolan Yshagy pygamber halynda edip, hoş habar berdik» diýipdir. Emma dogry söz: «Men iki zabyhyň ogludyryn» diýen hadysdan maksat: Olaryň biri Ysmaýyldyr, beýlekisi onuň atasy Abdylladyr. Habarda şeýle aýdylypdyr: Mustapa alaýhyssalamyň uly atasy Abdylmuttalyp wagtynda Zemzem guýysy gurady. Abdylmuttalyp: «Taňry suw berse, men bir oglumy gurban ederin» diýip, Taňrynyň ady bilen nezr etdi. Ýene aýdypdyrlar: Abdylmuttalyp: «Taňry maňa on ogul berse, olaryň hemmesi döwüş güni ellerine ýarag alyp, meniň öňümde saz dursalar, men şu aýdanymy görsem, ogullarymyň birini gurban ederin» diýip nezr etdi. Ol gün Abdylmuttalybyň dokuz ogly bardy Harys, Abu Lähep, Apbas, Hyzar, Hemze, Mukaddam, Jähm, Zubaýr, Abu Talyp. Bulardan soň Abdylla eneden dogdy. Abdylmuttalyp ony hemme ogullaryndan artygrak söýerdi. Ol: «Haýsy biriniň ady çyksa, şony gurban bereýin» diýip, pal atdyrdy. Pal Abdyllanyň adyna çykdy. Abdylmuttalyp pyçak aldy. Ol Abdyllany gurban etmek üçin ugrady. Abdyllanyň enesiniň Demir Mahzum atly bir garyndaşy dogany bardy. Onuň sözi Mekgede ýörärdi. Şam welaýatynda bir pal açyjy bardy. Demir Mahzum: «Siz ol palçynyň ýanyna baryň. Ol näme höküm berse, siz onuň sözi boýunça iş ediň» diýdi. Abdylmuttalyp ol palçynyň ýanyna baryp sorady. Palçy: «Siz düýäni we Abdyllany ortada duruzyp, bije atyň. Bije Abdyllanyň adyna çyksa ony, düýäniň adyna çyksa düýäni gurban beriň. Siz on-ondan düýäniň adyna çykýança bije atyň» diýdi. Olar bije atdylar weli, ýüzünji bije düýäniň adyna çykdy. Ol ýüz düýäni gurban berdi. Abdylla diri galdy. Bu gün şerigatda äriň bahasy ýüz düýe bolmagy ondan galdy. Pygamber alaýhyssalamyň: «Men iki zabyhyň ogludyryn» diýmegi hem bu sebäpdendir. Şeýle rowaýat edipdirler: Ybraýym alaýhyssalam bir gün düýş gördi. Ol: «Eý, Ybraýym! Tur, gurban ber» diýen owazy eşitdi. Ybraýym alaýhyssalam daň bilen ýerinden gopdy. Ol ýüz goýun getirdi we olary gurban etdi. Ikinji gije ol ýene düýş gördi. Ol: «Eý, Ybraýym! Tur, gurban ber» diýen bir owazy eşitdi. Ybraýym alaýhyssalam daň bilen turdy. Ol ýüz düýäni gurban berdi. Üçünji gije ol ýene düýş gördi. Ol ýene: «Eý, Ybraýym! Tur, gurban ber» diýen owazy eşitdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Meniň gurbanlygym nämedir? Men nämäni gurban bereýin» diýdi. Taňrydan: «Bizden soň kimi gowy görýän bolsaň, şony gurban ber» diýen owaz geldi. Ybraýym alaýhyssalam: «Men Senden soň oglumy – Ysmaýyly gowy görýärin» diýdi. Oňa: «Sen ol ogluňy gurban ber» diýen owaz geldi. Ybraýym alaýhyssalam nämäni gurban bermelidigini bildi. Ertesi ol Hajara: «Meniň bir eziz dostum bar. Ol maňa: «Sen ogluňy meniň ýanyma getir. Men ony göreýin» diýýär. Sen Ysmaýylyň başyny, saçyny ýuw. Men ony dostumyň ýanyna elteýin» diýdi. Hajar Ysmaýyly ýuwdy, saçyny darady, päk donlary geýdirdi. Ysmaýyl örän görklendi. Enesi Ysmaýylyň ýüzüne bakdy. Ol onun aý dek ýüzüni, gün dek görküni, galam dek gaşyny, ok dek kirpigini, akyk dek gyzyl meňzini, hünji dek dişlerini görüp, pisse dek agzyndan öpüp, boýnuny guçdy: Beýt Eý, köňlüm owunçasy ugrap ýyraga barmagyl, Ýarlyga ýalňyz eneňiň – bagryny örtemegil, Uşbu gitmekden ölmegimni dilär erseň sen-ä, Men öňünde öleýin, sen içimi ýandyrmagyl. Ybraýym alaýhyssalam ýüp bilen pyçak aldy. Olary ýeňine saldy we Ysmaýyl bilen daga tarap ýola düşdi. Hajar: «Eý, Ybraýym! Sen goýna barýaryn diýýärsiň. Sen ýüp bilen pyçagy näme etjek?» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Meniň peşgeş üçin goýun soýup gitmek niýetim bar» diýdi. Taňry onuň dilinde goýun sözüni ýöretdi. Uçmahdan goýun geldi. Ysmaýyl gurban bolmaklykdan halas boldy. Ybraýym alaýhyssalam ýöredi. Ol Ysmaýyla: «Eý, oglum! Sen meniň yzymdan gel» diýdi. Ysmaýyl Ybraýym alaýhyssalamyň yzyndan ýöräp ugrady. Iblisiň sabry galmady. Ol özüni adam keşbine salyp, Ysmaýylyň ýanyna geldi.: «Eý, Ysmaýyl! Ataň seni nirä alyp barýandygyny bilýärsiňmi?» diýdi. Ysmaýyl: «Ol meni dostunyň ýanyna alyp barýar» diýdi. Iblis: «Ataň seni gurban etmäge alyp barýar» diýdi. Ysmaýyl: «Haýsy bir ata öz ogluny gurban eder?» diýdi. Iblis: «Ol seni Taňrynyň permany bilen gurban bermekçi bolýar» diýdi. Ysmaýyl: «Taňrynyň permany bolan bolsa, men müň janym bolsa, olaryň baryny pida ederin» diýdi. Iblis: «Men bu oglany yryp bilmedim. Indi, men Hajaryň ýanyna baraýyn» diýdi. Iblis Hajaryň ýanyna bardy. Beýt Suwda duran ot belasy niçe bolsa ol kiçik, Giň deňziň suwy ony eltumas. Iblis: «Aýallar ejiz bolýar» diýip, Hajaryň ýanyna gelip: «Eý, Hajar! Ybraýymyň Ysmaýyly nirä alyp gidendigini bilýärmisiň?» diýdi. Hajar: «Ol ony dostunyňka alyp gitdi» diýdi. Iblis: «Ol ony gurban bermek üçin alyp gitdi» diýdi. Hajar: «Haýsy bir ata öz ogluny gurban eder» diýdi. Iblis: «Taňry oňa: «Ogluňy gurban ber» diýip, perman berdi» diýdi. Hajar: «Eý, akmak! Taňrynyň permany bolsa, müň oglum bar bolsa, olaryň barysynyň jany pida bolsun» diýdi. Iblis Hajardan näumyt bolup, ýene Ysmaýylyň ýanyna geldi. Ol: «Eý, Ysmaýyl! Ataňdan gaç, ýogsa ol seni öldürer. Men muny saňa ýüregim awap aýdýaryn» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, oglum! Sen kim bilen gepleşýärsiň?» diýdi. Ysmaýyl: «Eý, ata! Bir kişi maňa ataň seni öldürmäge alyp barýar. Sen ondan gaç diýip aýdýar» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Ol şeýtandyr. Ol ýene gelse, sen ony daşlap kow» diýdi. Şeýtan onuň arkasyndan gelip, ýedi gezek söz aýtdy. Her gezek gelende Ysmaýyl ony daşlap kowdy. Hajylara daş atmaklyk şondan soň sünnet bolup galdy. Ybraýym alaýhyssalam Mina dagyna ýetdi. Ol pyçagy daşa çaldy we ýyglap başlady. Ysmaýyl: «Eý, ata! Sen näme üçin ýyglaýarsyň?» diýdi. Ol: «Eý, oglum! Seni gurban bermekli¬gime Taňrydan perman boldy» diýdi. Aýat: «Eý, oglum! Men düýşümde yzly-yzyna: «Ogluňy gurban ber» diýen hökümi görýärin. Men seni gurban etmeli boljak. Sen muňa nähili garaýarsyň?» diýdi. Ysmaýyl: «Eý, ata! Siz Taňry üçin oguldan geçseňiz, men hem onuň üçin janymdan geçerin. Eý, ata, ýöne siz bu sözi maňa öýde aýdan bolsaňyz ýagşy bolardy. Men enemiň aýagyna ýykylardym, söýgüli didaryny görerdim, razylygyny dilärdim» diýdi. Ysmaýyl ýene: «Eý, ata! Sen Taňryny dost tutýarsyň. Taňrynyň dosty uklarmy? Sen uklamadyk bolsaň bu düýşi görmezdiň. Eýse sen Allatagalanyň käbir pygamberlere: «Meni söýen adamyň gije gözüne nähili uky geler» diýip aýdanyny eşitmediňmi? Eý, ata, indi bolsa, özüňize buýrulan işi berjaý ediň» diýdi. Aýat: Ol: «Eý, ata, özüňe buýrulan işi et» diýdi. Şygyr Söwük söwdüň erse, uzag dur mydam, Söwük söwgen äre uzymak haram. Är erseň uzyn tün dilegil tamam, Telimler dileg tünle tapdy tamam. Ybraýym: «Eý, oglum! Sen nähili sabyr edersiň?» diýdi. Ysmaýyl: «Eý, ata! Eger Allatagala islese, sen meniň sabyrlylardandygymy görersiň» diýdi. Eý, ata! Meniň saňa üç sany wesýetim bar: Birinji, sen meniň elimi we aýagymy berk bagla. Men jan ajygyma urunsam, ganym syçrap saňa degme¬sin. Ikinji, meniň ýüzümi aşak tarap et. Birden seniň gözüň meniň gözüme düşüp, sende atalyk mähri oýanyp, pyçakly eliňiz titremesin. Üçünji, meniň köýnegimi, saçymy eneme eltip beriň» diýdi. Ondan soň Ybraýym alaýhyssalam Ysmaýylyň elini we aýagyny baglady. Ýüzüni aşak edip ýatyrdy. Aýat: «Ol Ysmaýylyň ýüzüni aşak edip ýatyrdy». Ybraýym alaýhyssalam pyçagy onuň bogazyna urdy. Güýjüniň ýetdigiçe pyçagy dartdy. Emma pyçak kesmedi. Ol bir gezek gaýtalady pyçak kesmedi. Bagzylar: Ybraýym alaýhyssalam Ysmaýyly baglap boldy. Şol ol pyçak dartanda Ysmaýyl güldi. Ybraýym alaýhyssalam: «Sen näme üçin gülýärsiň?» diýdi. Ysmaýyl: «Eý, ata! Men pyçagyň ýüzünde: «Bismillähi-r-rahmänyr-rahym» diýen ýazgyny görýärin. Eý, ata! Saňa söýünji bolsun! Pyçaga Taňrynyň ady ýazylgy bolsa, ol meniň bogazymy nähili kessin?» diýdi» diýipdirler. Bagzylar aýdypdyrlar: «Ybraýym alaýhyssalam pyçagy Ysmaýylyň bogazyna urmazdan öň, Allatagala Jebraýyl alaýhyssalama: «Meniň bendäme ýetiş. Pyçagyň ýüzüni öwür» diýip, perman berdi. Jebraýyl alaýhyssalam ganaty bilen kakyp, pyçagyň ýüzüni öwürdi. Hezreti Ybraýym gahar edip, pyçagy ýere taşlady. Pyçak: «Eý, Ybraýym! Sen maňa kes diýýärsiň. Emma Taňry maňa kesme diýýär. Kyýamat güni gelende (Biz bu güne ynanýarys we iman getirýäris!) Muhammet ummatyny dowzaha girizmezler. Olary dowzah ody köýdürmez. Mälik dowzah: «Men näme üçin köýdürmäýin?» diýýär. Ot: «Eý, Mälik! Sen maňa köýdür diýýärsiň. Emma Taňry maňa köýdürme diýýär. Şol wagt ýedi gat gögüň gapylary açyl. Perişdeler bu işe tomaşa etmäge durdular. Olar ýyglaşdylar. Bularyň agysyndan Arş bilen gök yrandy. Perişdeler: «Eý, Taňrymyz! Biz Lowhul-Mahfuzda: «Ahyrzaman pygamberi Ysmaýylyň urugyndan bolar» diýlip ýaradyllandygyny gördük. Ol Muhammediň haky-hormaty üçin bu uly ata farah ber» diýip mynajat etdiler. Howadan üýn eşidildi. Aýat: «Eý, Ybraýym! Sen düýşüňi hakykata çykardyň. Sen sözüňe ýetdiň, biz hem onuň ýanutyny berdik». Aýat: «Biz ýagşy işleri edijilere şunuň ýaly ýagşy derejeleri berýäris». Seniň muzduň bu goçdur. Sen ol goçy al we ony gurban ber. Ogluň salamat galsyn. Aýat: «Biz onuň oglunyň öwezine jennetden bir uly goçy gurban etmek üçin iberdik». Jebraýyl alaýhyssalamdan: «Allahu ekber, Allahu ekber» diýip owaz geldi. Ybraýym alaýhyssalam ýokary bakdy. Görse, Jebraýyl alaýhyssalam bir goçy alyp gelýär eken. Ol begenip: «Lä ilähe illallahu, Allahu ekber» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, Ysmaýyl! Gör, Allatagala meni we seni bu emgekden gutardy» diýdi. Ysmaýyl: «Allahu ekber we lillähil-hamd» diýdi. Habarda şeýle aýdylypdyr: «Kim aýd-gurban baýram güni bu tekbiri aýtsa Jebraýyl eminiň, Ybraýym halylyň we Ysmaýyl zabyhyň şepagatyna ýetişer». Aýdypdyrlar: «Ol goç Kabylyň goçudy. Ol Uçmahda Ysmaýyl üçin semräp duran goçdy. Sowal: Atasy juwanmertmi ýa-da ogly? Jogap: Käbir alymlar: «Atasy juwanmert. Çünki ogul mähri ata üçin güýçlüdir» diýipdirler. Käbirleri: «Ogly juwanmert. Çünki ata oguldan geçdi, ogul jandan geçdi. Jan aýaldan-maşgaladan ezizräkdir» diýipdirler. Ýene aýdypdyrlar: «Eger Ysmaýyl gurban edilse, ol Allatagalanyň dergähine ýetişerdi. Emma Ybraýym alaýhyssalam ölýänçä onuň aýralygynda aglap gezdi». Ýene-de: «Ybraýym juwanmert. Çünki gurban etmeklik permany oňa geldi. Ol Ysmaýyla gelmedi» diýipdirler. Ýene aýdypdyrlar: «Eger Ysmaýyl gurban edilen bolsa, kyýamata çenli bu sünnet-däp möminlere wajyp bolardy. Ysmaýyl gurban edilmedi, möminlere rehmet boldy». Sowal: Pyçak Ysmaýyla urlanda Ybraýym alaýhyssalam näme üçin ýyglady? Jogap: Ybraýym alaýhyssalam pany – ötegçi dostdan aýryldy. Ysmaýyl pany dostdan – atasyndan aýrylyp Baky Dosta – Taňra ýetişerdi». Başga bir jogap: «Ysmaýyl gurban edilende Allatagala nurlardan birini oňa görkezdi. Ysmaýyl bu nuruň hoşlugyndan pyçagyň agyrysyny bilmedi. Munuň özi Müsüriň aýallarynyň Ýusubyň jemalyny görüp, ellerini kesenlerinde ýaranyň agyrysyny duýmaýyşlarynyň mysaly ýalydyr. Hemme möminler üçin hem şunuň ýalydyr. Olar ölüm halyna ýetenlerinde Allatagala magryfet nuruny görkezer we salamyny iberer. Ol nuruň hoşlugynda möminler oňaýlyk – ýeňillik bilen jan bererler. Eý, Taňrymyz! Bize jan ajygyny ýeňil edeweri!». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |