16:43 Kysasyl enbiýa -27: Käbäniň bina edilmeginiň beýany | |
KÄBÄNIŇ BINA EDILMEGINIŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ilki Käbäniň ornunda Adam ata Beýtil-Magmury bina etdi. Ol öý Nuh pygamberiň zamanyna çenli durdy. Adamlar oňa zyýarat ederdiler. Tupan gelende Allatagala: «Bu öýe azap suwy degmesin» diýip perman berdi. Jebraýyl alaýhyssalam Beýtil-Magmury göterdi we ony dördünji gat asmanda goýdy. Allatagala ol öýüň endazasyça dagy Şam welaýatyndan getirip, onuň ornunda goýdy. Ol Ybraýym alaýhyssalamyň asyryna çenli durdy. Ybraýym alaýhyssalama Allatagaladan: «Beýtil-Magmuryň ornunda Käbäni bina et» diýip perman boldy. Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Men onuň ornunyň nirededigini bilmeýärin» diýdi. Bir sözde: «Ol dag ornundan gopdy. Jebraýyl alaýhyssalam: «Şu ýerden bina et diýdi» diýip aýdypdyrlar. Ýene Taňry Käbäniň ornuna deň bölek bulut iberdi. Ol bulut Käbäniň ornuna kölege etdi. Ybraýym alaýhyssalam ol kölegä deňläp Käbäni gurdy. Ol Nuh pygamberiň gämisiniň tagtasy bilen onuň sakyfyny örtdi. Ol şol endaza – Käbäni bina etdi» diýipdirler. Aýdypdyrlar: Bir owaz eşidildi: «Eý, Ybraýym! Sen Käbäni bäş dagdan daş getirip sal. Olar – Tur Sina, Tur Zina, Hira, Lubnan, Judy daglarydyr». Sowal: Mekgede daş köpdi. Käbäni bina etmekde bäş dagdan daş getirilmeginde näme hikmet bar? Jogap: Allatagala: «Kim bu öýe ýüz öwrüp bäş wagt namaz okasa, ýa-da gelip ol öýe togap etse, ol kişiniň günäsi – bäş dagyň agramy ýaly bolsa hem öterin, onuň hemme aýyplaryny geçirerin. Şol bäş dagyň agramyça onuň amal depderine sogap ýazaryn» diýipdir. Jebraýyl alaýhyssalam ol daglardan daşlary getirdi we kesdi. Perişdeler oňa bu işde ýary berdiler. Jebraýyl alaýhyssalam Ysmaýyly perman bilen daşyň üstünde goýardy. Daş ýorga at dek Ybraýym alaýhyssalama gelerdi. Ybraýym alaýhyssalam eger daş iri bolup, ýarylmadyk bolsa, ony mermer daşy ýaly bölerdi. Ol dört bölek daşda dört keleme: Birinji daşda: «Subhanalla», ikinji daşda: «Alhamdulillä, üçünji daşda: «Lä ilähe illalla, dördünji daşda: «Allahu ekber» diýip ýazdy. Pygamber alaýhyssalam: «Iki sany söz dil üçin ýeňildir, emma Allatagalanyň dergähinde mizan terezisinde agyr geler. Ol iki söz şudur: «Subhanallahi we bihamdihi, Subhanallahil azym. Dünýä malynyň artmagy ahyret zadynyň kemelmegidir. Dünýä malynyň kemelmegi ahyret zadynyň artmagydyr» diýip aýdypdyr. Sowal: Bu iki sözüň dile ýeňilligi, terezä agyrlygy näihilidir? Jogap: Dünýäniň haly ahyret halyna meňzemez. Dünýäniň artyklygy ahyretiň egsikligidir. Ahyretiň agyrlygy dünýäniň ýeňilligidir. Bu gün dile ýeňillik berildi. Bu zamanda tesbi we tehlil etseň, göz açyp ýumýançaň Arşa agarsyň. Şu dil ýeňilligidir. Ýene dünýäniň agyrlygyny gadama berdiler. Sen uzyn gün ýöreseň hem iki agaçdan artyk ýol geçmersiň. Bu gadam agyrlygy. Emma ýaryn işler tetru bolar. Gadamyň agyrlygyny dile bererler, diliň ýeňilligini gadama bererler. Mömin kişi göz ýumup açýança üç müň ýyllyk Syratdan geçer. Möminiň tagatyny tereziniň bir pellesine goýarlar, ýazyk-günäleri artyk geler. Ýedi gat gögi, ýedi gat ýeri tagat pellesine goýarlar, ýazyklary artyk geler. Ol halda howadan bir kesek kagyz uçup geler. Ol tagat pellesine gelip gonar. Bu kagyz hemme tagatlardan, ýedi gat gökden, ýedi gat ýerden agyr geler. Ol kagyzy açyp görseler, onda bu keleme bitikli bolar: «Subhanallahi we bihamdihi, subhanallahil azym». Şu gadam agyrlygy dile berleni bolar. Ysmaýyl daşlary daşady. Ybraýym alaýhyssalam diwary ördi. Diwar Ybraýym alaýhyssalamyň eli ýetmez ýaly belentlige galdy. Onsoň ol bir daşy aýagynyň aşagyna goýup, ördi. Ol diwaryň beýikligi ýokary galdygyça aýagynyň aşagyna daş goýdy. Elgaraz, diwar gara daşyň belentligine çenli ýokary galdy. Käbäniň gurluşygy tamam bolanda Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, Taňrymyz! Bizden bu hyzmaty kabul et! Çünki Sen dilegleri eşidijisi we niýetleri bilijisiň» diýdi. Ol ýene: «Eý, Taňrym! Sen biziň ogullarymyzdan pygamber çykar. Olar Seniň kelamyňy adamlara okap bersinler, kitabyňy, hikmetleriňi olara öwretsinler. Olaryň ýazyk-günälerini päkläp bersinler. Sen Ezizsiň, Hekimsiň» diýip dileg etdi. Habarda şeýle aýdylypdyr: Muhammet pygamber: «Men atam Ybraýymyň dilegidirin, Isanyň hoş habarydyryn we enem Eminäniň düýşüdirin» diýip aýtdy. Ondan soň Jebraýyl alaýhyssalam: «Eý, Ybraýym! Indi sen adamlary Käbä haja çagyr» diýen perman getirdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Dünýä giňdir, onda halaýyk köpdür, men bolsa ýalňyz ejiz bendedirin»diýdi. Allatagaladan owaz geldi: «Eý, Ybraýym! Gygyrmak senden, eşitdirmek menden» diýen owaz geldi. Ybraýym alaýhyssalam Abu Kubaýs dagyna agdy. Ol: «Eý, adamlar! Allatagala size bir öý gurdy. Ol size oňa haj etmekligi buýurdy. Siz bu öýe togap ediň» diýip çakylyk etdi. Halaýyklar ata oňurgasyndan, ene rehminden mömin ärler, mömin aýal-gyzlar: «Lebbeýke Allahumme lebbeýke, lebbeýke lä şerike leke lebbeýke, innelhamda wen-nygmata wel-mülke leke lä şerike lek»15 diýip, jogap berdiler. Kimiň ruhy ol gün jogap aýdan bolsa, bu gün ol näçe garyp bolsa hem, ol haj parzyny ödär. Kimiň ruhy ol gün jogap bermedik bolsa, ol hem näçe baý bolsa-da, haj parzyny ödemez. Habarda ýene şeýle aýdylypdyr: Keramatly Käbe gurlup taýýar boldy. Ybraýym alaýhyssalama: «Adamlary haja çagyr» diýen perman boldy. Ilki bilen Jebraýyl alaýhyssalam çagyrdy, onuň yzyndan Ybraýym alaýhyssalam çagyrdy, onsoň şeýtan çagyrdy. Jebraýyl alaýhyssalamyň owazyny eşidenler, Ybraýym alaýhyssalamyň çakylygyny eşidenler – Käbäni togap etmek üçin ýola çykdylar we oňa togap etdiler. Olar togapdan soň günä işleri etmediler. Emma şeýtanyň çakylygyny eşidenler hem Käbäni togap etdiler, ýöne olar soňra günä işlere ýüz urdular. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |