12:55 Kysasyl enbiýa -21: Salyh alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany | |
ONUNJY KYSSA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
SALYH ALAÝHYSSALAMYŇ WAKALARYNYŇ BEÝANY Ol: «Samut kowumyna öz garyndaşlary Salyhy iberdik» diýen pygamberlik halatyny geýdi. Ol: «Siz Allatagaladan günäňizi geçmegini diläň we toba ediň» diýip, kowumyna öwüt-nesihat berdi. Ol kowumyndan: «Sen bizi ata-babalarymyzyň ybadat edip gelen zadyndan dänderjek bolýarsyňmy?» diýen jogaby eşitdi. Allatagalanyň resuly: «Siz Allatagalanyň düýesini hormatlaň we onuň suw içmek nobatyny beriň» diýdi». Ol dileg edip daşdan gudrat bilen inen düýäni çykardy we «Meniň Taňrym ýakyndyr we dilegi kabul edijidir» diýdi. Şygyr Akyl anup gelgin, eşit Salyh ýalawaç kyssasyn, Bulguluk başdan aýaga, aýdaýyn men jümlesin. Hak rysalat berdi, erse düz tegurdy kowumy, Ýöridi tün-gündizin, aldy Samudyň zumrasyn. Kyldy iman dagwatyn, goldylar bir mugjyza, Goldy Hakdan, çykdy inen, ýardy dagnyň sahrasyn. Bota dogdy, barça tüzün any taňla gördüler, Gün kezikläp suw ulaşdy, içdi kendu hyssasyn. Dändiler Hakdan kamugy, kyldylar köp magsyýet, Ukmadan Salyh sözin hem uşbu inen kyssasyn. Geldi ýüwürip iki bozçy, bir azagyn kesdiler, Botasy eňräp gaýytdy, asdylar uç sahbasyn. Üç gün içre boldylar sary, gyzyl, hem gap-gara, Gudraty birle Ogan kadyr ýumurdy barçasyn. Onuň neberesi şeýledir: Salyh ibn Ubaý ibn Asaf ibn Fasyh ibn Ham ibn Samut ibn Yram ibn Sam ibn Nuh alaýhyssalam. Ad we Samut iki sany patyşady. Ad we Samut Nuhuň neslinden bolup, bu ikisinden köp perzent öndi. Olary Ad urugy, Samud urugy diýip atlandyrdylar. Hud kowumy Ad urugynyň başydyr. Samut kowumy Ad urugynyň ahyrydyr. Ad buduny Samut budunyndan öküşräk erdiler. Olar Jahd diýen ýerde samlylaryň, hyjazlylaryň arasynda oturardylar. Bular hem Ad halky ýaly uzyn boýludylar. Olar daglaryň içinde daşlary çapyp, özlerine öýleri gurdular. Aýat: «Olar amanda bolmak üçin daglary deşip, öýler gurundylar». Bir beýik dagyň düýbünde olaryň suwy bardy. Olaryň hemmesi buta sežde ederdiler. Allatagala olara hezreti Salyhy iberdi. Aýat: «Allatagala Samut halkyna öz gardaşlary Salyhy pygamber edip iberdi». Salyh alaýhyssalam olaryň urugyndandy. Hezreti Salyh olary musulmançylyga we imana ündedi. Olar Salyha pygamberlik gelmezden öň: «Sen biziň bilen buta sežde et» diýerdiler. Hezreti Salyh olaryň bu sözüni unamazdy. Onsoň olar: «Salyh heniz kiçi ýaşly oglandyr. Ol ulalandan soň ýola düşer» diýerdiler. Hezreti Salyh özüne pygamberlik inenden soň olara: «Siz musulman boluň, buta sežde etmäň» diýdi. Olar: «Biz sen biziň dinimize girer diýip ýagşy umyt ederdik. Indi, sen bize ata-babalarymyzyň dinini taşladyp, başga dini ündeýärsiňmi?» diýdiler. Olar ýene: «Biz seniň bu sözüňe ynam etmeýäris» diýdiler. Aýat: «Biz seniň ündeýän zadyň hakynda müňkürlik edýäris». Käbir kyssalarda Wähib Ýemeni şeýle rowaýat edipdir: Nuhuň halky tupanda heläk bolandan soň, onuň üç ogly galdy. Nuh alaýhyssalam ölmeziniň öň ýanynda ogullaryna ýer ýüzüni paýlady. Ol dünýäniň ortasyny Sama, günbataryny Hama, gündogaryny Ýafese berdi. Ýene şeýle diýipdirler: Türkler Ýafesiň neslindendir. Beýleki halklar Samyň neslindendir. Sam Beýtilmukaddesiň ýerinde oturdy. Samut Hyjazda mesgen tutdy. Samut halky mekgeliler bilen ylalaşyp ýaşardylar. Mekgede Mugawyýa ibn Bekr atly serdaryň üç ýüz müň är leşgeri bardy. Hyjazyň aksakgallary ýygnanyşyp: «Bize duşman bilen döwüşer ýaly bir är gerek» diýip, geňeş etdiler. Olar Handag ibn Omar atly äri özlerine mälik tutundylar we onuň emrine boýun boldular. Handag ibn Omar özüne altyndan bir but ýasatdy. Onuň gözüni ýakutdan goýdurdy. Ol buty dört ýüzli: bir ýüzi adam suratly, bir ýüzi arslan suratly, bir ýüzi guş suratly, bir ýüzi at suratly ýasatdy. Ol butuň üstüne bir öý saldyrdy. Onuň be-ýikligi iki ýüz gary, ini bolsa ýüz garydy. Öýüň diwaryny akykdan galdyrtdy. Ol öýe bir gapy goýdurdy. Onuň içinde altyn we kümüş bilen bezelen, dört aýakly tagt goýdurdy. Onuň bir aýagy zümerretden, bir aýagy altyndan, bir aýagy kü¬müşden, bir aýagy akykdan. Ol tagty dürli matalar bilen bezedi. Onuň özi şol tagtyň üstünde oturyp, buta sežde etdi we hemme taýpalara çaparlary iberdi. Taýpalaryň serdarlaryny ýygnap geldiler. Ol: «Bu meniň taňrymdyr. Siz muňa sežde ediň» diýdi. Olar buta sežde etdiler. Handag ibn Omar bir butuň agzyna girip: «Men sizden razydyryn» diýip, owaz berdi. Hemmeler begenişip, başlaryny seždeden göterdiler. Handag ibn Omar: «Siz her ýylda bir gezek gelip, muňa sežde ediň» diýdi. Samut halky öýden çykyp: «Biziň taňrymyzyň ýüzi bize tarapdyr» diýdi. Emma bularyň sözi azaşdy. Olar dalaşdylar, sanjyşdylar. Ýetmiş müň är öldi. Bu habar Handag ibn Omaryň gulagyna degdi. Ol atlanyp bularyň üstüne geldi we: «Bu işi haýsy ýagy eder? Ony siz özüňize özüňiz etdiňiz» diýdi. Olar: «Eý, serdar! Bize bu «taňry» gerek däl. Ol biziň urşumyza sebäp boldy. Biz başga taňry tutunarys. Ol bizi ölüşdirmez» diýdiler. Olar Karrag atly daga bir kişini iberdiler we but ýasamaga daş dilediler. Iblis (goý, oňa nälet bolsun!) bulardan öňräk Karrag dagyna geldi. Ol görkli, arassa bir ak daşy kesip goýdy. Olar gelip bu daşy gördüler. Ony eltip, ondan bir but ýasadylar. Onuň uzynlygy kyrk gary, ini sekiz garydy. Onuň başy altyndan, gözleri ýakutdan, dişleri hünjidendi. Buta Abhar diýip at goýdular. Olar: «Eý, serdar! Bir är bu buta hadymlyk etsedi?!» diýdiler. Handag bu işe Kasur ibn Ubeýda atly kişini laýyk gördi we: «Bu kişi hadymlyga ýararmy?» diýdi. Olar onuň bu teklibine razy boldular. Kasury buta hadym etdiler. Ol bu buta kyrk ýyllap hyzmat etdi. Bir gün Iblis perişdelerden: «Kasur urugyndan Salyh atly pygamber bolar» diýip, eşitdi. Kasuryň nesliniň hemmesi ol butuň daşyna ýygnandylar. Iblis (goý, oňa nälet bolsun!) gelip, ol butuň agzyna girdi. Ol belent owazy bilen: «Eý, meniň gullarym! Bu Kasur meniň hyzmatyma ýaramaz. Ony zyndana salyň» diýip aýtdy. Adamlar Kasury tutup, zyndana saldylar. Buta başga birini hadym etdiler. Kasur kyrk ýyllap zyndanda ýatdy. Kyrk ýyldan soň Jebraýyl alaýhyssalama: «Kasury zyndandan çykar» diýip perman boldy. Jebraýyl alaýhyssalam ganaty bilen zyndany urdy. Zyndan bölündi. Ol: «Eý, Kasur! Zyndandan çyk» diýdi. Kasur zyndandan çykdy. Ol öz ýanyndan oýlanyp: «Men kyrk ýyllap Abhara hadym boldum, kyrk ýyllap zyndanda ýatdym. Indi men azat boldum. Men bu ýerden gideýin» diýdi. Ol ýerinden turdy. Kasur ýadapdy. Ol bir uklaýşyna kyrk ýyllap ukuda ýatdy. Allatagala ony bir perişdä ukuda saklatdy. Kasuryň öýünde Zaum atly aýaly bardy. Oňa Sahur hem diýerdiler. Şunça wagtlyk aýralykdan soň ol aýal telbe boldy. Ol ýüwrüp, ýyglap ýörerdi. Ol aýalyň özi örän görklüdi. Halk oňa rehim etdi. Bir gije onuň saraýyna garga suratly bir guş gelip: «Eý, Zaum! Eger seniň Kasury görmek göwnüňde bar bolsa meniň yzyma düş» diýdi. Zaum onuň yzyna düşüp bardy. Ol guş bir gowaga geldi. Guş: «Äriňi çagyr» diýdi. Zaum belent sesi bilen Kasury çagyrdy. Gowak ýaryldy we Kasur oňa: «Gir» diýdi. Zaum girdi. Zaum: «Sen bu ýerde ekeniň. Sen näme üçin munça wagtlap meniň ýanyma gelmediň?» diýdi. Kasur: «Men Abharyň zyndanyndan gutuldym. Indi birnäçe günden bäri bu ýerde ýatyryn» diýdi. Zaum: «Seniň menden gaýyp bolanyňa ýüz ýigrimi ýyl boldy» diýdi. Bu sözleri sözleşenlerinde Kasuryň aýalyna meýli peýda boldy. Ol ikisi gowuşdylar. Zaum Salyh pygambere ýükli boldy. Şondan soň ajaly ýetip Kasur öldi. Zaum gaýgyly galdy. Guş: «Eý, Zaum! Sen gowakdan çyk» diýdi. Zaum gowakdan çykdy. Ol gowak ýene ýapylyp, bilinmez ýaly boldy. Guş: «Eý, Zaum! Sen süňňüňdäki oglany nireden aldyň diýip sorasalar ýa-da şaýat isleseler, onda sen olary bu gowaga getir. Allatagala seni olaryň şerinden gutarar» diýdi. Zaum: «Sen nähili guşsuň?» diýdi. Ol: «Men gargadyryn» diýdi. Zaum: «Seniň başyň näme üçin ak?» diýip sorady. Ol guş: «Kabylyň Habyly öldürmeginiň sebäpkäri mendim. Men: «Allatagala maňa nähili jeza bererkä diýip, gorkup başym agardy» diýdi. Zaum: «Seniň çüňküň näme üçin sary?» diýdi. Ol: «Men uçmahdaky zagpyrandan iýdim» diýdi. Zaum: «Näme üçin seniň aýaklaryň ýaşyl?» diýdi. Ol: «Men müň ýyl Tuby agajyna gondum» diýdi. Zaum: «Seniň garnyň näme üçin gara?» diýdi. Ol: «Men bir gün dowzahyň üstünden geçip barýardym, onuň odunyň yssysy şeýle gara etdi» diýdi. Şondan soň ol guş gözden gaýyp boldy. Zaum öýüne geldi. Dokuz aýdan soň muharram aýynyň bir başgüni gije Salyh pygamber eneden dogdy. Enesi Salyhy gundaglap, eline alyp bardy. Serdar: «Sen bu oglany nireden aldyň?» diýip sorady. Zaum bolup geçen wakany oňa aýdyp berdi. Serdar muňa haýran galdy. Zaum: «Sen maňa ynan-masaň, ýör men saňa ony görkezeýin» diýdi. Serdar ol gowaga bardy. Zaum belent sesi bilen Kasury çagyrdy. Gowagyň agzy açyldy. Bu ikisi gowaga girdiler. Al-latagala Kasury direltdi. Kasur: «Eý, Serdar! Bu ogul me-niňkidir» diýdi we ol ýene öldi. Serdar haýran galdy. Ol: «Men muny öz gözüm bilen gördüm. Emma başgalar ynanmazlar. Sen bu oglany meniň hyzmatymda goý. Adamlar gelip, ony eklemek üçin sorarlar. Şonda sen gelip, ony eklemäge al» diýdi. Zaum şonuň ýaly hem etdi. Adamlar ýygnanyşyp geldiler. Olar oglany saklamak üçin almakçy boldular. Şol wagt Zaum gelip: «Bu oglany men saklamaga aljak. Men muňa haklydyryn» diýdi. Elgaraz, Zaum Salyhy yzyna gaýdyp aldy. Ol Salyhy ekläp-saklady. Salyh ulaldy. Ol on iki ýaşyna ýetdi we görke girdi. Onuň ýaly görk hiç kimde ýokdy. Bir sözde: «Salyh pygamber bilen Muhammet alaýhyssalamy bir ýerde görseler tanamazdylar» diýipdirler. Salyh enesiniň goýunlaryny bakardy. Mekgeden Mugawyýa ibn Bekr üç müň är bilen gelip, Hyjazyň daşyny gabady. Ertesi Salyh Mugawyýany görmäge çykdy. Olardan birnäçe atly gelip, Salyhy tutmakçy boldular. Salyh belent ses etdi. Jebraýyl, Ezraýyl we Mikaýyl hem owaz çykardylar. Leşgerleriň bary öldi. Serdara habar etdiler. Ol atlanyp geldi. Bu gudraty görüp, Salyha bir at berip, özüniň täze donuny geýdirdi. Başyndaky altyn täjini hem Salyha berdi. Älem içinde iň ilkinji täze don geýdiren Handag bin Omardy. Ol leşgerine Salyha hormat etmegi buýruk berdi. Salyh serdaryň gapdalynda oturardy. Bir gün Salyh öýüň gapysynda otyrdy. Jebraýyl alaý-hyssalam görkana ýigit sypatyna girip geldi. Ol Salyha salam berdi. Salyh onuň salamyna jogap gaýtardy. Salyh bu kişiniň kimdigini tanamady. Jebraýyl alaýhyssalam: «Eý, Salyh öýe gir» diýdi. Salyh öýe girdi. Jebraýyl alaýhyssalam oňa pygamberlik habaryny ýetirdi we: «Baryp sen serdara aýt, goý ol: «Allatagala ýeke-täkdir, Salyh onuň pygamberidir» diýip aýtsyn» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam Salyha ýene-de: «Bu hatalar donuny çykar» diýdi. Salyh ony çykardy. Ol bir kilim don geýdi. Salyh pygamber tä ölýänçä ol kilim donyň içinde boldy. Ol serdara gelip: «Eý, kapyr! Sen: «Lä ilähe illalla, Salyh resululla» diýip aýt» diýdi. Serdar: «Eý, Salyh! Sen meniň eden ýagşylyklarymy unutdyňmy?» diýdi. Salyh onuň bu sowalyna jogap aýtmakçy boldy, emma ony Jebraýyl alaýhyssalam göwnemedi we: «Eý, Salyh! Sen bu ilden çyk» diýdi. Salyh bu ilden çykdy. Ol Karrag dagyna bardy. Karrag dag ýedi agaçlyk ýerdi. Salyh ol ýerde perişdeleri gördi. Olar: «Eý, Salyh! Sen bu gije bu ýerde bir öý gur» diýdi. Ol bir öý gurdy. Onuň uzynlygy üç ýüz gary, ini bolsa kyrk garydy. Ol öýüň öňünden ýer açdy. Onuň sagyna we çepine agaçlary ekdi. Olaryň köki we pudaklary kümüşden, boýy altyndandy. Ol bir çyra ýasady. Ol çyra töwerege ýagtylyk berip durardy. Ertesi ol ýeriň adamlary gelip, bu öýi gördüler we oňa haýran galdylar. Hezreti Salyh gündiz bu adamlary imana ündeýärdi, gije bolsa öýe girerdi. Ol ilde üç ýüz kişiden artyk adam musulman bolmady. Hezreti Salyh: «Eý, Taňrym! Men bulardan umydymy üzdüm» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Eý, Salyh! Bu kowumyň kapyrlykda duranyna üç ýüz ýyl boldy. Olar birnäçe günde gönelmezler» diýdi. Hezreti Salyh: «Eý, adamlar! Meniň bir kişiniň ýanyna barmak işim bar» diýdi we Karrag dagyna bardy. Ol ýerde bir mährap ýasady we ybadata meşgul boldy. Ol başyny seždä urdy. Hezreti Salyha uky aralaşdy. Ol kyrk ýyllap uklady. Bu arada ol üç ýüz musulman kişi öldi. Haýsy musulman ölse «Salyh pygamber gelse, musulmanlykda ölenini bilsin» diýip, onuň adyny ýazardylar. Ýer ýüzünde «Lä ilähe illalla» diýýän bir kişi galmady. Bir gün hezreti Salyh ukudan oýandy. Ol musulmanlaryň hemmesiniň ölendigini gördi. Ol kyrk ýyl ukuda boldy, dört ýyl Samut halkynyň arasynda ýördi. Salyh alaýhyssalam bu urugdandy. Diňe Lut pygamber başga urugdandy. Hezreti Salyh kowumyň içinde olary imana ündedi, azap bilen gorkuzdy. Ol olary uçmaha umyt berdi, ýagşylyk bilen öwüt-nesihat etdi. Emma olar yslamy kabul etmediler. Olar üýşüp: «Biz Salyhy özümizden umytsyz edeliň. Ol nesep we hasap içinde bizden uludyr. Ony öldürsek bolmaz. Bir iş edeliň. Oňa başarmajak işini buýralyň. Ol bu işi bitirip bilmän utanar we bizden gider» diýip geňeşdiler. Olar: «Eý, Salyh! Sen bize näme aýtmakçy bolsaň, ony aýt» diýdiler. Hezreti Salyh: «Siz Hudaýtagalanyň ýeke-täkligine iman ge¬tiriň. Hemme zady ýaradan, size nygmat beren Oldur. Ad halky imana gelmedi. Görüň, olara nähili belalar geldi. Hud halky iman getirmedi, görüň taňry olara nähili belalary berdi?» diýdi. Olar: «Eý, Salyh! Sen bizi ata-baba sežde eden taňrymyzdan saklap, başga Taňry bilen gorkuzjak bolýarsyňmy? Seniň sözüň dogry bolsa, bize bir gudrat görkez» diýdiler. Hezreti Salyh: «Siz nähili gudrat isleýärsiňiz?» diýdi. Olar: «Biz baýram güni ýygnanyşaly. Şol gün sen öz Taňryňdan dileg et, biz hem öz taňrymyzdan dileg edeli. Haýsysynyň gudratynyň güýçlüdigini göreli» diýdiler. Ertesi baýram günüdi. Olaryň barysy çykdy. Hezreti Salyh hem geldi. Olaryň golaýynda oty guran dag bardy. Olar: «Sen bize bu dagdan gyzyl tüýli bir inen düýe çykar. Ol biziň ilimizde köşeklesin, bize süýt bersin, biz onuň süýdüni içeli» diýdiler. Ol dagda Kaýna atly bir gol bardy. Olaryň suwlary ondan gelerdi. Bularyň atalary Samuda ol goldaky bir daşdan: «Samut halky bu daşdan heläk bolar» diýin owaz eşidildi. Olar: «Sen ine, şu daşdan bir inen düýe çykar. Ol gyzyl tüýli, gara dilli, ýogyn boýunly, alny doly, ýelni ýetik bolsun» diýdiler. Hezreti Salyh dileg etdi: «Eý, Taňrym! Bularyň näme isleýändiklerini Seniň özüň bilýänsiň» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Salyh! Biz seniň kowumyň bu dilejekdigini öň bilýärdik. Biz ony daşyň içinde anyklap goýupduk. Sen dileg et, biz ony bereli» diýen owaz geldi. Salyh alaýhyssalam dileg etdi. Ol daş yranyp başlady we ondan olaryň diýen inen düýesi çykdy. Ol düýe şol wagt botlady. Düýe köşegi bilen turup, otlamaga başlady. Olar: «Eý, Salyh! Sen ökde jadygöý ekeniň» diýdiler, emma iman getirmediler. Bir sözde bolsa: «Olaryň birnäçesi iman getirdi, birnäçesi bolsa iman getirmediler» diýipdirler. Olaryň bir guýusy bardy. Düýe köşegi bilen gelip, şol guýynyň hemme suwuny içdi. Ol gün olar suwsuz galdylar. Olar Salyha: «Eý, Salyh! Bu düýe bize gerek däl» diýdiler. Allatagaladan: «Eý, Salyh! Sen bulara nobat belle. Suw bir gün düýäniňki bolsun, bir gün bolsa olaryňky bolsun» diýen owaz geldi. Aýat: «Sen olara: «Çeşmäniň suwuna siz bilen düýäniň arasynda nobat bellenendir» diýip habar ber». Olar bu sözi kabul etdiler. Salyh alaýhyssalam: «Taňrynyň permany şeýledir: «Siz bu düýä gaharlanmaň, ony emgetmäň, urmaň, öldürmäň. Eger siz bu işlerden birine amal etmeseňiz, onda size azap geler» diýdi. Olar bu sözi hem kabul etdiler. Inen düýe olaryň arasynda otuz ýyl ýaşady. Olaryň gezegi gelende, düýe köşegi bilen daglarda otlap ýörerdi. Düýäniň gezegi gelen güni suw guýynyň depesine çogup çykardy. Düýe köşegi bilen suw içerdi. Soň suw ýene öňki durkuna gelerdi. Olar düýäni sagyp, ondan küýzelerini dolduryp alardylar. Dü¬ýäniň süýdünden müň ýedi ýüz öýli kişiniň hemmesi içerdi. Düýäniň süýdi olaryň hemmesine ýeterdi. Emma olaryň goýunlary, ýylkylary we sygyrlary düýeden gorkup, ürkerdiler we otlamazdylar. Olar: «Biz bu düýäni öldürmesek, ondan gutulmarys» diýdiler. Rowaýatda şeýle getirilipdir: Salyh pygamber: «Sary saçly, çakyr gözli kişi bu düýäni öldürer» diýipdir. Olar bu sypatly oglan dogulsa, onuň ata-enesine bildirmän, çagany öldürerdiler. Dokuz oglan doguldy, olaryň hemmesini öldürdiler. Olar Salyh alaýhyssalamy öldürmäge meýil etdiler. Aýat: «Ol şäherde dokuz sany erkek kişi bardy. Olar ýeriň üstünde bozgaklyk ederdiler we ýagşy işleri etmezdiler». Ýene bir oglan doguldy. Ol hezreti Salyhyň aýdan sypatyndady. Emma ol bir ulugyň çagasydy. Adamlar ýygnanyşyp, ony öldürmäge geldiler. Onuň atasy: «Salyhyň bu sözi ýalandyr. Ol sizi oýnaýar» diýdi. Onuň sözi adamlara täsir etdi. Ondan soň çaga öldürmeklik galdy. Ol oglanyň ady Kazardy, atasynyň ady Salyfdy. Ol oglan ýigrimi ýaşady. Hezreti Salyh: «Adam perzentleriniň içinde mundan ýaramazy ýokdur» diýdi. Aýat: «Ol betbagt oglan düýäni öldürmek üçin turdy». Rowaýatda aýdylşyna görä, ol dokuz kişi bozçydy. Olaryň uluglary Kazar ibn Salyf we Mustah ibn Dahrdy. Olar bilen ýene iki arygsyz tişi bar diýipdirler. Olaryň biriniň ady Abi-rady, beýlekisiniň ady bolsa Sudukdy. Abira garry kempirdi, emma onuň iki sany owadan gyzy bardy. Ýene ýaramaz iki är bardy. Olaryň biri Musdig atly, beýlekisi bolsa Kazar ibn Salyfdy. Ol iki aýaly bular gowy görerdiler. Olar bir gije bulara geldiler we tagam dilediler. Suduk: «Bu gün nobat düýä-niňkidir. Biziň nahara we çörege suwumyz ýok» diýdi. Abira: «Biziň güýjümiz ýetse bu düýäni öldürerdik. Biziň aramyzda är ýok, eger är bolan bolsa bu düýäni öldürerdi» diýdi. Kazar ibn Salyf: «Men ol düýäni öldürsem, sen maňa näme berersiň?» diýdi. Suduk: «Men özümi saňa bagyş ederin» diýip, oňa ýüzüni açdy. Ol örän görklidi. Kazar oňa aşyk boldy. Ýene Abira Mustaha: «Men saňa gyzlarymdan birini bererin» diýdi. Olar hamr-şerap getirdiler. Olar bu ikisini serhoş etdiler. Bu ýaranlar ellerine ýarag aldylar. Olar düýäniň geljek ýolunda busup ýatdylar. Düýe geldi. Kazar çykyp gylyç bilen düýäniň ýanjygyny çapdy. Düýe togalanyp düşdi. Mustaha ok bilen onuň kellesine atdy. Düýe ýykyldy, kazar düýäni öldürdi. Dört tarapdan adamlar ýygnandylar. Olar düýäniň etini bölüp, üleşdiler. Aýat: «Olar Salyha «Ýalançy» diýdiler we düýäni öldürdiler». Soňra Kazar düýäniň köşegini öldürmäge ugrady. Köşek daga tarap ýöredi. Köşek üç gezek belent owaz etdi. Ol enesiniň çykan dagyna girdi. Salyh pygamber tütün görüp, bu ýere geldi. Ol adamlary görüp: «Bota hany?» diýip sorady. Olar: «Ol üç gezek owaz edip, daga gitdi» diýdiler. Salyh alaýhyssalam: «Onuň üç gezek owaz bermeginde üç alamat bardyr. Üç günden soň azap geler» diýdi. Olar: «Ol azabyň alamaty nämedir?» diýdiler. Hezreti Salyh: «Birinji günde siziň ýüzüňiz saralar, ikinji günde gyzarar, üçünji günde garalar. Onsoň azap geler» diýdi. Düýäni öldürenler: «Biz düýäniň özüni öldürdik, indi biz azap gelmezinden öň Salyhy hem öldüreli. Eger onuň sözi dogry bolsa, ol bizden öň ölen kişi bolar. Eger onuň sözi ýalan bolsa ol öler, biz diri galarys» diýdiler. Olar gije hezreti Salyhy öldürmek üçin ugradylar. Aýat: «Olar birleşip Taňrydan ant içdiler: «Biz bu gije Salyhy we onuň maşgalasyny öldüreris». Allatagalanyň permany bilen ol daş ýumruldy we olaryň barysyny heläk etdi. Aýat: «Olar öz bildikleriçe mekirlik etdiler, biz hem olaryň mekirliginiň çäresini gördük. Olar muny duýmadylar. Sen olaryň mekir-likleriniň muzdunyň nähili bolandygyna gara. Biz olary we olaryň hemmesini heläk etdik». Ýene bir rowaýatda olar gije gelip hezreti Salyhy öldür-mekçi boldular. Allatagala perişdeleri iberdi. Olar bularyň hemmesini daş bilen urup heläk etdi diýilýär. Ertesi olar gelmediler. Samut halky Salyhyň ýanyna gelip: «Olary sen öldüripsiň» diýip, oňa topuldylar. Ýagşy adamlar bolsa ýarag alyp olara topuldylar we: «Salyh sizi kösemedi we azar bermedi. Ol size azap wadasyny berdi. Üç günde onuň aýdan azaby size gelmese, siz ony näme etseňiz edäýiň» diýyp aýtdylar. Olar bu sözi eşidip yzlaryna gaýtdylar. Aýat: «Şäherde dokuz sany bozgak kişi bardy. Olar ýer ýüzünde diňe ýaramaz işlere meşgul bolardylar. Olar hiç bir ýagşy iş etmezdiler». Olar ertesi turdular. Olaryň hemmesiniň ýüzi saralypdyr. Olar azabyň gelip başlandygyny bildiler we: «Salyhy öldüreliň» diýip başladylar. Hezreti Salyh olardan gaçdy. Ol Sakyl atly, Abdylwahhap lakamly bir kişiniň öýüne geldi. Ol kapyr bolsa hem hezreti Salyhy gizledi. Ony köp sorag etdiler. Ol aýtmady. Olar ýagşy adamlary urup başladylar. Olar: «Bize Salyhy tapyp beriň» diýdiler. Misrag ibn Haram atly kişi onuň nirededigini aýtdy. Olar Abdylwahhabyň öýüne gelip: «Seniň öýüňde Salyh barmy?» diýdiler. Abdylwahhap: «Bar, emma men ony size bermerin» diýdi. Olar yzlaryna gaýdyp, öz işleri bilen meşgul boldular. Ertesi olaryň ýüzleri gyzardy. Üçünji gün olaryň ýüzleri garaldy. Dynç güni iman getirenler Salyhyň öýüne geldiler. Olar bilen ýurtdan çykyp, Palestine bardylar. Galan kapyrlar biri-biriniň ýüzleriniň garalandygyny gördüler. Olaryň birnäçesi özlerine gör gazdylar, kepenlerini geýdiler, görlerine girdiler we özlerini öldürdiler. Allatagala Jebraýyl alaýhyssalama perman berdi. Ol düýäniň öldürilen ýerine gelip, bir belent owaz etdi. Hemmesiniň ýüregi ýarylyp öldi we dowzaha duwlandylar. Ýalňyz Zuraýta atly garabaş galdy. Ol gaçyp çykdy we uzakdakylara habar berdi. Ol suw diledi, oňa suw berdiler. Ol suw içdi we şol ýerde öldi. Hezreti Salyhyň bulardan göwni geçdi. Ol: «Eý, Taňrym! Maňa älem içinde bir ýagşy bende gözlemäge rugsat ber. Men oňa köňlümdäki zatlary aýdaýyn» diýdi. Allatagaladan «Rugsat bardyr» diýen owaz geldi. Hezreti Salyh bir ýagşy bendäni arzuwlap älem-jahany gezdi. Ahyry ol bir kişini tapdy. Ol namaz okap duran eken. Hezreti Salyh onuň ýanyna gelip salam berdi. Ol kişi salama jogap gaýtardy. Hezreti Salyh: «Näme üçin sen ýeke özüň Taňra sežde edýärsiň?» diýdi. Ol: «Bu ýerde uly şäher bardy. Onuň halky hemme halklardan beter bozukdy. Özleri gaty köňüllidiler. Haktagala bu şäheri halaýygy bilen ýeriň astyna goýberdi. Bu şäherde menden başga Taňryny birleýän kişi ýokdy. Ol maňa halaslyk berdi. Men munuň üçin Taňra şükür edip, tagat edýärin» diýdi. Hezreti Salyh bu ýerden hem gitdi. Ol bir uly daga baryp ýetdi. Ol bu ýerde namaz okap duran bir kişini gördi. Hezreti Salyh oňa salam berdi. Ol kişi salama jogap aýtdy. Hezreti Salyh ondan habar sorady. Ol kişi: «Biz bir näçe adam bolup gämä mündik. Deňziň gyrasynda ýawlak kapyr halaýyk bardy. Allatagala olaryň hemmesini gark etdi. Men ýalňyz özüm diri galdym. Indi men Haktagala şükür edýärin» diýdi. Hezreti Salyh bu ýerden hem gitdi. Ol deňziň gyrasynda ýerleşýän bir şähere geldi. Onuň hemme halky kapyr eken. Bu ýerde diňe iki sany dogan musulmandy. Olar hurma satyp, ondan bir bölegini özlerine alyp, galanyny garyp-gasarlara harç ederdiler. Salyh alaýhyssalam bularyň ýanyna geldi. Ol bir çirkin ses eşitdi. Ol: «Bu ses näme?» diýip sorady. Olar: «Bu ýerde bir uly ýylan bar. Ol agşam deňizden çykýar we öňünden kim çyksa iýýär» diýdiler. Hezreti Salyh: «Men ony öldürsem halaýyk maňa näme berer?» diýdi. Bu iki dogan şäher halkyna: «Bir kişi gelip, şeýle sözleýär» diýdiler. Olar: «Biz baýlygymyzyň ýarysyny oňa bereris» diýdiler. Hezreti Salyh ýerinden turdy, iki rekagat namaz okady, yzyndan doga etdi. Ol ýylan ýarylyp öldi. Olar baýlyklarynyň ýarysyny hezreti Salyha getirip berdiler. Hezreti Salyh ony almady. Ol baýlygy bu iki dogana berdi. Olar muny unamadylar. Hezreti Salyh olaryň baýlyklaryny özlerine gaýtardy. Hezreti Salyh başyny seždä goýup, Haktagala şükür etdi. Ol: «Men saňa sežde edýän üç kişini tapdym» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Salyh! Ýer ýüzünde meniň bendelerimiň bardygy sebäpli ol aýagynda durýandyr» diýen owaz geldi. Mukatyl şeýle diýipdir: Salyhyň halkynda ýetmiş kişi imanly boldy. Huduň halkynda hem şunçarak adam iman getirdi. Haçan Hud we Salyh dünýäden ötende bu imanly kişiler ýer ýüzüne ýaýylarlar. Olaryň birnäçesi Jabilka, birnäçe Jabilusa düşerler. Bu Jabilka we Jabilus iki sany şäherdir. Olaryň biri Gündogarda, beýlekisi bolsa Günbatarda ýerleşýär. Bu iki şäheriň hemme halky kapyrlardyr. Şu möminler ol şäherlerde bolmadyk bolsa, Haktagala olaryň hemmesini heläk ederdi. Olar Bars ibn Ýafes ibn Nuh alaýhyssalamyň urugyndandylar. Olaryň köprägi Ýajuç we Majuçdyr. Olaryň hemmesi dowzahylardyr. Bu iki şäheriň hersiniň iki derwezesi bar. Bir derwezeden beýleki derwezä çenli iki agaçlyk ýoldy. Her bir derwezede ýetmiş müň sakçy ýatardy. Aýdypdyrlar: «Huddan we Salyhdan başgalary mülk üstünde dalaşdylar. Arapda iň ilki tükel älemi tutan Nemrut ibn Kengandyr. Aýdypdyrlar: Haçan Jebraýyl alaýhyssalam Salyhyň kowumyna owaz edende olaryň bary öldi. Olaryň aýaklarynyň astyndan ot çykdy. Ot olaryň hemmesini köýdürdi. Aýat: «Biz olaryň üstüne aýylganç sesi iberdik. Olar malyna gury otdan agyl edýäniň basgylap goýan oty ýaly boldular». Aýdypdyrlar: Araplaryň bir adaty bardy. Tomsuna düýä, goýna kutan ederdiler. Olar iými, gury oty şol agylyň içine ýaýradardylar. Ýylky, gara onuň üstünde ýatardylar. Allatagalanyň: «Agyl edýäniň basgylap goýan gury oty ýaly» diýen sözi mysal getirmegi şonuň üçindir. Abdylla ibn Apbas (Allatagala ondan razy bolsun!) şeýle rowaýat edipdir: Haktagala hiç bir iki halky bir meňzeş azap bilen heläk etmedi. Ol diňe Salyhyň we Şugaýbyň kowumyny ot bilen heläk etdi. Salyhyň kowumynda ot aýaklarynyň astyndan çykdy, Şugaýbyň kowumyna ot asmandan indi. Ondan soňra hezreti Salyh Şam welaýatyna bardy. Ol bu ýerde ornaşdy. Ol bu ýerde on sekiz ýyl diri gezdi. Ýene bir rowaýatda: Kyrk ýyl diýilýär. Hezreti Salyhdan soň Ybraýym pygambere çenli pygamber iberilmedi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |