04:59 "Magtymguly, seniñ adyñ..." | |
"MAGTYMGULY, SENIÑ ADYÑ..."
Magtymgulyny öwreniş
Bilşimiz ýaly, Magtymguly ençeme şygyrlaryny Pyragy lakamy bilen ýazypdyr. Bu ýagdaý çynlakaý üns berip, goşgulara içgin aralaşsañ, şahyryñ ömrüniñ haýsy ýyllarynda nähiliräk garaýyşlarda bolandygyny, şeýle hem şol döwürdäki özgerişleri takmynan seljermek boljak. Onsoñam beýik şahyr baradaky şu çaka çenli ýazylan edebi-ylmy işlerde onuñ Pyragy lakamy bilen haçan goşgy döredip başlandygy we anyk haýsy sebäbe görş bu lakamy alandygy hakda söhbet açylman gelýär. Öñi bilen, Pyragy lakamynyñ "pyrak" (aýralyk) ýada "paryg bolmak" (tamam etmek, gyra çekilmek) sözleriniñ haýsy birinden gelip çykandygy hakda durup geçeliñ. Sebäbi bu meselede hem heniz edebiýatçy alymlarymyzyñ pikirleri dürlüçe bolmagynda galýar. Käbir alymlarymyz Magtymgulynyñ Pyragy lakamynyñ "paryg bolmak" sözündenliginu nygtaýarlar. Goý, şeýledir diýip pikir edip göreliñ. Emma şunda "paryg bolmaga" hem nämedir bir zatlarlar sebäp bolan bolmaly ahyryn diýen logiki sowal ýüze çykýar we bizi "pyrak" sözüne gaýdyp gelmeli edýär. Şahyryñ wagtlaýyn ruhdan düşmeler zerarly, özüni dünýewi arzuw-maksatlardan gyra çekmegine, "paryg bolmagyna" sebäp bolan ýagdaýlar aýdyñdyr. Ol ýagdaýlar - şahyryñ ençeme agyr aýralyga yzly-yzyna duçar bolmagydyr. Magtymguly, adyñ döndi Pyraga, Paryg bolup, çek özüñni gyraga. - - setirlerine salgylansak, bu çaklamamyz aýdyñ bolýar. Şeýle hem. "Aýra düşüp käbeden, goýdum Pyragy adyma" - setiri bolsa muny tassyklaýar. Bu makalada esasy gozgamak isleýän meselämiz şahyryñ haýsy döwürlerinde we haýay anyk fakt zerarly ilkinji şygrynda ulanyp başlandygy baradaky çaklamamyzy orta atmakdan ybatatdyr. Sebäbi şahyr Pyragy lakamyny dürli elegiýa şygyrlarynda ulanypdyr. Şeýlelikde, onuñ bu lakamy ilkinji gezek haýsy aýralyk zerarly ulanyp başlandygyny seljermek kynalýar. Şu maksat bilen şahyryñ saýlanan goşgularynyñ köpçülige has giñ ýaýran neşirine (1976 ý) Pyragy ady bilen ýazylan kyrk alty çemesi goşga duşmak bolýar. "Kerem islärin", "Ýar bizim sary", "Kaýda sen", "Ilden uýalmak", "Gan çykar" we beýlekiler... • Biziñ sowalymyza, belki, şu goşgularyñ birinden jogap tapylar? Mysal üçin, "Bolsun, Pyragy" goşgusyndan çen tutsañ, şahyr Pyragy lakamy bilen iñ bolmanda elli ýaşyñ ahyrlarynda ýazyp başlapdyr diýmek bolar. Goşguda: Ömrümi goja eýlediñ, Gitdi ýigitligiñ çagy - diýen setirler bar. Iñ soñunda bolsa: "Magtymguly seniña adyñ, Bolsun indi goý Pyragy" diýipdir. Emma "Kaýda sen?" goşgusynda: Aýra düşüp Käbeden, goýdum Pyragy adyma, Il-ulus hanadanym, düşdi peder bu gün ýadyma, Ger ki garaçy bu gün, gol urdy göwher zadyms, Walydym, Mekge-Medinäm, mähribanym kaýda sen - diýen soñky bendine üns bersek, başky gelnen netije barada täzeden oýlanmaly edýär. Bu goşguda kakasy Döwletmämmediñ, ejesi Orazgülüñ aradan çykmagy ýada salynýar. Şeýlelikde, şahyr 1733-nji ýylda doglupdyr diýen senäni esas edip alsak ee Azady 1760-nky ýylda aradan çykan bolsa, Magtymguly Pyragy lakamy bilen takmynan, 27-28 ýaşlarynda ýazyp başlamaly. Belki-de, şahyryñ doglan senesimi 5-6 ýyl añry çekmeli bolar?! Şahyryñ "Bu dünýä" goşgusynda: Magtymguly, adyñ döndi Pyraga, Paryg bolup, çek özüñni gyraga - diýen setirlerindrn Pyragy lakamynyñ onuñ döredijiliginr eýýäm ymykly girendigini añmak bolýar. Bu goşgy başdan-aýaga dünýä hakda anyk pikir ýöretmelerden ybarat. Dürli kitaplardan okap, çuñ bilim alan Magtymguly şol düşünjelerini terligi bilen şygra geçiripdir. Şahyryñ "Kerem islärin" goşgusyndan çen tutsañ, onuñ Pyragy lakamyny ýokardaky çaklamalarymyzdan has ir ulanypdyr diýmek boljak. Ýagny bu goşgy hem Pyragy lakamy bilen ýazylypdyr we tutuşlygyna öz maşgala durmuşyna, ykbalyna bagyşlanypdyr: Ýigrimi ýaş ötdi menden, Hezil etmedim dünýä senden... Elbetde, bu ddkl ýigrimi ýaşda ýazylan pikir däl-de onuñ has kämil ýyllarynda ýazylyp, ömrüniñ ýigrimi ýaş pursatlaryny ýatlamakdan ybaratdyr. Şu goşgynyñ ahyrky bendinde hem onuñ ýeññesi Akgyz bilen durmuş gurandygy añlanylýar. Magtymgulynyń 25 ýaşyndaka, 33 ýaşly Akgyza dakylandygyny bize anyk rowaýatlara salgylanýan ylmy işlerden mälimdir. Rowaýata görä, her näçe agyr görseler-de, olar nikalaşypdyrlar. Meger, Magtymguly: "Namysly goç ýigit alsa ýeññäni, Her günde agasy ölen ýalydyr" - diýen setirlerini bu agyr dessuryñ garşysyna çykyp bilmänligi üçin däl-de, eýsem diñe alaçsyzlyk zerarly, bagyr awusyna ýazan bolsa gerek. Ylmy materiallardan, rowaýatlardan (bular bir-birlerine esasan laýyk gelýärler) ugur alsak, beýik şahyryñ ömründäki iñ gynançly wakalar yzly-yzyna bolup geçýär. Meñliden aýrylmagy, agalarynyñ dereksiz ýitmegi, Akgyza dakylmagy, soñ ata-eneden, çagalary Ybraýym we Sarydan (Mollabäbek) aýrylmagy şahyra çekip-çydardan juda agyr wakalardyr. Munuñ özi şahyryñ Pyragt lakamynyñ "Pyrak" sözündendigini doly tassyklaýar. Magtymgulynyñ Akgyza dakylmagy baradaky rowaýata dolanyp geleliñ. Zelili şahyryñ oglunyñ gelni Hally ejäniń maglumatlarynda şeýle sözler bar: "Magtymguly on sekiz ýaşa baranda, obadaşlary, özüniñ ýakyn daýzasynyñ gyzy Meñlä aşyk bolýar". Diýmek, Magtymguly, takmynan 1751-nji ýylda Meñli bilen halaşýar. "Emma söýgi ykbaly şowsuz tamanlanyp, Meñlini Şyhym harpyk diýen gurply we ýaşy uly adama durmuşa çykarýarlar. Soñ şahyryñ durmuşynda has agyr ýagdaý ýüze çykýar. Ol Idris baba medresesinde (Halaçda) okap ýörkä Etrege görme-görşe gelýär. Şonda Buzlypolat serdar Akgyzy başga ýere berip goýbermegiñ gelşiksizdigini duýduryp, ýaşulularyñ teklip-talabyny aýdýar. Magtymguly Buzlypoladyñ näme aýtjak bolýanyna düşünip, ýer dyrmap, derläp oturýar". ("Magtymguly hakynda halk rowaýatlary", Aşgabat-1956 ý, 22-sah.) Ýagny Magtymguly bu teklibe garşy çykyp bilmän, alaçsyz ylalaşýar. Soñ Akgyza hem Azadynyñ şu teklibi aýdylanda ol: "Balam-köşegim diýip oturan hormatly adamlaryñ göwnüni ýykyp bilmerin. Men razy..." diýipdir. Şeýlelikde, 25 ýaşly Magtymguly bilen 33 ýaşly ýeññesiniñ başyny çatypdyrlar. (Bu barada hem heniz edebiýatçy alymlar dürli pikirlerde durýarlar). Ýokarda mysal getiren goşgularymyza dolanyp geleliñ. "Kerem islärin" goşgusy "Kaýda sen?" goşgusyndan öñ döredilen ýaly bolup dur. Emma dakylma zerarly Magtymguly üçin hem, Akgyz üçin hem mazasyz durmuş dowam edip, Azadynyñ aradan çykmagy-da munuñ üstesine bolup, Magtymguly şundan soñ "Kerem islärin" goşgusyny ýazan bolsa gerek. Şahyr: Garradykça goldan gitdi ynsabym? Eýa dostlar, ellä ýetişdi salym - diýen setirleri bilen başlanan "Ýetişdi salym" şygrynda hem Pyragy lakamyny ulanypdyr. Şeýle hem Pyragy ady bilen ýazan "Bendi boldum" şygrynda: Magtymguly, ismiñ seniñ bolsun gerekdir Pyragy - diýip ýazypdyr. Şu we mysal getirilmedik beýleki şygyrlaryndan görnüşi ýaly, şahyr Pyragy lakamy bilen takmynan 27-28 ýaşlarynda ýazyp başlan bolsa gerek. Şeýle hem şahyr Meñlini has soñraky - elli ýaşlaryndaky döreden şygyrlarynda häli-şindi ýatlaýar. • Makaladaky iñ ilkinji "Bolsun Pyragy" atly şygrymyza dolanyp geleliñ Takmynan elli ýaşyñ ahyrynda ýazylan bu goşguda hem "Magtymguly, seniñ adyñ, Bolsun indi goý, Pyragy" diýen setirler bar ahyry. Ýagny Magtymguly elli ýaşlarynda Pyragy lakamyny ulanyp başlapdyr diýmelimi? Ýok, biziñ pikirimizçe, bu setirler diñe Pyragy lakamynyñ indi hemişelik ornaşandygyny ýene bir gezek nygtaýar. Magtymgulynyñ Pyragy ady bilen ýazan şygyrlaryny ylmy taýdan içgin seljermegiñ köp zatlary aýdyñlaşdyrmaga kömek etjekdigi şübhesizdir. Bu, elbetde, öñi bilen bu ugurdan ýörite işleýän, oýlanmaga, deñeşdirmäge doly mümkinçilikleri bolan alymlarymyzyñ wezipesidir. Biz bolsa diñe ýüzügra öz okyjy pikirimizi orta atmak isledik. Annagylyç ESENOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |