18:02 Magtymgulynama -6/ dowamy | |
* * * Halaçdaky Idris baba medresesi şeýle bir atly, uly bolmasa-da Nyýazguly ahunyň özüniň at-abraýy, okuw-bilim derejesi, dünýä garaýşy il içinde ýagşylykda ýatlanýardy. Ol döwürler okuw-bilimden owal mugallymyň adamkärçilik, ahlak-moral sypatlaryna köp üns berler eken. Ylmy hernäçe zor bolsa-da özüni saklaýşynda sähel nogsan bar bolsa, o kişiden daşrak durlanyny kem görmez ekenler. Döwletmämmet mollanyň ala-böle Nyýazguly ahuny saýlamagynyň başga-da bir sebäbi bar: olar öňden bäri gatnaşykda bolupdyrlar. Magtymguly bu medresede heniz özüne näbelli kitaplaryň birnäçesini ele salyp ürç edip okapdyr. Dünýäni unudyp okapdyr, ahunyň berýän sapaklaryny özleşdiripdir. Magtymgulynyň maşgala betbagtlygyndan habarly ahun onuň göwnüne giňlik berip biljek söhbetler edipdir. Geçmişde görgi baryny görüp geçen adamlaryň şum ykbalyny mysal alyp, bu dünýäde görgüsiz ýaşaýşyň ýoklugyna Magtymgulyny ynandyrmak isläpdir. Özara söhbetlerde Magtymguly Owganystanda Ahmet şanyň huzuryna baryşlaryny, şanyň beren sözi bilen edýän işiniň üzňeligini gürrüň beripdir. Iki jahan owarrasy bolup galan gökleňleriň neneňsi çykalga gözlemelidigini ahunyndan sorapdyr. Ahun oňa adaty ýoly salgy beripdir: başga ýere göçmeli. Bu jogap Magtymgulyny kanagatlandyrmandyr, emma: «Öz närazylygyňy şobada, gös-göni aňlatmaly däl» diýlen edebe eýeripdir. Bu günlerde, dogrudanam, Magtymgula rahatlyk inip ugrady. «Öňki ýanyp-köýüp ötenleriň senem biri |ekeniň-dä» diýip özüne kanagat berdi. Onuň bu döwürde neneňsi goşgular ýazany, Idris babany, Nyýazguly |ahuny apalap aýdan şygyrlary bize mälim däl. |0 taýda ylmyň haýsy ugruna köp ähmiýet bereni hem nämälimligine galýar. Çaklamalar, rowaýatlar Nyýazguly ahunyň aradan çykmagy Magtymgulynyň ömrüniň Idris baba bilen bagly sahypasynyň tamam |bolanyny habar berýär. Magtymguly ýene bir ker|wene goşulyp gökleňe gaýdýar. Onuň gidişinem, gaýdyşynam kerwendäki üýtgeşik adamlar bilen, köpi gören söwdagärler, köp ýeri gezen syýahatçylar bilen tanşyp-danyşyp gözýetimini giňeldenini aýtmak gerek. Magtymguly oba tiz dolansa-da, ol bu pursat içinde öz gara bagtynyň depesinden garamagy öwrenipdi. Bu endik gelejekki takdyrynda oňa kän-kän gezek goltgy berer. Magtymguly Çowdur bilen hoşlaşan depesine ýetende bir salym aýak çekdi. Aşakda obasy, öňküsi ýaly, mawy duman bürenip otyr, hanha, gara tuduň ýapragy dökülip Meňlileriň öýi has aýyl-saýyl görünýär. Magtymgulynyň takaty gaçyp ugrady. Atasynyň, öýdäkileriň ahwaly neneňkä? Bu arada gyzylbaşlar oba näme oýun saldylarka? Meňliden, gardaşlaryndan hi bir derek tapylmadymyka? Ýurdunyň her çöpüni göze sürtmäge taýyn Magtymguly tizräk öýlerine baryp, maşgala ýagdaýyny gözleri bilen görüp, ynjalmasa bolmajakdy. Bolsa-da, atasynyň başy dik ekeni. Zenanlar Magtymgulyny görenden, geçen günleriň matamy ýada düşüp, zar-zelil aglaşyp başladylar. Magtymgulynyň gelenini eşidip, bütin oba üýşdi. Zübeýda uýasy gaýyn öýünden gelişine Magtymgulynyň egnine gollaryny goýup gözýaşlaryny seçeläp başlanda, şu çaka çenli mert duran Döwletmämmet molla bozuldy. Magtymgulynyň hem demi damagynda dykyn aldy. Onuň üçin ähli doganlary hem mährem weli, şonda-da Zübeýdäniň öz aýratyn sarpasy bardy. Meňli-de Zübeýdäni özüne has ýakyn saýýardy ahyry. Bile oturyp keşde çekerdiler. Öz gelinlik syrlaryny hem Meňli diňe Zübeýda bilen bölüşýärdi. Häzir şu zatlary başynda aýlap oturşyna Magtymguly: «Berk dur, özüňi ýitirme!» diýip, özüne pent edýärdi. Bir ýerlerden Çowdur dosty hem çykdy. Umumy gürrüňler, saglyk-esenlik soraşmak, gören-eşideniňi gürrüň bermek, arasynda nahar iýmek, çaý içmek, soňra dünýe ýagdaýlary hakda pikir alyşmak uzak dowam etdi. Adamlaryň Ahmet şa hakda bilesleri gelýärdi, şondan bir ýagşy habar eşidesleri gelýärdi. Gyzylbaşlaryň halys hetden aşyp, başa çykyp başlanyny ahmyrly aýdýardylar. Olaryň gürrüň beriş äheňinde: «Ynha, biz şeýle ýagdaýa düşdük, sen bize çykalga tapyp ber» diýen duýular-duýulmaz, ýalbaryjy owaz bardy. Muny Magtymguly gowy duýdy, özüne bu gatnaşygy kabul etmese-de, şeýle äheňde ýüzlenilmeginin sebäplerine düşünjek boldy. Üstesine-de, beýle ýüzlenme Magtymgultda öňräkden bäri doräp ugran içki jogapkärligini artdyrdy. Bu gizlin hem barha güýjeýän jogapkärlik duýgusydy. Gelenler kem-kem dargaşyp öýde Döwletmämmet molla, Magtymguly hem-de Çowdur galdy. Atasy aşak bakyp, tesbi kakyp otursa-da, o bir ýola başyny göterip, ogluna bakdy welin, şo bakyşdan: «Ýeri, indi näme edeli?» diýen soragy gümansyz okady. «Wah, ähli müşgilem şo näme etjegiňi bilmezlikde-dä». Döwletmämmet molla Çowdura ýüzlendi. -Çowdurym! Sen Magtymgula ýagşy maslahatlar ber. Görýäňiz-ä, zamanasy ýaman boldy, menem indi bir aýagymy göre sokup oturan garry. Soňra Magtymguly Çowdur bilen daşary çykanda öz otagyna tarap gitmäge Magtymgulynyň aýagy ädilmedi. Ol otagyň boş duruşy, içindäki goşlaryň ählisi Meňlini ýatladyp dur, asla otagyň öz ysy hem Meňlini ýada salýar. Bu nä boluş? Magtymguly Meňliden sowaşdymy? Meňlini göresi gelmeýärmi? Wah, Meňli üçin Magtymguly kellesinde ýöremäge häzirle. Iň ýamany-Meňli ýok. Oňa derek esse-esse gam ýatyr. Ana, Magtymguly şo gamdan irgin bolup, gama berilmejek bolup kösenýär. Çowdur häzir Magtymgulynyň ýürek elenmesiniň ähli kuwwatyny duýup bilmedi. Muny diňe Magtymgulynyň özi duýmasa, özge ýürek uzakda görünýärdi. Şoňa görä Çowdur: «Hany, senem indi beýdip ýörme-de öýlenmegiň aladasyny et» diýip, ýaýdanman aýtdy. Muňa Magtymgulyda müň jogap bardy. Jan berip kam yşkyna, Mejnun boluban gezerem, Tenim-defter, golum-galam, ajap waspyň ýazaram, Görmeýip kenaryny, yşk deňzi içre ýüzerem, Simnar bolup sen üçin, tylla köşkler düzerem, Gaýry adalatly häkim, hany-soltan istemen. Magtymguly atasyna aýdyp bilmedik, aýdyp bilmejek pikir-meýillerini Çowdura aýtdy, onuň sözleriniň asyl manysy soňra ýokarky goşgy setirlerine öwrülipdi. Emma Çowduryň gönümelligi hem Magtymgulyny sarsdyrdy. -Magtymguly, durmuş diýleni öz ýolundan gider, seni-meni-de özi bilen südürläp gider. Onsoň gitjek ýeriň bamy?! Näme düşünmediksirän bolýaň? Meňli tapylmaz. Tapylaýanda-da ol indi öňki Meňli däldir ahyry. Onsoň sen ony maşgala edinnp ulanyp bilermiň? Bilmersiň! — Meňlä gaty söz diýmäwer, Çowdur. — Gaty söz däl, dogry söz. «Däliden dogry habar» diýipdirler. Sen beýdip, iki jahan pidasy bolup, ataňy kösäp ýörme-de öýlen. Obada kimiň gyzyna göwnüň bar bolsa aýt, ataňa aýdyp öýlendireli. Onsoňam sen bir zada üns ber: öýlenseň, çaga-çuga basyp, gün-güzeran üçin gydyrdanyp bu pikirler kelläňden çykar gider. Seň bu durkuň bakydyr öýtme, soňurrak saňa ýaşy ötüşen diýerler. Ýyllar, ýöne, eňip barýa. Bu zatlary saňa men öwretmeli däl-how. Çowdury ugradyp, ýeke özi ikiýana gezmelände uzak dag başynda ýylpyldaýan oda gözi düşdi: gyzylbaşlaryň çozuşyny öňünden duýdurmak üçin sakçy. Şol ýylpyldap duran ýalňyz ot Magtymgula köp zat düşündirdi. Aýagy çekmeý-çekmeý, ahyry, öýüne girdi. Şol öňki sowuklyk, şol öňki ýalňyzlyk. Hanha, Meňlä ýasap beren bilezigi. Birmahallar bu bilezigiň içini Meňliniň ak bilegi dolduryp durdy. Ilkinji ýola bu bilezigi dakjak bolanda Meňliniň ýumry goluny goluna alypdy ahyry. Hany, ol gudratly gollar?! «Ynha, indi meni Meňliden aýyrjak bolýarlar» diýip Magtymguly oýlandy. «Sen Meňliden bireýýäm aýryldyň, ýöne bu hakykata seniň ynanasyň gelenok. Ynansaňam-tnanmasaňam indi Meňli ýok» diýip, ýene bir pikir Magtymgulyny birahat etdi. Onsoň onuň özi hem şeýle hörpdäki pikirleri ösdürdi, ýanyndan orun berdi. «Sen akmak-tentek bolmasaň, indi Meňlä garaşma» diýip, özüni ynandyrmaga başlady. Ýene güzeran aladasy, gündelik iş-güýç, goşgulara ýürekden berilmek edähedi ony Meňli meselesinden az-kem bolsa-da sowdy. Soňa-baka Meňli bilen bagly duýgular birgeňsi öçüşen ýaly, Magtymgulynyň sarç ýüregi düşüşen ýaly. Ana, şo pursaty öňden bäri peýläp ýören ýaly, erkeklik-dulluk höwesi tebigy güýjüne girip, pugta täsirini ýetirip ugrady. Jany sag adamyň bedeniniň talapyny berjaý etjek bolsaň, oňa ozaly bilen hökman hemra zerurdy. Magtymguly, özi duýmazdan, gyza-geline göz astyndan garap, yhlasyny besläp başlady. Magtymgulynyň her bir hereketini göz astyndan sypdyrmajak bolup ýören atasy, enesi, gelnejesi, aýratynam Zübeýda, Çowdur dagy bu üýtgeşmäni şobada duýdular. «Durmuş. öňi-soňy, öz etjegini edýär, diýdim-ä» diýip, Çowdur öz içinden netije çykardy, beýlekiler bolsa begenjini daşa çykarmajak bolup çalyşdylar. Ýarsyzlykdan ýaman iş ýok, Göz salyp gezsem her ýana, Ýa, ýaradan, bir ýar bergil, Köp muşakgat degdi jana. Görşüňiz ýaly, ýalňyzlyga çydamy ýetmedik Magtymgulynyň ýaşaýşa yhlasy berk. Neneňsi içki energiýa, neneňsi hyruç bar! Onsoňam bu goşguda Magtymgulynyň islegini öwrenip, onuň özüniň hem Meňliniň neneňsi görnüşli, neneňsi häsiýetli adamlygyny kesgitläp bolar. Bir ýar bergil etli-ganly Köňli giň, göwsi meýdanly ýa-da: Boýy uzyn, pes bolmasyn diýende psihologik deňeçerlik kanunyndan ugur alýar. «Her kim öz deňini gözlär» ýa-da «Deň etmän-duş etmez» diýen ýaly. Başgaça aýtsak, Magtymguly keltejik boýly, çepiksiz bedenli, dargursak kişi bolanlygynda ýokarky sypatlary aýtmasa-da aýtmazdy. Ynha, şu faktyň özi ähli türkmeniň göwnünden turmagy başaran meşhur suratyň-Magtymgulynyň kanoniki portretiniň hakykata şeýle ýakynlygyny hem tassyklaýar. Bu suratyň söhbetine kitabyň soňragynda aýratyn sahypa bagyşlarys. Uzak wagt geçmänkä Magtymgulyny öýlendirdiler. Ol gyz aldymy, dul gelin bilen baş birikdirdimi, bu nämälim. Häzire çenli tapylan goşgularynda-da anyk maglumat ýok. Ýöne şol aýalyndan iki ogul bolany belli: Mollabäbek hem Ybraýym. Şu taýda halk arasyndaky bir gürrüňi hem, okyjym, seniň dykgatyňa ýetiresim gelýär: Magtymguly ikinji gezek öýlenende oňa gelnejesi Akgyzy dakan bolaýmasynlar? Bu soraga jogap tapmak üçin biz ilki başga bir soraga jogap gözlemeli: äri diri gaýyp bolan zenana musulmançylygyň bize degişli mezhebiniň kanunyna görä nika düşýärmi? Nika düşýär. Ýöne 63 ýyl garaşandan soň düşýär. Bu ýaşa çenli köp adamyň ömri hem üzülýär. Üzülmände-de soň äre barmak gürrüňi gozgalmaýar. Ynha, şeýle maglumatdan soň, şo döwürler Akgyzyň Magtymgula dakylanyny-dakylmanyny özüňiz oýlanyberiň. Üstesine-de, Magtymguly gardaşlaryny ömriboýy gözläp geçýär ahyry. Onsoňam dakylma däbiniň öl-ýit hökman ýerine ýetirilmeli kanun däldigini, ýagny hökmany däldigini, her maşgalanyň öz garamagyndadygyny unutmalyň. «Är ölse, hatyn talak» nakylynda «ölse» diýen şerte üns beriň. «Är gaýyp— ömür haýyp» nakylyny hem ýokarky delilleriň üssesi hasap edäýin,. Şu taýda türkilerde-türkmenlerde dakylma adatynyň yslamdan öňem barlygyny aýtmak bilen, sähelçe-de bolsa özüni oňarýan maşgalalarda bu adatyň ulanylmandygyny ýa-da bütinleý başga maksat bilen ulanylandygyny ýatladaýyn. Ynha bir delil: «Çarwa halklarda dakylma adaty iki maksada gönükdirilipdir. Birinjiden, öýe täze işgär gelipdir, bu bolsa o zamanlarda mydama peýdaly ekeni, ikinjiden, bu adat dul aýalyň hukuklarynyň goralmagynyň tarapynda ekeni, şoňa görä täze är o aýal hakda aladalanmaly we öz aýaly hökmünde goraglamaly bolupdyr. Beýle nikanyň kähalatda gönümel är-aýallyk baglanyşyklaryny göz öňünde tutmaýan bolmagy-da gaty mümkindir, ýöne şeýle ýagdaýda-da dul aýal ýardamsyz galmandyr (Gumilýow L. Y. «Gadymy türkiler» 1964 ý. 74 sah.). Magtymguly öýlenenine köp wagt geçmänkä, täze zenany sulhy alman başlaýar. Sebäbi onuň az salym Meňliden sowaşan köňli ýene Meňlä atygsap, täze gelniň her bir owunjak hereketini-de Meňliniň edim-gylymy bilen deňeşdirip görýär. Elbetde, Meňlä bolan yhlasy rüstem geler. Ana, şonda Magtymguly köne derdiň üstesine ýene bir derdiň ornaşanyny duýup galdy. Meňlä meňzemeýänligi üçin, Meňlini gaýtalap bilmeýänligi üçin o zenanda ýazyk ýoklugyna Magtymguly gowy düşünýär. Şoňa görä ony, başardygyndan, ynjytmajak bolýar, emma ýaraly göwün, öňi-soňy, Meňliden özgäni hiç-hiç golaýyna getiresi gelenok. Akyl bir başga, köňül bir başga. Magtymgulynyň başyndaky bu ahwallary o zenan-a tiz duýupdyr weli, muny synçy Dowletmämmet molla-da, beýlekilerem nebsiagyryp yzarlapdyrlar. Onsoň Magtymgulynyň ýüregini mynçgalap, ýanyp-köýen, gaýnaý-gaýnaý çogup başlan duýgular goşgy bolup akypdyr. Ol Meňliden hernäçe daşlaşyp rahatlanjak bolsa-da, ýüregini diňe täze öýlenenine beresi gelse-de bolmandyr. Meňli gözelligi, kuwwatly hem ýeke-täk soýgüsi bilen Magtymgulynyň ýapyk gapylarynyň ählisini batly açyp, ýüregiň törüni diňe özi eýeläpdir. Niçik hem bolsa şol zenandan bolan iki ogul derdi ýeňledipdir, özleriniň çaga dünýäsine Magtymgulyny eltmegi başarypdyrlar. Jildirdäpdirler, bilbil bolup saýrapdyrlar, boýna böküpdirler, hat-da dünýäden el üzüp oturan Döwletmämmet mollany, çaga mährine zar bolup, çaga isläp, Mämmetsapa bilen Abdylla garaşyp oturan gelinleri hem janlandyrmagy başarypdyrlar. Çaganyň hökümi patyşanyňkydan ýokary. Magtymguly zamananyň ýamanlygyndan indi iki esse heder edýärdi. Çül çagalarynyň ese-boýa galyp, sag-aman ile goşulmagyny isleýärdi. Ol atasynyň birmahal aýdan: «Üstümize hijran ody sepildi» diýen sözlerini hiç unudyp bilmeýärdi, şoňa görä çagalaryny duýdansyz ajal alyp gidäýjek ýaly duýgy aýrylyp gidibermeýärdi. Üstümize hijran ody sepildi. Muny aýtmaga Döwletmämmet mollany durmuş mejbur edipdi. Muny şeýle obrazly aýtmagy, şeýle mertlik bilen aýtmagy başarmak gerekdi. Bu söz bir maşgala gönükdirilenem bolsa, Magtymguly ony külli türkmene degişli kabul etdi. Üstümize hijran ody sepildi. Bu sözi ýada salman ýaşap bolmazmyka? Hudaý ne sebäpden biriniň başyna bela inderse, şo-ol inderip durka? Indi bu gowgalar şo möwç alar gider durarmy? Hi muňa çäre tapylmazmy? Ahmet şa-da gyzylbaşdan asgyn geldimikä ýa-da bize beren lebzinden donüp ýörmükä, halka ýazan hatlarynda dili bilen ýalap--ýylmap, soňy bolsa puç bolup barýarmyka? Magtymguly müň sowalyna bir jogap tapyp bilmän kösendi. Halk, şol öňküsi ýaly, gyzylbaşlaryň çapawulçylygyndan pida çekip, şol öňküsi ýaly, topar-topar bolup jogap urgusyny urup gaýdýardy, malyny talap, ilini gul edip alyp gaýdýardy. Onsoň aýagy, goly, boýny zynjyrly gul-gyrnaklar çöl bilen sürlüp Hywa, Buhara bazarlarynda satylýardy. Edil şol gul-gyrnaklaryň takdyryna kybapdaş takdyr Meňliniňem alnyndan çykan bolmagy gaty müşkindir. Hywada, Buharada satylmasa-da, Tähran-da, Maşatda, Nişapurda, Hyratda ýa uzak Hindistanda gyrnak edilip satylan bolmagy ahmaldyr. Her gün açdy gul-gyrnagyň bazaryn, Namysym bazara saldy, neýläýin. Onsoň şu zatlary oýlanyp, ozüni günäkär saýýan Magtymgulyda hi-de rahatlyk bolarmy?! Durmuş onuň gerdeninden basdygyça ol şonça-da köp oýlandy, çykalga gözledi. Garşy durmaga taýýarlandy, başyny egmän merdana durmagy öwrendi. Durmuş bu ýigidiň erjelligini siňňin synlaýardy. Günlerde bir gün bolsa ony ýene synamakçy boldy: «Hany, göreli, merdana durmany öwrendimikä?» Onsoň gyş bilen ýazyň sepgidinde assaja başlan sowuk ýagyş barha batlanyp, soňy dola, jöwenege öwrüldi. Her biri düýe gumalak ýaly buzlar ýagyp, asman-zemin doňup galdy. El gatylmadyk tebigat esremek esre-dä! Bir gije geçensoňam howa maýlap, ýaňadan ýagyş guýup, öňki buzlary eredip dünýä ýüzü-ni suw-sil aldy. Ana, şonda däli siller dereleri gümmürdedip, hä ondan, hä mundan inip, daşlary togarlap, agaçlary düýrläp gelşine, bir gezekde onuň ýoly Magtymgulylaryň obasynyň depesinden düşdi. Birentek gara öýleri tahýa ýaly göterip gitdi, daş jaýlary dyr-pytrak dargadyp, öý goşlaryny läbige gardy, ýüz ugruna janly-jandarlaryň hem bir toparynyň kazasyny doldurdy. Şolaryň arasynda Magtşgulynyň diri ýiten agasy Mämmetsapanyň öýi ýumrulyp, näçe ýyllar bäri Mämmetsapanyň didaryna zar bolup oturan zenan hem wepat boldy. Darydy bir doly, ýolukdy baran Birin ýurdy bile eýledi weýran. Magtymgula, elbetde, bu waka hem agyr täsir etdi. Mämmetsapa dogany gelse, öý ornuna takyr ýer görse, ýüregi ýarylmazmy? Men ýokkam yzyma bakmansyňyz diýmezmi? Magtymguly atasynyň bu wakany çekebilmän, halys çöküp barşyny gorübem ejir baryny çekdi. Ol oýlandygyça atasynyň indi uzak ýaşamajagyna howatyry güýçlendi. Hut şo günlerde onuň «Abdylla» atly meşhur goşgusy ýazylan bolsa gerek. Atasy gutulgysyz ajalyň eline düşse, özüniň ne hala düşjegini ýatlap, ol bu günlerde gardaşlaryny has beter küýsedi. Dewletmämmet mollanyň ölmeziniň öňinçäki ýyllar Magtymgulynyň ömrüniň gaty agyr döwürlerinin biri boldy. Hernäçe durnukly bolsa-da, hernäçe ozüne basalyk berse-de Magtymgulynyň heniz ýaşlygy özüni görkezýär. Ähli gam-gussany, dosty Çowdur deň çekişse-de, Zübeýda, aýaly, beýlekiler deň bölüşselerem, öňi-soňy, bularyň hersiniň öz orny bardy. Eger gam çekmeli bolsa, Magtymgulynyň köňli bu gamlary, bu hesreti diňe Meňli bilen çekişesi gelýärdi. Muny hernäçe islese-de bu ýyllarda meýlini gizlin saklamaly bolupdy. Sebäbi öýünde başga aýal otyrdy, ony sulhy almasa-da, ol Magtymgulynyk nikaly aýaly, göz monjugy ýaly iki oglunyň ejesi ahyry. Bu ýyllarda Magtymguly hiç ýana syýahata. ýa okuwyny artdyrmaga çykyp bilmedi. Özge zatlar birýana atasynyň başy amanlygy birýanady. Diňe gelen-geçen kerwenden gardaşlaryny soraglaýardy. Eger amatyny tapsa, assyrynlykda Meňliden derek gözleýärdi. Magtymgulynyň ady bireýýämden bäri il içine dolupdy. Munda şahyryn, oz hyzmatlary: Ahmet Dürrany bilen gepleşige gatnaşmagy, bu şaha bagyşlap ýazan goşgulary, gyzylbaşlara garşy aýaga galmaga ähli halky çagyrýan şygyrlary, galyberse-de dessanlaryň wakalaryny janly durmuşda gaytalaýan ýaly, Magtymguly-Meňli ikisiniň söýgüsi, Meňliniň bu jelegaýlaryň gyzyna meňzemeýän aşa gözelligi hem-de bu gözelligi wasp edip, soňra aýralyk oduna köýüp Magtymgulynyň ýazan goşgulary uly rol oýnady, üstesine bu Döwletmämmet mollanyň uly maşgalasynyň başyna inen külpetlere il duýgudaşlygy, Döwletmämmet mollanyň özüniň mizemedik abraýy Magtymgulynyň il içindäki abraýyny beýgeltdi. Il gözüne ilip men, Ilenimi bilip men. Döwletmämmet mollanyň Hywada okan dost-ýarlarynyň, kitap göçürip satyjylaryň ýardamyny hem unutmalyň. Ahyrda, bu ýyllarda gyzylbaşlara garşy yzygiderli gidişýän ýeke-täk topar hökmünde gökleňlere beýleki türkmen tireleriniň, Maňgyşlak, Aral, Hywa, Buhara etraplaryndaky türki halkyýetleriň ünsli nazary düşenligini hem hasaba almak gerek. Olar gökleňlere ýakyndan ýardam bermedik bolsalar hem gyzylbaş-gökleň wakalaryny dykgatly yzarlapdyrlar. Bu gaýnap duran gazandan kimiň başy aman çykjakdygyna olar parhsyz bolmandyrlar. Magtymguly şeýle ýagdaýda döwrüň pajygasyny birsyhly goşga geçirýärdi. «O wakalaryň ählisi ilki şahyr ýüreginde ornaşyp, eýlenip-çeýnelip, yza baryny bere-bere soňra goşga geçýärdi. Şeýle goşgularyň her biri şahyr ýüregini darka-darka ýaryp çykýardy. Hem çykýardy, hemem şo ýüregiň bir parçasyny özüne siňdirip çykýardy. Magtymguly Meňli süýrelende ýiten kitabyndan ýada düşen goşgulary ýaňadan kagyza göçürýärdi. Ýada düşmän, emma barlygyny bildirip, ruhuny birahat edýän goşgular bolsa Magtymgula azar baryny berýärdi: alybam bilenok, düýpden unudybam bilenok. Ol soňky ýyllar ýazan goşgularyny, geçmiş alymlaryň kitaplaryndan alan täsirlerini, öz ylmy belliklerini jemläp daşyna gönden jilt etdi. Şol günleriň birinde bolsa atasy ony ýanyna çagyrdy-da özüniň ähli kitaplaryny, kagyzlaryny, galamyny berdi. «Al, öz kitaplaryňa goş-da, sandykda pugta sakla». Ol näçe ýyllar iş edinip toplan «Muhteserini» hem berdi. Bu kitap häzir Türkmenistan ylymlar akademiýasynyň golýazmalar fondunda saklanýar. Döwletmämmet mollada diňe «Kuran» galdy. Döwletmämmet mollanyň bu dünýä bilen hoşlaşýandygyny Magtymguly mertlerçe gizlejek bolsa-da bolmady. Eneligi, Akgyz gelnejesi, Magtymgulynyň gelni muny tiz duýup bir otaga üýşdüler-de gyňajyň ujuny gözlerine basyp, zar-zelil aglaşyp başladylar. Ýaňy ýürekleri gowzap başlan-da Zübeýda geldi weli, agy ýaňadan güýçlendi. Şeýle pursatlarda Magtymguly özüne sorag baryny berip kösenýär. Bu dünýäniň manysy nämede? Dünýä diýilýäni başlanyp, tamamlanyp duran zatmy? Adam bolmasa-da bu dünýä parhsyz bolsa, onda adam näme üçin dünýä inýärkä? Çäre ýokmy? Söýgi-yşk näme? Dünýe maly näme? Ýa söýgi-yşk bilen, perzent, mal bilen adam aldana-aldana ömrüni ötürmelimi? Onda näme üçin adam öljegini bilse-de aldygyna mala topulýar? Bu soraglara bütin ömür boýy jogap gözläpdir. Bütin ömür boýy bu sowallar onuň kölegesi ýaly ýanyndan aýrylmandyr. Sebäbi bir jogap tapdygy müň pikir ony inkär edipdir. Ýokarky sowallary ýatlap, «Birniçe mysal» diýen goşgyny ýaňadan okap görüň. Magtymguly bu goşgudaky sorag-jogaplar bilen kanagatlanman, yşk hem ajal meselesine ýaňadan dolanyp gelýär. Yslam döräli bäri gündogarda göçüp-gonýan bir rowaýaty bu goşga esas edip alýar. Rowaýata görä, hudaý yşk bilen ajaly ilki ösümlikleriň boýnuna atanmyş. Yşka düşen ösümlikler şeýle bir tiz ösüp, şeýle tiz köpelip, asyl ýöne dünýä ýüzüni diňe ösümlik alyp barýarmyş, beýleki janly-jandara, dag-derýalara orun ýokmuş. Ajal gelende bolsa, bir ösümlik öldügi ählisi muňa raýdaş bolup öläýenmiş. Onsoň ýekeje ot-çöp hem galmadyk dünýäde janly-jandarlaram açlykdan gyrlyp ugrapdyr. Bu ýagdaýy gören hudaý osümlikden yşky hem ajaly alyp daga-daşa, suwa beripdir. Emma yşka düşen daglar ösüp-beýgelip, dünýä diňe daga owrülip gidiberipdir, üznüksiz ýagyş-ýagmyr ýagyp, däli siller hökmirowan bolupdyr. Onsoň ýene-de beýleki janly-jandara, ösümliklere ýaşara ýer galmanmyş. Ajal gelende-de belent daglar ýumrulyp, daşlar dargap, gyş kesilip, suwlar bugaryp gidenmiş. Bu hem kadaly ýagdaý bolmandyr. Şeýdip, hudaý her bir zada yşky hem ajaly berip, synap görüpdir, emma hiç biri hem çydamanmyş. Ahyry, muny adama berenmiş weli, bolaýypdyr. Yşk berende, yşky biri alypdyr, beýleki almandyr, ýa-da erkek yşky aýal yşky bilen laýyklyk tapmandyr. Ajal gelende-de bir öýde ahy-nalamyş, iki öý beýlesinde-de gülki-şagalaňmyş. «Hä-ä yşky hem, ajaly hem adam çekip biljek ekeni» diýip, hudaý bir netijä gelenmiş. Behişt gaçyp çykmyş arşyň öýüne, Tamug gorkup, inmiş ýeriň teýine, Gaçdy derýa, adam aldy boýuna, Tört ýüz ýyllap çeke bilmez bu derdi. Magtymguly bu rowaýatyň diňe yşka degişli bölegine yhlas siňdirip, goşgy gözelliginiň köp-köp usullaryny ulanypdyr. Boýnuna atylan yşky çekebilmän titreýän gögi, eňreýän guşlary, aglaýan gurtlary, egilen haýbatly daglary, erän daşlary göz öňüne getiriň. Magtymguly özüni köşeşdirjek bolýar, göwnüne kanagat gözleýär. Bu günlerde ol gaty köp goşgy ýazýar. Edil ýer titremesiniň öňinçäsi ähli janly-jandarlaryň ýatagyndan, keteginden, hininden çykyp zowzuldaýyşlary ýaly. Sebäbi atasy Döwletmämmet Azadynyň her gije ajal bilen söhbetdeş bolýanyny Magtymguly duýýardy. Atasynyň ölümi oňa ýer titremesinden öweý gorünjek däldi. Iň uly betbagtlyk boljakdy. Atasynyň dogan okaşany Selim magtym bolsa soňky günler Azadynyň aýrylmaz hemrasy boldy. Döwletmämmet molla daş-içe özi girip çyksa-da töwerekde ajalyň gaýmalaýanyna hemmeler ynanýardy. Türkmen däbine görä, ölýän adam özgelerden algysyny alyp bilmese-de, bergidar bolup gitmese ýagşy görýardiler. Bu, köplenç, gönüden-göni pul-zat manysynda görünse-de aňyrsynda köp-köp many ýatanyny hem duýýarlar. «Allanyň özi günämi geçewersin-dä». Umuman, geçmişde türkmenleriň ölümi garşylaýyşlary gaty geň. Diňe bir geçmişde hem däl, bu däp ýaňy-ýaňylaram, altmyşynjy ýyllaryň başlarynda-da ýörgünlidi. Häzirem bu däbe eýerýän ýek-tük adama duşsa boljak. Munuň manysy nämede? Ozaly bilen, gürrüňiň biajal ölýänler hakda däl-de, ýaşy bir çene baran, ölüm oýuna düşüp başlan garrylar hakdalygyny aýdyp goýalyň. Türkmenler ölümi gaty mert garşylapdyrlar. Öňünden kepenlik ak mata alyp ýygşyrypdyrlar, ölende, üçünde, ýedisinde, kyrkynda, käbir ýerlerde ölenine ýüz gün dolanda, ýylynda aş-suwuny berer ýaly harjyny, molla hakyny assyrynlykda, kem-kemden toplap goýupdyrlar. Ak puly saklarlar gara gün üçin. Olaryň o dünýä pugta ynanýanlary özüni bir kerwenden düşüp, beýleki bir kerwene, onda-da baý, bezelen rahat kerwene münýän ýaly ýagdaýda saklapdyrlar. Birmahallar beýik Jelaleddin Rumynyň: “Men ölemok, DOSTUN ýanyna gidýän” diýenini ýatlaň. Ajal gelendir öýdenler iman ýasyn okadypdyrlar, bu özboluşly hoşlaşyk-saplanyş akty ekeni. Öz dulunda aýak süýndürip jan berýänine hem şükür edipdirler. Sebäbi beýle pursat köplere, aýratynam erkek kişilere nesip etmändir. Näçe asyr bäri urup-urlup, çapyp-çapylyp, wagtyndan ir ölüp gelen türkmenler takdyryň şujagaz «ýagşylygyna-da» minnetdarlyk bilen bakypdyrlar. Adaty takdyr welin gaty zabun bolupdyr: jesediň dagda-düzde guş-gurtlara şam bolmagy ýa-da ata kese basylyp getirilmegi, ýat ýurtda ýesir-gul bolup düşüp, şo taýda kazaň dolmagy gaty bolaýjak zat ekeni. Döwletmämmet molla hem ýokarda agzalan däpden çykman, öýünde jan berjegine şükür etdi. Ol yzynda galýanlary, aýratyňam Magtymguly bilen Zübeýdäni ata ölümine kem-kemden kaýyl etmegiň zerurlygyna göz ýetirýärdi. Bu iki ýüregiň özge ýüreklere garanda has ýumşaklygyna, zarynlaýandygyna, duýguçyllygyna, olaryň atasyna neneňsi mähremligine, neneňsi sarpa goýýandyklaryna Döwletmämmet molla beletdi ahyry. Döwletmämmet molla Magtymgulynyň diňe atasy, ilkinji mugallymy däl, eýsem pikirdeş, köňüldeş dosty hem bolupdyr. Şeýle halatda atasynyň ölüme taýýarlanýanyny gören Magtymgulynyň neneňsi duýgulary başdan geçirýänini çaklamagam çetin. Ýöne adam şeýle ýagdaýdaka pikir leşgerleriniň oňa dyngysyz hüjüm eýleýäni hemmelere aýandyr. Ynha, onsoň bary-ýogy ýigrimi ýedi ýaş içinde gören-eşideni birme-bir göz öňünden gelip geçýär. Ol bujagaz ýaş içinde näçe dogan-gardaşy, garyndaşy ajala berip goýberdi. Magtymgulynyň aňynda ömürlik galan zat — Meňliniň ýüzündäki hindi hallar. «Hindi hally Meňlä haçan gözüm düşerkä?» diýibem ýüregi zarynlady. Ahmet Dürrany ýada düşende ahmyr-arman çekdi. Eger şu şa mert duranlygynda, beren sözünde tapylanlygynda gözel ili beýle weýranlyga düşjekmi?! Indi näme, umyt üzüldimi? Üzülmese-de Ahmet şa biziň tarapa bakasy gelenok. Şanyň gözi Hindistanyň hazynasynda. Näme etmeli? Häzirki ýagdaýda ilat gyrlyp tükener, duşman ýurduňda ýumurtga togalar. Atam ne sebäpden hiç bir hökümdara, hiç bir döwlete ynanmadyka? «Arzuwlama hany, begi, soltany...» Onda kime ynanjak? Kime gol berjek? Magtymguly jogapsyz galdy. Türkmeniň öňe düşüp ýören kişileriniň tekepbirlik edip, bir--birege göwni ýetmän, agyz birikdirip bilmän ýörüşlerine gynandy. Näme etmeli? Magtymguly bu döwürler şeýle ruhda köp goşgular ýazýar. Ahmet Dürrany bilen baglanyşyklylykda ajap eýýam hakda näçe göwün ýüwürdeni Magtymgulynyň ýadynda ahyry. «Hany ajap eýýam?» diýip, özüne özi näçe sowallar berýär. Ýöne Magtymguly henizem inçe umytda. Işi rowaç owgan şasy bir öwrümde türkmenlere-de merhemet eder diýibem umytda weli, hudaýam bir uranyny urup durmaz diýibem umytda. Emma Ahmet şanyň hereketleri ýyl geldigiçe bu umydy üzmäge golaýladýar. Çykalgasyzlyk ony kyn günde goýýar. Şeýle pursatlarda göwni ýene bu jelegaýlara sygman, bir ýana baş alyp gidesi gelýär, ýat ýurtlarda sergezdanlyk çekenini ýagşy görýär. Ähli zady jähennem edip, doň bagyra öwrülip, gynanman-gamlanmam, hiç zady ýatlaman ýaşasy gelýär. Kysmat olmaz, gidem uzak ýollara, Nesip goýmaz, gider ýolum baglar, heý. Haýran Mejnun bolup, çykam çöllere, Baryp, mesgen tutam sizi, daglar, heý! Ýadyňyzdamy, şeýle pursatlarda, öňler Magtymguly derwüş-diwanalaryň ýaşaýşyna gözigidiji bakýardy, ýeke-täk erkinlik-azatlyk şolarda bar hasap edýärdi. Şu gezegem şeýle. Ýöne, öňküler ýaly, guýma akyl bilen däli köňlüň soweşi uzak dowam etdi. Hä biri ýykdy, hä beýleki. Ahyry, guýma akyl, durnukly hem kesgir akyl rüstem geldi. Gel, köňül, men saňa öwüt bereýin: Yrak kylma görer gözüň-iliňni! Bu rüstemlik mydamalykmy ýa-da bir pursatlykmy? Muny gelejekki durmuşdan özge hiç kim kesgitläp bilmejekdi. Magtymguly bu günler müşgil işleriň aňsat çözülmegini isläp, allaha ýalbaryp, nalyşly goşgular köp ýazdy. Ýöne gutulgysyz betbagtlyk hiç bir zada bakman, hiç bir ýerde eglenmän, göni Magtymgulylaryň maşgalasynyň üstünden indi. 1760-njy ýylyň 22-nji mart güni Döwletmämmet Azady altmyş bäş ýaşynyň içinde jan berdi. Ol hemmeler bilen hoşlaşyp ýetişdi. Nowruz güni, türkmenlerde, şeýle hem ýene köp-köp halklarda ýyl başy baharda başlanýar. Ýagyşly-ýagmyrly, kähalatda eräp barýan ýumşak garly, hem ýylap, hem sowap tiz üýtgeýän howaly nowruz. Muňa tebigatyň baýram edýän güni hem diýýärler. Ynha, şol gün beýik kişi aradan çykdy, beýik köňül bolsa, atasynyň ölümine döz gelmän ýumrulyp weýran bolup başlady. Ýöne bu ýumrulma, weýran bolma düýbünden ýok bolup gitmek üçin däl-de, eýsem, edil ýaş daglaryň ýumrula-ýumrula beýgelişi ýalydy. Ahyrky demini alyp ýatan atasynyň ýanynda oturan Magtymgulyny ýatlaň. Näçe gam, näçe hesret başyndadyr?! Bu geçen ýigrimi ýedi ýaşda maşgalada köp ölüm görse-de Döwletmämmet mollanyň ölümi oňa iň uly urgularyň biri boldy. «Altmyşymda atam öldi, şonda-da bir entedim» diýlen gürrüň halk arasyna ýönelige ýaýran däldir. Matamyň agyr perdesi başyndaka, ölüme-ajala gahary joşup durka, pelegiň işine düýbünden kaýyl dälkä, kalbyndan şygyrlar syzyp çykyp başlaýar. «Azadym kany?» Pelek, idär idim, sen duçar bolduň, Gözümniň nurany-Azadym kany?! Ýüregim soguryp, seglere berdiň, Şährimniň soltany — Azadym kany?! Şahyryň «Atamyň» goşgusyny sähel soňrak ýazany duýulýar. Bu goşgy ilkinji emosiýalaryň täsirinden çykylansoň, ýalňyzlykda oýlanyp-ölçerilip, dury akyl bilen ýazylypdyr. Agyr döwletlere köňül goýmady, Bu jahanyň eşretini söýmedi. Eski şaldan artyk puşeş geýmedi, Ahyret öýi boldy kasdy atamyň. Goşgynyň şu setirine üns çekesim gelýär: Agyr döwletlere köňül goýmady, Magtymguly şu setir arkaly atasynyň Nedir şaha, soňra Eýrana, Owganystana, Russiýa howatyrly, ynamsyz garanlygyny aýdýar. Birmahallar Nedir şa ogluny okatmaga iberende Döwletmämmet molla: «Ilki bu oglanyň atasyny okatmaly, terbiýelemeli» diýipdi, birmahallar Magtymguly dagy Owganystana, Ahmet Dürrany bilen gepleşikler geçirmäge gitmekçi bolanlarynda: «Arzuwlama hany, begi, soltany» diýeni ýadyňyzdadyr, birmahallar Mämmetsapa bilen Abdylla Bakuwa ýa-da Astrahana deňiz bilen gitmekçi bolanlarynda Döwletmämmet mollanyň garşylygy ýadyňyzdadyr. Bu bir durmuş-da. Döwletmämmet mollanyň kazasynyň dolanyna gynaIyp, uzak-uzak ýerlerden gelenlerem bolupdy weli, onuň ölümine begenenlerem bolandyr. Özgäniň ölümine diňe ejizler begener. Sebäbi Döwletmämmet molla öz belent ruhy arkaly köplere täsirini ýetirýärdi, heniz tireler göze görnüp duran birlik gazanmasalar-da, olarda eýýäm ruhy birlige tarap ymtylyşyň oýanmagynda Döwletmämmet mollanyň täsiri güýçli boldy. Zalym han-beglere garşy gönümel göreşmedik bolsa-da, oňi-soňy olar Döwletmämmet mollany ýoldaky päsgelçilik hasaplaýardylar. Diňe bir ýerli türkmen han-begleri däl, eýsem Eýranyň, aýratynlykda gyzylbaşlaryň, Hywa, Buhara häkimleri esasy ünsüni Döwletmämmet molla berip, onuň ogly Magtymgula äsgermezlikli garaýardylar, Magtymgulynyň kalbyndaky turýan topalaň-gopguna göz ýetirip bilmeýärdiler, atasynyň ölmegi bilen oglunyň bady gaçar gider öýdýärdiler. Şunuň bilenem olar «Kim äsgermezlik edilýän bolsa, şol ýeňýär» diýilýänini unudýardylar. Şo goşguda Magtymguly syrlaryndan hem käbirini açýarmyka oýdýän. Älem içre adam galmaz, at gezer, Bu syrlardan jahan halky ýat gezer. Onsoň: Magtymguly, gizlin syryň bar içde, Kämil tapsaň, kyl gullugyn serişde, diýmesine nähili düşünmeli? Bu goşguda Magtymguly syry açasy gelip çemelenip, ýene-de goýbolsun edýär. Onuň başga-da bir zatlar bitirmäge serişde agtarýany duýulýar. Magtymguly atasyny mukaddes hasaplaýşy ýaly, özgeleriňem oňa mukaddes garaýşyny güýçlendiresi gelýär. Bu Magtymgula näme üçin gerek bolduka? Ozaly bilen atasynyň ýoluny dowam etdirjek bolsa, atasynyň agzybirlik hakdaky ideýalaryny türkmen durmuşyna ornaşdyrjak bolsa, oňa ýardam gerek, Döwletmämmet mollanyň dostlarynyň Magtymgulydan daşlaşmazlygy gerek. Atasynyň abraýyny göterdigi-öz abraýynyň göterildigidigini ol ýagşy bilýär. Onsoňam, ýeke galan Magtymguly ynsan aňyny eýelemekden, köňül awlamakdan ötri özüne kepillik edinmekçi bolupdyr. Muny işiň aslyna gowy göz ýetirip edipmi ýa-da özakymlaýyn ýerine ýetiripmi — bu belli däl. Ol bu döwürde hudaý, pelek hakda, ajal, bakylyk hakda köp-köp pikirleri başdan geçirýärdi. Onsoň gündiz huşundaky pikiriň gije düýşüne girmegi adaty zat ahyry. “Turgun”, diýdiler”, «Ýar, bizim sary», «Boldum girýana», «Diwana geldi» ýaly goşgular hut ýokarda agzalan ahwallar bilen baglydyr. Bu meseleleri soňrak, Magtymgulynyň sufistik goşgular döreden döwrüni beýan edenimizde ýörite seljerip geçeris. Ýaşulular, ahunlar, işanlar Döwletmämmet mollany Aktokaý diýen ýerde gonambaşy edip jaýlamagy maslahat bilýärler. Gubur üstüne hiç hili ýadygärlik goýmandyrlar. Şoňa görä Döwletmämmet mollanyň mazary hem ýaňy-ýaňylara çenli topraklygyna saklanýardy. Döwletmämmet mollanyň ölümine gynanç bildirmäge uzak-ýakyn ýerleriň şahyrlary hem gelen bolsalar gerek. Öz ylmy hem şahyranalyk kuwwatyny ile görkezip ýetişen Nurmuhammet Andalyp, Gaýyby, Şeýdaýy, Magrupy, Şabende dagynyň birden-biri Döwletmämmet mollanyňka gelip aýat okadyp gitmegi bolup biläýjek waka. Durdy şahyryň bolsa bu wakalara ýakyndan gatnaşanyna şübhe bolup bilmez, sebäbý bu şahyr Magtymgulular bilen öňräkden bäri gatnaşykda, Magtymguly bilen aýdyşyk-goşgulary hem bar. Şeýle duşuşyklarda Magtymgulynyň täze şahyr tanyşlygy, dostlugy hem başlanandyr. Şeýlelikde, ýas sadakalarynyň berilýän günleri bolan üçi, ýedisi, kyrky geçensoň adamlaryň bu öýe gelim-gidimi seýrekleýär. Türkmen ýaşulularynyň öz ýogalan deň-duşuna sarpa goýup, onuň tä kyrky geçýänçä şol öýde bolmak däbi hem bardy. Öleniň yzynda galanlara göwünlik bermek, matamy deň çekişmek hem-de «Öli aýatdan doýmaz» diýlişi ýaly, öleniň ýatan ýeri ýagty bolsun, jaýy jennet bolsun diýip dileg edip, el göterip oturmak gaty gowy däpdi. Ana, onsoň, kyrk gün geçip, geljekler gelip, gitjekler gidensoň öýdäkiler üçin hakyky ýas başlanýar. Zenanlar: «Başymyzdan ýas sowulmady» diýip aglaşýarlar, Magtymguly bolsa içini hümledip ýör. Ol özüniň merdana durmaly gezeginiň gelendigini, sähelçe ejizlese ony bu durmuşyň basgylap gitjekdigini, sähelçe ýan berse, öňem ejiz maşgalanyň dargap gitjekdigini ýagşy duýýar. Ýogsa atasynyň ölümi oňa iň uly urgularyň biri boldy. Adam ölüden her gün bir kerpiç daşlaşýar diýleni, Magtymguly kem-kem özüni tutup, içe-daşa serenjam berip başlaýar, güzeran aladasyny edýär, ýene ussahanasyna girip kümüş eredip başlaýar. O döwürler kümüşe gytçylyk ýok ekeni. Syýahatçylaryň habar berşine görä, türkmenlerde köne kümüş gaty köp eken. Tomus gelende Magtymguly bugdaý harmanyny atdy. Öňler atasy gelip, armaweriň diýip giderdi. Durmuş ony heniz owrenişmedik zatlaryna öwrenişdirip gidip barýar. Ýöne diňe bir zat bilen ony hiç-hiç öwrenişdirip bolanok: halkyň garyp-ejirli ýagdaýy oňa başdan rahatlyk bermeýärdi. Atasy ölensoň bolsa ol öz iline has duýguçyl, has synçy, has goýazy akyl bilen bakýardy. Hamana, Döwletmämmet mollanyň şo sypatlary gol bilen alnyp Magtymgula berlen ýaly. Nedir şanyň weýranlyga salan ahwalyndan saplanmaga ýetişmänkä täze mahrumçylyklara sezewar bolýan halk halys çöküp, dargap barýardy. Tutuş obalar açlyga sezewar bolup, ata-baba mesgetutan watanyny taşlap gitmäge mejbur bolýardylar, gyzylbaşlar leşger tartyp gelip, gül ýaly mekanlary ýakyp-ýumrup, haraba dönderýardiler, bentler weýran edilip, ekinler suwsuz köýýärdi ýa-da suwa basdyrylyp çüýredilýärdi, mallar süri-süri talanyp äkidilýärdi. Birmahallar behiştiň bagy hasaplanýan gadymy Türkmen sähranyň hozy, hurmasy, badamy, böwürsleni, erik-almasy, dag başyna çyrmaşyp barýan üzümi, bal ýaly injiri, ýer almasy iýeni-iýmedigi armanda goýýardy, hatar-hatar, oýtak-oýtak tut meýdanlarynyň aňyrsy görünmezdi, sebäbi Türkmensähranyň ýüpeginden geýim geýip bilenler özüni bagtly saýýardy. Ýüzläp-ýüzläp düýeli kerwenler hut şu etraplardan ýüküni ýetirip, uzak Hindistana, Owganystana, Hotana argyşa gider ekenler. Owadan, kuwwatly hem asylly türkmen atlary gözüň ýagyny iýýän ekeni. Magtymguly ähli zadyň arzynyň gaçyşyny ýüregi gyýym-gyýym bolup synlaýardy. Bir-birege sarpanyň ýitişini, asla adamlaryň lebizlilik, namyslylyk sypatlarynyn gowşaýşyny, olaryň Watandan, ilden-günden ýat bolup, aýry ýurtlara göç göterişlerini, ondan-da beteri, birtopar adamlaryň hut dönüklik ýoluna girip, gyzylbaşlaryň öňüne düşüp, öz ilini talamaga gelişlerini, gysgajasy, Türkmen Ruhunuň dargaýşyny bagry kebap bolup synlaýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |