00:57 Mahmut ependi we Çeril Flake | |
MAHMUT EPENDI we ÇERIL FLAKE
Publisistika
Birinji perde Mahmut Ustaosmanogly… Ýa-da tanalýan ady bilen Mahmut Ependi... Nagyşbendiligiñ halidi şahasyna degişli ysmaýyl aga jemagatynyñ lideri... Penşenbe güni aradan çykdy, uzyn sakgally, jüpbeli, şalvarlı, sarykly-selleli müñlerçe raýatyñ gatnaşmagynda şenbe güni jaýlandy. Ynanşy ýaly ýaşan 93 ýaşly gojanyñ garşysyna hemişe bolşy ýaly "garşy mähelläniñ" sosial mediýa hasaplaryndan her dürli gyjytly-degnaña degiji sözler aýdyldy. Iñ bärkijesini ýazaýyn: Käbiri "tarykatlaryñ antiwirusy" bolan dünýewiligi ýatlatdy, käbiri "täze şeýh bellenmeginiñ" Türkiýäniñ Jenaýat kodeksine gabat gelmeýändigini nygtady, käbiri-de onuñ jynazasyna aýal-gyzlaryñ gatnaşmagyna rugsat berilmändigini iş edindi... Ikinji perde "Milliyet" gazetiniñ ýekşenbe günündäki sanynyñ baş sahypasynda ABŞ-nyñ Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jeffri Flakeniñ aýaly Çeril Flake bardy: “Çeril Flake öýüniñ gapysyny "Milliyet"-is açdy". Interwýu "Stambuly diýseñ haladyk, Göjeke haýran galdyk, öýümizde türk fotosuratlary bar, Maraş doñdurmasy ajap eken" diýen sözlerden düzülendi! Gynansak-da, türk Medifast "Turkish" kebap diýseñ ajap" galyply interwýusyndan çykyp bilenok! Bulam şonuñ nobatdaky gaýtalanmasy boldy... Bu "iki perdäniñ" arasynda tapawut bar ýaly bolup görnenok gerek? Eýse bar: • IKI JEMAGATYÑ MEÑZEŞLIGI Biri musulman... Beýlekisi hristian… Biri nagyşbendiligiñ halidiýe şahasyna degişli ysmaýylaga jemagaty... Beýlekisi - Isa Mesihiñ "Soñky döwrüñ keramatlylary buthanasy" şahasyna degişli Mormon jemagaty... Biriniñ merkezi Stambul şäheriniñ Çarşamba raýony bolsa… Beýlekisiniñ merkezi ABŞ-nyñ Ýuta ştaty... Nagyşbendileriñ arasynda has fundamentalistleriñ bar bolşy ýaly mormon toparlarynyñ arasynda-da gözdençykgynç fanatikler bar. Ikisi-de daşarky dünýä ýapyk dini akym... Ikisi-de tejribä öwrülen güýçli syzyşy mistik-ezoterik çemeleşmä eýe: Saýlananlyk-halas edijilik... Ikisinde-de: - Raýdaşlyga esaslanýan jemgyýetçilik duýgusy bar. - Tarykaty ýaýmaga esaslanýan prinsipial "missioner" hyzmatlaryna üns berýärler. - Hudaýa gaýdyp berýänçäler endamlaryny goramak üçin alkogolly içgilerden daşda durýarlar. - Erkekleriñ köpaýallylygyny goldaýarlar... - Aýal-gyzlaryñ jynsy rollary birmeñzeş: ikinji orunda. Azyndan bäş çagasynyñ bolmagyny isleýärler. Abort etdirmeklige garşy gidýärler. - Aýal-gyzlaryñ ýapyk egin-eşikli gezmegine uly üns berilýär. Söwda bilen meşgullanýarlar. - Iñ uly girdeji çeşmesi haýyr-sahawatdan toplanan pullar. Ikisiniñem başy käwagt jenaýat we ş.m-ler bilen baglanyşykly derde girýär! Gürrüñsiz, aýry rituallary-da bar: erkeklere uzyn saç we sakgal goýbermek mormonlarda gadagan. Uzatmaýyn. (Özeninde taryhy akymy biri-birine parallellikde ösen iki dini hereket bolan ahmediler we mormonlar köp babatda biri-birine meñzeýär. Özem mormon teology Gareth Jons yslam bilen mormonçylygyñ ilteşigi boýunça birnäçe ýyllap iş alyp bardy…) Aslynda aýtjak bolýan zadym şu: • HOŞNIÝETLILIGIÑIZE NÄME BOLDY? Hawa, ABŞ-nyñ Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jeffri Flake on dogany, bäş çagasy bolan mormon. "Modern (zamanabap) dünýewilik" düşünjesiniñ jahana ýaýylan ýurtlarynyñ başyny ABŞ çekýär. ABŞ-nyñ federal ýa-da döwlet derejesinde resmi dini ýok. ABŞ Günbatar taryhynda-da, dünýä taryhynda-da aç-açan sekulýar bolan ilkinji döwletdir. ABŞ hiç bir dini topara maddy kömek berenok. Ynha, şol ABŞ hem mormon maşgalasynyñ agzasyny ilçi wezipesine belläp, Ankara ugratdy. Çünki bu iş onuñ dini bilenem, ynanjy bilenem baglanyşykly däl. Mormon ilçisiniñ aýaly bilen beren interwýusy "Milliyet" gazetiniñ baş sahypasyna çykaryldy. Ilkinji gezek mormonlar maşgalasynyñ agzasynyñ ilçi wezipesinde Ankara gelendigine garamazdan, ýeke sowal berilmändigini agzabam durjak däl... Mormon hanym Çeril Flakeniñ "suwa, sabyna tokunmaýan" sözleri gazetiñ baş sahypasyna çykarylýar, a Mahmut ependiniñ aradan çykandygy baradajy mediýadaky şonça aýdylýan zatlara nähili baha bermek gerek? Ýogsam bolmasa olaryñ ikisi-de jemagat agzasy. Hem "atatürkçi" gazet jemagat agzasyna baş sahypasynda ýer berip, yzyndanam ýüz müñlerçe kişiniñ gatnaşan jemagat lideriniñ jynazasy hakda kiçijik habary-da ýerleşdirenok! Şumy dünýewilik? Ynanja duşmanlyk bilen dünýewiligi biri-birine garyşdyrýan bolaýmalyñ? Başlangyç bilim derejesinde sowatlary bilen käbirleri ne epeý sözleri edýär? On müñlerçe adam "şeýh" hasaplanan ulamanyñ tabytynyñ yzyndan ýöreýän bolsa, muña düşünjek bolmaly dälmi gaýtam? Erdogan bu jynaza gitse, gürrüñi edilýär, Kylyçdarogly Hajy Bekdaş Weliniñ hormatyna geçirilýän çärelere gidýär, kelam agyz söz aýdylanok! Bu iki çaprazlygyñ gürrüñi etmeli dälmi? Megerem, adamlar bilmeýän zatlaryndan gorkýar. Merhum Mahmut ependi bilen düýpgöter aýry dünýägaraýşlara eýedik. Ýöne bu aýratynlyk duşmançylyk etmekligi añlatmaýar. Biz biri-birimize düşünmäge borçly, biri-birimiziñ ýaşaýyş-durmuş formasyna garşy gitmeli däldigimizi bilmelidiris. Diñe şeýdende jemgyýetçilik agzybirligini üpjün edip bolýar. Mormon Çeril Flakä görkezen hoşniýetliligiñiziñ ýüzden birini öz ynançly ildeşleriñize-de görkeziñ, haýyş. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 28.06.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |