Kasyda ýazmak XIII –XIV asyrlardan soň, tutuş gündogarda däbe öwrülmek bilen, indi kasydany tutuş gündogar galyp görnüşinden, hut žanr görnüşinde, doly ykrar edipdi.
Tutuş gündogarda bu žanrda goşgy ýazmak dessury örç alyp gidipdir. Şeýle bolansoň, bu “ mukaddes“ žanrda diňe bir erkek şahyrlar zehinlerini, güýçlerini synaman, asyl, şahyr zenanlar hem kasyda döredip başlapdyr. Olardan iň görnüklileriniň biri - türkmen zenany Mähri hatyn bolupdyr.
Diwan (köşk) edebiýatynyň görnükli wekillerinden biri hasaplanylýan Mähri Hatyn 1460-njy ýylda Osmanly türkmenleriniň soltanlygynyň Amasyýa şäherinde ylymly- bilimli maşgalada dünýä inýär.
Mähri Hatynyň hakyky ady Mährinisa (dana zenan, ussat zenan diýmegi aňladýar). Fahrinisa ( zenanlaryň guwanjy, zenanlaryň buýsabjy) diýen sözlerden bolup, soň ol gysgaldylyp, Mähri görnüşine gelipdir.Hatyn sözi bolsa, sylaglylygy, hormatlylygy , belent mertebeliligi, at-owazalylygyny aňladýan lakam hökmünde berlipdir. Bu lakamy Mähriden başga-da, Oguz zenanlarynyň ençemesi göteripdir.
Mähri Hatynyň kakasy Mehmet Çelebi bin Ýahýa öz döwrüniň ylymly, halk arasynda tanalýan şahslarynyň biri hasaplanylypdyr.
Ol Amasyýa welaýatynyň kazysy bolup işläpdir. Halk arasynda şahyr hökmünde adygypdyr hem-de „Welaýy“ tahallusy bilen şygyrlar ýazypdyr.Welaý sözüniň „synag, barlag,kynlyk, jebir, azap yza, zulum, sütem „ ýaly manylary bolupdyr.
Mähmet Çelebi ony azap-güzap , jebir-jepa çekiji diýen manyda özüne edebi lakam edip alan bolsa gerek.
Mähri Hatyn zamanasynyň ylymly-bilimli adamlarynyň biri bolup ýetişýär. Ýaşlykdan kaksy oňa arap, pars, dillerini, edebiýatyny, taryhyny, pelsepesini, dini taglymatyny, gowy öwrenmäge ýakyndan goldaw berýär. Ol Amasiýa soltany Baýezit II, sazanda Ahmet tarapyndan geçirilen alymlaryň , şahyrlaryň sungat işgärleriniň ýygnanyşyklaryna juda höwesjeň gatnaşypdyr.
Şol döwrüň adygan şahyrlary Nejaty, Güwähi, Makamy, Apytaby, Munury, Zeýnep Hatyn ýalylar bilen pikir alyşýar. Şygyr sungatynyň gizlin syrlaryny öwrenýär.
Mähri Hatyn Nejatynyň şygyrlaryna nezire düzüp, oňa ýollaýar. Onuň bilen yzygiderli hat alşyp durýar. Şonuň üçin onuň diwanynda Nejatynyň ady birnäçe ýerde duş gelýär:
Mähri Nejaty şygryna diýr Sen nezirelik,
Sebän bir gedaýu müflis, o bir patyşah ile.
Mähti hatyn tutuş düşünjeli ömrüni ylyma, çeper döredijilige, yslam dünýäsini, yslam medeniýetini öwrenmäge bagyşlapdyr. Ol elli alty ýaşynyň içinde, 1506-njy ýylda aradan çykypdyr. Ony daýysy Syh Pir Ylýasyň depin edilen gonamçylygynda ýerleýärler.
Mähri Hatyn Amasyýanyň golaýyndaky Lädik atly şäherçede jaýlanypdyr diýen maglumat hem bar.
Mähri Hatyn ýogalanyndan soň, ol ajaýyp, zehinli gazallaryň, goşuklaryň, ençemesi, şeýle hem kasydalaryň on üçüsini özünde jemleýän şygyrlar „Diwanyny“ öz halkyna miras galdyryp gidipdir.
Mähti Hatynyň edebi mirasy dünýäniň dürli ýerlerinde şu güne çenli ynjydylman saklanylýar. Muňa mysal edip, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäheriniň Milli kitaphanasyndaky, Aýa Sofuýa metjidini, Stambul şäheriniň uniwersitetiniň Milli kitaphanasyny, şeýle hem Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Sankt-Peterburg bölüminiň Gündogary öwreniş institutynynyň Golýazmalar hazynasyny görkezmek bolar.
Belli gündogarşynas Ý. I. Maştakowa şol golýazmalar esasynda Mähri Hatynyň „Diwanynyň“ tankydy tekstini taýýarlap, ony ol 1967-nji ýylda Moskwada neşir etdiripdir.
TYA-nyň Milli golýazmalar instituty hem 2004-nji ýylda bu „Diwany“ 20 müň nusgalykda öz başyny kitap edip, halk köpçüliginr ýetirdi. Bu „Diwana“ professor K.Ataýew: „Mähri Hatynyň edebi mirasy“ atly giňişleýin sözsoňy ýazypdyr.
Bulardan başga-da „Diwana“ giňişleýin sözlük berilipdir.
Bu „Diwanda“ Mähri Hatynyň gazallarynyň uly toplumy bilen birlikde, onuň kasydalarynyň hem birnäçesi ýerleşdirilipdir. Biz işimiziň şu ýerinde, şol kasydalaryň hem birnäçesini getirmegi makul bildik.
Mähri hatynyň kasydalarynyň ählisi diýen ýaly, Soltan Ahmet ibn Baýezide bagyşlanypdyr. Mähri hatyn birinji kasydasynda:
Kimdir ol soltan Ahmet ibn soltan Baýezit,
Gijesi gadyr olsun onuň daýyma gündizi aýt.
-diýse, On üçünji kasydasynda:
Ömrüň binasy mäkäm ola haşra dek seniň,
Bagtyň asasy döwlet ile paýdar ola.
Budur dogasy şam-u säher Mähriniň şah-a,
Ömrüň güni jahanda hezeran –hezar ola.
Dil andalyby dertile kylsyn goý nalalar,
Çün garşysynda sençeleýin gülgüzar ola.
-diýýar. Ol üçünji kasydasynda bolsa:
Kimdir ol soltan Ahmet ibn Soltab Baýezit,
Soltanat tagynda olsun haşradek ömri mezit.
- diýip, kasydalarynyň ählisinde diýen ýaly, Soltan Ahmet ibn Baýezidiň adyny hormat bilen, uly minnetdarlyk bilen tutýar:
▶ Mähri Hatynyň kasydalary:
■ Birinji kasyda
Teşnedir dil çün lebiňden çeşmeýi haýwan oňa,
Murdadyr jismim gamyňdan ne ola berseň jan oňa.
Geldigiňçe jan tenden garşy çyksa taňmydyr,
Mülketi dilde hyýalyň oldy çyn soltan oňa.
Rowzeniňden zerreweş üstüňe düşer Müşteri,
Gördi meňzär gün jemalyň oldy sergerdan oňa.
Bakyşyňyň tirile dil hanasyn zil eýledi,
Synada gamzaň hyýaly, olaly myhman oňa.
Eýledim ýoluňa isar etmek üçin hysrow-a,
Gözlerimiň ganly ýaşyn dürle merjen oňa.
Halys-u zer kylmak üçin kalbyny aşyklaryň,
Genji husnuň jöwheriň saklar dili weýran oňa.
Gülşeni husnuňda bilbil, murg hoş mulhan okar,
Her säher gü depderinden namaýy unwan oňa.
Bezmi husnuň içre läle saky olsa taňmydyr,
Dolular içre gülüstanda güli handan oňa.
Almaga asan idi jennet jemaly miwesin,
Ruhlarynda olmasa sugban saçyň bagban oňa.
Kimdir ol soltan Ahmet kim jahan hysrowlary,
Astanynda olupdyr bendeýi perman oňa.
Mushafy husnuna her nadankylarsa bir nazar,
Keşf olar ol demde ezber, şübhesiz Gurhan oňa.
Ruhlary şowkuna bilbil näçe nalan olmasyn,
Ýaraşar gul garşysyna, nala-ýu efgan oňa.
Gülşeni husnunda zülpün, depdedir bady-saba,
Gösterer tawuswes her dembe-dem jöwlan oňa .
Köýi ýary bir nepes terk eýlemez hujjajy yşk,
Ähi yşka Käbedir ýeter ruhy janan oňa.
Çeşmiňiň kasty eger jan ise, eý şahy jahan,
Ýoluna olsun pyda bir jan nedir müň jan oňa.
Aýdy waslydyrbu gün gel astanynda şahyň
Wagtydyr Mähri kyl indi janyňy gurban oňa.
Aýdy wazyhysyn mübärek kylsyn ol haýy gadym,
Döwleti rafgatda dursun ömri jawydan oňa.
(We lehufi medhihi enäri allahu burhanehu),
Onuň (Allatagala onuň delilini nurlandyrsyb) tarypy barada
Aýdy wslyn arz edip çun, kim, göterdi şah nikap,
Nura gark etdi jahany, zahyr oldy afytap.
Bir şahy döwran adyldyr jahan roýunda kim,
Adaty lutf-u mürewwetdir kamy rugly sowap.
Saýasynda hoş geçer,halky jahan mir-u geda,
Döwleti döwrüne hergiz kimse çekmez yztyrap.
Eý sagadat isteýen gel,jan-u bende ol,
Astanyna ýüz öwür bulmak dilärseň fathy bap.
Adly mizanyna geldi keffe boldy mehr-u mah,
Lutfi derýasynda oldybahry umman bir hubap.
Döwlet esbinde görüp çekdiynanyny zemin,
Geldi meýdan sagadata, pelek öpdi rekap.
Kimdir ol soltan Ahmet ibn soltan Baýezit,
Gijesi gadyr olsun onuň daýyma gündizi aýt.
■ Ikinji kasyda
Soltanat tagty üzre çykyp, ýene şahy muhterem,
Täji döwlet oranyp,geýdi saha lütf-u kerem,
Röwşen etdi gün jemaly pertowundan älemi,
Arz edip, şah ruhlarynyhoş jahana subhy dem.
Çün tulug etdişerefburjunda ýere aftap,
Herkişi medh etmäge müň jan-u dilden açdy fem.
Döwleti döwründe bu halkyjahan oldy fereh,
Nygmaty hünyle doldy kamy älemde nygam.
Jan-u dilden ruzy aýdynda gelip, bil baglady,
Ol humaýunyň mlekler hyzmatyna demme-dem.
Bir şahynşahy jahandyr binazyr-u bibedel,
Bir nazar kylsaň goýmaz janda melamat, dilde gam.
Kimdir ol soltan Ahmet ibn Soltab Baýezit,
Soltanat tagynda olsun haşradek ömri mezit.
■ Üçünji kasyda
Eý, şahy döwran Hemişe halka miri agzam ol,
Haşra deň her dem jahan roýunda şahy jahan ol.
Buldugynça namy şöhrat ali Osman hysraw-a,
Kamusyndan eý, şahyn şahy zaman, sen aglam ol.
Ermesin Haküstümizden ol huma ferr saýegi,
Döwlet-u rafgatle bu halky jahana mährem ol.
Durdugynça bu zemin-uasman, eý şähriýar,
Zowky eştet sür jahan roýunda şad-u horram ol.
Dostlaryň her dem jahan roýunda olsun şadyman,
Daýyma , duşmanlaryň çeksin elem sen bigam ol.
Burjy ykbal-u şerefde bu sema durdukça sen,
Eý sagadat aftaby döwlet ile her dem ol.
Kimdir ol Soltan Ahmet ibnSoltanBaýezit,
Gijesi gadyr olsun, onuň daýyma gündizi aýt.
■ Dördünji kasyda
Geldiginçe sowm-u aýt, eý, şahy döwran her zaman,
Ol seriri soltanat tagtynda her zaman şadyman,
Sen sagadat tagtgähinde mukum ol haşra deň,
Döwletiň döwründe hoş geçsin kamu pir-u juwan.
Aýdy husnuňda görüp, gaşyň helalyň hysrow-a,
Horram olsun daýyma saýaňda bu halk jahan.
Durdugyňça bu zemin-u asman oldukça aýt,
Eýlesin ol Hak seni halky jahan kamran.
Gelmesin jana jemalyň aftabyna küsüf,
Ermesin ömrüň daragtybergine bady hazan.
Kyl doga Mähri heman goý, tatwyl eýleme,
Ol şahyň medhindeajyzdyr biler sen, her Lisan.
Kimdir ol Soltan Ahmet ibn SoltanBaýezit,
Gijesi gadyr olsun, onuň daýyma gündizi aýt.
■ Bäşinji kasyda
Matlagyndan äleme arz edeli hyrşady tap,
Galmady katgan jahan, roýunda zulmatdan sahap,
Nur bermezdi bu afak içre hergiz mah onuň,
Gün jemaly enwerinden etmese ger iktisap.
Titreden hurşydy tygy howpudyr her subhy dem,
Bisebäp sanmaň ki bu efläge daýym ynkylap.
Matlagyndan şems lerzan çykdygy her dem budur,
Gün jemalyna mukabyl olmaga eýlär hyjap.
Ýalňyz bir mah degildir gapysy uftadasy,
Müň sapa ilegeler baş üzre her subh aftap.
Dergähyňde pasban olalyKeýwan ol mahyň,
Gelmedi döwründe bir Saýýara çeşmne hap.
Mazragy hanynda harman olsa taňmydyr jahan,
Oldy üän lutfy howasile pelekler asyýap.
Ebri lutfy täze ter kylsa,ne ola jan gülşeni,
Mehr-u mehdir köwleg, çahoňa olmuşdyr dolap.
Ösmese gülzara husnuň gülşeninden bu nesim,
Bermez idi halka katgan buý- reýhan gül-gülap.
Şirwes mündükçe döwlet atyna ol müşteri,
Çarh çeker her dem ýanyna pelek tutar rekap.
Bereli adlyň eline äleme luftüň magaş,
Şiddetinden ruzgariň kimse çekmez yztyrap.
Ol humanyň göreli symrug atly hümmetin,
Göwleti nanynda geldi, oldy älem zubar.
Hümmeti derýasy içre bir gämidir bu jahan,
Lutfunyň bahrynda onuň oldy umman bir hubar.
Ol şahyň şol resmedir adly jahan , roýunda kim,
Kim nyzamy älem olar oňa her kim intisap.
Ol jahangir zamanyň görsetugy lamgasyn,
Gorkusyndan kendizini bilmeýe Afrasyýap.
Mekdep raýynda ebjet tufeýlidir, bil şübhesiz,
Görmese husny kitabyndan ulul ebsar bap.
Ol mutawwal iutfunnyň olmaz maganysy beýan,
Arasaň jümle ktaby pasl-u pasl-u baby - bap.
Buldy ykbal sagadat, oldy her dem bagtyýar,
Her ki kyldy hyzmatyn jan ile dilden irtikap.
Aftaby älem ara heft keşweri binazar,
Patyşahy asry aglam kamranyrafgaty mäp.
Kimdir ol hakany agzam, ýagny Soltan Baýezit,
Haşra deň bolsun jahan roýunda ömri bihasap.
Eý şahy döwran jahan roýunda döelet isteýän,
Astanynda bolar senpatyşanyň fathy bap.
Buldy lutfuň şemmesindenbu jahanyň bagy bar,
Oldy laglyň çeşmesinden abu- haýwan-u jullap.
Zende olar tä haşra dek bulur haýty teşne dil,
Hyzyr weş bir murdaýa berseňşah - a lutfiňle ab.
Soltanat tagtynda her dem saňa eý, käni kerem,
Adly hylgat, täji döwlet, adat olmuşdyr sowap.
Agladar her demşah-abiçäre Mährini pelek,
Dameni rehmiň ile sylýaşyny eý, kämiýap.
Ne ola eý kimiýa nazar lutfuňle olsaň destgir,
Paýmal olup Amasyýýada olmuşdyr turap.
Dehr elinden hanaýy gamda iýban- içmäge,
Eşki çeşmim ab olmuşdyrýüregim hem kebap.
Kylsaň eý,Ýusup nazar,lütfuňe men biçäreýe,
Ygtykadym bu durar bulam weş şebap.
Soltanat tagtynda şah-a döwlet ile her nepes,
Müstedim ol haşara dem görme bu älemde azap.
Yzzat ile ol sema oldukça daýym paýdar
Döwlet ile dur , jahandurdulça, eý, aly jenap.
Pazlyň ile kyl enaýat, lutfuň ile et kabul,
Men garyp iftadanyň ýa, Reb, dogasyn müsejap.
■ Altynjy kasyda
Hoş dem degilmi möwsümi pasly bahary aýt,
Hottam degilmi oldy jahan sebzezar aýt.
Her ja müzeýýin oldy şekufe ile, kyl nazar,
Sahny çemende doly semen lälezar aýt.
Husnuň nesimi ereli şahny menewşöäýe,
Oldy jahan demagy kamu müşk bar aýt.
Her gülüstanda läleý-u nesrrin-u ýasmen,
Her bir çemende serw ileeýlär çynar aýt.
Ser jümle döndi jennete sähra ýüzi tamam,
Mä magyn akydyp eder kuhsar aýt.
Gül talgatynda gördi meger lagly gunçasyn
Her bir nahaly sebzede eýlär hezar aýt.
Husny münewwer etse jahany ajapmydyr,
Burjy şerefde eýledi ol şahriýar aýt.
Ol kämiýapsahy Säleýmana sydk ile,
Kim ola ki etmiýe dil-u janynisar aýt.
Gördi jemaly Käbesiniň nuruny aýn,
Maksuda erdi idisagyr-u kibar aýt.
Keşf eýliýeli husnazyýasyny äleme,
Oldu surur-u eşret ile her diýar,aýt.
Zülüle ruhlary ýeter ol hysrowuň heman,
Elkyssa halky äleme leýlu- nehar, aýt.
Her jan ki wasly aýdyna gurban olar onuň,
Bular sagadaty-ýu olar bagtyýar aýt.
Olsun hemişe ýyt ile, nowruz her güni,
Görsün jahanda döwlet ile set hezar aýt.
Ol mah lykaýy gördi niçe handa olmasyn,
Ýyllar le geçdi görmek üçin intizar aýt.
Ýa reb kyl ony tagty sagadatda berkarar,
Baky degilse neýliýrlim bikarar aýt.
Her dem dowamy döwletine Mähri kyl doga,
Tä haşr olynça eýliýe ol taçda, aýt.
Olsun ilahy saýaýy döwletde mustedam,
Etsim mydam ol saýaýy Perwerdigär aýt.
■ Ýedinji kasyda
Çün ruzy aýt, möwsümi pasly bahardyr,
Eşret demi fereh güni hoş ruzgärdir.
Subhuň nesimiereli her jaýa kyl nazar,
Rengin çeçekleri ilekamu läle zardyr.
gUdrat elile görüne reýhany hatlary,
Ýazdy ýaşyl waraklara ki ol Kerdigärdir.
Hyzyr mysal olsa jahan taňmysebzepuş,
Aby haýýat ergüren ebri bahardyr.
Enfasy bat erişdi meger gülüstana kim,
Sahny menew şamu- şähermüşk bardyr.
Hal zybanle tirilipHaky zikr eder,
Gülşenler içre murgy hezaran hezardyr.
Ferşi zeberjet üstüne guruldy haýmalar,
Göýä gämisi zer gämisimdenhysardyr.
Enwagy zynat ile jahan olsa taňmy zin,
Arz eýläýin jemalynyçün şähriýardyr.
Soltan Ahmet ol ki Peridunydehrdir,
Mülki jahanda döwlet ile täçdardyr.
Olsa ajapmy halkagüneş kibi aýan,
Ol patyşa ki saýaýy Perwerdigärdir.
Mislini görmedi döneli bir dahy pelek,
Bu niçe ki mah-u leýlu nehardyr.
Bagy eremde ruhlary gül lagy gunçadyr,
Sahnyçemende kamaty serwi-çynardyr.
Dil murgy bendi zülpünedoluşsa wjhmar,
Zira kemendi damynajanla janlar şikardyr.
Her jan, şah-a olmyýa gurbany husnuňyň,
Takyk belki ahyr onuň ýeri nardyr.
Eý, aftap, eksi ruhuňle güneşeken,
Fahr etmesin jahandaoňa mustaardyr.
Sen müşteri jenabaşaha gelmesin zowal,
Ne ede, ki aftapsemada suwardyr.
Madam ki bu sipehri pelek eýlemiş karar,
Madam ki ki bu zemin-u aman berkarardyr.
Ol sen hemşe tagty sagadata mühterem,
Gelsintapuňa şol ki sagyru- kibaradyr.
Eýýamy döwletiňde jahan begleri gelip,
Dursun tapuňda hyzmat üçin her ki bardyr.
Medh eýlemek şah-a seni Mähri muhaldyr,
Meddah saňa mençeleýin set hezardyr.
■ Sekizinji kasyda
Çünki gösterdi jahana ruhlaryndan ýar gül,
Eýledi ruýy zemin etrapynaenwer gül.
Dagydyp sünbüllerin bagy jahanyň hoş saba,
Berdiezhara rowaýyh eýledi yzhar gül
Gudratyndan gör ki sany niçe gösterdi aýan,
Hakden-bergi senem, läle-şejerden-har,gül.
Düşedi çün kim zümerretden besatyny çemen,
Güwsüne dkyndy şebnemdendürri şagwar gül.
Nowbaharyň lezzetin bulmak dilär sen, baga gel,
Her tarap serw-u semen,her köşesi gülzar gül.
Nagra urdukça şäher murgy meger täsir eder,
Gunça güler, serwi salar başyny , oýnar gül.
Şahy serwi üzre çykyp bilbil okar şygry latyf,
Husnuň ebýatyn meger kim eýledi eşgar gül.
Durma nalan iol dahy şowkunda misgin andalyp,
Adatdyr çun kim etmek bilbilni zar gül.
Ruhlaryňle kaddyňyň-u çeşmin gürleden hysrow-a,
Nerkes-u äle, semenden eýlär istifsar gül.
Mejlisi sahny çemende dameninden emme-dem,
Makdamyna sen şahyň ýakut eder isar gül.
Şa, Soltan Ahmediň döwranydyr bezmide gör,
Läle saky gunça bada oldy, hyzmatkär gül.
Buýý lütfuňdan bölüpberer jahan bagyna buý,
Reňňi roýuňdan alyp, meger olar her bar gül.
Hup okaryşkyň mukamatyn nowada rasty,
Andalyba hoşça taglym eýlemiş edwar gül.
Ýa, gülüp çün „rhlaryňameňzeren“ diýmiş meger,
Sözüniň bildi hatasyn etdi istgfar gül.
Çeşmiňi görmez meger nerkes ki olupdyr bibasar,
Husnuňa kylyp nazar oldy ulul ebsar gül.
Ýazmaga haddyň beratyngör gubar hutt ile,
Aryzy owsanda çekmiş hüllele perkar gül.
Gül ýüzüň bagy jahana arz olaldan hysrow-a,
Zahyr oldy sen ki nury Ahmedi Muhtar gül.
Gerçe eýýamynda nowruzyň çemen soltanydyr,
Leýk fahr eder ki ola bezmiňde hyzmatkär gül.
Hell olunmaz gördi yşkyň müşkülatyndan sapak,
Safhaýy huşnuňda ebjet başlady tekrar gül.
Gunça hamus ldy gaýrtdan dahanyň dahanyň göreli,
Ruhlaryň gördi hyjalatdan geler naçar gül.
Gülşeni husnuň, şah-a besdir gerekmez jenneti,
Gerçe, kim, her köşesinde niçe ýüz müň bar gül.
„Leblerine meňzärem“ diýdigi çün bady saba,
Gunçanyň çäk edeli agzyn, gaty gorkar gül.
Zynaty husnuň gülüstanynda öwrenmiş meger,
Baglamyş bady jahanda gör, ne hoş atwar gül.
Döwleti bagynda Mähri, hamdy lilla bir şahyň,
Serwi kaddy saýasynda sen, ne gam her bar gül.
Niçe kim, ola şskufe ile müzeýýn nowbahar,
Niçe kim, bagy jahanda açyla her bar gül.
Nowbahary husnuňyň ter-täze olsun tä ebet,
Niçe kim ola çemen yklymyna serwar gül.
Aýdyňy etsin mübärek ol kerim-ulä ýezal,
Geldiginçe nowbahar, oldukça bu gülzar gül.
■ Dokuzynjy kasyda
Hezreti hakany agzam patyşahy b imysal,
Eýledi haky jahanda ony aglam Züljelal.
Zahyr olaldan jahana gül jemaly enwery,
Nura gark oldy bu älem, etdi zulmat irtihal.
Hulk-u hutf ile meretter, binazyr-u bibedel,
Ylm-u helm ile mükemmel, ahsan-u sahypjemal,
Bir şahy döwran adyldyr bu güm älemde, kim,
Döwleti döwründe hergiz kimse çekmez infigal.
Ýagny ol Soltan Ahmet, kim kerem käri bu gün,
Soltanat tagtynda bir şahy jahandyr mustegal.
Nur bermezdi jahan roýunda kandyly sema,
Gün jemaly nwerinden olmasa gerittisal.
„Meňzeýim diýu keman ebrularyle husnuna,
Gäh bedr kamar kendi-özün gähi helal,
Talgaty Mähri kibi göstermedi şemsi münir,
Gerçe döwr eýlärpelek leýlu- nehar-u mahu- sal.
Gaşyna meňzedigibuken bu bedri aýyň helal,
Erte bir gün husnuna ýagny ne ähtimal.
Bir şahynşahy zamandyr, kim jahan hysrowylary,
Her jähtden „Lä“ diýmez emrine eýlär imtisal,
Akyl küll şägirdi lüft mekdebi raýyndadyr,
Kimse ýetmez ol şahyň keýfiýetinden kyl-u kal,
Ruhlarynda zülpüni depretdiginçe dady subh,
Janu-dil yhrakynatä erişer ruhy şemal.
Bir jahangir zamandyr ol bu gün älemde kim,
Rüstem-u Zal olsa rezmine gelip etmez jidal.
Subhy dem peýki sana erir dili süri şiridäme,
Diýdi:“Eý, gamgyn köňül, handan ol!“Diýdim:“Ne hal“.
Washafy husnunda pala niýet etdim ol şahyň,
Owwal „Eliple“ “H“ geldi ahyrynd „mim-u dal“.
Gam iýme şimden giru bagty syýahyň mähw olup,
Talygyň sagd oldy eý, Mähri mübärekdir bu pal.
Rafgatyň burjy şerefde gaýym olsun tä ebet,
Talgatyň mährine şah-a ermesin hergiz zowal.
Dostlaryň fowkul ulada her dem olsum şadyman,
Duşmnyň tahtys-serada daýym olsun paýmal.
Ömrüňi kylsyn jahanda döwlet ile müstedem
Aýdyňy etsin mübärek ol Kerim-u Laýezal.
Döwletiň döwründe bulsun her geda yzzat mydam,
Nygmatyň hanyndan alsynlar jahan halky nowa.
■ Onunjy kasyda
Subhy dem gülşene erdi ýene ussady nesim,
Berdi hoşboýy letafet bezedi bar ne, kim.
Sebzäniň tytlyna göstermek üçin neşw gelip,
Dembe-dem sahny gülüstanda eder ders taglym.
Meňzedip bagy jahany ýene ferdöwse bu gün,
Eýledi läle ile gülşeni jennaty nagym.
Jan demagyny muattar kylar uş her demde.
Güli nesrin-u riýahyn ile gülşende nesin.
Eseri lutfy ile eýledi her bagy behişt,
Çün nazar etdi gülüstana bu dem Rebbi kerem.
Näçe nagyş etdi gülüstanda ki her bir waraka,
„Ýedi gudratle– bu gün gör, ene hakgasy gadym,
Föwt olup gitmiş eken lutfuna Hakyň nazary et,
Gör niçe buldy haýat uşda ýene azmy ramym.
Gülşeniň her tarapy serw-u Aehi oldy ýene,
Berdi hoş zowk-u sapa jany jahana nete kim,
Oturar bagty sagadatda bu gün han Ahmet,
Sypaty şemsi münewwerdir onuň zaty helim.
Rahaty adlyň ile boldy kamu halky jahan,
Rownaky nanyň ile oldy şah-aheft yklym.
Buýy zülpüňden eger bermese gülşende saba,
Gül gülüstanda jahan halkyna bermezdi şemim.
Nysrow-a gül ruhunyň şowkylegülşende gurur,
Tur weş her sejer üstünde hezar oldyKelim.
Horram etdikçe jahan raýyny geldikçe bahar,
Ola sen döwlet ile tagty sagadatda mukym.
Sebzezar üstüne her dem getirer bady saba,
Häki paýyna nisar etmek üçin zer ile sim.
Bagy ömrüňe ermiýe Hakdan dilärim,
Aýdy azhaňy mäbňrek kyla Rahman-u Rahym.
Bir jahangiri zaman saňa era bermez zaman,
Hämmetiň tygy eder dowi Naryman bu nim.
Ýäzäňe garşu jedel eýlemez Sam-u Suwar,
Rästemu Zal olaýmaz ärlik ile saňa karym.
Boldy lütfuň eserinden bu jahan bagy behişt,
Gördi gahryň sypatyn, kim, dem urar nary jehim.
Mähri ufuftadaýa rehmiňle şah şah-a eýle nazar,
Eýlie saňa nazar haşra dek ol Haýý-u Alym.
Saklasyn emin-u amanynda senidaýym Ahat,
Jan içinde nete kim ola „Elip“ nary gadym.
■ On birinji kasyda
Wagty bahar erip goýmady goýmady dilde zerre gam,
Bu demde gam kimseneneýe, laýyk olarmy hem?
Nerkes gözüňi süzdi, görüp çeşmi näzini,
Gül ruhlaryňy ogşady nesrin-u läle hem.
Oldy çemen arusyny bady saba karyn,
Gördi ýüzün şekufe saçar üstüne derem.
Dildar lagly ýadynagülgün meý içmäge,
Hoşdur bu demde al eliňe saky jamy jem.
Gel garşysyna jamy subuhysen eýle noş,
Sygma deriýe gunça kibi gül açyl bu dem.
Husnuň beratyny eltdi saba gülüstana çün,
Gördi tebbessüm eýledi her gunçaaçdy fem.
Zülpüň jahan demagyna hoşboý jan berer,
Depretdigiginçe bady saba ony subhy dem.
Meňzär jemaly bagynykaşf etdi şähriýar,
Gül kibi güldi suraty nowruzy muhterem.
Ýagny jahana han olan ol han Ahmediň,
Adlyny zikr eder melek öwji pelekde hem.
Ger bahry lutfunyň ere bir katrasy rowan,
Bola wujudy magtakyf köşeýi adem,
Bular haýýaty täze- ýu ter sebzezar olar,
Eý, serwi näz her ýere bassaň ne dem gadam.
Taswuryny jemalyňyň eý aftaby busn,
Ruzy ezelde ýazdy köňül jowhuna galam.
Şah-a howaýy zülpüňe sabyt gadam durup,
Mähriň deminde Mähri berer subh kibi dem.
Sen- sen çyragy röwşeni subhysagadatyň,
Eý manbagy sahawat, weý, magdany kerem.
Aýdyň mübärek olsun, eýa, hysrowy zaman,
Ykbal-u döwletiň gününe ermesin elim.
Oldukça pir köwakible asman şah-a,
Seb älem içre döwlet ile olsaň alam.
■ On ikinji kasyda
Aryzyň arz edeliden hatty reýhan şekil,
Meni diwana kylyp, eýledi haýran şekil.
Gaşlary Zöhre jübiniňde ki tugra çekdi,
Ne galam ýazdy hattyň üstüne unwan şekil.
Läle haddyňda erip zülpi syýýahyňa saba,
Gör, ne zynatlar eder sünbüli- reýhan şekil.
Dil dilär gamzaň okuna ýer ola onuň üçin,
Dert ile kendi-özüň eýledi peýkam şekil.
Läläniň dert ile dag oldy hesedden jigeri,
Aryzyň arz eýledi sen gülihandan şekil.
Du jahan gülşeni bil gözüme zyndan görüner,
Maňa ýar olmyýajak sen buty ryzwan şekil.
Älemiň halky ýoluňda niçe jan bermiýe kim,
Sanygyň sungy tapyňdyr ýüzüň iman şekil.
Göreli çahy zenehdanyňa düşdi dil-u jan,
Eýledi başyma älemleri zyndan şekil.
Çeşmi şahlaňyy ne remzile yşaratlar eder,
Dil-u jan kasdyna gör nerkez fetdah şekil.
Mehr-u mah meňzeýemiýüzüňe öýkünmek ile,
Ger ola lebleri pär lagly Badahşan şekil.
Sowky dendanyňile lagly dür efşanyň üçin,
Haşa Alla ki diýem“Luwlum-u merjan „ şekil.
Çöwre sen aby haýýatyňki tutarmury hattyň,
Göýäýe batymydyr möhri Süleýman şekil.
Murdaýy jan-u dile berdi haýýaty ebet,
Lebleri oldugy çünçeşmeýi haýwan şekil.
Zülpi tawusyny gör, gülşeni husn içre niçe,
Jilweler arz kylar her ýaňa jöwlan şekil.
Kaddy diljuý nahalyny görüp rast, diýdim:
„Bu ne boş miwe ile nahalyhuraman şekil“.
Lebi meýguny hyýal ile gýzüm hanasynyň,
Gabagy sapy dolupdyrpür gan şekil.
Döwr ede döwri pelek, çenberi çarhyň ýykyla,
Görmiýe sençileýin bir mahy taban şekil.
Maňa ykbal-u sagadatda ýeter mansab-u jah,
Waslyňyň şwmmesine ki ola yhsan şekil.
Ýüzüňe garşy mukabyl olymazşem-u kamar,
Gördi bürterdi ýüzüň, eýledi nogsan şekil.
Dahanyň syrryny bilmedigi çyn gunça açylyp,
Galdy haýratda ýeter haly perişan şekil.
Rowzaýy köýüni gördükde direm:“Huldy nagym“,
Ýaraşar hüýr ile gulman ola derban şekil.
Arşy aglaýa erişerelim, eý, şahy –jahan,
Hiç haçan, kim bararamköýüne myhman şekil.
Döwri Dara bozulyp,döwri Isgendermi eglär?!
Ýahrilar olalysen hysrowy- hakan şekil.
Aýdy waslyňa erersem eger, eý, mahy luka,
Kylaýyn jany pyda ýoluňa gurban şekil.
Gördi meýdany sagadatda güneş top oldy,
Çünki han Ahmediň ol zülpüniçowgan şekil.
Duşmanyň başyny tegerg kibi her ýana döker,
Tugy gahryň ki haçan bark ura urýan şekil.
Her ki ýowuz sanar ise saňa, eý şahy-kerem,
Gözi girýan olaý-ýu synasy birýan şekil.
Dilärem iütfy şahynşah ile magzur ola,
Mähriniň olmadygyn lutfyýa ykran şekil.
Şahy alydan erişerse enaýat nazary,
Ajap olmaz ger olam şygyr ile Selman şekil.
Hamdy lilla ki hoşumuz lutfy nesimile bu gün,
Ah, eger çarhy pelek jebr ede döwran şekil.
„Aperin“ diýe-yu tahsyn ede Jebraýyl emin,
Her haçan, kim, okysam medhini Hassan şekil.
■ On üçünji kasyda
Şah-a dilärse her kişi kim bagty har ola,
Baş goýsun aýagyňa ki oňabagt oňa ýar ola.
Bu hulk-u bu sahawat-u her fütf-u bu kerem,
Kim sende bar jahanda dahy kimde bar ola.
Göster jahana gülşeni husnuň ki hysreoň-a,
Gül kibi güle, suratyälem bahar ola.
Eý, serferaz näzle seýr et ki gülüstan,
Eksi ruhuňle sahny çemen lälezar ola.
Sünbül- saçyňa gül-ýüzüňe, läle –haddyňa,
Ger „meňzärem“ diýr ise gaty Şermisar ola.
Gül ruhlaryňa kendizini arz kylmasyn,
Husnuň katyna oňa dahy ne ygtybar ola.
Gül „meňzä rem kaddyňa“ diýu lap urardy, gör,
Geldi ki destbus ede ne wejhi bar ola.
Jan jahan damagyna hoş müşki boý kylar,
Zülpüň , yzaraň üzre haçan tar-u mar ola,
Ýa Reb yzz-u döwlet ile hanAhmediň,
Bir güni bu jahanda hezran-bezar ola.
Helm-u wakar- lütf-u şepagat diýdikleri,
Bu dehri dun içinde meger sende bar ola.
Jan lowhasynda ýazdym hattyň hyýalyny,
Tä haşr olynça saklyýa, ol ýagygär ola.
Firdows bagynyň güli handansen, çý sen,
Bilbilleriň, şah-a, beh neçün gamda zar ola?
Ger sen semendi döwlete olasaň suwar, eý şah,
Rüstem öňäňje müň gül ile başyýadar ola.
Husnuň güni münewwerola haşr dek şah-a,
Näte ki asman-u zemin berkarar ola.
Bady hazan erişmeýeömrüň baharyna,
Boýy jahan nete ki hazan-u bahar ola.
Ömrüň binasy mäkäm ola haşra dek seniň,
Bagtyň asasy döwlet ile paýdar ola.
Budur dogasy şam-u säher Mähriniň şah-a,
Ömrüň güni jahanda hezeran –hezar ola.
Dil andalyby dertile kylsyn goý nalalar,
Çün garşysynda sençeleýin gülgüzar ola.
Goşgular