13:29 Makulatura / hekaýa | |
MAKULATURA
Hekaýalar
Garajanyñ niýeti obadan gelip, awtobusdan düşüşi ýaly, öz hususy maşynyna şaý almak üçin göni jygyllyga gitmekdi. Ýöne ol duralganyñ çat mañlaýyndaky giñ meýdançada hatara duran dükanlary görüp, pälinden birbada el çekdi. ''Gel-aý, aýlanyp göreýin-le, bazaryñ gaçyp gidýän ýeri ýok'' diýdi. Şol aýlanyp ýörşüne-de kitap satylýan dükanyñ üstünden bardy. Rejelenip goýlan kitaplary ýekän-ýekän synlap başlady. Birdenem ho-ol añyrky burçda aýratynja goýlan üýtgeşik, tapylgysyz kitaplara gözi düşdi. Maýl Rid, Jek London, Aleksandr Dýuma, Dostoýewskiý... Ol ''Oh'' diýdi-de tekjä tarap elini serdi. ㅡ Şol kitaplaryñyzy görüp bolmazmyka? Şol kitaplaryñ birine güýmenip oturan, maýa ýaly daýaw, gara gözli ak gelin asyl gymyldamadam. Ol oturan ýerinden gabaklaryny çalaja galdyrdy-da: ''Sen näme asmandan düşdüñmi?'' diýýän manyda sesini-üýnüni çykarman, kirpikleriniñ ujuny Garaja gezedi. Jogap bermänem, ýene-de gabaklaryny aşak goýberdi. Özem edil öñküsi ýaly, elindäki kitaby bilen boluberdi. Garajanyñam özüni edil beýtdiresi gelmedi: ㅡ A gyz! ㅡ Garajanyñ uzyn göwresi dargylyp, ýañky gelniñ üstüne ýaý kimin egreldi. Titräp başlan inçe barmaklary bilen tekjedäki kitaplary görkezdi. Sesem sandyrady:ㅡ Görkeziñ maña şol kitaplary. Siz näme ''Obadan gelen-ow şu'' diýip adamy äsgermezçilik etjek bolýañyzmy?! Ýa obalylar kitap okamaýandyr öýdýäñizmi? Gelniñ kirpikleri ýene-de Garaja gezeldi. Owadanja ýazgyn gaşlar çytyldy: O kitaplar talon boýunça berilýär. Talon boýunça näme göreñokmy. Hon-ha ýazylgy dur-a. ㅡ Talon? Ýene-de jogap bolmady. ㅡ O nähili talon? Nämäñ talony? Halys bolmajagyny bilen gelin elindäki kitaby siltenjiräp ýapdy-da tasanyp ýerinden turdy. Ellerini tagta diräp possjak dodaklaryny çalaja gymyldatdy. ㅡ Kagyz ýygnap alynýan talon? Düşündiñizmi? Makulatura! ㅡ Äh-ä!ㅡGaraj süýem barmagy bilen eñegini dyrmalady. Bu geline nähak gatyrganandygyna ökünmekden ötri sesi öñküsinden has pes çykdy:ㅡ Her kitap üçin näçeräk kagyz ýygnamaly bolarkan aýt? Munça bolanyna görä, gelin onam aýtdy. Şondan soñ bu kitaplary alyp bilmejekdigine Garajanyñ doly gözi ýetdi. Wagt geçirmän göni jygyllyga dönmek üçin beýlesine dönüp gaýdyberjek boldam welin, dükana eli talonly biri gelip girdi-de, Garajanyñ el ýetirip bilmän emenip duran kitaplaryndan birnäçesini arkaýyn aldy ötägitdi. Artykmaç gepem bolmady, gürrüñem. Garaja hasyr-husur ýañky kitap alanyñ yzyndan ýetdi-de alkymyna dykyldy: ㅡ Ýaşuly, nähili kagyz tabşyrmaly şuñ üçin? ㅡ Kagyz kagyzdyr-da. Nähilisi bormy onnam bir! ㅡ Neme... Men neme diýjek bolýan. Juda köne zyñynsy kagyz gerekmi, ýa täzerägem bolsa bolýamy? ㅡ Tapawudy ýok. ㅡ Gazetem bolýarmy? ㅡ Bolýa. ㅡ Kitap nädýä? Täze kitap? Garajanyñ gürrüñdeşi: ''Bir bela sataşdym öýdýän'' diýýän ýaly, ýüzüni ynjyly çytyp töweregine garanjaklady. Yzyndanam geçirimlilik üçin zoraýakdan ýylgyrdy: ㅡ On asyny, bar-da özlerinden soraýsana. Biz-ä entek täze kitap tabşyryp göremzok. Şeýle diýip, ýaşuly ýoluna ugrady. Onuñ bilen egnini deñläp barşyna Garaja ondan kagyz tabşyrylýan nokatlaryñam birnäçesiniñ salgysyny aldy. Eglenmän şol salgy alan ýerlerine tarap eñdi. Baryp, olardanam täze kitaby tabşyryp bolýanyny, bolmaýanyny sorady. Ýarym sagat ýaly wagt geçip-geçmänkä-de Garaja der bolup ýañky dükana gaýdyp geldi. Şol elýetmez kitaplaryñ sag we sol taraplaryndaky bölümlerde telim ýyl bäri alynman çañ basyp, baslygyp ýatan kitaplara barmagyny çommaltdy: ㅡ Şolaryñ birini görkezseñizläñ maña.ㅡOl kitaby eli bilen saldarlap gördi. Içini hümletdiㅡHm-m... Maña şundan bir elli sanysyny beriñ!ㅡ Satyjy oña oýun edýändir öýtdi. Emma bu ýigidiñ durşuna alada öwrülen ýüzi asyl oýun edýäne meñzänok. Gaýtam satygçyny birsyhly gyssap, alarladyp barýar.ㅡBoluñ ýeññe boluñ! Men bu gün yzyma-da gaýtmaly. Entek ýene-de telim (gezek) gatnamaly boljak. Wah maşyn bolan bolsa bolaýjak ekeni. Oññam şu wagt döwlüp durşuny diýsene. Haý içigar-a! Ýeññe o-ol ýukajyk kitapdanam ýüz sanysyny ber! Gaty kän ýatdy şol sizde. Aşakylaryñ-da hemmesini beräý! Şolar-a men öýlenmänkämem bardy şu dükanda. Satyjy nätjegini bilmän aljyrady. Ýöne bermezlige onuñ haky ýokdy. Kitab-a harytdy, bu duranam alyjydy. Beräýmeli. Başga alajy ýok. Satyjy üçin harydy geçse, oña başga näme gerek! Garawul däl-ä ol. Satyjy! Garaja düñküldäp gitdi-de, köçeden taksi tutdy. Alan kitaplarynyñ hemmesini şoña ýükledi. Entegräkdenem gaýdyp geldi. Elindäki talony hälki owadan gelniñ öñünde gütledip goýdy. ''Graf Monte Kristo!'' Bahajygynam töläp kitaby ymykly eline alansoñ ''Nätdim?'' diýýän terzde gaýşarylyp gelne seretdi. Gelin ýylgyrdy. ''Ýylgyraýarsyñ'' diýip Garaja-da içini güldürdi. Öz bolup ýörşünden öz göwni hoş boldy. ''Tapdyñ bu taýda... Häý...'' Ol ýene-de ýañky ilki kitap satyn alan bölümine bardy. Birgiden kitap aldy. Onsoñ beýleki bölümlerdenem alyşdyrdy. Mazaly ýüküni tutansoñ, gitdi-de, olary tabşyryp ýerine ýene-de talon alyp geldi. ''Jek Londony bäri alyñ'' diýip herreldi. Başda satuwa kelleleleri gyzan satygçylar soñabaka nätjeklerini bilmän, dükanyñ müdürini çagyrdylar. ''Bir-ä şeýdip ýör welin, biziñ şeýdişimiz dogrumyka?'' diýdiler. Direktoram näme diýjegini bilmän o ýan, bu ýan jañ edip başlady. Oña çenlem Garaja bu dükany eññere edip başga bir kitap dükanynyñ gapysyndan baryp girdi. Ondanam ýüküni tutdy-da göni makulatura tabşyrylýan ýere eñdi. Makulaturaçy garry aýalam munuñ heniz gatam açylmadyk kitaplary daşap ýörşüne nätjegini bilmän iñirdäp ugrady welin, bu-da başga bir kagyz kabul edilýän ýere ötägitdi. Şeýdip ol dükanlar ýapylýança öýden getirenje pullarynyñ baryny sowup gutardy. Ullakan toruny ''dünýä edebiýatyndan'' dolduryp, agşamlaryna iñ soñky awtobus bilen oba gaýtdy. Ýol boýy hem öýlerine baransoñ aýalyna näme jogap berjegi hakynda oýlandy. Çünki ol şu günki öýden alyp gaýdan pullaryna bazardan şaý almalydy we köneje maşynyny bejerdip indiki juma güni aýalyny atasy öýlerine äkitmelidi. Toýa çagyrypdylar. Juma HUDAÝGULY Elektron görnüşe geçiren: Afrasyýap Turanly | |
|
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||