08:52 Mañlaýdaky ak tegmil / hekaýa | |
MAÑLAÝDAKY AK TEGMIL
Hekaýalar
Puluň, baýlygyň hökmürowanlyk sürýän döwründe oba içine täsin bir habar ýaýrady: “Maly-mülki ýere-göge sygmaýan, baý aýal göçüp geljekmiş!”. Habaryň yzysüre oba mal yzyna mal, kerwen yzyna kerwen dökülip ugrady. Mallaryň sany-sajagy ýokdy. Düýeler, sygyrlar, goýundyr geçiler süri-sürüdi. Düýeleriň üstündäki ýükler sanardan kändi. Mallary sürüp gelýän çopan-da ýeterlikdi, kerweni garawullap gelýän goç-goç pyýadalaram. Ökde-ökde ussalar gelip, sanlyja günüň içinde köşk ýaly belent hem owadan jaý galdyrdylar. Illeriň garaja çatmalarda gün-güzeran görýän halaty sanly günüň içinde köşke çalymdaş jaý galdyryp bilen aýalyň baýlygynyň neneň-niçikdigi hakda indi her kimem pikir edip biljekdi. “Dul aýalmyş. Göwnüne ýaran kişi tapsa, goş birikdiräýmek niýetem barmyş” diýen habar ýaýransoň, obanyň diňe dul erkekleri däl, eýsem gerdeninde maşgala keşigini göterip ýörenlerem alada galdy. Öýlenmedik boý ýigitlerem ol baý aýala ýar bolmagy ýüreklerinde besläp ugradylar. Obanyň aýalyny-erkegini uly alada goýup, ahyrsoňy jaýa aýalyň özem geldi. Ony diýseň bezemen kejebede getirdiler. Kejebäniň daşy gyzyl şaý-sepler bilen bezelendi. Üsti kejebeli düýäniň boýnundaky jaňjagaza çenli gyzyldy. Bu ýagdaýy gören erkek kişiler aýagy oda bişen towuga döndüler. Bir ýerde durmaga karar ýetenokdy. Ylgap gidip, aýala söz aýdaslary gelip durdy. Aýal öýüne düşensoň, toý tutdy. Toýa bütin obany çagyrdy. Bu onuň: “Hemmeler üçin meniň gapym açyk. Men bütin oba bilen saçakly gatnaşjak” diýdigidi. Halkam toýa çagyrmanyň manysyna diýseň gowy düşünýär. Üýşüp-üýşüp aýalyňka eňdiler. Toý tagamyny iýdiler. Ine, şu toýa gelme-de ýat aýala aşyklaryň ýürekdäki ataşlaryny lowladyp, öçmejek oda öwürdi goýberdi. Sebäbi aýal şeýle bir owadandy, şeýle bir owadandy, diýip-aýdar ýaly däldi. Okara ýaly owadan gözler mähirden doludy. Kirpikler ok ýalydy. Akja ýüzi gelşiklidi. Ýaňaklarynda, eňeginde çukanajyklar bardy. Synasy gamyş mysaly çeýedi. Boýy baýdak ýalydy. Ol hiç kimden ýüzüni gizlejek, bukjagam bolmandy. Başyndaky gyňajyny maňlaýyndan, gaşlarynyň üsti bilen orap daňypdy. Başynda başatgyçdan, kürtedenn hiç zat ýokdy. Gyňaç maňlaýdyr gaşlary bütinleý ýapyp duran-da bolsa, aýalyň owadanlygyny duýmak bolýardy. Toýdan soň aşyklar söz aýtmak üçin aýalyň gapysyndan nädip barjaklaryny bilmän, zowzanaklaşyp gezdiler. Ýöne kän wagt geçmän, bu ýagdaýa-da çykalga tapyldy. Aýal oba özüniň ýörite ýan ýoldaş gözläp gelendigi, kimiň öýlenmek niýeti bar bolsa, gürleşmäge taýýardygy hakda ýene oba habar ýaýratdy. Baýlygyň, owadanlygyň ýanynda mydama bir kynçylyk bolýar. Oba gelen baý hem owadan näzenine ýetirjek ýola gadam goýmagam adamlaryň göwün ýüwürdişi ýaly ap-aňsatja bolaýmady. Zenan öz ýanyna gürleşmäge geljekler üçin şert goýdy: Arada hiç kim durmaly däldi. Aýalyň ýanyna öýlenjegiň özi agşam gürrüňçilige barmalydy. Eger öýlenjek kişi göwnünden tursa, aýal oňa özüniň ähli mal-mülküni, ummasyz baýlygyny bermegi wada edýärdi.. Aýal bilen gürrüňleşmäge baryp, onuň göwnünden turmadyk kişi welin, gaýdyp bu obada ýaşamaly däldi, şol gijäniň içinde obadan çykyp gitmelidi. Eger şeýtmese, maly talaňlydy. Ine, aýala aşyk bolanlaruň öňünde şeýle şert goýulýardy. Obadan çykyp gitmek baradaky şert köpleriň injigini saňňyldatdy. “Bu ýerde bir syr bar bolaýmasyn” diýen gorky bilen köpler aýala söz aýtmakdan saklandy. Göwni birräkler başa gelenini görübermegi ýüreklerine düwüp, aýala söz aýtmaga döwtalap boldy. Ilki bir dul kişi aýalyň gapysyny kakdy. Gapy saklawlary ony hormat bilen töre geçirdiler. Aýal söz aýtmaga gelen kişä özüniň şertini has nygtap düşündirdi. Hyrydar kişi özi bilen razylaşansoň, hyzmatkärlerine ony hezzetlemegi tabşyrdy. Oňa çaý-çörek, nazy-nygmat hödür etdiler. Ahyrsoňy ýüzbe-ýüz gürrüňçilige gezek ýetdi. Gürrüňe başlamazan öň, aýal özüne hyrydar bolup gelen kişiniň gaşyna geçip oturdy-da, maňlaýyna oran gyňajyny başyndan aýyrdy. Gyňaç aýrylandan aýal başga görnüşe geçdi. Onuň maňlaýyny durşy bilen betnam keseliň betnyşan ak tegmili tutup durdy. Ak tegmil gelniň owadan gzleriniňem, çukanajykly ýaňakly ýüzüniňem görküni basýardy. Munuňam üstesine, gelniň çep gaşy-da dym-akdy. Sag gaşy bolsa garady. Öň ähli göze gelşikli görnen gelin öýüne gelen hyrydar kişiniň öňünde betnyşan bir sypata geçdi oturyberdi. —Meniň näme kemim bolsa, aýt!—diýip, gelin oňa gep goşdy. Gelne hyrydar bolup gelen dul kişi gelniň kemini aýtmadan-a geçen, bu ýagdaýa dili tutulan ýaly boldy. Maňlaýdaky ak tegmil şeýle bir betnyşan bolup durdy welin, hyrydar kişi gaýtarmakdan zordan saklanýardy. Ol gaýtmak üçin ýerinden galdy. Gelin hyrydar bolup gelene özüniň ýaramandygyny dessine duýdy. —Näme, gaýtmakçymyň?—diýip sorady. Hyrydar bolup gelen zordan gepledi: —Hawa... Özüň-ä gowy gelin ekeniň welin, arman maňlaýyň... Gelin pessaýdann gamgyn gepledi: —Şerti unudan dälsiň-le?! —Unudamok—diýip, hyrydar bolup gelenem gamgyn jogap berdi. Şunuň bilenem gürrüň gutardy. “Nä körüň bardy tanamaýan adamlaň gapysyndan geljek bolup!” diýip, aýala hyrydar bolup gelen kişi içinden öz-özüne käýindi. Oýlanyşyksyz ädimi üçin mähriban obasyndan aýrylyp gitmeli boljakdygyna gynanyp, maňlaýyna ýumruklady. Obadan bir adamyň gidendigi derrew ile mälim boldy. Indi ýüreklerine yşk heseri çökenler obanyň çetinde howalanyp duran jaýa howsala bilenn bakyp ugradylar. Ýöne baýlyk diýen bela gursun! Gelniň mal-mülküne eýe bolmak höwesi bilen kaşaň öýe ymtylýanlar heniz bardy. Gelniňkä ýene bir kişi geldi. Ol hem aýalyňka hyrydar bolup ilkinji baran duluň ýagdaýyny başyndan geçirdi. Ol hem aýalyň maňlaýyndaky ak tegmili görüp haýykdy. Şol gije obasy bilen hoşlaşmaly boldy. Soň ýene bir kişi bilen ýagdaý şeýle gutardy. Soň ýene biri bilen. Ýene... Garaz, aýalyňka baran obadan gidip durdy. Obanyň duly gutaransoň, aýalyňkydan birbada aýak çekildi. Günleriň bir günem dul aýalyňka öýlenmedik ýaş ýigitleriň biri şaýlandy. —Rugsat berseň, men-ä seň bilen goş birikdirmekçidirin, bikäm—diýip, ýaş ýigit aýalyňkyda ornaşyp-ornaşmanka habaryny berdi. —Näme, obadaşlaryňy halas etmek isleýäňmi? Boý halyňa meň gapymy kakyp.... —Men diňe öz ykbalymyň aladasyny edýän. Şol wagt aýal başyndaky gyňajyny aýyrdy. Onuň maňlaýyndaky betnyşan ak tegmile hem çym-ak bolup duran çep gaşyna ýigidiň gözi düşdi. Gelniň görküniň doly açylmagyna ýaş ýigidiň-de ýüregi endiräp gitdi. Ýöne ol içki duýgusyny daşyna çykarman saklamagy başardy. Gabaklaryny aşak goýberip, gözlerini süzdi. Gelin onuň içki dünýäsinde gopan aýylganç harasady duýup ýetişmedi. —Men seniň ýanyňa hemmeden öň gelmekçidim, bikäm—diýip, ýigit aljyraýmakdan tolgunyp, sesini endiredip gepledi. Hut aşyklyk derdine sataşan dek, haslap, eginlerinden dem aldy.—Ýöne ýaşy özümden ululaň öňüne düşmäýin diýip garaşdym. Ilden öň ylgap, biedeplik etmäýin diýdim. Ýogsa, seni ilki görelim bäri, ýüregimde harasat gopýardy. Ýaş ýigidiň tüýs özüni küýsäp gelenine aýalyň ynanasy geldi. Şeýle-de bolsa, ol göwnünde güman galmaz ýaly, ýigidiň sözleriniň ýürekdenmi-däldigine göz ýetirmek üçin, onuň eňeginden sülük barmaklary bilen tutup, özüne bakdyrdy: —Ýüzüme göni bakyp sözle. Soňky gün “Zatdan bihabar bolupdyryn, armandadyryn” diýme! Ýigit nazarlaryny aýalyň gözlerine dikanlady. Onuň maňlaýyndaky ak tegmilde kän bir üns saklamazlyga çalyşdy. Ýigit aýala syr bermedi. —Seniň owadan nazaryň meniň ýüregimden parran geçip barýar. Men şoňa tap getirmän, aşak bakýan. Sen aýyplaşma, bikäm—diýip, ýigit bu gezek nazaryny aýalyň gözlerinden aýyrman gepledi. Aýal indi onuň sözlerine ynanyp başlady. Ýigit sözüni dowam etdi: —“Ak zat alnyňa ýagşy” diýýärler. Sende bagtdan nyşan bar. Sen hökman bagtly bolmaly adam... Diňe özüň däl. Ýanýoldaş boljagam bagtly etmeli adam sen... —Sen ony nädip bilýäň?—diýip, aýal bu gezek ýigidiň sözlerine çyny bilen berildi. —Meniň enem pahyr “Ýaş adamyň gaşynda ýa-da saçynda ýekeje kümüş saç bolsa-da, ol bagtdan nyşan” diýerdi. “Ol kümüş saçy ýolup aýyrmagam külli günä” diýerdi. Seniň bolsa gaşyň durşy bilen kümüş reňk... Bu bolsa seňňem, saňa duşjak adamyňam uçursyz bagtly boljagynyň alamaty. Ýigidiň söňky sözlerine maňlaýdaky ak tegmili sebäpli bagtyna gar ýagyp ýören aýalyň göwni galkyp gitdi. Şatlykdan onuň gözlerine ýaş aýlandy. —Sen şu sözleri, hakykatdanam, çynyň bilen diýýäňmi, ýigit?—diýip, aýal özüni bagtly duýmakdan ýaňa tolgundy. —Men ýalan sözlemäge gelmedim—diýip, ýigit pyşyrdady. —Eger dogryňy diýýän bolsaň... Ýigiň gelniň sözüni soňlatmady. Ol gözlerini süzüp, dodaklaryny gelniň maňlaýyna ýakynlaşdyrdy. Birbada betnyşan ak tegmil sebäpli ýüregi endiräp gitdi. Ýöne her zadam bolsa, sekuntlarça ol özüne erk etmegi başardy. Gözlerini bek ýumdy. Indi onuň göz öňünde maňlaýdaky ak tegmil däl-de, giden baýlyk, mülk, kaşaň jaý... gaýmalady. Ýigit dodaklaryny gelniň maňlaýyndaky ak tegmile degrip goýberdi. Baýlyk ynsan ogluna nämeler etdirmeýär?! Ýigit dodaklaryny maňlaýyndan aýrandan, gelin syçrap ýerinden galdy-da, tördäki bezemen sandygyň ýanyna bardy. Ony zarňyldadyp açdy. Sandykdan alaja ýüpe berkidilen täsin açary—heniz ýigidiň hiç wagtlap synlap görmedik zadyny aldy. Ony ýigidiň öňüne oklap goýberdi: —Bu öýüň açary. Indi bu seňki!—diýip pyşyrdady.—Meniň ähli baýlygym-mülkümem seniňki! Baýlygy her kim bir ýol bilen gazanýar! Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |