MAÝMYNLARYÑ BAŞLYGY / içgepletme
Adam haýwanat bagynyñ agzynda juda köp oýlanyp durdy. Barsammykam, barmasammykam?! Ahyry ýüregini bire baglady ödýän, gözi ýok ýaly süssürilip howla girdi-de, mañlaýyny göni maýmynlaryñ saklanýan ýerine diredi. Gözenegiñ içinde şady-horram bolup bökýän bijini edil ýitireni bar ýaly synlady. Başyny ýaýkap, içini gepletdi.
...Eý, Tañrym! Sen Adamyny ýaratjak bolsañ mazalyrak haýwan tapmadyñmy? Şu betnyşanlar indi biziñ aýrymyzmyka? Gutarypdyrys-ow!
Maýmyn, sen maña uýat ýeriñi görkezip pitjiñ atma. Gel, ikimiz ýüzbe-ýüz durup, açyk gürleşeli. Hany, sen aýt, siz maýmynlar biri-biriñiz bilen oñşup ýaşaýañyzmy ýa-da güýç gün güýç ýeteniñkimi? "Jyyk-jyyk" edip durma-da, düşnükliräk gürle. Näme? Ilki öz diliñi oñar diýýäñmi? Gyjyt berme, men öz dilimiñ arassalygy hakynda alada edýändirin. Onuñ statusyny hem alaryn! Onsoñam, sen Adam bilen işiñ bolmasyn. Soralýan zada jogap ber. Ýogsa-da häzir... Hawa, adam her bir zada ukyplydyr. Ynanañokmy?! Ynha, dek düýnüñ özünde ýatanyñ üstüne turan gelip, pul sorapdyr. Bermändir. Netijede, ýañky azgyn öý eýesiniñ böwrüni garaldyp gidipdir. Hawa, Adam şeýleräkdir, bilip goýgun.
E-eý, maýmyn, maýmyn! Ähli belañ körügi sizdenmikä öýdýän. Ogurlyk-jümürligem bize sizden geçen bolmaly. Ýok, başyñy ýaýkama. Sen biziñ añrymyz ahwetin.
Wiý, ýogsa-da, hany, aýtsana, sizde öleni köteklemek däbi barmy? Bizd-ä şol ýoñ bolupdyr. Baý, dilimiziñ keýpini görýäs-ä. Näme ýetmezçilik bolsa ölüp gidenleñ üstüne atyberýäs, çünki, olardan bize gaýtawul ýok. Hezil, näme diýesiñ gelse diýibermeli. Şeýle häsiýet sizde ýok bolsa, biz ony size-de öwrederis.
Gözboýagçylyg-a sizde näçe diýseñ bardyr-la?! Ä-hä, gorkduñmy, añryña bakaýdyñ-la. Ýöne bu meselede bizem sizden kem galmarys. Etmedik işimizi etdik diýip baýrak almaga biz ussatdyrys. Ýaryşan diýseñ men taýýar. Ýok, meñ munym boş wada däl. Dil ýetirjek bolma, biziñ adamlarymyz dünýäde iñ arassa we bagtly adamlardyr. Görýän welin, sen köp zatdan bihabar öýdýän. Aý, hawa-da... Dur, dur! Oho-ho-ow, seniñ asyl iýjek zadyñy üstüñe getirýän ekenler-ow. Diýmek, onda sen maýmynlaryñ başlygy bolmaly. Wah, men häliden bäri içimi döküp oturypdyryn. Başlyklar garamaýagyñ gepine düşünesi ýok-la. Gowusy, men gideýin, hoş!
Täçmämmet JÜRDEKOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.
Satiriki hekaýalar