06:34 Mazar daşyny okamak üçin osmanly dilini bilmek az bolar | |
MAZAR DAŞYNY OKAMAK ÜÇIN OSMANLY DILINI BILMEK AZ BOLAR
Publisistika
"Akýagyz türkleriñ uly syry. Ependi" (“Beyaz Türklerin Büyük Sırrı, Efendi”) we "Akýagyz türklerin uly syry. Ependi -2" kitaplaryny ýazyp ýörkäm, gonamçylyklara kän zyýarat etdim. Mazar daşlary we olar bilen baglanyşykly kitaplary okadym. Prezident Erdogan "Ata-babalarynyñ mazar daşlaryny okap bilmeleri" üçin okuwçylara zor bilen osmanly dilini öwretjek bolmagy ýadyma halk arasynda aýdylýan bir aýtgyny getirdi: "Mazar daşy bilen öwünilmeýär". Bu sözi köp kişi dürli-dürli düşündirýär, maña galsa-ha, bu, "mazardaky ýatan bendäni öz gününe goýuñ" diýmekligi añladýar. Ýagny, mazary syýasata bulaşdyrmañ! Sebäp diýseñ... Mazar daşynyñ taryhy manysy uludyr: Döwrüniñ ynançlarynyñ, adatlarynyñ sungat däpleriniñ, tebigy, ykdysady we sosial şertleriniñ umumy önümidir. Ýakyn gelejekde "mazarologiýa" (mazarşynaslyk) ady berlen täze ylym pudagynyñ döremegine sebäp bolup biljek derejede taryh, şäher gurluşyk, daş işçiligi, ýazuw we bezeg sungaty, etnografiýadyr dinler ýaly örän köp ugurda gymmatly maglumatlary orta çykarar! Mazar daşy arhiw resminamasydyr we muña diñe osmanly dilini bileniñiz bilen düşünip bilmersiñiz! Aýdaly, "dilini" öwrendiñiz we grammatika meselesini-de çözdüñiz, bärde diliñ gurluşyny we taryhy kemala geliş tapgyrlaryny-da bilmek gerek. Ýagny... Düýpsüz derýadyr ol daşlaryñ ýüzüne ýazylan ýazgylar! Ümmülmez bir medeniýet bar olarda: "kurgan" näme, "balbal" näme, "oboý" näme, "stupa" näme? “Hatyk” ady berilen mawy reñkli biýzler nämäni añladýar? Şeýlede: dikilýän mazar daşynyñ göktürk döwrüne degişlidigini bilmek gerek. "Şebeke", "pehle", "lahat" näme, bilmek zerur. Türklerde mazara daş goýmagyñ we birnäçe söz ýazmaguñ yslamdan has irki döwürlerde başlandygyny bilmeli. Türkleriñ musulman bolansoñ, yslamyñ baýdak göterijisine öwrülendigine garamazdan, mazar daşy däbini dowam etdirendigini, ýöne oña surat şekilleridir heýkel goýmandygyny, mazar daşyna diñe arapça - sogap gazanma umydy bilen aýatlardan ýazmaga başlandygyny bilmeli. Emma bulam wagtyñ geçmegi bilen üýtgeşmä uçrady. Şeýle... ■ Türk kemsidilýär XVI asyrdan başlap osmanly mazar daşlarynyñ ýazuw işinde uly üýtgeşme bolup geçdi. Mazar daşlaryna ýazylýan sözler mundan beýläk köplenç köne türkçe (osmanlyça) ýazylmaga başlandy. Mysal üçin... “Ruhuna Fatiha” diýip ýazmak ilkinji gezek şu döwürde köp ýoñ bolan zada öwrüldi. Mysal üçin... köplenç aruz ölçegi bilen ýazylan manzim sözlere ýer berildi. Iñ esasysy-da... Yslam düşünjesiniñ surat şekillerine we heýkele getiren çäklendirmesi ýazuw sungatynyñ aýratyn bir ugry hökmünde orta çykmagyna we ýaýramagyna eýe boldy. Bu bolsa öz gezeginde mazar daşlaryna-da aralaşdy. Mazar daşlarynda osmanly diliniñ kufi, nesih, sülüs, talik ýaly ýazuw stillerinden we bularyñ dürli formalaryndan peýdalanyldy. (Seljuklylar we ilhanlylar göktürk elipbiýine meñzeş kufi ýazuw stilinde ýazdy. Osmanlylar bolsa kufi stilini kän ulanmady.) Gep diñe ýazuw işinde däl, mazar daşy däbi diýseñ köp ugurly inçe senet. Ýagny... Aýdaly, çagalar mazar daşyny okanmyşam-da, olar mazar daşyna oýulyp çekilen gylyç-pyçak ýa-da at-goýun-guşuñ manysyny añlap bilerlermi? Çagalary agzabam oturmalyñ, arapça bilýän Erdogan Hemşindäki goç heýkelli mazar daşynyñ näme many berýänini bilýärmikä beri? Bilermi, nirden bilsin! Mazar daşynyñ ýüzünde gaýçy şekilli aýlaw görse, atasynyñ gaýçysydyr öýdermi nämemi! Henek bir ýana... Mazar daşynyñ ýüzündäki bezegleriñ ýa-da simwollaryñ birgiden syrlary bar. Mazar daşyndaky Aý-Gün we beýleki astrologik simwollaryñ berýän çuññur manysyna düşünmän, mazar daşyny okap bolmaz! Osmanly dilini öwredendirin öýdýän çagalaryñyz mazar daşynyñ ýüzündäki saryklary, köwükleri (başgap, börük), tekgeleri nädip düşündirip bilerkä? Ýanyçarlaryñ dardagan serpuşlaryny ýa-da haýsydyr bir möwlewi külah (başgap) görnüşlerini bilmän mazar daşlaryna düşünip bolarmyka? Elbetde, ýok. XV asyrdan bäri ulanylyp gelinýän togalak, süýnmegräk tegelek (ýumurtga şekilli) ýa-da burçly şekilleri bolan sütün biçüwindäki daşlaryñ çeşmesi nämeden gaýdýar, bilibilerlermikä? Näçe bezeg işiniñ, näçe motiwiñ manysyny çözüp bilerler? Gepimi uzadyp durmaýyn: Mazar daşyny okamak üçin diñe "dil" bilmek ýeterlik däl! Adamlary aldamañ... Sözüme şuny goşaýyn: häli-häzirem çarwa durmuşyñ dowam edýän Türkiýesinde halkyñ agramly bölegi garry atasynyñ mazarynyñ nirededigini bilenok. Ýagdaý şeýle bolsa... "Atalarymyzyñ mazar daşy" diýende Erdogan taryhy nirden başladýar: Tonýokuk (725), Kültegin (732), Bilge kagan (735) we başgalar muña girýärmi? Çagalarymuz Orhon-Ýeniseý ýazgylaryny okap bilerlermi? Ýa bolmasa diñe arapça-osmanlyça ýazylan mazar daşlary barlar biziñ ata-babalarymyz saýyljakmyka? Türk - türk bolaly bäri öz ýurdunda şunuñ ýaly derejese kemsidilmändi... Sözümiñ soñunda bir ajy hakykaty belläp geçmesem bolmaz... ■ Respublikamyz gurlansoñ giñ gerime eýe boldy Türkiýede ýüzüne arapça-osmanlyça ýazgy ýazlan mazar daşlarynyñ sany juda az. Ýetde-gütde güzeranly Anadoluda bolsa düýbünden ýok diýen ýaly. Ýazgyly mazar daşlarynyñ artmagy respublikamyzyñ gurulmagyndan soñ giñ gerime eýe boldy. Şeýle-de: Seljukly-osmanly mazar daşlaryna eýe çykanam ýene respublikamyzdyr... Mazar daşlary boýunça ilkinji ylmy-barlag işleriniñ başyny "Halköýleri" başlady we bu makalalar "Halköýi" žurnallarynda çap edildi. Bu boýunça ilkinji ylmy kutaby 1932-nji ýylda S.Nüzhet ýazdy. Demokratik partiýa (A.Menderesiñ partiýasy -t.b.) 1954-1960-njy ýyllar aralygynda mazar daşlaryny (Diýarbekirde we ş.m. ýerlerde) şäher kanalizasiýalarynyñ gurluşugynda ulananda nirededi bu dinçiler? Serediñ... Erdogan mazar daşlary dessuryny täze öwrendi! 1991-nji we 1998-nji ýyllarda iki gezek mazar daşlary boýunça simpozium geçirilipdi. AKP döwründe tegelek on iki ýyllap muña bagyşlanyp ýeke simpozium geçirilmändi! Nämemiş, "ata-babalarymyzyñ mazar daşlarymyş!" Ýeri... Erdogan merhum ejesini "Karajaahmet" gonamçylygyna jaýlatmak üçin osmanly döwründen galan mazarlary aýyrtmadymy? "Gozgalmaýan medeni baýlyklarymyza" degişli negözel mazar daşlary ýok edilmedimi? (Bul edenimem az görýän ýaly, Kasympaşadaky "Kulaksyz" gonamçylygyndaky merhum kakasynyñ mazaryny-da ýigrimi üç ýyldan soñ "Karajaahmet" gonamçylygyna göçürtdi!) Uzyn gepiñ keltesi, şuny aýtjak bolýaryn: olaryñ "mazar daşyny okama" diýýänleri boş gürrüñ! Erdogan we AKP özüne emeli duşman döretmese saýlawlarda ýeñiş gazanyp bilmez! Osmanly dili çekişmesi hut şu maksat bilen orta atyldy. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 12.12.2014 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |