18:53 Meniñ işim däl / satiriki hekaýa | |
MENIÑ IŞIM DÄL
Satiriki hekaýalar
- Poli-i-siýa! Bahymrak!.. Kömege geli-i-ñ! Geçegçiler bu perýat edip duran adama aljyraşyp seredip durdylar. Olaryñ arasynda polisiýa işgärlerem bardy. Emma olar zaryn ses bilen gygyryp duran adama ähmiýetem bermän, jikgerşip durdylar. - Poli-i-siýa! Po-oli-siýa!.. Haýran galaýmaly! Bir poliseýem eşidenok. Wiý, ýogsa-da, hanha, köpriniñ üstünde poliseý dur. Ol hökman eşidäýmeli. Ýañky adam elini agzyna goýup, batly gygyrdy: - Polisiýa! Tizräk! Kömek ediñ!.. Poli-isiýa!.. Ol daşyna halka ýaly bolup aýlanyp duran märekäniñ içinden zordan çykyp, köpriniñ üstündäki poliseýiñ ýanyna bardy. - Jenap! Meniñ bilen bile gidip bilmersiñizmi? - Näme boldy? - Hana, şol howluda adam öldürýärler. - Bu meniñ işim däl! - Näme üçin? - Men köçe hereketine gözegçilik edýän gullukdan. Eger bu ýeri taşlaýsam, hereket bozular. Ol adam ýene gygyryp başlady: - Polisiýa!.. Kömek ediñ!.. Poli-i-siýa!.. Deñinden bir polisiýa işgäri geçip barýardy. Hälki adam haýdan-haý onuñ ýanyna baryp: - Gadyrly jenap! Ýekeje minut! Jenaýatkäri saklasañyzlañ, adam öldürýärler! - Bu işlere men goşulmaýaryn. Muña polisiýanyñ 16-njy bölümi ygtyýarly. Men pasport meselesi bilen iş salyşýaryn. Ýañky afam howsala düşüp, ikibaka ylgap, henizem kömek soramasyny bes edenokdy. - Poli-isiýa! Adam öldürýärler! Polisiýa! Ahyry boldy-how!.. Ol öñ ýanyndan barýan poliseýiñ yzyndan ýetdi-de: - Halas ediñ! Bahymrak! Adam öldürýärler! - diýip, ýarym ýaş bolup ýalbardy. - Bagyşlañ, bu meniñ işim däl. Men ministrlikde işleýärin - diýip, ol azary ýok ýaly jogap berdi. Märeke öñküdenem köpelýärdi. Gök satyp duran adam bilen gürleşip duran poliseýiñ ýanyna baryp ol: - Agam, halas ediñ! Bahymrak baryñ! Hanha, adam öldürip durlar! - diýdi. - Goşulmaga hakym ýokdur! Men şäher häkiminiñ poliseýi! Bolmajak bolsa bolmaz ekeni. Dünýe poliseýden doly, birindenem peýda ýok. - Polisiýa niredekä?! Poolisiýa! Allaha şükür, ahyry bir-ä tapyldy. Bu gezek gepini puja çykarmajak bolup ol şeýle diýdi: - Bagyşlañ! Siz haýsy bölümden? - 16-njydan. - Ynha indi boldy. Ana, ho taýda şu wagt birini öldürýärler. O görgülä kömek edip bilmezmiñ? - Bir zada üns beriñ, 16-njy bölümden bolsamam ol işlere goşulmaga hakym ýok, men diñe ogurlyga garşy göreşýärin. Onuñ jogabyna garaşmazdan, Azamet ploşadyna baryp, öñünden gabat gelen poliseýi saklady: - Beýle-de bir betbagtlyk bolar oguşýan, ýörün tizräk, adam öldürýärler! Düşündiñizmi, adam öldürýärler! - Wah, ol meniñ işim däl-dä. - Näme, siz 16-njy bölümden dälmi? - 16-njy bölümden, ýöne kontrabanda bilen göreşýän topardan. Saña welin agyr jenaýata garşy işleýän gullukçy gerek. Ýañky çalasynlyk bilen yzyna eñdi. Köçäni baglap duran märekäniñ içinde polisiýanyñ papagyna gözi kaklyşdy - Siz 16-njy bölümdenmi? - Hawwa! - Agyr jenaýat bölümindenmi? - Hawwa! - Ahyry tutdum-ow!.. Agam, bahymrak baryñ, adam öldürýärler! - Nirede? - Hanha! Golaýjakda! - Edip biljek zadym ýok! - Näme üçin? - Bu meniñ raýonym däl! Eger Sormagir raýonynda bolan bolsady, onda baş üstüne! Ol adam bir ädim ätmänkä, ýene birine sataşdy. - Bagyşlañ, siz 16-njy bölümdenmi? - Edil özi, 16-njydan. - Agyr jenaýat toparyndanmy? - Howwa! - Şu taýy siziñ raýonyñyzmy? - Howwa, näme boldy? - Gaýrat etseñizläñ, adam öldürýärler! - Edip biljek zadym ýok. Bu gün dynç alyş günüm. Edil şol mahalam biri gelip, ýañky adamyñ gulagyna çawuş çakdy: - Bu zatlary menem başymdan geçirdim. Polisiýa beýdip gözlenilmeýär. Indi bilýän-le. Poliseýskiniñ gerekligi çyn bolsa, ploşadyñ ortasyna baryp, uly iliñ bilen: "Mundanam bir düzgün bormy?" diýip gygyr. Ol adam tramwaý ýollarynyñ arasynda durup, bar sesi bilen gygyrdy: - Bu näme boldugy! Heý görlüp-eşidilipmidi? Mundanam bir düzgün bormy? Gepini gutaryp-gutarmanka, halka bolup duran adamlar onuñ üstüne topuldylar: - Hany ýör bakaly polisiýa uçastogyna!.. - Siz kim borsuñyz? - Biz graždan polisiýasynyñ işgärleri! Jürlewükler jürledi. Birinji bolup dynç günündäki poliseý ylgap geldi, yzyndanam Sormagir raýonynyñ poliseýi. Jürlewügiñ sesine köçe hereketine gözegçilik edýän we şäher häkiminiñ poliseýlerem geldiler. Olaryñ arasynda, ýañky akylly maslahat beren adamam bardy. Kömege çagyrýan adam ondan: - Mundan çykd-ow! Sizem poliseými? - diýip sorady. - Men polisiýanyñ komissary! Hadysanyñ bolan ýerinden ýañky adamy polisiýa uçastogyna alyp barýardylar. Öljek bolýan adam çabalanyp ýatyrdy. - Wah, neresse! - diýip, ýañky adam perişan bolup aýtdy. - Garyndaşyñyzmy? - diýip, köçe hereketine seredýän poliseý sorady. - Ýok, hiç zadymam däl, ýöne adamkärçilik etjek bolup polisiýany çagyraýdym - diýip, tutulan adam jogap berdi. Şäher häkiminiñ poliseýi onuñ egninden itip, şeýle diýdi. - Bahymrak ýöre, bu gany görsene! Hany dur bakaly, dolanyp geläýsem bolýar, jerime tölemeli bolmazmykañ. Köpriniñ üstüne ganyñy çyrşan bolup, ýagşam bir iş bitiren ekeniñ! Eziz NESIN, türk ýazyjysy. Terjime eden: Kemal YKLYMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |